13:04 Gördüm | |
GÖRDÜM
Goşgular
Öňkülerimden ir oýanypdyryn, Girýän-çykýan, hiç bir zatda gyzyk ýok. Öňe-yza ýöräp yz goýup ýörün, Kalbym çaýkanyp dur, serde tizlik ýok. Alasarmyk meniň duýgylarym-da, Pikirlermiň başyň jemläp bilemok. Ýüzün asan ýaly ogullarym-da, Bir zatlar diýip ýa ümläp bilemok. Hem sergin säherden serhoş ýaly men, Çilimmiň tüssesem dörjeýär huşum. Boljak bolýan bir göwni hoş ýaly men, Gussa batyryp dur gijeki düýşüm. Penjirämden bakdy nurana kişi, "Öýe giriň" diýdim başyn ýaýkady. Bilibem-bilmedim ulumy, kiçi, Salamym almady, salam bermedi. Müýnli garap duran gözlerni söýdüm, Huşda gör men ýaly mylaýym keşbi. Ýigrimsekiz ýaşly kakamy gördüm, Düýş-dä, diňe nazarlarmyz sözleşdi. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |