GEREKLER
Berlen maslahatlar, edilen kömekler,
Elmydama kuwwat berendir maňa,
Ýürek bilen gülüp garan melekler
bilen, dünýä söýgi gelendir maňa.
Ýazyň ýazdygyna düşünendirin,
Duýandyryn guwanmagyň tagamyn.
Biwagt hyýallardan üýşenendirin,
Maslahatyn alandyryn agamyň.
Tomsyň yssysyna derlände maňlaý,
Günüň şöhlesine gamaşanda göz,
Ýasda ýatlanylsam, gulagym şaňlaý,
Käte dünýe bilen azaşanda söz.
Şol açyk gowünleň, açyk ýürekleň
Ta:ýy bolup ýaşandyryn ömrümi,
Bar bolansoň hemaýatçy gerekler,
Ýeňil geçilýändir ykbal öwrümi.
Goşgular