19:18 Aýşy-eşret çagynda | |
AÝŞY-EŞRET ÇAGYNDA
Goşgular
![]() Unudaly bu dünýäni ezizim, Mekan tutup, serhowuzyň başynda. Müň owaz eýlesin saýrak guşlaram, Perwaz urup aşyklaryň daşynda. Suw çüwdürlip, al-asmana ýaýraýar, Soňam monjuk-monjuk bolup paýraýar, Bu görnüşi görüp gözüň doýmaýar, Aşyklaryň aýşy-eşret bagynda. Bagş edip bir-birege mähirin, Gör, oýnuny Zöhre bilen Tahyryň. Waspyn eýle, kesbiň söýle şahyrym, Aşyklaryň aýşy-eşret dagynda. Göwnüň götär öwsen Sumbar şemaly, Her maýsada älemgoşar jemaly. Görüp bolar diňe beýle jemaly, Aşyklaryň aýşy-eşret bagynda. Gül gujagyn gerdi gülli Aýdere, Bu gün bize tabyn beýik çaý-dere. Gör-le, Aýam bu gün düşüpdir ýere, Aşyklaryň aýşy-eşret çagynda. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |