SENIŇ SÖZLERIŇ
Ne diýesiň gelse diýiber maňa,
Ýa gaýtala şol bir diýýän sözlerňi,
Men bolsa bir jogap bermän-de saňa,
Teşne kalba siňdiripler näzlerňi,
Ýol ýasaryn mähriň öýüne sary.
Bagtly edip biljek gapa elter ol,
Ýer ýüzüni örtüp yhlasym nury,
Dünýäň dört pasylam öwrülip ýaza,
Gül gögerer gyşyň ortaky aýy.
Garyň üstündäki gyzyl bägüller,
Köz bolarlar sowuk ýeri ýyladýan.
Seniň sözleň ýaly gudrat tapylmaz,
Giň dünýämi öňküden-de ulaldýan.
Ne diýesiň gelse, diýibersene,
Ýa, gaýtala şol bir diýýän sözlerňi,
Ýanyňda ýeke söz diýmänimde-de,
Teşne kalba siňdiripler näzlerňi,
Çykyp gidýän mähriň öýüne sary.
Bagtdan doly jaýyň gapysyn kakýar,
Aýdyp duran näzli sözleriň bary.
Allanazar REJEBOW.
Goşgular