23:40 Bajow Işangulyýewa | |
BAJOW IŞANGULYÝEWA “Türkmen aýal-gyzlarynyň folklor mirasy” atly ýygyndysynyň sözbasynda A.Durdyýewa Bajow (Oguldursun) Işangulyýewa barada, käbir maglumatlary beripdir. Gyzyl gül bolmasadym, Bajow eje dürli işlerde işläpdir. 1954-1955-nji ýyllaryň aralygynda Kaka etrabynyň tara kombinatynda ýüpek keteni dokapdyr. Juda işeňňir Bajow eje, A.Durdyýewanyň ýazmagyna görä, hoşgylow, kiçigöwünli, elaçyk aýal bolupdyr. Hiç ýerde zähmetini gaýgyrmandyr. Il-güne tamdyr ýasap berer eken, hatda öwlüýälere zyýarata gidende-de, şol ýerde ojak ýasap iliň alkyşyny alar eken. Bajow neneň agy aýdymlaryny aýtmasyn, ol 1979-njy ýylda ganbasyşynyň ýokarlanmagy sebäpli ysmaz keseline ýolugyp, on ýyllap düşege baglanyp, 1989-njy ýylyň 3-nji iýulynda ýogalypdyr. Bolsa-da, halkyň döreden paýhas gymmatlyklary, onuň ýaşan ömründe oňa tekge beripdir. Durmuşy, halkyň döreden şahyrana setirleri ony şahyra öwrüpdir. Amangül Durdyýewa Bajow ejäniň öz döreden aýdymlarynyň arasynda, fronta degişli gynançly setirleriň esasy orun tutýandygyny dogry belläpdir. Meniň-ä azarym bar, Ýa-da: Men bir ýaraly keýik, Mysallardan görnüşi kimin Bajaw Işangulyýewanyň öz döreden goşgularynyň-da formasy sadalygy taýyndan halky eserlere meňzäp dur. Ol öz ömründe bir giden ertekidir rowaýatlary, läledir hüwdüleri halkyň arasyndan eşidip, olary ýat bekläp, timarlap ussatlyk bilen aýdyp beripdir. Ýöne onuň ýat beklän folklor mirasy wagtynda ýazylyp alynman, onuň özi bilen gidipdir. Şirinjemal GELDIÝEWA. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |