10:46 Bagtyýarnama: Halap patyşasynyñ hekaýaty | |
ALTYNJY BAP
Hekaýalar
▶ HALAP PATYŞASYNYŇ HEKAÝATY Bagtyýar söze başlady: – Eý, hökmürowan patyşa! Bilgil, Halapda bir patyşa bardy. Ol patyşa akyl, pikir, adyl we adyllyk bilen bezelipdi. Onuň bir ogly bardy. Göwnüne bir hyýal gelse, ony ederdi. Emma örän gözeldi. Bir gün bir bezirgen Müsürden Halap şäherine gelip, Müsür matalaryny getirýär. Ol birküç aýlap Halapda saklanýar. Ol bezirgen patyşanyň ýaňky ogly bilen tanyşýar. Bu oglanyň köňli ýer ýüzünde taýy bolmadyk bir gyz küýsedi. Bezirgen: «Men Müsür patyşasynyň bir gyzy barmyş, ýer ýüzünde onuň kibi gyz ýokmuş diýip eşitdim» diýdi. Bu oglan muny eşidenden atasynyň gaşyna bardy hem-de: – Eý, ata! Adam ogluna elbetde, durmuş sürer we güzeran görer ýaly bir höwür we mähriban ýar gerekdir. Müsür patyşasynyň gyzyny meniň üçin diläp ber – diýdi. Atasy: – Eý, ogul, bilermi sen?! Müsür patyşasy bir uly patyşadyr. Biz onuň bilen barabar däldiris. Eger şeýle tiz gyz dilesek bermez, sözümiz synar we aramyzda duşmanlyk dörär. Sabyr et. Mal bilen ýa-da gulluk bilen bu işi bitirerin – diýdi. Soňra Müsür patyşasyna bir hat ýazyp: «Men seniň guluňdyryn, oglum hem guluňdyr. Emma oglumyň seniň has saýlantgy guluň bolmagyny isleýärin. Ölçänimde siziň bilen biziň aramyzda ýer bilen gök ýaly tapawudyň bardygyny bilýärin. Emma patyşanyň sahawaty tükeniksizdir. Ol özüniň sahawatly gyzyny şu oglanjyga nikalap berer diýip umyt edýärin» diýip, örän alçaklyk görkezýär. Müsür patyşasy onuň bu haýyşyny diňläp: «Men hem gyzymy berer ýaly bir asylzada kişi isleýärdim. Men-ä ondan zat islämok. Emma enesi iki ýüz müň altyn gerek diýýär» diýip, jogap berýär. Ilçi bu habary getirenden soň, Halap patyşasy hazynadaky altyn-kümüşleri jemledi. Ýüz altmyş müň altyn çykdy. Ony iberdi, galan kyrk müňüni hem bir aýda bererin diýdi. Bu oglan bir aý sözüni eşidende onuň janyna ot düşdi. Atasynyň gaşyna gelip: – Sen bilýärsiň, men bir sagat hem garaşyp biljek däl. Ile salgyt sal, üýşür-de ber – diýdi. Atasy: – Öz nebsimiz üçin zulum edip, ile salgyt salmak ýagşy däl – diýdi. Oglan bu sözi eşidende: – Çykyp, il uraryn we mal-baýlyk ele salaryn – diýip, çykdy gitdi. Birden, bir kerwene uçrady. Kerwen Adn şäherinden Müsüre barýardy. Ol kerwende örän köp mal-nygmat bardy. Şazada ol kerwene at saldy . Köp musulmanlary öldürdi. Ol kerweniň içinde bir batyr är bardy, adyna Gurap Ýasryby diýerdiler. Ol şazadanyň üstüne at saldy we ony tutup Müsüre getirdi. Ony şol ýerde goýup, özi patyşanyň gaşyna bardy. Sowgat-serpaýlar eltdi. Ol ýigit patyşanyň gaşynda durka, Halap patyşasyndan: «Eý, jahanyň şasy! Birnäçe wagt boldy, oglum gaharlanyp çykyp gitdi. Nirededigini bilemok. Eger ol galan altyny alyp baran bolsa, bize habar edeweriň. Köňlümiz rahatlansyn» diýen mazmunda hat gelip gowuşdy. Hat okalan badyna Gurap Ýasryby özüniň tutan kişisiniň şol ýigitdigini bildi. Onsoň köşkden çykyp, öýüne geldi. Ol oglanyň hal-ahwalyny sorady hem-de: – Bu iş saňa laýyk däldir – diýip, öwüt berdi. Oglan: – Ýigitlik ýeli bilen şeýtana uýdum. Şeýdibem bela duçar boldum. Öňküler: «Ýaşlyk hem däliligiň bir görnüşidir» diýipdirler. Eger ýagşylyk edip, azat etseň sogap taparsyň – diýdi. Gurap: – Günämi geçgin. Men seniň kimdigiňi bilmedim. Indi bildim. Maňa seniň işiňi bitirmek wajypdyr. Saňa näçe mal gerek bolsa bererin – diýdi. Soňra ýaňky oglany alyp, patyşanyň gaşyna getirdi. Patyşa giýewisini görende söýündi. Ol ýigit kyrk müň altyny getirip berdi. Üç günläp şatlyk-şagalaň etdiler. Dördülenji gün gelip ýetende toý başlandy. Ol oglany çagyrdylar. Hylwatda aýşy-eşret eýlediler. Bu oglan biraz wagtdan soň daşary çykdy. Müsüriň hatynlary gelniň daşyna üýşüp otyrdylar. Olar çeňdir saz çalyp şatlanýardylar. Ýigit daşarda duran ýerinde bu şagalaňy eşitdi. Diwarda bir deşijek bardy. Gözüni şol deşige tutdy görse, gelin göwherler bilen bezenip, asyklar dakynypdyr. Müsür gözelleri daş-töwereginde üýşüp guwanýarlar. Bu ýagdaý ýigide hoş gelip, biraz wagt seredip durdy. Kaza gapysy açylyp, birden gyzyň gözi şol deşige duş geldi. Ol gyz oňa bir ýat kişidir öýdüp, bir hyzmatkärine buýruk berdi. Ol hyzmatkär iki sany çiş (syh) alyp, ol oglanyň gözüne dürtdi we onuň iki gözüni-de çykardy. Şazada «ah» diýip ýykyldy. Onuň üýnüni-owazyny eşidip geldiler. Görse, iki nerkes gözi hem çykypdyr. Köşgüň içinde perýat asmana galdy. Toýy ýasa döndi. Ýarasy ýagşy bolansoň ýene-de atasynyň gaşyna bardy. Atasy ogluny gözsüz ýagdaýda görüp, onuň ýagdaýyna ýanyp köýýär, bagryny ýakýar. Onsoň: – Eý, ogul! Bu iş seniň başyňa seniň sabyrsyzlygyňdan geldi. Eger sabyr eden bolsadyň, men saňa ony getirip bererdim. Sen hem bu belalara uçramazdyň – diýip zarynlaýar. * * * Bagtyýar bu hekaýaty aýdyp bolandan soň: – Eý, jahanyň şasy! Eger meni dara çekseň soňy puşmanlyk bolar. Sabyr et. Meni öldürmäge gyssanma – diýdi. Bu sözi eşiden patyşa Bagtyýary zyndana buýurdy. * * * Ertesi ýene-de patyşa tagtyna çykyp oturdy. Ýedinji wezir ileri çykyp, söze başlady: – Eý, älemiň patyşasy! Bu oglan wezirler bilen seni aldar. Bu gün ýene-de özüni ölümden gutarmak üçin pursat gözlär. Bu gün ony älemden ýitirmek gerek hem-de bu müşgil işi bitirmek gerek – diýdi. Bagtyýar söze başlamak isledi. Şol wagt wezir: – Gepleme, bu gün gutulmarsyň – diýdi. Bagtyýar: – Eý, jahanyň şasy! Biçäräniň sözüni diňlemek adalatlylykdandyr, gürletmezlik bolsa zulumdandyr. Eger patyşa bu gün meni öldürse, Betkert şanyň uçran gününe duçar bolar – diýdi. Muny eşiden patyşa: Ol neneňsi hekaýat, aýt, eşideliň – diýdi. | |
|
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |