21:49 "Aýaks operasiýasy" dowam edýär | |
"AÝAKS OPERASIÝASY" DOWAM EDÝÄR
Publisistika
Kermit “Kim” Ruzwelt Jr. (1916-2000) - ABŞ-nyñ Prezidenti Teodor Ruzweltiñ agtygy… Garward uniwersitetiniñ uçurymy... CIA/OSS-yñ ofiseri. “Alymlyk” derejesine bukulyp Nýu-Ýorkda “The Institute of Arab American Affairs” arap guramasyny we "Ýakyn Gündogaryñ amerikan dostlary" (AFME) instututlaryny açdy. Mukaddes topraklarda Adalat we parahatçylyk komitetiniñ (CJP) gurulmagyna öñbaşçylyk etdi. Bularyñ arkasynda, şübhesiz, MRU (ABŞ-nyñ Merkezi Razwedka uprawleniýesi - CIA) bardy, pullar saudlaryñ ARAMCO guramazyndan gelýärdi! MRU XX asyryñ ahyrlarynda “Ylymly İslam” ("Intellektual yslam") taslamasyna nähili goldaw beren bolsa, asyryñ ortalarynda-da “Arabist Proje” bardy. Munuñ düýp maksady "Sowuk uruş" ýyllarynda her edip-hesip edip araplary SSSR-den uzaklaşdyrmakdy… SSSR bilen gowy gatnaşyk saklamagyñ tarapdary premýer-ministr Muhammet Musaddyk Eýrandaky nebit şereketlerini döwlet eýeçiligine geçirip, halkyñ goldawy bilen Şa Muhammet Ryza Pehlewini ýurtdan kowdy welin, amerikan hökümeti (Daşary işler ministri Jon Foster Dallesiñ üsti bilen) MRU-ny herekete girizdi. Operasiýanyñ ady "Aýaks" ("Ajax"), ýolbaşçysy-da Kermit Ruzwelt (kod ady Jeýms Lochridge)! Kermit Ruzwelt premýer-ministr Musaddyky MRU-nyñ gatnaşmagynda nädip agdarandyklaryny “Countercoup” kitabynda öwüne-öwüne gürrüñ berdi. ABŞ-nyñ Prezidenti D.Eýzenhauer Kermit Ruzwelte bitiren işleri üçin gizlinlikde Döwlet howpsuzlyk medalyny berdi. "Aýaks operasiýasy" Eýranyñ garşysyna gönükdirilen imperialistik hüjümleriñ birinjisi däldi... ■ IKI AÝLYK BALANS 2020-nji ýyl…. diñe Kasym Süleýmanynyñ we Mohsen Fahrizadäniñ garşysyna amala aşyrylan ganly terakt bilen çäklenendirler öýtmäñ! Iñ soñky gezek Eýranyñ rewolýusion gwardiýasynyñ serkerdesi Müslim Şahadanyñam öldürilendigi aýdylýar. Diñe şu ýylyñ iýun-iýul aýlarynda Eýranyñ neneñsi hüjümlere sezewar bolandygyny ýazaýyn: - 2020-nji ýylyñ 25-nji iýunynda... Tähranyñ golaýyndaky "Parçin" harby kompleksde partlama döredi. Hut şol sagadyñ içinde Şiraz şäherinde ýene bir partlama bolup geçdi. 25 Haziran 2020… - 2020-nji ýylyñ 30-njy iýunynda... Tähranyñ "Sina Athar" saglyk merkezinde 15-i aýal, 4-i erkek - jemi 19 adamyñ ölümine sebäp bolan partlama döredi. - 2020-nji ýylyñ 2-nji iýulynda... Netenz şäherinde Eýranyñ iñ uly ýadro baýlaşdyrma bekedinde partlama bolup geçdi. - 2020-nji ýylyñ 4-nji iýulynda... Ahwaz şäherindäki "Şahid Medhaj Zargan" elektrik bekedinde partlama bolup geçdi. Hut şol sagatlarda Bender-Mahşehr şäherindäki "Karun" nebit-himiýa merkezinde partlama bolup geçdi... - 2020-nji ýylyñ 7-nji iýulynda... Tähranyñ günortasyndaky Bakersahr posýologynda ýerleşen wodorod zawodynda partlama bolup geçdi. - 2020-nji ýylyñ 9-njy iýulynda... Tähranda Rewolýusion gwardiýa degişli raketa bekedi uruldy. - 2020-nji ýylyñ 13-nji iýulynda... Maşat şäheriniñ golaýyndaky senagat toplumynda ýerleşdiriş tanklarynyñ duran ýerinde partlama bolup geçdi. - 2020-nji ýylyñ 18-nji iýulynda... Ahwaz şäheriniñ nebit geçirijisinde partlama bolup geçdi. 2020-nji ýylyñ 19-njy iýulynda... Yspyhanyñ elektrik bekedi asmana uçuryldy. Her teraktyñ soñunda Günbataryñ metbugaty şeýle ýazdy: - Partlamalar gizlin ýadro tehnologiýasy merkezlerinde, ýadro dikuçarlarynyñ ýerleşýän ýerlerinde bolup geçýärdi! Teraktlary kimiñ amala aşyrandygyny jedelleşdiler: MRU-my? MOSSAD-my? Elbetde, olaryñ hiç biri-de teraktlaryñ barypýatan gaýdutlygyny ýazmady. Hukuksyzlygyñ, eden-etdiligiñ üstünde duran bolmady. Eýrana garşy bolýan her gizlin hüjümiñ "tutarygy" ýadro ýaragymyş we häzirem şeýle bolmagynda galýar. ■ ÝOL GANSYZ BOLMAÝAR Her bolýan terakta biziñ habar beriş serişdelerimiz döwrüñ syýasy üýtgeşmelerine-atmosferasyna görä baha berýär! Mysal üçin, Mohsen Fahrizadeh öldürildi welin, “Baýden Eýran bilen özara syýasy gatnaşyklary oñyn tarapa özgertjek boldy welin, amerikan "gizlin döwleti" (глубинное государство) we MOSSAD muña päsgelçilik döretmek üçin Eýrany öjükdirjek bolýar!” diýip ýazdylar. Şular ýaly syýasy seljermeleriñ düýbi boşdur, bu - imperializmiñ teoriýasyny bilmezlikdir. ABŞ-nyñ Eýrana garşy gönükdiren syýasaty-ykdysady täsirini artdyrma meýli täzelikmi näme? ABŞ ýylyñ ýylyna her mümkinçilik dörän wagty Eýrany urýar ýa-da Ysraýylyñ agressiýasyna göz ýumýar. Nebit-gaz bilen birlikde Eýranyñ tebigy baýlyklaryny eksplutatirläp almak isleýän ABŞ ýurduñ häkimiýetini gowşadyp agdarmak üçin her dürli usuly ulanmakdan gaýtmaýar. Bahanalary-da hemişe taýýar - olar amala aşyrýan terrorçylykly operasiýalaryny “ýadro ýaragy” toslamasy bilen örtýärler. Galyberse-de, dünýäde häzire çenli ýadro ýaragyny başga bir ýurda garşy ulanan ýeke-täk ýurduñ ABŞ bolmagynyñ özi hakyky tragikomediýa! Hakykaty gözleýän ýok. Eýran BMG bilen ylalaşyk baglaşandan soñra ýadro maksatnamasyny ep-esli çäklendirdi. Has soñra Halkara Atom energiýasy guramasy Eýranyñ ýadro energiýasynyñ çäklerinde bildirilýän talaplary ýerine ýetirendigini mälim etdi. Imperial güýçler bular ýaly köre hasa hakykaty görmezlige salýarlar, mümkinçilik tapdyklaryndan Eýrany urýarlar, jenaýatçylykly operasiýalaryna dowam edýärler… Imperializmiñ Eýrana garşy gönükdirilen "Aýaks operasiýasy" gan dökmegine dowam edýär... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.11.2010 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |