17:26 Bagymyzyň myhmany / fantastiki powestden parça | |
BAGYMYZYÑ MYHMANY
Mistika we fantastika
Men oňa agşamara howa garalyp barýarka bagymyzyň içinde gabat geldim. Ejemiň nahara geliň diýip çagyrýanyny eşidip, palçyga bulaşan aýagymy ýapdan ýuwdum-da, öýe tarap ylgamaga häzirlendim. Birden bagyň şahalaryndan sallanyp duran ýaly al howada peýda bolan şekile gözüm düşüp, doňup galdym. Nämüçindir «kebelek» diýen söz aňymda kebelekläp heläk edýärdi. Men bu jandary sesimi çykaryp bilmän doňup synlap durdum. Ol kebelege meňzeşem däl weli, şonda-da men ony kebelege meňzedesim gelip azara galýardym. Aňymda bir sekundyň içinde müňlerçe şekil, söz, aňlatma, düşünje gelip geçýärdi. Ýetişip bilemok. Beýnim gürsüldäp duran ýaly, gürs-gürs edip özümme duýulýar. Göýä bir ulag agşam köçe çyralarynyň sütünleriň gapdalyndan myçyp barýan ýaly pikirleriň tizligine seretsene. Entek görülmedik jandar kebelek, kebelek gurçugy, ýel berilýän oýnawaç, gaz bilen doldurylýan perişde, başga planetaly, aý garaz men pikir ýüwürtmelerimi tamamlap bilemokdym. Ol jandar bolsa maňa garaýardy. Aramyzda telepatiýa usulynda söhbetdeşlik başlananyny hem duýmandyryn. - Hawa, sen dogry çakladyň. Men älemiň başga künjünden gelen myhman. Men onuň ýumurtga ýaly uly süýri gözlerine garap durşuma aýdýan sözleriniň aňymda ýaňlanýandygyny aňlaýardym. Haýran galýardym we indi näme borka diýip hem oýlanyp bilemokdym. Aýtjak bolýan zadymy aýtmak üçin agzymy açmankam agzyny açman jogap berýän bagymyzyň geň, gorkunç myhmany maňa bir ädim hem butnamaga rugsat bermeýän bolarly. Bu pikiri aňymda aýlap ýetişmänkäm: - Seniň öz erkiňe eýelik etmäge päsgelçilik döredýän zat; adamzadyň müňýyllyklardan bäri çözüp bilmän gelýän meselesiniň çözgüdi bilen duýdansyz ýagdaýda, taýýarlyksyz gapma-garşy gelmegiňdir. Men özümeden nazaryny sowmaýan jandaryň gözlerine garap durşuma aňymyň bir burçundan «Sen biziň planetamyza näme maksat bilen geldiň?» diýip seslendim. Ýüzlenmämiň watançylyk äheňde bolmagy başga planetalyny az wagt hem bolsa pikirlenmäge mejbur etdi. - Biz iki million ýyl mundan ozal bu ýerde beýik swilizasiýanyň sallançagyny gurduk. Biz adamyň bu giňişlikde formirilenmegine 99,05 göterim gatnaşdyk... Agşam çagy bagymyzyň içi mazaly garaňkyrapdy. Bir ýerde çekirtge jürrüldeýärdi. Men biraz özüme gelipdim. Başga planetaly bilen tötänden başlanan söhbetdeşlik, gatnaşyk bir hili aňyma täsir edip, tutuş bedenim başgaça güýje girip barýan ýalydy. - Adamlar gaty tiz unudýarlar hem-de ýalňyşýarlar!-Başga planetaly maňa seredip dur.-Ýöne iň ýamany olar öz ýalňyşlaryny gaty tiz unutýarlar. Aňymda «O näme diýdigiň?» diýip-diýmänkäm: - Sen menden hiç güýç-energiýa alaňok-diýdi.-Diňe genetikaňda müňýyllyklar öň saklanyp galan immunitet oýanyp başlady. Ýene aňymda ejem hakda hem öýümiziň penjiresinden görünýän sary yşygy oýlap: -Sen näme üçin geldiň-diýip, başga planetala ýüzlendim. - Biz iki million ýyl mundan ozal siziň zeminde beýik swilizasiýanyň sallançagyny gurduk. Men gözümi mölerdip dymyp durşuma aňymda «söhbeti dowam ediň» diýip, oňa ýüzlendim. Ol sözüniň yzyny aýtman säginip durdy. Mundan soň ol aýtjak jümlesi oňa gaty agyr düşýän ýalydy. Meniň aňym kelleçanagymyň içinde sansyz dälizler bilen çar tarapa aýagaldygyna ylgaýan ýetginjek ýalydy. Bagymyzyň içindäki iň goçak agajyň bir-birine girip giden ýogyn şahalarynyň arasynda asyl-asyl bolup duran jandaryň aýdýan zatlaryna hem ynanýardym, hem ynanamokdym. Ynanamokdym, çünki maňa daşardan nähilidir bir täsiriň bolýandygyny içimde bir ýerde duýýardym. Sebäbi başga planetaly bilen sessiz-üýnsüz söhbetdeşligimiz uzaldygyça beýnimiň we aňymyň tenimden bir täsin görnüşde böleklenýändigini syzyp ugradym. Gepiň gysgasy men özümi hol beýleden hem görmäge başladym. Ine, şol wagt gorkynyň birinji ýa-da ikinji basgançagyna galandyryn. Kalbymda dörän dowul agressiw häsiýete eýe boldy. Garşymda howa galyp duran jandar töwerege symgylt ýagty saçyp durşuna maňa bir zat aýtmagyny dowam etdirýärdi. Aňym bir wagtyň özünde okgunly hereket edip myçyp barýan, şol bir wagtda çalam-çaş bolup ýatan reaktiw otla çalym edýärdi. Ol meniň bu pikirimem aňdy öýdýän. Gymyldamaýan ýuka dodaklarynda adamlaryňka meňzemeýän kinaýaly ýylgyryş bilen gülümsiredi: - Ýönekeý zat, seniň beýniň hemişeki ýaly 15 göterimi däl-de 25-35 göterimi işläp başlady. Şonuň üçin hem sen şu wagt öýde ejeň okara guýan naharynyň sowap barýandygyny, hatda onuň gyzgynlyk derejesine çenli ap-aňsat kesgitläp otyrsyň. Ýogsa biziň söhbetdeşligimizem 1-2 minutdan köp wagta gidenok. Ýöne sen aňyňda-hyýalyňda indi meniň bilen bir-iki sagat bäri dyngysyz gepleşip duran ýaly bolup duýulýar. Diňe beýni pes tizlikden ýokary tizlikde işläp başlanda şeýle dowul-gorky döreýär. Wagt illiýuziýasy hem belli bir derejede oňa täsir edýär. Gorkma! Dowla düşere esas ýok. Başga planetalynyň aňymda ýaňlanýan sözleri hakykat ýaly duýulýardy. Men entegem ynanamokdym. We şol bir wemmesi dogrudyr diýip boýun aldym. Daş-töweregi gurşap alan her bir zat tutuşlygyna, durky-düýrmegi bilen 3D ölçegde ýaly görünýärdi. Ähli zada aňrysy bilen düşünýän ýalydym. «Wow, gaty köp zatlary göremizok ekenik, şonuň üçin şeýle şok ýagdaýa düşüp durun ahbeti. Her pursatda bir uly açyş etseňem boljak. Beýnimiň aňlaýan zadyny düşündirmek üçin aýratyn bir dil-elipbiý gerek bolaýmasa?..» Birinji pursatda başga planetalyny kebelegiň suduryna meňzedenem bolsam (men ony bir pursat Isa Mesihe hem meňzedip ýetişipdim) ol juda başgaça bir jandardy. Soňra ol ýokary seretdi, men onuň yzy bilen göge seretdim. Agşam asmanynda ownukly-irili ýyldyzlar hemişeki ýerinde. Ýöne öňküsi ýaly däldiler. Indi bir hili her ýyldyz göz gypanda howada bir zady pitiklän ýaly ses eşidilýärdi. Bu ýyldyzlaryň pulsasiýasy bolmaly. - Indi esasy meselä geçeli! Men ýokardaky ýyldyzlaryň her gezek göz gypanda ýürek mysaly gürsüldäp owaz edişini gözlerim bilen eşidýän ýaly asmandan nazarymy aýryp bilmän durşuma başga planetaly gelmişege: - Biraz säginsene-diýip ýüzlendim. Ol meniň sözüme gulak asjak ýaly etdi-de, ýene: - Biz iki million ýyl mundan ozal siziň zeminde beýik swilizasiýanyň sallançagyny gurduk-diýip gaýtalady. Men onuň özüniň yzyny dowam edip: -Indi umumynsan uly howpuň garşysyna durmaly wagty ýetdi-diýdim.- Köne swilizasiýanyň binagärleri hökmünde biz ýene zemine gaýdyp geldik. Meniň sessiz aňymdaaýdan sözlerim başga planetalynyň aňyndan alnan jümlelerdi. Ol kanagatlanmak bilen «Aragatnaşyk talabalaýyk derejede amala aşyryldy» diýip, duran ýerinde çyra öçürilen ýaly gözden gaýyp boldy. P.S. Soňra keselhananyň ýagty otagy. Gözümi açmak kyn. Ysgynsyz ýatyryn. Hiç zat aňyma gelenok, beýnimiň bom-boş durşuny, haýran galaýmaly. Birden başga planetaly ýadyma düşdi. onuň agaç şahalarynyň ortasynda durşy. Ol meni näme etdikä? Soň ak halatly lukmanlar geldiler, olaryň ýanynda kakam hem bar. Men biraz gobsunmaga güýjüm ýetýär. Emma gapdalymdan aýrylman maňa gözegçilik edýän şepagat uýasy, ýumşajyk elleri bilen tenime galtaşyp gozganmasaň gowy diýen haýyş äheňinde hereket etdi. Baş lukman kakama ýüzlenip: - Ogluňyz psihatrop madda bilen ýiti zäherlenipdir. Şol zerarly huşuny ýitiripdir. Huşuny ýitiren wagty siz onuň ýanynda däl ekeniňiz, eger ýanynda bolanyňyzda megerem onuň güýçli gallýussinasiýa ýagdaýyny geçirmegine hem şaýat bolardyňyz. Her dürli fantastik zatlar görmegi mümkin. Kakam alada bilen lukmana ýüzlendi: -Dogtar psihatrop madda bolanda siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz? Bizde beýle zatlar aslynda ýok, hatda himiki serişdelerem saklamyzok, kir ýuwulýan poroşokdan başga?! Lukman: -Häzirki derňewleriň netijesine görä, siziň ogluňyzyň organizminden tapylan psihotrop madda Günorta Amerikada seýrek duş gelýän kömelekleriň düzüminde bolýar. Ol madda nädip biziň bu ýerlere düşüpdir, düşüner ýaly däl. Kakam gaşlaryny çytyp, oýa batyp: - Düýn biz güni bilen bagda oglum ikimiz güýzden galan ýapraklary otladyk, bagyň içini arassaladyk. Belki şol ýerde zir-zibillleri, ýapraklary otlanymyzda oduň içine bir zat düşäýdimikä? Lukman äýnegini dogrulap, elindäki kagyzlara äňetdi: Hernämede bolsa, beladan baş alyp çykdyk, indi ýetginjek olumyz bäş-üç güne gowlaşar –diýip kakamy arkaýyn etdi.- Bu ýagdaýyň ýüze çykmagy bilen baglylykda gaýtadan bizem, beýleki guramalar hem derňew geçirerler, sizem bize ýardamçy bolarsyňyz diýip umyt edýärin. Men ýatan ýerimde gaty gynandym. Käşge, bu ýalan bolsady, men hakykatdanam başga planetaly bilen duşuşan bolsadym. Nähili gowy bolardy. 2018. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |