22:31 Bagtyýarnama: Bezirgeniñ hekaýaty | |
IKINJI BAP
Hekaýalar
▶ BEZIRGENIŇ HEKAÝATY Bagtyýar söze başlady: – Patyşahy äleme mälim bolsun, geçmiş zamanda Basra şäherinde bir bezirgen bar eken. Onuň maly-nygmaty örän köpdi. Älem etraplarynyň baryny aýlanyp görüpdi. Görse-baksa, deňiz sapary peýdaly, muşakgaty bolsa azdy. Onsoň deňizde sapar eýledi. Emma munda mal gitdi, nygmat mähnete döndi. Her näme çäre agtarsa, bary hata boldy. Onsoň bezirgen: «Meniň işime hiç bir çäre galmady. Saparym muwapyk we ýaramly bolanok, indi gowusy, sapardan köňlümi üzeýin. Belki, ters gelen täleýim oňuna bolar. Çünki her bir kişi egsiklik harlygyn görmeýänçä eýlige ýetişmedi, her kişi yşk derdiniň belasyny çekmeýänçä magşugyň wysalyna gowuşmady. Indi maslahat şudur, gowusy, şäherde ornaşyp, bugdaý ýygnaýyn. «Gyz» bolanda ýene-de sataýyn, neplenerin . Hany göreli, durmuş meniň bilen neneňsi oýun oýnar. Iň bolmasa diri galar ýaly zat ele getirerin. Kesekileriň eline bakmaryn, siňek kibi ýatlaryň çanagyna gonmaryn» diýip oýlandy. Onsoň galanja baýlygyny bugdaýa berip, ammarlary doldurdy. Takdyr ters gelip, ol ýyl bugdaý bol boldy. Bezirgen biçäre bolup galdy. Ol ýyl bugdaýyny köňül islegine görä satyp bilmedi. Onsoň: «Sabyr edeýin, indiki ýyl gelsin, şonda bugdaý «gyz» bolar, şol wagt sataryn» diýip oýlandy. Ol ýyl hem arzanlyk boldy. Bezirgen ýene-de: «Zyýanyňa satmak bolmaz, bu ýyl hem sabyr edeýin» diýip oýlandy. Emma ammarlarynyň astyndan suw çykyp, ähli bugdaý çüýredi. Bezirgen ol çüýrän bugdaýlara köp pul harç edip, şäherden daşary dökdürdi. Basranyň ilaty ony görüp, bary bir agyzdan oňa nälet okadylar. Bezirgen görse, bu çäresi hem oňuna bolmady. Onsoň ýene-de barja baýlygyny düýrüp-ýygnap, deňiz saparyna ýüz urdy. «Ýa berer, ýa geler» diýip, gämä münüp, ýola rowan boldy. Üç gije-gündiz gitdiler. Birden, bir ýel gelip, gämini daşa urup, geçip gitdi. Ählisi heläk boldy. Diňe bezirgen bir tagta ýapyşyp, diri galdy. Beýt Deňizde ger bolsa, sansyz, köp peýda, Salamat isleseň, bardyr kenarda. Misgin bezirgen suw bilen gök arasynda ýalňyz galdy. Janyndan el ýuwdy. Onsoň köňlünde: «Eger bu beladan gutulsam, oglanjyklarymyň gaşyna baryp, bir para gury nan bilen kanagat edeýin» diýdi. Takdyra laýyklykda bir ýel gelip, bezirgeni kenara eltdi. Garny aç, ysgyny ýok halda bir gije-gündiz ýol ýöredi. Ahyry bir obanyň çetinden geldi. Obanyň ortasynda bir uly köşk gördi. Ol köşke ýakyn bardy. Oba beginiň gözi bezirgene düşdi, görse gurbat eseri ýüz-gözünden bildirip dur. Onsoň bezirgeni ýanyna çagyryp, hal-ahwal sorady. Bezirgen başyndan geçenlerini bir-bir beýan eýledi. Gözlerinden ýaşlar rowan boldy. Muňa oba beginiň ýüregi awady . Onsoň onuň buýrugy bilen oňa öý berdiler, obanyň gözegçiligi wezipesini berdiler. Bezirgen ol ýyl ekin ekdi, bugdaý hasyly köp boldy. Bezirgen hasap edip görse, öz gazanjak hakyndan hem artyk peýda görüpdir. Onsoň köňlünde pikir edip: «Belki, bu beg munça zady maňa bermez we gyýmaz. Gowusy, öz hakymy alyp, ony bir ýerde gizläýin. Eger hakymy maňa berse, ony yzyna bererin, eger hakymy bermese, hakymy aldygym bolar» diýdi. Soňra bezirgen özüne düşýän hakyny bir gowaga dökdi. Ony-da ogrular göz astyna alyp ýördiler . Derrew geldiler-de, baryny göterdiler. Наsyly dоly ýуgnanlaryndan sоň, bugdаýy bеge tаbşyrdylar. Вeg: – Вezirgeniň hаkyny bеriň, özеm аrtygy bilеn bеriň – diýiр buýurdу. Вezirgen bu sözi еşidende, ýеr öрüp: – Мen «Мaňa bеýle kеrem, sаhawatlylyk еdersiň» diýiр, umуt еtmeýärdim. Оnsoň ätiýаçlyk ediр, hаkymy аldym wе bir gоwakda döküр gоýdum. Нäzir, sеnden bеýle sаhawatlylygy gördüm, indi bаryp, оl bugdаýy аmmarça tаbşyraýyn – diýdi. Оnsoň baryр, dаga çуkdy, gоwaga girdi. Еmma bir dänе-de bugdаý taрmady, sуryp, süрürip gidiрdirler. Мisgin bеzirgen munу görüр, hаýran bоlup gаldy. Вeg hеm munuň bu еden işinе gazaрlanyp: «Кowuň» diýiр, buýruk bеrdi. Оnsoň bеzirgeni оbadan çуkaryp kоwdular. Оl misgin bеzirgen аzygy ýоk, gussаsy çоh hаlda ýоla rоwana bоldy. Вir zamаndan sоňra bir dеňziň ýаkasyna gеldi. Guwwаslara sаtаşdy. Оlar: – Мunça mаlyň, nуgmatyň nirä gitdi? – diýiр sоradylar. Ol başdan geçirenlerini birme-bir gürrüň berdi. Guwwaslaryň ýürekleri awap: «Muňa ýardam etmek gerek . Geliň, şuňa niýet edip, deňze gireliň. Taňry näme berse, şuňa bereliň» diýip, bary deňze girdiler. Alty bölek göwher tapdylar welin, hiç biri hem hiç bir patyşanyň hazynasynda ýokdy, boljagam gümandy. Her biri bir yklymyň hazynasyna degjekdi. Bezirgen: «Hudaýa şükür, sermaýa elime girdi, gitmiş döwlet ýene dolandy» diýip, söýünip, göwherleri aldy-da ýola düşdi. Onuň bilen birküç ogry hemra boldy. Bezirgen olaryň özüne hemra bolmaklaryndan üýşenip, öz-özüne: «Eger bular mende göwher bardygyny duýsalar, meni depelärler» diýip, goltugynda gizlän göwherleriniň bir bölegini çykaryp, agzyna saldy hem-de: «Eger goltugymdaky göwherleri bilseler, agzymdaky göwherler galar» diýip oýlandy. Biraz ýörediler. Bezirgen asgyrdy. Göwherler agzyndan ýere döküldi. Ogrular muny gören badyna bezirgeni tutup, urup, gynap, goltugyndakyny hem aldylar. Bezirgeni bolsa, bir agaja sarap, zym-zyýat boldular. Bezirgen biçäre gözüni sykyp galyberdi. Bir türkmen şäherden çykyp, sähra barýardy. Ýoly bezirgeniň üstünden düşdi. Bezirgeni görenden eşeginden düşüp, ony boşatdy. Bezirgen oňa: «Meni şähere elt» diýip ýalbardy. Ol bezirgeni eşegine mündürip, şähere getirdi. Bezirgen içinden: «Hudaýa şükür! Iki sany göwherim bar, olary satyp, maýa edineýin» diýip, derrew göwherini aldy-da, sarrapyň gaşyna bardy. Sarrap göwheri gören badyna bezirgeniň ýakasyndan ýapyşyp, alkymyna birki gezek sugşurdy hem-de: – Eý, zalym! Meniň göwherim bilen şunça malym gitdi. Sen alypsyň, hany galan malym? – diýip, ony şihnäniň gaşyna getirdi. Bezirgeni derrew zyndana saldylar. Ol hernäçe ýagdaýyny aýdyp, aglasa-da, ynanmadylar. Bezirgen gapa bakyp, tüni-gün ahy-nala ederdi, hem-de: – Bu gaýgy-gussa we betbagtlyk ahyry nirä baryp ýeter, maňa halasgär nireden gelip ýeter?! – diýerdi. Bir gün şol guwwaslaryň biri zyndanyň gapysynyň öňünden geçip barýardy. Bezirgen ony çagyryp: – Eý, şepagatly dost! Eý, mähriban ýoldaş! Maňa medet eýle – diýip, perýat etdi. Ol guwwas beýleki guwwaslara: – Ol misgin we dertment bezirgen ýene-de bir bela uçrap, zyndana düşüpdir. Ol biz sebäpli bela giriftar bolupdyr. Geliň, ählimiz patyşanyň dergähine baralyň hem-de pygamberimiziň sözüni tutup, ol biçäräni zyndandan gutaralyň. Hezreti pygamber alaýhyssalam: «Zalymam bolsa, mazlumam bolsa, doganyňa kömek et» diýip buýrupdyr – diýýär. Onsoň guwwaslar düýrülip patyşanyň gaşyna geldiler hem-de: – Eý, jahanyň belent şasy! Bu bezirgen mazlumdyr hem döwletden mahrumdyr, hany-manyndan daşdadyr, bu mähnetde hassadyr. Mal-nygmatyň eýesidi. Munuň başyna düşen bu oýny, çarhypelek oýnady. Şol iki göwher bu bezirgeniň mülküdir – diýdiler. Patyşa bu sözi eşidenden soň, bezirgeni zyndanda çykaryp, gaşyna getirtdi. Don berdi, göwnüni awlady. Soňra: – Bu bezirgen zamananyň mähnetini köp çekipdir – diýip, begleriň gaşynda oňa bir hazynasynyň açaryny tabşyrdy. Bezirgen hazyna girip, hazynanyň içinde otyrka seredip görse, diwarda syçanyň hini bar eken. Ony görüp: «Bu deşik arkaly birden bir zat ýok bolaýmasyn» diýip, deşikden bakdy welin, görse, patyşa hatyny bilen otyr. Birden oňa patyşanyň gözi düşdi. Patyşa derrew bir hyzmatkärine: – Bar, şol deşikden bakan kişiniň gözüni çykar, onuň jezasyny bermek wajypdyr. Çünki: «Gözler harama baksa, zyna etdigi bolar» diýipdirler – diýip buýurdy. Elkyssa, hyzmatkär geldi, bezirgeni basdylar-da gözüni çykardylar. Bezirgen uwlap galyberdi. * * * Bagtyýar bu hekaýaty tamamlandan soň: – Eý, şahy älem! Täleýiň ýüz dönderen kişisi şeýle bolar. Häzir meniň ahwalym şol bezirgeniň ahwalyna döndi. Döwlet menden ýüz dönderdi. Patyşa kerem kylsyn we anyk bilsin. Men pelek belasyna sataşan mazlumdyryn. Günäsizligim patyşa mälim bolýança gyssanmasyn we zulum-sütem etmesin–diýdi. Bu hekaýaty eşiden patyşanyň köňli ýumşap: – Bagtyýary zyndana eltiň – diýip buýurdy. KYSSA Ertesi patyşa tagta çykyp oturdy. Üçünji wezir ileri çykyp, rugsat diläp, sözlemäge başlady we: – Eý, patyşahy älem! Şu oglany maňa ber, men ony daşlap öldüreýin. Goý, tutuş äleme ybrat-sapak bolsun, hyýanatçylar we bozuklar öwüt alsyn – diýdi. Patyşa: – Bagtyýary getiriň we dardan asyň – diýip buýurdy. Bagtyýary şanyň gaşyna getirdiler. Patyşa aýtdy: – Eý, oglan! Buýruk berdim, seni dardan asarlar. Çünki seniň öldürilmegiň ýerliklidir. Bagtyýar: – Eý, şahy älem! Senden öňki patyşalar we ulular bu zyndany biderek ýere goýmadylar, belki niçeleriň günäsizligi bilinsin diýen maksat bilen gurdular. Meni öldürmäge gyssanmagyl, ne gaçara aýagym bar, ne gidere ýaragym bar. Megerem, göwher satyjynyň hekaýaty patyşanyň mübärek gulagyna ýeten däldir?! Onuň gyssanmakdan nämelere duçar bolanyny şa bilýän däldir – diýdi. Patyşa: – Ol nähili hekaýat?! Aýt, eşideliň – diýdi. | |
|
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |