09:58 Baky wepaly dost | |
BAKY WEPALY DOST
Edebi makalalar
Adamyň öz bähbidi üçin, haýwanlary eldekileşdirip, hojalykda ulanyp başlanyna müňlerçe ýyl geçipdir. Muňa şaýatlyk edýän tapyndylarywe galyndylary dürli ýurtlaryň arheologlarydyr, paleontologlary şu günlere çenli tapyp gelýärler. Olaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde 28 km Aşgabatdan uzaklykda Jeýtun diýen ýerde (b.e öň 6 müň ýyl ozal) ulllakan itiň galyndylary tapyldy. Marydan 70 km uzaklykdaky Ajyguýyda tapylan iki sany ullakan itiň galyndylary alabaýyň asly bolmaly. Türkmenler alabaýy bedew bilen deň hatarda sarpa goýupdyrlar we ony hormat bilen jaýlapdyrlar. Professor Sarianidi Goňurdepede silindr görnüşli gyzyl daşdan ýasalan möhüre, esgeriň alabaýy idip barýan şekilini tapýar (b.e öň III-II müň ý.ý). Onuň 2009-njy ýylda Goňurdepede tapan itiň galyndylary 2300-2500 ýyl mundan owal jaýlanypdyr. Türkmen alabaýy Margiananyň, Parfiýanyň, Köneürgenjiň pajalap ösmeginiň we dargamagynyň şaýadydyr. Biziň eramyzdan öň, rimliler alabaýy söweşjeň it hökmünde (Canes pugnates) öz goşunlarynyň düzümine girizipdirler. 2000 ýyl mundan owal protoalabaýlar (alabaýyň pederi) bilen bilelikde saryja goýny gadymy grekler ýurduna daşapdyrlar. Bu barada Aristotel hem ýazypdyr. Aleksandr Makedonskiý ilkinji bolup mastif-alabaýy Müsüre äkidenleriň biri bolýar, o taýdan bolsa alabaý gadymy Rime düşýär. Merkezi Aziýa araplaryň gelmegi bilen, alabaý Arap ýarymadasyna, Kiçi Aziýa, Demirgazyk Afrika ýaýaraýar. Beýik ýüpek ýolunyň pajarlap ösen döwründe, jahankeşde alabaý, türkmen bedewi bilen birlikde Hytaýy, Hindistany ýewropany “eýeleýär”. Hytaý imperatorlary söweşjeň alabaýy köşklerinde saklapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan—Beýik ýüpek ýolunyň ýüregidir” atly kitabynda alabaýyň diňe çopan sürüsini ýa öýi goramakdan başga, uzak ýollary aşmakda-da ukybynyň barlygyndan peýdalanyp, täjirler ony onlarça, ýüzlerçe, müňlerçe düýeli, atly kerweniň sakçysy hökmünde ulanyp, argyşa, hatda alys ýurtlara-da alyp gidipdirler. Nusaýdan tapylan şirmaýyň ýüzüne çekilen äpet itiň— alabaýyň şekili, Goňur galadan tapylan alabaýyň toýun şekili we dünýäniň dürli ýurtlararynda gaýanyň ýüzüne gazylyp çekilen itleriň şekili adamyň ýakyn kömekçisi bolan itleriň hatyrasy bedew bilen deň derejede görülendigine şaýatlyk edýär. Dünýäde arassa jynsly itleriň 703 görnüşi bar. Hersiniň hem özboluşly gylygy we takdyryna ýazylan wezipesi bar. Itleriň öýde saklanýan dekoratiw görnüşleri hem köpdür. Biziň alabaýymyzyň dört müň ýyllyk taryhy bar. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçen Aziýada oýunlarynda Wepaly özüniň mähirli ýylgyryşy bilen dabara gelen türgenleri ýeňiş gazanamga gije-gündiz ruhlandyrdy. Alabaýyň fenomenal ýatkeşligi, örän üýtgeşik duýgyrlygy, gaýduwsyzlygy we çylşyrymly hadysalarda, adamyň kömegine mätäçsiz, özbaşdak karar çykaryp bilýänligi bilen beýleki jynsly itlerden tapawutlanýandyr. Ol öýüň içinde ýaşamaga uýgunlaşmadyk itleriň hataryna girýär, onuň erkkin durmuşy üçin ýaýnamaga çäksiz meýdan, giň howly zerur. Ortaça alaňda, alabaýyň köpeginiň boýy—65-78 sm, agramy—55-79 kg; ganjygynyňky bolsa—60–69 sm bilen 40-69 kg. Alabaý, senbernar, nemes dogy, kawkaz owçarkasy bilen birlikde iň uly itleriň hataryna goşulandyr. Itler hem adamlar ýaly her gün işe gidýärler. Olaryň içinde çopanlar, ýolbeletler, gümrükçiler, serhetçiler, sakçylar, halas edijiler, polisiýa işgärleri, artistler, awçylar, enekeler, hatda kosmonawtlar hem bar. Sowuga çydamly laýkalary alys demirgazykda adam we ýük daşamak üçin hem ulanýarlar. Itler estradada, sirkde çykyş edýärler. Itleriň aglabasy gaýyň turjagyny we ýer titremegini öňünden duýýarlar. Gahryman itler Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanynlarynda gömülgi minalaray tapyp bilipdirler, sagrysyna bomba daňylan itler duşmanyň tankynyň astyna sümülip partlaypdyrlar. Itleriň jaýlaryň, binaalryň harabalygynyň astynda galan adamlaryň müňlerçesini tapyp berýärler. Olar ýüzlerçe adamlary suwdan, otdan halas etdiler; ýyrtyjy ýabany haýwanlar bilen dikleşip niçeme adamlary goradylar. Ýörite okuw geçen itler ýolbelet hökmünde şowa we haýal görýänlere hyzmat edýärler. 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan Nýu-Ýorkdaky betbagtçylykda Dorado lakamly ýolbelet it, kör hojaýynyny ýanyp duran Bütindünýä täjiçilik merkeziniň 70-nji gatyndan düşürip halas edýär. Itiň burnunyň ujy elmydam çygly bolýar, bu bolsa oňa ys agtraryp tapmaga ýardam berýär. Howanyň çigrekli günleri itler çygly burnuny—durmuşda ulanýan esasy guralyny aýap saklaýarlar, ýagny guýrugyna gizläp ýatýarlar. Itleriň ys alyş ukyby adamdan 10 000—100 000 esse köpdür. Partlaýjy, zäherleýji we neşe maddalarynyň howadaky milliarddan zerreden biriniň ysyny allyp bilýärler. Bladhaun jynsyna degişli itler ýüz sagatdan soň hem yz çalyp bilýärler. 1925-nji ýylda Zauer atly doberman-pinçer ogryň ysyny alyp, onuň söbügine düşensoň, 160 km uzaklyga çenli yzyny çalyp gidipdir. Olaryň hyzmaty polisiýanyň, gürükhananyň işgärleri üçin we serhet gullugynda bimöçberdir. It daltonikdir, ýagny ol reňkleri tananok, reňkleriň goýulygyna we öwüşginie görä parh goýýar. Ýöne onuň gözleri çal (boz) reňkiň her dürli görnüşini tanansoň, gijäniň tüm garaňkysynda-da 600 metr aralykdaky sähelçe gymyldyny, hereketi gowy saýgarýar. Sakçy, çopan itiň duýgur gözünden gije-gündiz sypalga ýok. Onuň göz hanalary adamkyňa görä göni däl-de, birneme gapdal oturansoň daşky gurşawy giňişleýin synlap bilýär. Ol daş-töweregi synlanda ilki bilen hereketi, soň onuň ýagtylygyny, iň soňunda bolsa suduryny anyklaýar. Ol ýarym menzil aralykdan öz eýesini çürt-kesik tanaýar, hatda käbir itler onuň münüp gelýän ulagyna çenli belet. Itler eýesiniň gelýänini görmese-de, onuň ýakynlaşýanyny maşynynyň sesinden aňýar. Eger-de goraýan gurşawynyň çägine keseki ýa ýyrtyjy haýwan aralaşsa, ýerinden laňňa galyp, guýrygyny çep gapdala yralap, howsalaly üýrüp habar berýär. Meniň bir tanşymyň ogly goşun gullugyndan dolanyp gelende, iki ýyl aýralykdan soň, sesýetim ýerden eýesini tanan it, ýyldyrym tizliginde okdurylyp baryp onuň döşüne bökýär, onuň begenjinden ýaňa “aklyndan azaşaýjak” bolýanyny gepläp bilmese-de, mese-mälim görnüp durdy. It wepadarlygy barada häli-şindi metbugatda, telewideniýede, Internetde habar berlip dur. Wepadar it eýesiniň ýogalanyna “ynanman”, ýyllap oňa garaşýar we tä ömrüniň ahyryna çenli ýeke-täk söýgüsini diňe bir adama bagyşlaýar. Eýesiniň ýogalanyndan bihabar Hatiko lakamly it Sibuýa şäherindäki (Ýaponiýa) otly menziline hojaýynyny garşylamak üçin, tä ölýänçä—sekiz ýyl gatnapdyr. Ol itiň durmuşy barada çeper film düşürdiler. Şotlandiýanyň Edinburg şäherinden Bobbi lakamly it eýesiniň mazaryny 14 ýyllap goraýar. Akademik I. P. Pawlowyň itlerde geçiren tejribeleriniň gymmatly netijeleri adam fiziologiýasynyň esasy binýady boldy. Ylmy tejribeleriniň pidalarynyň, uruşda wepat bolan itleriň hatyrasyna we it wepadarlygyna hormat goýup dünýäniň dürli ýurtlarynda olaryň heýkeli dikildi. It maşgala agzalaryndan ýalňyz birini özüçe lider saýlaýar, ony özüniň hojaýyny hasaplaýar we bütin ömrüne öz wepalylygyny günsaýyn subut edýär. Maşgalanyň beýleki agzalaryny “ikinji derejeli hojaýyn” hasaplaýar we haçanda baş hojaýyny bilen öýdäkileriň başga birisi bilelikde çagyrsalar, elbetde, baş hojaýynynyň çakylygyna barar. Edil çagaň enesiniň mährine çoýynşy ýaly, it hem intizar didelerini eýesine dikanalap, onuň gözlerinden mähir-muhabbeti okaýandyr we her demde onuň mylaýym goldawyna garaşyp, onuň hyzmatyny gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge taýyn bolup durandyr, hatda ol öz eýesi üçin janyny gurban etmäge hem elmydama taýyndyr. Öý haýwanlarynyň içinde özünden hem zyýat eýesini söýýän ýeke-eäk jandar—itdir. Şonuň üçin sylag-hormat iki taraplaýyn bolmalydyr. Itlere mylaýym sözli mähire maýyldyr, boýnuny alkymyny sypalasaň hoş ýakýar, ýöne welin gujaklasalar halamaýarlar, olar muny özüne haýbat atylyp, äsgerilmezlik diýip hasaplaýarlar. Itiň ys duýuşy ýaly gulagy hem örän ýitidir: adamyň gulagy 20 Kgs çenli ses tolkunlaryny eşidýän bolsa, it 40 Kgs çenli eşidýär. Örän duýgur we düşbi it eýesiniň şähdaçyklygyny ýa göwniçökgünligini onuň sesiniň äheňinden duýýar. Eýesiniň ýagdaýyna görä ol guýrugyny çar-tarapa bulap, sagrysyny yralap, bökjekläp, “tans” eder, şadyýan üýrer ýa-da eýesiniň gamgyn göwnünini deň paýlaşyp, guýrugyny ýamzyna gysyp, ýüzüni kesä sowup, ho-ol beýleräkdä ýüzüni sallap, eňegini penjesine goýup tukat halda ýatar... Itleriň adamyň saglygyny berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Lukmanlar käbir näsaglara keselinden saplanmak üçin it saklamagy maslahat berýärler. Alymlaryň aýtmagyna görä it saklaýan adamlar beýlekilere görä köp hereket edýärler, hereket hem saglygyň girewleriniň biridir. “Alym” itleriň bolşy ýaly, olaryň arasynda “tebipler” hem bar. Itleriň käbiri garaguşagyryly näsaglaryň tutgaýynyň tutjagyny aňýar-da, üýrüp, ýa näsagyň penjesini çalaja dişläp, derman içmelikligi ýatladaýar. Awstraliyanyň alym-lukmanlarynyň biri öz klinikasynda itleriň kömegi bilen öýkende we aýallaryň süýt mäzinde onkologiýa keselleriniň irki döwrüni anyklapdyr, ýagny kömekçi itler keseliň barlygyny-ýoklugyny näsagyň demini ysgap kesgitleýärler. Käbir ýurtlaryň ýetimler öýüniň ruhyçökgün çagalaryna it saklamak maslahat berilýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda, her bykynyna derman torbajygy berkidilen sanitar itler, söweş meýdanynda ýaralanan esgerleriň ýanyna, özüne ok degmez ýaly, garny bilen süýşenekläp baryp, özünden giden esgerleriň ýaňagyndan ýalap oýarýarlar; diri bilen wepat bolan esgeri ýalňyşman kesgitläp bilýärler. Ýaraly esger ýantorbadan özüne gerekli dermandyr sargy üçin ha:sasyny alansoň, “lukman it” başga ýaralyň ýanyna gidýär. 1989-njy ýylda Rossiýa Federasiýasynyň «Известия» gazeti Samara şäheriniň on iki ýaşlyja ýaşaýjysy Ýulýa Portýanowanyň boksýor jynsyna degişli Mars lakamly itiniň ýitendigini habar berýär. Ýitgä gaýgylanyp, Ýulýa letargik uka gidýär. Onuň oýanman uklap ýatyşyna eýýäm dördünji gije-gündizdi. Doktorlar Ýulýany ukusyndan diňe onuň iti oýarar diýipdirler. Şäheriň ähli halas ediş gulluklary aýaga galyp, iti tapýarlar. Haçanda Mars uklap ýatan Ýulýaň ellerini ýüzüni ýalanda, Ýulýa ejesine: “ Eje, Marsy aýyrsana, ýalap-ýalap halys ýürege düşdi-le!” diýip, oýanypdyr. Itleriň käbiri howanyň ýagynly boljagyny, deňizde gaý turjagyny, ýer titrejegini öz yşaraty bilen düşündirip bilýärler. “Maru-şahu-jahan” gazetiniň 2018-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda çykan sanynda, Çary Amangeldiýewiň “Türkmen alabaýy” atly makalasynda it eýelerine berýän maslahatyna goşmaça şu aşakdakylary maslahat berip biljek: 1. Ite şokalad bermek gadagandyr, sebäbi onuň düzümindäki teobromin onuň nerw ulgamyna ýüregiň miokardyna zeper ýetirýändir, şokalad adam üçin zyýansyzdyr, sebäbi adam organizminde teobromini eredýän ferment bar. 2. Ýylda bir gezek iti weterinara görkezmeli, soguljana barlag geçirmeli we ýokanç kesellere garşy sanjym etdirmeli. 3. Itlere sakyrtga düşegen bolýar, şol sebäpli wagtal-wagtal onuň gulaklaryny, goltuklaryny, syňraklarynyň arasyny barlap durmaly. Weterinarlarda sakyrtga garşy ýörite derman serişdeleri bar. 4. Iti hiç haçan gujaklamaly däl, sebäbi ol muny öz özbaşdaklygyna, garaşsyzlygyna we erkinligine howp salýandyr diýip hasap edýär. 5. Alabaýlar ýylda bir gezek tüýüni täzelänlerinde, onuň tüýüni daşarda darap, ýüňüni gömmeli. 6. Burnuna nogta geýdirip, her gün bir-iki sagat sergin howada gezim etmeli. 7. Kiçi ýaşly çagalary ite golaýlaşdyrmaly däl. Çaga iti oýunjak hasap edýär we onuň gulagyndan-burnundan çekýär, ýa eline ilen zady bilen urýar. It wepaly öý haýwany bolanda-da, doly derejede ynam edip bolanok—gahary gelip ýarmagy mümkin, easaanam nahary bilen gümra bolanda. 8. Birnäçe ýyl ýaşan it öýüň agzalarynyň biri bolup gidýär, şonda-da dekoratiw itlerden başga iti öýüň içinde saklamak makul bilinmeýär. Onuň aýratyn tünegi, ýalagy bolmaly we rugsat berilmedik ýerlere barmaly däldigini ündemeli. Ýap-ýaňy, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda, Aşgabatda geçen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V-nji Aziýa oýunlarynyň” tumary—egni gyrmyzy donly, başy silkme telpekli, eli ýaşyl tugly Wepaly mähirli ýylgyrşy bilen türgenleriň ruhyny galkyndyryp, ýeňiş gazanmaklaryna goşant goşdy. Merdana türkmen halkymyň asyrlar boýy nesilden-nesle geçip gelýän milli medeni mirasymyzyň öçmejek gor<b></b>y günsaýyn alawlap, nuryny äleme ýaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, türkmen alabaýy ahalteke bedewleri, türkmen halysy, “Görogly” şadessany bilen bir hatarda dünýä medeniýetinde görnükli orun tutdy, mähriban halkymyň ruhuna goşant goşdy, buýsanjymyz bir gez beýgelip, Watanymyz Türkmenistana bolan wepaly söýgimiz has hem berkedi. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |