22:15 Bagtyýarnama: Bagtyýaryñ dünýä inişi | |
BIRINJI BAP
Hekaýalar
▶ BAGTYÝARYŇ DÜNÝÄ INIŞI Ajam welaýatynda bir uly patyşa bardy. Adyllyk we adalatlylyk zynaty bilen bezelendi. Sistan sebitlerinden tä Kiş deňzine we Ommana çenli ähli ýerler onuň hökümi astyndady. Ol patyşanyň on sany akylly we dana weziri bardy. Olaryň ählisi ylym-hünär eýeleridi. Onuň bir goşunbaşysy hem bardy, dünýäde taýy ýokdy. Emma örän kineçidi. Her kimden ýekeje gezek ynjasa, aýlap-ýyllap, ony köňlünden çykarmazdy. Onuň ýalňyz bir gyzy bardy. Dünýäni diňe şol gyz bilen görerdi. Gözellikde we görmegeýlikde älemde ol gyzyň taýy ýokdy. Bir gün ol goşunbaşy özüniň il-ýurduna gitdi. Birnäçe wagt ol ýerde eglendi. Onsoň gyzyny göresi gelip, özüniň ynamdar kişilerinden birküç kişini iberip: – Baryň gyzymy getiriň, ony göresim gelýär – diýdi. Olar gelip, altyndan, zerden bir kejebe ýasap, ony hünjüler we gymmatbahaly daşlar bilen bezediler. Gyzy kejebä salyp, agyr bizler bilen örtüp aldylar-da, şäherden çykdylar. Ol gün patyşa şäherden daşarda aw-awlap ýördi. Görse, bir kejebäni dürli-dürli bizler we göwher bezegli guşaklar bilen bezäp, alyp barýarlar. Patyşa gullaryna: – Baryň, ol kejebe haýsy begiňkidir, sorap görüň – diýdi. Kejebäniň hyzmatkärleri gulamlaryň gelýändigini görüp, öňlerinden çykyp, habarlaşdylar. Gulamlar habarlaşanlaryndan soňra yzlaryna dönüp, patyşa habar berdiler. Patyşa gyzyň atasyna habar ýollamak üçin olara garşy at başyny burdy. Hyzmatkärler onuň öňünden çykyp, ýüzlerini ýere urup, tagzym etdiler. Patyşa olara aýtmaly habaryny aýdyp durka, birden bir şemal gelip, kejebäniň örtügini açypdyr welin, gyzyň güler ýüzli jemaly bulutdan çykan aý kibi sährany nurlandyrypdyr. Patyşa ony görüp, haýrana galýar. Köňül guşy gyzyň duzagyna giriftar bolup, özüni gyzyň üstüne oklamak isleýär. Emma sabyr edýär. Yşk ody patyşanyň köňlüne ot salansoň düýäniň ýüpüne ýapyşýar hem-de hyzmatkärlere bakyp: – Bu gyzyň yşky meni däli eýledi. Baryň, atasyna aýdyň, bu gyz maňa laýykdyr. Ony maňa bersin, halalym edineýin. Munuň kibi sahypjemala meniň kibi hyrydar gerekdir – diýýär. Hyzmatkärler ýüzlerini ýere berip: – Patyşa näme buýursa, şol maslahatdyr. Emma, eger gyzy şu ýerden alyp gitseň göripler göripçilik bilen gep ederler hem-de: «Gyz atasynyň ýanyna barýarka, patyşa ony zor bilen alypdyr» diýerler. Maslahat şeýle, gowusy, perman beriň, atasynyň gaşyna barsyn. Atasy güýjüniň ýetdiginden şaý-sepini düzedip, patyşa hezretlerine gelinlik edip ibersin. Häzir almagyň rowa däldir. Sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan diýipdirler – diýdiler. Hyzmatkäriň öwüt-ündewi patyşanyň köňlüne hoş gelmän, ol hyzmatkäri öldürmek isledi. Ýene-de köňlünde: – Birden, magşugymyň köňli menden ynjasa bolmaz – diýip, hyzmatkäri duran ýerinde goýdy we düýäni iýtdirip, şähere getirdi. Şäheriň kazysyny çagyrdyp, gyzdan söz aldylar we şerigata laýyk nika gyýdylar. Hyzmatkär gyzyň atasynyň gaşyna baryp, gören-eşiden zatlaryny birin-birin beýan etdi. Şobada goşunbaşynyň ýüregine gan dolup, gözlerinden ýaş ýerine gan akdy. Emma daşyndan hiç zat diýmedi. Çünki ol jahan görmüş – tejribeli garry gurtdy. Şonuň üçin ol derrew nama ýazyp , dürli-dürli sowgat-serpaýlar iberip, toýuny gutlady hem-de: «Men bu döwlete laýyk däldirin. Emma patyşa soňsuz keremi bilen meniň başymy göge ýetirdi. Bu işiň şükranasy üçin eger janymy bersem hem az bolar. Biz hem birküç günden şol uly dergähe ýeteris. Her ne gulluk buýursalar häzir bolup durarys» diýip, nama ýazdy. Emma gazaplanyp, köňlünde pitne şerbetini joşduryp gaýnatdy hem-de: «Patyşadan bu arymy neneňsi alsamkam?!» diýip, gussa deňzine batdy. Patyşa bolsa, gyz bilen tüni-gün keýpi-sapa we aýşy-eşrete meşgul bolup, raýatyň hal-ahwalyndan, goşunyň düzgün-tertibinden we goşunbaşynyň mekir-hilesinden gapyl galdy. Şeýlelikde, duşman pursat tapyp, patyşanyň ili elinden çykdy. Goşunbaşy uly serkerdeleri çagyryp, mejlis gurdy hem-de: – Size bir sözüm bar, ony ýaşyryn saklamalysyňyz we bu syry hiç kime aýan etmeli dälsiňiz – diýdi. Serkerdeler ýüzlerini ýere goýup: – Siziň buýrugyňyzdan daşary gadam urmagy ýa-da siziň islemedik ýeriňizde görünmegi Alla görkezmäwersin. Çünki munça ýagşylygyň ählisini diňe sizden görendiris. Biz sizi patyşa diýip bilýäris – diýdiler. Goşunbaşy olardan bu sözi eşidende: – Siz özüňiz bilýärsiňiz, uşbu iliň (eýligiň) zähmetini we derdi-belasyny biz çekýäris. Tikenini giderip, gül dikdik. Emma rahatyny patyşa görýär hem gülüni ol tirýär. Bu welaýaty her hili çäreler bilen men eýeläpdim. Gördüňiz, ahyrynda maňa nämeler etdi. Ýüzümiň suwun ýere döküp, at-abraýym ýere çaldy. Halk arasynda meni şermisar eýledi. Indi siziň bilen nämeler etjegi belli däldir – diýip, gözünden ýaşyny rowan eýledi. Goşunbaşylar, begler muny eşidenlerinde, bary birden agyz açyp, dil ýaryp: – Biz ençe wagtdan bäri bu işe çäre tapman, gussa deňzine gark bolup ýörendiris. Indi wagt boldy, jäht edip, bu patyşany ýer astyna sokalyň – diýdiler. Goşunbaşy şobada hazynasyny açyp, olara halatlar bagyşlady. Soňra patyşadan ýüz dönderip, oňa garşy goşun çekip ýöriş etdi. Patyşa muny eşidip, gussa deňzine gark boldy. Öňküler: «Şöhwet keýpi bir pursat, gaýgy-gamy has uzak» ýa-da: «Eý, niçe adam ogly şöhwet odundan uzak gama düşendir» diýip, ne ýagşy aýdypdyrlar. Patyşa bu işi düzedip bilmejegini we çarhypelegiň döwlet täjini gaýry bir kişiniň başyna geýdirjegini bilensoň haýran galyp, köşgüne girdi. Soňra goşunbaşynyň gyzyna garap: – Eý, janymyň jany! Uşbu pitne seniň yşkyň belasyndan gopdy. Indi näme ederis, munuň çäresi nedir?! Çarhypelek ýüzüni çytar, kimi inderer, kimi agdarar. Bu işiň soňy düzeler diýip, hiç hili umyt etmeýärin – diýdi. Goşunbaşynyň gyzy: – Eger beýle bolsa, onda maslahat şeýle: Il-welaýaty terk edip, bir patyşanyň saýasyna penalanalyň. Çünki: «Güýji ýetmedik ýerden gaçmak pygamberleriň ýörelgelerindendir» diýipdirler – diýdi. Bu patyşanyň köşgünde bir gizlin gapy bardy. Ol sähra garşy açylýardy . Olar şol gapyny açyp, biraz baýlyk alyp, ata mündüler. Ýolsuz ýerlere we aňyrsy-bärsi görünmeýän uzak sähralara düşdüler. Ajaplaryň ajaby hem şudur: Bu gorkudyr howp arasynda, bu mähnetdir muşakgat içinde ýaňky gyzyň burgusy tutýar. Çünki ol ýüklüdi. Onuň burgusy has güýçlenýär. Bu ýerde ne iş buýrara garabaş bar, ne aladasyny edere eneke (göbegene) bar, ne-de gussasyz iýip-içere aş-suw bar. Biçäre bolup galansoň, atyndan düşüp, toprak üstüne süýnüp, bir daşa söenýär. Içinden oglan agyrysy, yzyndan jan gorkusy birleşip, gözlerinden hasrat ýaşy akýardy. Patyşa ony görüp, atyndan aşak indi. Gyzyň başyny dyzynyň üstüne alyp: – Gaýrat, etgil, gideliň – diýdi. Onda aýaly: – Eý, janym! Eger güýjüm ýetsedi, başymy elime alyp, ölüme razylyk bermezdim. Seniň başyňdan bir gyl egsilenden, men kibi ýüz müň garabaş seniň ýoluňda pida bolsun – diýdi. Onda patyşa: – Eý, janymyň jany! Patyşalyk we mülk-u malymyň bary sensiň. Olary seniň üçin terk etdim. Seni nädip terk edeýin?! Taňrynyň takdyryna boýun bereliň, başymyza her näme gelse, hoşlukda kabul edeli – diýdi. Bular bu sözdekä aý parasy kibi bir oglan dünýä indi welin, peri oglanlaryndan bir oglan ýere indimikä öýtdüler. Enesi oglany bir bölek ak bize sarap, söýnüp, eline aldy hem-de: – Tur, indi gideliň – diýdi. Patyşa: – Eý, janymyň jany! Oglany goýup, janymyzy gutarmak gerek. Bu oglany şu guýynyň gyrasynda Taňra tabşyryp gideliň. Taňry öz lutpy-keremi bilen bu oglany ýitirmez we ýene-de bize gaýdyp berer – diýdi. Misgin ene oglanjygyny emdirdi. Atasy golundan bir bazubendini ýazdyryp, oglunyň eline baglady. Soňra oglanjygy guýynyň gyrasynda goýup gitdiler. Haýsy ýerde enesiniň gulagyna bir üýn eşidilse, oglummyka öýdüp, yzyna bakardy. Köp kynçylyklar bilen ahyry Kerman ýurduna bardylar. Kerman patyşasy mürewwetli, sahawatly patyşady. Ol begleri we ululary ony garşylamak üçin ugradypdy. Olar ýakynlaşanlarynda onuň özi hem olary garşylamak üçin çykdy. Olary getirip, bir hoş sapaly ýerde ornaşdyrdylar. Dürli-dürli hezzet-hormatlar edip, iýgi-içgiler berdiler. Patyşa ýadawlygyndan aýrylandan soň, Kerman patyşasy adam iberip, mejlise çagyryp: – Bir dem mübärek gadamyňyzyň hormaty bilen mertebeleneliň, aýşy-eşret süreliň. Hudaýa şükür, şirin janymyzyň şükranasyna seniň mübärek gadamyň biziň ilimize gelip, ilimiz mübäreklendi – diýdi. Patyşa bu sözleri eşidende, başyny aşaga salyp, gözlerinden katra-katra ýaş dökdi. Soňra: – Eý, mertebeli patyşa! Şerap içmek köňlünde il-ýurduň aýralyk derdi bolmadyk kişä laýykdyr. Il-ýurdy duşman elinde galan kişä ol neneňsi rowa bolar?! – diýdi. Bu gürrüňe Kerman patyşasy hem köýünip şeýle diýdi: – Seniň gussaňy paýlaşyp, gamyňy iýmek bize wajypdyr. Saňa ýardam ederis, goşun iberip, iliňi duşmanyň elinden alarys. Inşa Allatagala maksadyň ne bolsa, baryny ýerine ýetireris. Häzir-şindi demimiz gelip-gidip durka , eşret wagtydyr. Dünýä şimdi «däliniň» dünýäsidir . Dünýä üçin gam iýmek we ony gaýgyrmak ärleriň işi däldir. Çünki: Dünýä göwün bereniňe degenok, Soňy puç gam iýeniňe degenok. – diýipdirler. Aradan birnäçe wagt geçdi. Kerman patyşasy, ýarag-şaýyny tutup, goşun çekdi. Sistan welaýatyna baryp, ony gahar bilen basyp aldy. Goşunbaşyny tutup öldürdiler. Patyşa ýene-de tagtyna geçip, äleme adyllyk we adalatlylyk düşegini ýaýdy. Iller ymarat bilen, jahan nygmat bilen doldy. Gussadyr mähnet ahyra ýetdi. Emma ol oglanjygyň gussasyna çäre tapylmady. Takdyra laýyklykda ol oglanjygy guýynyň başynda goýup giden güni tötänden bir bölek aýýarlar ol ýerde düşläpdirler. Olar ýol urup, ogurlyk ederdiler. Olar suw içmek üçin şol guýynyň ýanyna gelenlerinde görseler, dür dänesi kibi bir oglanjyk ýatyr. Aýýarlaryň ulusy: – Geliň, baralyň, göreliň, ol kimkä – diýdi. Bardylar, görseler golunda bir monjuk bar welin, diňe patyşalaryň hazynasynda boljak zat. Onsoň bular ol oglanjygyň bir waka uçran şazadadygyny bildiler. Soňra olaryň ulusy oglanjygy alyp, bir eneke getirip, ony şoňa tabşyrdy hem-de: – Bu oglany maňa Taňry berdi, adyna hem Hudadat diýip, at goýdum. Ýagşy terbiýelegil, köp zatlar bererin – diýdi. Gözi ýaşly, bagry başly biçäre patyşanyň bolsa, Älem Patyşasynyň öz lutpy-keremi bilen oglanjygy ýüz söýgi bilen bir mähriban enekä tabşyrandygyndan habary ýokdy. Çünki şahyr şeýle diýipdir: Bendeleriň barlygy, anyk ýoklukdyr, bilseň, Zaýa etmez, eger-de bir zatlar goýup gitseň. Bu aralykda köp wagt geçdi. Şazada ylym-hünär öwrendi, örän batyr ýigit bolup ýetişdi. Hemişe aw awlardy, ýol urardy. Kerwen talasa, gylla ýaryny eýesine gaýtaryp bererdi. ýoksullardan hiç zat almazdy. «Hawa, ähli ýagdaýda hem sahawatlylyk oňatdyr». Olar oglanyň atasynyň ilinden gelýän bir kerwene uçradylar. Kerweniň üstüne depdiler. Kerwende batyr ýigitler köpdi. Olar oglanyň daşyny gabap, diriligine tutdular . Galan aýýarlaryň kimsini öldürdiler, kimsini tutdular. Kerwenbaşy: – Bu oglany gaýym berkidiň, birden boşanaýmasyn, arslana meňzeýär – diýýär. Hudadat: – Hawa, arslandyryn, emma tilkilere ýoldaş bolandyrys – diýýär. Kerwenbaşy : – Eý, oglan! Bu ne işdir, sen ne işlär sen? Ýol urmagy ne iş diýip, bildiň?! Bu ärleriň işi däldir – diýdi. Hudadat: – Taňry biler, men bu işi öz islegim bilen etmedim ýa-da bu lukmany köňül bilen iýmedim – diýdi. Kerwenbaşy ol ýigitden bu sözi eşidende, köňlünde mähribanlyk duýgulary deprenişip: – Eger bu işiňe toba etseň, men seni jan-u dil bilen ogul edineýin – diýdi. Hudadat aýtdy: – Men hem jan-u köňül bilen saňa gul bolaýyn. Bezirgen derhal ony bentden boşadyp, ata mündürdi hem-de beýleki tutulanlar bilen bilelikde patyşanyň huzuryna getirip, bolup geçen wakany gürrüň berdi. Ol Hudadady patyşadan diledi, galanlaryny bolsa, dardan asdylar. Bezirgen Hudadady öýüne getirdi. Dürli donlar geýdirdi, ogul ornunda gördi . Bir gün ol bezirgen ýaňky oglanyň eline bir gymmatbahaly biz berdi. Ol ony alyp, patyşanyň gaşyna geldi. Patyşa Hudadady gören badyna ýüregi gyýyldy we bir gezek sowuk ah çekip: – Meniň oglanjygym hem diri galan bolsa, şunuň ýaly bolardy – diýdi. Geň hikmet, ata ogluny görüp durka, onuň pyrakyndan ýanýar we onuň özüniň bagyr parasydygyny bilmeýär. Birnäçe wagtdan soňra, patyşa bezirgenden: – Eý, hoja! Bu oglan seniň ogluňmy? – diýip, sorady. Bezirgen: – Eý, soltanym! Bu oglan şol haramylardan alan dogmamyzdyr. Ony soltanymdan diläpdim. Häzir patyşanyň döwletiniň saýasynda asylly hyzmatkär bolup ýetişdi – diýdi. Patyşa: – Bu oglany maňa berseň niçik bolar?! – diýdi. Bezirgen ýüzüni ýere berip aýtdy: – Eger bilimden önen hakyky oglum bolsa hem patyşaha bagyş etdim – diýdi-de, Hudadady şol ýerde goýup gaýtdy. Gör, Belent Taňry ol oglany neneňsi edip, öz atasyna tabşyrdy. Hezreti Haktagala ol oglany ýene-de atasynyň gaşyna getirdi. Belent Taňrynyň şeýle bir mährem lutpy-keremi bardyr welin, onuň şüküri halwadan hem datlyrakdyr. Patyşa ol oglandan: – Adyň nedir? – diýip sorady. Ol: – Adym Hudadat – diýip, jogap berdi. Soňra ýene-de: – Meniň adym şu wagta çenli Hudadatdy. Indi patyşanyň guly boldum, perman patyşanyňkydyr, ne islese diýsin – diýdi. Patyşa: – Adyň Bagtyýar bolsun. Goý, bagt saňa ýar bolsun – diýdi. Bagtyýar şat bolup, ýüzüni ýere goýdy. Şondan soň ol tüni-gün hyzmata meşgul boldy. Patyşa synap görmek üçin oňa ahyr emirligini bagyş etdi. Ol bu işde dogrulyk we yhlas görkezdi. Az salymda bar bolan ähli arryk atlary semretdi. Patyşa bir gün atlaryny synlamaga geldi. Görse, ähli atlar özgeripdir. Onsoň öz dowarlaryndan dowar berdi, halat ýapdy. Soňra: – Ahyr emirligi munuň üçin hiç zatdyr – diýdi. Döwlet sütünleri we soltanlyk ululary düýrülip, hazyna geldiler we hazynany Bagtyýara tabşyrdylar. Az wagtyň içinde Bagtyýaryň dogrulygynyň we yhlaslylygynyň bereketi bilen hazyna abadanlaşdy. Hazyna dürdir jöwherler bilen doldy. «Päk göwünli we ynamdar dost, ýüz müň taýsyz dürden gowudyr» diýip, gör nähili ajap aýdypdyrlar. Şeýlelikde, Bagtyýaryň ahwaly şeýle bir derejä baryp ýetipdir welin, köşk ýakynlary we wezirler oňa göriplik bilen hilegärlik edip başlapdyrlar. Bagtyýar bir gün öz gullary bilen iýip-içip otyrdy. Ýazyň ilki günleridi. Älem ýüzi müşki-atyr sepilen deý kükäp durdy. Şol wagt Bagtyýaryň köňlüne: «Köşge çykaýyn, biraz gezelenç edeýin» diýen pikir geldi. Bagtyýaryň hüjresinden patyşanyň köşgüne tarap açylýan bir kiçijek gapy bardy. Bagtyýar şerabyň täsiri bilen turup, şol gapyny açdy we patyşanyň howlusyna girdi. Bir hüjre gördi, dürli-dürli parçalar bilen bezelipdir we düşelipdir. Ortarasynda bir tagt gurlupdyr. Ol patyşanyň hut özüniň hylwat hüjresidi. Töweregine seretdi hiç bir kişi görmedi. Onsoň tagtyň üstüne çykyp ýatdy, uklady. Gije düşüp, howa garaňkyranda bir garabaş geldi. Ol Bagtyýary görüp, ony patyşadyr öýtdi. Onsoň öz adatyna görä, altyn kündügi suwdan doldurdy we goýdy-da gitdi. Biraz wagtdan soň patyşa geldi. Görse, öz ýerinde bir gaýry kişi ýatyr. Gazap bilen gygyrdy, hyzmatkärler ýetip geldiler, düýrüldiler. Patyşanyň hökümi bilen Bagtyýary mäkäm bagladylar-da, zyndana okladylar. «Serhoşluk ilki maly giderer, ahyr başy giderer» . Patyşa köňül darlygy bilen, köşge girip, hatynyna gaharlandy we gazap bilen: – Seniň bu eden işiň näme? Bagtyýar bu işi edende ýolbeletsiz bu ýere nädip girdi – diýýär. Hatyny ýer öpüp: – Seniň diýýän bu sözüň jogabyny kim berip biler? Bu gazapdan kişi nädip gutulyp biler, nädip gorkman biler?! Sabyr eýle, bu işiň hakykaty ahyr bilner. Şondan soň näme isleseň edip bilersiň. Häzir meniň bu işden hiç hili habarym ýok – diýdi. Patyşanyň buýrugy bilen hatyny hem bagladylar. Ertesi begler, wezirler we köşk ynamdarlary häzir boldular we ýerli-ýerinde oturdylar. Olar patyşanyň ýüzünde gussa alamatyny, meňzinde gaýgy nyşanyny gördüler. Patyşanyň ahwalyny soramaga hiç kimiň gaýraty çatmady. Patyşa wezirleriň ulusyny gaşyna çagyryp, bolan wakany beýan etdi. Wezir Bagtyýary ýok etmäge pursat gözleýärdi, muny eşidip, örän şat boldy. Köňlünde: «Ýagşy pursatdyr, başyny kesdireýin we bela ýelini üstünden ösdüreýin» diýdi. Soňra patyşa garap: – Eý, patyşahy älem! Bir kişi aýýarlar bilen ulalyp, önüp-ösen bolsa, pişesi-de haramlyk we ýol urmak bolsa, onuň seniň dergähiňe ýol tapmagy we gelmegi neneňsi laýyk bolar?! – diýdi. Patyşa wezire: – Ýör, köşge gir, bu işiň hakykatyny mälim eýle – diýip, buýurdy. Wezir hatynyň gaşyna gelip: – Bu ne işdir? Patyşa senden görýär . Eşidenimden bäri ýüregim para-para boldy. Indi maňa hakykaty aýdyp bergil. Bu bozuklygyň düzelişi – bu garaňkylygyň daňy bolar – diýdi. Hatyn: – Bilgin, bu işiň ne öňüni bilýän, ne-de soňuny. Men bu işden päk – diýdi. Wezir: – Onda maslahat şeýle, bu waka barada men näme öwretsem, senem şony diýersiň. Şonda bu ýowuz söz seniň etegiňden silkiner – diýdi. Hatyn: – Sen özüň ýagşy biler sen. Sen atamyň ýerindesiň. Çünki meniň abraýym üçin çalyşýarsyň. Şonuň üçin her bir eden pikiriň dogrudyr we tapan çäräň sogaplydyr – diýdi. Wezir aýtdy: – Sen patyşa garap: Köp wagtdan bäri ol oglan şunuň ýaly hereket edip, maňa: «Ýa maňa boýun bolarsyň ýa-da hut öz başyň bilen patyşanyň başyny kesik görersiň diýýärdi» – diýgin. Hatyn aýtdy: – Niçik bir kişä töhmet atyp, ganyna galaýyn? Ahyretde ne jogap bererin?! Wezir gaty ses bilen gygyryp: – Näçe wagtlardan bäri musulmanlaryň başyny kesip, malyny talan oglany neçün goraglaýarsyň?! Şerigatda onuň gany halaldyr – diýdi. Hatyn: – Perman seniňkidir. Bu işiň çäresi näme bolsa, şony et – diýdi. Wezir patyşanyň gaşyna baryp, Bagtyýar barada köp ýaramaz sözler aýtdy. Patyşa örän gaharlanyp: – Dar agajyny diksinler. Bagtyýary dardan asalyň – diýip buýurdy. Soňra patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary getirdiler. Patyşa gazap bilen onuň ýüzüne bakyp: – Eý, bidöwlet näkes! Saňa patyşalyk hazynasyny tabşyrdym, seni gaşymda ýakyn egindeşim edindim. Utanmadyňmy, ne üçin amanata hyýanat etdiň. Indi özüňi ýok ýere ýitirer sen – diýdi. Bagtyýar başyny galdyryp: – Eý, patyşahy älem! Şu duran ýerimde jan-u jahan saňa pida bolsun. Emma men bu işden päkdirin we bu töhmetden akdyryn. Amanata dogrulygym çohdur, hyýanatlygym ýokdur. Eger men päkligimi görkezip bilmesem, öz elim bilen özümi heläk etdigim bolar. Taňry meni gorap saklandyr. Hudaýa şükür, patyşa raýat saklaýjydyr, garyplary ekleýjidir. Adyllygy äleme ýaýylandyr. Şahym meni öldürmekde äwmesin, ýitirmekde gyssanmasyn. Zyndana buýursyn, goý, meniň ahwalym anyk, mälim bolsun. Meniň ahwalym bir bezirgeniň hekaýatyna meňzär. Döwlet ondan ýüz dönderipdi, näçe ýerlere gitse-de, işi oňmandy – diýdi. Muny eşiden patyşa: – Ol neneňsi kyssadyr, aýt, eşideliň – diýip buýurdy. Bagtyýar patyşa hamdy-sena aýdyp, söze başlady. | |
|
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |