23:30 Baýram han -4/ romanyñ dowamy | |
YŞK HESERI
Taryhy proza
Tardy beg Humaýun şanyň Bengal ýörişine gatnaşyp bilmedi. Gandardan Delä ýetip gelýärke, ýolda aty büdräp, üstüne ýykylyp, aýagyny döwdi. Ol esli mahallap aýak üstüne galmady. Onsoň nökerleriniň aglabasyny Edhem hana berip, ýörişe iberdi. Bäri bakyşanda hojalyk işlerine ulaşdy. Şäheriň çetinden bagly-bakjaly kaşaňjaý, ýer satyn aldy. Delä golaýjak obalaryň birindenem mülkedindi. Indi onuň jahanda ýekejekem zady bardy: gelinlik gözlemelidi. Şagalaňly meýlis jaýlarynda köp göründi. Pul pagşalap, Deli gözellerini imrikdirdi, emma näme üçindir, olaryň birini törüne ymykly geçirmege bogny ysmady. Mahal-mahal obadaky mülküne barardy. Şonda ol oba gyzlarynam nazaryndan sypdyrmazdy. Bu ýerde-de birini saýlamaga gezek gelende ýöwsellärdi. Wah, daýhan gyzlarynyň egin-eşiginden-ä sygryň süýdüniňmi, ekiş meýdanynyňmy garaz, keşdi çekmejek ys gelip dur. Olar begiň deňem däl-ä. Gül yslyja, näzenin knýaz gyzlaram azlyk edenok. Onda Näme... Belki, gelinlik üçin, az wagtlyk keýp çekmek ýeterlik däldir. Has ysnyşmak gerekdir. Şeýledir. Adamzadyň durmuşynda käte bagtly tötänlikler bolýar. Ýa şoňa garaşmalymy? Beýle diýseňem onuň ýigitlik çagy edil gaçyp barýan keýgiň kölegesine meňzäp, geçip barýar. Şonda beg darygardy. Gije ukusy tutman elewlärdi, ahyry şerap dadyna ýeterdi. Ol serhoş bolýança içerdi. Bir gezek obadaky mülkünden gijäniň ýarpy çeninde ýola düşdi. Garaňky baglyga ýetiberendeböwründen «Kömek e-diň!» diýenbogulybrak çykýan zenan sesini eşitdi. Ýanyndaky üç nökeri bilen şol tapana eňdi, ýöne gijä galypdyrlar: ýerde biri iňňildäp ýatyrdy. Näme etmeli? Özem agyr halda. Obadaky tebibiň muny bejermege güýji ýetermikä? Her hal şähere äkitmeli. Tardy begiň nökeriniň biri: – Begim, muny pyçaklapdyrlar–diýip, ýatanyň tümlükde goltugyny sermenekleşdirip durşuna aýtdy. Ganyňakýan ýerini çala-çula daňyp, ýaralyny begiňözi atyna mündürdi. ...Tardy beg tämiz otagynda gyzyň ýüzüne dökülip, bulaşan, gije çygynyň serhoş ediji ysy gelýän, şar gara saçlaryny açdy, aýyň ýüzünden bulutjyk syrylana döndi. Beg tisgindi. Aga, gözelligem tisgindirjek eken. Onda-da zenanlary diňe keýpi-sapa üçin ýaradylandyr öýdýän wagşy adamy! Begiň pikirleniş ukyby ýiteňkirläne meňzese-de, tiz ser salmaga gurbat tapdy. Onuň pökgüje, bägül dodagynyň gany gaçykdy, ýüzi weli, edil ak mermerden ýasalan ýalydy. Gözler ebedilik ýumlan şekilli hereketsizdi, diňe çalaja galgaýan gursagy diriligine güwägeçýärdi. Beg: «Şuňa tyg çekmäge dözen dünýäde ýeketäk wagşy adamdyr» diýip, megerem, ilkinji gezek zenanlar barada ýüregi gyýlyp, başly-barat oýlanyp bildi. Ysytma tutýan ýaly derledi, dyzlarynyň ysgyny gaçyp aşak otyrdy. Şeýle halda näçe wagt eglenenini bilmedi. Diňe biri egninden tutup yralanda huşuna aýlandy. Bu şäherde ady belli, eňegi çürüje, çokga sakgal goja tebipdi. Ol: –Gorkma, bäri bakar. Pyçak ýürekden sowa geçipdir, gan köp akansoň ysgyny ýok–diýip, däri-dermanly haltajygyny alyp gapa ýöneldi. –Saklan, goja.–Begbirbökende tebibiňalkymyna bardy, boýnuny burup, naýynjar sorady: –Sagalarmy? –Meniň elim–Lukman Hekimiň elidir, beg ýigit–diýip, goja tebip arkaýyn jogap berdi. Beg onuň eline bir goşawuç rupiýa guýdy. –Aýak üstüne galýança gözlegin. Gadyryňy bilerin. Goja baş atdy. Hindi hyzmatkärleri özleriniň sahibleriniň12beýle özelenişine geň galýan ýaly, aňk-taňk bolşup, gol gowşuryşyp durdylar. Tardy begolara herreldi: –Janyňyz ýokmy, ýüzüni ýelpäň! Gapa ýetip barýan tebip yzyna öwrüldi: – Häzir oňa rahatlyk gerek. Biriňiz garawul galyň-da beýläňiz aýrylyň–diýdi. Tardy beg gojany ýola salmak üçin, yzysüre daş çykdy. Gyz daňa golaý gözlerini açdy. Suw sorady. Oňa tebibiň tabşyrygy boýunça miwe suwuny berdiler. Uly guşluk tebip gelip, sargysyny täzeledi. Şeýdip birnäçe gün gatnady. Gyz özüni raslap, jaýyň içinde gezmeläp başlady. Oňa horazyň çorbasyny berýärdiler. Goja tebip gelmesini kesdi. Tardy beg oňa eçildi: üstünde irkilip oturmaly ýorga ýaby, altyn pul berdi. Tardy beg äpişgeden, gapydan gyzyň hereketlerini jyklardy. Bir gezek üýtgeşik, mylaýym owaz eşitdi. Gapa baryp diň saldy. Basym tansedýän aýaklaryň dükürdisi eşidildi. Beg gapyny açyp, işikde sömelenini bilmän galdy. Gör, ol näçe gözeliň aýdymyny diňläp, tansyna tomaşa edipdi. Ýöne bu hili jadylaýjy herekete duşmandy. Belki, onuň göwnünedir. Aslynda bu gyz adamzat däl-de, peri-peýker, jadygöý bolaýmasyn? Begiňakyly beri ýerindemikä? Ol budunyň iç ýüzünden çümmükledi. Awusyny duýmady. Aý,çümmüklänem däldir, ýene çümmüklän ýaly hereket edendir. Şeýledir. Birden gyzyň hereket etmesi galyp doňdy, nazarlary sataşdy. Gyz kellesini tutup, yrgyldady, onsoň şalkyldap ýykyldy. Tardy begiň ýüregine hut iňňe sünjülene döndi, jynyssyz gygyrdy. Ylgaşyp gelen hyzmatkärler ortada çalam-çaş ýatan gyzy düşekçä eltdiler, ýüzüni ýelpediler, gülap suwuny sepdiler. Garabasan ýaly hopugan Tardy beg hyzmatkäriniň birine: –Tebibi getir–diýip buýruk berdi. Tebip birhaýukdan haşlap geldi. Ol näsaga el degirmän, esli seretdi-de: –Gyzym, artykmaç hereket etme, basym özüňi gowy duýarsyň, şonda tans edibergin. Onsoňam, baglygyň içine, temiz howa çyk, diýip, gözlerini açyp delmurýan gyza maslahat berip gitdi. Gyz ertesi baglyga bardy. Şakäseniň agzy ýaly açylan güllere, saryja bilbiliň saýraýşyna tomaşa etdi. Süňňüne ýeňillik aralaşdy. Tardy beg bolsa, golaýjakdaky sekide otyrdy. Ol gawun sakçysynyň säher çyglary düşen güýz ternesini ýolmaga dözmeýşi ýaly, gyzy tisgindirmekden heder edip, gymyldap bilenokdy. Gyzy synlap, gözellikden lezzet alýardy, ýöne bu bagtly pursat uzaga çekmedi. Şu pursatda weli, ol dünýe malyny bermege taýyndy. Gyzyň pökgüje dodagy geňsi gymyldady. Onuň näme aýdanlygy bege ýetmän galdy. Beg ýokary turmak isledi. Başarmady. Onda ysgyn-deramat ýok. Eý, perilersoltany, nazarysysow! Ýogsam, ýigidiňganyna galarsyň! Kirpikleriň perraç naýzasy kimin, ýürege çümýär. Gyz bege tarap ýönelip, alkymyna geldi. Ýigidiň el-aýagy saňňyldady. Aperin! Bu niçik ahwal?! Ol söweşlerde özüni beýle ýitirmändi. Indi garşysynda duranyň peri-peýkerdigine ikirjiňlenmedi. ...–Meni halas eden sizmi? Tardy begiň gulagynyň düýbünde eýmenç güwwüldi-galmagal döredi. Megerem, gök gübürdäp, ýyldyrym çakdy öýdýän. Ol gyzyňnäme diýenligine düşünmedi. Neresse çaga kimin boýnuny naýynjar burdy. – Yh-hym. Gyz sowalyny gaýtalady: –Meni halas eden sizmi? –Ho–... Hawa–Tardy begiň bedeniniň gan aýlanmasy az salymlyk doňup, indi ýöräne döndi. Ol biraz janlanyp, ellerini owkalaşdyrdy. –Hawa, hanym, hawa. –Ýagşylygyňyzyň öwezini nädip gaýtaryp bilerin? «Hiç zat gerek däl, hanym» diýäýmelidi, ýöne bu jogap gyzy ynjaldyrmajakdy. «Hawa, maňa durmuşa çyk» diýmelidi. Oňa begiň dili barmady, gaýtam, maňlaýyna sowuk der indi. Beýle gözel gyzyň şu mahala çenli, goç ýigidi ýokmuka? Bardyr. Begiň ýene-de elleri saňňyldady. Gyz: –Siz näsagmy?–diýip, özüniň halasgärinden haýpygelijilik bilen sorady. «Eý, gurrumsak beg, aldyňmy paýyňy? Niçezar şeýdip, galpyldap ýörjek. Çumçuk ýaly gyzyň öňünde gepläp bilmeseň, toprak başyňa. Özi özüne şeýle gyjyt beren beg, biraz ekabyrlanyp, ýokary galdy, etini gataltdy: –Ilkinji gezek garagöz jereni gören saýýat şu hala düşýär. Gyz ýaňagy ikindiniň şapagyna dag başynyň ot alan ýaly bolşuna meňzäp, gyzardy, aşak bakdy. Tersine, ýigit böwedi açylan sile döndi, gursagy joşgundan dyňzap, gepläsi geldi: –Adyňy aýtsana. – Läle. –Synaňa tyg çekeni bilmeýäňmi? Ýere girenem bolsa tapyp, çapym-çapyp edeýin. –Bilemok. Onuň ýüzi perdelidi. Goňşy obadan giç öwrüldim. Ol obada nilgär tanşym bardy. Äri ýok, köp çagaly aýaldy, sazandam bilen aýdym aýdyp ýygnan pulumy şoňaberip gelýärdim. Sazandany şol baglygyň çetinde öldürdi. Men gaçdym, emma uzak gitmedim, yzymdan ýetip, pul talap etdi. Puluň ýoklugyny aýtdym, emma ynanmady. Şol bada hem at aýagynyň dükürdisi eşidildi. Men gygyrdym, soňraky waka özüňe aýandyr. –Ýalňyz gül irde-giçde şo ýagdaýa uçrar. Gyz jogap bermedi. Tardy beg has gylawlandy: – Men, beg ýigit, mal-mülküm ýeterlik. Durmuşda kem zadym ýeketäklik. Sallah ýaşaýaryn.–Beg guran dodagyny ýalaşdyryp, dowam etdi.–Dünýäde köp owadan, näzenin gördüm, seniň dek maraly görmedim. Gyz yzyna öwrüldi, jaýa tarap gitdi. Tardy beg gaýta-gaýta ýuwdundy. Hawa, Läle seniň suwjuk sözleriňe yrylar ýaly ýeňlesje gyzlaryň hilinden däl. Eýsem, ol suwjuk sözledimi? Ýok. Lälä gönükdirilen sözler edil çeşmäniň dagy ýaryp, syzylyp çykyşy kimin, kalbynyň jümmüşinden çykypdy. Ol hiç bir zenanyň öňünde beýle çynlakaý sözlemändi. Bu nämekä? Meger, söýgüdir. Hakyky söýgi çynlakaýlygy talap edýändir. Onuň ýigitlik çagynda ymyzganan söýgüsi, bu döwrüň geçip barýan pursatynda oýandy, Ah, gijigen söýgi! Olam şowuna düşmän dur. Tardy beg günuzyn bag içinde käte pikir derýasyny gulaçlap, käte köwejekläp, telbeläne meňzedi. Ol gijara çuň oýa batan Läläni tisgindirip, otagyna girdi. Sessiz-üýnsüz bilinden hanjaryny alyp, gyzyň eline tutdurdy: – Läle hanym, ur hanjary gursagymdan, «Wah» etsem, adymyň Tardy beg bolmadygy. Ýylan gysymlan ýaly, titreýän Läle: – Näme üçin, beg ýigit?–diýip, soramaga gurbat tapdy. –Öz eliň bilen öldür. Mundan aňry sensiz ýaşap bilmerin. –Oýlanyp gör. – Ilkinji sapar görenimden bäri oýlanyp ýörşüm. – Tardy beg–Gyzyňsesi sandyrady, ýaňaklary al-elwan öwüsdi. – Men gizlejek däl. Men... –Ol sakynyp, ýaýdandy. –Aýdyber. Sözleriň ölüme barabar bolsa-da dillen. Men iki başyny deňlän adam. Baryna kaýyl. – Men... birini söýüpdim. –Kimi? –Baýram hany. –Aý, goýa?!–Tardy beg hasratly ah çekdi, şonda gyz elindäki hanjaryny ýere gaçyrdy. Ol bege seretmäge gorkup, aşak bakdy. –Ol aýalbaz... –Beg güňleç seslendi. –Beýle diýme, beg. Onuň ýüregi ak gardanam päkize, söýgimi ret etdi. Selime hanymy söýýon eken. – Şeýdiýsene... –Şeýdip, meňem başky söýgim şowsuz gutardy. Ölmegem isledim, emma diri gezip ýörin. –Ýok, men mundan aňry ýaşamagy başarjak däl! Başarjak däl!–Ol otagyň içini ýaňlandyryp gygyrdy.–Menem özümi akja guş saýamok. Köp gözeliň keýpini gördüm. Adam ganyna galdym. Sen maňa ilkinji gezek çyn şatlygy, çyn hasraty eçildiň. Başga zatlarda niçik boljagyny bilemok, saňa weli, ýüregim päkligine galar. Nälet siňmiş söýgi, meni gör, nähili derde ulaşdyrdy.– Onuň sesi agy gatyşykly çykdy. Läläniň kalbyna zenan rehimdarlygy aralaşdy. Muny aňan Tardy beg gyzyň alkymjygyna bardy: –Hawa, seni şu mahal ogşabam bilýän. Dadyňa hiç kim ýetmez, ýöne men seni söýýärin, Läle! – Gyz oňa jadyly nazaryny dikdi. Tardy beg bu nazaryň öňünde saklanyp bilmän galpyldady, edil gyzdyrmaly ýaly samrady:–Jadyly gözleriňi sow, ganyma galýaň, ezizim.–Ol birdenem güýç bilen gyzy özüne çekip, maňlaýyndan, gözlerinden ogşap başlady... Iki-üç gün geçenden soň olaryň toýy tutuldy. GABANJAŇLYK WE HILE Tardy beg öýlenenden soň, aýşy-eşretdegezdi. Daşda az görnüp, öýden çykmady. Uly-uly ummanlaryň, çal başy bulutlara direýän goja daglaryň... kenary, aňrybaşy bar. Çar pasylyňam öz möwriti, soňy gelýär, çalyşýar. Söýgi şerbeti weli, tükeniksiz, edil asman kimin çägi ýok. Bu ilki mahallar şeýledi. Tardy begiň gelniň muhabbeti müdimilik bolmagam ähtimaldy. Ýöne onuň käte çuň pikire çümmegi ýigidiň göwnüni dumanladýardy. Bir gezek o ýüregini bire baglap Läleden sorady: –Belki... ol... gelmişek ýadyňa düşýändir? –Kim, ol gelmişek?! –Elbetde, Baýram han. Läle durmuş guranlaryndan soň, ilkinji gezek äriniň ýüzüne nazaryny gaharly dikdi. Älhepus, ol gözleri! Gaharly seredende-de owadan!! Kirpikler öňküsi ýaly, jelladyňoky! Oniki süňňi gowşan ýigit aşak bakdy. Gelni aglamjyrap gepledi, şonda begiň göwnüne asman-zemin titräne döndi: –Ol «meni söýmändi» diýip aýdypdym. Indikiň gybatkeş zenanyň gürrüňine meňzeýä. –Onda ne käte ýüzüň salyk, pikire çümýäň? –Gönümden geleýinmi? –Hawa, ezizim. Läleniň ýüzünden gahar perdesi bulut ýaly syryldy. Aýgytly görnüşegeçdi: –Aýdym aýdyp, halka lezzet beresim gelýä. –Indi sen ykmanda däl-de, begiň gelnisiň. Onsoň, nädip, garamaýaklaryň öňüne çykjak? – Gördüňmi? Diýmek, men erkinligimi ýitirdim. Çölde gezen erkana jereniň tora düşendäki halyny göz öňüne getir. Tardybeg: «Erkinlik–bu bahana, esasy zatdurmuşyňgowulygy. Jennetde-de şunuňky ýaly aýşy-eşret tapylmaz. Eýsem, bir döwüm çöregini zordan tapýanlaryň arasynda aýdym aýtmakda näme lezzet, erkinlik bar? Ynha, köşk ýaly jaý, aýdyber, aýdymyňy»–diýip, özüçe pikirlenip, heserlendi. Ol birki günden obadaky mülküne gitdi. Gezelenç etse, kalbyna çöken gabanjaňlyk dumany aýrylar öýtdi, emma bu-da paşmady. Gaýtam, beterledi. Atyny gara der edip, çapdyryp, günorta golaý öwrülip geldi. Görse, Läle, şol öňküsi ýaly, çuň pikire batyp, penjirä bakyp dur. Beg uludan dem alyp, biraz ynjaldy. Ol Läläni soňra sähel şygyrdydan, şemaldanam gabanyp ugrady. Irkiler weli, gözlerini ýalpa açar. Göwnüne penjire kakylan ýalydyr. Daş çykar. Diňsalar. Baglaryň içine aýlanar. Göze görnen üýtgeşik zat ýokdur. Beg gijesine şahsy saklawyny-da artdyrdy. Onuň işdäsi-de kemeldi. Muny goja hindi aşpezem bilýärdi. Begiň birmahalky dolmuş ýaňaklary içine çöküp, haýbatly murty sallandy, garaýagyz ýüzi suwy ýetmedik gawunyň ýapraklary kimin sargylt kakyp, süllerdi. Begiň göz-gülüban haly Läleniň-de ýüregini ezdi. Herzal, bu onuň ömürlik ýanýoldaşydy. Özem perwana, Läle üçin, oda urmaga taýyn. Gelni haýpygelijilik bilen sorady: –Saňa näme bolýa? –Dermanymy tapyp berermiň? – Guşyň süýdüni isleseňem. Ol gelnini bagryna basdy. Şundan soň esli gün ynjalyp gezdi, emma egriligine ösen gamşy göneltmek kime başardypdyr?! Onuň gabanjaňlyk damary ýene tyrsyldap ugrady. Meýlishanalara gatnady, şerap içdi, derdi egsilmedi. Begiň öňünde gara dag keserip durdy. Şony düýp-teýkary bilen ýok etmelidi. Onsoň Läle, näzenin Läle ýaz güli kimin açylar. Elbetde, ol gara dag–Baýram handy. Ony nädip gümlemeli? Beg köp kelle döwdi, uşlybyň ujuny tapyp bilmedi. Şeýle günleriň birinde doganlar Kamran mürze bilen Askar mürzä gabat geldi. Bular dürli bahana tapyp, Humaýunyň Bengal ýörişine gitmändiler. Beg onuň-da sebäbini bilýärdi. Doganlar Baýram hanyň Gandagara häkim bellenmegine närazydylar. Häkimlikden birden biri tamakindi. Gözlerinde oky bolsa, Baýram hany urjakdylar. –A-ow, beg ýigit, asyl dirimiň?–diýip, Kamran mürze ilki habar gatdy. – Görneňok-la ? – Iňňä sapaýmaly bolup, horlanypdyr–diýip, Askar mürze-de sugşurdy. Tardy beg zoraýakdan ýylgyrdy, soňra uludan dem aldy. Doganlaryň ikisem birden: –Ýigit, bir agyr derdiň-ä bar, aýt, belki, goldawymyz deger– diýdiler. Tardy beg daş-töweregine ýalt-ýult etdi. Baglygyň içinde jürküldeýän guşlardan başga ses-seda, gara-gura ýokdy. Iç döküşmege amatly pursatdy. Ol ahmyrly halda başyny ýaýkap, hyrçyny dişledi. Doganlaryň bilesigelijiligi artyp, ileri-ileri omzadylar. – Gandagary küýseýän. Doganlar geňirgenip biri-biriniň ýüzüne seretdiler-de: –Deli Gandagardan kemmi eýsem?–diýdiler. –Aý, Gandagarbaý ülkedi. –Onda ne taşlap gaýtdyň? –Gelmişek şähere sygdyrmady. –Sebäbinem aýt. – Ýeke özi baýamak isleýändir. Doganlar temegini gymyldadyşyp ýere bakdylar. Beg olaryň damaryny ýene gyjyklady: – Şony gümläp bilsek, barymyzyň bähbidimiz bolardy. Kesewimizi topraga dürtsegem, gögerip miweberer. –Ony açyk hereket edip gümlemek başartmaz. Bilnäýsek, patyşa «doganymyz» diýip bizem sylap goýmaz. Kellämizialar– Hamran mürze Askar mürzä äňetdi. Ol makullaýjylyk bilen baş atdy. Tardy beg: –Ony bilýän–diýip, pyşyrdap diýen ýaly gepläp, Baýramy öldürmek baradaky planyny düşündirdi. Şeýdip üçlerbir çukura tüýkürdiler. Şu maslahatdan ep-esli mahal geçenden soň, Gandagaryň bazaryndan odur-budur almaga baran Baýram hanyň aşpezini çeträkdäki baglykda ikindinara öli tapdylar. Bu habar şol bada şähere doldy: –Çöp sypjyran ýerem ýokmuş. –Öň tutgaý keselem bolmaly däl onuň. Gulanalma sagmyş. –Baýram han gaty dergazap bolupmyş diýýärler. Salyh Nyýazy ýassy çemesi şäheriň iň ökde tebibini Baýram hanyňöýüne getirdi. Ony öli aşpeziň ýatan otagyna eltdi: –Sakgaldaş, şü älini mazaly barla. Munuň ölmeginiň sebäbini anykla–diýip, aşpeziň öz ajalyna ölmänligine müňkürlik edýänligini gizläbem durmady. Tebip kän sypap-sermeneklemedi, sebäbi öliniň endamynda dyrnaçaklanan yzam bildirenokdy. Ol diňe alkymyna siňe-siňe seretdi-de: –Ýürek agyrysy bardymy?–diýdi. –Ýok, juda sagatadamdy–diýip, Baýram han sesinisandyradyp jogap berdi. –Onda çaklaýşym dogry. Bu pahyry bogup öldüripdirler. Alkymynda az-kem gök tegmiller bar. Tebibi ugratdylar. Salyh Nyýazy: –Oglum, saňa bir erbetçiligiň ediljek bolunýanlygyny ýüregim syzýa–diýdi. –Özümem aňýan–Baýramyň gysgajyk jogabyndan soň, Salyh Nyýazy gaýtmak üçin hoşlaşdy, ýene: – Täzeaşpez aljak bolanyňda maňa geňeşgin, oglum–diýip aladaly aýtdy. Ertesi agşam Baýram han Salyh Nyýazy bilen gümür-ýamyr edip otyrka hyzmatkäri bir goja hindiniň ony görmek isleýänligini duýdurdy. Baýram han: –Getiriň!–diýip. söhbetdeşiniň ýüzüni köpmanyly gözledi. Goja hindi içeri girenden bükülip, tagzym etdi, hal-ahwal soraşdy. Baýram han: –Geçiberiň, atam–diýip törden ýer görkezdi. –Siziň gapyňyzyň şu ýerinden orun tapmagam biz üçin uly sylagdyr–Goja hindi işikde çommalyp oturdy-da, töweregine gorkuly ýaltyldady. –Arz-halyňy aýdyber, atam. –Aýtjak weli...–Goja töweregine ýene ýalt-ýult etdi.–Ikiçäk bolsak... –Bu-da, özüň kimin perişde meňzeş päkize ýaşuly. Çekinme-de. Sözläber–diýip. Baýram han Salyh Nyýaza ümläp aýtdy. –Men perişde meňzeş päkizedäl.–Hindiniň gödek jogaby oturanlaryň ýüregini gozgalaňa saldy. Olar alasarmyk ýagdaýda biri-biriniň ýüzüni gözlediler. Salyh Nyýazy: –Sakgaldaş gönülesene–diýdi.–Gorkma, onsoňam sen şäher häkiminiň gaşynda otyrsyň. –Ony bilýän–Hindiniň ýüregi biraz düşüşdi.–Aýtsam şeýle. Meni Deliden Gandagara Tardy begýollady. Ýanynda ýene-deiki ýigit bardy, olary tanamadym. Maňa tabşyrylan ýumuş agyr. Baýram hanyň aşpezi bolup, işe ýerleşip, onuň naharyna zäher gatyp öldürmelidim. Şuny berjaý etsem, uçmahyň şu dünýädeki eşreti garaşýardy. Delide-de köp pikirlendim: «Bu syry açanlaryndan soň, etmesem barybir, meniňki ölümdir. Başga birine tabşyryp, Baýram hanam heläk ederler». Onsoň öldürmäge söz beren bolup, gylyny gymyldatman aýtmagy ýüregime düwdüm. Şeýtmege Baýrama bolan söýgim mejbur etdi. Meniň iki sany aňtawçym bar. Öňki aşpeziňizi şolar bogup öldürdiler, aňýansyňyz, deregine işe ýerleşmelidim. Olar meni ýekeje ädimem sypdyrmadylar, ýogsam, aşpez pahyry öldürmänkäler habar etmelidim. Häzirem aňtawçylar «Baýram hanyňagzyny ysgap gor, aşpez işe alýarmy ýa-da ýok» diýip, goýberdiler. Özleri şu töwereklerde köwejekleşip ýörendirler... Ara ýowuz dymyşlyk düşdi. Birhaýukdan soň, Salyh Nyýazy: –Sakgaldaş, sen perişdedenem päkize ekeniň–diýdi. Ter sakgaly titreýän Baýram han elini çarpdy. Hyzmatkär gapydan göründi. Häkim gysgaça buýruk berdi: – Jamaly getir. Mahal geçmänkä. Jamal geldi. Baýram han buýrugy oňa-da kelteçe berdi: – Şu töwereklerde iki sany del adam bolmaly. Tutup, gös-göni bäri getir. Jamal ylgaşlap gitdi. Goja hindi: – Indi men näderin? Yza dolanmaga ýol ýok. Öňem Şankarlaryň tohumyny Şer şa gyryp tüketdi–diýip, Baýramyň ýüzüne soragly nazaryny dikdi. «Şankar» sözüni eşiden Baýram han gulaklarynyň eşidişine ynanman: – Kimiň tohumyny?.. diýip, ilerräk süýşdi. –Şankarlaryň. Maňa Gülbeden Şankar diýýärler. Delide inim bardy. Ol tütjar sethdi. Özem husyt. Altyny öz janyndanam şirin görýärdi. Şolam başyna ýetdi. – O,niçik? –Şer şa gizlän altynyny soranda bermedi. Olam tohum-tijine çenli gyrdy. Maňa gizlenmek başartdy. Men bir gezek agyr syrkawladym. Aýalym pul kömegini sorap baranda kowup goýberipdir. Şondan soň, gapysyndan barman ýördüm. Aý, öňem kän sekmezdim. Ynha, şeý-le. Hawa, meniň önelgäm bolmady. Ýaşym altmyşa ýetipdi. Aýalym iňirdäp goýmady: «Iniňebar, öýkeläp ýörme. Her näme diýseňem doganyňdyr, ol. Ogullyk sora ondan». Onuň Kalýanmal Şankar diýen dogumly ogly bardy. Şony soradym. Ol ilki geplemedi. soň:–Çöregiňi zordan tapýan halyňa, ogul nämäňe gerek–diýip, ýüzümi alyp goýberdi. Gülbeden Şankar maşgala syryny açanyna ökünýän ýaly ýygryldy, şonda onuňdyzlary gulagyndan geçerledi. Birbada ähli gahar-gazabyny unudan Baýram: –Atam, Kalýanmal Şankardiri– diýip, ýuwaşja aýdyp goýberdi. –Gaýtala, oglum! –Kalýanmal Şankar diri. –Agzyňa bal, oglum. Nirede ol? –Soradym, aýtmady. Öz-ä obalara gitmege göwünlidi. Goja turuberdi. –Atam ugur hanjak? –Elbetde, Kalýanmaly gözlejek. Goý, Tardybegyzarlasa-yzarlabersin meni. –Bu gije myhmanym bol. Belki, kömek gerekdir. Pikirlen-de,aýt! Goja weli, eýýäm daşardady, yzysüre-de hykgyldy eşidildi. Baýram han bilen Salyh Nyýazy jaýdan çykanlarynda gursagyna çümen pyçagyň sapyny gysymlap ýykylan Gülbeden Şankary gördüler. Howlynyň içinde kebzesine peýkam çümen ýene iki pyýada gana bulaşyp ýatyrdy. Aňyrdan gelen Jamal ýuwdunyp-ýuwdunyp gepledi: – Bu nejisiň uzynynyň ädiginde pyçagy bar eken. Gojany görenden zyňdy. Menem almytyny berdim. Arman, ädigini barlamak küýüme gelmändir. Ah, Jamal, Jamal! Baýram hana gulluk eden wagtyň içinde ilkinji gezek gowşaklyk goýberipsiň. Bularyň jezasyny her mahalam bermek bolýardy. Howlugypsyň. Entek anyklanmaly zatlar bardy. Eýsem, Tardy begiň ýanyndaky şol iki ýigit kimkä? Belki, Kamran mürze bilen Askar mürzedir? Hany delilnama? Beg, ýöne-möne adamlara syryny ynanmaz. Baýram han bolan wakany patyşa ýazmagy ýüregine pugta düwüp, «bulary näderis?»diýen manyda Salyh Nyýazynyň ýüzüne äňetdi. Goja: –Şäher ilaty oýanmanka ölüleri mazarçylykda jaýlasynlar. Ýogsam, dowulçylar her hili gürrüň ýaýradarlar, bu at-abraýyňa çirkýetirer– diýip maslahat berdi. Gojanyň aýdyşy ýaly edildi. Baýram han Humaýuna hat ýazmaga ýetişmedi. Ertesi, giç öýle mahaly patyşanyňkämillik ýaşyna ýetmedik ogly şazada Akbary garşylady. Humaýun Bengal ýörişiniň şowly tamamlanandygyny, basym ýeňiş dabarasyna çagyrjakdygyny, şeýle-de ogly Akbara atalyk edip belleýänligini gysgajyk ýazypdyr. Patyşanyň mirasdüşer ogluna atalyk bellemegi onuň Baýrama bolan ynanjyny berkidýärdi. Munuň Baýramyň hem-de Humaýunyň duşmanlarynyň içinden gan geçirjekligi görnüp durdy. GANDAGARDAKY SOŇKY GÜNLER Baýram han serhowzuň ýanyndaky sekiniň üstünde çuň pikire batyp oturyşyna Selimäniň assa basyp ýanyna gelenliginem aňşyrmady. Gelni elini onuň egninde goýdy. Baýram han tisginjiredi. Şu ýerde-deSelimeonybimazaedenligineökündi. Oldaň atynça-da uklap bilmedi. Ýazdy. Bozdy. Ýene-de ýazdy. Töweregi kagyzdan üýşmeklendi, emma şygyr döremedi. Ýogsam, täzedüzen goşgularyny ilkinji gezek köplenç, gelnine okap berýärdi. Häzir şahyryň gijeki dörän pikirleri çugdumlajak bolmaklygy gaty ähtimal, ýöne indi giçdi. Eri ukusyzlykdan gyzaran gözlerini güldürmäge çalyşýar. – Päsgel beren däldirin herne? –Hiýem, sen maňa päsgel berermiň? Ylhamym, dünýädäki herne barym, säheriň güllere peşgeş beren dür monjugy, gözlerimiň röwşeni... –Boldy, besdir– Gelni onuňagzyna elini goýup, yzyna çekdi. Baýram göçgünli gepledi: –Aýak tozuňa paýandaz, gulluk patyşahy älem. Selime bir enaýy ýylgyrjaklady. Bagyň gözelligi on esse artan ýaly boldy. –Ýaňky tarypnamalaryňy ilkinji duşuşykda-ha tapmandyň. Indi aýtmagam birhili gelşenok. – Çyn güller müdimidir, solmaz. Onsoňtarypnamany her haçan eçilseňem gelişmän durmaz. –Şeýlemi? –Şeýle. Ikisem wakyrdaşyp gülüşdiler. Bularyňsesine golaýjakdaky bagyň ýapraklary gymyldaşyp gitdi. Baýram başky göçgünliligi bilen dowam etdi: –Ilkinji gezek magşugyna muhabbet sözlerini aýdyp bilýän ýigit tüýs gaýratlydyr. Edil söweşdeki ýaly edermenlige barabardyr. Gyz–bu apat ahyry! –Gyza söýgi sözlerini aýtmak edermenlige barabar-ow? Şeýle-mi? –Eşitdiň-ä, munuň şeýledigini. –Hak gürrüň. Seniň iň edermen nökeriň biri muhabbet sözüni aýdyp bilmän kösenip ýör. –Kim ol? –Duýaňokmy? –Ýok. –Şahyrlar juda duýgur diýýärler welin, ýalanmyka? –Çyndyr. –Onda nä gabak astyndaky gumrulary göreňok? Baýram gaşlaryny bürüşdirip, ýerebakdy. Bolmady. Allajanlarym kimkä olar? –Bilmediňmi? –Hawa. –Jamal-da. – Aý, goýa! – Çynym. – Jamal Gülnäzi söýýär. – Näbilýäň? – Gözler pynhan syry ýürekden öňinçäaýdýarlar. Ony bilmek üçin şahyr bolmagam hökman dol. Baýram han ýene aşak bakyp, başyny galdyrdy, Selimäniň gözlerine tiňkesini dikdi: – Indi biz näme etmeli? –Olary jübütlemeli. –Belki, özleri dil ýarar. –Aýtdyň-a, ýigide muhabbet sözüni... –Dogry, dogry!–Baýram gelniniň sözüni böldi. Selime şundan wagt geçmänkä, çemini tapyp, Gülnäze Jamala durmuşa çykarjakdyklaryny ýaňzytdy. Gyz ilki eginlerini silkip-silkip aglady. Eýsem näme? Gyzlyk döwri ömrüň iň gözel çagy ahyry! Ol köşeşensoň, gyzaryp: – Baýram agam biler–diýdi. Jamala Baýramyň özi aýtdy. Ýigit: –Özüňbilýäň, men bir garyp nöker–diýdi. Ýaşlaryň toýuny Baýramyň özi tutdy. Baýram han häzir Gandagardan uzakda, mawy köljagazyňbaşynda. Kölüň suwy dup-dury, hut ýüzüň görünýär. Özem asuda. Onuň rahatlyny bozmaga dözmeýän ýaly, iki-üç sany guşjagaz suwa gyratlaýarda kakman, ýokarrak galyp, gaýmalaşýarlar. Baýram hanyň ýanynda ýene-de biri dur. Ol şazada Akbar. AslyndaBaýram şu oglany gezelenje alyp gaýdypdy. Şazada misli oýna gyzygan çaga ýaly kölüňorta çeninden golaýrak gelen guşlara sary peýkamyny çenedi. Muny gören Baýram: –Guşlary atma!–diýip, tutugrak gepledi. – Näme üçin, han babam?–Oglanyň ýüzünde närazylyk alamaty göründi. –Guşlar kölüň gelşigi. Eger olary öldürseň, kölüňşu mahalky gözelligi aýrylar. Şeýle-de guşlar çagalaryň dostudyr. Olar adama, ekine zyýan berýän mör-möjekleri ýok edýärler. –Onda men näme ataýyn? Oglanda agyn Baburlaryň gany bardy. Hökman janly-jandary gana boýap gezmelimi? Ertirem bökjekläp ýören keýik owlagyny atyp öldürdi. Baýram han özüniň terbiýeleýänini başdan-aýak synlady. Humaýuna çalymdaş: akmeňiz, inçemik, boýy ortadan sähel uzyn. Ol henizem atalygyna soragly bakýar. Muňa hökman jogap bermelidi: – Gargalary atyber. –Olar guş dälmi näme? –Dogry. Men saňa gabak oýnunda atmagy öwrederin. Şazadanyň hereketleri çaganyňka meňzemeýärdi. Az okaýardy, harby tilsimlere höwesekdi. – Aýtsana, han babam, siz atamyň ýörişlerine gatnaşdyňyzmy? –Hawa. –Edermen Babur şanyň ýörişleri barada gür bersene. – «Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer»diýýä biziň türkmenler. Entek howlukma. –Siztürkmenmi? – Türkmen. – Ýer-ýurduň nirede? –Gaty uzakda.– Şazada oňa soragly nazaryny dikdi. Baýram han ol gözlerden: «Ýurduňa gitmän, bu ýerlerde näme ygyp ýörsüň» diýen manyny okady. Belki, göwnünedir. Şazadanyňentek ol zatlary diýerden başy ýaş. Barybir, şazadanyň soragly bakýan nazary onuň ýüregini mynçgalady. Birötegçi ak bulutjyk duýdansyzlykda kölüň üstüne şibirdedi. Kölüňasudalygybozuldy,onuň ýüzünde düwmejiklertowsup-towsup gidýärdi. Haýran galmaly, köle bu görnüşem gelşipdur. Baýram hanasmandaky bulutjyga nazarsaldy: «Ikimiziňykbalymyzda çalymdaşlyk bar. Hany, belli bir ýurduň– mesgeniň? Gör, nirelerden gelip, nur dökýärsiň?» Akbaryň şadyýan gygyryp, şapadaňlap gitmegi onuň pikiriniň arasyny üzdi. Şu mahal, biygtyýar Baýramyň çagalygy ýadynadüşdi. Ýylgyrdy. «Her näme diýseňem, ol heniz çagadyr» diýip, şazadanyň ulalmaga howlugyp, basybalyjynyň ysy gelip duran hereketlerinden howatyrlanýan Baýram süýjülikbilen gözlerini süzüp, pikir ýüwürtdi. «Elbetde, ony molla biçiwli terbiýelemeli däl. Ýöne şindikden beýik ýörişleri arzuw edýän şazadadan geljekde asylly hökümdar çykarmyka? Onuň kalbyna rehimdarlyk duýgusyny guýmaly. Goý, halka ezýet bermesin. Şonuň üçin, guşlary atdyrmanlygyndan başlaýşy dogry. Eýsem, rehimdar patyşa döwleti dolandyryp bilermi? Bilmez». Baýram han töwersgine ýalt-ýult etdi. Onuň gulagyna Muhammet Babur şanyňowazy ildi öýdýän. «Wah, Babur şa, timuriler neslinde gaýtalanmajak ajaýyp şahyr, arman, gazaply hökümdardy». Baýram han ýene daş-töweregine ýaltyldady. Munuň dosty Humaýunyň sesi bolmagy ähtimal. Hawa, şoldur. «Ah, dostum, şa bolmankaň, sende rehim-şepagat bardy. Indi näme? Bengala gan çaýkadyň. Bütin Owganystan, Hindistan goluň astynda ahyry. Mundan buýana şo hili ýörişleri dowam etseň, biziň ýolumyz aýrylyşar. Belki, dost bolup sataşyp, duşmanlar şekilinde aýrylyşmagymyzam mümkin». Baýram han bu pikirini patyşanyň ýeňiş dabarasyna baranda aýtmagy pugta ýüregine düwdi. Şibirdi diňipdir. Biraz ýuwkalan ötegçi bulutjyk ho-olha gözden ýitip barýar. Ýakalardaky egrem-bugramja joýajyklardan akan suw köljagaza ýetmäge howlugýan ýaly towlanyp-towlanyp aşaga çaslyja eňýär. Az-kem ezilen Baýram han dynç almak üçin çadyryna gönükdi. Ol düşekde gyşaryp, sarsman uklady. Ikindinara ony Jamal oýardy, şol bada-da gapyda ýer bagyrtlap ýatan eleşan ýagdaýdaky çapara gözidüşdi: – Näme habar?! –Bir çemçe ganymy geç.–Süňňi erbetligi syzan Baýram han çaparyň habaryny bilmäge howlugyp, oňa azm urdy:–Gep çagalatma, tiz aýt! Çapar maňlaýyny ýere goýdy: –Onuň aly hezretleri Humaýun şa... – Ol sakyndy. Ýüregi agzyndan çykara gelen Baýram han laňňa ýokary galdy: –Tiz bol!!! – ...Duýdansyzlykda öldi.. Baýram özüni lampa aşak goýberdi. Haýp! Ol entek ýaşdy. Bary-ýogy kyrk sekiz ýaş. Kakasy Muhammet Babur şa-da kyrk ýedisinde ýogalypdy. Haýyp, dostum, haýyp!! Baýram han ýüzüni güpjegeberdi. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |