14:54 Baýram han -6/ romanyñ soñy | |
«SYRLY ADAM»
Taryhy proza
Penjapda üç din bardy, milletiniň aglabasy musulmanlar, sikheler, industlardy. Bular ýygy-ýygydan sähel zadyň üstünde ganjaryşýardylar. Akbaryň jezalandyryp öldürdenleriniň köpüsi-desikhelerdi. Hawa, pitneçileriň özeni şolar. Ýaş hökümdar bu taýpany köki-damaryna çenli ýigrendi. Onuň ähli gahar-gazaby sikhelere gönügipdi. Şonuň üçin bular baradaky garaýşyny atalygynyň öňünde kesgitli goýdy: –Bu taýpa juda bimaza. Şol sebäpli, demir penjede saklamagy müwessa bildim. Saç-sakgallaryny belli ölçegde etdirmeli. Ýassyndan aňry-da öýlerinden çykmasynlar. Atalygy birbada jogap bermedi. Akbar gylawlandy: –Köp dinliligi ýatyrmaly. Goý, Penjapdakytaýpalaryň barysy birigip, musulman dinine gulluk edibersinler. Salgydy artdyrmaly. Baýram han Akbara gamgyn nazaryny aýlady, alkymyna geldi: –Eh, oglum, oglum, başyň ýaş bolýar. Çyn ýolbarslar demir gözenekde saklatmaz. Saç-sakgala-da degip ýörmäli. Millet juda ynjar. Halky bir dine gulluk etdirmek baradaky pikiriňem oňlamok. Her halkyň öz ynanjy, däp-dessury bar. Ynha, men musulman, dogram-dogram etselerem ymmatymdan dänmerin. Özüňem şeýlesiň. Salgydy artdyrmak hakynda aýdanyňam adalatly däl. Munda agram sada halkyň gerdenine düşer. Olar öňki salgytlary zordan üzýärler. Ömrüň ötünçä ýeri dep–ýag çykmaz. Sebäbi her zadyň öz ugruny-ýoluny bilip çemeleşmeli. Onsoňam üns berensiň, pitneçileriň içinde sada halk ýok diýen ýaly. Ählisi başbozarlar. Eger halk pitneçileri goldan bolsady, onda ýeňiş bu mahalkysyndan arzan düşmezdi. Umuman, ýaňky aýdanlaryňy kanuna girizmek, uçguny oda öwrer. Akbar atalygyndan ýene tykyrady. Muny Baýram hanam bildi. Ogullugynyň reňki öçdi, gan öýdürere getirip dodagyny dişledi... Işikde gamgyn haldaky zenan göründi. Be, içerä batyrgaý giren kim-aýt? Baýram han ör turdy, ellerini öňe uzatdy: –Läle hanym, geliberiň. Aslynda bu sözler pyşyrdap aýdyldy. Akbar atalygynyň aýdanlaryny aňşyrmady, onuň diňe dodaklary müňküldedi. Atalygynyň dilini baglan bu zenan kim? Akbarsaýhally ýönelenaýalasersaldy. Aperin! Jahanda beýlede peri-peýker duşjak-ow! Ýöne onuň ezýet çekenligi bildirýär, maňlaýynda gasyn emele gelipdir, gabaklary pökgerişip dur. Ýaz gülüniň süllerişine çalymdaş. Aýal Baýram hanyň alkymyna gelip sakdandy-da, möňňürip aglaberdi. Baýram han elewredi: –Aglama, Läle, goý. Kim göwnüňe degdi? Bu sözler Läleni öjükdirdi, onuň demi-demine ýetmeýän şekillidi. Zenan agysy ýaş imperatory hem gozgalaňa saldy. Ol ýokary galdy: –Köşeşiň hanym. Perwana kimin daşynda aýlanýan Baýram ýene Lälä ýüzlendi: – Läle, kim göwnüňe degdi? –Sen!! Sen!! Agy gatyşykly aýylganç ses Akbary tisgindirdi. Ol geňirgenip atalygyna seretdi, atalygam oňa. Onsoň Baýram han: –Düşündir, Läle–diýdi. Şonda onuň sesi sandyrady. – Sen... Sen... ganhor. Meniňadamymy öldürtdiň.–Läle zaryn eňredi. –Kim ol? –Tar-Tardy beg. Akbaryň gözleri giňden açyldy. Ol atalygynyň wagşy gahar-gazapdan saňňyldaýanlygyny, owadan gözleriniň gyzaryp ugranlygyny gördi. Şumahal ejizligi üçin towşana degmeýän ýolbarsa meňzeýärdi. Eginlerini silkip sojaýan aýal weli, oňa ýigrenç bilen bakýardy. Akbar atalygyna öň şeýle seredilendigine sataşmanlygyny hakydasyna getirip bilmedi. Aýalyň gan algysynyňbarlygy çyndy. –Läle hanym– Reňki gara köýük bolan Baýramyň sesi güňleç çykdy.– Ilki bilen-ä. Tardy begiň adamyňdygyny bilemok. Bardy-geldibilenimde hem onuňjezasyölüm. Ol dönük. Möýüňkerebine çolaşypsyň. Gönümel jogap Läle hanymy ýyldyrym uran agaja dönderdi, ýigrençli bakyş-da geň galmaklyga öwrüldi. Läle hanym gapa çenli egilibräk ýöredi, onsoň, gönelip, egniniň üstaşyr yzyna gaňryldy: –Ah, Baýram han!.. Pyşyrdap aýdylan bu sözler gursagynda gopan harasady henizem saýpallaşmadyk Baýram hanyň gulagyna ilmedi. Emma gulagy jam ýaly Akbar eşitdi. Ol sözlerde kalbyňy lerzana getiriji dag-arman bardy. Äriniň ganyny alyp bilmejegine göz ýetiren naçaryň ahmyrymy? Ýok. Onda şirin gussanyň ýaňy bar. Atalygy syrly adam-ow. Agşam imperatoryň ýakyn adamlary öýüne üýşdüler. Iýlip-içildi, göçgünli aýdam-saz diňlendi. Onsoň köşgüň baglygynda gezelenç başlandy. Imperatoryň ejesi Hamyda–Banu bilen terbiýeçisi Mahym eneke böwşeňlikden peýdalanyp, onuň ýanyna bardylar. – Her bir ene özüniň perzendi üçin aladalanmaga borçludyr. Men hem şeýle–diýip, Hamyda-Banu gürrüňe başlady. –Elbetde, meniň mähriban ejem–Akbar onuň maňlaýyndan ogşady. –Meniň ogullygym dünýäde iň asylly patyşadyr–Mahym eneke ýylgyryp durşuna Hamyda-Banudan soň gep goşdy. Hamyda-Banu öňe tarap assaja ädimledi. Imperator onuň bilen egnini deňledi. Mahym ene bolsa yzlaryna düşdi. Imperatoryň ejesi: –Saýry, Mogol döwletiniň guwanjy Tardy begi nähak öldürdipdir. Ol ýigitkä begiň aýaly Läläni söýüpdir. Hanym saýrynyň muhabbetini ret edipdir. Muňa Mahym enekäniň ogly Edhem han-da şaýat. Ol kakaň patyşa döwründe atalygyň bilen biraz tirkeşipdir. Şeýle dälmi Mahym eneke?–Hamyda-Banu yzyna öwrülmän, saklandy: –Müň keren dogry. Hökümdarym islese, oglumy getireýin. Mahym eneke Akbaryň ýanyna gelmege ýüregi etmän, ýaramsaklyk bilen jogap berdi. Imperator ümläp goýberdi. Eneke yza tarap ýumlukdy. Akbar, näme üçindir, ejesini synlady. Gartaňlaşan ene. Ýyllar gara saça ak gyraw sepse-de, ýaňaklarynyň terligi güýz almasyny ýadyňa salýar. Bahar gülleriniňki ýaly müşk ys gaňşyrawugyňy urýar. Edhem han gelip, iki büküldi: –Meniň Baýram han bilen tirkeşenim hakykat. Şonda ol Läle hanymy özüne durmuşa çykarmaga razy etjek bolýady. Bolmady. Bu aýdanlarymy Baýram hana mälim etme. Ganymy gotura derman eder. Wah, Tardy beg dostumdy, özem garadan gaýtmazdy. Onuň ölümi–Mogol döwleti üçin uly ýitgidir. Akbar «Besdir» diýen manyda yşarat etdi. Edhem han götinjekläp gaýra çekildi. «Diýmek, Baýram han Tardy begi dönükligi üçin däl-de, söýen gyzyny elinden alanlygy üçin öldüren eken» diýip, hökümdar oýlandy: «Gör, nähili, nejislik!» Bu pikir Akbary sarsdyrdy. Maňlaýyny tutdy. Atan okunyň nyşana degenligini aňlan Hamyda-Banu ogluna şeýle diýdi: – Saýrydan özüňem hüşgär bolgun! Perzendine abanýan howpy öňünden syzýan ene ýüregine şübhelenmeklik nadanlygyň alamatydyr. Bu pelsepä uýýan Akbaryň kalby gozgalaňtapdy. Hawa, atalygy köşk emeldarlarynyň ençemesiniň ýoguna köýüpdi. Ol muny wagtynda hat ýazyp han babasyna duýdurypdy. Ýa Akbary lellim hasap edýärmikä? Şeýledir. Ýogsam, Tardy bege eli galmazdy. Şu mahal köşkde Läle hanymyňaýdany ýadyna düşdi: «Ah, Baýram han»... Bu Baýram hanyň muhabbetini gazanyp bilmedik naçaryň sözleri. Hut şeýle. Oňda ejesidir, özüne wepaly Edhem hanyň aýdanlary näme? Belki, Läle hanymy görüp, gürleşmek gerekdir. Ol köşge gelende Baýram hany gözünde oky bolsa urjakdy, gidende weli... Hökümdar ejesidir enekesiniň ýanyndan gidendiklerinem duýman egninden agyr daş asylýan ýaly, sekijigiň üstüne ýadaw göwresini. goýberdi. «Läle hanymy görmegiň zerurlygam ýok. Edhem hana zeper ýetäýmesin. Syrly adam eken, Baýram han». Hökümdar çaşgyn pikirlerini çugdamlap bilmedi. Ol howuzjykdaky balyjaklara tomaşa etmek üçin, turup, şol tarapa ýuwaşja ädimledi. * * * Aý-günler geçip, ýyl kerwenini düzýärdi. Abdyrahymjyk ýörjeň-ýörjeňlikden saýlanyp ýördi. Baýram hany argynlyk basmarlaýardy, şonda ony ýekeje zat ganatlandyrýardy. Ol hem Abdyrahymjykdy. Baş wezir şonuň üçin soňky wagtlar kabulhanasyndan irräk gaýdyp, öýüne ýetmäge howlugýardy. Gelip, ogluny hopba edýärdi, gižžikleýärdi, jykyr-jykyr güldürip, ýaňaklaryny dyrnaçakladýardy, gül yslyja şar gara saçjagazyny bulaşdyrýardy. Abdyrahymjyk ýadap uklanda, ýalňyz galyp, gulagy kesilene dönýär. Ýatlamalar kölünebatýar. Ýygy-ýygydanönüp-ösen ýerini, ata babasyny ýatlaýar. Ol käte türkmenleriň «ýedi arkasyny» aýdyp bilmelidir diýenine uýup, pyşyrdap sanaýar: Şiraly beg, türkmenleriň baharly kabylasyndan, onuň ogly Garamuhammet, onuň ogly Garamüsür, onuň ogly Gazan han, onuň ogly Gara han, onuň ogly Gara beg, onuň ogly Baýramgara beg, onuň ogly Alyşükür beg, onuň ogly Şiraly beg, onuňogly Barak beg, onuňogly Seýfaly beg, onuňogly Muhammet Baýram han, onuňogly hem Abdyrahym»... Şonda ol ýeňillik bilen ýokary turýar, baryp oglunyň ýatan otagynyň gapysyndan jyklaýar, eger Selime bolmasa, içeri girip, ony ilkinji gezek görýän ýaly ata buýsanjy bilen mähirli synlaýar. Abdyrahymyň mana düşmegine howlugýar. Ata-babasynyň şejeresini özi dirikä öwredesi gelýär. Onuň ýigit çykmagyny-da küseýär. Harby tälimi-de özünden öwrensedi. Hawa, Baýram hanyňbabasy Şiraly beg Hyratda häkimlik eden Soltan Husaýyn Baýkaranyň köşgünde gullukda bolupdyr. Babasynyň, Soltanyň söwer dosty Alyşir Nowaýyny görenligi hakdyr. Kakasy Seýfaly beg Gaznada häkim bolupdyr. Dogry, muny Baýram han bilenok, eşidipdi, sebäbi ol ir ýetim galdy. Abdyrahym bulary bilse, gör, niçik, gowy bolardy. Onsoň hem kakasynyň geçen ýoly şöhratsyz däldir. Şuny-da bilse. Şu ýerde ol biraz gyzarýar. Ýogsa-da, Baýram han näme üçin howlugýar? Oňa ajal gol bulaýan däldir-ä? Ýa-da birmahalky sygan palçysynyň aýdany ýüregine düşýärmikä? Sygan garry şeýle diýipdi: «Oglan, seniň keç takdyryňbolar». Hawa, ykbal oňa gülüp bakmady. Bu dogry. Ol altmyş sala kowalaşyp ýör, diri. Telesme, Baýram han, Abdyrahym gününi sanap ösýär. Baýram han biraz teselli tapýar, soňra ýene pikire çümýär. Ejesi Negine çalaja ýadyna düşýär. Göwni Hemedana perwaz urýar. Garagoýunly türkmenleriň baharly tiresiniň aglabasy şu şäheriň «Bahar» diýen ýerinde oturypdyr. Geçen asyryň aýagynda baharly kabylasyndan bolanlar Badahşana göçüp barypdyrlar. Belki, «baharly» sözi şol, «Bahar» diýen ýeriň adyndan gelip çykandyr. Ynha, muny Abdyrahym ir öwrenip goýmaly. Keselli hum ýaly çişen Baýram han gozganýar. Gije ýarymdan geçipdir. Älem-jahan asuda, onuň ýüregi weli, ynjalyksyz. Indi ogullygy Akbar bilen arasynda hytaý diwarynyň döremek howpy azar berer. Ýaş hökümdar köşk emeldarlarynyň myş-myşyna ynanýar. Onuň hereketlerini halanok. Ol ömrüniň gözel pursatlaryny Beýik Mogol döwletine hyzmat edip geçirdi. Akbaryň şoňa göz ýummak gorkusy bar. Asyl soňky wagtlardaky göwnüçökgünligiň, häli-şindi pikire batmaklygyň hamyrmaýasy şonuň üçin bolaýmasyn? Onda hökümdara «baş wezirligiňem, goşun serkerdeligiňem özüňe nesip etsin, döwlet işi surnukdyrdy, jahana aýlanmaga gitjek»diýäýse näder? Aý, ýok, bu-da telek, sada halk ýalňyz galar. Şemal bag ýapraklaryny şygyrdatdy. Baýram az-kem egninden basýan pikirlerden üzňeleşdi. Ýöne ýapraklartiz rahatlandy, ol ýene pikir derýasyna çümdi: Hökümdaryň geljekde garyp-gasara ýowuz daryşjaklygy bildirýär. Pursat barka, tagtyndan taýdyraýsa näder? Goşun elinde. Onuň ýüzi gyzyp, gozganjyraýar. Hawa, ol patyşalygy küýsänok, diňe sada bähbidi üçin... Şu mahal dosty Humaýunyň igençli bakyp, pyşyrdaýan sesi eşidilýär: «Türkmenler Dönüklik eder öýdüp çaklamaýardym. Onda-da sen. Çagalygyndan Akbaryň ykbalyny ynandym. Diýmek, Mogoldöwletini hem»... Baýram han hopukdy, laňňa ýokary galdy. Ýaşajyk aý şugla saçýar. Onuňky hezil. Misilsiz jahana gözellik paýlaýar. Onuň aý takdyryna gözi gitdi. Aý, ýok, oňa-da pesgälçilik bardyr. Bulutdan perde, ýel... Dur-la, bir-ägelýär. Her hal ol ýalňyz däl eken. Oh, bu Selimedir. Başga kim bolar? Görgüli henizem uklamandyr. Serwim Selime, sen meniň durmuşym. Selime çekine-çekine geldi. Baýram han ilki dillendi: –Aý saňa däl-de, sen aýa şugla saçýaň.–Bu sözler onuň özüne-de ýalandan aýdylýan şekilli eşidildi. Sebäbi Selimäniň-de soňky wagtlar ýaňaklary myssaryp, horlanypdy. Baýram han ezýet berýän oýlanmalaryň oňa-da azar berýänligi şeksizdi. – Ýene uklaňokmy?–Selimäniň gözleriniň owasy ýaşdan doldy. Bu Baýramy aljyratdy, bimaksat ellerini owkalaşdyrdy. Nädip köşeşdirmeli? Hile ulanmalymy? Elbetde, şeýtmeli. –Ezizim, pitneçi pikirler azar berýär. Täze şygyr dünýä indi. –Baýram bu sözleri-de ynamly aýtmady. Sebäbi Abdyrahym dünýä ineli bäri süwütli bir şygyr düzmänligi Selimä aýandy.Eger ýazan bolsa oňa okap bererdi. Ýaşlyk ýelgini ýatyşansoň okamasyny bes edäýdimikä? Şygyr ýazylan diwanynda-da täze zatlar göze ilenok. Selime naýynjar halda: –Hany, şygryňy aýt–diýdi.. Bäh, bu Baýramyň emelsizdigini! Beýle pikir nireden kelläňe geldi diýsene! Gaş düzetjek bolup, göz çykarana meňzedi. Ol aslynda, Selimäniň öňünde ýalan sözlemegi başarmaýardyahyry. Aldawçylyk süňňüne siňmändi. Masgaraçylyk! Pikirlenmek üçin wagt utmak zerurdy. –Häzir, takat kyl–Ol gezmeledi. Eý, şygyr senediniňpälwanlary, Omar Haýýamdyr Alyşir Nowaýy! Kuwwat beriň! Ylham! Gömlüp galan aryk dälsiň, gel, Dostum, gel. Haw-wa... – Baýram sakga durdy, Selimä garşy öwrüldi-de, şu pursat düzen. Men zarga sen dek ýene bir ýar tapylmas, Sen ýarga men dek ýene bir ýar tapylmas – diýip, başlanýan «Tapylmas» gazalyny aýdyp berdi. Ýigrimi bäşiňdälijesine dolanana dönüp, gursagy joşgundan dyňzady. Selime, sen öňräk gyssamaly eken meni. Nädişdiriberdiň? Ylhamy gaýdyp berdiň. Baýram edil ýaş ýigit kimin Selimäniň bilinden tutup, pyrlady. Ol: «Goýber, goýbersene» diýip näzirgedi. Baýramdakygöçgünlilik az mahallyk oňa-da geçdi. Ynha, muňa juwanlygyň dolanyşy diýerler. Emma bu pursat uzaga çekmedi. Selime şygyr okady, onda hasrat duýuldy: Bürgütler asmandan inende şaglar, Seň kaddy-kamatyň nazarym eglär. Eý, abu-haýatym17 tarahhum18 eýle, Köňle gubar indi, egnimde daglar. Aç, pynhan syryňny biçäre Mahwa, Ýogsa, söýen gözüm ölünçäm aglar. Erek goýun kimin ýuwaş, asman kimin giň, umman kimin ynjalyksyz, türkmen bedewi kimin buýsançly, aýa gelşik berýän gözel Mahwym! Gör, seni, niçikderdi-azaragoýupdyryn! Gam-gussany dyr-pytrak edeli: Ertiriň özünde şikara çykaly. Baýram han bulary içinden gaýtalap, aýalynyň tar-tar zülpünden sypalap goýberdi. Onýança iki bükülip gelen nöker: –Beýik atamyz! Onuň aly hezretleri Akbar şa gyssagly köşge çagyrýa–diýdi. ...Akbar atalygany gülüm-ýalym edip garşylady. Baýram han ogullygyndaky bu özgerişe az-kem galkyndy, ýöne ýaramsaklygany ýigrendi. –Han babam, Gandagardan habar geldi. Oýerde uly pitne turupdyr. Hemişe beýle habara Baýram hanyň endamy gatardy, sowukganlylygy saklap, özüne erk ederdi. Bu gezek hökümdaryň it kimin ýallaklaýşy-da peýda etmedi. Ol lagşan halda göwresini aşak goýberdi. Akbar söweş çakylygyny eşiden atalygynyň ysgandan gaçyşyny ilkinji gezek gördi. Eý, beýik han babam! Gaýrata gal! Sen Mogol döwletiniň arkadagy. Bulary daşyndan aýtmaga gurrumsak hökümdaryň bogny ysmady. Naýynjar halda dymyp durdy. Süňňüne gowşaklygyň aralaşmasyna Baýramyň özi-de geňirgendi. Dyzdan kuwwat gaçýarmyka? Ýok. Ol dogabitdi harby adam. Jeňde bolmagyndan basylanok. Şu gögele ýigdekçäniň gadyrbilmezligi bar zatdan onuň elini sowadýar. Bilmeýärmike? Onda nä gerek mahaly gülüm-ýalym edýär. Ýaramsaklygyňdan ýekeje hoş söz zerur han babaňa. Käte daglar yssy mähri küýseýär diýýärler. Howwa, hut şeýle. Köşgüň bir künjeginden Humaýunyň pyşyrdysy eşidildi: «Gaýrata gal, dostum, Mogol döwleti gylyň üstünde dur. Gögele oglan bilen deň bolma. Dostluk ownuk kinelerden beýikdir». Baýram syçrap ýerinden turdy. Hökümdar ynjaldy. ÇIGIŞGIN ÇÖZÜLÝÄR Pitneçiler Baýram hanyň Gandagara eden hüjümini yzyna serpikdirdiler. Bu şowsuzlyk az kem onuňbadyny aldy. Gylyç hemişe kesgir bolanok. Kütelýär hem. Eýsem, bu şowsuzlygyň gönezligi nirede? Soňky wagtlarda ýeňilmegi bilmeýän serkerdedi. TasIsgender Zulkareýna barabar. Ýöne ol basybalyjy däl, bigünäadamlaryň ganyny dökmek islenok. «Sendenem Isgender Zülkareýin bormy? Çala-mydar başy gowşan pitneçileriň sesine suw guýup bilmediň. Olaryn güýjüni öwrenmediň. Men-menlik etdiň. «Duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe gör». Serkerdeleriň harby maslahatynda «mundan buýana nähili hereket etmeli» diýen mesele çözülýärkä oýlanan Baýram han gozganjyrap, näme üçindir, ýaş hökümdaryň ýüzüne seretdi. Akbar ymgyr çölde ýol-ýodany ýitirip, näderini bilmän oturan adama çalymdaş aljyraňňydy. Dodagy kemşerýärdi. Görnüşine göre, ol umutsyzdy. Akbar birden aýgytly karara gelen şekilli başyny galdyryp şeýlediýdi: –Han babam, biz güýjümiziň köp bölegini ýitirdik. Indi söweş meýdanyna çyksak, bütinleý ýeňleris. Käbile tarap yza çekileli. Şo ýerde-de güýç toplarys. –Hak söz! –Dogry!–Iki-üç sany ýaranjaň mogol serkerdesi hökümdary goldady. Hindal olara alaryldy. Baýram muny gördi. Diýmek, yza çekilmäge ol garşydy. Serkerdeleriň beýlesi sesini çykarmadylar. –Meniň hökümdarym– Baýram pessaý äheň bilen başlasa-da, özüne zor salýanlygy bildirdi. Hemmeler baş serkerdeniň elleriniň saňňyldaýandygyny gördüler. –Mundan buýana yza çekilmek-ýeňlişdir, tas mogol döwletini ýoga çykarmakdyr. Pitneçiler süre söbügiňe düşüberse nädersiň? Ýeňşe ruhlanan başbozarlary beýleki welaýatlaryň goldamagam mümkin. Şol sebäpli, şumadyň özünde hüjüm etmeli. Dogry, biz güýjümiziň ep-esli bölegini ýitirdik. Emma nökerleri ýeňşe ruhlandyryp bilsek, giderilen güýjümiziň öwezini doldugymyz bolar. Söweşde esasy zat, ýeňşe bolan ynamdyr. –Makul gürrüň–diýip, Hindal körekenini goldady. Öz gezeginde Akbar oňa alaryldy. Baýram muny-da gördi, ýöne ünsüni sowmaga synanyşdy. Salym geçmänkä, Baýram han daňyň alagaraňkysynda sap-sap düzülen Mogol goşunynyňöňündetürkmen, pars, hindi dilinde gysgaça söz sözledi: –Algyr laçynlarym! Men köpüňiz bilen jeň meýdanynyň gazaply synagyndan geçdim. Ýeňilmedim. Beýik Mogol goşuny ýeňilmezdir. Häzirem meniň öli ýerimde öli, diri ýerimde diridigiňize ynanýaryn. Ýeňiş bize ýardyr. Öňe pälwanlarym! –Öňe atamyz! –Biz seniňbilen!!–Gulagyňy gaparagetirensöweşjeňarryldydan soň, Mogol goşuny Baýram hanyň baştutanlygynda öňe süýşüp ugrady. ...Duýdansyz üstüni basdyran pitneçiler gazaply söweşe-söweşe şähere tarap çekildiler. Olar şäheriň eteginde Baýramyň inini düýrükdiren hilegärlige ýüz urdular: Garrylary, aýal-ebtatlary, çagalary saýgylap, sürdüler. Şol aralykda ýyldyrym çaltlygynda aýylganç hadysa gopdy: Ezýete çydamadyk bir çagaly ene göni Baýrama tarap okduryldy. Ýeňsesinden atylan onlarça peýkam ony ýer bagyrtlatdy. Mogol goşunynyň baş serkerdesiniň jynyssyz sesi hökümdary-datisgindirdi: –Bür-güt-ler-rim, öňe!!! Goşun öňe eňdi. Aralyk ýere ýetende duşmanlar tarapyndan atylan sary peýkamlar mogol nökeriniň ençemesini atdan agdardy. Beýle halda öňe omzamagy kelläňden çykarmalydy. Ikinji gezek agzybirlik bilen atylan peýkamlar Baýram hanyň nökerlerini ýene paýhynlady. Baş serkerdäni gözden sypdyrmaýan Jamal onuň atyny jylawlady: –Atamyz! Şahy älem, yza çekilmegi maslahat berýä. Akbar yzdady. Ony şahsy saklawlary, ýene müňbaşy Edhem han goraýardy. Ol yza çekilmek barada gyssagly çapar ýollady. Çapara Baýram han eýgertmedi, onsoň ol Jamaly tanap, şoňa aýtdy. Bu gezek hökümdaryň maslahatynyň dogry bolmagam gümansyzdy. Ýöne öldürilen çagaly ene üçin wagşy gahar-gazaba döz gelmeýän Baýram hany hiç bir güýç saklap bilmejekdi. Onuň çym-gyzyl bolan gözlerinden şorumtyk gyzgyn ýaş syrygýardy. Elbetde, ol muny bilenokdy. Öňe gitmeklik–Baýramy-da heläkçilige uçratjakdy. Duşmanyň peýkamy üçin, baş serkerdäniň ýa-da nökeriň parhy ýokdy. Şol sebäpli, Jamal Baýramyň atynyň jylawyny şatyrdadyp çekip, goýbermän durdy: –Ja-mal! Goý-berr!! Ýaraly ýolbarsyňky ýaly ses Jamalyň süňňüni gowşatdy, jylaw elinden sypdy. Şu pursatlarda duşman ýüzüni birden aňry öwürdi. Aňyrdan çozup, kömege geleniň kimligini pikirlenip bilmäge Baýramyň wagty ýokdy. Ol pitneçileriň ýeňsesinden jaýdar urdy. – Başbozarlar kül-peýekun edildi. Baýramyň hut özi olaryň ençemesini gylyçdan geçirdi. Barybir, onuň ýüregi ýerine gelmedi. Köp mahallap bigünä çagaly ene göz öňünden gitmedi. Şäher ilaty söýünçli garşylady: –Atamyz Baýram hanyňömri uzak bolsun! –Penakär babamyz, dadymyza ýetişdiň! –Ýaşa!! Bu sözler ýörişden-söweşden endamy kül-owram bolan Baýramyňsüňňüni ýeňletdi. Göwnüni galkdyrdy. Märekäni iki ýaryp, bölek pars atlysy oňa gönükdi. Öňden biri gelýärdi. Ol bezemen al sakar atynyň kümüş göwüsbendini güne ýaldyradyp, harbylarça ykjam otyrdy. Ter garasakgally, ala gözleri oýnaklaýar. Baýram han özüne kömek geleniň eýranlylardygyny aňdy. Goşun serkerdesi golaý gelende egilibräk salam berdi: –Bütin musulmanlaryň arkadagy, onuň aly hezretleri beýik patyşa Tahmaspydan hanlaryň hany Baýrama köp dogaýy salam. Tahmasp patyşa, dosty Baýrama bizleri kömek bermäge iberdi. –Çyn dost jeň meýdanynda tapylar. Dostumyz, ýedi yklymda tanalýa Tahmaspyň ýagdaýy niçik? –Hudaýa şükür, sag-salamat. Serkerdeler atdan düşüp, gujaklaşyp, görüşdiler, soňra pitneçileriň tarapyna geçeni üçin jezalandyrylyp öldürilen şäher häkiminiň köşgüne ýöneldiler. Baýram han eýranlylaryň şanyna döwre gurady, ýylan damak, gamyş gulak bedewleri çapdyrdy, Gandagar gözellerine aýdym aýtdyryp, tans etdirdi. Eýran goşunbaşynyň keýpi kökdi. Ol öz ýurduna ugranda Baýram han pitneçi ýesirleri, öňki şäher häkiminiň hazynasyny, haly, mata berip goýberdi. Akbar weli, atalygynyň Eýrandan goşun kömek alanyny ýokuş gördi. Ol öz ýanyndan Baýram hany Tahmasp patyşa bilen gizlin dildüwüşikde aýyplaýardy. Ýaş hökümdaryň gursagynda beýle pikiriň dömmegine Edhem han, Kamran mürzedir Askar mürze hem itergi berdiler. Doganlar Akbary kän halamasalar-da, Baýramyň garşysyna göreşde birleşýärdiler. –Bir emmasy bolmasa, näme üçin, saňa aýtman, Tahmaspdan kömek soraýar? – Bu gelmişek öň kakaň Humaýuny-da aldawa saldy. Tahmaspdan goşun kömegini alyp, öwezine şazada Myrady Gandagara häkim belletdirdi. Ýaş oglany gizlinlikde öldürdiler. Şonda ýanyndan türkmen telpegi tapyldy. Munuň özi şazadanyň ölmeginde Baýram hanyň eliniň barlygyny aňladýar. Emma dilewar gelmişek bu wakanyň üstüni basyrmagy başardy. Hakyna seretseň, ol şo ganly işi Humaýun bilen Tahmaspyň arasyna çöp oklamak üçin edipdir. Şeýle öjükdirmeler köp mahallap Baýram barada yrga pikirli Akbary ynandyrdy. Ol Gandagarda köp eglenmän, atalygyndan öýkeläp, Agra gaýtdy. Baýram hanyň her ädimini gözden salmazlygy dogan oglan agalaryna tabşyrdy. Kamran mürze bilen Askar mürze Baýram hanyň bir gije oraşan kepbe baranlygyny gördüler. Kepbede goja kişi hem-de gyzyl eňek jahyl bardy. Goja Salyh Nyýazy Baýramy dişsiz agzy bilen pakgyldadyp ogşady, soňra kirpiksiz, çym gyzyl, körmüş gözlerini süpürip başlady. Ol begenjinden aglaýardy, emma ýaş görünmän, bir sykym göwresiniň eginleri ýelpelenýän şekilli çala galgaýardy. Ýaş ýigit çaý goýdy. Söhbet gyzyşdy. Ilki, pitne, şäher häkiminiň dönükligi barada gürrüň edildi. –Oglum, häkimi adalatly birini goýgun–diýip, goja pent berdi. –Häkimi eýýäm belledim, ynamly adam–diýip, Baýram-da öz gezeginde jogap gaýtardy. –Kim ol? –Şamuhamet. Gowy tanaýan. –Hymm–Goja ýagşydan-ýamandan täze häkim barada sesini çykarmady, bir zat ýadyna düşen ýaly gobsundy. –Molla Jahy niçik? –Agrada patyşa kitaphanasynda işleýär: Şahyrlaryň bagtyna Akbar patyşa-da olary sylaýar. –Gaty gowy-da. Gözden salma oglum, Molla Jahyny. Zehinli şahyr. Baýram han daňa golaý turmakçy bolanda, birden: –Atam, ýylyň näme?–diýip sorady. –Oglum, ýylymyň nämeligini sorap ýörme, bilesiň gelýän zat ýaşymyň näçeligidir. Dokuz onlugy arka atdym.–Baýram han öň niýetläp alyp gaýdan altyn pullaryny onuň goşawujyna guýdy. –Hoş gal, atam. –Sag-salamat gez, balam. Doganlar Baýram han Gandagardan gaýdýança, öz adamlaryny kepbäniň töwereginden aýyrmadylar. Ýöne kepbä girip-çykýan üýtgeşik adam-da görmediler. Baýram han Agra gelende ogullygy ony kabul etmedi. Bu baş weziri endiretdi. Sowukganlylygy saklady. Işläberdi. Birden kabulhana Akbaryň özi geldi hem-de: –Şu günden beýläk ýurdy özüm dolandyrjak–diýip, mälim etdi. Şonda hökümdar on sekiz ýaşyndady. Akbar basym Baýram han tarapyndan işden kowlan adamlary köşk hyzmatyna aldy. Bular Baýram hana ýangynly hüjüm etdiler. Bir gezek Pirmuhammet Şirwany köçede gabat geldi. Ol içýakgyç ýylgyryp: – Hudaýa şükür, ýel hemişe bir ýerden ösenok. Döwür indi bize döndi– diýdi hem-de äsgermän, öň ýanjagazyndan okkesdirme geçip gitdi. Baýram hanyň gatnaşyk edýän ýakyn adamlary şadan ätiýaç edip, öýüne gelmesini ýuwaş-ýuwaşdan goýdular. Diňe Molla Jahy çekinmän gelýärdi. Soňky gezek gelende Baýram oňa: –Zannyýamanlardan dostuňy aýamak her bir kişiniň borjudyr. Göwnüňe alma, Siz maňa köp gatnaýaňyz. Duşmanlar janyňa kast edäýmesinler. – «Serçeden gorkan dary ekmez»? halypam–Molla Jahy merdemsi jogap berdi. Ýöne ol ep-esli günden gelmesini kesdi. Her hal Molla Jahy ugruny tapyp Baýram hanyň şahsy saklawlarynyň baştutany Jamaldan şu aşakdaky mazmunly hatjagazy iberipdir: «Halypam, täze baş wezir ýanyna çagyryp, Sizebarmagy gadagan etdi. Menlik näme hyzmatbolsa, Jamalyň üsti bilen habar et. Men Siziň üçin ölüme-de taýyn». Soňky setir Baýramyň ýüregini sarsdyrdy. «Entek maňa ygrarly adamlar bar-ow» diýip, uludan dem alyp, pikirlendi. Ol şol günden beýläk deňizdäki ýalňyz adajykda galan barsa meňzedi. Köp urundy, ölçerip-biçdi, gaýta, köşk emeldarlarynyň Akbary aldap bilmeklerine beter gahary geldi. Şol sebäpli, Baýram han öz ogullygy Akbara şu haty ýazyp Jamaldan iberdi: «Birnäçe görip adamlar maňa zyýan ýetirmek maksady bilen bir topar bolgusyz zatlary toslap, meni Size ýamanlapdyrlar, şeýlelikde, olar meni ýok etmegiň küýüne düşüpdirler. Her bir adamyň özüni dürli töhmetlerden goraýşy ýaly, men hem şo hili töhmetçilerden özümi goramaga mejburdyryn. Bir topar haýynyň siziň töweregiňizde bolanlyklary üçin, özüm Siziň ýanyňyza barmagy makul bilmeýärin. Siz bilip goýuň, türki kowumlarda öz iýen duzuna kast edýän adamyň bolmaýanlygy bütin dünýä bellidir! Eger meni iýen duzuna kast eden adam diýip hasap edýän bolsalar goý, onda olar ýönekeý bir esgeri iberip, meniň kellämi kesdirip, Siziň huzuryňyza eltsinler. Goý, bu waka gelejekde döwlet işine hyýanat etmegi ýüregine düwen adamlara sapak bolsun. Siz şeýle etseňiz, wah diýsem, meniň namart boldugym. Şeýle etmeseňiz bolsa, meni goşun serkerdeligi wezipesinden boşadyp, goşuny köşgüň başga bir ynamly adamyna tabşyryň. Men bolsam, Maşada gitmekligi ýüregimedüwdüm, ol taýdan hem Nejep, Kerbela... ýaly mukaddes ýerlere baryp, Siziň şalyk täji-tagtyňyzyň ebedilik bolmagy hem Siziň näzi-nygmatlar içinde ömür sürmegiňiz üçin dileg edip gezjekdirin»*. ____________ *Häkimaly Köwser Gandpury, «Muhammet Baýram han türkmen», Agra, 140-142 sah. Akbar atalygynyň hatyna ýagşydan-ýamandan jogap gaýtarmady. Ýöne şobada onuň goşun bölümini başga ýere geçirdi. Baýram han öň bäş wezirlikden, indem goşunbaşylygyndan el ýuwdy. Onuň ygtyýarynda az sanly türkmenlerden ybarat topar galdy. Olar-da patyşanyňjansyzlarytarapyndan gije-gündiz gözegçilikastyna alyndy. Juda göwnüne deglen Baýram han maşgalasyny alyp, topary bilen Bikanara ugrady. Ol şol ýerde Kalýanmal Şankaryň barlygyny eşidipdi. Dostunda esli mahal dynç almagy, soňra-da Arabystana gitmegi ýüregine düwdi. Näme üçindir, ýüregi erbetligi syzan Baýram han ýola düşmegi çaltlandyrdy. Bikanara golaýlanda ýeňse tarapdan at kişňemesi eşidildi. Barlaga giden Jamal dagy patyşa nökerleriniň ikisini tutup getirdi. Baýram hanyň: – Näme işläp ýörsüňiz?–diýen sowalyna olar: –Atamyz, bizde günä ýok. Akbar patyşa hanymyza sizi ugratmagy tabşyrdy. Bizem hanyň aňtawçysy. Ol goşun çekip yzrakdan gelýär–diýip, biragyzdan aýtdylar. Akbaryň «ugratmak» baradaky guran oýny düşnüklidi. Ol öz atalygynyň her bir ädimini yzarlaýardy. Ýakynjakdan, atylan ok kimin ýekegapan geçip gitdi. Yzýanyndan bir atly göründi. Bu äpet kişini Baýram han şobada tanady. Ol Kalýanmal Şankardy. Onuň şikarda gezip ýören bolmagy ähtimaldy. Baýram han oňa sataşanyna hem begendi hemem gyýyldy. Dostunyň parahat durmuşynyň bozulmagy mümkindi. Baýram han özüni yzarlaýan patyşa nökerleri bilen söweşmelidi. Onuň gahar käsesi püre-pürlenipdi. Onsoň, gatnaşdyrmajak bolup hernäçe töwella etse-de, bu söweşe Kalýanmal Şankaryň goşuljaklygy şeksizdi. –Ah-oh-ow! Baýram han, dostum! Çaga göwünli Kalýanmal Şankar eýýäm atdan düşüp, gujagyny açyp, ylgap gelýärdi. Baýram han-da oňa garşy ylgady. Dostlar uzak aýralykdan soň, teşnelik bilen gujaklaşdylar. –Öten agşam düýşümde sumrug guşuny tutdum. Şundan çen tutsaň, saňa sataşjagym eken–diýip, Kalýanmal Şankar Baýram hany göterip, aýagyny ýerden üzdi.–Öýe gideli, daş däl. Dosty ýüzüni sallady. Kalýanmal Şankarany ýere düşürdi: – Görýän weli, keýpiň ýok-la? –Söweşmeli boljak. –Baýram han nire, söweşde basylmak nire? Dostum, seniň duşmanyň–meniň duşmanymdyr. Soňky wagtlar elim gijemänem duranok. Gylyç gynynda poslamasa ýagşy. Selime Soltan begimdir Gülnäzi Kalýanmal Şankaryň öýüne ugradyp, gyssagara-da söweş planyny işläp düzdüler. Tokaýyň gündogar tarapynda batgalyk bardy. Şu ýerden sähel daşlykda. Duşmany şoňa gysmalydy. Elbetde, güýç deňdäl, Baýram han azlykdy. Ýöne onuň müňe taý geljek Kalýanmal Şankary bardy. Baýrama goltgy berýärdi. Ol nökeriniň köpüsini Kalýanmal Şankara berdi. Dosty duşmanyň çat maňlaýyndan urmaga döwtalapdy. Özi gapdaldan hüjüm edip, duşmany batgalyga çekilmäge mejbur etmelidi. Kalýanmal Şankar yza ugrady hem-de üzlem-saplam gelýän duşman nökerleri bilen garpyşdy. Onuň öýünde Selime bilen Gülnäziň arasynda şeýle gürrüň boldy. Bir ýerde takat tapmadyk Selime: –Gülnäz jan, agaň başyna ýowuz iş düşdi. Hemişekisi bolsa, öýde gaýgysyz oturardym. Indi o döwür geçdi. Baýrama bir nöker – uly güýçdür.–Ol Abdyrahymjygy ogşady. Oglanjyk garaja gözlerini tegeledi. Söweş tilsimlerini bilmeýän Gülnäziň ýüzünde kemsinmek alamaty göründi, oglany bagryna basdy. Harby eşigi geýen Selime çaý içim salymda jeň meýdanyna atyny çapdyryp gitdi. ....Baýram hanyň gaýduwsyz urşujylary duşan nökerleriniň baştutany Sagyd Şemseddin Muhammet Ateke hany aljyratdy. Onuň sähel salymyň içinde az nökerli Baýram hany derbi-dagyn etmek umydy bardy. Hanyň nökerleri batgalyga çekildiler. Hilegär han ýagdan gyl sogrulan ýaly bolup, nökerlerinden aýryldy. Birki sanysyny alyp, näme üçindir, Bikanara ugrady. Gabalan duşman nökerleri esli wagtdan boýun egdi. Bu söweşde Baýramyň ýigitleri-de paýhynlandy. Olaryň az sanlysy galypdy. Kalýanmal Şankar ýanyna geldi. Dostunyň ýaňagyndan gan syrygýardy. Baýram han ýesirlere ýüzlendi: –Hanyňyz kim? Hiç kimden ses-üýn çykmady. –Hanyňyz kim?–Baýram han ikinji gezek hemleli sorady. –Men!– Ýeňseden eşidilen sese hemmeler gaňryldylar. Baýram han bu hany tanamady, ýöne dyzlarynyň ysgyny gaçdy. Onuň öňünde Abdyrahymjyk bardy. –Şertim şeýle: Boýun eg, ogluňy diri galdyraýyn. Ýogsam-da, ynha...–Han çaganyň damagyna gylyç çenedi. –Balam, Abdyrahym jan!!–Ýürekden parran geçen çirkin sese duşman nökerleri-de gozgalaň tapdy. Selime çagasyna topuldy. Han atyny götünjekletdi: –Gelme. Ýekeje ädimleseň, çagany öldirin.–Ol Abdyrahymjygy gaty gysdy. Çaga aglady. Ene sakga durup, zaryn eňredi. Kalýanmal Şankar saňňyldaýan Baýramy tutmaga ýetişmedi. Ol göwresini aşak goýberdi. Daglaryňdöz gelip bilmejek bu aýylganç pursatyna, çumçukýalyjakynsan ýüreginiňçydaýşybaradaky alasarmyk pikir Kalýanmal Şankaryň kellesine gelip-geçdi. Sähel gymyldasa, Abdyrahymjyk öldüriläýjek ýaly, dem alşynam bildirmän dondy. Ol durmuşda şeýle ýowuz pursaty gören däl bolsa gerek. Aýak ýalaňaç ylgap gelen Gülnäziňhorkuldap aglaýşy hiç kimiň gulagyna ilmedi, hatda muny Jamal-da duýmady. Baýram han gylyjyny, hanjaryny orta oklady. Nökerleri-de, onuň hereketlerini gaýtaladylar. Sagyd Şemseddin Muhammet Atake han Baýram dagyny Agra äkitdi. Akbar şa atalygyny kabul etmedi. Ýöne mogollar dinastiýasyny dikeltmekde oýnan beýik roluny, serdarlyk ukybyny hem-de adamkärçilik mertebesini göz öňüne tutup, atalygy Baýram hanyň günäsini geçdi. Baýram hany ýene ýalňyzlyk gysyp-gowurdy. Köşk emeldarlary bolsa, onuň dolanmagyny ýüreklerine sygdyryp bilmediler. Bir gezek ir bilen howluda aýlanyp ýören Baýram han agaja çümen peýkamy gördi. Onuň ujunda kagyz bardy. Ol hatjagazy içinden okady: «Gelmişek! Gelen yzyňa ýel çalmanka ugra! Ýogsamam saňa ölümgaraşýar». Baýram han bu hatyň mazmunyny Selimä-de aýtmady. Ol maşgalasyny alyp, ýene-de ýola düşdi. Onuň ýanyňda gitmäge göwünjeň bolan Jamal bilen Gülnäz bardy. Baýram han Gujaratda esli mahal dynç almagy küýlenip, bu ýerde goş ýazdyrdy. Gije. Ýadaw ýolagçylar basym uka gitdiler. Baýram han daňa golaý oýandy. Uklajak boldy. Bolmady. Onsoň daş çykdy. Muny ukusyna sak Jamal-da duýmady. Ol derýanyň kenaryna bardy. Sülmüräp daňatyp gelýärdi. Guş-gumrular ýaňy oýanyp ugrapdylar. Derýanyň üstünden ýakymly şemal öwüsýärdi. Şäherden çykyp, özüni ilkinji gezek erkin duýan Baýram hanyň kalby gozgalaňtapdy. Bu unudylankyrlan ylhamydy. Gel, ezizdostum, indimen seni taşlamaryn, senem meni. Biz şundan şeýläk müdimi bile bolarys. Ol şu pursat dünýäni bütinleý unutdy. Bu gezek Ylham onuň gözlerini baglady. Ýagşylyk etjek bolan dostuň ýalňyşlyga düşüp, erbetlik edişine çalymdaş. Sebäbi edil şol mahal golaýjakdaky tokaýyň içinden Agradan çykaly bäri yzarlaýan kyrka golaý atly çykyp, oňa ýöneldi. Duýgur Baýram han muny aňlamady. Hatda atlynyň biri öňe saýlanyp, pyýadalap ýeňsesine gelenini-de bilmedi. Ol kebzesinden hanjar urlanda diňe bir gezek «ah» çekdi, duşmanynyň kimligini bilmege ýetişmän, basym gözlerini hemişelik ýumdy. Onuň gandary birmahal döwlete garşy gozgalaň edeni üçin Maçhiwary söweşinde atasyny jezalandyryp öldüren Müberek Lohanydy. Ýigidiňözüni bolsa, Penjap söweşinde ýesir alnanda, owadanlygyna dözmän boşadypdy. Bu waka 968-nji hijri ýylynyň 14-nji jumadylowal aýynda, anna güni (bir müň bäş ýüz altmyş birinji ýylyň dekabrynda) bolupdy... JEMLEME DEREGINE Baýram hanyň janyna kast edilmegi bütin Mogol imperiýasynyň topragyna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Baharly türkmenleri onuň maşgalasyny ilki Ahmedabada getirdiler. Şöhratly serkerde, ajaýyp şahyr Baýram hany Delide jaýladylar. Ony şehit edip, jaýlap bolanlarynda, gumy solmadyk mazarynyň üstüne bir bölejik bulut nur sepeläp gitdi. Patyşa Akbaryň gizlin gahary gölegçileriň şeýle köp ýygnanmagyna böwet bolup bilmedi. Ony tanaýan döwürdeş şahyrlaryň aglabasy ölümine bagyşlap elegiýa ýazdylar. ....Salyh Nyýazy Baýramyň guburyny görmek üçin Gandagardan Delä gaýtdy, emma ýarawsyz goja ýolda aradan çykdy. Läle hanym nätdi? Adamlar bir owadan zenanyň Baýram hanyň guburyna häli-şindi gelip-gidýänligini köp gezek gördüler. Ahyry ol akylyndan azaşdy. Edhem han bu pajygaly wakadan esli wagt geçenden soň, Selime Soltan begimiň gaşyna baryp, şeýle diýdi: «Eý, periler soltany, bir çemçe ganymy geç. Men seni söýüpdim, häzirem söýýärin. Arman, gije galyp aýtdym. Mal-mülkümden, çaga-çugamdan, maşgalamdan geçýän. Gel, goşumyzy birikdireli. Men dünýäde ýeke-täk bagtsyz adam. Onuň-da sebäbi wagtynda söýýänligimi aýtmaga özümde gurbat tapmadym. Şu pursat weli, bagtly. Sebäbini diýsem, gijem bolsa, sen ýaly gözele söýýänligimi aýtdym». Selime geplemän, oňa gapyny görkezdi. Kalýanmal Şankar güňe dönüpdi. Ol Mübärek Lohanyny gözläp tapdy hem-de ony märekäniň içinde hanjar bilen öldürdi. Onsoň göni patyşanyň köşgüne ugrady. Kalýanmal Şankar Akbara çala egilibräk salam berdi. Hökümdar bu Pilmahmyt ýaly adama geň galyp seretdi. –Eý, patyşahy älem! Ýeri ogşap, dyza çökmänligim üçin, goý, meni biedep saý. Zyýany ýok. Meniň gursagym armandan doludy. Tohum-tijimi gyran Şer şa bilen haklaşjakdym. Bolmady. Indi armanym ýok. Sebäbi dostum Baýramyň gandaryny öldürdim. Sen maňa ölüm jezasyny ber. Elbetde, özüm özüme kast edip biljek. Ýöne bu namartlyk bolýa. Meniň, Baýram hanyň duşmanlarynyň elinden ölesim gelýä. Soňky sözler Akbary sarsdyrdy. Ýiti ýarag bilen dilnen ýaly ýüregi awap, gözlerinden uçgun syçrady. Ol megerem, ömründe bir gezek mertlik etdi. Bu garadangaýtmaz, gönümel adamy azatlyga goýberdi. Köşk emeldarlary bolsa, Akbaryň bu geçirimliligini hernäçe ýokuş görseler-de, ýaş häkimiň atalygynyň «sarpasyny saklaýanlygy» bilen delillendirip, mahabatlandyrdylar. Dogrudanam, atalygynyň ölümi Akbary ersdiren şekillidi. Onuň gursagyny gizlinräk gussa eýeledi. Sulhlandy. Hatda bir gezek, «Han babam, kämilleşýänçäm bütin Mogol döwletini gözüniň göreji ýaly gorady. Men weli, bütin Mogol döwleti elimdekä, onuň ýeke özüni gorap bilmedim» diýip pikirlendi. Ýöne giçdi. Baýram hanyň orny gowuzdy. Hökümdar Selime Soltan begimiň gaşyna bardy. Ol: –Selime, meniňatalygymyň dosty köp, ýeterlik duşmanam bar. Duşmanlaryň seni, ylaýta-da, Abdyrahymy heläklemegi mümkin. Sen maňa durmuşa çyk. Meniň ganatymyň astynda bolsaň, duşmanlar batyrynyp bilmezler. Abdyrahyma özüm atalyk bolaýyn. Baýram han ýaly adamyň neslinden hökman uly döwlet adamsy çykar– diýdi. Selimäniň başy aşak egildi. Eýsem, çumçuk ýaly zenan hökümdaryň garşysyna nähili çykyp biler? Onsoň-da Abdyrahymyň «geljekki takdyry»barada aýdýanlarynyň jany ýok däl. Oglan häzir dört ýaşynda. Onuň parlap ösmegi üçin güýçli hossar gerek. Patyşa gidende, Selimäniň solgun ýaňaklaryndan gyzgyn gözýaşlar syrygdy... Soňy. 1985-1994 ý. Annatagan NURGELDIÝEW. ▶ SÖZLÜK 1. Raj – mülkdar hindi knýazy. 2. Tilak (tika) – maňlaýa halkajyk, nokatjyk ýa-da zolak görnüşinde çekilýän ritual bellik. 3. Bhang – Hindi kenepiniň ýapraklarynyň we hyýar çigitleriniň şiresinden edilýän neşeli içgi. 4. Gabak oýny – bu oýnuň düzgünine laýyklykda, ýörite gaňyrçakdan (kejekden) kädi (gabak) asylyp goýlupdyr. At üstündäki adam gidip barýarka, ok bilen şol kädini urup gaçyrmaly eken. 5. Keşkul – hoz agajyndan ýasalan, gaýykjagaz şekilli, sadaka taşlanýan gap. 6. Sitar – saz guraly. 7. Sergeşde – sergezdan, ykmanda, gezende. 8. Id baýramçylygy – orazanyň tamamlanmagynyň hatyrasyna guralýan baýramçylyk. 9. Muşagyra –edebi konkurs. 10. Seth – baý söwdagär. 11. Magaraj – mülkdar hindi knýazy. Kalýanmal Şankar bu ýerde «baý» manysynda ulanýar. 12. Sahib – jenap. 13. Sati – ölen adamsynyň ýas oduna özüni meýletin ýakýan wepaly aýal. 14. Haýyr – sahawat öýi– ýetimleri, garrylary idedýän öý. 15. «Namaste!»– hindiçe «salam diýmekdir. 16. Tanbura – goşa kirişli gadymy hindi saz guraly. Türkmen gyjagyna çalymdaşrak. 17. Abu-haýat – dirilik suwy. 18. Tarahhum – rehim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |