23:16 "Az galan ömrümiň bir güni geçdi..." | |
“AZ GALAN ÖMRÜMIŇ BIR GÜNI GEÇDI...”
Goşgular
Az galan ömrümiň bir güni geçdi, Men bolsa ýetmiş dört ýaşyň içinde. Irden turup, baga çykdym gezelenç, Misli däl ýaly men dünýäň göçünde. Ýagyş ýagdy, gar syrady daşarda, Keselhana äkitdiler goňşymy. Arman, ýetişmedim bu günem ýene, Ömrüm hakda ýazyp başlan goşgymy. Halym sorap, ýalňyz dostum jaň etdi, Ikimizem ýalňyzlygyň oýunda. Toý çakylygyna baryp bilmedim, Gutlag sözün aýtmadym toýunda. Elli ýaşda ýalňyz goýup gideniň, Didaryny bir görmäge zar idim. Bu günem kalbyma doldy gam-gussa, “Mähribanym, sensiz dünýä dar” diýdim. Mundan uly bagt barmy dünýäde, Gujagyňa böküp münse çowlugyň. Bir-birege hemdem boluň, adamlar, Hoş sözleri aýtmaga howlugyň! Geçse geçsin ömrüň ýene bir güni, Bakylyk ýok aýbygadym dünýäde. Gülüp, oýnap ýaşa, eziz çowlugym, Meň ýaly garranyň duýmarsyň sen-de... 17.12.2022. Allaýar ÇÜRIÝEW. Surat: "Balkan arçasy. Ölüm-ömür arasy" / Döwran HYDYR. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |