IŞINE JÜR KIŞI
Kolhozyñ zähmet buhgalteri Hümmet aga dünýäni unudana meñzeýärdi, inçe, uzyn barmaklary çot düwmejiklerini göze ilmez derejede ikiýana kakýar. Şonuñ üçin ol gapydan mylaýym ýylgyryp giren maşinistka gyzyñ geleninem duýmady. Gyz eýýäm onuñ adyny ikinji gezek tutdy:
- Hümmet aga...
- Häh, näme gyzym? Ýaşuly süýji ukydaka gara basyp oýanan şekilli hopugyp, sägindi. Äýnegi señriginden aşak gaçaýjak ýaly, ony saklap, aljyraññy halda gyzyñ ýüzüne soragly nazaryny dikdi.
- Başlyk çagyrýa. - Ol jogaba-da garaşman, yzyna öwrüldi. Hümmet aganyñ kalby gozgalañ tapdy: "Başlyk çagyrýan bolsa, ýönelige däldir. Eýýäm ikinji aýdyr çopanlaryñ zähmet haky wedomostda işlegsiz. Belki, şonuñ üçin, çopanlar şikaýat edendirler. Şikaýat etseler olar mamla. Ýöne menem günäkär däl. Sebäbimi? Jemgyýetçilik ýumşunyñ köplüginden öz işiñi amal edip bolanok". Ýaşuly biraz janlandy, emma papkasyny goltugyna alyp, uzyn göwresini egibräk başlygyñ kabinetine girende, bady gaçdy. Ýogsam, ýaş başlyk ony mähirli garşylady. Turup görüşdi, hal ýagdaýyny soraşdy. Onsoñ gülümjiremesini goýup, çynlakaý görnüşe geçdi. Hümmet aga gapydan giren mahaly başlyk bilen nazary kaklyşanda göwnüniñ aldamandygyna ýene bir gezek göz ýetirdi. Ýa käýejek, ýa-da öz işinden başga ýumuş buýurjak.
- Hümmet aga, öñ näçe jemgyýetçilik ýumşuñ bar?
- Sekize ýetýändir.
- Aý, goýa?! - Başlyk geñ galýanlygyny gizläbem durmady. Gaşlaryny bürüşdirip, az-kem egildi: - Hany, aýt.
- "Bilim" jemgyýetiniñ hem-de halk kontrollygy toparynyñ başlygy.
- Iki. - Başlyk barmak basyp sanap başlady.
- Partiýa guramasynyñ sekretarynyñ, profsoýuzyñ başlygynyñ orunbasary, oba Sowetiniñ býujet komissiýasynyñ başlygy, "Maldarçylyk" diwar gazetiniñ redaktory şeýle hem mekdepde ata-eneler komitetiniñ...
- Besdir, - Başlyk turup, iki baka gezmeledi: - Be-e, neme-le, Hümmet aga, raýondan jañ edip durlar. Şol ýerde jemgyýetçilik ýumşuna ilgezik bir ýaşuly bar diýip. Gaýrat et, oglanlar-da kömek ederler. Sen şu günden beýläk DOSAAF guramasynyñam başlygy.
Hümmet aga agzyny açyp, bir zat aýtmak isledi. Emma başlyk "gürrüñ gutardy" diýen manyda oña gapyny görkezdi. Ýaşuly entirekläp çykyp gaýtdy. Ol ýerine gelip, ýene-de çot düwmejiklerine barmaklaryny degirdi. Düwmejikler weli, hereket edibermediler. Sebäbi Hümmet aganyñ eli birhowa doñup galypdy. Näme üçin, oña jemgyýetçilik ýumşuny eñterip durlar? Olam jyñkyny çykarman, buýrulan zada ýumlugup ýör. Munuñ sebäbini bilmek ýaşulynyñ özüne kyn däl. Onuñ-da etsem-petsemi bar. Basym pensiýa çykýar. Şonda dabaraly ýygnak geçiiriler. Muny öñräk başlyk-da ýañzytdy. Özem uly toý tutar. Bulary gazanmak üçin jemgyýetçilik ýumuşlaryny bitireniñ zyýany degmez. Aý, kim bilýä, göwünlerini aldap ýörseñ, kollektiwiñ arasynda alyp galmaklaram mümkin. Onuñ entegem işläsi gelýär. Aslynda-da Hümmet aga polady ýumşak adam. Kolhozyñ hasapçylyk işinde är ömrüni geçirip barýa. Bimaza bolsa, ýüz edarada çaý sowadardy. Şeý-le. Onsoñ-da hasap işi çopançylykdan-a ýeñil. Onuñ ýaşytdaşy Sylap aga hemişe düzde, öýe seýrek gelýä. Ol çopan. Jemgyýetçilik ýumşuny edeýin diýse-de, mümkinçiligi ýok. Onsoñ Hümmet aga etmän, kim etsin ýumuşlar. Ýaşlara-da indi öwretmeli. Bularyñ içinde protokol ýazyp bilýänlerem az. Biri elini egnine goýup, yralady:
- Hümmet aga...
- Häh! - Ýaşuly tisginjiredi. Görse, baş buhgalter ýyljyraklap dur: - Gulluk, oglum.
- Başlyg-a gitdi. Baggoýnumyñ iými tükendi, sklada barjak, soraýsalar ýañyja gitdi diýeweri. Ýaşuly öñ bu hili ýumşa werdiş bolmaga çemeli, diñe baş atdy. Baş buhgalterden soñ, kolhozyñ ykdysatçysy we partiýa guramasynyñ sekretary gelip:
- Hümmet aga, öññinki partiýa guramasynyñ ýygnagynyñ protokolyny öýläne ýetişdirsene. Onsoñ diwar gazetiñem ertire çenli taýýarlamaly. Gaýrat et! - Ykdysatçy müýnsiz halda ýylgyrdy: - Mellek ýerimi agdarjak, sorasalar...
Ýaşuly ol sözüni soñlamanka başyny yrady. Soñra: "Indi kom gelerkä?" diýýän şekilinde gapa seretdi. Jaýa mehanizasiýa buhgalteri bolan ýaş ýigit girdi:
- Ýaşuly, men-ä köp işledim, kelläm güwläp dur. Klubda billiard oýnajak, idäp gelseler...
Hümmet aga diñe gözlerini açyp ýumdy. Nobat kolhozyñ zootehnigi we profsoýuz guramasynyñ başlygyna ýetdi:
- Hümmet aga, gaýrat et-de, profsoýuz guramasy üçin protokol ýazyp bersene. Ertire ýetişse, bolany. Özüm häzir mal üstüne gitjek.
Ýaşuly profkomyñ başlygyny ilkinji gezek görýän ýaly, başdan aýak synlady. Geñirgendi. Küleje murty gymyldap-gymyldap gitdi. Muny garşysyndaky gördi. Öz gezeginde olam geñirgendi. Ýaşuly näme üçin boýun towlajak bolýarka? Taryna kakyp görmeli. Ol güles-halas etdi:
- Gerek maglumatlary aýdaýyn: ýygnaga gatnaşmaly ýüz adam. Gatnaşan togsan dokuz. Meselesi...
- Saklan han ogul, bi ýygnak haçan boldy?
- Düýn.
- Menem orunbasaryñ, habarym ýok-la.
- Ýaşuly adamdyr, azar bermäýin diýdim. Eşitdiñ-ä, gatnaşmadyk bir adam. Olam sen. Hümmet aga ör turanyny bilmän galdy. Gürrüñdeşi gaýra çekildi.
- Sen Hümmet Mergenüfi entek-entek tanañok. Bolmadyk ýygnagyñ protokolyny ýazjak. Fakt! ~ Ýaşuly lampa aşak oturdy. Profkomyñ başlygy nägile halda gapa ýöneldi. Näme üçindir, muña ýüregi awan Hümmet aga: ~ Han ogul, Hümmet agañyz heniz adamyñ ýüzüne urmandy. Ýöne galplyk edip biljek däl. Ýygnagy geçir, protokoly-onnoñ ýazaýyn - diýip galdy. Soñra: "Ind-ä, sowulşan bolsalar gerek" diýip, barmagyny çot düwmejigine ýetirdi. Onýança mylaýym ýylgyryp, maşinistka gyz içeri girdi. Hümmet aga: "Be-e, bu biraz eglenýärdi-le. Bu gün näme ýumşy çykdyka?" diýip, içini gepletdi. Onsoñ ertirden bäri ilkinji gezek ýylgyrdy.
- Näme ýumuş keýgim?
- Magazine köýneklik mata gelipdir. Sorasalar...
- Gidiber, gyzym. Ýaşuly birhowa dymdy. Telefona seretdi. Indi bu-da jyññyrdap başlamalydyr. Göwni ony aldamady: "Jyñ-ñyr-r - jyññ-ñyr-r-r..." Ol trubkany galdyrdy: - Allo! Allo! Diñleýän.
- Kolhozmy?
- Hawa.
- Başlyk kabinetinde ýok eken. Zerur gerekdi.
- Ýañyja-da bardy. Mal üstüne giden bolmasa... Näme hyzmat?
- Hümmet Mergenüf.
- Hä, Hümmet agamy? Salawmaleýkim.
- Waleýkimässalam. Nireden?
- RAPO-dan. Hümmet aga, "Ýylanly" öri meýdanynda kolhozyñ bir süri toklusy iki gün bäri suwsuz diýýä. Oña suw getirýän maşyn ýolda döwlüpdir. Deregine suwly maşyn ugratmaly.
- Bä-ä, şofýorlar etmeli işlerine irden gidendirler. Biri-de galan däldir.
- Gaýrat et, Hümmet aga. Ses kesildi. Hümmet aga kolhozyñ dispetçeriniñ telefon nomerine aýlady:
- Hym, ogul, şofýorlaryñ hemmesi işe gitdimi?
- Biri bar. "Bugdaýlydaka" suw äkitjek bolup dur. - Süri düýn suw içendir. Özem ene goýundyr. Çydar. "Ýylanla" suw äkitmeli. Toklular iki gün suwsuz diýýä.
- Başlygyñ buýrugyny niçik üýtgederis!
- RAPO-dan jañ etdiler. Buýrugy ýagdaýa görä üýtgedibermelidir. Başlyk bilen soñ özüm gürleşerin. Ýaşulynyñ trubkany goýaryna mähetdel, telefon ýene jyññyrdady:
- Allo, diñleýän!
- Hümmet agamy?
- Hawa.
- Ýaşuly, öýlän oba Sowetine gelip git, işjagaz bar.
- Wagt tapsam.
- Gaýrat et, Hümmet aga, köp eglemeris.
Hümmet aga "telefonsakça" meñzeýärdi. Raýondan ýene-de dört-bäş edaradan jañ geldi. Olar kolhozdan gerekli adamlaryny tapmansoñlar, Hümmet aga ýumuş bilen ýüzlenýärdiler: kimsi bir aýyñ dowamyndaky mallaryñ ölüm-ýitiminiñ näçeligini, ot-iýmiñ hasabyny, gurluşyk brigadasyna degişli zatlary... soraýardylar. Bu maglumatlary bermek zähmet buhgalterine degişli bolmasa-da, ýaşuly öñ bilip goýýardy. Birden oglanlar edarada ýokka sorasalar gerek bolar diýip. Şonuñ üçin oña degişip, "kolhoz ensiklopediýasy-da" diýýär. Ol şu zeýilli ýumuşlardan günorta çenli işläp bilmedi. Çaý-nahara gitmek üçin turjak bolanda telefon ýene jyññyrdady. Ýaşuly bu gezek oña señrigini ýygyryp, leji çykan halda seretdi-de, trubkany göwünsiz galdyrdy.
- Hümmet agamy?
- Bä, ýaşuly ~ çaý-nahara çykmansyñaýt. Birigün raýonda halk kontrollygy toparynyñ ýygnagy boljak. Şonda señ sargytlaryñ ýerine ýetirilişi barada doklad bilen çykyş etmeli. Gaýrat et-de, taýýarlan. Ol trubkany şarkyldadyp ýerinde goýdy. "Beýle etmek telek bolaýmasyn" diýip bir howa telefona äñetdi-de öýüne gaýtdy. Hümmet aga günortanlyk çaý-naharyny edindi, soñra partiýa guramasynyñ sekretarynyñ buýran protokolyny ýazdy.
...Oba Sowetinde ony iş mahaly gutarýança sakladylar. Ýaşuly ýitirilen wagtyñ öwezini almak üçin, iş ýerine gelip, ýassyna çenli özüne zor salyp işledi. Gözleriniñ öñi garañkyrap ugransoñ, öýüne gaýtdy. Gelse, ikinji klasda okaýan agtyjagy irkiljiräp otyr.
- Serdar janyñ garaşyp-garaşyp gözleri ýolda galdy. Soñky döwürde öýüne myhman. Asyl ýigit mahalyñ beýle däldiñ-le? - diýip keýwanysy iñirdedi. Ýaşuly agtygynyñ ýüpek ýaly mele saçjagazyny sypady. Birbada ýadawlygy süññünden çykdy. Çaý başynda öý iş berlen meseläni çözmäge synandy. Agtygy şonuñ üçinem garaşypdy. Ýöne mesele öñküler ýaly ýüzugra çözdürmedi. Hümmet aga çaýyñ täsirindenmi ýa-da meseläniñ berýän hupbatyndanmy çygjardy. "Bujagazlara dagy çylşyrymly iş bermeli däl ahyry. Iki amal bilen çözülýän sada meseleler ýeterlik. Täzeçe usul diýibem bir zat tapypdyrlar. Biziñ weli, bireýýäm dört amaly öwrenenimiz" diýip, içinden magaryfçylardanam nägile boldy. Onuñ boş wagty ýazdy. Her hal meseläni işläp, agtyjagyny begendirdi. Hümmet aga surat çekmek bilen gyzyklanýan uly agtygynyñ birine diwar gazetiniñ bezeg işlerini tabşyrdy. Özi bäş-alty adamyñ adyna makalalary ýazmaga girişdi. Onuñ köp wagtyny baş makala aldy. Käbirleriniñ edişi ýaly, muny gazetlerden göçüräýmeli weli, beýtmäge zanny halal adamyñ eli barmady. Ahyry ony-da gutardy. Gaýta-gaýta pallaýan suratçy agtygyna gitmäge rugsat berdi. Gije ýarymy geçende, gözlerini owkalap gelen aýaly:
- Çyrany öçürmän uklansyñ öýtdüm dädesi. Sen indiden soñ dessan dagy ýazan bolaýma? - diýip, yzyna ýumlukdy. Hümmet aga diwar gazetini, raýon halk kontrollygy komitetiniñ başlygynyñ aýdan dokladyny ýazyp bolanda, horazlar gygyryp başladylar. Ol ýerine geçmän irkildi. Biraz gözüniñ awusyny alyp oýandy-da, endigi boýunça, düýesini sagdyrdy, suwa ýakdy. Onsoñ goñşy aýal geldi:
- Hümmet aga, işe gitmänkäñ, baggoýnumy soýup bersene - diýdi. Ýaşuly sergun howa-da bag goýny şakga-şukga pudarlady. Goñşusy:
- Ynhajykga, bagyr-öýkeni gowraýyn. Iýip git diýene-de garaşmady. Onuñ aýagy ýeñil gopýardy. Gijeki argynlygy-da unutdy. Sebäbi oglanlaryñ hemmesiniñ haýyşyny berjaý edipdi. Şu-da oña ganat bekledýärdi. Işe baranynda, başlyk jaýyna çagyryp, oña gazaply darady:
- Bi, näme boldugy, Hümmet aga? Çopanlaryñ, gurluşyk birgadasynda işleýänleriñ zähmet haky gijikdirilýär. Günortana çenli ýetişdir, ýogsa-da, prawleniýe çlenlerini çagyryp käýinç yglan etjek.
Çabganyñ astynda sülümmaý ezilene meñzeş ýaşuly jaýyna gelip, oturgyja özüni bat bilen goýberdi. Sebäbi kolhoz başlygynyñ beren puryjasyna elektrik hasaplaýjy maşyn bolaýmasañ, ýetişmek mümkin däldi.
1982-1986 ý.
Annatagan NURGELDIÝEW
Hekaýalar