22:01 Aýýaryñ oýny / hekaýa | |
AÝÝARYÑ OÝNY
Hekaýalar
(hekaýa) Hemme ýaramaz gylyklaryny birwagt taşlanam bolsa, Halmyrat gelin-gyzlara bolan meýliniñ üstünden hiç atanak çekip bilenokdy. Dogrusy, onuñ ýaramaz gylyk diýip göze dürtülip duran üýtgeşik ýaramazlygy-da ýokdy. Çilim çekenok. Nas atanok. Arak diýlen zährimardanam dadanok. Deñ-duşlary "Haýsam bolsa bir keýpi etmeýän erkekdenem erkek bormy" diýip, oña mahal-mahal gyjyt berýänem bolsa, ol edýän keýpini hergiz-hergiz dost-ýarlarynyñ ýanynda aýdyp duranokdy. Sebäbi ol haýsydyr bir orazada tarawa gideninde, metjidiñ ymamynyñ namaz başlamanka edýän wagyzynda: "Bende eden günäsini hiç kime aýtmasa has gowy. Eger bu ýazyk Allatagala bilen öz arasynda galsa, onda magşar gününde ol günäniñ ötüläýmek ähtimallygy has güýçlidir" diýen sözi gulagynda galypdy. - Ýere bakandan ýer gorkar, bu gelşik-syratyñ bilen sen oglan düzüwje gezmeli oglan-a däl. Hökman bir edýänje keýpiñ bolaýmaly. Gyz-gelinler bilen arañ nähili? - diýip, häli-şindi gep osmakladyp agzyñy ysgaýan gepçi oglanlaryñ bolşuny görende: - Bolşuñyz nähila-ý walla? Iş-aladañyz ýok-my? Hamala eneñizden süýt emmän gep emen ýaly - diýip, elini silker goýberdi. Ýogsa-da, dost diýip häzir eden işiñi aýdar ýaly ynamdar adam galdymy diýsene. Öñler "Obanyñ gepini bazarda söwda edýän aýallardan ýa-da çöldäki çopandan eşitmeli" diýen bolsalar, indi kişiniñ gepini biljek bolsañ onuñ bilen salam-helik edişýäninden soraýmaly. Bilýänjesin-ä bir aýdar. Bilmeýänjesinem iki esse üstüne goşup aýdar. Döwrüñ özi birtöwra döwür bolaýdy-da. Bir kemsiz gözel bolmaz diýleni. Aslynda Halmyrat gyz-geliniñ golaýyndan barmaly oglan däldi. Mekdep okuwçysyka dagy şatyrja gyzlaryñ özi ony urar ýörerdiler. Hatda käbir garagolragy partada oturan ýerinde elindäki depderini ýere gaçyran bolup, "Seret, mugalym! Halmyrat depderimi alyp ýere zyñdy" diýip, ol pahyry mugallyma keýpine urdurardy. Hemme zadyñ başy gullukda başlady. Esger eşigini geýenine ýañy bir ýyl dolanynda ekabyrja esgerlerden iki sanysyny alyp, harby bölümiñ ofiseri Balkanabada täze gelýän esgerleri alyp gelmäge gitdi. Halmyrat hem Balkanabada giden şol iki esgeriñ biridi. Dogrusy, Halmyrat hat-ýazuwa ökde bolansoñ, harby bölümiñ serkerdesi ony öz kätibi edip alypdy. Hemem ol: - Gullukdaşlarymyñ arasynda-da oñly ýatyp-turup bilemok, menem Balkanabada gidip geläýin? Ýurt görüp geldigim bor. Soñ ýöriteläp baryp bilesimizem ýok. Gaýrat et, ýoldaş kapitan?!" diýip serkerdesine haýyş edipdi. Balkanabatda ol etmedik işini etdi. Özleri bilen giden esger asyl neşe söwdasyny edip ýören bir ärsiz aýalyñ ogly bolsa näme... Heniz il-gün daşary ýurt awtoulagynyñ diñe adyny eşidip ýörkä, gullukdaşy Arslan ony iñ soñky çykan "BMW" awtoulagynda şähere aýlady. Awtoulagyna mündürmezmikä diýip ýoluñ gyrasynda ýalmanyşyp seredýän käbir ýaş gyzlary görende Arslan özüni samolýot sürüp barýandyryn öýdenokdy. Onuñ ejesiniñem etmedik hezzet-hormaty galmady. Ilde ýok naz-nygmatlar. Özleri bilen giden gözi aç ofiseriñ bu zatlar nirde gören zady. Ençeme günläp suwsuz galan goýnuñ suwa özüni urşy ýaly saçagyñ başyna ýykylyp ýatan ofiser ýüz berilse ýüzin düşdi. Şetdaly yslyja arakdan bir bulgur urup, yzyndanam şakäsede duran buz ýaly agarany başyna çekip durşuna: - Hany, Arslanjan, biçeme bolanna görä nemejelerdenem ýokmuka? Agañy gandyrsañ-a sogap gazanardyñ.. - diýmekden utanmady. Weşeñ-weşeñ pullary saman ýaly sowrup ýören dul heleý üçin bu zatlaryñ müşgili barmy. Oglunyñ ýanynda çekinmän zat etmän, onuñ ofiseri bilen elli elliden arak güzledip oturşyna, ol kimdir birine til kakdy: - Saçy kesilen, nirde sen? Gel nirde bolsañam häzir! Dagyñy zadyñy bilemok. Bet kampaniýa gidip otyr. Bet woýennilerdenem bar. Haýbaty bilen daş ýarýan ofiser gerekmi, basan ýerini goparyp alýan aç möjek ýaly saldat gerekmi. Bol bol, sen bol-a. Bize-hä beýle hezillik sataşmady, gel sen bir hezilini gör bulañ. Bejit bol özem. Jañ edilerine mähetdel çagyrylan gelinem geldi. Gelin diýseñ gelinmi... Suw içse bokurdagyndan görnüp duran ýomut gelinlerden. Ofiseriniñ zat görmedik ýaly bolup durşuna häliden bäri öz ýanyndan gaharlanyp oturan Halmyradyñ özem bu hüýrsypat gelini görüp saly gowşady. Garny doýansoñ, gyra çekilip telewizora seredip duran ýaş oglan saçaga tarap omzaberdi. Ýaşam bolsa köp gören ofiser Halmyradyñ gözüniñ uçganaklap duranyny görüp: - Meýliñ bolsa ilki sen giräý. Näme-de bolsa esgersiñ. Men ikinji girsemem bor. - Nämä? - Nämä bor? Şujagazja gelinjigiñ ýanyna. Halmyrat näme etjegini bilmedi. Endam-janyny der basdy. Halmyrady ofiseriniñ: - Hany, hany. Özüñi ele alsana. Meni masgara edýäñ. Bar, gir indi ýanyna. Ät etme gelinjigi - diýen sözi aýñaltdy. Gele-gelmäne oturanlar bilen bulgur çakyşdyryp, keýpini kökläp ýetişen gelin: - Baý-baý-uww, men bu gün hajraw ýaly ýaş oglanjygy çapmaly boljak öýdýän?!. - diýip mes boldy. Halmyradyñ ofiseri gapdaldan gop berdi: - Hany, göreli bakaly, kim kimi çapýar. Meñ esgerimem-ä arkasy goşhaltaly, burny protiwogazly poligondan poligona ylgap ýören dembermeziñ biridir. Jakgyldap duran gülkiniñ arasynda elinden tutulyp, beýleki otaga geçirilen Halmyrat gelin bilen nädip başa-baş bolup galanyny özem duýmady. "Beh, käwagt hyllygymy akdyryp arzuw edilen, ýöne hiç haçan ederin öýtmedik hapa işimi edäýmeli bolaýjakmykam" diýip oýlanyp duran Halmyrat öz elinden tutulanymam, çakgan hereket edýän gelniñ oglan görmedik ýaly öz eşiklerini sypyranynam duýman galdy... Adamyñ ýüzi ýyrtylmasyn. Adam bir ýüzi ýyrtylsa, soñ ony saklamak kyn. Halmyradyñkam şeýle boldy. Hälden bäri galpyldap duranam bolsa, ol birden-birden çuslandy duruberdi. Ol gelni aldy-da, düşege geçirdi. Içki eşiklerini bireýýäm aýaguja oklan gelin Halmyratdan "Adyñ näme?" diýibem soramady. Halmyrat birinji gezekde nähili bolanynam bilmedi. Bir hyrşanyny bildi, birem janyñy burnuñ ujuna getirýän şöhwetiñ iñ soñky pellesini... Soñ ikinji gezege geçip gitdi. Soñ üçünji... Ol hatda arakdan keýpini köklän ofiseriniñ gapa gelip, arkalaryndan özleriniñ bu hapa işini synlap durandygynam duýmady. Tüýnükden zogdurylyp çykýan tüssä meñzedip, tüýleri sallanyşyp duran burnunyñ deşiklerinden çilim tüssesini burugsadyp tomaşa edip duran ofiserine gözi düşen Halmyrat hasyr-husyr ýerinden turdy. Eýläk-beýläk garanjaklady. Hersi bir çüñke zyñylan eşiklerini geýdi, soñam hammama tarap ylgady. Çykyp barýarka-da ofiseriniñ eýýäm eşiklerini çykaryp, düşekde çuw-ýalañaç bolup ýatan gelniñ üstüne çökenini gördi. Halmyrat özüni itden beter ýigrendi. Nähili bihaýaçylyga şärik bolandygy hakynda oýlandy. Erkek dannaman yzly-yzyna kabul edip duran gelinimi ýa-da myžžygy çykarlan gelini ýuwunmaga-da goýman üstüne düýe ýaly çöken ofiserinimi has beter ýigrenmeli? Muny kellesine aýlap durşuna ol wannanyñ içinde ögäp başlady. Röwşeniñ ejesi ylgap gelip: - Hiýwi-ii, Halmyratjan, aragy biz däl-de, sen içen ýaly-la bolşuñ?.. - diýeninde, ol öý eýesiniñ ol gelindenem beter ýüzi ýyrtyk aýaldygyna göz ýetirdi... Şol waka Halmyradyñ Arslan bilen dostlugyna nokat goýdy. Hiç bir babatda haram lukma iýmegi göwnüne jaý hasaplamaýan ýaş ýigit gullukdaşynyñ haramdan kök tutan maşgaladan çykandygyna göz ýetirensoñ, onuñ bilen gatnaşmagy dogry bilmedi. Pikir edişi ýaly-da boldy. Arslanyñ ejesi her gelende harby bölümiñ serkerdesiniñ kabinetine girip, iki sagatdan soñ bulaşan saçlaryny düzedişdirip çykardy. Soñam ogluny on bäş-ýigrimi günläp öýüne äkiderdi. Käte bir aýlabam äkiden wagty bolardy. Halmyrat bir ýyl gulluk edýänçä şuña üns bermeýşine haýran galýardy. Galan bir ýylyny hem geçiren Halmyrat obasyna sag-aman dolanyp geldi. Gelenine bir hepde geçip-geçmänkä, guwanç bilen oglunyñ boý-syratyny synlan Oraz aga dil ýardy: - Inerim diýýän-ä, okuw möwsümi-de ýetip gelýä. Haýsyna synanyşsam diýýäñ? - Kaka özüñ bilýäñ, obada-ha oñly iş-güýç ýok. Öñki döwür bolsa okuwa girmän, ýanyñyzda bolsamam, mal-gara we ekin-dikine seredip gezsemem boljak welin, indi oba ýerde-de bilimiñ bolmasa bahañ bir köpük. Graždan okuwlara-da girer ýaly bolmady. Ýanyp duran ot bolsañam petde-petde pul syçmasañ ekzamenden ýykyp goýberýärler. Meni pul berip okuwa salar ýaly öñ näme günüñiz bar? Gowsy men harby instituta synanşaýyn. Resminamalarymam eýýäm tabşyryp gaýtdym gullukda. Harby instituta öz güýji bilen girýän kän - diýip, Halmyrat kakasyna jogap berdi. Oglunyñ sözlerine bokurdagy dolan ýaşuly syr bildirmejek beýlesine bakdy. "Päheýde welin, garrap ýörüsmi nämemi" diýip hümürdän Oraz aga öýüñ potologyna gözüni dikip gürledi. - Aklyña döneýin, ogul. Hudaýa şükür, öñem akylsyz däldiñ, gulluga gidip hasam akyllanyp geldiñ. Harby insituta synanyşjak diýýäñ welin, şo institutda okaýan gyzlar barada her dürlu gulaga ýakymsyz gep-gürrüñler bar. Birden şolar ýaly eýesiz gezip ýören salatynyñ toruna ilişip duruberme. Stipendiýañ-a alakañ hinine giden ýaly bolar. Üstesine-de gül ýalja oglumy gör kimlere şam ederin. - Ýah-heý, kaka, kakajan, aýdýanyñ näme! Aýal-gyz meselesinde menden ýaña göwnüñ atyñ gulagy ýaly bolaýsyn. Özüñde erk bolsa, edep bolsa, gelin-gyz neýlesin. Her ýeriniñ asylly-da, bozgagy-da az däl. Şü obada bozgak gyz-gelin ýokmy näme? Gep-gürrüñe gulak asma kakajan, süri agsaksyz bolmaz. Onsoñam o taýy harby edara, ýokary okuw jaýy. Sähel biri aýagyny gyşyk bassa, olam bilinse... Baý-buu, derrewjik gülberini arkasyna dañyp okuwdan kowýandyrlar. Onsoñam harby institut watan goragçylarynyñ ýetişdirilýän bilim ojagy ahyry. Birki sany agsak-towsak üçin tutuş institutyñ adyny garalap bolmaz. Ilde arly-namysly gyz-gelinlerem kändir. Oraz aga ogly bilen ylalaşdy. - Aý, hawa-la, Halmyratjan. "Özbek özüne bek" diýipdirler. Özüñe bek bolsañ bor. Alla özi abraýdan, şu akyl-huşuñdan aýyrmasyn! * * * Dowamy bar... | |
|
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |