18:43 Aýdylmadyk söz | |
AÝDYLMADYK SÖZ
Goşgular
Aýdylmadyk söýgimiziň yzasy, Ýüregimde, ýatladyp dur geçeni. Niçe ýyldyr gaýybana söýenim, Kürte bilen goňşy oba göçeni. Ykbal razy, synpdaş gözel sendenem, Gözýaşlaryň syrykmasyn ýaňakdan. Ejeňem däl, meň özüm-dä çekinip, Çeýnelse-de, ötürmedim damakdan. Ah, ýaşlyk ýyllarym, mekdep ýyllarym, Göwün berip guwanardym daşyňdan. Özüm gowşak hem-de ýene gögele, Heý, bu söwda geçipmidir başymdan. Belki-de göwnüňden turaryn diýip, Baýramyňda bägül aldym ýeke tar. Onaň saňa däl-de mollyma berdim, Çekinipdim, erk ýetmedi söwer ýar. Özüň ümläpdiňem bir däl iki däl, Hem-de gözleriňden okapdym näler. Heý-de seň ýanyňda sapakdan soňra, Söýän galarmy ýa söýmeýän galar. Oýlanmadym soňy näme bolar diýp, Gezdim-ýördüm arzuw bilen yssalap. Gyz-a gyzdyr, dillenermi heý özi, Menem gezdim ömür ýanman tüsseläp... Garyndaş ýigitden sawçy gelinçä, Gyýa bakman edebiňi sakladyň. Jogabyň alansoň ejeň diýipdir: -Razy, balam, emen süýdüň hakladyň! Senem gitdiň, aýdylmadyk söýgime, Başlanmazdan kürsäp geldi kazasy. "Käşgä..." diýip, ökündirýär kä mahal, Aýdylmadyk söýgimiziň yzasy. AGLATMADYMMY Ilki söýýän diýip, bakyp gözlerňe, Gollaryň gollarma baglatmadymmy. A soňra söýemok, ýalňyşdym diýip, Hatda ejeňden öň aglatmadymmy. Bir gelip, soň gidip ýene-de gelip, Mähirläp göwnüňi çaglatmadymmy. Käteler öçürip edeňde jaňy, Gijeden dagdana aglatmadymmy. Bakmen diýip senden özge hiç güle, Seredip ençeler allatmadymmy. Sen özge däl, dostlaryňa baksaňam, Gygyryp, sögünip aglatmadymmy. Ýok diýen jogabyň bolmasyn diýip, Ejizje göwnüňi daglatmadymmy. Derdim bar, aglatma, senden haýyşym, Deseňem ýene-de aglatmadymmy. Nüçün dözümli sen, nüçün sabyrly, Gahara mähirdir mydam jogabyň. Meniňki o dünýe dowzah diýseler, Bermäge taýynsyň alan sogabyň. Nüçün meni eý görüp sen özüňden, Söýýärsiň, söýýärsiň ýene söýýärsiň. Güljek döwrüň gözleň ýaşlap meň üçin, Mydam egne otly köýnek geýýärsiň. Hatda diýemde-de mende soňky gün, Bolaýsa nädersiň birden hamana. Bagş edip ýekejäm uly dünýäňi, Gujagym açaýsam gelermiň jana? Jogap berdiň: -Yşk ummana gark eden, Seniň gözleň, olarda bir jady bar. Ýeke goýup gidäýseňem ezizim, Sen deý dünýä galar maňa ýadygär. 2018 ý Ahmet ARAZOW | |
|
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |