13:40 Aýlanarsyñ durmarsyñ | |
AÝLANARSYŇ DURMARSYŇ
Goşgular
Haçan döräp, haçan başdan bat alyp, Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. Asmanyň astynda «Zemin» at alyp, Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. Örküň Günde, Aý daşyňda aýlanar, Haýsy planeta saňa taý geler? Gije-gündiz, gezekleşer pasyllar, Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. Ýerasty sarsgynyň süňňüňi silker, Jümmüşiňden wulkan ot bolup galkar, Ýagyş-ýagmyr ýagar, ýel bilen çalkar, Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. Fiziki, himiki täsir astynda, Fermentleriň işjeňligi destinde, Beýiklik dagyňda, umman pestiňde, Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. Ummanyň eklençdir, balykdan doly, Mesgen tutan guşlaň uçmakda haly, Yns-jyns duýmazdan sallançak ýaly, Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. Haýwan, Ynsan öz dilinde gürleşip, Taýyn tapsa, jübütleşýär birleşip, Älem ýüzi howpa sowa ýerleşip, Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. Janly-jandar gybyr-gybyr torç edip, Ýaşaýarlar iýmeklige ürç edip, Maksat näme, munça azap harç edip, Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. Ynsanyňky hak ýoluna gowuşmak, Maksady bakyda Jennete düşmek, Takdyryňdyr başdan, amala aşmak, Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. Üstüňe sürünip, süýnmesin «apat», Allaň goragynda inmesin «apat», Illi aýdar, perwana sen «bir äpet», Pyrlanarsyň, aýlanarsyň, durmarsyň. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||