12:34 Balabanyñ çeken suratynyñ öñünde | |
BALABANYÑ ÇEKEN SURATYNYÑ ÖÑÜNDE
Goşgular
Ybraýym Balaban surat çekipdir, serediñ, gözlerim, synlañ şekili. Ine, maý säheri, gyzaran asman, nur täze, rehimsiz, batyr, akylly. Ine, bulut, bulut owuz süýt ýaly. Ine, daglar. Daglar salkyn hem mawy. Ine-de tilkiler gezim edýärler, howsala düşýärler bu säher çagy. uzyn guýruklary öwşün atýarlar. Ine, garny hepbik ýaly aç möjek. Onuñ agzy gyzyl, tüýleri syh-syh, dag gerşinde dur ol, söweş etjek dek. Ir ertir çaglary bir aç möjegiñ gazabyna hiç kim bolmasyn duçar? Serediñ gözlerim, bal arylary, kebelekler otuñ üstünde uçýar. Ýadaw leglek myhman, öz ýurdy Müsür. Ak balyklar towlanýarlar gök suwda. Başga bir ajaýyp dünýäden gelen bir sugun ot iýýär, iýýär asuda. Ine, aýy. Aýy ukudan turup ysyrganýar. Onuñ öñünde köwek. Kim-de bolsa biri ýaşap bilermi, ine, şu aýynyñ ýaşaýyşy dek. Oý-hyýala çümüp, topragy ysgap, bal bilen armydyñ golaýjygynda, ynsanlardan, otdan-ojaldan yrak, ýumşak garañkynyñ giñ gujagynda kim-de bolsa biri ýaşap bilermi? Ine, belka, towşan, pyşdyl, suwulgan, üzümgözli eşek hem bar bu ýerde. Ine, daragt, nurdan ýasalan agyn. Eger baha bersek görküne bakyp, şu daragt ynsana edýär has çalym. Ine, sonar. Aýaklarym, çekinmän, şu öleñde seýil ediñ birsalym. Ysga, burnum, bu käkilik, bu narpyz, Ak, gyllygym, ine, malwa, guzgulak. Elle, elim, bu otlary ýoluşdyr, elle, elim näme diýsem, sal gulak. Sürlen ýer - enemiñ päkize süýdi, çagamyñ gülküsi, ýarymyn teni... Indi-indiler pikir edip otursam, aslymyz şu sürlen ýerden ekeni. Anha, adam, dag-tokaýa, guşlara, haýwanlara hossar, çarykly hossar. Ýama bar hossaryñ giñ balagynda, daş ýaly elinde künde azal bar. Ynha-da adamyñ iki öküzi, öküzleriñ böwrüne-de bak indi. çukur bardyr gara böwürlerinde. Ol çukurlar bardyr mydam-ebedi. 1947. Nazym HIKMET. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |