21:37 Başlygyña ýaranmak... | |
BAŞLYGYÑA ÝARANMAK...
Publisistika
Penjegiñ ilikleriniñ nämä gerekdigini bilýäñizmi? Elbetde, penjegiñ iligini ildirende gerek. Başga? Ilikleriñ başga-da bir edýän gowy işi bar. Garşyñdaka hormat bildirýäniñi görkezmäge ýaraýar. Hasam beteri, ýaranjañlyk bilen ýalym-ýulym edeñde gerek. Penjegiñiziñ ilikleri başlygyñyzyñ ýa-da hojaýynyñyzyñ gözüne ilmek üçin ideal serişdedir. Ilikleriñizi eýýäm ildiren bolsañyz, başlygyñyzam gapydan giren bolsa, aljyraman-etmän ýene bir gezek iligiñizi ildirensirän boluñ we eliñizi ilikleriñ üstünde gowşuryp goýuñ. Eliñizi ýeriñ dartyş kanunyna ugurdaş biperwaýlyk bilen aşaklygyna sallanyp ýa-da başlygyñyzyñ görmejek ýagdaýynda durmagy eýgiligiñ alamaty däldir. Jübiñize salmagyñyz-a ony gönüden-göni ikiçäk tutluşyga çagyrmagy añladýar. Olary ýuwaşlyk bilen garnyñyzyñ üstünde gowşuryp goýmak bilen başlygyñyza "Serediñ, ine, meniñ elim, menden size zyýan ýetmez, hojaýyn" diýmek isleýändigiñizi aýtdygyñyz bolar. Başyñyzy-da bu herekete laýyklap bir ýana ýa-da öñe egseñiz gowy bolar. Şeýle-de, başlygyñyzdan boýuñyz uzyn bolsa, çalarak eglip keltelmäge synanyşyñ. Elbetde, iñ möhümi-de gözüñiz. Has dogrusy, seredişiñiz. Başlygyñyz gürlände seredişiñizi mümkin boldugyça ýumşadyñ. Ýekme-ýek gürleşip duran bolsañyz-a, gözüñizi oña dikanlap tutluşyga çagyrýan ýaly bolmazlyk üçin çalt-çaltdan ýere garañ. Köpçüligiñ içinde onuñ sözüni onuñ seredişi doly size gönügende geçende ýuwaşlyk bilen başyñyzy atyp tassyklañ. Hatda başlygyñyz "özüne göwni ýetýän halypa" tiplerden bolsa we her sözüniñ yzynda ýörite ýuwaşap soñky sözi tapmakda kynçylyk çekýän ýaly etse, şobada gerekli sözi saýlap alyp, ýumşak, emma oñlaýan heñde oña hödürläñ. Şeýle ýagdaýda iñ esasy zatlaryñ birem başlygyñyzyñ degişýän (ýa-da şoña ýakynrak bolan) pursatlaryndan ýerlikli peýdalanmak ussatlygydyr. Hem ony makullamak, hemem köplenç garşysynda iki epilip duran biri hökmünde bu ynjalykly purdatyndan peýdalanmak üçin beýle ýagdaýlarda hezil edip gülüñ. Emma gülkiñizi tapba kesmegi-de biliñ. Çünki başlyklar ýympyk suwjuklygy halamaýarlar. Klassyky ýaranjañlyk etmekden gaça duruñ. "Señki dogry, başlyk" diýen ýaly sözler bilen ýaranjañlyk edýänleriñ oñaran işi bolmaz. Üýtgeşigräk tilsimler oýlap tapyñ. Mysal üçin, başlygyñ pikirlerini başgaçarak sözler we meñzetmeler bilen añladyp, onuñ tarapyndadygyñyzy bildiriñ. Eger amatly pursat gabat gelse, başlygyñ öñe sürýän pikirleri üçin hemme zada taýýardygymyzy, hatda gerek bolsa munuñ üçin ikinji derejeli meselelerde başlygyñ bilen jedelleşmekdenem gaça durmajagyñyzy seresaplylyk bilen nygtañ. Bu tilsim hakykatda biraz howply. Emma jüpüne düşse welin, başga zat gerek däl. Mysal üçin arak-şerap içilýän stollaryñ iýip-içgiden gerk-gäbe doýuşan nazarlarynyñ arasynda dogumlanyp bular ýaly nysagy synap bilersiñiz. Başlygyñ tarapyny tutmak añlaýyn çemeleşme däl, ony durmuşyñ esasy ýörelgesine öwür. Şu ýörelgä eýerip, başlygyñ ýok ýerinde-de ony durman öwüber. Ýeriñ gulagy bar... Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 09.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |