09:58 Bagtyýarnama: Abu Temmam weziriñ hekaýaty | |
BÄŞINJI BAP
Hekaýalar
▶ ABU TEMMAM WEZIRIŇ HEKAÝATY Bagtyýar söze girip, aýdyp başlady: – Eý, jahan patyşasy! Gadym zamanda bir wezir bolupdyr. Adyna Abu Temmam diýer ekenler. Akyl-parasatda we ylym-bilimde kämildi. Durmuşyň ajysyny we süýjüsini dadyp görüpdi. Emma gulluk edip, huzurynda bolýan patyşasy onuň gadyryny bilmeýärdi. Duşmanyň sözüne uýup, demme-dem onuň hormatyny syndyrýardy . Bir gün köňli gaty ýykyldy. Ynamdar kişilerinden birküç sanysyny ýanyna çagyryp: – Görýäňizmi, bu patyşa meniň hormatymy we gadyrymy bilenok. Elbetde, watany terk edip, gitmeli boljak – diýdi. Soňra ýol şaýyny tutup, ýola düşdi. Şäherden-şähere, ilden-ile düşdi. Ahyry Alan Birjan iline girdi. Şäherden daşarda çadyr tutup, düşledi . Gullukçylar şähere baryp, bazarda aluw-satuw etdiler. Olar bir zaman baryş-geliş etdiler. Şäher halky bilen tanyşdylar, bilişdiler. Olar bularyň gatnaşygyny haladylar. Onsoň olar patyşalarynyň gaşyna baryp: – Eý, patyşahy älem! Bir uly kişi gelipdir. Gullukçylary edepli, özi örän salykatly – diýdiler. Alan Birjanyň patyşasy: – Baryň, çagyryň, gelsin, göreýin – diýip buýurdy. Onsoň adamlar baryp, Abu Temmamy çagyrdylar. Abu Temmam köp sowgat-serpaýlar häzirläp, patyşanyň gaşyna geldi. Ýüzüni ýere urup, doga-dileg etdi. Patyşa oňa hezet-hormat edip sylaglady . Soňra ýanyna çagyryp, bile nahar iýdi. Olar her ýerden hekaýat we henek aýdyp başladylar. Abu Temmam patyşa örän ýarady. Patyşa bir gün top urmak üçin Abu Temmam bilen bile meýdana çykdy. Abu Temmam bu oýunlarda örän ussatdy. Meýdana girdi, dürli-dürli oýunlar görkezdi. Alan Birjanyň patyşasy ony örän halady. Gaşyndan goýbermez boldy. Abu Temmam aýtdy: – Eý, Alan Birjanyň patyşasy! Öňküler: «Patyşalaryň ýanynda nep hem bardyr, zyýanam» diýipdirler. Sen mähribanlygyň bilen meni hoş tutýarsyň. Birden göripler yzyma düşüp, meni ýamanlap , seniň gözüňden düşüräýmesinler. Goýgun, saňa uzakdan doga-dileg edeýin. Patyşa: – Bu ne sözdür, sen diýer sen! Olaryň sözüni kim diňlär – diýip, Abu Temmamy hormatlady. Patyşanyň gaşynda Abu Temmamyň hormaty-sarpasy gün-günden artdy. Göripler pitnedir mekirlik etmäge meşgul boldular. Olar: «Bu bir garyp, keseki kişidi. Düýn gelip, bu gün bizden ýokary geçdi. Ol biziň derejelerimize zyýan ýetirýär» diýşip, her haýsy bir dürli pikiri orta atdylar. Baş wezir: – Maslahat şeýle, Hotan patyşasynyň bir gyzy bardyr. Asman astynda oňa meňzejek şekil ýokdur. Ony diläp, köp patyşalardan kişiler bardy, emma birem gutulmady. Baryny öldürdi. Patyşamyza şol gyzyň habaryny aýdalyň. Meýli oýanyp, gyzy dilemäge adam islän wagty, ählimiz agzybirlik bilen «Bu işe Abu Temmam has muwapykdyr» diýeliň. Ol işe giden asylam dolanyp gelmez – diýdi. Şeýlelikde, olar bu sözi patyşanyň gulagyna ýetirdiler. Şeýle bir süýjüdip gürlediler welin, patyşa görmezden-bilmezden oňa aşyk boldy. Onsoň Hotan ýurduna ibermäge kişi isledi. Wezirler bir agyzdan: «Abu Temmamdan özge kişi bu işi başarmaz» diýdiler. Bu sözden soň patyşa Abu Temmamy çagyrdy, köp wagtlap göwnüni awlady. Soňra ýol şaýyny tutup, sowgat-serpaýlar berip, Hotan patyşasynyň gyzyny dilemäge iberdi. Abu Temmam Alan Birjan welaýatyndan Hotan welaýatyna ugrady. Hotan şäherine ýetdi. Hotan patyşasy Abu Temmam weziriň näme sebäpli gelendigini bildi. Ony garşylamaga adam iberdi. Ony hormat bilen getirip, bir hoş-sapaly ýerde ornaşdyrdylar. Patyşa üç günden soň ondan näme niýet bilen gelendigini sorady. Onda Abu Temmam: – Patyşamyz men guluny sahawatly melikäni dilemäge siziň gaşyňyza iberdi. Şonuň üçin her näme gulluk bar bolsa, buýursaňyz, biz hem ýerine ýetirsek – diýdi. Hotan patyşasy: – Ol bir uly patyşadyr. Meniň gyzym oňa laýykmy, biziň berjek şaý-sepimiz oňa ýarajakmy?! Sen bir akylly we kämil kişisiň. Içeri, köşge gir, gyzy gör. Şaý-sepine tomaşa et. Eger ýarajak bolsa bereýin – diýdi. Abu Temmam: – Melike patyşa aslyndan we soltan neslinden bolsa, meniň patyşam kibi bir patyşa onuň müşterisi bolsa, meniň kibi bir bende niçik oňa seredip biler?! Päklik saraýynda durka, şerigata laýyklykda ony ýat kişiniň görmegi rowa bolmaz. Emma şaý-sep barada aýdanyňda, patyşamyzyň maksady ol däl, onuň maksady siziň bilen garyndaş bolmakdyr. Mal diýeniň geler-gider. Oňa ygtybar bolmaz – diýdi. Hotan patyşasy: – Berekella, eý, akylly, jahan görmüş, iş aňlamyş kişi! Men şunça ilçileri şu sözleri aýdyp öldüripdim. Bir begiň ilçisi eger şerigat ýolundan ýöremeýän bolsa, onuň habary bolmaz. Çünki patyşanyň akyly we bilimi ilçisinden biliner, mynasyplylygy ýazyjysyndan, adyllygy wezirinden, edepliligi gullukçysyndan belli bolar. Men seniň ylmyňy we akylyňy gördüm, begiň mertebesini we ululygyny bildim. Men hem bagrym parasyny berip, gussasyndan halas bolarym ýaly şonuň kibi bir akylly patyşa isleýärdim – diýdi. Soňra kazy çagyryp, nika gyýyp, gyzyny maly-hazynasy bilen bile Abu Temmama tabşyryp, ýola saldy. Abu Temmam patyşasynyň huzuryna kişi iberip, bu ýagdaýy söýünjiledi. Patyşa muny eşidip, örän söýündi hem-de ýakyn egindeşlerini we ulularyny garşylamaga iberdi. Hazynasynyň gapysyny açyp, gelniň üstünden göwherler seçdi. Patyşanyň gaşynda Abu Temmamyň mertebesi has-da beýgeldi. Göripleriň damarlarynda gany gurady. Olar: «Bu işe başga bir çäre tapmak gerek» diýdiler. Patyşanyň iki sany guly bardy. Olar gijelerine patyşanyň aýaklaryny owkalardylar. Göripler şol iki guly ýanlaryna çagyrdylar. Olara köp mal wada berip: «Gije patyşa ýaňy ymyzganan mahaly: Abu Temmam biziň patyşamyzyň nygmatyny we gadyryny bilmedi. Hyýanat pikirini etdi. Patyşanyň saraýyna ýowuz kast eýledi diýiň hem-de patyşa eşitdiriň» diýip, şuňa meňzeş sözleri öwretdiler. Gije bolanda ol iki gul öňki adatlary boýunça patyşanyň aýagyny owkalamaga başladylar hem-de olaryň ýaňky öwreden sözlerini aýdyp başladylar. Patyşa ony eşidende gaýrat-namys ody onuň jan-jigerini ýakdy. Ol: «Bu sözi başga kişilerden eşitsem ynanmazdym. Bu oglanlaryň onuň bilen näme ters zatlary bar. Bu söz dogrudyr» diýip, içini gepletdi. Ertesi Abu Temmam patyşanyň gaşyna gelende, patyşa: – Bir sözüm bar, ony saňa aýtmagym gerek. Emma dogry jogap bergin – diýdi. Abu Temmam: – Eý, patyşahym, eger bilsem jogap bererin – diýdi. Patyşa: – Bir kişi patyşanyň haremhanasyna hyýanat gözi bilen baksa, adyny gara eýlese , onuň jezasy näme bolar? – diýdi. Abu Temmam: – Onuň jezasy ölümdir – diýdi. Patyşa şolbada Abu Temmamyň başyny kesdi. Ondan soňra Hotan patyşasynyň gyzynyň gaşyna barmady. Birküç günläp, patyşa bu gussadan açylmady. Howlynyň içinde gezýärdi. Her bir gullukçynyň hüjresini diňlärdi. Şol gezip ýörşüne şol iki guluň hüjresiniň gapysyna geldi. Diňläp görse, biri-biri bilen çekeleşýärler. Biri: – Ilki men başladym. Patyşanyň gulagyna ilki men ýetirdim. Şonuň üçin bu baýlygyň köpüsini meniň almagym gerek – diýýär. Beýleki biri hem: – Birki sany ýylan sözi bilen bir günäsiziň başyny kesdirdiň. Nämäňe öwünýärsiň. Bu işiň soňky netijesini senem, saňa öwredenler hem ahyr görer – diýýär. Patyşa bu sözi eşidende, hasrat barmagyny puşmanlyk dişi bilen kertdi . Onsoň: «Wah, arman, gapyl galypdyryn. Abu Temmam ýaly kişiniň başyny günäsiz ýere ýitirdim» diýip, ýaňky gullary ýanyna çagyrdy hem-de: – Eý, zalymlar! Siziň bu eden işiňiz nämedir?! Meni gana bulap, bir günäsiz bendäni ýok ýerden ýitirdiňiz. Onuň kibi danany giderdiňiz. Indi bu gün siziň jezaňyzdyr. Jezaňyzy görüň – diýdi. Soňra şanyň buýrugy bilen olaryň ählisini dürli azap bilen gynap öldürdiler. * * * Bagtyýar bu hekaýaty tamamlap: – Eý, jahan şasy! Göripleriň sözüni diňläp, mazlumlary ezme. Günämizi geç – diýdi. Onsoň patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary ýene-de zyndana atdylar. * * * Ertesi daň atanda patyşa tagtyna çykyp oturdy. Altynjy wezir ileri gelip: – Eý, älemiň penakär patyşasy! Oglany öldürmezlikden maksadyň nämedir. Belki, öldürmekde köp bähbitler bardyr. Pitneler basylyp, pisat-bozuk işler peseler – diýdi. Onsoň patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary zyndandan çykaryp, jeza meýdanyna getirdiler. Şonda Bagtyýar: – Eý, jahanyň şasy! Eger göripler meni öldürmäge ündeseler, sen ynanma, gapyl galma. Göriplere uýan kişiniň başyna Halap patyşasynyň oglunyň başyna düşen işler geler – diýdi. Onda patyşa: – Ol nähili hekaýatdyr?! Aýt eşideliň – diýdi. | |
|
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |