17:10 Aýal ata çykanda | |
AÝAL ATA ÇYKANDA
Goşgular
Zenana ajy söz urmagyň seniň Öz käbäňi ynjytdygyň dälmidir? Ýöne kapasada saklajak bolup, Ýörmegiňem kümsükligiň dälmidir? Aýal – seniň uýaň, mähriban eneň, Şodur seniň agyr günde syrdaşyň. Hatyn, men niçik hoş sözler aýdaýyn, Eger senden ezýet çekse gardaşyň? Gadymdan gelýän söz, eger-de aýal, Kyýamat goparmyş ata çykanda. Nämeleriň bolýanyny gördüň sen, Siliň gelip böwedini ýykanda. Eliň çarpyp, ata çykan aýalyň Şanyna alkyşlar aýtdyň begenip. «Ýalan çykdy sözi gadym atalaň, Kyýamat gopmasy» diýdiň deginip. Indem aklyň haýran, gamgyn otyrsyň, Birçak ata çykan aýal oýnuna. «Ýagty geljegimize» tarap barýar ol, Münüp ady erkek äriň boýnuna. ▶ BIBIJAN «Atyňy at, atam azat eýlegin!..» «Görogly» eposyndan. Ah, Bibijan, Bibijan, Atda näme günä bar. Heý, öň aňlamadyňmy, Aty atmak günä bor! At wepaly ýoldaş bolar ömrüňde, Wepaly ýoldaşam atdyrmak bomy? At wepaly ýoldaş üçin jan berer, Aty zabun ýoldan bökdürtmek bomy? Kimdir öýtdüň, Göroglyny Bibijan, Ol ata ýaý gezäp ýören kişi däl. Birem heleý gepi kär etmez oňa, Gepe gitmek meň agamyň işi däl. Döwüşse gel ataň, Görogly agam Menem-menem diýgen bilen döwüşer. Söweşse gel ataň, Görogly agam Menem-menem diýgen bilen söweşer. Arapreýhan köpeý ogly bolmasa. Neçün agamjanyň golun baglandyr. Sakawyň soňuna seret Bibijan, Ýalňyşyna ataň soň baý aglandyr. Göwnüňe getirme bu bir degişme, Araň niçik, agam Genjim beg bilen? Atyňam, ataňam bir alajy bor, Aýşy-eşret ýagşy, ajap çag bilen. ▶ BAMYDA ÝAZYLAN GOŞGY Toý tut, undup gaýgy-gamy, Eý, sen beýik, gadym Bamy. Meger şodur Jemşit jamy, Saz çalanda Pürli Sary. Gyz-gelini güle meňzär, Ýüreklerde ylham dyňzar, Keýpin görer «Ýedi manzar», Saz çalanda Pürli Sary. Söýseň ýürekden söýmeli, Topragy ýaşyl öýmeli. Uýsaň dutara uýmaly, Saz çalanda Pürli Sary. Ýaňlananda zaryn-zaryn, Ýatlaň Oraz, Nury... baryn. Gudraty kän goşa taryň, Saz çalanda Pürli Sary. Tagzym etdim kesegiňe, Sary bagşy, gal, tirsegiňe. Hoşluk guýar gursagyňa, Saz çalanda Pürli Sary. ▶ ARTIST Bir gün şa bolmaly köşki-eýwanly, Perman ibermeli bolup dergazap. Raýatyňy saklamaly gorkuda, Dumly-duşdan naýza gezäp, ýaý gezäp. Bir gün açýalaňaç geda bolmaly, Başga gün bolmaly halk gahrymany. Bir gün yşk-ataşy ýakyp-ýandyryp, Elden gidermeli iň mähribany. Ol şalary ýigrense-de ýürekden, Olaň lybasyny geýmeli bolýar. Mahal-mahal (sahnalygam gowy zat) Ähli şer işlerem «söýmeli» bolýar... Ýüz tüýsli adama «öwrülen» adam, Oýundan soň barýar ýuwaş dem alyp. «Bu zatlaryň sahnalygam gowy zat!» Diýýär ol pyşyrdap, öz-özi bolup. ▶ BEDEWIM Tarypyň bar jümle-jahan ilinde, Bagşyň aýdymynda, şahyr dilinde. Arşda bürgüt, jerenim sen çölümde, Kişňe sen sähramda erkin, bedewim. Türkmeniň dutary, ýyndam bedewi – Zemin durdugyça durar ebedi. Sende ynsan durky – ynsan edebi, Ulugyza meňzär, durkuň, bedewim. Deňemeli bolsa deňärin çäji, Eý, ömrümiň örki, kalbymyň täji. Ýöne ýere wasp etmändi Mätäji, Öz ilimde ösdüň elkin, bedewim. Süýnüp gidýäň ýaýdan çykan ok ýaly, Pasyrdaýaň ýele bir baýdak ýaly, Sen türkmeniň geçen, geljek ykbaly, Asyrlara siňer örküň, bedewim. Köp many okadym gara gözüňden, Meger, aslyň Düldül atyň özünden. Uçar guşum, aýlanaýyn tozuňdan, Mydam şemallydyr arkaň, bedewim. ▶ ELIP DEÝIN KAMATYŇ Geldiň bu gün kemala gyz, Saçyň oýnar şemala gyz, Haýran men Aý jemala gyz, Bakdym guwana-guwana. Göwsüňdäki goşa nara, Aşyk men ol goşa mara. Birje gezek bäriň gara, Ah çekip men ýana-ýana. Garap galdym men yzyňdan, Doýmanam şirin sözüňden. Gujaklap öpsem ýüzüňden, Arman galmaz gana-gana. Elip deýin kamatyň bar, Gözellikden ganatyň bar. Gözlerimde suratyň bar, Ömür goşsaň jana-jana. ▶ AÝLAR, ÝYLLAR GEÇIP BARÝAR SUW ÝALY Aýlar, ýyllar geçip barýar suw ýaly, Uçup barýar asmandaky guw ýaly. Nirä baksam, görýän humaý gözleriň, Badam gabak, mahy-taban ýüzleriň. Melul etmiş bahar ýeli öwsende, Mar oýnamyş bagy erem göwsüňde. Geçip barýar ýigitligiň ýelgini, Nirä sunat bolduň kölüň sülgüni? Aýlar-ýyllar akyp barýar suw ýaly, Haçan sen gelerkäň uçup guw ýaly?! | |
|
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |