16:13 Aýdym bolsa duýgularym | |
AÝDYM BOLSA DUÝGULARYM
Goşgular
Aýdym bolsa duýgularym, Hyýallarym güýmemese. Çekip bilsem boşy ýaly Yşkly ýüregmiň suratyn. Onsoň ýene düşsem ýoda, Ürküzmese ömrüň saly. Kän zady islemändim-ä... Ýaşamakdan gözläp many. Görsene... Kindiwanja umytlarym, Ynamyma baglanymy. Ynjyk göwnüm... Ýazykly, kineli göwnüm, Hyýal bilen allanymy. Buýr-bulaşyk aýdym heňni, Geçirjek bolamda nota, Dünýämi baglan duýgulam, Ýüregmiň zaryn sesini, Diňdirip bilmändi ýogsa. Soragly garap düýnüme, Jogap tapmadym ertäme. Daşlaşyp barýan kä zatdan, Ýa ýakyn ýaly kä zada... Aýdym bolsa duýgularym, Ürküzmese ömrüň saly. Yşkly ýüregmiň syratyn, Çekip bilsem boşy ýaly. Bilbil KAKABAÝEWA. | |
|
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |