16:55 Bagtyýarnama: Hyjaz patyşasynyñ hekaýaty | |
DOKUZYNJY BAP
Hekaýalar
▶ HYJAZ PATYŞASYNYŇ HEKAÝATY Bagtyýar söze başlady: – Patyşa mälim bolsun, Hyjaz yklymynda bir patyşa bardy. Mal-nygmaty köpdi, emma hiç bir ogly ýokdy. Ol hemişe: «Menden soňra ýerime patyşa bolar ýaly Taňrytagala maňa bir ogul beräýse niçik bolardy?!» diýýärdi. Ahyrynda Beýik Taňry oňa bir ogul bagyş etdi. Müneçjimler onuň täleýine garap: – Bu oglan ýedi ýaşyna ýetende bir kaza-takdyra uçrar. Eger şol kazadan aman-esen geçäýse, onda patyşanyň ölümi şu oglanyň elinden bolar – diýýärler. Onda patyşa: – Ähli halk ogul dünýä inse şat bolýar , men bolsa gam-gussa düşdüm – diýýär. Oglan ýedi ýaşyna ýakynlaşanda patyşa ogluny gizlemek isledi. Emma öz eli bilen takdyra tabşyrýandygyny bilmedi. Ol ynsanlyk çäresi bilen Ylahy takdyry bozup bolar diýip hasaplady. Bir dagyň başynda bir guýy gazdylar. Oglanjygy bir eneke bilen bilelikde şol ýerde goýdular. Daş-töwereginde gözegçiler hem goýdular. Her gün içer-içer ýaly zatlary elterdiler. Hepdede hem bir gezek baryp, guýudan çykaryp görerdi. Günlerde bir gün bir arslan bir janawary bu ýere kowalap getirdi. Ol janawar özüni guýa oklady. Arslan hem onuň yzyndan aşak bökdi. Arslan oglanjygyň golundan ýapyşyp, daşary atyp goýberdi. Eneke bilen awuny bolsa, iýdi. Misgin oglanjyk ýaralanyp, gorkusyndan bir tarapa gaçdy. Bir derä girdi-de ýykylyp galdy. Ol ýerden bir düeçi geçip barýardy. Görse, bir aý ýaly oglan gana bulaşyp ýatyr. Gözlerinden ýaşlar rowana bolup dur. Düeçi: – Eý, janym ogul, näme boldy, nämä uçradyň? – diýip sorady. Ol oglanjyk: – Meni it dişledi – diýdi. Düeçi görse, ýara uly eken, onsoň oglanyň arslana duçar bolandygyny bilip: – Ataň-eneň barmydyr? – diýip sorady. Oglanjyk: – Bardyr, emma enemi it iýen bolsa gerek – diýdi. Düeçi oglany göterip, düýä mündürip, öýüne getirdi. Onuň öýi bir welaýatdady. Ol oglana oňat seretdi. Oglan ýagşy boldy. Patyşa ýene-de guýynyň ýanyna geldi. Görse, guýynyň düýbünde bir arslan dur. Ah çekip, ýakasyny ýyrtyp, aglady hem-de: – Eý, daryg-a! Jigerköşämi arslan iýipdir – diýip, aglaý-aglaý öýüne geldi. Ulular öwüt-nesihat berip: – Näme boldy?! Diri bolsa seni öldürerdi – diýdiler. Oglan sag-salamat galdy. Ol on bäş ýaşyna ýetende örän batyr edermen ýigit bolup ýetişdi. Birnäçe atly bilen garakçylyga meşgul boldular. Il-welaýat düýrülip-ýygnanyp, patyşanyň gaşyna geldiler hem-de: – Pylan ýerde birküç sany garakçy döredi. Ýol kesip, il talaýar. Dowarlaryň birini-de goýmady, elimizden aldy – diýip, arz etdiler. Patyşa: «Tutuňlar, gyryňlar» diýip, goşun iberdi. Olar baran goşuny ýeňip dargatdylar. Patyşa bu batyrgaýlygy eşidip, özi-de ata atlandy. Ogly atasy bilen garşylaşdy, garpyşdy hem-de atasynyň başyna gylyç urup, agyr ýaralady. Ahyrynda ata haýbaty üstün gelip, daş-töwerekden batyrlar ýetip gelip, oglany tutdular-da daňdylar. Patyşa özüni ýaralany gaşyna getirdip, müneçjimleri çagyrdy hem-de: – Siz ýalňyş aýdypsyňyz. Siz ölmek oglumyň elinden bolar diýipdiňiz – diýdi. Müneçjimler: – Bu oglan seniň ogluň bolup çykaýsa hem geň däldir – diýdiler. Onda patyşa: – Bu diýýän sözüňiz näme? – diýdi. Olar: – Bu oglany getiriň, soraň – diýdi. Patyşa oglany gaşyna getirdip: – Eý, oglan, kimiň ogly sen, haýsy ilden sen – diýip sorady. Ol oglan: – Haýsy ildendigimi bilmeýärin. Emma şuny bilýärin, atam patyşady. Meni bir dagda bir guýynyň içinde goýdy. Hemişe gelip, meni görerdi. Bir gün bir arslan özüni guýa oklady. Meniň elimden agyz urup, meýdana atyp goýberdi. Ýaralanyp gaçdym. Bir derä düşdüm. Ol ýerde bir düeçi maňa duçar bolup, öýüne eltdi, bejerdi. Şeýdibem şu ýagdaýa duçar boldum – diýdi. Patyşa muny eşidip, ýanyndakylara buýruk berdi. Onsoň olar onuň el-aýagyny çözüp, patyşalyk täjini oglanyň başyna geýdirdiler. Patyşa: – Eý, Taňrym! Müňde bir şükür. Özümden soň tagta çykar ýaly bir ogul tapyldy – diýdi. Atasy şol ýara sebäpli dünýäden ötüp, ahyrete göç etdi. Oglan hem öz atasynyň ýerine patyşa boldy. * * * Bagtyýar bu hekaýaty aýdyp bolansoň: – Eý, patyşa! Indi meni öldürmäge gyssanmagyn. Bir gün meniň hem halym äşgär bolup, päkligim belli bolar – diýdi. Muny eşiden patyşa: – Baryň, zyndana eltiň! – diýdi. Wezirler: – Eý, patyşa! Bu oglany öldürersiň ýa-da hut bu ilden gider ýaly bize perman berersiň – diýip, gykylyk turuzdylar. Patyşa: – Baryň, äkidiň, asyň! – diýip, buýruk berdi. Jellatlar Bagtyýary patyşanyň gaşyndan daşary süýräp çykardylar hem-de öldürmäge dar astyna getirdiler. Bagtyýar özünden umydyny üzüp, janyna haýpy geldi. Daryň düýbüne älem halky üýşdi. Är-aýal bary birden gygyryşdylar. Taňry enaýat etdi. Bagtyýary guýynyň gyrasyndan tapyp, öýüne getirip, özüne ogul edinen aýýar şol wagt şähere gelipdi. Ol bu gowgany görüp, kimkä diýip ýüwrüp, geldi. Görse, ogly Hudadady öldürmäge alyp barýarlar. Ol: – Haý, haý! Meniň oglumy näme üçin öldürer siz? – diýip topuldy. Oňa: – Patyşanyň buýrugy şeýle – diýdiler. Ol aýýar jellatlardan möhlet diledi. Jellatlar: – Ýüwür patyşanyň gaşyna, belki medet-ýardam edip, bu ýigit ölümden gutular – diýdiler. Aýýar ylgap patyşanyň gaşyna geldi hem-de: – Eý, patyşahy älem! Perýadyma ýetiş, maňa medet eýle. Oglumy asyň diýip buýrupsyňyz. Patyşanyň neslinden bolan şunuň kibi bir nowjuwany bir töhmet bilen öldürmek haýp dälmi? – diýip zarynlady. Muny eşiden patyşa: – Haý, haý, ne diýr sen? Bir meniň oglum diýýäň, bir patyşanyň neslidir diýýäň. Haýsy çyn? – diýip sorady. Onda aýýar: – Patyşahy äleme mälim bolsun, meniň kyssam uzakdyr, derdim agyrdyr – diýdi. Onda patyşa: – Hany, Allanyň haky üçin aýt, eşideliň – diýdi. Aýýar: – Eý, älemiň şasy! Kerman ilinde garakçylyk edýärdim. Bir gün bir guýynyň gyrasyna bardyk. Görsem, bir oglanjyk ýatyr. Ony gymmatbaha parça bilen sarap, goluna-da bir gymmatbaha monjuk baglapdyrlar – diýip söze başlanda, patyşa: – Ondan soň, ondan soň näme boldy – diýip gygyrdy. Aýýar: – Ony alyp, öýüme eltdim, ogul edindim. Bir gün garakçylykda tutuldy. Başga näme bolandygy hakda hiç zat bilemok – diýdi. Patyşa ýerinden turup: – Oglany tiz getiriň. Ol gözümiň nury, ýüregimiň parasy eken. Ol goşa didämiň garagy eken, oglum eken, janymyň parasy eken – diýip gygyrdy. Ähli halaýyk ýüwürşip geldiler. Üstünden göwherler seçdiler. Ak donlar geýdirip, Bagtyýary atasynyň gaşyna getirdiler. Atasy öňünden çykyp, oguljygyny bagryna basdy. Onuň elini açdylar. Patyşa onuň elinden öz baglan bazubendini öz eli bilen çykaryp aldy. Ony wezirleriň öňüne oklap: – Gümanyňyz galdymy? – diýip gygyrdy. Soňra onuň buýrugy bilen wezirleri tutdular. Buşlukçylar Bagtyýaryň enesine tarap ýügürdiler hem-de: «Ol oglan seniň ogluň eken» diýip buşladylar. Atasy oglunyň elini eline alyp, köşge girdi. Oglanyň enesi aglap, öňlerinden çykdy. Patyşa: – Eý, Gyz Banu! Bu oglan Kerman ilinde guýynyň gyrasynda goýup giden oguljygymyzdyr. Ine, bu-da eline baglan çiginbendimiz . Hakykat, bilgin sen munuň enesi, men atasy. Bu bolsa, biziň oglumyzdyr, bagrymyzyň parasydyr – diýdi. Wessalam, hemişe etsin dowam. Rehim et, eý, Rehimdarlaryň Rehimdary! Älemleriň eýesi we ýardam berijileriň iň haýyrlysy Allatagala hamdy-senalar bolsun! Bu hekaýat sahawatlylaryň patyşasy Allatagalanyň ýardamy bilen tamam boldy. Bagtyýarnamanyñ soñy. | |
|
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |