23:09 Baýram han -2/ romanyñ dowamy | |
GAÇYŞ
Taryhy proza
Ep-esli wagt geçdi, unudylan ýaly, bulary çagyrýan ýokdy. Dostlar iç döküşdiler, ençeme gezek gaçmagyň çäresini agtardylar, emma başarmadylar. Günortanlyk adaty höregi getirdiler, iki pyýala suw, gaty döwüm nan, diňeagşam iç bölek dogramçaly sowuk aş getirilýärdi. Nöker bu gezek köneräk çit mata dolangy zady Baýramyň öňüne oklady. Juda geň galan ýigit hasyr-husyr matany açdy, içindäki Alyşir Nowaýynyň «Perhat we Şirin» atly eseridi. – Kim iberdi? – diýip, çykyp barýan nökerden zordan soramaga ýetişdi. – Goja kişi – Nöker gysga jogap berdi. Baýram şäherdäki ýaşuly tanyşlaryny ýadyna saljak boldy. Bolmady. Umuman, onuň bu ýerde idejek tanşy bir barmyka? Şer şa–da kitap getirilmegine rugsat berýän bolsa, öz tarapyna geçirmek baradasyndaky tamasyndan el çekmändir. Baýram «Hatjagaz dagy ýokmuka?»diýip, kitabyň gatlaryny çalt-çalt agdaryşdyrdy. Hiç hili nyşan tapylmady, ýöne ortadaky kagyzgalyňrak göründi. Siňe synlamasaň munam duýjak zadyň ýokdy. Her sahypa üns berýän bendiler badadurdular-da, nökeriň aýak sesiniň daşlaşmagyna garaşdylar. Örän ökdelik bilen ýelmenen kagyzyň gatyny zordan açdylar. Ondan hatjagazçykdy, ýazan Salyh Nyýazdy. Baýram onuň Agrada Selimeden hat getirendigini ýadyna saldy. Goja külbesiniň şäheriň gündogar çetidigini, gapysynda eşek daňylgydygyny aýdýar. Bolany. Bendiler biri-biriniň ýüzüne soragly nazarlaryny dikdiler. Baýram: – Goja meni halas etmegiň ýoluny agtarýan bolmaly. Bu hatjagaz şony aňladýan duýduryş. Elbetde, jikme-jiklik hökman däl. Ýöne ol bizi azat ederden ejizdir – diýdi. – Akylly-başly hereket etse, syçan ýolbarsy bendilikden boşadyp biler. Baýram dostuna kelam agyz jogap bermedi. Bu hatjagaz weli, olara agsagyň agajy ýaly goltgy berdi. Herdemde halas bolmak umydy öçmedi. Ertesi agşam saklaw üýtgedi. Bu gezek şamlyk getiren ýaş ýigitdi. Abulkasym oňa ýiti-ýiti seretdi. Nöker ýylgyrdy: – Tanadyňmy, hökümdarym. – Hymm... Öň maňa... – Abulkasym myşlady, ýüzünde ýigrenç alamaty göründi: – Indem duşmana hyzmat edýäňmi? Tüf!.. Nöker ýüzüne düşen tüýkülik düwmelerini aýyrdy. Gaşlaryny çytdy. – Howlukma, hökümdarym. Abdyllanyň ogly Selim öz iýen duzuna kast etmez. Garawulhana golaýda ýerleşdim. Maksadym sizi halas etmek. Eýýäm garaňky düşdi. Hamala men sizi Şer şanyň huzuryna alyp barýan. Gyssanyň. Puryja az mahallyk. Tiz bilerler... Ol iki bendini her ädimde itekläp öňüne saldy. Basym yzdagopgun turýanlygy eşidildi. Näme üçindir, halasgär ökje ogurlap, gaçgaklardan galdy. Bendiler şähere siňdiler. Bular ahyry daňylgy mele eşegi görüp, külbä girdiler. Goja ýigitleri uzak bir ýere iberip, garaşyp oturan ýaly: – Geldiňmi inerim? – diýip, asuda gürledi we Abulkasyma gaýta-gaýta bakdy. Tanamady. Häzir çintgäp oturmagyň wagty däldigine düşünýän Salyh Nyýazy ýigitleri naharlap, eşek ýataga eltdi. Üstüne çör sürlen gapagy açyp, ýerzemine saldy. Birhaýukdan soň, daşardan gygyrdylar: – Ah-ow, goja Salyh Nyýazy dirimiň! – Taňrynyň berenine şükür, diridirin. Näme ölümmi isleýäňizmi? Barybir, üç-ýedimden doýup, gägirmersiňiz. Sebäbi sadaka bererlik zadym ýok. Hany, geliberiň. Iki sany şa nökeri atdan düşüp, külbä girdiler. – Öýüňi dökjek, gaçgak gözleýäs. – Gaçgak näme işlesin, ogullarym, biziň külbede. Görüp dursuňyz-a,iňňe taşlasaň-da bildirjek. Nökerler içeri göz aýladylar: bir böwürde münder-münder edilen kitaplar, beýlekide köne sandygyň üstüne galdyrylan ýorgan-düşek. Bolany. Nökerlergülşüp, çykyp gitdiler. Hüşgärligi elden bermeýän goja gaçgaklary ýerzeminden gije çykardy. Söhbet tiz gyzyşdy. Goja şyg-şyglap, gülüp, gürrüň berýärdi: – Köçeden eşekli barýardym weli, ine, Baýram oglumy ýesir edip alyp barýarlar. Ilki-hä, gözlerime ynanmadym: Baýramyň şöhraty uly, niçik gola saldylarka? Diýmek, mogol goşuny kül-peýekun edilendir. Aý, onnoň köp kelle döwdüm: Nädip halas etmek başardar diýip. Eýdip-beýdip «Demir gala» salynmandygyny bildim. Ol zyndanhananyň galasyndan guş hem uçup geçip bilenok... Salyh Nyýazy ýüzüniň derini syldy. Ýigitler gaçgakdyklaryny unudyp, gojany hezil edip diňleýärdiler. Baýram oňa sowal berdi: – Goja, sen jahankeşde adam. Indi nirä gitmekçi? – Hiç ýana, aýagymy göre sokup otyryn, görşüm ýabygorly. Abraý bilen amanat jany şu ýerde tabşyrmakçy, ýöne zalym Şer şanyň golundan halkyň azat edilişini görsem armanym ýok. Ol şa däl-de, talaňçy, jellat. Salgyt üstüne salgyt salýa, arada meň ýekeje sygryma çenli äkitdiler. Owadan gyzlary serdarlaryna paýlaýa, mülk-peşgeş berýä. Şeýdibem, olaryň garagyny gapýa, melgun. – Biz indi nätmeli, eý parasatly goja – diýip, ol sözüne dyngy berende, gönümel Abulkasym sorady. – Aýtdym-a ýaňy, aýagyny göre sokup otyryn diýip. Şuny weli, bilýän: jeň mahaly goç ýigit gizlenmän, çölüň gurduna dönmelidir. Ol gyzarylyp, ýüzüni aşak salan Abuylkasyma: – Göwnüňe alma oglum, men ýigidiň bolmalysyny aýtdym. Goja hak sözleýärdi, söweş mahaly ýerzeminden çykmalydy. Halky Şer şanyň zulumyndan halas etmelidi. Ýöne nirä gitmeli? – Gujarada barmaly – diýip, Baýram dymyşlygy bozdy. Abulkasym oňa soragly nazaryny dikdi. Baýram sessiz berlen sowala jogap berdi: – O ýerde Gujaradyň hökümdary Soltan Mahmyt bardyr, ol Humaýuna wepalydyr. – Humaýuny nireden agtararys? – Ony soň görübereris. Häzirlikçe, şü ýerden ýagdan gyl sogrulan ýaly bolup gitmegiň pikirini etmeli. Salyh Nyýazy Humaýunyň ady agzalanda, bir zat ýadyna düşen şekilli gozganjyrady, soňra Agrada özüni tutup eltenlerinde boşadyşyny aýdyp, ony öwdi. Ol: «Gözleg biraz gowşaşsyn» diýip, ýigitleri bu gije-de saklady. Ertesi agşam: – Bi gije-de galaýsaňyz, ogullarym – diýdi. – Näme üçin? – Ýigitleriň ikisem deň sorady. – Huşum gursun, ýaňy ýadyma düşdi. Mende bir at satyn alarlyk pul bar. Aý, onnoň,şoňa bazdan at alaýsam. Aýagulak gerek bor, size. Goja iň soňky sowalgasyny bulara hödürleýär. Eýsem, basan ýerinden otçykarýan ýigitler muny alarmy? Ýok. Muňa ikisem biri-birine sessiz düşünişdiler: «Atly göze ilgiç bolar» diýşip, boýun towladylar. Gaçgaklar Salyh Nyýazynyň maslahaty boýunça eşiklerini çalşyrdylar. Indi olar molla biçiwli talabana meňzeýärdiler. Ugrajak bolup durkalar bozulan goja şeýle diýdi: –Başarsaňyz, gije ýol ýöräň, hem aňtaýjylaryň gözüne çöp atarsyňyz, hemem kän suwsamarsyňyz. Halk içinde: «Ýaldyragyň ýangyny Üçýyldyzyň galgyny» diýilýär. Ýaldyrak heniz görnenok, ýöne basym dogar, gündogar gözýetimine serediberiň. Ýyldyzlaryň içinde iň ýagtysydyr. Şol doganda, gije howa çigräp, ot-çöpe çyg düşer. Ýigitler Salyh Nyýazyny gujaklap aýrylyşanlarynda, özleriniňem ýüregi ezildi. «Bende! Her bir işde sabyrly bol. Ýöne äwmezligem etme, wagt– gaçyp barýan keýigiň kölegesi ýaly çalt geçýändir». Heniz oglanka ýaşululardan eşiden bu parasatly jümLäleri Baýramyň gursagyndan çykanokdy. Iki ýolagçy Salyh Nyýazynyň aýdyşy ýaly gije ýöräp, gündiz buky ýerde dynçalýardylar, ýöne dynç alyşlary ýabygorlydy: juda ýadalansoň, endam-janlary owum-owumdy, yssynyň derdinden oňly uklap bilenokdylar. Her näçe sabyr-takatly bolmak isleseler-de, gyssanýardylar. Şol gyssanmaçlyk olary azaşdyrdy. Gaçgaklar oýlanyp görseler, Gujarat ýolundan günbatara gidipdiler. Öňlerinden geçmesi kyn köteller, jeňňeller geliberdi, ýolagçylarduşmady. Goýberilen wagtyň öwezini almak üçin, gündiziň köpüsini ýöremegi ýüreklerine düwdüler. Saryja tomsuňömri paýawlasa-da, Günüň howry bardy. Ýagyş ýagyp ýuwulmansoň, ot-çöp çaňjaryp görünýärdi. Torgaýlar hut üstünden baraýmasaň, bagyrlap ýatan ýerlerinden uçmagy kyn görýärdiler. Salyh Nyýazynyň hasabyndan Ýaldyrak ýyldyzy birki gijeden dogmalydy. Şonda çöl jandarlary gyzgynlygyň belasyndan halas bolarlar. Ýolagçylaryň içlerine tebit düşüp, gursaklary ot alyp barýana meňzeýärdi. Gözlerine der inip, gyzaran Abulkasymyň dili agzyna sygmajak bolýardy. Ol yrgyldap, Baýramyň yzyna zordan eýerýärdi. Baýram elini kölegeledip: – Biz göni ýola düşüpdiris, hol-ha, ýolagçylar göründi – diýdi-de, garşysyndan görnen inçejik tozana ümledi. Abulkasym gelip, onuň bilen egnini deňledi: – Belki, tüweleýdir. – Sütüni gysga, at aýaklarynyň astyndan çykýan bolmaly. Pelek işidir, gizlensek nädýä? – Barybir, olar bizi görendir, gaýtam, göwünlerine güman gidereris. Ynsaply kişiler dälmikä, suwdan bir gansadyk – Abulkasym ejirli tamşandy. Az mahal durdular-da, öňe ýörediler. Garşydan gelýänleriň garasy görnenden bularyň ini düýrükdi, olar on–on bäş sany atly–ýaragly adamlardy. Has golaýlaşanlarynda Abulkasym: –Şer şanyň ilçisi, Gujaratdan gelýändir – diýip, Baýramyň gulagyna pyşyrdady. Baýram harby adamlara muwapyk sowukganlylygy saklap, sägindi. Atlylar deňlerinde durdular. Olaryň ortasynda biri, iki tigirli arabanyň üstünde gaýşarylyp, ulumsylyk bilen bulara seredýärdi. Owgan nökerleriniň ýaňagy çapyk yzlysy ilki Baýrama,soň Abulkasyma ýiti-ýiti äňedip, alkyma geldi. Molla biçiwli ýigitleriň daş keşbiniň biri-birine meňzeşligi ony oňaýsyz ýagdaýa saldy, öňe–yza garanjaklap, ahyry Baýrama süründi-de: – Kannaujydaky söweşde bir sapar görüpdim, bi şol, Baýram! Haçandan bäri molla bolup ýörsüň zaňňar – diýip, gygyryberdi. Tanalanyny bilen Baýram birki ädim öňe çykdy, sebäbi zordan seljeren duşmanyň Abulkasymy heläklemegem mümkindi. Oňa dostuny halas etmek gerekdi: – Hawa. Baýram men. Nökerler Baýrama topuldylar, emma Abulkasym olaryň ýolunda keserdi–de, parahat sesi bilen ilçä ýüzlendi: – Ýok, bu Baýram däl, meniň hyzmatkärim. Ol öz agasyna wepaly. Şeýdip, meni halas etmek isleýä. Men Baýram. Muny goýberiň. Aňk-taňk bolan ilçi çasly buýruk berdi: – Tutuň ony! Nökerler bada-bat Abulkasymyň elini yza gaňyrdylar. Ilçi arabadan düşmän, içýakgyç ýylgyryp, oňa öwrüldi: – Özüňe näme garaşýandygyny bilýäňmi, ykmanda? – Behişte eltmejegiňizi bilýän, doňuz. – Şer şa görlen ýerinde öldürmegi buýrdy. Kesiň kellesini! – Duruň! – Baýramyň öýe topulmasy biderek boldy, ony ýeňsesinden urup ýykdylar. Şuwwuldap aşak inen gylyç Abulkasymyň boýnuny ýolarlady. Seňselän Baýram birhaýukdan gözlerini açsa, atlylarýokdy, dosty beýleräkde gana bulaşyp, gymyldysyz ýatyrdy. Turmaga gurbaty çatman, emedekläp öliniň ýanyna bardy, jansyz göwräni gujaklap,«Ka-sy-m-m!!» diýip, aýylganç gygyrdy. Et ysyny alyp, ýetmäge howlugyp gelýän satanlak çal möjek eýmendiriji adam sesini eşidip, ýazzyny berdi, golaý-goltumda hininiň agzynda çommalyşyp oturan alakalar yzyna girdiler. SELIME ATA ÇYKÝAR Humaýunyň gözlegleri biderek çykdy: Baýramdan derek ýokdy. Ol dostuny tapmakdan tamasyny üzdi. Bu gije-gündiz, her demde söýgüli ýaryna garaşýan Selime Soltan begimiň dünýäsini daraltdy. Gelniň iýip-içmesi kemeldi, köşk bagy kapasa döndi. Ol hiç kim bilen gepleşmeýär diýen ýalydy. Soralan zada, telbelän şekilli, içiňden geçip gelýän owadan, köşek gözlerini dikerdi-de, birhaýukdan jogap bererdi. Baýramsyz jahanda özüni ýalňyz saýan Selime adamlardan çetleşdi. Onuň ýekeligi küýseýänligini aňyp, ýanyna häli-şindi gelip-gidip durmadylar. Köp gezek özi-özüne teselli bermege synandy: pessaý, emma zaryn aýdymlar aýdyp gördi, kalby onda-da gaýgy-hasratdan gowzamady. Şygyrdüzmägesynandy. Bolmady. Baýramyň gazallarynyň baryny ýat tutup hiňlendi. Gaýtam, ýüregi odukdy. Soňky wagtlar kapasadaky sary bilbili hemra edindi. Onuň zaryn saýramasyna heserlendi, ençeme gezek gözlerinden ýaş togarlandy, onsoň bendi bilbili uçuryp goýberdi. Bir gezek deň-duşlaryny ýanyna alyp, şäheriň gyrasyna gezelenje çykdy. Joralary degşip-gülüşdiler, at çapdylar, bu şady-horramlyk Selimäniňdaş ýanyndan geçdi. Ol öňki sulhlugy bilen yzyna öwrüldi. Beýle perişan halda uzak gezip bilmejegini duýup, belli karara geldi: Baýramy gözlemeli, emma nireden? Elbetde, ilki Gandagara gider. Ol ýer duşmanyň öýjügidir. Goý, şeýle bolsun! «Serçeden gorkan dary ekmez» diýip, Baýram aýdardy. Baýram... Onuň bilen sürlen döwranyň özi ýyldyrymyň ömründen enaýy däldi, ýene ýüreginde baky orun aldy. Selimeata çykar, söwer ýarynyň iňsoňky demine çenli agtarar, şonuň ýolunda ölse, kalbynda arman galmaz. Adygan serkerdeniň gyzy harby tilsimindenem habarly ahyry. Ol oky hiç bir mergenden kem atanok, atyň üstünde özüni gowy duýýar. Gylyçlaşmaga gowşagrak, oňa-da türgenleşer. Selime bir gije demir telpek, sowut geýip, ýaraglaryny dakyndy-da, juda gizlin ýagdaýda köşkden çykdy. Onuň ýitirim bolan gijesiniň ertiri, heniz ýarasy doly gutulmadyk Hindal Humaýunyň kabulhanasynabardy. Humaýun doganynyň geleninebegenip, ol gapydan gireninden ýerinden turup, garşylady: – Beýik Babur şanyň batyr arslanynyň saglygy niçik? Dogany lagyr-lugurraga-da gepledi, emma Humaýun oňa düşünmedi. Bu onuň gahary gelenliginiň alamatydy. Humaýun muňa oglanlygyndan beletdi. Hindal çyndan bir zada gahary gelse, bada düşnükli gepläp bilmezdi. – Selime ýitdi. Humaýunyňgulaklary şaňlady. Öteeşiden bolaýmasyn? Golaý-goltumda kim patyşa nesline el garyp biler? Eger şeýle edilse, mundanam bir Babur şanyň oruntutary bolarmy? Ýa duşmanlar bu ýerlere-de aralaşdymyka? Ony ogurlaýdylarmyka? Entek Babur şanyň maşgalasyny gorap bilmeýän adam Beýik Mogol döwletini saklapbilermi? Ol özüni köşeşdirmek isläpmi-nämemi, ynamsyzlygyny daşyna çykardy: – Selime iňňe-temen del-ä, ýitip. Hindal jogaby ýokuş görüp, tarsa yzyna öwrüldi. – Saklan – Humaýun onuň ýanyna bardy: – Gel, oýlanyşaly. Duşmana Selimeden beter Humaýun, Hindal, Kamran, Askar gerek, onsoňam, elbetde, Baýram. Belki, ol öz erkine köşkden gidendir, ýogsam, seňem saklawyň berk-ä. Hindal sesini çykarman, uludan dem aldy... Gyssagarada Ýarmuhammediň baştutanlygynda on-on bäş nökeri gözlege iberdiler, olara başartsa duşman lagerine aralaşmagy hem tabşyrdylar. Hindalyň şäherdäki aňtawçylary boş gelipdiler. Humaýun günuzyn özüne gyjyt berdi: Saňa täçsiz hökümdar, goşunsyz serkerde diýerler. Köşküň içindäki negözel uýaňy gorap bilmediň. Hindal näme? Elbetde, oňam günäsi bar, ýöne «Baş bolmasa, göwre läş» diýipdi bir goja türkmen şahyry gürrüňçilikde. Ol köşkleriň saklawyny güýçlendirdi, ýarag ýasaýan ussalary, nöker almagy artdyrdy. Ýöne duşmanyň saýlantgy goşunynyň öňünde çala-mydar düzülen nökerler hüjüm edib-ä däl, goranyp bilermi?.. Duşman dek ýatmaz, bäri zomar. Şeýle pursatlarda ýol söküp, juda ýadan Selimeatynyňirişmesini ýogyn sütüne daňyp, gür jeňňellikde uklap ýatyrdy. GAWUN SAKÇYNYŇKYDA Baýram Gujarada geçip barýan bosgunlaryň kömegi bilen Abulkasymy jaýlady, olara goşulyp gidibermän, mazaryňsolmadykgum keseklerini gujaklap köp ýatdy. Göreýmäge howp sowlan ýalydy, dosty şonuň üçin öz janyny gurban etdi. Her hal, ýene tanalmagyndan çekinip, ýeke gitmegi ýüregine düwdi. Birbada Abulkasymyň mazaryndan aňsat aýrylyşybam bilmedi. Ynha-da ýol, onuň köteli egrem-bugramy, gönüsi bar. Syr saklaýan ýollar indi dil ýararmyka? Hasratmy, şatlyk? Belli däl, ol yrgyldap gidip barýar, käteýüregi gursagyndan sogrulyp galana, käte-de Abulkasym akylly gözlerini süzgekledip, başyny aşak salyp yzyndan ýetip bilmän gelýäne meňzeýär. Şonda biygtyýar säginip, gaňrylýar, soňra Muňa öwrenişip, gözlemesini bes etdi. «Adam başy daşdan gaty» diýleni çyn-ow. Ol dost aýralygynyň ejirli hupbatyna döz gelmeli. Ah ynsan, ynsan! Seniň ýumrukdanam kiçijik ýüregiň çekmeli ýüki dagdan agyr: dost aýralygy, ýurt aýralygy, ýar aýralygy... sanap aňyrsyna çykmak hyllalla. Megerem, ynsan gaýratlylygy şulara döz gelip-gelmeýänligi bilen ölçelýändir. Ol gündogara äňetdi. Salyh Nyýazowyň aýdýan Ýaldyragy dogupdyr. Owadanlygy, nurly şöhlesi babatda beýleki ýyldyzlardan saýlanyp, elem-jahany gelşige getirip, gözelligini artdyryp dur Şunda biygtyýar Selime ýadyna düşdi. Ýaldyrak bilen onuň jemalynda meňzeşlik bar. Ýok, Selime Zeminiň ýeke-täk aýydyr, bu owadan ýyldyz onuň gözelligini görse, öz jemalyndan uýalar. Görgüli, Selime, sen şumat niredekäň? Men saňabagtgetirmelidim, emma bagtyňa badak atdym, ne gözel ýigidem ölüme sezewaretdim. Keç ykbal ekeniň, Muhammet Baýram han! Ol ýene heserlenip, çydaman hiňlendi, şonda aýagynyň aşagyndan guş pasyrdap uçdy, uzagrakda bir ýerde şagal uwlady. Baýram indi birneme özüni rastlady. Eýsem, golaýrakda gawunçylyk barmyka? Şagalyň ses-ä eşidilýär. Baý-baý-ow, ol ýoldanam çykan eken. Uçut gorpuň kenarynda, kör kimin ýaýdanyp dur. Beýleräk çekilip, arkan düşüp ýatdy, uky-da özüniň hökümini ýöretdi. Ol irkildi. ...Daňyň alagaraňkysynda itiň üýrýän sesine oýandy. Saba şemaly-da Selimäniň näzik eline meňzäp, ýüzüni ýelpedi, emma argynlyk süňňünden çykmandy, onuň gozganasy gelenokdy. Ölen şekilinde ýatan adamyň galyp bilşine haýran galýan ýaly, tamşanyp bakýan şagala gözi düşüp. ýokary turdy. Şagal adamy öňem gören bolmaga çemeli, gaçman, göwünsiz seňkildäp gidiberdi. Heý, zaluwatjyk, ynsana hüjüm etmegem ýadyňda bar eken-ow! Bolsa-da, uwlap, akylyňdan azaşarlan, kertden uçarlan Baýrama özüni dürsemegine ýardam etdiň. Daşy pessejik baýyrlar bilen gurşalan, ümmülmez sähranyň ortasynda, içine ýaýla sygjak oýtakda gögümtil-gara öwsüp, ekinçilik göründi. Bir goja aňňyran eşeginiň bagyny çözüp, guýa tarap idip barýardy. Sähra, janym sähra– bu ýaşaýyşdyr! Baýram ýagşyň ýasan towlam-towlam çiljagazyndan böküp, aşak inip ugrady. ...–Essalawmaleýkim, ýaşuly! Goja bir eli suwly gowaly, beýlekisi bilenem güneseredýän ýaly kölegeledip, Baýrama bakdy: – Waleýkimessalam, ýagşy ýigit.–Munuň garaýagyz ýüzüne gelşik berýän bürgüdiň çüňküne meňzeş burny, başyna çit mata oralan süýrüräk kellesi türkmendigini aýdyp durýardy. Baýram sessiz-üýnsiz gowadan buz ýaly suwy içiberdi. Ýaşuly ýigidiň ýakasyna damdyryp, dem alman içişini synlap: –A-how, ýagşy ýigit, ajöze suwy kän içseň, içiňe degip, agyrdar– diýdi. Ýolagçy weli, suwdan ganyp, megerem, soňky günleriň içinde ilkinji gezek ýylgyrdy. Bu goja-da täsir etdi, olam köne tanşyna duşan şekilli ýazylyp-ýaýrap peşeneli ak sakgalyny sypalady. – Amanlykmy, oglum? –Şükür. – «Gelen-döwlet», garyp külbä baraly.–Myhman gören ýaşulynyň aýagy ýeňledi. Onda-da niçik myhman?! Ýadawlygy bildirse-de, ýüzi-gözi nurana, begzada sypat ýigit. Çüprek eşigi onuň bu görnüşini gizläp bilenok. Goja türkmen şatyr-şutur eşegini baglady-da, myhmanyny yzyna tirkäp külbesine ugrady. Içeriden ýetişen gyz çykdy. Ol Baýramy gerüp, uýaljyrap beýlesinebakdy. –Türkmeniň edähedine görä, tanamasa-da, kiçisi ulusyna salam berýändir, köşegim. –Salamälik. – Gurgunmy, uýam–Baýram gyzyň ýüzüni gözlemän, jogap gaýtardy. Goja ýerden ojaga çaklaňja gazany atardy, gyz töňňe salyp, aşagyny ýakdy. Az salymdan basym bişýän, çörek çorbasy taýýar edildi. Ýaşuly onuň içine sary gawun dograp, erik oklapdyr. Şundan bolmaga çemli, çorba Baýramyň agzyna hindi aşpezleriniň taýynlaýan naharyndan datly degdi. Gün-güzeran hakynda gürrüňiň başy başlandy: –Ekini nireden suwarýaň?–diýip, Baýram sorady. –Düme ýere ekilen gawun. Suw gyt bi taýlarda. – Goja gelşikli murtunyň ujyny towlaşdyryp goýberdi: –Gadymy zamanda suw hudaýa şikaýat edipdir: «Men belende çyksam-da, pese akýan. Bi meniň mertebämi kiçeldýä». Onda Allatagala: «Kemsinme, hemmäniň ýumşuny saňa düşer ýaly ederin» diýýä. Şondan bärem, suwsuz ýaşaýyş ýok. Büýül, syçan ýyly, türkmen hasabyndan çen tutsaň, gurakbolmaly, emma «ýer ala, ýurt ala»diýenleri». Ýazy ýagynly geldi. Ýaldyrak dogdy, gije çigrär, aýyň aýagragyna-da ýagsa, gawun güýzär. Güýz ternesi derdiňe dermandyr. –Ekiniň hemmesi özüňkimi? Gojanyň gözleri ginden açyldy: – Nätdiň-aý, oglum, özüň-ä düşbi ýigideogşaýaň. Baýyňky. Düýebilen daşap, Gandagar, Gujarat bazarlarynda satdyrýa. Oýtak ýeriň gawunynyň tagamy baldan süýjüdir. Diliňe degdigi eräp gider. –Seňem ýeriň bardyr-a. –Sakçy paýy. Golaýdan ýol geçýä. Şondan ýolagçylara satýan. –Öýüňnirede? Ýaşuly uludan dem aldy:–Öý nämişlesin. külbe, Gandagaryň çetinde. Baýram Salyh Nyýazyny göz öňüne getirdi: – Salyh Nyýazyny tanaýaňmy? – Juk. –Goja az-kem heserlenip dowam etdi. –Bir mahallar ile meňzeş öý-öwzarym bardy. Şeýbany han salgyt yzyna salgyt saldy, soňkusyny töläp bilmedik. Oglumy garşylyk görkezensoň, öldürdiler, öýümizem otladylar. Iki agtygym galdy, bir-ä şu gyz, şonda gundagdady. – Olşo mahallar ýetginjekdi. Şeýbany handan arymy aljak diýip gideni. Zalym hanyň kellesin-ä alypdyrlar. Belki, şolaryň içinde meňem agtygym bardyr. –Agtygyňa kim diýýärler? –Ýarmuhammet. –Baýramyň ýüregi jigledi:–Keşbini aýdypbiljekmi? – Her gerşinde adam oturybermeli pälwan kişi bolup ýetişendir. Bugdaý reňkdir. Çyndan gahary gelse, gurt çagasynabarabardyr. –Şeýle ýigidi gördüm. Uzyn goja ilki agzyny öweldip, soňra egilibrek böküberdi: – Eşitdiňmi Gülnäzim Nurmuhammet uzynyň agtygy diri! Diri!! Gyz-da ýokary galyp, Baýrama söýünçli nazaryny dikdi. Goja rahatlanyp, aşak oturdy-da, myhmanyna golaý süýşdi: – Nirede gördüň, oglum, meň şuňkar guşumy? Agrada Ol tas «meňem dostum» diýmekden dilini dişläp saklandy. –Nökermi? Babur şanyň ogly Humaýunyň toparynda onbaşy. –Humaýun Şer şadan ýeňlip, gaçypdyr diýýärler. –Nurmuhammet aga, gaýgylanyp, başyny aşak saldy. –Menem Humaýunyň nökerleriniň biri. Ondan habar eşidendälsiň? –Juk. Edähet boýunça, gürrüňe gyz goşulanokdy. Ýaşuly-da dymdy. Oňaýsyz ýagdaýa düşen Baýram ýokary turup: – «Ýolagçy ýolda ýagşy» diýipdir köneler. Rugsat berseň men-ä gitjek. Gyz gozganjyrady, Nurmuhammet aga-da onuň synyndan çekip: –Ýarmuhammet jany gören gözüňe döneýin, oglum, bu gün myhmanym bol. Hany adyňy aýtsana–diýip, özeleniberdi. – Adyňy aýt oglum? – Goja howlugyp, ikinji gezek sorady. Baýram ýaýdandy-da: –Şiri– diýip, päk göwünli gojany aldanyna gyzardy. –Kimlerden? – Türkmeniň baharly kabylasyndan. –Muhammet Baýram hany tanaýaňmy? Baýram gündiz ýyldyz gören ýaly geňirgendi. Näme üçindir şu ýerde goja adyny dogry aýtmanlygyna ökünmedi. Ol weli, ýiti-ýiti seredip, aljyradyp barýardy. – Görerdim–Myhman ýüzüni kesesowdy. –Hymm–Ýaşuly çaga kimin begendi:– Onda özüň gowybilmeli. Şo Baýramyň arkasynda pygamberiň penjesiniň yzy, kellesinde hem Isgenderiňki ýaly altyn şahy barmyş. Gözsüz batyr diýýärler.– Nurmuhammet aga başyny buýsançly galdyrdy. –Ony Şer şa ýesir alypdyr. – Ýaňky nyşanlary bolan Baýramy duşman tora salyp bilmez. – Ynanma. Göripleriň çypdyrmasydyr. Baýram çugudyp, bir gysyma öwrüldi: «Gör, sada halk näme diýýär? Sen weli, ýagman, dünýäni sarsdyrýan gök güpürdisi. Has takygy, ykmanda. Hawa, ykmanda! Hiç zadyň alnyndan däl!» Işikde at aýagynyň dükürdisi eşidildi. Goja üşerildi. Myhman öz pikiri bilen gümrady. – Ha-bar-laş! Nurmuhammet aga daş çykdy. Taňry salamyny bermeýän iki nökeriň öwzaýynyň bozuklygy bellidi. Goja giňlige saldy: – Düşüberiň, ogullarym. Nökeriň biri kelpeňlenip, gaýşaryldy: –Wagtymyz az. Salgydyňy töle. –Büýlüňsalgydyny ýabymy berip, ýaňrak üzdüm. Çöldäki tapsyzgarra azar bermäň, ogullarym. – Mahawsyrama, ýedi derýaň suwuny içen mülhit. – Indikiňiz nämeň salgyd-aýt?–Gojanyň sesi gataldy: – Şer şanyň buýrugy şeýle: Geljek ýylyňkynam şu ýyltölemeli. – Şo eşekden başga malym-a ýok. Gojanyň kebzesine gamçy şarpyldap degdi. Içerden okdurylyp çykan Gülnäz arada keserdi: –Degmeň atama, eli kesilmişler. –Bo-ho, keýgim, demiň ýer ýarýar-aýt, – Kelpeň nöker Gülnäziň çomuç kimin saçlaryny goşaryna orap, çekiberdi. Ýaşuly elindenýapyşdy: – Goýber! – Aý-ryl!! – Goýber diýýän, itogly! – Gapydan dazlap çykan Baýram ýetişmedi. Gapdalyndaky nökeriň inderen gylyjy Nurmuhammet aganyň egnini sallady.Ol ýykyldy, yzýanyndan Baýramyňelineilen ýabasy ýeňsesine jaýdar degen nökeri-de atdan agdardy. Beýlekisiniň gylyjyny almagyna elinden berk ýapyşan Gülnäz päsgel berdi. Baýram mundan peýdalandy. Bars kimin atylyp, aljyran nökeriň ardynagondy-da, elini bokurdagyna aýlap, gaýşardyp gysyberdi. Demligi daralyp, gözi hanasyndan çykara gelen nöker Gülnäzi goýberdi. Baýram esli salymdan jansyz göwräni ýere oklady. Seňseläp, ýany aýňalan ikinjini-de, boýnundan çapan gylyç turmaga maýbermedi. Nurmuhammet aga gözi düşen Baýramyň ini düýrükdi. Onuň reňki hüýt gara, agzyndan gan gelip, eýmendiriji harryldaýardy. Gülnäz başujunda zar-zar aglaýar. Goja iňsoňky güýjüni jemläp, başyny galdyran Baýrama. – Og-lum, G-gül-näze hossarlyk et – diýmäge ýetişip bildi. Ikindiniň öňüsyrasynda, külbeden beýleräkde täzeje mazar döredi. Şondan soň, iki atly Gujarat ýoluna düşdi. Ýalňyz galan eşegem gulaklaryny keýerdip ekinçilige tarap ugrady. TORA DÜŞEN JEREN Selimäniň çaklamasy boýunça, Gandagar daşda däldi. Eşekdir düýeli, araba goşulan atly ýolagçylar görnüp ugrady. Olaryň käsi näzik ýüzli nökere gaňrylyp seredenini duýman galýardy. Ätiýaçlylygy elden bermeýän Selime göni ýoldan sowlup, gapdallaýyn gitdi.Ol şäherebaranda etmeli hereketlerini pikir öwrüp gelýärdi. Öldi habary-ha eşidilenok. Belki, zyndana düşendir. Harby eşiklerimi çalşyryp, köne-küşül geýerin. Bazara aýlanaryn, köpçüligiň üýşen ýerine baryp gürrüňlere diň salaryn. Ol kiçi-girim adam däl, mogol serkerdesi, garaz, habar eşidiler. Bu ýerini anyklasam, Agra giderin». Gün süýrdepä çykypdy. Basym asman ýüzüni bulut perdeledi-de, öýlänçi sepeläp, diňdi. Gün ýene göründi. Egrem-bugramlanyp pese akmaga synanan suwjagazlar ýolda siňip, ýitip galdy. Elbetde, yňdarylyp akmak üçin, doly gerek, ýöne ot-çöpüň başynda ak damjalar heniz üzlerläp-üzlerläp durdy. Tebigatyň täsin görnüşine çuň pikirden sabalan Selime pesejik baýyrlykdan aşak indi. Edil şol mahal, gapdaldan görnen bölek atly geçiberjek ýaly etdi-de, oňa tarap gönükdi. Selime atyň ýüzüni yza öwrüp, gamçy çaldy, janawar duýdansyz urlan urga segräp, ýapgyda ýarmaşdy. Selime aşak düşýänçä, kowguçylar depede göründi. Olar üçe bölünip, iki gapdaldan hem-de yzdan sürüp ugradylar. Duşmanyň tilsimi düşnüklidi. Gabamak isleýärler. Gelin aljyrap, el-aýagyny ýitirdi, muny aňlan at çaşgynlap büdredi. Selime onuň boýnuny gujaklap, ýykylman zordan saklandy. «Gorkajyk towşana meňzeýäň. Beýle garşylyga döz gelip bilmejekmi, busup, öýde ýatmaly ekeniň, serkerdäniň gelni». Şeýle gyjydy özüne beren Selimedodagyny gan öýdürerläp dişledi. Dogumlanyp, jylawy deňledi. Eýesindäki özgerişligi duýan at aýak alşyny düzüwledi. Yzdan kowýanlaryň üçüsi öňe zomady, ikiýandakylaryňam barha ýygylaşýanlygy bildirdi. Selime gaňrylyp, atdy. Peýkam atyňdöşünden çümüp, çarpaýa galdyrdy, ikinjisi has öňe saýlanan duşmany serreltdi. Galanlarynyň az-kem bady gaýdyşdy, oňa derek ganatdakylaryň gönügeni boldy. Ýüregi düşüşen Selime sag tarapdan dazyrdap gelýäni nyşana aldy. Ol peýkam atylanda aşak eglip, oky sowa geçirmäge ýetişdi. Ikinjisiniň atyny ýüzin ýykdy. Selime onuň söbügini sydygrylap gelýänem atyp urdy, duşman pälini üýtgetdi. Ýerli-ýerden atdylar, peýkamlar atyna çümüp, ýykdy. Gelenler özlerine eýgertmän ýöreniň zenan maşgaladygyny görüp geňirgendiler. Urlup, ýüzi persala edilen Selime şäheriň «Demir gala» türmesine gije getirildi. Munuň ýönekeý garakçy däldigini jellatlaryň baştutanyna mündüribräge aýtdylar. Ol berlen sowallara kelam-agyz jogap bermeýän Selimäni daňdan Şer şanyn gaşyna eltdi. Şanyň keýpi çagdy. Gurrumsak Baýramyň kellesiniň alanlygyny ilçi habar beripdi. Indi lellim Humaýuny düýp-teýkary bilen ýok etmek başardar, sebäbi onuň ganaty gyryldy. Ganatsyz guşuň uçup bilmeýänligi çaga-da aýan. Şa tagtyndan düşüp, ýesire golaý gelendeaňkaryldy. Älhepus, beýlede bir gözel zenan bolar oguşýan, ýöne naýynsaplar muny nädäýipdirler. Ýüzi pişik dyrnaçaklan ýaly, gögerip çişen ýerem bar. Şa perraçlaryň baştutanyna alarylyp seretdi, ol gelip, gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Hökümdar gaýra çekilip, etini gataltmak isledi, emma sesiniň mylaýym çykanlygyna jellad-a däl, özem haýran galdy: – Haýsy ýurduň jereni? Selimedymdy. – Şanyň ýöneksý perraç däldigini unutmagyn. –Ol endigi boýunça barmaklaryny gursagynda oýnadyp gezmeledi: – Elbetde, nökerler Sizi horlandyrlar, ýöne olaryň ikisini öldüripsiňiz. Işbu nazarýetden ugur alsaň, jezaňyz eýýäm belli. Şa urşujysy towuk däldir. Munuň aýdýanlarynyň jany bardy. Günäkär ol. Geplemeli. Belki, ölüm penjesinden sypmak başardar. Şa mylaýymsyraýar. Nähili maksady barka?.. – Olar meni öldürmek isläp, kowaladylar. – Saýýatlar jereni kowubam tutýarlar–Şa ala gözlerini oýnaklatdy. – Çyn jerenler emelsiz saýýada aňsat aldyrmaz. Jogap göwnüne ýarady öýdýän, Şer şa loh-lohlap güldi. – Adyňyzy aýdyň, edermen gelin. – Mahwi*. – Biziň ilde hatynyň söweş lybasyny geýip, ata çykýany seýrek duşýar. Sizi näme mejbur etdi, gözel Mahwi? Selime ýaýdandy, şanyň göwnüne güman gitmez ýaly, säginmän, jogap bermelidi. Emma onuň ýöwselleýşi hökümdaryň synçy nazaryndan sypmady. – Gandagarda dogan-garyndaşlarym bardy, şolara görme-görşe gaýtdym. Harby lybasy ätiýaçlylyk üçin geýdim. –Jogap bermäge ýaýdandyňyz. Siziň deliliňiz boýunça muňa pikirlenmek hökman däl. –Şa içiňden geçip gelýän nazaryny Selimä dikdi: –Siz tütjar täjiriň ýa-da şazadanyň gelni. Perraç eline bermäge dözemok, ýogsam, jezaňyz ölüm. Teklibim şeýle: Meniň aýalym bolarsyň, şolam betbagtlykdan halas eder. Sizden dogan çaga, duşmanlaryma gurt darkaşyny salar. – Men biriniň nikaly gelni. –Şer şa hatynlaryň göwnüne degmek islänok. Ýogsam sizi... – Hökümdar, näme üçindir, kürtdürdi. Sözüni soňlamasa-da, aýtmak isleýäni Selime üçin düşnüklidi: «Ýogsam sizi zorlap boýun egdirin». – Ýok, men size aýal bolman! Öldüriň, tizräk!! Şa içýakgyç güldi: –Ölmäge howlukmaň, gözel Mahwi! Pikirlenmäge az-kem puryja berýän. –Şa beýlesine öwrüldi, ýanynda doňup duran jellatlaryň baştutanyna pyşyrdap aýtdy: – «Demir galada» ýatsyn. köşeşer, soň haremhana eltiň. Jellat Selimäni köşkden çykardy. EDHEM HAN WE EDERMEN ÝARMUHAMMET Edhem han Kannawjyň sebitindäki uruşda Humaýunyň ýeňiljekdigine göz ýetirensoň, garma-gürmelikde sowuldy. Ol ep-esli wagt o ýan-bu ýanda kaňkap gezdi. Ahyry Gandagara gelibem, çemini tapyp nökerlige ýazyldy. Şondan salym geçmänkä, türme naçalnigiň ynamyna girip, golastynda işläp başlady. Haçanda Selime «Demir gala» zyndanyna getirilende, ony gördi. Ilki gözlerine ynanmady, ýöne bu zeminiň ýalňyz Aýy Selimedi. Onuňsabyr-takaty gaçyp, gursagynda harasat gopdy: «Nädip boşatmaly? Eger boşadaýsam, Selimäniň näzik elleri meniň ýüzümi syparmy? Baýramy öldürenlerinden habary barmyka? Bolmasa aýdaryn. Ondan tamasyny üzer, onsoň Humaýunyň demi düşmejek ýere äkitsemem gelişmän durmaz». Edhem han Selimäniňsaklanýan zyndanyny bildi. Jaýyň demir gapysyny satanlak, uzyn nöker açyp-ýapýardy. Ol Selimäni azat etmegiň başga ebeteýini tapmasa, nökeri öldürip biljekdi, ýene zyndanlaryňdaşyndaky «Demir galadan» guş bolup uçaýmasaň, geçmek başartjak däldi. Derwezebanyň ugruny tapmalydy, ol hem işine jür kişidi. Gije-girimde buýruksyz gelmek ýa-da telek gürrüňi agzyňdan gaçyrmak ölüm bilen barabardy. Halys kelebiň ujuny ýitiren Edhem han: «Belki, şanyň derhähine baryp, Selimäni dilärin» diýibem göwün ýüwürtdi. Basym Şer şanyň Selimä aýdan teklibi gulagyna ilip, ol pikirinden dändi. Edhem han odur-budur almak üçin bazara bardy. Bazaryň şowhuny asmana galýardy: – Waharman gawun alyň! Edil bal kimin şirin! – Kişmişe geliň, kişmişe! –Halwa aljak bäri gelsin, how! Ol ýarag satýanlara gönügende biri elini patladyp egninde goýdy. Köne-küşül geýim-gejim geýip, saç-sakgala basan ýigidi zordan tanady: – Ýarmuhammet... – Edhem han... Ýigitler görşüp, gyra çekildiler: – Halyň niçik. Edhem han? – Erbet däl. –Asyl, diri ekeniň-ow. – Görüp durşuň ýaly-da. – Hym. Bular sessiz-üýnsüz biri-birine düşünişip, bazardan çykdylar-da garry güjümiň kölegesine bardylar: – Bi ýerlerde näme işläp ýörsüň?–Bu sowaly ilki Edhem han bermelidi, emma Ýarmuhammet öňürtdi. Näme diýmeli? Dönükligimi güman etdi öýdýän. Perraçlara şugullap tutduraýsam nädýä? Indi sypdyrmaz, hemralaram bardyr. Keýpine sümsünip ýören däldir, belki, jansyzlyk edip ýörendir. Humaýunyň dikelmek hyýalybar-ow. Onda ynanar ýaly zat aýtmaly. –Ol üstüne abanan Ýarmuhammediň aldajy nazaryna bakdy:–Gaçyşlykdaözümiziňkilerden azaşdym. Gizlin gezip ýördüm, Selimäniňzyndanadüşeninieşidip, şähere geldim. Boşatjak bolýan, başa baranok. Ýarmuhammediň göwnündäki güman şobada aýryldy, ol Edhem hanyň goşaryndan tutdy: – Menem şoň ugrunda, gözläp tapman ýörün. Dymyşlyk ara düşdi. Edhem han töweregine ýaltaklap, ýuwaşja gepledi: – Ýeke özüňmi? – Ýok. – Hany,adamlaryň? –Ikisi bazarda, beýlesi şäheriň gyrasynda gizlenip durlar. – Hemmäňiz näçe? – On bäş. – Bi ýerden gideli, göze ilgiç. Ýarmuhammet özi ýaly köne-küşül geýen nökerlerini alyp geldi. Bular şäheriň çetinde gizlenenleriň ýanyna ugradylar. Gijäniň köpüsi geçdi. Göze dürtme tümlük. Atlylar galanyň düýbüne geldiler. Ýarmuhammet ujy gaňyrçakly ýüpi ýokary oklady. Ilişmedi. Ýamaşgandan zyňdy. Bu gezek şowuna düşdi. Ol çekip gördi-de, dartylan ýüpden dyrmaşyp başlady. Galanyň depesine çykyp, ýüpi beýle tarapyna sallady, syrylyp aşak düşdi. Pişik basyşyny edip bardy-da, irkiljirän derwezebany bogup öldürdi. Açary alyp, derwezäni açdy, şuňa garaşyp duran atlylar gala kürsäp girdiler. Ýarmuhammet Edhem hany öňüne saldy. Atlylar bilensakçylar garpyşdylar. «Wah» edip ýykylýan adam sesleri eşidildi. Satanlak nöker Edhem hany görüp, aňk-taňk boldy, onuň ýanyndaky mähnet pyýadanyň dembermezi egnini sallady. Ol gürpüldäp ýykyldy. Demir gapyny şakyrdadyp açan Ýarmuhammet: –Selime, uýam!–diýip, seslendi. Güpür-tapyra gulakasyp ýatan bendi: «Häh» diýip kelteje jogap berdi. – Bu, men, Ýarmuhammet. –Edhem han-da bar. Olar daş çykdylar. «Demir galanyň»ýerzemininde ömürlik bendilige höküm edilenler saklanýardy. Bendiler daşarda üýtgeşikligiň bardygyny aňdylar öýdýän, iňňildeşdiler: – Biziň ömrümiz çüýrejek, halasediň! – Kömek ediň, doganlar! – Wah, demikdirme, öldürdiň! Ýerzeminiň ýeke gapysyny diňe Edhem han bilýärdi, olam topulyp gelen sakçy bilen gylyçlaşýardy. Diňşirgenip, ikirjiňlenýän Ýarmuhammede: – Olaryň gapysyny tapmak kyn! Eglenme-de gaç!–diýip, gygyrdy. Selimetaýýaredilen ata mündi. Ýarmuhammediň sowudyna hanjar degip, seslendi. Ol ikinji gezek elini galdyran sakçyny serreltdi. – Gaç!!–Edhem han jynyssyz ses edip, ýene gygyrdy. Iki atly derwezeden dazlap çykdy. Daňyň öňüsyrasynda bellenişilen ýere dört atly gelmedi. Ýygnananlaryň diňe biri ýeňil ýaralydy. Gala hüjüm edenler günbatara tarap, gyssanmaç at saldylar. ŞER ŞA GAZABA MÜNÝÄR Baş wezir Şer şanyň keýpine sogan dogrady. Ol:– Meniň hökümdarym–diýip, tagtynda hum ýaly çişip oturan şa ýallaklap ýüzlendi:– Hakykatyň suwy ajy bolsa-da, ýuwutmaly bolýar. –Aýdyber – Şer şa gozganmady. –Bir gawun sakçynyň gyzy iki sany salgyt ýygnaýjymyzy öldürip, gaçyp gidipdir. Gözleg dowam edýär, uç berenok. Şa gözlerini alardyp, indiki sowuk habara garaşdy: – Bir çarwa owgan obasynyň adamlary salgyt ýygnaýjylarymyzyň sakgal-murtuny otlap, ata ters mündürip goýberipdirler. Galmagalyň turmagynyň sebäbi şeýle: Obanyň ýüwrük aty bar eken. Jansyzlar ony salgyt ýygnaýjylara aýdypdyrlar, olar saňa sowgat üçin alypdylar. Öý eýesem obada ýok. Gözleriniň alnynda atyň äkidilişine gahary gelen ýigitler salgyt ýygnaýjylary şeýle edipdirler. Patyşa gozganjyrady. Wezir zowzanaklady. –Oba kethudasyny diri tutup, getirip dardan asmaly. Patyşa nökerine el galdyrylan bolsa, günäkär ol. Topalaňçylary gyryp, oba-da ot beriň. Şo ýer baýguşyň mekanyna öwrülsin. – Araky getirilen Mahwi atly gelin gaçypdyr. – Nä-me?! – Şa laňňa galdy:– Näme samraýaň? –Näbelli atlylar sakçylara hüjüm edipdirler. Baş perrajyň garamagynda işleýäniň biri Humaýunyň jansyzy eken. Olam gürüm-jürüm ýitipdir. Şa gahardan ýaňa ýarylaýjak-ýarylaýjak bolup, bokurdagyna elini ýetirip, ýakasyny açdy. – Eşegatalylar, pamyk üstünde paýpyldaýaňyz. Raýatyndaky nökeri tanamaýandan baş perraç bolup bilmez. Ony şu günüň özünde işden boşadyň! – Lepbeý, meniň hökümdarym. –Wezir saňňyldady:–Badahşana giden jansyzlaryň üçüsi geldi, galanlary bilnip, jezalandyrylypdyr. – Jansyzlar bilen jikme-jik özümem gürrüň ederin. Gysgaça aýt, Humaýun nä pikirdekä? – Nökerlige adam almasyny artdyrypdyr. Eýran şasy Tahmaspdan kömek soramak hyýalam bar. – Humaýunyň doganlary bilen gatnaşygy gowulandymyka? – Ugry ýokmuş. – Baýram hanyň öldürilenligini bilýärmikä? – Gözläp tapmandyrlar.–Wezir ýene bir zat aýtjak ýaly gultunyp, sakyndy. – Aýdyber. – Jansyzlaryň aýdyşyna görä, gaçan gelniň çyn ady Mahwy däl-de, Selime Soltan begim eken. Muhammet Baýram hanyň aýaly. – Wezir büküljiredi. Şanyň gulagynyň düýbünde hut ýyldyrym çakana döndi. Ol saňňyldap, ilki gaýkardy, soňra weziriň çat maňlaýyna bardy. Hamala bu zatlara wezir günäkär ýaly, hanasyndan petrop çykyp barýan gözleri bilen ony iýäýjek-iýäýjek boldy, onsoň, ýuwaş, emma azmly aýtdy: – It ogly, ony ýere girenem bolsa, tapyň! Wezir saňňyldap gapa ýöneldi. Şa tagtyna münüp, lampa aşak oturdy. NÄBELLI TAÝPA Baýram han uzak ýol söküp, gijara Gujarat hökümdary Soltan Mahmydyň mülküne baryp ýetdi. Soltan ony güler ýüz bilen garşylady. Iýip-içip, ençeme gün dynç aldy. Humaýunyň Eýran şasy Tahmaspdan goşunkömegini soramak üçin ýola düşenligi baradaky çaklama habary eşitdi. Onuň indi bu ýerde eglenesi gelmedi. Gülnäzi ganatynyňastynda saklamagy Soltan Mahmyda berk tabşyryp, Humaýuna birikmegi ýüregine düwdi. Gujarat hökümdary oňa saýlantgy türkmen atlylaryny berdi. Ol ýola düşdi. –Yzsyz-tozsuz, çarkandakly ýerdenem gidildi. Peseňräk daglygy mekan edinip, Şer şadan içi kitüwli bölek atly-ýaragly ýigitler oňa goşuldy. Näbelli, hatarly ýollar Humaýuna duşurarmyka? Azaby biderek bolaýmasyn? Bolmanda Eýran şasyny tapmak başardar. Uzakdyr. Takdyram oňa häzirlikçe diňe kynçylygy eçilýär. Azyk-owkattükenip ugrady. Sümmetokaýlygyň gyrasyndan girdiler, ep-esli gidilensoň, asman reňk dury kälüň üstünden bardylar. Baýram şu ýerde düşläp, surnugan atlylaryna dynç bermek isledi. Aw-da bardyr. Goş ýazdyryldy. Her kim tapanyny garbandy, töwerekde sakçy goýlup, gün gijigse-de köpüsi aw awlamaga pytrady. Baýram kölden mazaly saýlanyp, tokaýyň selçeňlenen ýerine bardy. Şu ýerde-de gözleýän zadyndan uç tapdy. Ähtimal, köldensuw içip çykandyr, ýodajyk şekilli uzalýan täzeje keýik yzlary sataşdy. Şeýle pursat, awçy-da şahyra meňzeýär öýdýän. Agtarýan nepis sözlerinitapan şahyrhasylhamlanýar. Keýik yzlarynygören Baýram-da janlandy, sagdagyndan peýkam aldy. Onuň çaklamasy dogry çykdy, keýikler uzaga gitmän, oýtakda egrilipdirler. Peýkam şobada birini ýere ýazdy. Gürre ören süri daýyrdaşyp aňry gaçdy. Baýram aýagyny kakyp ýatan keýigiň damagyny çalyp, ata ýüklemäge-de howlukdy. Ol süriniň yzyndan atyny ýüzin saldy. Çemini tapyp, arany mazaly açan keýiklere ikinji peýkamyny gönderdi. Peýkam agaja çümdi. Baýram has aňry gitdi, emma süri gürlüge urup, pytrady. Baýramy kuwwatly şahalar geçirmedi. Ol awçy göçgünliligi bilen şahalary kesişdirip öňe omzady, sebäbi keýikler daşa gidip bilmedi däldi. Derläp, ýetişibildiginden ýoluny açaýan Baýramyňöň ýanjagazyndan eýmenç haşyldy eşidildi. Elheder eden attisginip, saklandy. Şaha çolaşyp, ýarpy göwresini galdyran elhenç gara ýylan geň galýan şekilli sowuk gözjagazlaryny oňa dikip, owsun atýardy. Baýram pişik çakganlygynda hereket edip, ony atdy-da aşak ýapyryldy. Kellesinden peýkam çümen ýylan zyňmaga ýetişmedi, düýrlüp-ýazylyp, patlap ýere gaçdy. Baýram gürlükden çykanda gün ikindi ýerine yňlypdy, Ol diňşirgendi. Yns-jyns bara meňzänokdy, tokaý ümsümligi ýüregiňi gysdyrýardy. Öldüren keýigini tapmak üçin ýagtygözin yzyna öwrüldi. Edil şol mahalam gapdalyndaky agaçlara atylan peýkamlar çümdi. Gymyldaberjek boldy weli, peýkamlar gulagynyň düýbünden şuwlap geçdi. Agaçlardanböküp düşen hüýt gara adamlar wagyrdaşyp, daşyny gabady. Olar saç-sakgaly ösgün, ýarym-ýalaňaçdy, özlerem ok-ýaý, pyçak, serdesse bilen ýaraglanandy. – Siz kim? Baýram indi, arap, pars, türkmen dilinde sowalyny gaýtalady. Olar düşnüksiz dilde geplediler hem-de ýerli-ýerden «atdan düş» diýen manyda ümlediler. Ol atdan düşüp-düşmänkä güpbasdy edip, elini gözüni daňyp äkitdiler. ...Ony itekläp goýberdiler-de sakladylar, onsoň gözleriniň daňysyny çözdüler. Iňrik garalypdy. Lowlap ýanýan oduň ýagtysyna kümeler görünýärdi. Belent sekiniňüstünde oturan çal sakgally adam oňa gazaply seredýärdi. Onuň başynda, ähtimal herdürli guş ýeleginden edilen bolsa gerek, aý şekilli geňgabybardy. Gelenleriň biri golaýrak baryp, bir zatlar düşündirdi. Çal sakgal taýpanyň serdary bolmaga çemeli, elini salgady. Basym endam-jany persala edilen adamy idenekledip getirdiler. Ol saňňyldap, aýak üstünde zordan durýardy. Oňa Baýramy görkezdiler. Bendi başyny ýaýkady. Serdar azymly gepläp, barmaklaryny ýumup başlady. Bendi aýylganç gygyryp, oňa topuldy, emma ýetirmän, ýüzin ýykdylar. Oňa duşmanyňelinden ölmezlik nesip etmedi, gaňryp damagynyçaldylar. Baýramyňini düýrükdi: «Belki, bular adam iýijilerdir». Gör, ol nirä düşüp ýör. Ony serdaryň ýanynda uzak saklaman, kümäniň birine südürdikläp saldylar. Içeri tümlük. Gapyda garawul gezmeleýär. Diwara ýaplanan Baýram jaýyň kuwwatly pürslerden edilendigini bildi. Gaçmak hakyndaky pikiri kelläňden çykmaly. Zyndandan şowly gaçmak ynsan ömründe bir gezek bolýandyr, olam geçdi. Atlylary gözlege çykar, ýöne aýsyz garaňky gijede tapyp bilerlermikä? Hüşgärligi elden beräýmeseler ýagşy bular söweşjeň taýpa, ädimiňi çala ýalňarsaň, pürrelejek. Onuň üçin, öň Abulkasym janyndan geçdi, indem bütin atlylaryň heläkçilige uçrajak gorkusy bar. Eý, taňry, küpür geplesem, hatamy geç! Sen ýeriňdemi beri? Eger şeýle bolsa, atlylary gözlege gije çykmasyn, goý, Baýram ölse ölsün! Bir sowalym bar: Nä sebäpli, ynsany biri-birine ýagy etdiň? Ynha, ýarym-ýalaňaç, geň taýpa, bendini nädip öldürdiler. Adamzat, haçan rahat ýaşajak? Şeýle zaman gelermikä? Baýramyň pikiri garjaşyp, eýlä-beýlä gozgandy, Daşarda çaganyň aglaýan sesi eşidilip, tapba kesildi. Ol ýitiren höwrüni tapyp, birden, ýene ondan jyda düşen bürgüde döndi. Elewredi. Kysmat ýaş başyndan ýowuz güne köp sezewar etdi, ýöne ýalňyzlykdan aýylganjy ýok eken. Baýram damagy çalnan adamy ýadyna saldy: olam del taýpa. Megerem, meni tanap-tanamaýanlygyny soradylar öýdýän, özi-ä, mert kişi eken. Diňşirgendi. Güpür-tapyr gulagyna ildi. Göwnüne garawul öldürilen ýalydy. Basym kümäniň ýeňsesinden tüsse burugsap, agaçlar şatyrdap ýanyp başlady. Demligi daralan Baýram laňňa galdy. Yzanda-çuwanlyk gopdy. Çagalar aglap, aýallar eňrediler. Erkek adamlaryň möjegiňkä meňzeş uwwuldysy eşidildi. Ýüz gözüni ýalyn çawlaýan Baýram işige çekildi. Gygyrmak peýdasyzdy. Düşnükli dilde gepleýän adam sesleri eşidilenokdy. Galmagal-gowga tomus çabgasy ýaly, birden diňdi. Baýram gözlerini ýumup, hoňkaran tarapa özüni urdy. Oňa daş çykmak başartdy, ýöne egin-başyna ot düşdi, ýere togalanyp zordan söndürdi. Endam-jany weli, awaýardy. Halas bolmak duýgusy bu agyryny unutdyrdy. Ol ýatan köze ýüpi tutup, eliniň daňysyny ýakdy, bukulyp, töweregine sersaldy. Çar ýany ýagtyldyp, kümeler lowlaýardy. Garnyndan peýkam çümen, çapylan adamlar sergi bolşup ýatyrdylar. Ýekeje iňňildem çykanok. Ýokary tarapda uzyn kölegeler tokaýyň gürlügine siňip barýardy. Diýmek, özge taýpa çozup, bu taýpany tohum-tiji bilen gyrypdyr. Baýramyň sekiniň üstünde serlip ýatan serdara gözi düşdi. Bularyň oňuşmaýan zady nämekä? Ybaly ýaşaýyşlary-da ýok, ýarym-ýalaňaç gezişip ýördüler. Belki, damagy çalnanyň taýpasydyr, olar. Şeýdip, ar alandyrlar. Ol yraň-daraň edip, günbatarlygyna ýöneldi. Uzak gitmänkä, çaýkanjyrap ýatan mawy kölüň üstündenbardy. Gorkuly düýş görüp, henizem şonuň täsirinden çykyp bilmedik ýaly gelýän Baýram sowuk suwa eňegini basyp, ganýança içdi, el-ýüzüni ýuwdy. Pikirini durlap, demirgazyga garşy ýöredi. Daň atdy. Temiz säher şemaly ajy tüssäni kowdy. Şu mahal Baýramyň gyrlan taýpa ýüregi gyýyldy, ýöne magat eşidilen at aýagynyň dükürdisi pikirini duw-dagyn etdi. ...Ah-ho-ow!! – Baý-ram!! Baýram, howw!! Ol gijeki horlugy unudyp, özüniňkilere tarap ylgaşlady. DUŞUŞYK Uzak mahallap, şol gyrlan taýpa Baýramyň ýadyndan çykmady, ýogsam, nälet siňmiş tokaýdan bireýýäm çykylypdy. Şatlama aýazly gyşgeçdi. Sowuga çydaman, nökerleriňöleni, dümewläp açylany boldy. Ýüregedüşgüç, üznüksizýol ýöremekonuňözüni-debezikdirdi. Häzir alabahar günleri. Duýdansyz ýagýan ak ýagyş öňe gitmegi togtadýar. Zemin al-ýaşyl öwsüp, görküne geldi. Tebigat gözelligi Humaýuny tapman, gaharjaň bolan Baýramyň-da kalbyny ýumşatdy. Bir gezek atynyňaýagy kakyp, ot içindäki höwürtgänibozdy. Ondangyzyleteneje çaga guş jüýgüldäp beýlä düşdi. Baýramyň ýüregi mynçgylandy. Depesinde eýýäm torgaý guş pelpelledi. Ol atdan düşüp, höwürtgäni bejerdi, guşjagazy ýerinde goýdy. Atlarynyň başyny çekip, Baýram hanyň çaga hereketlerini gören nökerler geňirgenişip biri-birine seredişdiler-de, seslerini çykarmadylar. Soňra aýagy döwük jereniň üstünden bardylar. Nökeriň biri damagyny çalmak isledi. Baýram ony saklap, yza çeken jereniň owadan, gamly gara gözlerine seretdi-de, golaý ýandaky batgalykdan gamyş getirtdi, ony seýikläp, goýberdi. Muňa beýlekiler-ä däl, onuň bilen has içgin gürrüň edýän Jamal-da haýran galdy. Ol taýýar huruşdy. Siz onuň säbäbini bilmersiňiz, edermen nökerler, jeren gözleri Selimäniň gözlerini ýadyna saldy ahyry! ... – Baýram han, söýünji! – Ýigitlersöýünji! Aňtawa giden atlylar gygyryşyp gelýärdiler. Baýram towsup münüp, atyny ýüzin saldy. Beýlekilerem şeýtdiler. Gelýänlerem yzyna dolandylar. Elbetde, Humaýun tapylandyr, ýogsam, olarbeýdip gygyrmazdylar. Tiz jeňňelligiň gyrasyndan bäri eňip gelýän bir topar atly göründi. Iň öňdäkini Baýram magat tanady. Humaýun! Iki tarap garyşdy. At üstünden gujaklaşan dostlar ýere düşdüler. Näzik ýüzi ýele-güne gaýzygyp, biraz horlanan Humaýun hamsykdy. Bular çadyra barýança bir göwre öwrülip, kelam agyz sözsüz gitdiler. Duşuşyk pursaty öz-özünden toý dabarasyna öwrüldi. Ot ýakylyp, çişe düzülen etler jyzyrdaşdy, aşpezler gazanyň töwereginde gowadaklaşdylar. Şahandaz hindi nökerleri sitar6çalyp, aýdyma hiňlendiler. Olar giçlik ikiçäk galdylar. Baýram öz başyndan geçenleri gürrüň berdi. Abulkasymyň ölümine gynanan Humaýun özüni zordan dürsäp: – Gadym eýýamda bir gezek alňasap barýan Bagtdan: – «Nirä howlugyp barýaň?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Külde oturana» diýip gysgaça jogap beripdir. Bendilik–garyplykdanam eýmenç. Göwnüňe alma. Garybyňbagty ömründebirgezek çüwse, seňki iki gezek çüwüpdir– diýdi. Keýpi köklenen Baýram: – Men garyp del-ä –diýip, degişme äheňinde aýtdy. – Elbetde. – Hym.–Dostlar çyn ýürekden gülüşdiler. – Meniň Kazwine gaýtmagymyň maksadyny eşitdiňmi? – Hawa. – Oňlaýaňmy? – Gürrüňi ýok, bu barada özümem ençeme gezek kelle döwdüm. –Kamrandyr Askar göwnemedi. Hindaly, öwrülýäňçäm ornuma belledim. – Hym... Selime niçik? Humaýun ýazykly çaga kimin başyny aşak saldy. Kalby betbagtlygy syzan Baýram egilibräk gepledi: – Gönüle, ikimiziň aramyzda pynhan syr bolmasyn. – Ol bir gije ýitdi. Ýarmuhammedi gözlege iberipdim. Gam çekme, Selime diridir, megerem, seni gözleýändir. Indi Baýramyňbaşy aşak sallanyp, wagty hoşlugy huşundan uçdy. Şundan soň üç gün ýol ýörediler, Humaýun her näçe gürrüňçilige çekmege jan etse-de, ugry bolmady, köplenç dymyp gitdi. Onuň düýpli aladasynyň barlygyny nökerlerem duýdular. Ylaýta-da, Jamal pelesaň urdy, soramaga weli, milt edip bilmedi. Humaýun gök don geýnen owadan baýyrlygyň eteginde çadyryny gurdurdy. Ol agşam Baýrama: – Baýram, «Müň gaýgy bir iş bitirmez»diýmäň bardy. Özüňi ele al, maslahat etmeli–diýdi. Dosty altyn çaýylan pyýaladaky şeraby bir demde içip, oňa nazaryny dikdi. – Özüň bilýäň, Kazwin indi daş däl, muny duşan çopanlaram aýtdy. Biz indi nähili hereket etmeli? Uzak ýol söküp gelýäris, Tahmasp goldarmyka? Baýram eline ilen çöpjagazy oýnaklap, esli güýmendi-de, şeýle diýdi: – Men sowgat-salamyňy äkidip, öňürti gideýin, hamala ilçimişim-dä. Belki, ugruny tapmak başardar. – Çoh, ýagşy! Baýram ertesi, Jamaly, ýene bäş-alty ýigidi alyp, üçülenji gün gylyç kimin keserip ýatan baýra çykdy. Etekde gurulgy çadyr gözüne ildi. Aralykda bir topar atly, bärräkde asmana seredýän ýeke adam göründi. Baýram-da şol tarapa äňetdi. Eýle-beýlä okkessirme geçýän algyr bir torgaýy alarlap ýördi. Torgaýyň zaryn jüýpüldisem eşidildi. Algyr öwrüm edip, torgaýy kakdy, onuň ýelejikleri gaýmalaşyp aşak gaýtdy. Tomaşa edýän adam muňa çydamady, ýaýyny çenäp algyry atdy. Ok bişow geçdi. Algyr sap atyp, torgaýa gaýtadan hüjüm etdi. Öjügen ýyrtyjynyň bu gezek awuny heläklejekligi ikuçsuzdy. «Ol adam patyşa-ha däldir, sebäbi patyşalar beýle rehimdar bolmaýar. Onuňejize kömek edesi gelýär» diýip, pikirlenen Baýram aşak inip, gelşine sary ýaýdan peýkamy goýberdi. Ok degen algyr ilki çaýkandy-da, göni aşak düwlüp gaýtdy. Ölüm penjesinden sypan guşjagaz minnetdarlyk bildirýän şekilinde ýeke adamyň depesinde şadyýan saýrap, uçup gitdi. Ýalňyşdyň torgaý, halasgäriň bärdedi ahyry! Aý, zyýany ýok, esasy zat bagtyň çüwüp, erkinlikgazandyň. Baýramyň şu ýerde biygtyýar türmeden gaçyşy ýadyna düşdi. Humaýun aýtmyşlaýyn, bagt «küldeoturan» torgaýjyga gülüp bakdy. Oňa garşy iki atly gaýtdy, gelip, garşysynda saklandy: Biri parsça gepledi: –Beg ýigit, tentegräkmiň, şanyňawuny urduň. Ýör, öňedüş! – Jamalyň ýüzüni köp manyly gözlän Baýram at göçümini etdi: – Haýsy şa ol? – Külli Eýran topragynda hökmürowan ýeke-täk Tahmasp şa bardyr. Onuňömri uzak bolsun! – Beli, serbaz. Olar şa tarap gönükdiler. Baýram atdan düşüp, patyşa çalaja baş egdi. – Han ýigit, şir awuny tilki agzyndan alsa, niçik bor? – Tilkiler gönüläp, şir awuny alyp bilmezler, beýikhökümdar! Jogap göwnüne ýarady öýdýän, şa moýmudaklap, bäri gaýtdy. Baýram-da oňa ýöneldi. Görüşdiler: – Tahmasp şa. – Muhammet Baýram han, türkmeniň baharly kowmundan. Seýfaly begiň ogly. Patyşanyň dolmuş ter ýüzi, gözleri oýnaklap durdy. Onuň wagthoşdy, garşysyndakyny basmyrlajak bolman, çaga kimin ýyljyraklaýardy. Başyndaky lowurdaýan tylla jygasyny aýyrsaň, handan tapawudy ýok ýaly görünjekdi: –Biziň çadyra gideli, gonagym bol, Baýram han. –Lepbeý, ähli musulmanyň diregi Tahmasp şa. Atlaryny getirdiler, ikisi çadyra gönükdi, beýlekilerem yzlarynadüşdüler. Desterhanyň başynda Baýram han: –Hökmürowan Tahmasp şa, Babur patyşanyň ogly Humaýundan köp dogaýy salam getirdim. –Babur şanyň ýatan ýeri ýagty bolsun. Humaýun aşnamyzyň haly ýagşymy?Patyşanyň «aşnamyň» diýip, süýjüdip geplemegi, Baýramy gylawlandyrdy, aýtmagyň wagty geldi hasap etdi: –Özem gelýär. Patyşa agzyna ýetirip barýan käkilik buduny saklady, ýüzünde geňirgenmek alamaty göründi, soňra öňki keýpihonlugy bilen: –Gaty gowy–diýdi. Iýlip-içilenden soň, Baýram gapa baryp, elini çarpdy. Jamal şol bada häzir boldy: –Sowgatlary getiriň! Ilki uly sandygyň agzyny açdylar. Gyrmalap duran tylla teňňeleriň lowurdysy gözleriňi gamaşdyryjydy. Göwni biten patyşa gyrçuw sakgalyny sypalaşdyryberdi. Hindi zergärleriniň altyndan we kümüşden ýasan zynatly gaplary, gymmat baha daşlar getirildi. Tahmasp patyşa pil süňkünden ýasalan statuýajyklara höwesli seredýärdi. Ýüpek matalar orta döküldi. Olaryň içinde hindi dokmaçylarynyň ýönekeýje stanoklarda dokan, gadymýetden bäri meşhurlyk gazanan «agşam çygy» atly matasy-da bardy. Iň soňundan nepis türkmen halysy çykaryldy. Açgöz patyşanyň nebsewür gözleri älemgoşar öwüşgünlerini düýpsüz umman kimin ýuwudyp, doýmaýan şekillidi. Ol bir zatlar samrady, emma Baýram düşünmedi. Şikärde gezip ýören patyşa eýýäm gün öýleden agansoň awa çykmagy goýbolsun etdi. Gabak oýny4başlandy. Agşam gürrüňçilikde şerap içip, gözlerini mekirleç süzgekledýän Tahmasp şa: – Humaýun aşnamyzyň biziň ýurda saparynyň maksady näme? Görme-görüşmi? – diýdi. Baýram bu sowalyň berlerine garaşýardy. Ol pyýaladaky şeraby içip, gobsundy, aýtmaly sözleri öňem oýlanypdy, ýene pikir eleginden geçirdi. Geleli bäri, patyşanyň öwgüni halaýanlygyny öz ýanyndan belledi. Şeýle-de, Tahmasp göwniýeten garşydaşynyň-da öwgüsini ýetirdi. Ol Baýramyň algyry urşuny ençeme gezek magtady. Baýram onuň inçe damaryndan tutup: – Beýik Tahmasp patyşanyň döwleti yranmaz, sebäbi onuň ýiti akyllylygy, Rüstem Zal dek batyrlygy biziň iliň çäklerinden daşarda-da meşhur. Alyhezretleriniň başyny ik ýaly pyrlajak bolamok, men eşidişimi habar berýän. Humaýunyň sapary barada... – Baýram säginip, ýekedyz oturdy: – Ol size hossary hökmünde goşun kömegini soramaga gelýär. –Gyşaryp ýatan patyşa dikelip, ýeser gürrüňdeşine galagoply nazaryny dikdi. Baýramdowam etdi: – Näkes Şer şa Babur şanyň ogluny kanuny mülklerinden mahrum etdi, oňa zarba urmaga siziň gaýduwsyz serbazlaryňyz gerek. «Bi ýigidiň dilewarlygy görnüp dur... Meni Rüstem Zala deňeýşiniň jany ýogam däldir. Beýleki patyşalar ýurduma çozmakdan geçen, degmesem razy. Humaýuna kömek hakda bolsa... Goý, gemrişsinler, bir okda iki towşan uraryn. Humaýun maňa ýapja, sübsegär hökmünde aýak tozumy süpürmäge taýýar. Pelek işidir, başa iş düşse-de dag ýaly arkamda durar. Bir zada weli, akylym çatanok. Totuguş kimin suhangöý, gurt kimin dogumly (iner kimin çydamlylygam bildirip dur) harby işe türgen dosty bolan hökümdaryň duşmanyndan ýeňlişine haýran. Ýa bu hili ýigit ähli mogol serbazynda ýekemikä? Goý, şeýlebolsun! Parasatly kerwenbaşy kerwenini ýowuzlykdan aman alyp çykýar. Humaýun goltugyndaky täze Isgender Zulkarneýni görmedimikä?! Muny mogol goşunyna baş etmek gerek. Şonda ograşdan dogan kümsük Şer şa näder?» Içinden şulary ölçerip-döken Tahmasp, owunjak hereketlerine çenli synlaýan Baýram hana şeýle diýdi: –Eger meň ogullarymyň biri bolan bolsaňdyň, ölemde hökman seni mirasdüşer ederdim. – Badyhowa patyşanyň çäksiz ýokary bahasy gürrüňdeşiniň ýüzüni gyzartdy. Baýram çygjaran maňlaýyny süpürip: –Baýram han siziň sadyk guluňyz–diýip, ýygryldy. Patyşa ýyrşardy. Gürrüňdeşi weli, atan oklarynyň nyşana degşi ýadyna düşüp dogumlandy. Tahmasp şanyň pyýalasyna şerap guýup, hödürledi, ikisem kelam agyz sözsüz bir demde başyna çekdiler. Indiki gürrüň artykmaç boljak ýalydy, sebäbi patyşanyň Baýrama aýdan soňky sözleri goşun kömegini berjekdiginem aňladýardy. Köp içilen şerabyň täsirinden Tahmasp irkiljiredi, Baýram seleňlemek üçin daş çykdy. Üç-dört ädimlikde Jamal bilen şa saklawy dim-dik durdy. Baýram eýle-beýle gezmeledi, kalbynyň jümmüşinde gozgalaň tapdy. Şa bilen gürrüňiniň ugrugany üçinmikä ? Şeýledir. Ýok, bu ylhamdyr! Ygrarly dosta meňzäp ýene geldiňmi, Ýönegiç geldiň, özüňem gör, nirelerde oýandyň. Ol Tahmasp şanyň şanyna şygyr düzmege küýlendi. Birden Selime ýadyna düşüp, şa höwessizlendi. Ylham! Nirä sumat bolduň? Gel, Sahypjemalym! Baýram lapykeç halda içeri girdi. Mahmal düşekçäniň üstünde şa çäşerip ýatyrdy. Ýigit patyşa ukusyna gözi gidip, ýerinde gyşardy, irkilip bilmän, gorsandy ýatdy. Daňagolaý, pitneçi Ylham, Selimäniň sülmüräp ýöreýşi ýaly, kalbyny heýjana getirdi. Baýram indi söýgi baradaky setirler dünýä iner öýtdi, emma beýle bolmady. Ylham näz-kereşme bilen magşugyna al salýan peri-peýker eken: «Gabak düwüni seniň okuňy kejekden alyp gitdi. Gazylyp ýasalan ýyldyz täze dogan Aýdan Perwin ýyldyzynyň şekilini etdi»diýip başlanýan, «gabak» oýnuny suratlandyrýan kasydanyň setirleri döredi. Oýanan şa telbelen şekilli Baýrama geňirgenip seretdi: – Sabaňyz haýyr, Baýram han! Düýş gördüňizmi, pygamberler ýorgudy bolsun. Men häzir gurrandazlary çagyrmaga höküm edeýin. Tisginjirän Baýram ör turdy-da, bir zat oýlanyp, ýaňyja döreden kasydasyny ýatdan aýdyp berdi. –Mähraba, Baýram han! Siziň jigitligiňize sözüm ýok– Patyşa dikeldi.– Şirin zybanly şahyr ekeniňiz, muny weli, gizläpsiňiz. Dostuňdan syr gizlemek ýagşy däl. Ol loh-loh gülüp, elini çarpdy. Işikde hyzmatkär göründi. –Doratymy Baýram hana peşgeş beriň! Hyzmatkär iki bükülip yza çekildi. Şikäre çykdylar. Baýram patyşany eýdip-beýdip Humaýunyň geljek ýoluna sowdy. Hökümdarlar duşuşdylar. Olar birnäçe gün aw awladylar, ikiçäk sözleşdiler. Bir gije türkmenleriň içinde aýdym diňleýän Baýramy hökümdarlaryň çagyrýanlygyny aýtdylar. Baýram gelende ýyljyraklaýan Humaýun şatlygyny mälim etdi: – Päk ýürekli, parasatly beýik Tahmasp şabilen şeýlekarara geldik: Saňa «hanlaryň-hany» derejesini bermeli. Tahmasp gülümjiräp, baş atdy. Baýram çalaja eglip, minnetdarlygynybildirdi. Eýran şasy: – Türkmenler, näme üçindir, patyşa doly baş egmäni kyn görýärler. Ynha, hanlaryň-hany Baýramyň hereketindenem görüp durus. Ilki sataşamyzda-da şü hilidi – diýdi. Humaýunyň şadyýanlygy zym-zyýat uçdy, dostuna igençli bakdy. Baýram sesini çykarmady. Her hal Tahmasp patyşanyň burnuny göge tutup, gezmeleýänligini gören Humaýun degişme äheňde aýdanlygyna düşünip, ynjaldy. Ýogsam, Baýramyň häzirki ýagdaýy bina eden köşgüňi öz eliň bilen ýykana barabardy. Patyşalar sapalak atyp, beren sözünden dänmegi eşekden palan agdarança görmeýärler... Humaýun dostunyň Tahmaspy harby kömek bermäge razy edenligini gelengünündenbilipdi. Döwlet ähmiýetli işleri çözmege girişdiler. Tahmasp şa söhbetiň soňragynda Humaýuna: – Gandagary Şer şadan alsaňyz, meniň ýaş oglum, şazada Myrady häkim belle–diýdi. Mogol şasy şol bada razylaşdy. Basym Tahmasp patyşanyň şäherdeki köşgüne ýola rowana boldular. (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |