01:26 Baky Kerbabaýew | |
BAKY KERBABAÝEW
Taryhy şahslar
Baky Kerbabaýew Berdi Kerbabaýewiň uly ogly. Ol indi ýarym asyr gowrak wagt bäri Botanika institutynda işleýär. Ilki aspirantura, soň uly ylmy işgär, sektor müdiri, direktoryň ylym baradaky orunbasary. Merkezi botanika bagynyň biregne on bäş ýyl direktory, häzirem institutda ylmy işgär. Biologiýa ylymlarynyň kandidaty. Türkmenistanda şu ugurdan ilkinji alymlaryň biri. Ençeme ylmy işleriň awtory. Diýarymyzda buýan köküni we onuň hasyllygyny artdyrmak ugrunda işlän alymlaryň ilkinjileriniň biri. Onuň ylmy işleri bir ýa iki däl. Kyrkynjy ýyllaryň başlarynda oba hojalyk institutyny tamamlapdyr. Soň Watançylyk urşunyň frontlarynda söweşipdir. Berlin ugrundaky söweşlerde agyr ýaralanypdyr. Ýarym asyrdan gowrak wagt bäri aýagynda duşman güllesini göterip ýör. Baky aga häzir 77 ýaşynyň içinde. Golaýda ýarawsyzlyk tapynyp, türkmen lukmanlarynyň rugsat bermegi bilen Moskwada agyr operasiýany başdan geçiripdir. Muňa garamazdan, garaşsyz ýurdumyzyň rowaçlanmagy üçin işlemegini dowam etdirýär. Öýde iki elini gowşuryp oturanok. Tüweleme, häzir jany sagat, keýpi gowy. Iki ogly, iki gyzy ösdürip kemala getiripdir. Uly gyzy Aýlar uniwersitetde Rus dili we edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. Baky aganyň alty sany agtygy bar. Ol abraýly maşgalanyň atasy. Baky aga öz ýaşyndan has juwan görünýär. – Bir gezek kakamdan: «Kaka, men haçan doguldym» – diýip soradym. «Be-e, pylanynjy ýyl ýazlaýakak göl alýakag-a sen ýokduň. Soň bakjaň başyna baramyzda ylgap ýördüň. Öz-ä şu iki arada bolmaly» – diýdi. Kakamyň kiçi inisi Han aga «Sen ýigrimi dördünji ýyl bolduň» diýýärdi. Otuz ýedinji ýylda pasport almaly bolanda oba şurasyna sprawkany özüm ýazyp, şu taýdan baryp, möhür basdyryp gaýdypdym. Ýigrimi birinji ýyl diýip. Han aga «Sen nähak ýazýaň ýigrimi bir diýip. Sen ýigrimi dörd-ä» – diýip aýdýardy. Ejemiň adyna Ogulgözel diýer ekenler. Men bolamda ýogalypdyr. Bir gün emdiripmi ýa-da emmändirin, ýogalypdyr. Kakamam:«Aý, mundan çaga bolmaz» – diýip aýdanda, atam: «Soň dawa etmeseň, men ogulluk edäýjek» – diýipdir. Çagakam atam bilen enem seredipdirler. Enem pahyr geçiň süýdüni emdiripdir. Bu zatlary maňa soň Han aga gürrüň berýärdi. «Sen geçi geçse, eje diýip gygyrýardyň» – diýýärdi. Ejemden bize galan zat onuň özüniň dokan halysy. Bu halyçany Baky aga diwardan asypdyr. Üýtgeşik haly. Sergide goýupdyr: «Bir uly türkmen halysyny, iki sanak fabrik halysy bilen çalşaly» diýipdirler. Çalyşmandyr. Baky aga gaty salyhatly we ýönekeý adam. Gaty köp wakalary başdan geçiripdir. Ol zähmetkeş adam. Ol kanagatly we sabyrly, pespäl adam. Onuň darajyk howlusynda hasyl berip oturan bäş düýp hurma agajyny göreňde, bu adamyň baglary niçiksi gowy görýändigine göz ýetirýärsiň. Ýaşyndan has juwan görünýänligem, megerem, onuň tebigata has ýakyn durýanlygy üçin bolsa gerek. Ol on alty ýaşlarynda otuz sekizinji ýylda oba hojalyk institutynyň rabfagyny gutarýar. Muhammet diýen oglan bilen «Moskwanyň şariko-podşipnikowyý institutyna okuwa girsem» diýip ýüreklerine düwýärdiler. – Institutyň kabul ediş komissiýasynyň sekretary tanyş bolansoň men öz dokumentlerimi dekana gerek diýip aldym. Indi ýol harjymy tapmaly. Kakam o wagtlar tussaglykda. Muhammet aýtdy: «Öýüňizde haly bar bolsa, ertir bazara çykaryp sat» – diýdi. Öýde uly haly bardy. Şony goltugyma alyp barýarkam, howlymyzda eneligim Merýem Ezizowa çykdy. «Nirä barýaň?» – diýip sorady. «Bazara halyny satmaga barýan» – diýdim. «Näme etjek?» «Okuwa gitjek Moskwa». «Kakaňa ýazaryn: Birugsat şu zatlary edýär. Men gitme diýsemem, sen bary bir gidersiň. Ýöne men ýazaryn» – diýip aýtdy. Ertesi men halyny bazara çykardym. Halyny nyrhlaýarlar welin, ol meniň ýolumyň bir tarapyna-da ýetjek däl. Halyny yzyna getirdim. Moskwa okuwa gitmämide goýbolsun etdim. Muhammet gitdi. Girip bilmän, milisiýa mekdebine okuwa ýerleşipdir. Okuwymy oba hojalyk institutynda dowam etdirdim. Çünki mundan öňinçäsi ekzamenleri tabşyrypdyk – diýip, Baky aga ýetginjeklik döwründen gürrüň bermäge başlady. Soňam bir salym dymdy-da, ömür ýumagyny çöşlemäge başlady.– Kyrk birinji ýyl uruş başlandy. Ählimizi harby komissariata çagyrdylar. 40-45 adamyň içinden 5-6 adamy almadylar. Şolaryň içinde menem bardym. «Сына врага народа в армию не берем» – hut şeýle diýip aýtdylar. Biz kyrk ikinji ýylda instituty tamamladyk. Bäş ýyllykdy, bizi üç ýarym ýylda tamamlatdylar. Meni Bagyrdaky gök ekerançylyk tejribe stansiýasyna işe iberdiler. Şol ýylyň oktýabr aýynyň başynda meni harby komissariata çagyrdylar. Otly bilen bir aýlap ýol ýöredik. Ýöne Çärjewe baranymyzda meni kakam bilen Şaja Batyrow (ol şol wagtlar sungat uprawleniýesiniň naçalnigi bolup işleýärdi) garşy aldylar. Olar şol wagt Çärjew oblastynda upolnomoçennyý bolmaly. Hökümet wagonynda ýaşaýan ekenler. Şonda Şaja Batyrowiç aýtdy: «Ýigit, toýa baraňok ahyry, urşa barýaň». Menem: «Şaja Batyrowiç, her kim gezegini geçirmeli. Urşa barýan. Watany goramaly» – diýdim. Kakam: «Oglum, gidiber» – diýdi. Ýogsam galdyrybam biljekdi. Suzdal şäherindäki uçilişede harby tälim aldyk. Orel-Kursk ugrundaky söweşler tamamlanýan uçurlary, bizi urşa ugratdylar. 3-nji gwardiýa tank armiýasynyň düzüminde söweşdik. Marşal Rybalko serkerdelik edýärdi... 29-njy aprelde Berlinde men agyr ýaralandym. Dört gün dagy Berliniň içinde söweşdik. Men razwedkaçydym. 30-njy aprelde meni gospitala alyp gaýtdylar. Alty aýlap Lwow şäherinde gospitalda boldum. Ukrain ýazyjysy Agata Turçinskaýa bir gezek şol gospitala geldi. Meniň bilen gürrüňdeş bolanda men oňa: «Men Lwowy azat edipdim» – diýdim. Ol Lwowda çykýan gazetde ukrain dilinde men hakda uly makala ýazdy. Çep aýagymdan, dyzdan bir gülle geçip gitdi. Birem henizem otyr. Gülläniň eden zady, nerw damarynyň birini kesip geçip gidipdir. Şonuň üçin alty aýlap gospitalda ýatdym. Kakam bärik alybam gaýtjak boldy. Goýbermediler. «O ýerde bu operasiýany hiç kim edenok» – diýdiler. Doktoryň aýdyşy ýaly, alty aýdan soň agsamamy goýdum. Aşgabada geldim. Aspirantura kabul edýän ekenler. Biologiýa ugrundan dokumentlerimi tabşyrdym. Onam gutaryp Botanika institutyna işe başladym. Häzirem şol institutda işleýärin. Kandidatlyk dissertasiýam Amyderýanyň jeňňel ösümlikleri baradady. Şol ýerde ösýän jeňňel ösümlikleriniň ähmiýetlisi buýan. Şoýerde buýan köki 1905-nji ýyldan bäri henize çenli taýýarlanylyp gelinýär. Buýan öňki Soýuz boýunça diňe Türkmenistanda taýýarlanylýardy. Aýdaly, buýan köki belli bir ýerden alynýar diýeli. Indi şol ýerden ýaňadan köküň emele gelip, standarta gabat gelmegi üçin 8-10 ýyl gerek bolýar. Şo möhleti nädip gysgaldyp boljak? Ine, biz ylmy işimizde şu mesele dogrusynda hem iş alyp bardyk we onuň möhletini 4-5 ýyla getirip boljakdygyny subut etdik. Bu şol döwürde bu babatda ilkinji ädimdi. Biziň hödürlän usulymyz özüni doly ödedi. Oňa şeýle bir artyk-süýşük harajat hem çykaryp durmaly däl. Häzire çenli çärjewli buýançylar biziň usulymyz bilen işleýärler – diýip, Baky aga sözüne dyngy berdi. Elbetde, söhbetdeşimiň kakasy dünýä belli ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň ogludygyny okyjylar aňan bolsa gerek. Şonuň üçinem men gürrüňdeşimden Berdi aga hakda käbir zatlary gyzyklanyp sorajakdygym öz-özünden düşnükli bolsa gerk. Baky aga muny meniň ýüzümden aňdymy-nätdimi, gürrüňi kakasyna syrykdyrdy. – Berdi Kerbabaýew bäş çagany ösdürip kemala getirdi. Iki oglan, iki gyz, başga bir inimiz Emil Merýem Ezizowanyň yzynda gelen. 66 ýaşynda Gözel ýogaldy. Aşgabatda diş lukmany bolup işleýärdi. Üç ogly, iki gyzy bar. Eminiň bir ogly bar. Moskwada pensiýada. Weterinariýa institutynda işledi. Ylymlaryň doktory. 72 ýaşynda. Kiçimiz Baýram 55 ýaşlarynda. Bir gyzy bar. Medinstitutyň kafedra müdiri. Ejegyz Daşhowuzda kitaphanada direktor bolup işledi. Iki ogly, iki gyzy bar. Meňem iki oglum, iki gyzym bar. Oglumyň bir ogly bir gyzy bar. Häzir firmada işleýär. Aýlar gyzym uniwersitetde kafedra müdir. Bir oglum, bir gyzym Moskwada ýaşaýarlar. Häzir meniň alty agtygym bar. Gözel bilen Ejegyz kakamyň ikinji aýalyndan bolanlar. Ejegyzdan soň bir ogul bolanda, ikinji ejemizem ýogalýar, çaga üstünde. Baýram onuň üçünji aýalyndan bolan, Merýem Ezizownadan. Baýram kiçiräkkä kakamy käýindirýärdi. Baýram bir gezek aýtdy: «Kaka, sen oglan bolupmydyň?» – diýdi. «Hawa bolupdym». «Saňa-da käýýämidi ataň?». «Hawa, käýeýädi» – diýip, kakam ýylgyryp jogap berdi.Kakam syrkaw bolup ýatyrka Kislowodskide dynç aldyk. Kurortdan gelen günümiz ir bilen keselhana bardym. «Ýagdaýymyň ugry ýok. Moskwadan öňki çagyran dogtory çagyrmaly» – diýdi. Altmyş dokuzynjy ýylda agyr syrkawlady. Moskwaly doktoram ony üç-dört günüň içinde aýaga galdyrdy. Soňky ýatanda agyr syrkawlapdy. Gazagystana Jambylyň 100 ýyllyk ýubileýine giden eken. Miting Jambylyň obasynda geçipdir. Açyk howada. «Munda sowuk ýagyş ýagdy, onda meni ýaman sowuk urupdyr-da» – diýdi. Şol ýerdenem kukuruznik samolýot bilen Almaata gelýärler. Moskwaly doktor zähmet dynç alyşda ekeni. Muňa seretmezden Aşgabada gitmäge ol döwtalap bolupdyr. Men ony ertir irden aeroportda garşyladym. Kakam: «Myhmanhana sowman getir» – diýse-de, gyssanýandyr-da ol: «Men ýuwunmaly, zat etmeli. Sagat 12-ä bararyn» – diýdi. Kakama indi men ýalan sözlemeli-dä. «Samolýot gijä galýar, 12-de gelýär» – diýdim. Doktor birki gün seretdi. Başyny ýaýkady. Professoryň ady ýadymdan çykypdyr şumat. «Ýaşulyň ýagdaýy nähili?» – diýip soradym. «90-95 prosent umyt bar» – diýip, ikiçäk bolanymyzda aýtdy. Krasnyý Krestiň garşysynda renimasion bölüm bardy. «Şoňa äkitmeli, ýogsam bärde kislorod haltajyklar sowuk bolýar» – diýdi. Kakam şo renimasion bölümde-de jan berdi. Ýöne o bölüme getirmezden öň, meniň bilen bir gürrüň etdi: «Hökümet tarapyndan «Jaýy muzeý etjek diýseler ýa-da kitaphana beriň» diýseler özleri sorasa, kitaphanany şo durşuna beriň, başga zat bermäň» – diýdi. «Ýöne muzeý etjek diýseler, şo kabineti beriň» – diýdi. Ýogalandan soň belli gününi edýäs diýip Gapurowyň ýanyna bardym. Şonda ol: «Biz ertir irräk bararys. Ýöne Baky, bir zat soraýyn, ýaşuly bir zat diýdimi saňa?» Men kakamyň aýdan zadyny oňa aýtdym. «Tamamyz hem şeýledi. Hökman muzeý ederis» diýip, ol aýtdy. ... Biziň Baky aga bilen söhbetimiz uzaga çekdi. Ol uzak ömür ýoluny külterledi. Men bolsa manyly ýaşalan ömrüň adamyň baş baýlygydygy hakdaky pikiri ýene bir gezek serimde aýladym. 1998 ý. Sentýabr | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |