«AÝDA KELLE, ÝYLDA BALYKMY» ÝA-DA...
Haçan-da kellebaşaýagyň adam bedeni üçin ýokumy, güýçlüligi, peýdasy barada gürrüň edilende ýa-da märekede, maşgalada kellebaşaýak iýlende: «Aýda kelle, ýylda balyk» diýipdirler, iň bolmanda aýda bir gezek kellebaşaýak iýseň, peýdasy köp-ow» diýen ýalyrak gürrüň edilýär.
Eýsem, kellebaşaýagy, balygy ýokarky aýtgyda kesgitlenen wagt çäginde iýmek bilen oňmalymy? Ondan köp iýseň, zyýanylymy? Bu soraglaryň jogabyny we aýtgynyň düýp manysyny halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklaryndan, hojalyk ýöretmek tejribesinden gözlemeli.
Halkymyzyň çarwa bolup ýaşaýan ilatyny hasap etmäniňde-de, oturymly ýerlerde hem her bir hojalykda dowar sürüjigi, bolmanda bäşdir-üçdir janlysy bolýar. Ipjil hojalykbaşy maşgalasyny esasy azyk önümi bolan et bilen üpjün etmek üçin aýda bir janlyny soýupdyr. Bir janlynyň eti bir aý üçin bir maşgala myhman-mediwany bilen ýetipdir. Şeýlelikde, her bir hojalykda aýda bir gezek kellebäşaýak iýlipdir. «Aýda kelle, ýylda balyk» aýtgysynyň «aýda kelle» bölegi şu ýagdaý bilen dörän bolmaly, ýöne ol kellebaşaýagy aýda diňe bir gezek iýmeli diýmegi aňlatmaýar.
Indi «...ýylda balyk» barada. Geçmişde ilatymyzyň aglaba bölegi deňizdir derýa-köllerden uzaklarda, dag eteklerinde, gumda we beýleki ýerlerde ýaşapdyr. Şeýle bolansoň, bu ýerlerde «aýda kelle» ýörgünli bolup, hemişe balyk eti elýeterli bolmandyr. Aýyp-saýyp, aýda-ýylda bir gezek-ýarym gezek, garaz, balyk seýrek iýlipdir. Şonuň üçin halk «...ýylda balyk» diýen bolmaly.
Ýöne biz halk arasynda «Aýda kelle, ýylda balyk» aýtgysynyň tersine öwrülip, «Aýda balyk, ýylda kelle» diýlip aýdylyşyna hem köp duş geldik. Aýtgynyň halk arasynda şunuň ýaly iki hili aýdylmasy täsin zat. Munuň sebäbini şeýleräk çak etmek mümkin: goýun köp iýilýän ýerde «Aýda kelle, ýylda balyk», balyk köp iýilýän ýerde bolsa, «Aýda balyk, ýylda kelle» diýlip, aýdylan bolmaga çemeli.
Şulardan görnüşi ýaly, «Aýda kelle, ýylda balyk» ýa-da «Aýda balyk, ýylda kelle» aýtgylary ýerine görä degişlilikde aýdylypdyr. Kelläni we balygy aýtgyda görkezilýän wagtda iýmek hem şertlidir. Bu ýokumly önümleri aýa, ýyla garaşyp ýörmän, dört-bäş günden, hepdede bir gezek iýlip durulsa-da kem bolmasa gerek. Balyk iýmek babatda-ha halk arasynda «Penşenbe − balyk güni» («Четверг − рыбный день») diýen kada-ýörelge hem düzgünleşip galypdyr. Munuň özi balygy ýylda ýa-da aýda bir gezek iýmeli diýlen gürrüňiň o diýen bir hakykata gabat gelmeýändigini görkezýär.
Ibn Sina hakyndaky rowaýatlaryň biriniň mazmuny hem «Aýda kelle, ýylda balyk» ýa-da «Aýda balyk, ýylda kelle» aýtgsynyň şertlidigini görkezýär; «Ibn Sinanyň şägirdi Juzjany bir gün dermanlyk otlardan eşegini mas ýükläp getirýärkä, ýolda eşeginiň ýüki agdarylypdyr. Ol ötegçileriň birini saklap:
− Şu dermanlyk otlary hekim Ibn Sina üçin alyp barýan, ýükleşip goýberseňiz, öz gezeginde hekim hem size zerur halatyňyzda kömek eder-dä − diýipdir.
Ötegçi ýüki ýükleşip bolansoň:
− Halypaňyza aýdyň: günde üç-üç, hepdede bir üç, aýda üç we ýylda üç − diýip gidiberipdir.
Juzjany gelenden soň halypasyna ýolda bolup geçen wakany gürrüň berip, ondan ötegçiniň aýdanlarynyň manysyny düşündirmegini haýyş edipdir. Ibn Sina şägirdiniň ýüzüne mylaýymlyk bilen seredipdir-de:
− Ol adam, birinjiden, günde üç wagtyna naharlanýar, wagtyny üçe bölüp, sekiz sagat işleýär, sekiz sagat dynç alýar, sekiz sagat uklaýar, günde üç gezek ýuwnyp ardynýar. Ikinjiden, hepdede bir gezek hammama barýar, bir gezek aýalyna ýakynlaşýar. Üçünjiden, aýda üç gezek balyk iýýär. Dördünjiden, ýylda üç gezek kellebaşaýak iýýär. Şonuň üçin hem onuň bize işi düşmez − diýipdir».
Jemläp aýtsak, bu aýtgylar geçmişde ilatyň ýaşaýyş ýagdaýyna görä, olaryň dowar we balyk et önümlerine elýeterliligi ýa-da dälligi netijesinde döräpdir.
Nury SEÝIDOW.
«Türkmen dili» gazeti, 2014-nji ýyl, 11-nji iýun.
Türkmen dili