22:45 Bagtyýarnama: Göwher satyjynyñ hekaýaty | |
ÜÇÜNJI BAP
Hekaýalar
▶ GÖWHER SATYJYNYŇ HEKAÝATY Bagtyýar aýtdy: – Gadymy döwürlerde bir göwher satyjy bar eken. Köp nygmaty bardy, hemişe rahatlykda ýaşaýardy. Ol göwherleri seljermekde diýseň ussatdy. Ol göwher satyjynyň bir mylakatly we örän görkli-görmekli bir aýaly bardy. Hatyny ýüklüdi. Bir ýurduň patyşasy bu ýurduň patyşasyna sowgatlar iberip, nama ýazyp: «Biraz hünji daşlary bar, şol kişini iberäýseňiz. Gelsin, şol göwherleri seljerip bersin, soň ýene-de tizden yzyna ibereris» diýip, ondan ýaňky göwherçini diledi. Hat-habar gelenden soň, patyşa göwherçä ýarag-şaýyny tutmagy buýurdy hem-de: – Bar, ol patyşanyň dilegini ýerinde bitirip, ýene-de gelersiň – diýdi. Göwherçi aýalyna bakyp: – Meni şa çagyrtdy . Bu biziň döwletimizdir. Men baraýyn. Eger ol ýerde hoş bolsam, göwnüme ýarasa, onda seni ýanyma elterleri ýaly seniň yzyňdan kişi ibererin. Eger gelmezimden öň çaga doguraýsaň, Beýik Taňry berip, çagaň oglan bolsa, adyna Behruz goýgun, gyz bolsa, özüň bir muwapyk-ýerlikli at dakarsyň – diýýär. Soňra göwherçi ýol söküp, ýaňky patyşanyň huzuryna baryp ýetýär. Patyşa onuň bu işdäki hünärini görüp, örän begendi hem-de ony sarpalady. Göwherçi ol ýerde bir ýyl mesgen tutdy. Emma köňli aýaly we çagasy bilen meşguldy. Göwherçiniň aýaly dürüň dänesi deýin iki ogul dogurdy. Onsoň ärine: «Haktagala bize iki göwher bagyş etdi. Gözellikde älemde taýy ýokdur. Biriniň adyna Behruz, beýlekisiniň adyna Ruzbeh goýdum» diýip, hat ýazdy. Göwherçi bu habary eşidenden olary görmäge höwesi artyp, sapar şaýyny tutdy hem-de patyşadan rugsat diledi. Patyşa rugsat bermedi hem-de: – Adam iberip, bäri getiriň, ýol ýarag-şaýyňyzy bererin – diýdi. Onda göwherçi: «Ýene bir zaman sabyr edeýin, belki soňra rugsat berer» diýip geziberdi. Ýene-de bir ýyl geçdi. Göwherçi aýralyk oduna has-da ýandy. Gussasyny we kyssasyny ýazyp, patyşa berdi. Patyşa: – Elbetde, rugsat ýokdur – diýdi. Göwherçi rugsadyň bolmajakdygyny bildi. Üç ýyl geçdi. Oglanjyklar ejesiniň gaşynda ulaldylar, ösdüler. Demme-dem hat ýazyp, atalaryny göresiniň gelýändiklerini bildirdiler. Göwherçi başga çäre tapman adam iberip: «Eý, wepaly ýar, eý, gerçek halal ! Şu hat saňa baryp ýeten badyna hanymany goýgul hem-de oglanjyklary alyp gelgil. Bu işe gaýry çäre tapmadym. Bu pyrak gijesiniň säherini görmedim. Birden ajal ýetip, hasrat ody we didar arzuwy kyýamata galaýmasyn» diýip, hat ýazdy. Göwherçiniň aýaly haty okap, habary bilen badyna oglanjyklaryny alyp, ýola düşdi. Göwherçiniň gaşyna buşlukçylar söýünjiläp geldiler. Göwherçiniň aýaly ýoluň ýarsyna golaýyny geçenlerinde, bir uly derýanyň kenarynda düşlediler. Beýleki tarapdan oglanlarynyň gelýändigini eşiden göwherçi hem olary garşylamaga çykyp, şol derýanyň beýleki kenarynda düşledi. Täret almaga derýanyň gyrasyna bardy. Goltugynda müň gyzyly bardy, gyzyly suwa gaçdy. Göwherçi yzyna dolanyp, ýükleriniň ýanynda oturdy. Emma altyny göz öňüne geldi durdy. Onsoň derýanyň kenaryna baryp, altynyny gözlemäge durdy. Emma tapmady. Şol wagt onuň aýaly perýat urup: «Eý, Ruzbeh, eý, Behruz! Siz nirede, geliň bäri» diýip gygyrdy. Göwherçi aýalynyň üýnüni, çagalarynyň adyny eşidip, tanady. Onsoň ata münüp, suwdan geçdi, guma bulaşdy, aýalynyň ýanyna gelip görüşdi, hal-ahwal soraşdy. Soňra: – Näme gözleýärsiň? – diýip sorady. Aýaly: – Oglanjyklary gözleýärin. Şu ýerlerde oýnap ýördiler. Nirä gidenlerini bilemok – diýdi. Muny eşiden göwherçi şolbada ýakasyny ýyrtyp, dady-perýat edip: – Oglanjyklarymy öz elim bilen öldürdim. Ikisini hem suwa okladym. Görüň, neneňsi erbet işe ulaşdym – diýip, nala çekdi. Olar şol gije derýanyň kenarynda çagalaryny gözläp geçirdiler. Hergiz yz-sor tapmadylar. Ata-ene hasrat ody bilen gözýaşlaryny akdyryp, arman bilen öz ellerini özleri çeýnäp, haýran galdylar. Emma Patyşalar Patyşasynyň lutpy-keremini görüň, ol bu oglanlary aman saklady. Olaryň hersi bir ýere düşdi. Suwa çümüp, suwuň ýüzüne çykanda oglanjyklaryň biri suwuň kenaryndaky bir beýik ýere çykyp, aglap ýatyp galýar. Şol wagt ol ýerden bir patyşa geçip barýardy. Ol bu oglanjygy beýle ýagdaýda görüp: – Sen neneňsi oglan sen? Nireden we niçik geldiň? – diýip sorady. Oglan özüniň kyssasyny beýan etdi. Patyşa gamlanyp aglady hem-de: – Adyň nedir? – diýip sorady. Oglanjyk: – Adym Ruzbehdir – diýdi. Patyşa: – Pal tutdum, seni ogul edindim, aglama – diýdi. Soňra oglany ata mündürdiler-de alyp gitdiler. Bu patyşanyň ogly ýokdy, ol Ruzbehi özüne ogul edindi. Beýleki oglanjyk, ýagny Ruzbehiň beýleki taýy hem bir ýerde aglap ýatyrka, bir bölek aýýar ol ýerden geçip barýardy. Olar ony görüp: – Äkideliň hem-de gymmat bahadan satalyň. Şeýdip, şunuň bahasy bilen birküç gün aýşy-eşret süreliň – diýşip, alyp gitdiler. Oglanjyklaryň ata-enesi: – Näme edeliň?! Bir derde uçradyk, munuň ýüz tutup, sorar ýaly dermany ýokdur. Indi şu derýanyň kenary bilen gideliň. Beýik Taňry ne eýlär, başymyza näler getirer, göreliň – diýdiler-de gidiberdiler. Birküç günden soň bir şähere bardylar. Göwherçi aýalyny bir ýerde goýup, bazara bardy. Görse, bir bölek oglanjyklaryň arasynda bir enaýyja oglanjygy hem satyp durlar. Ony gören göwherçi: «Bu oglanjyk gula meňzänok. Muny satyn alaýyn. Eger oglum Behruz tapylmasa, bu oglanjygy ogul edineris» diýip, oglanjygy satyn alyp, aýalynyň gaşyna gelip, aýalyna: – Bir oglanjyk aldym, gör – diýdi. Aýaly seredende gözi ogluna düşüp, bihuş bolup ýykyldy. Ýüzüne suw sepdiler. Özüne gelip, ogluny bagryna basdy. Hiç kim dünýä gamynda hemişelik galmady, Umyt üzme hiç haçan, diýme: «Umyt galmady». Aýaly: – Bu şol ýitirip gözleýänimizdir, bagrym parasydyr, oglanjygymdyr – diýdi. Hoja şat bolup söýündi. Beýik Taňra şükür eýledi hem-de: – Bu oglanjygymyzy tapdyk. Umyt et, belki Beýik Taňry ol birini hem elimize gowşurar. Tur, gideliň. Ýene-de patyşamyzyň gaşyna baralyň. Onuň saýasynda egleneliň – diýdi. Patyşanyň gaşyna gelenlerinde göwherçi başyna düşen işleri birin-birin beýan etdi. Patyşa örän gynanyp, hak-hukugyny artdyrdy . Göwherçi öz sungatyny Behruza-da öwretdi. Behruz hem ussat bolup ýetişdi. Deňizden çykan dür neneňsi, ýasama dür neneňsi, Badahşan laglynyň haýsysy gowy, ýakut näçe dürlüdir, gowusy haýsydyr, ýaşyl zümerret nireden tapylýar, neneňsi bolýar, zeberjediň bir mysgalynyň arzysy-gymmaty näçe, Ýemen akyky nämä ýaraýar, kehruba neneňsi çykýar, magnitiň demir bilen neneňsi häsiýeti bar, ol demri neneňsi özüne çekýär, sadabyň içindäki dürüň näme üçin birnäçesi ýumry, birnäçesi ýasy bolýar, gurşun göteren adam näme üçin zebun bolýar, altynyň sarylygy nämedendir, baryny bildi, garaz, şol amalda her näme bar bolsa, ownuk-uşak zatlaryna çenli ählisini öwrendi. Şondan soň atasy oňa köp baýlyk berip, bezirgenlige iberip: – Her ýere barsaň, gardaşyňdan habar soragyl, geleňsizlik etmegil – diýdi. Behruz ýol ýaragyn tutup, sapara çykdy. Takdyra görä, onuň beýleki gardaşyny ogul edinen patyşa dünýäden ötüpdi. Ogly-gyzy ýokdy. Onsoň ol oglany onuň ýerine patyşa göterdiler. Örän adyl patyşa boldy. Jomartlygy äleme ýaýyldy. Onuň gardaşy Behruz: «Munuň kibi gymmatly daşlaryň hyrydary uly beglerdir soltanlar bolar. Şol adyl patyşanyň gaşyna baraýyn» diýip, patyşanyň ýanyna bardy. Oňa sowgat-serpaýlar getirdi, harydyny görkezdi. Olaryň biri-birlerinden habarlary ýokdy. Çünki köp wagt geçipdi. Beýt Mähnete duş etdi pelek bu teni, Ol ýary ezizim tanamaz meni. Patyşa Behruzyň söhbeti diýseň ýarady, jan-u dil bilen ony gowy gördi. Onsoň onuň ýanyna adam iberip: «Hiç haçan gitmän biziň gaşymyzda gezseňiz niçik bolar?!» diýip, habar gönderdi. Behruz: – Eý, jahan şasy! Seniň bilen hemsöhbet we hemkäse bolmagy men hem kem islämok . Emma atam-enem bardyr. Olaryň gussasy bolmasady, bu ýerde galardym – diýdi. Patyşa: – Düe, at we dowar harçlyk alsynlar hem-de ata-enesini getirsinler – diýip buýurdy. Behruz: «Beýik Taňry maňa örän mährem we mähriban bir patyşa bagyş etdi welin, gardaşdan ýegdir. Geliň, munuň saýasynda düýrüleliň, ýitiren gardaşymyzyň pyrak oduny munuň wysal suwy bilen söndüreliň» diýip, hat ýazdy. Soňra özi patyşa bilen eşrete meşgul boldy. Bir gije patyşa Behruz bilen eşrete meşgul bolup otyrka, serhoş bolup, oturan ýerinde uklap galdy. Behruz çäksiz mähribanlygyndan ýaňa: «Bu gije nobatçylar gelmedi, maslahat şeýle, gowusy, uklamaýyn we patyşa gözegçilik edeýin» diýip, edil ýyldyzlar deýin oýa bolup, ýiti gylyç bilen sarsman oturdy. Daň atdy, patyşanyň egindeşleri şanyň gaşyna girdiler. Görseler, Behruz eli gylyçly patyşanyň başujunda dur. Derrew bahana edip: – Haý, duz-emek bilmez nadan. Näme eder sen? – diýip gygyrdylar. Patyşa ukudan oýandy. Olar: – Buýruň, bu oglany öldürsinler. Saňa kast eýledi. Biz irden geldik – diýdiler. Patyşa Behruzdan: – Seniň bu eden işiň nämedir? – diýip sorady. Behruz: – Men bu işi seni gowy görýänligimden etdim. Gulluk edýän hasapladym. Emma duşmanyň muny bahana edinjekdigini bilmedim. Zynhar, bularyň sözi bilen iş etme, meni hiç zat ýok ýerinden öldürme. Soňra ahwalym bilinenden soň, puşman edersiň – diýdi. Patyşanyň buýrugy bilen Behruzy zyndana saldylar. Birküç gün geçenden soň, onuň ata-enesi geldi. Olar Behruzyň ahwalyny eşitdiler. Onsoň patyşanyň köşgüniň işigine bardylar. Habarlaşmaga ýol tapmadylar. Onsoň patyşa kyssalaryny we gussalaryny ýazdylar: «Eý, jahan şasy, eý, döwürleriň patyşasy! Bilgin, biz bir garyplardyrys. Zamananyň jebrini we pelegiň belasyny köp çekendiris. Iki oglum bardy. Biriniň ady Behruzdy, beýlekisiniň adyna Ruzbeh goýupdym. Ikisi-de suwa gitdi. Allatagala birini gaýtaryp berdi. Biz ol biriniň pyrak odunda ýanyp ýörkäk, patyşa bu birini hem zyndana salypdyr». Patyşa kyssany okandan olaryň öz ata-enesidigini bildi. Onsoň buýrup, gaşyna girizdi. Ata-enesi bilen görüşdi hem-de: «Men Ruzbehdirin» diýip, özüni tanatdy. Ata-ene söýündiler. Behruzy hem zyndandan çykaryp getirdiler. Şatlyk-şagalaň edip, sadakalar berdiler. Beýt Ýürek-bagra ýara salan döwrüň gam-gussasy geçdi, Ahyr bir gün ýürek-göwnüň arzuw-umydy ýetişdi. * * * Bagtyýar bu hekaýaty aýdyp bolandan soň: – Eý, älem şasy! Eger Ruzbeh Behruzy zyndana oklaman, ony şolbada öldüren bolsady, onda ata-enesi gelenden soň, puşmanlyk ody onuň ýüregini ýakardy. Indi, meni öldürmäge gyssanmagyn, okla, zyndanda ýataýyn. Bir gün meniň hem dogrulygym bilner – diýdi. Patyşanyň göwni biraz ýumşady. Onsoň onuň buýrugy bilen Bagtyýary zyndana äkitdiler. * * * Patyşa ertesi tagtyna çykyp oturdy. Dördünji wezir öňe çykyp, söze başlady hem-de: – Eý, patyşa, bu oglany öldürmek gerek . Welaýatyň diregi syýasatdyr. Bu oglany öldürmän, neçün eglenýärsiň. Men munuň öjünden döwletimize zyýan ýeter diýip gorkýaryn – diýdi. Patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary dardan asmak üçin syýasat meýdanyna getirdiler. Bagtyýar aýtdy: – Eý, älem şasy! Sabyr eýlemek eý närsedir, patyşa hem eýdir. Emma soltanlaryň has ýegrägi şudur; soltan hezretleri bagyşlamasa-da sabyr etmelidir. Her hili müşgil işler sabyr bilen ýeňil bolar, bir gün üstünlige gowşar. Şuňa laýyk bir hekaýat bardyr. Onuň içinde köp öwüt-nesihatlar bardyr. Patyşa bu sözi eşidip: – Aýt, eşideliň, ol neneňsi hekaýatdyr – diýdi. | |
|
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |