AWÇYLYK ESBAPLARYNYŇ SÖZ HAZYNASY
■ Çara
Gündogar Türkmenistanda awçylykda ulanylýan bu esbap gurluş taýdan sürgüden biraz tapawutlanýar. Enjamy ýasamak üçin gargy gamyş ulanylýar. Iki atanak görnüşinde birbirine berkidilip ýasalýan gurnawa dört burç mata berkidilýär. Matanyň ýüzüne towşan ýaly kiçi haýwanyň derisi tikilýär. Onuň boýy 2 metr, ini 1 — 1,5 metr çemesi bolup, tekiz ýada egmegräk çarçuwasynyň ýüzüne ýukajyk mata germelýär. Awçy çarany öňe tutup hereket edýär. Towşanyň derisine aldanan guşlar awlanýar[1]. Çaralaryň ýüzüne geçmişde deri tutulan bolmagy mümkin.
■ Çirtmek
Torgaý, serçe, çekeýik ýaly guşlary awlamakda ulanylýan esbap. Ony köplenç 6070 santimetr uzynlykda kesilen, guş gonmaz ýaly, ujy çiş görnü şinde ýonulan ýylgynyň çybygyndan ýasalýar. Çybyklar haçça görnüşinde egilýär we olaryň aşak tarapyndan bir garyş goýlup, berk daňylýar. Ol näçe maýyşgak bolsa şonça gowy bolupdyr. Çybyklaryň çep tarapyna düşjeginiň ýokarsyndan iki barmak ýaly goýup deşipdirler. Soňra beýleki taýyna niýetlenen uzynlykdaky inçe we berk ýüpi daňypdyrlar. Ýüpüň bir ujuna 10 sm uzynlykda gulak ýada çi tik diýlip atlandyrylan bölejik çöp daňylýar. Çitige ýüpi halka aýlap deşilen tarapa sähel gysdyrylypdyr. Çitige gonan guşuň agramyna ol ýazýar, halkaly ýüp guşuň aýagyndan ilipdir. Ýüp guşy aýagyndan, seýrek halatlarda boýnundan agaç tarapa gysyp saklapdyr, dogrusy tutupdyr. Çirtmegi beýik ýerde, azyndan 5-5,5 metr belentlikde goýupdyrlar. Ýerde dikip goýsaň guşlar oňa gonmandyr, howatyr edipdirler. Onuň daştöwereginden guşlar biraz aýlanyp soň öwrenişipdir. Ony göçüripgondurmak aňsat bolupdyr. Ony çyg ýere gömüp goýupdyrlar, gurasa öňki maýyşgaklygyny ýitiripdir we guşlar ondan sypyp bilipdir[2]. Geçiren gözleglerimiz onuň agajynyň gyzgyn ýaga batyrylyp çykarylandygy, şonuň üçin gömseň hem çüýremeýändigini ýüze çykardy. Gazana salyp gaýnadylandygyny, ýarylmazlygy üçin şemal düşmeýän kölege ýerde birki gün goýlandygy baradaky maglumatlar hem aýdyňlaşdyryldy. Çirtmege düşen guşy dessine alypdyrlar. Aljyrap ýören, bir zadyň daşyndan köp aýlanýan çagalara «çirtmege düşjek guş ýaly» diýipdirler. «Guş çirtmegi unudar, çirtmek guşy unutmaz» diýen nakyl hem döräpdir.
■ Daradan
Guş we beýleki ownuk haýwanlary tutmak üçin ýörite gurlan tor. Daradany haýwanlaryň köp ýerinde guramak mümkin bolupdyr. R.Karutsyň we S.I.Rudenkonyň ýazmagyna görä, gazaklar we başgyrtlar dürli görnüşli ýönekeý awçylyk serişdeleri, tilsimli gurlan duzaklar bilen diňe guşlary däl, towşan, tilki, möjek we beýleki haýwanlary awlapdyr.
■ Duzak
Dürli zatlardan, işilen ýüpden gurnalýan emel. Türkmenler duzak ýasamakda elmydama berk ýüp ulanypdyr. Bugdaý oragyň yzyndan, bugdaý ekilenden soň guşlardan goramak üçin duzak, hepbik guralypdyr. Duzak açyk meýdanda her ýerde, her ýerde guralypdyr. Duzak guş üçin guralan bolsa, çöp ýada kesek bilen ýerden beýige galdyrylypdyr. Halkasy giň goýlup, guşuň dyrnagy ilip syrtmagy çekipdir. Şeýdip guş duzaga düşüpdir. Duzagyň ýene bir görnüşini ýasamak üçin 11,5 metr uzynlykda hyşa bölegi kesilipdir. Onuň ýüpi hökmünde işçi ýabylaryň guýrygyndan uzynuzyn gyrkyp alypdyrlar. Inçe we berk gyllary halkalaýyn görnüşde guş aýagyny basar ýaly derejede daňyp çykypdyrlar. Hyşanyň her gapdalyna azyndan dört duzak guralypdyr. Onuň töweregine däne sepipdirler. Iým çokmaga baran kepderi, serçe ýaly guşlaryň aýagy duzagyň ýü püne çolaşypdyr we sypyp bilmändir. Şeýle duzagy gar ýaganda gurap köp guş tutar ekenler[3]. Bir ýüpe düzülen birnäçe duzaga jelle diýlipdir.
Pederlerimiz ekinlere yzygiderli zyýan ýetirýän gemrijilere garşy hem duzak taýýarlamagy başarypdyr. Alakany tutmak üçin hininiň agzyna iki sany aýratyn duzak gurlupdyr. Ýüpüň ujuna toýun palçykdan togalap logala edilipdir. Alaka hininden çykypdyr we aýaklary ýüpe, halka ilýär. Ol gorkup yza çekilipdir. Alaka dyzadygyça duzak gysylypdyr, logala hininiň agzyny ýapypdyr. Hinine girip bilmeýän alakany almasaň, duzagy kertip gaçyp gidipdir. Şonuň üçin duzak guralanda ony gözegçiliksiz goýmandyrlar. Logalaly duzagy ownujak guşlara hem gurapdyrlar. Onuň tutan guşy agyr logala sebäpli uçup bilmändir we ele düşüpdir[4]. Şeýle duzaklar bilen awçylar algyr aw elguşlaryny iýmitlendirmek üçin çöl gemrijilerini, ownuk guşlary tutupdyrlar. Nusgawy edebiýatyň dilinde gabat gelýän dam sözi duzak bilen manydaşdyr. Dürli aw guşlaryny, şeýlede towşan ýaly ownuk haý wanlary tutmak üçin niýetlenilip gurulýan duzaklara syrtmak hem diýilýär. Onuň gysgyç diýlip hem atlandyrylandygyny bellemek gerek.
■ Gapan
Türkmen awçylary gapanlaryň dürli görnüşlerini ulanypdyr. Olar hiç bir ýaragsyz, elguşdyr tazylaryny küşgürip, gapanlaryny gurap aw awlapdyr. Etnograf A.Orazow türkmenleriň gapanlaryny üç topara bölüp uly gapan, orta gapan we kiçi gapan diýip atlandyrýar. Biziň gözleglerimiz boýunça uly gapan (çekme gapan), kiçi gapan, dişli gapan, tegelek gapan, dörtburç gapan diýlip atlandyrylan görnüşleriň bardygy ýüze çykýar.
Uly gapanda we dişli gapanda iri haýwanlar awlanypdyr. Kiçi gapan guşlar üçin niýetlenen bolupdyr. Uly gapan kiçi gapandan üç esse uly bolupdyr. Bir sally gapanlara kiçi gapan (guş gapany) diýlipdir. Gapanyň haýwanyň aýagyny saklaýan, gysýan iki demir halkasyna — agyz diýilýär. Onuň ýaý görnüşli agzyny berk gysyp durýan ýasy polat ýaýjyga — sal diýlipdir. Gapan gurlanda aldaw et goýulýan ýere köke, aldaw ete — meň, ýabany haýwanyň aýagy kökä degeninden gapanyň demir halkalaryny ýazdyrýan ýasyja süýnmek demre — dil diýlipdir. Diliň ikinji ujy gapanyň salyna halkajyk arkaly berkidilýär. Gapanyň keçesine berkidilýän ikiüç kertiklije kiçijik demre pitik diýilýär. Ol gurlanda gapanyň aşaky aýlawyna berkidilen dil açylýan ýaýynyň üstaşyr pitige ildirilipdir. Haçanda gapanyň keçesine basylanda, onuň dili pitikden sypyp gapany ýazdyrypdyr. Pitige käbir ýerlerde çirtmek hem diýlipdir. Gapanyň açylyp ýapylýan iki ýaýynyň, onuň aşaky tegelek düşegine berkidilýän ýerine itaýak diýlipdir. Gapanyň zynjyry bolupdyr. Zynjyryň ujuna aran ýada leňňer diýlip atlandyrylan demirden uçly örk dakylýar. Ol islendik bir zada ildirilipdir. Gapana düşen haýwana uzak gitmäge mümkinçilik bermändir.
Gapanlar obalarda başarjaň demirçi ussalar tarapyndan ýasalypdyr. Tejeniň Mamur obasynda Mürdi Mele gapan ýasamagyň ussady bolupdyr. Ol gecen asyryň 40njy ýyllaryndan öň ýaşap geçipdir. Onuň ýasan gapanlary häzirki Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginde Mürdi gapan ady bilen meşhur bolup gelipdir. Gapanyň salyny ýasamak kyn bolupdyr. Ussat ussa ýasanda sal bir güýjünde durupdyr[5]. Gapanyň saly gowşak bolanda, oňa agzy gowşak, gaty bolanda agzy gaty gapan diýlipdir. Türkmen ussalarynyň ýasan gapanlarynyň salynyň ujy birleşip, ýapylanda ýasy demir bolup durupdyr. Şol alamat boýunça türkmen ussalarynyň ýasandygyny bilipdirler. Saýry ilatyň gapanlaryndan türkmen ussalarynyň ýasan gapanlary ýönekeýligi we düşnükliligi bilen tapawutlanypdyr. Saly uly bolan gapanlara Mary sebitlerinde «çekme gapan» diýlip at berlipdir. Onuň saly iki tarapynda guralyp dyr. Şeýle gapanlara onuň zynjyrynyň towlanmazlygy üçin şyhmütür dakylypdyr. Çekme gapanyň agzynyň diametri ýarym metr töweregi bolupdyr. Onuň zynjyry ýogyn, leňňeri uly bolmaly eken, sebäbi ol garagulak, möjek, syrtlan, bars ýaly ýyrtyjy haýwanlara guralypdyr. Şeýle gapanlary ulanýan awçylar çukur gazmak üçin ýanynda ýörite teşe göteripdirler. Uly gapan üçin bir goýun baha kesilipdir.
Gapanyň üstüni ýukajyk bir zat bilen örtüp, ýada üstüne çöp, guran ösümlik baldaklaryny atyp, towşana, şagala, tilkä al salyp awlaýarlar. Halk arasynda ýüzi galyň adama «ýüzi gapanyň keçesi ýaly» diýilýändir. Çünki gapanyň keçesi küti bolmaly eken, üstüne garýagyş ýagypdyr, gum basypdyr. «Sessiz ýatar, duýdansyz tutar» diýip, çagalara gapan barada matal öwredilipdir.
Gapan bilen aw awlamagyň şertleri boýunça ony obadan uzak ýerde gurupdyrlar. Ýogsa obanyň mallary we öý itleri hem gapana düşüpdir. Gapan eýesi awa garaşyp, şol töwereklerde gezmeli bolupdyr. Eýesi ýok gapanyň ýa duzagyň tutan awuny uly ýyrtyjy haýwanlar alyp gidipdir.
Zakaspiý oblastynda bolup giden syýahatçylar öz belliklerinde: «Ýewropaly awçylara garanyňda türkmenleriň gapan gurşuny hiç zat bilen deňäp bolmaz» diýip belleýärler. Gapanlar bolsa haýwanyň ululygyna, onuň güýjüne görä bolupdyr. Barslara, geçigaplaňlara, gaplaňlara güýçli uly gapanlar gurlupdyr. Gapany ýere gömüp goýupdyrlar, onuň zynjyryna bolsa ýüzüne ençeme çüý kakylan ýogyn agaç bölejigi berkidilipdir. Şol zynjyra berkidilen agaç hem ýyrtyjynyň aýagyna agram salyp onuň gaçyp gitmegine zyýan beripdir. Egerde gapana düşen ýyrtyjy gapany süýräp gidäýendede agaja kakylan çüýleriň ýeri sürüp gitmegi awçynyň ony tapyp awlamagyna kömek bolupdyr.
Merw uýezdinde her gyş aýy awçylar gapanlaryny alyp, tilki, möjek, şagal tutmak üçin awa çykypdyrlar. Taýýarlan derileri ýerli bazarda we Buharada ýörite söwdagärleriň üsti bilen satylypdyr. Öz nobatynda awlan haýwanlarynyň derileri NižniýNowgorodyň söwda sergisine ugradylypdyr.
Balkan sebitinden bolan awçylar Hajy Babyş ogly we Myratguly ogly hiç haçan gapandan peýdalanmandyrlar. Gaplaňlary we barslary ele salmak üçin olar başga usuldan peýdalanypdyrlar. Olar guzujygyň derisiniň töwereginde çenelgi duran tüpeňleri goýupdyrlar. Tüpeňleriň üstünem bildirmez ýaly ýapypdyrlar. Tüpeňler atylar ýaly edilensoň olara ýüp geçirilip, ýüpüň bir ujuny guzujygyň derisine berkidipdirler. Haçanda gaplaň ýada bars ete ýapyşanda ýüp çekilip, tüpeňler alazenzele edip atylypdyrda, ýyrtyjyny agyr ýaralapdyr ýada şol bada öldüripdir. Eger jandar ýaraly bolansoň süýrenip gidip, bir ýerde gizlenip ýatsada awçylar ony aňtap basym ele salypdyrlar. Aw awlamagyň bu usulynda awçylar öz ýaraglaryny mazaly arassalapdyrlar. Sebäbi ýyrtyjynyň däri ysyny alyp, yzyna dolanmagy ahmaldyr[6].
Gapan gurlanda onuň töweregindäki adam aýak yzlary aýrylypdyr, aşagyny dört barmak ýaly çuňlukda gazypdyrlar. Onuň saly hem ýere girmeli eken. Aw haýwanlary demriň ysyny bilipdirler. Ýöne haýwanlaryň gapanyň ysyny bilmezligi üçin ony goýmazdan öň hoz agajyny ýakyp, tüssesinde biraz saklapdyrlar. Emma islendik bir zadyň ysyny gapana golaýlatmak bolmandyr. Gapana täze öldürilen towugyň ganyny damdyrsaň, töweregine towuk böleklerini oklasaň et iýýän ýyrtyjylar tiz gelip gapana düşüpdirler. Ýekegapan awlananda onuň geljek ýerine gapanyň erňegidir diýip çak eden ýerine çöp atyp goýupdyrlar. Täze goýlan çöpi duýup, aw haýwanlary birnäçe wagtdan soň gapana düşüpdir, ýada ony ýazdyryp gidipdirler. Ýöne olar hiç haçan çöpüň üstüne göni basmandyr, diňe gapdalyndan barypdyr. Gumda gapan gurmagyň beýlekilerden tapawudy bolupdyr. Üýtgeşik ýeri gapanyň keçesi giň bolmaly eken. Ony çäge syrap gömmezligi üçin giň edip dirler. Ýöne gumda ýagyşly günüň ertesi gapan gurmak has amatly görlüpdir[7].
■ Hepbik
Guş tutmak üçin süňkden, käteler gandym agajyndan ýasalan emeli duzak. Görgüsine (haram) ölen goýnuň iki sany egri gapyrgasyny saýlap alypdyrlar. Çünki adaty öldürilen goýnuň gapyrgasy oňurgadan çapylyp aýrylypdyr, gaýnadylypdyr. Oňa bişmedik, oňurganyň sepinden sypan gapyrga süňki gerek bolupdyr. Iki gapyrgada ýüp daňar ýaly ýer bolupdyr. Ol bu enjamy ýasamagy aňsatlaşdyrypdyr. Olar gapanyň agzy ýaly görnüşde saklap, guşy tutupdyr. Näçe saýlansada gapyrgalar biribirine jebis galtaşmandyr. Guşuň gaçmagyndan ätiýaç edip, gapyrgany ýüp bilen torlapdyrlar, onsoň aýagy çolaşyp durupdyr[8]. Hepbigi gar ýagmagyny goyup, heniz eremedik wagtynda, şonuň üstüne kül sepip gurupdyrlar. Onuň çitigine aldawaç üçin gawun çigidi, kädi çigidi ýaly guşlaryň aldanyp geläýjek, ýakymly ysly zatlary dakypdyrlar[9].
■ Legele
Tut agajynyň çybygyndan ýasalýan duzagyň bir görnüşi.
■ Öýsün
Suwuň ýalpak ýerinde gamyşdan we beýleki ösümliklerden bir adam ýerleşer ýaly dikilýän kiçijik çatma. Hazar deňziniň kenaryndaky türkmen obalarynyň awçylary öýsüni ulanypdyr. Çünki olar güýzüne gaz, ýaşylbaş, ördek, leglek, barak, kaşkaldak, çilük ýaly guşlary örän köp awlapdyr. Olar şol döwürde esasan guş eti bilen iýmitlenip, öýsün dikip aw edipdir. Käbir obalarda bolsa awçylaryň çeşme, suw başynda çöpçalamdan edýän buky ýerine jüme diýlipdir.
■ Sürgi
Käbir kiçiräk guşlary awlamakda ulanylan esbap. Onuň kömegi bilen guşlar aldawa salnyp atyma getirilipdir. Sürgi şeýle görnüşde ýasalýar: ýer bilen reňkdeş bölek haltalyk matanyň ýüzüne dürli reňkli mata kesimleri gezekleşdirilip tikilýär. Soňra sürgi açyk meýdanda germewaja berkidilip serilip goýulýar. Onuň aňyrsynda bolsa awçy gizlenýär. Mata bölejikleriniň şemala galgaşyp duran kesimleri, uzakdan synlanyňda, alelwan gülli meýdana meňzeşligi üçin guşlar onuň golaýyna gonýarlar. Bu bolsa awçynyň awunyň şowlamagyna getiripdir. Sürgi bilen aw awlamak esasan, otçöpleriň guran döwri, ýagny tomus, güýz pasyllarynda amala aşyrylýar.
■ Taýmyl
Guş awlamak üçin ýasalýan bir adamlyk gaýyk. Boýy 34 metre, ini 5060 santimetre barabar bolan bu gaýyk diňe deňizde ulanylýar. Türkmen awçylary taýmylyň ýekberdem (käbir ýerlerde ýekmerdim) we dommal diýen iki görnüşini peýdalanýarlar. Bularyň birinjisi ikinjisinden biraz ulurak bolýar. Taýmyl howry bilen sürülýär. Howry diýip onuň küregine aýdylýar. Bu küregiň boýy 2 metrden 2,5 metre çenli, ýokary ujy togalak tutarly, aşaky ujy ýasy bolýar. Suwuň çuň bolmadyk ýerlerinde onuň ujy ýere direlip hem sürülýär.
Türkmenleriň awçylykda ulanan bu serişdeleriniň käbiri häzirki günlerde seýrek ýasalýar we ulanylýar. Duzaklaryň dürli görnüşleri, çirtmek, hepbik muzeý gymmatlyklaryna öwrüldi. Ýönekeý awçylyk serişdeleri we gapanlar bu ugurdan pederlerimiziň baý tejribesiniň we usullarynyň bardygyny görkezýär.
_____________________________________
[1]. Türkmenabat şäheriniň Daýhan köçesiniň 91nji jaýynda ýaşan Gurbanmyrat Janazarowyň (1924-nji ýylda doglan) beren gürrüňinden ýazylyp alyndy.
[2]. Tejen etrabynyň Hasyl daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Ilmyrat Baýlyýewiň (1950-nji ýylda doglan) beren gürrüňinden ýazylyp alyndy.
[3]. Tagtabazar etrabynyň Marçak daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Haýyt Saparowyň (1935-nji ýylda doglan) beren gürrüňinden ýazylyp alyndy.
[4]. Baýramaly etrabynyň Merw daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Nurmuhammet Rahmedowyň (1950-nji ýylda doglan) beren gürrüñinden ýazylyp alyndy.
[5]. Tejen etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Nazar Müşşikowyň (1932-nji ýylda doglan) beren gürrüňinden ýazylyp alyndy.
[6]. Gýulumýan N. «Aw ganly bolsun!» «Adalat» gazeti 23.08. 2002 ý.
[7]. Baýramaly etrabynyň Merw daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Hojaberdi Çaryýewiň (1936-njy ýylda doglan) beren gürrüňinden ýazylyp alyndy.
[8]. Baýramaly etrabynyň Merw daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Nurmuhammet Rahmedowyň (1950-nji ýylda doglan) beren gürrüňinden ýazylyp alyndy.
[9]. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Ý.Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Garýagdy Daňatarowyň (1950-nji ýylda doglan) beren gürrüňinden ýazylyp alyndy.
Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen dili