10:50 Bagtyýarnama: Betkerdiñ hekaýaty | |
ÝEDINJI BAP
Hekaýalar
▶ BETKERDIŇ HEKAÝATY Bagtyýar söze başlady: – Älem şasyna mälim bolsun, gadym zamanda bir patyşa ýaşap geçipdir. Ol zulum bilen älemi harap edipdir. Onuň ady Betkert eken. Gök asman astynda ondan zalym kişi ýokdy. Bu patyşa bir patyşanyň ogluny güýç we zulum bilen gul etdi. Ol ýigidiň ady Tizhuşdy. Bir gün bu patyşa awa çykýar. Aw awlap ýörkäler, Tizhuş bir guşa atýar. Ok tötänden bu patyşanyň gulagyna degip, onuň gulagyny goparyp, öňüne taşlaýar. Şolbada Tizhuşy tutýarlar. Patyşa gazaplanyp: – Tiz boýnuny uruň, başyny kesiň – diýip buýurýar. Tizhuş ýüzüni ýere sürtüp: – Taňrynyň haky üçin, men bu işi kast bilen etmedim. Bu zatlar hatalyk bilen boldy – diýip, zarynlap, perýat edýär. Patyşanyň oňa rehimi inip, onuň günäsini geçýär. Tizhuşuň atasy illere ilçiler we gözçüler iberip, ogluny gözleýärdi. Bir kişi ýüwrüp gelse, oňa buşlukçymyka öýderdi. Tötänden ýigidi gözläp ýörenleriň birisi hem tomaşa etmek hem ýitigini gözlemek üçin Betkerdiň köşgüne gelýär. Köşkde gezip ýörkä, birden gullaryň hatarynda duran Tizhuşa gözi ilýär. Ýalňyz galan badyna oňa ata-enesiniň habaryny ýetirýär hem-de: – Näçe zamandan bäri älem etraplaryny aýlanyp, seni gözleýäris. Ine, indi tapdym. Indi bu derdiň dermany nedir? – diýip, soraýar. Tizhuş: – Sabyr et. Bu iş sabyr bilen biter – diýýär. Olar bir gije pursat tapyp, bir ata münýärler-de Taňra töwekgellik edip gaçýarlar. Ol ýigit şeýdip, sag-salamat atasyna gowuşýar. Ata-ene ogul didaryny görüp, söýünýärler. Mal gurban edip, sadakalar berýärler. Bir zamandan soňra Betkert şa aw-şikara çykýar. Aw awlap ýörkä, öňünden bir keýik çykýar. Betkert şa ol keýigi kowalap ugraýar. Keýik özüni bir deňze zyňýar. Betkert hem yzyndan aty bilen bökýär. Birden, bir ýel gopup, deňzi herekete getirýär we Betkerdi atdan agdarýar. Ol atynyň ýalyndan ýapyşyp, ýene-de atyna münýär. Onsoň deňiz ýene-de möwç urup, ony agdaryp, zyňyp goýberýär. Betkert şa ahyry bir gury ýere çykýar. Görse, uzakdan bir şäher gözüne ilýär. Hudaýa şükürler edip, şähere garşy ugraýar. Agşam düşýänçä ýöräp, ahyry şähere gelýär. Ne gonara öýi bar, ne düşläre jaýy bar. Onsoň bazara baryp, bir dükanyň içine girip ýatýar. Ol dükanyň üstünde bir bezirgeniň hüjresi bardy. Gije ogrular gelip, ol bezirgeni öldürýärler. Bezirgeniň gany aşaga geçip, Betkert şanyň donuny gyp-gyzyl gan edýär. Daň bilen: «Pylan kişini öldüripdirler» diýen gürrüň ýaýraýar. Onsoň adamlar günäkäri gözläp başlapdyrlar. Betkert şany görseler, dony gyp-gyzyl gan bolupdyr. Olar: – Ony öldüren şudur – diýip, süýräp, Humaý Mäligiň gaşyna getirdiler. Onuň buýrugy bilen Betkerdi zyndana atdylar. Zyndanyň gapdalynda bir giň meýdan bardy. Humaý Mälik her gün şol meýdana çykyp, top oýnaýardy. Bir gün Tizhuş öz atlylary bilen meýdandan gelýärdi. Zyndanyň diwaryna bir guş gonupdy. Betkert şa eline bir daş alyp guşa zyňdy. Daş öte geçdi we Tizhuşuň gulagyny goparyp, öňüne taşlady. Gullar atlaryny segredip, ýetip geldiler hem-de: «Daşy kim atdy» diýip soradylar. Adamlar Betkerdi görkezdiler. Onsoň Betkert şany süýräp, Humaý Mäligiň gaşyna getirdiler. Ol: – Çalt munuň boýnuny uruň – diýip buýurdy. Şol wagt Humaý Mälik seredip görse, onuň bir gulagy kesilen eken. Onsoň Humaý Mälik: – Bu niçik, şum kişi ekeni?! Bir gulagy hem kesik eken – diýdi. Betkert şa aýtdy: – Eý, älemiň şasy! Bilgin, men hem bir uly patyşadym. Mazlumlaryň betdogasy meni şu hala saldy. Humaý Mälik: – Bu gulagyň näme sebäpli kesildi? – diýip sorady. Ol: – Meniň Tizhuş atly bir gulum bardy. Ol hemişe, her zaman: «Men bir patyşanyň ogludyryn» diýerdi. Bir gün aw awlap ýörkäm, ol bir guşa ok atdy. Onuň oky-da meniňki ýaly hata düşdi, sowa geçdi. Ok gelip, meniň gulagyma degdi hem-de gulagymy goparyp, öňüme taşlady. Ýöne men ony bagyşladym we günäsini geçdim – diýdi. Humaý Mälik bu sözleri eşidenden onuň ellerini çözüp, derrew Tizhuşy çagyrdy. Ol gelip, Betkert şany görenden ýüzüni ýere goýup: – Eý, şa! Bu ne ajap ýagdaýdyr? Seniň başyňa niçik müşgil waka düşdi? – diýip sorady. Soňra ony ajaýyp köşklerde ornaşdyrdylar. Ýumşak düşekler düşäp, patyşalara laýyk eý gullukçylar iberdiler. Bir gün mejlisde otyrkalar, Betkert şanyň gözleri ýaşa doldy. Humaý Mälik ondan: – Näme boldy? Näme üçin agladyň? – diýip sorady. Betkert şa: – Taňrynyň başa salan işlerini aňlap agladym? Şuňa geň galýaryn, eger haýyr bolsun, eger şer bolsun, Hezreti Haktagala onuň sylagyny ýa-da jezasyny berýän eken. Tizhuş säwlik bilen meniň gulagymy gopardy. Men hem onuň gulagyny gopardym. Men onuň günäsini geçdim, ol hem meniň günämi bagyşlady – diýdi. * * * Bagtyýar bu hekaýaty aýdyp bolandan soň: – Eý, älemiň patyşasy! Bilmek gerek, her kimiň her bir eden işi, haýyr hem bolsa, şer hem bolsa boş geçmez. Allatagala: «Bes, kim zerreçe ýagşylyk etse, şony görer. Kim zerreçe ýamanlyk etse, ony hem görer» diýip buýurýar. Her kim dünýäde haýyrdyr şer etse, elbetde, bir gün ýerine geler. Indi, eý, älemiň şasy! Bir adamy öldürmäge gyssanma. Belki, bir gün meniň hem günäsizligim biliner – diýdi. Patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary ýene-de zyndana saldylar. Mejlisdäkiler Bagtyýaryň suhangöýlügini we şirin sözlerini eşidip, oňa «Aperin!» diýdiler. * * * Ertesi, patyşa tagta çykyp oturandan soň, sekizinji wezir ileri çykyp: – Eý, jahanyň şasy! Bu oglany öldürmekde haýal-ýagallyk edýärsiň . Ýaman günden gorasyn, bu oglanyň öjünden patyşamyza bir zyýan ýetse, kalbymyzda ömürlik hasrat galar – diýdi. Onsoň patyşa: – Bu gün ony öldüriň, dardan asyň! – diýip buýurdy. Bagtyýary getirdiler. Bagtyýar: – Eý, jahanyň patyşasy! Duşmanlaryň sözi bilen işleme, bir günäsiz bendäni heläk edip, ganyna galmagyl – diýdi. Onda patyşa: – Eý, betbagt! Köşkdäkileriň aýtmagyna görä, tamyň üstünden daş atmyş sen hem-de nälaýyk sözler diýmiş sen – diýdi. Onda Bagtyýar: – Olara duşmanlaryň öwreden bolmagy bolup biläýjek zat. Mundan başga-da aýallaryň mekirligi köp, hilesi telim bolýandyr. Olaryň sözi bilen iş etmek zulum bolar. Eger patyşa buýursa, şuňa degişli bir hekaýat bardyr, şony aýdyp bereýin – diýdi. Patyşa: – Ol nähili hekaýat? Aýt, eşideliň – diýdi. | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |