14:49 Baýram han -5/ romanyñ dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
Taryhy proza
AGRA ÝOLUNDA 1556-njy ýylda Humaýun şanyň ölen habary eşidilen güni, Galanur diýen ýerjagazda on dört ýaşly Akbar imperator diýlip yglan edilipdi. Ýaş imperator Akbaryň islegi boýunça Mogol döwletiniň paýtagty indi Deli däl-de, Agra bolmalydy. Köşk täze paýtagta göçürilipdi. Baýram han häzir öz terbiýeläni, Akbar bilen Agra ýolundan barýardy. Ol keýpsizdi hem-de birsyhly pikir derýasyny gulaçlaýardy. Akbaryň han babasynyň perişan hala düşmeginiň sebäbini soramaga ýüregi etmedi. Eýsem ol nämäniň gaýgysyny edýärkä? ÝaAkbar kämillik ýaşyna ýetýänçä bütin Mogol döwletini dolandyrmaly boljaklygyny kyn görýärmikä? Ol indi hem baş wezir hem-de Mogol goşunynyň baş serkerdesi. Elbetde, wezipe ýeňil-ýelpaý däl, ýöne oňa Akbaryň han babasy döz geler. Ýaş imperator muňa berk ynanýar. Onuň bilşiçe, Mogol döwletinde şol wezipeleri başarjak başga adam ýok. Agalaryna-da o diýen ynananok. Bardy-geldi birini baş wezir ýa-da baş serkerde belläýse, onuň gije-gündiz arzuw edýän şalyk täjine dawa etmekleri, hilegärlik bilen almaklary ahmal. Akbar gögele bolsa-da, gaty ýeserje, oýlanyp bilýän oglandy. Ol han babasynyňam gowşak tarapyny bilýär. Baýram hanyň garyp-gasara gezek gelende ýüregi ýukady, dözümsizdi. Belki, ol şonuň üçin, Mogol döwletiniň garamatyny öz gerdenine almak islän däldir? Emma Baýram han öz göwnüne ýaramaýan zady çürt-kesik aýdyp bilýer-ä. Ýa-da kakasynyň aradan çykmagy onuň keýpini gaçyrdymyka? Bu elbetde, Baýram hanyňçynarboýuny egdi. Humaýun onuň ýegre dostudy. Ýöne kakasynyň ýogalanyndan bäri ep-esli wagt geçdi. Gaýtam, ol Akbara mert bolmak barada göwünlik berip gelipdi. Ýaş imperator nämä, kakasynyň ölenligine begenýändir öýdýäňizmi?.. Belki, ýoldaşy obanyň birinde sati13bolmagy ýüregine düwen aýalyň yzyndan çülpe çagalaryny yzanda-çuwan edip gidenligine bozulandyr? Akbar şonda Baýram hanyň reňkini üç ýuwlan ak esgi ýaly agardyp: «Wagşy düzgün»... diýenini öz gulagy bilen eşidipdi. Her hal ol ýetim çagalary ýygnap, Agra ugratdy. Deliden çykaly bär ikinji gezek Akbara habar gatdy: «Şäherde haýyr-sahawat öýüni14açjak. Bujagazlar şol öýüň ilkinji ýaşaýjylary bolar». Imperator han-babasyna gaty-gaýrym jogap bermedi, gaşlaryny çytdy. «Bu bolşuň bilen ruhany bolmaly ekeni. Harby serkerdäniň ýele tarapyndanam baranok.» diýip içinden pikir ýüwürtdi. Akbaryň han babasynyň sulhlugynyň sebäplerini biljek bolşunyň hiç biri nyşana degmeýärdi. Baýram hany gös-göni ýaş imperatoryň geljekki täleýi gozgalaňa salýardy. Dogry, bu şol mawy kölüň kenaryndaky gezelençden bäri şeýle, häzir weli, möwjeýärdi. Oglany harby hünär, gürrüň, rowaýat gyzyklandyrýar. Baýram oňa harby hünärigöwünjeň öwredýär, ýöne şalaryňbasybalyjylykly ýörüşlerinden söhbet açmaklykdan sypjaklaýardy. Gandagardan Delä gelýärkä, şazadanyň gussasyny egismek üçin Aleksandr Makedonskiniň Agra eden bir mahalky gyrgynçylykda ýörişini gürrüň berdi. Bu şähere Isgenderiň pyýada goşunynyň serkerdesi hem-de dosty «Ptolomeý Agra»diýipatgoýupdyr. Agranyň söweşjeň wetürkana ilaty bar. Isgenderiň Aziýa ýörişiniňbadyny gaýtaranam şol şäherdi. Şu gürrüňden soň, imperator basym Agrany merkezi şäher etmek baradaky teklibi orta atdy. Şonuň üçin, Baýram han göçe-göçlüge gös-göni özi iteren hasap edýärdi. Bu-da hiç. Akbar Agranyň söweşjeň ilatyny geljekde keseki ýurtlaryň üstüne çozdurar. Ynsan ganyny derýa kimin akdyrar. Onuň Agrany, merkezi şäher etmekdäki maksady hem şoldur. Hawa, ýanyndan geljekki ganhor barýar. Baýram han atynyň başyny çekenini duýman galdy. Egnini deňläp barýan Akbar-da şobada atyny saklady. Gözler sataşdy. Akbar atalygynyň gazaply nazaryndan tapsyzlanyp, ýüzüni kese sowdy. Bu sessiz garaýyşlardan soň, atlar ýene ýoluny dowam etdirdiler. Baýram hem şu ýerde ykbalyň Humaýuna sataşdyryşyndan närazy bolmagam isledi. Emma oňa duşmadyk bolsa, ölübem gidýärdi. Muňa gözi ýetýär. Ýogsa-da, ol Humaýundan näme üçin, närazy bolmalymyşyn? Akbar sebäplimi? Eýsem, bu häzir gögele oglan. Ýurduň erk-ygtyýary entek onuň elinde. Soňundanam görübermeli-dä. Baýram han biraz ynjaldy, emma uzaga gitmedi. Kalbynyň jümmüşinde şol pitneçi pikirler ýene howsala döretdi. «Suwa girip, gury çykmak isleýäň. Ýoldaşyň garga bolsa, iýmitiň nejasatdyr diýýä biziň türkmenler» diýip oýlandy. Şähere golaýlaşdygyça bimaza edýän pikirler dargady. Ilat ep-esli aralykda onuň öňünden çykdy. Garrylaryň-juwanlaryň ýüz-gözleri gülüp durdy. Baýramdyr Akbar märeke bilen baş atyşyp salamlaşyp barýardylar. Oklanýan ter güller, yhlasly örülen çemenler atlaryň aýagyna düşekdi. Şagalaň-şowhun asmana galýardy. Märeke: – Namaste15! –Namaste!!– diýşip, bir owaz bilen gygyryşýardy. Kä ýerden tanburanyň16 näzik owazy eşidilýärdi. Baýram ýakynjagynda enäniň elinde galkyjaklaýan şar gara saçly çagajygy alyp, ýokary göterdi, soň maňlaýjygyndan ogşap, yzyna berdi. Mähelle söýünçli güwwüldedi: –Ýaşa! –Ýaşasyn, Baýram han!! Baýram han tolgundyryjy bagtly pursaty başyndan geçirip, Agra şäheriniň gyrasyndan girdi. AGRADAKY ILKINJI GÜNLER Baýram han dem-dynjyny alansoň, şähere aýlandy, serenjam berişdirdi. Gandagardan maşgalasynygöçüripgetirtdi. Salyh Nyýazy bolsa: «Men bi ýaşdan soň, gozganmaýyn» diýip, sargyt edip gelmedi. Baýram han gojany gözden salmazlyk barada Gandagaryň täze häkimine gysgajyk hat ýazyp iberdi. Häzir kabulhanasynda baş ruhana içinden-bagryndan geçip barýan nazaryny dikýärdi. Garşysyndakynyň hamy ýuka, ýumurtga kimin akja ýüzünden joralanyp der akýardy. Ol başyny aşak salyp oturyşyna derini süpürmäge-de gurbat tapmaýan şekillidi. Içeride iki sany hindi rajy-da dim-dik durdy. Bular ýer üçin jedelleşip, baş weziriň huzuryna gelipdiler. Şer şa mahalynda rajyň biri ýere eýelik edipdi. Ikinjisi ugruny tapyp Humaýunyň döwründe özüne geçirdi. Indi Şer şanyň wagtynda ýere eýelik eden dawa edýärdi. Ol ýeri öz peýdasyna geçirmek üçin baş ruhana köp altyn pul emledi. Özünde saklamak isläp, beýleki-de ruhana para berdi. Baş ruhany ikisindenem aldy, ýeri deň bölmek isledi. Dawagärler ylalaşmadylar. Olaryň ikisem baş ruhaňa para berenligini aýtdylar. – Baýram han: –Seniňkem: «Halydan-a habarym bar, ýüzdenem geçip bilemok» diýilşine meňzeýä. – Ol baş ruhanydan ýüzüni sowdy, rajlara öwrüldi: –Hormatly rajlar, aýdyşyňyza göre, ýeriň kimiňkiligini garamatyna alýan diri şaýadyňyzam ýok. Şeýlemi? Olar ýuwdunyşyp, baş atdylar. Baýram han: –Onda ony ýersiz garyp-gasarlara berjek. Bölmege basym köşkden adam barar. Gidiberiň–diýdi. Mülkdarlarbaş wezire gözlerini alardyp, temeklerini gymyldatdylar. Bu ýokuş görleninligiň alamatydy hem-de aç-açan duşmançylykly garaýyşdy. Baýram han öňem köşeşmedik wagşygahar-gazabyny saklap bilmedi. Ol diňe el çarpmak bilen çäklenmän, aýylganç gygyrdy: –Jel-lat!! Şol bada gapyda ýaragly nökerler göründi. Mülkdarlar bagry bilen süýşüp, baş weziriňaýakbagyny ogşamaga häzirlendiler, gyzdyrmaly ýaly samradylar: –Siz-siziň aly hez-hezretleriňiz, öl-öldürtmäň. Çagalarymyz bar. Baýram han olara ýigrenç bilen seretdi: –Turuň-da, gümüňizi çekiň! Rajlar çykýançalar baş egip, götunjekläp gitdiler. Dym-dyrslyk. Baş ruhanynyň maňlaýy düşege degerläp-degerläp gidýär. Häzir rugsat berip goýbermeseň, takga jany çykjaga meňzeýärdi. Mülkdarlaryň yzysüre bezelen kişiniňbiri ýany gartaňlaşan aýally geldi. Ikisem baş egdi. Bezemen kişi: –Siziň aly hezretleriňiz, şu aýalyň äri maňa bergidardy. Olam tarpa-taýyn öldi. Bu-da algymy berenok–diýdi. Aýal aglaberdi. Baýram han oňa: –Köşeşiň, köşeşiň–diýip, mylaýym ýüzlendi. Mährem söze aýal has naçarlady. Ol indi möňňürip aglady. Baş wezir zenan özüni dürseýänçä sabyrly garaşdy, onsoň: –Sahibiň aýdýanlary çynmy?–diýdi. Aýal gepläp bilmän, başyny atdy. Sahib has-da janlandy: –Siziň aly hezretleriňiz, bularyň ekýän az-owlak ýeri, iki sany-da öküzi bar. Algymyň deregine şolary aljak bolanymda etmedi. Gaýtam, «Baýram hana arz ederin» diýdi. Umuman, Siz Agra geleliňiz bäri bu ýeňiýoluklar azdy.–Ol ýene-de bir zatlar aýtmak isledi, emma baş weziriň özüne alarylyp başlanlygyny görüp dymdy. Baýram han: –Siziň algyňyzy talap edişiňiz dogry. Ýöne ýeri, öküzlerideregine almagy döwlet adamsy kepillendirdimi? Meselemki, şäher häkimi, Baş ruhany. Ýa-da güýjüňize buýsandyňyzmy? Jenap ýene ekezlendi: –Ynha, şu baş ruhany rugsatberdi. –Ol... ol...–Aýal ruhana bakyp, ýöwselledi. Baýram han: –Çekinmäň-de, aýdyberiň–diýip, onuň geplemegine goltgy berdi. – Şaýadyň-a ýok, daş gulakdan eşidişime görä, ýerimi alyp berse. Sahiböküzimiňbirini şuňa berjekmiş–Aýal ýigrenç bilen baş ruhana ümledi, soňra göni Baýram hanyň gözlerine tiňkesini dikdi: – Munuň ýüzüniň ak guş ýalylygyna ynanmaň. Ilat arasynda parahorlugy barada gürrüň köp. Baýram han jenaba ýüzlendi: – Bu aýalyň äriniň bergisi neçedi? –Bäş ýüz rupiýa, siziň aly hezretleriňiz. Baýram han jübüsinden goşawujyny dolduryp, rupiýa çykaryp, jenaba uzatdy: – Şu zenanyň bergisini men üzýärin. Me, sanaň! – Ýok, ýok, aýdýanyňyz näme, siziň aly hezretleriňiz–Ol saňňyl-saňňyl edip, yza götinjekledi. Baýram han alkymyna dykylyp bardy, ýuwaş, emma azmly gepledi: –Alyň, ýogsam-da, töhmetkeş hökmünde özüňize jeza bererin. Jenap alaçsyz puly aldy-da, yzyna ýumlukdy. Aýal-da baş wezire alkyş barşy aýdyp, gitdi. Baýram han baş ruhana ýüzlendi: –Hakyna seretseň, muzduňyz gara gylyç. Din adyna duwlanyp eden pyssy-pujurlygyň köp eken. Şähereaýlanamda garamaýak ilatda aýtdy. Siz şu günden beýläk işiňizden boş. Baş ruhany jeza berilmedigine kuwwatlanyp, içeriden çykmaga güýç tapdy. Baş wezir köşkde eýläk-beýläk gezmeledi. Ol Jamalyň gelmegine sabyrsyz garaşýardy. Gün ikindi ýerine baranda nökeri gapyda göründi, ýadaw halda Baýrama habarberdi: –Tutup, zyndana saldym. Baýram makullaýjylyk bilen baş atyp, Jamaly goýberdi. Onuň tussag edeni köşkde hiç kime gulak asman ýören boýnuýogyn Ebul-maaly handy. Baýram han giçlik öýüne geldi. Selime ýylgyryp, işikde garşylady. Baş weziriň ýadawlygy şol bada aýryldy. Aýalynyň güýz almasynyň durkuny ýitirmedik ýaňaklaryndan sypap goýberdi. Selimäniň-de aýaklary ýeňledi, ol otaga çalt girip, yhlas siňdirilip örülen naşyja çaga jorabyny getirdi. –Aperin!! Aperin!!–Baýram joraplara höwesbilen bakdy. Selime hamylady. Ol gyşyň ilkinji aýynda çaganyň dünýä inerine garaşýardy. Çaganyň aýaklarynyň üşemezligi üçin jorapjyk örüpdi. Gülnäzem ören ellijegini getirip gitdi. Indi onuň öýi başgady. Baýram hanyň: «Hindistanda çaga üşär ýaly, gyşyna sowuk bolýarmy näme?»diýesi geldi, emma Selimäniň şatlygyny egisäýmekden heder edip, dilini dişledi. Ol çaý-nahar edindi. Şonda Selimäniň dura-bara ýüzüniň salyklanýanlygyny, howsala düşýänligini, ony gizlejek bolup, başarmaýanlygyny gördi. Baýram han: – Näsagladyňmy?–diýip, ilerräk süýşüp, aladalanyp sorady. –Janym sag.– Selime äriniň soragly bakýan, owadan gözlerine nazaryny dikdi.–Şu gün kakam gelip gitdi. Köşkde Baýramyňgarşysyna şyltakly gürrüňleriň aýdylýanlygy gulagyma ildi. Äge bolsun–diýdi. Duýduryş çynlakaýdy. Ýogsam, heniz Hindalyň öýüne gelmeýänligini bilýärdi. Her hal ol sesini çykarmady. Ertesi agşam öýünde zyýapat berdi. Çagyrylanlar şahyrlar, alymlardy. Olaryň içinde türkmen şahyry Molla Jahy-da bardy. Gürrüňçiligiňsoňy şygyr okamaklyga syrygdy. Iň soňundan Baýram ruhanylaryň ikiýüzlüligine gahar-gazabyny bildirýän, täze düzen kytgalaryny – böleklerini okady: Eý, öz mertebäňi we şan-şöhratyňy artdyrmak üçin, Ýetimleriň we dullaryň mallaryna göz gyzdyrýan hoja! «Kanagat eden eziz bolýar» diýen ýazgy seniň ýüzügiň gaşyna ýazylany bäri, Garyplar seniňelinden ýüz hili nalaýarlar. Seniň eziz we hormatly bolmaklygyň kanagat ähliniň pese düşmegi zerarly bolany üçin, Iň gowusy seniň ýüzügiň gaşynda «Kanagat eden eziz bolýar» diýen ýazgy bolmasyn. Eý, eziz ýarym, eger sen maksadyňa ýetmek isleseň, Sada bol, meý iç we söýgüli dodagyňdan posa al. Ýogsam sen-de git-de namazlykda oturyp, Horaz ýaly... gygyr. Oturanlar Baýram hana el çarpdylar, ýöne ýürekden däldi. Diňe Molla Jahy iň soňuna çenli yhlasly el çarpdy we dine perdelenip, ilata sütem berijileri şeýle ýowuz darana äpet daga sereden ýaly guwançly bakdy. Gelenler basym turdular. Şyltakçylaryň uly pitnä öwrülmegi mümkindi. Şonuň üçin olar Baýramyň küýünden çykmady. Ol Jamaly gyssagly çagyrdy hem-de olary bilmegi tabşyrdy. Akbaryň şahsy saklawynyň içinde Jamalyň ýegre dostunyň biri bardy. Onuň maglumatyna göre, Akbaryň öýüne häli-şindi üýşýänler şulardy: Ýaş imperatoryň ejesi–Hamyda–Banu begim, Tardy beg, Edhem han, munuň ejesi, Akbaryň-da terbiýeçisi Mahym eneke. Soňky gezek bularyň garyndaşy, Deliniň häkimi Şahabeddinem gelip gidipdi. Bu toparyň Baýramadegişli myjabatlary ýaş Akbaryň gulagyna guýýanlygy bellidi. Munuň şeýleligi basym ýaş şanyň Baýram hana gelen hatyň mazmunynda ýüze çykdy: «Eý, beýik han babam!–diýip, Akbar saglygyny sorandan soň ýazýardy: «Işbü salam namamda Siziň käbir hereketiňiziň göwnüme ýaramaýanlygyňy ýazmagy makul bildim. Siz maňa geňeşmän, baş ruhanyny işden aýyrdyňyz. Onuň ornuna aýdylyşy ýaly, dostuňyz şyh Gedaýyny goýduňyz, Şyh Gedaýynyňbaş ruhany bellenilmegine hatda musulmanlaram närza. Maňa habar bermegine göre ol, ýeriň gowusyny öz dost-ýarlaryna berip başlapdyr. Gös-göni Siziňtabşyrygyňyz boýunça köşkden gelen adamlar bir magarajyň ýerini garyp-gaýsarlara paýlapdyr. Ýeňiýoluklary beýle läliksiretmeklik– depäňe çykarmak ahyry! Beýik Mogol döwletine yhlasly Ebul-Maaly hany tussag edipsiňiz. Şeýle-de, wepaly Pirmuhammet Şirwany işden kowupsyňyz. Dindarlara garşy düzen kytgalaryňyzy iller ýatdan aýdyp ýör. Ynha, şu hatalaryňyz barada ymykly oýlansaňyz ýagşy bolardy». Baýram demi-demine ýetmän sojady, haty birbada jyrrym-jyrrym edip ýyrtasy geldi. her hal Akbardan gelenligi ýadyna düşüp, beýleräk süýşürdi. Onuň harby adamlara mahsus käbir özbaşdaklyk häsiýetiniň duşmanlara gylaw berenligi äşgär görnüp durdy. Ýöne Baýramyň hereketleriniň Beýik Mogol döwleginiň berkligi üçin edilýänligine neme üçin, ýaş patyşanyň akyly çatmaýarka? Mundan beýläk döwleti edara etmekden Baýram hanyň birbada eli sowady. Döwleti dolandyrmakdan ýüz dönderse-de, «agajyň içine düşen sary garynjalaryň»gemirjekdiklerem aýdyňdy. Olar belki, şonuň üçin, Baýram han bilen Akbaryň arasyna çöp atýandyrlar. Köşk emeldarlary soňra islän wagtlary ýaş Akbary tagtyndan taýdyryp bilerler ýa-da öz peýdalary üçin sadyk gula öwrerler. Ýok, ol muňa ýol bermez. Eger şeýle etse, dosty Humaýunyň öňünde ömürylla geçilmejek günä gazanar. Akbar kämilleşýänçä, Beýik Mogollaryň döwletini gözüň göreji kimin geldi-geçerlerdengoramaly. Baýram goşgy düzjek bolandakysy ýaly, ylhamlanyp, ýeňillik bilen ýokary galdy. EDHEM HAN BILEN TARDY BEG Akbaryň terbiýeçisi Mahym enekäniň ogly Edhem han Bengal ýörişiden sag-salamat gelip, ep-esli wagt geçenden soň öýlenipdi. Onuň gelni baý magarajyňgyzydy. Elbetde, gelinligi enesisaýlap-seçip, tapyp goýupdy. Gaýyn atasy mülkünden bölüp gyzyna ýer-suw berdi. Ýigidiň baýlygy artdy. Özem müňbaşydy. Harby derejedenem närazy däl. Emma onuň kalbyna Selimäniň salan gozgalaňy köşeşmeýärdi. Mahal-mahal ýadyna düşende «ýüregi ot alyberýärdi. Baýramy gümläp bolsa, häzirem Selimäni özüne durmuşa çykmaga razy ederin diýen pikirdedi. Bu babatda, esasanam, enesine buýsanýardy. Iň bolmanda bir gezege onuň sözi Akbaryň ýanynda geçer öýdýärdi. Ýogsam, şa nesliniň gyzyna öýlenmegiň eşekden palan agdaran ýaly ýeňil däldigine düşünýärdi. Wah, Baýram kimmişin-aý? Gelmişek. Geçmişde çopan-çolukmy, gumana. Humaýunyň edip giden işi boldy ol. Dosty Tardy begiň gaçgaklaýandygy-da Edhem hany iňkise goýýardy. Ol näme üçin beýlekä? Baýram hany ýoldan sowmakda beg uly arkadaýançdy. Edhem han dostunyň gabanjaňlyk keseline ýolugandan habarsyzdy. Dogry, ol öýlenenligini aýdypdy. Ýogsam, Edhem han onyöýüneençemegezek çagyrypdy, emmabegbir gezegempyşgyranok. Edhem han şu gün ýüregine daş baglap, dostunyň öýüne barmaga hyýallandy. Sähel eglense, onuň özi geler. Sebäbi Edhem han Delideki garyndaşy, häkim Şahabeddinlere gidip gelipdi. Ol ýerdäki işler barada habar bermelidi. ...Dosty keýipsizräk görünse-de, ony gadyrly garşylady. Işikden ätlende weli... Edhem han doňup galdy. Jaýyň ortasynda Läle hanym durdy. Edhem birhaýukdan soň geplemäge özünde zordan gurbat tapdy: – Hoş gördük, Läle hanym.–Gelin çalaja baş atdy. –Geň zat, siz ölüpdiňiz ahyry.– Läle hanym jogap bermän, egnini ýygyrdy-da beýleki otaga çykyp gitdi. Ülpetler ikiçäk galdylar. Tardy beg gepbaşyny gozgady: –Öň tanaýardyňmy, Läläni?– Muny anyklamak, onuň pikirlenşiçe, Edhem hanyň Deliden getiren habaryndanam derwaýysdy. Dosty Läle barada bilýänlerini gysgaça aýdyp berdi. Elbetde, ol birmahalky Selimäniň adyna ýazylan hatly gürrüňi gizledi. Aýtmady. –Gelmişek Läle göz gyzdyrmadymy?–diýip, Tardybeg gyzaryp sorady. –Wallahy, ol gelmişekde aýallary ýesir edip bilýän jady bar. Ýöne men ynsaply adam. Aldap bilemok. Gelmişek Lälä imrinmedi. Tardy beg uludan dem aldy. Ine, şu pursat Edhem han özüniň säwlik goýberenligini aňdy. Baýram hany gümlemegi tizleşdirmek üçin Tardy begiň gabanjaňlyk damaryny galdyrmaly eken. Aý, barybir, ol gelmişegiň güni sanalgydyr. Tardy beg dostuna golaýrak süýşdi: –Hemu gozgalaňa taýynmy? –Hawa. –Şahabeddin niçik? –Onuň pikiri biziň tarapymyzda. Söweşde Hemu ýeňiberse, kömek berjek. Ýogsam, gorkýanlygyny boýun aldy. –Hymm. Mogol döwletini agdarmak üçin elbetde, ilki Baýram hany gümlemelidi. Ony gizlin ýol bilen oňarmadylar. Indi açyk göreşmäge pursat araýardylar. Şol sebäpli, Delide dükançy Hemunyň baştutanlygyndaky gozgalaňçylary taýýarlaýardylar. Baýram hansyz Akbar ganaty gyrlan guş. Ojagazy islän mahalyň ýer hopdurmak boljak. Ýurduň erk-ygtyýaryny Baýram hana berenligi üçin Kamran Mürze bilen Askar mürzäniň-de ondan içi kitüwli. Mogol döwleginde ýene bir uly dag bar. Ol Hindal. Onyň-da çaňyny kakmagy tizleşdirmeli. Baýram hana wepaly. Gögele Akbaryň bu zatlardan habary ýok. Gaýtam, Tardy beg bilen Edhem hany özüne wepaly dost hasap edýär. –Akbaryň Baýram hana ýazan kinaýaly haty miwe berdimi?– diýip, öz gezeginde Edhem han Agradaky täzeligi sorady. –Kelesaň şanyň şol haty ýazanlygy-da biziň üçin uly ýeňiş. Baýrama bolan kinesini has-da berçikdirmeli. – Tardy beg el çarpyp hyzmatkäri çagyrdy, ortada desterhan ýazdyrdy. Dostlar gijäniň agramy aşýança ümmüldeşip oturdylar. PILLER Baýram han özi-özüne basalyk berse-de, terbiýelän ogullygy Akbardan tykyrady. Ýogsam ol han babasyny görende ýüzüni sowmady. Öňküsi ýaly batnykly, mährewdi. Hat barada kelam agyz sözlemedihem. Beýik Mogollar döwletiniň baştutany şikara çykmagy ýüregine düwdi. Ol şähdini açmaga gitjekligini Akbara ýaňzytdy. Akbar bu gezek han babasy bilen gitmekden galdy. Güýz paýawlap barýardy. Tokaýyň içi saralan ýapraklardan düşekdi. Keýik-gulan görünmeýärdi. Barybir, olary atyp urmakdan Baýram han daşdady. Uzaklarda galan jahyllyk göçgünliligibilen gykuwlap, kowalap, Akbaryňtykyradan pikirlerinden saplansa bolanydy. Tokaýda guşlar köpdi. Ähtimal, sowuk ýurtlardan gaçyp, myhmançylyga gelendirler. Ylaýta-da, gargalaryň gagyldysy ýürege düşgüçdi. Hal-ha, bir bölegi maslyk üstünde meýlis gurýar. Haýp, garga ýaşaýşyna! Bu-dünýäbürgüt bolup inen ýagşy! Şahasyndan tänen ýaprajyk atyň maňlaýyna degdi. At gulaklaryny keýertdi. Baýram han: «Ynha, bujagazyň ömri paýawlady. Geljek ýazda munuň deregine şahadan täzesi çykar. Ýetim galan çyplaň şahalar ýitiren perzendini tapar. Durky gül öwser. Şeýdip tebigatda bar zat täzelener. Belki, wagt geçmegi bilen Akbar meniň döwleti pugtalandyrmakdaky edýän hereketlerimiň dogrulygyna göz ýetirer. Wagt–beýik kazydyr» diýip–pikirlendi. Mawy kölüň gyrasyna geldiler. Onuň göwnüne kölem gussaly göründi. Tokaýdaky bol guşdan oňa haýyr ýok. Çigrejik bolaňsoň, guşlar köle degsinenoklar. Köl weli, guş-gumrusyz ýalňyzdyr. Gamlanma, mawy köl, tomus geler, daş-töweregiň guş bazaryna öwrüler. Ol şu ýerde mawy köl bilen ýalaňaç şahalaryň arasynda meňzeş ýalňyzlygy duýdy. Baýram han çadyrlary kölüň gyrasynda dikmegi buýurdy, Beýleki kenarda bäş-alty sany keýik göründi. Kalby joşgundan dyňzan Baýram şol tarapa eňdi. Keýikler gaçdylar, Baýram hanyň islegem şol. Gaçyň, janawarlar! Men Sizi hurşluk etjek del. Diňe keýpine kowalajak. Bu hatamy geçersiňiz. Baýram han tokaýyň jümmüşine aralaşdy. Keýikler gözden ýitdiler. Gara derbolan at gapdalyndan çykan aýylganç sese haýykdy. Eýesiniň-de ini düýrükdi. Baýram şol tarapa ýüzüniöwürdi. Gör, aw keýpini! Ol läheň gara pili-de görmändir. Çagasynyň daşynda pelesaň urýar. Baýram aljyrap, yzyna gaňryldy. Sesýetimden Jamal gelýärdi. Ol atdan düşüp, pillere ýöneldi. Ene pil gulaklaryny ýapyryp, oňa topuldy-da, holtumy bilen beýleräk zyňyp goýberdi. Agaçlara degmän, ýere düşen Baýramyň gözlerinden ýalpa uçgun syçrady. Başy aýlandy. Atyny çapdyryp gelýän Jamalyň howsalaly gygyrýan sesi eşidildi: – Bäri gaç, guduzlandyr! 1 Baýram baş aýlanmasy saýpallaşansoň galdy. Ol gelip, pili atmak hyýalyna düşen Jamala «ok-ýaýyňy aýyr» diýen yşaraty ätdi. Baýram han ýene pile golaýlady, ýakymly sözleri aýtdy: –Eý, tokaýyň beýik hökümdary! Ynsan saňa ýagşylyk eder, ýamanlyk etmez. Ýürek yzaňa melhem tapmaga synanaýyn. Ene pil gulaklarynyň ýapyrmasyny aýyrman, guýrugyny bulady, kiçijik gözlerini alajalandyrdy. Bu onuň hüjüm etmek pälinden dänmänligini aňladýardy. Çaga pilden alaja gözeniňki ýaly porsy ys Baýramyň burnuna urdy. Ýöne üýtgeşik ses eşiden piljagaz biraz köşeşdi. –Barma, tüýtmelejek ol– Jamalyň pyşyrdysy Baýramyň gulagyna ildi. – «Ýagşy söz ýylany hinden çykar». – Hojaýynynyň ýüregine düwen maksadyndan dänmeýänligini bilýän Jamal bu jogapdan soň, pil sähel hüjüm etmege hyýallansa, atmak üçin ok-ýaýyny arkasynda gizläp, taýynlady. Baýram birden aýdyma başlady. Aňk-taňk bolan Jamal oňa seretdi. Ol ellerini uzadyp, şirin owaza meýmireýän pile ýöneldi. Baýram bu äpet haýwana el degirdi. Endamy gatan pil bütinleý ýumşady. Ynsan ony sypaň-sermeň etdi, çagasynyň ýanyna bardy. Piljagazyňaýagyndan agaç gyýçagy geçip, reňläp, çişipdir, yslanypdyr. Baýram agaç gyýçagyny çekip çykardy, ilki riňli gan akyp, soň durlandy. Ýeňini goparyp, ony sarady. Ertesi gelip, ýuwup arassalady, däri-derman etdi. Mundan beýläk günde gatnaw ediberdi. Şeýdip ynsan bilen piller öwrenişdi. Haçanda piljagaz ýörände, enesini münüp mawy kölüň başyna getirdi. Nökerler wagyrdaşyp bularyň daşyna üýşdüler. Olar köne tanyşlaryny gören ýaly, ýaltalyk bilen guýruklaryny bulaşyp äwmediler. Pilleri ikindi mahaly goýberdiler. Olar jahany garaňky gaplanda sumat boldular. Daňdan turan nökeriň biridagbölekleri ýaly bolşup, kenarda egrilen pil sürüsini görüp, ýoldaşlaryny gygyryp turuzdy. Baýram-da oýanyp, daş çykdy, süriniň ýanyna bardy. Ol çagasyny halas eden gara pili tanady. Pilem hossaryny tanan şekilli ýokaryturdy. Süriörüp, hyzmatyňa taýyn diýýän şekilli holtumlaryny bulaşyp duruberdiler. Bulary şol gara piliň getirenligi şübhesizdi. Onuň ynsan ýagşylygynyň öwezini doldurasy gelýär. Erkana geziberiň, janawarlar! Baýram hanyň entek siziň kömegiňize mätäçligi ýok. Şeýle läheňleriňem ynsana boýun sunuşyny görüp, buýsandy. Megerem, dünýäde adamdan güýçli zat ýokdur. Agşam Agradan atyny daljykdyryp, çapar geldi. Ol: –Siziň aly hezretleriňiz, beýik hökümdar Akbar gyssagly köşge çagyrýar–diýip, Baýrama habar berdi. Baýram han şol gije ur-tut ýola düşdi. PITNE Baýram han gelşine köşge bardy. Akbaryň sene ýazyjysy oňa Çingiz hanyň dilinden ýazylan kanunlar kitabyny– «Ýassyny» okap berýärdi: – «Är kişiniň iň birinji borjy hüjümini kül-uşak etmekdir, ony ýeňmekdir, ony boýa köwlän ýaly edip, köki-damary bilen ýok etmekdir, onuň ähli zadyny gaňryp elinden almakdyr». «Ýassynyň» şu ýerine ýetilende Baýram han tarsa yzyna öwrüldi. Gör-le muny! Özüniň atalygynyň gelenligine pitwa etmän, neresse çaga kimin masgaralady, dim-dik durmaga mejbur edip, «geldiňmem» diýmedi. –Wepaly dostumyzy hoş gördük! Baýram han gaňrylanda Akbaryň ýüz-gözlerini güldürip, ellerini öňe uzadyp duranlygyny gördi. Ol: «Belki, Ýassyna» gyzygyp, gelenligimi aňşyran däldir»diýip, özüne kynlyk bilen göwünlik berdi, çalaja baş atyp, ogullygynyň elini sowuklaç gysdy. Aşak oturdylar. –Han babamyň awy şowuna düşdümikä? – Hawa. –Pilleri alyp gaýtmadyňmy? Baýram ogullygyna ýiti nazaryny dikdi. Ol göwnühoş halda ýyljyraklaýardy. Diýmek, munuň jansyzy her ädimini yzarlandyr, piller baradaky habar şähere gelmänkä habar edilipdir. Her hal, sowukganlylygy elden bermän, parahat görnüşini saklap, jogap gaýtarmaga synandy: –Beýik hökümdarymdan «gelmeli» diýen gyssagly buýrugy aldym. Onsoň piller bilen çörňeşip ýörmege puryja galmady. Jogap şa ýarady. Ol kanagatlanma bilen başyny yrady, soň çynlakaý görnüşe geçdi: –Han babam, Hemu diýen bir zannyýamanyň baştutanlygynda pitne döräp, Delä hüjüm edipdir. Ony kül-peýekun etmege BeýikMogol döwletiniň sadyk guly, Tardy begiň ýolbaşçylygynda goşun iberdim. Baýram hanyň gulaklary şaňlady. Ogullygy öz sözleriniňatalygyna nähili täsir edenligini biljek bolýan şekilli çiňerilip-çiňerilip ýüzüne äňetdi. Baýram muny aňdy. Bildirmezlik üçin, ýüz-gozüni üýtgetmedi, ýöne birhowa hereketsizlenip, doňdy. «Bu oglanyň näme etdigi bolýar? Ilki gelenime üns bermedi, soň yzyma jansyz salanlygyny duýdurdy. Indem özbaşdak hereket etseň, ajymy-süýjümi diýýän ýaly, ýüzüňe çiňerilip seredip otyr. Maňa ynanmaýan eken. Äh, Akbar, Akbar, başyňýaş bolýar. Baýram han öz iýen duzuna kast etmez. Ýogsam meniň elimde Mogol döwletiniň ägirt uly goşunynyň jylawy bar. Täjiňe nazar dikýän bolsam, şu wagtam taýdyryp bilýän. Seniň daşyňy ýaranjaňlar, kümsükler gallapdyr. Ol toparjyk seni, döwleti gorap bilmez, kagyzdan gaplaňy ýekeje üflemek ýeterlikdir, tozap gider. Delä Tardy begi iberipsiň, oňa Hindaly, ýogsamam, özümi ýollamaly ahyry. Topraga arpa sepseň hasylyň-da şol bolar, bugdaý bolmaz. Görersiň». Baýram han daşyndan: –Tardy begem Mogol döwletine öňräkden beri gulluk edýär. Öz göwnüňeýaran bolsa, aýby ýok. Deli uly şäher, gozgalaňy-da kiçi-girim bolmaz. Sebäbi äpetdagdan depejik dogman, dagdogar. Onsoň oňa Hindal ýaly garadangaýtmazlary,iberilse hasjüpüne düşerdi– diýdi. Hökümdar sesini çykarmady. Baýram han Akbaryň ýanyndan gaýdyp az-kem dynç aldy, onsoň şäher goşunyny söweşe taýynlamaga girişdi. Onuň näme üçindir, Tardy begiň Gandagardaky hereketleri ýadyna düşüp, gozgalaňy ýatyrar diýen umydy ýokdy. Onuň ýygy-ýygydan ýene bir pikir ynjalyksyzlandyrýardy: Hany Deli häkimi Şabeddiniň garga hüşgärligi? Ol ýerastynda ýylan göwüşese-de bilmeli ahyry. Näme üçin, öňünden duýmandyr? Belki, şäher häkiminiň gozgalaňçylaryň serdary Hemu bilen aragatnaşygy bardyr? Baýram han bütin döwletiň ykbaly elindekä, pitnäniň döremeginden habarsyz galmagynda özünem akja guş hasaplamady. Şonda onuň eginleri ýygryldy, ýüzi laplap gyzdy. Gijara Deliden şum habar gowuşdy. Hemu Delini eýeläpdir. Biraz soňra Tardy begiň özem geldi. – Beýik mogollaryň naýbaşy nökerleri goluň astyndaka başly-barat ýaraglanan gozgalaňçylara döz gelmänsiň? Sebäbi näme?– Baýram han oňa temeklerini gymyldadyp, sowal berdi. –Söweşde ýeňilmelem bolýar. Ýogsam, elimden gelenini... –Tüket, har-ram-zada!! Baýram hanyň aýylganç sesine diňe Tardy beg-ä del, maňlaýyny tutup oturan Akbar-da tisgindi. Onuňhan babasy guduzlan barsa dönüpdi. Gözleriniň agy köpelip, köşkde çar ýana elewreýärdi.–Äkidiň, bu eşegatalyny, özünem zyndana salyň. Geň galmakdan Akbaryň gözleri giňden açyldy. Onuň Tardy begiň tussag edilmegine garşy bolmagam ähtimaldy, ýöne Baýram hanyň otlukly bakýan nazarynyň öňünde taby bolman, ýüzüni kese sowdy. Bir käse çaý içim salym ikisi-de dymdylar. Hökümdar soňra ýarawynyň ugry ýoklugyny bahanalap, turdy. Baýram han hemuçylaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin giden öz egindeş nökerleriniň käbirinden gizlin sorag etdi: Tardy-begiň gozgalaňy basym ýatyrmaga nä sebäpden gurby çatmady?– Olar bir çukura tüýküren ýaly jogap gaýtardylar: –Tardy beg goşunyň ýarpy çenini bukuda goýup, söweşe girizmändir. Söweşe girenleriň-de aglabasy pitneçileriň tarapyna geçipdir, az sanlysy-da gabaw halkasynda galyp, gyrlypdyr. Baýram han şol gijäniň özünde dönükligi üçin, Tardy bege ölüm jezasynyň berilmegini höküm etdi. Ol ýanyna Akbary alyp, Agra goşunynyň ýüzüni Delä tarap öwürdi. * * * Hemuçylar Mogol Döwletiniň merkeziniň goşunyny Deliniň eteginde garşyladylar. Goranyş üçin berkitmeler çala-mydardy: kä ýerde gumly haltalary araba münderläp goýupdyrlar, kä ýerde agaç germewler, kätarapy açyk... Ondan atlylar garşylyklaýyn hüjüme çykmalydylar. Pitneçileriň içinde şäher ilaty az görünýärdi. Gozgalaňçylara esasy zarba urmaly Baýram hanyňözüdi. Haýallasa ýardam bermäge Hindal bilen Akbaryň bölümlerini bukuda goýdy. Ilki pyýada bölüm çaknyşdy. Bärden baranlar öň Baýram hanyň buýrugyna görä, az-kem garpyşyp, yza çekildiler. Muňa pitneçileriň atly bölümi (megerem, Hemunyň baştutanlygynda) gabat ýerden çykyp çozdy. Şol bada Jamalyňatly nökerleri olaryňöňünde keserdi. Gandaldan Baýram han çozdy. Hemuçylar günortana çenli ýan bermediler, soň şähere tarap çekilip ugradylar. Şu ýerde Baýram hanyň juda gaharyny getiren hadysa gopdy: Şäherde goýry tüsseler görnüp başlady. Şäheriň içinde gozgalaňçylaryň azrak topary galypdyr-da, jaýlara ot berýärdiler, Deli–Hindi topragynyň göz-guwanjy ahyry! Onuň ýanyp, küle öwrülmegine ýol bermek– taryhyň öňünde edilen ýowuz jenaýatçylykly işdir. Baýram bukudakylara çapar ýollady: Akbaryň topary şäheri ýandyryjylaryň birinem sypdyrman gola salmaly, Hindal bolsa kömege gelmelidi. Hemuçylar Baýram han, Jamal, Hindal tarapyndan gabawa düşdi. Ýaragyny taşlap, aman dilänler görnüp başlady. Jamal hortaň, ýüz-gözüni saç-sakgal basan birini idenekledip Baýramyň huzuryna getirdi. Bu Hemudy. Onuň ýaňagyndan gan syrygýardy, gözleri ýaraly möjegiňki ýaly ýanyp durdy. Serkerdeleriniň ýesir alnanlygyny bilen gozgalaňçylar basym boýun egdiler. Baýram han Hemunyň ýüzüne ajy ýylgyryp bakdy: –Siziň günäňiz dagdanam agyr. Ençeme adamyň ganyna galdyňyz, şähere ot berdiňiz.–Hemu Baýrama topulmaga synandy, şol bada arka tarapyndan salnan gylyç kellesini egninden sallady. Uzyn göwre ýere ýykyldy. Muny gören ýesir pitneçiler ysytmaly kimin gagşaşdylar. Biri öňe çykyp, Baýramyň aýagyna ýykyldy: –Gadyrdan atamyz, Baýram han! Biziň köpümiz aldawa düşdük. Hemu «Baýramyň özi-de Mogol patyşalygyndan närza, Delini alsak, Agrany onuň özi eýelär» diýdi. Köpüsine-de olja wada etdi. Geç, günämizi...–Ony turzup, ýesirleriň hataryna eltdiler. Hemuçylar täze dogan aýy görmäge synanýan şekilli Baýramyň agzyna ýuwdunyşyp bakdylar. Ýap-ýaňy Delä ot berijileri tutup, gylyçdan geçirdip gelen Akbar kemsinip, atalygyna ser saldy. Hemmeler oňa seredýärler. Akbara barmysyňam diýenoklar. –Bulara ölüm jezasyny bereli, han babam.– Ogullugynyň pyşyrdysy Baýramy özüni rastlamaga mejbur etdi. Gör, ykbaly! Bir mahal Gandagarda ýesirleri boşatmak barada özi Humaýuna haýyş edipdi. Indem, bendileriň takdyry oňa bagly. Bulary boşatsaň, hökümdaryňam göwni galjak. Wah, Akbar kesgitli netijä gelmänkä, boşatmak barada buýruk bermeli eken. Ol Akbara öwrüldi. – «Bir ýazykdan är ölmez»diýýä biziň türkmenler. –Indiki gozgalaňa baş göterjeklere sapak bolsun han babam. Gyraly. – Ýarganatlar hiç mahal uzaga uçmazlar. Pitneçileriň gözleriniň ody alnabilindi. Meniň bir haýyşym bar, hökümdarym. Gel, şu ýesirleri boşadaly, känem däl. Elbetde, bularyň günäsi uly, ýöne geçirimliligem hökümdary bezeýändir. Akbar atalygynyň ýüzüne durup bilmän, başyny aşak sallady. Bendileri goýberdiler. Hökümdarlar Delä serenjam berýänçäler ep-esli gün eglendiler, soň Agra tarap ýola düşdüler. Ýolda yzly-yzyna iki çapar geldi. Biri Baýram hanyň oglunyň bolanlygyny buşlady. Beýlekisi Penjapdandy. Ol Isgenderiň ýene-de goşun toplaýanlygy baradaky galagoply habary getirdi. Isgendir Mogol döwletiniňköneduşmanlarynyň biridi. Baýram han geçen ýyl onuň segsen müň goşuny bilen çaknyşyp, Penjaba çekilmäge mejbur edipdi. Indi Isgenderiň soňuna çykmagy ýüregine pugta düwdi. Gyssagarada goşun sanyny artdyrdy. Öýüne baryp, ogluna diňe Abdyrahym ady dakmaga ýetişdi. Şeýdip, Mogol goşuny Baýram hanyň serkerdeliginde Penjaba tarap süýşüp ugrady. Asmandan zemine gaýmalaşyp-gaýmalaşyp akja gar düşýärdi. Bütin daş-töwerek ak meýdana öwrülipdi. Bu ene süýdüne meňzeş päkizeligi göreninde jepaly topragyň üstünde bolýan erbetliklere ynanasyň gelenokdy. Atyň üstünde ykjam oturan Baýram han yzyna gaňryldy. Goşun ak meýdana gara tegmilt salyp gelýärdi. Ol özi bilen egnini deňlän Akbaryň ýüzüne seretdi. Ýaş hökümdar pikir derýasyny gulaçlaýardy, atalygynyň äňedişini aňmady. Gar ýagsa-da, howa sowuk däldi. Bu görnüş Gandagarda Kalýanmal Şankary yzarlaýan mahalyny ýadyna saldy. «Onda gan dökülmän, ylalaşyga gelnipdi. Isgender, seniňüçin, Kalýanmal Şankardäl, Baýram han». At büdräp, eýesiniň pikirini dyr-pytrak etdi-de, ugruny düzüp, ýöredi. «Isgender, ýowuz duşman. Ol şa täjine ymtylýar. Onuň bu hyýaly başa barmaz. Ýöne nöker gany-da bihuda akýan suw däl. Nädip, ylalaşyga yşgalaň tapylar?» Ol Penjaba ýetmäge üç menzil galanda Akbara sala saldy: –Beýik hökümdarym, Isgendere ilçi ýollasak nädýä? Talabymyz: boýun egsin, wadamyz mülk bereli, ýene näme islegi bar, ony-da bileli. Akbar jogaby nagt berdi: –Türkmenleriň «Köne duşman dost bolmaz» diýýän parasatly sözlerini özüňaýdypdyň. –Her hal synanaly. Soňuny görübereris. Hökümdardymdy. Baýram han basym Isgendere ilçi ýollady. Ýöne ol üçünji gün sakgal-murty syrylgy, ýaba ters mündürilip goýberilip, çalajan görnüşde geldi. Özüni dürsände Isgenderiň goşun çekip gelýändigini düşündirip bildi. Baýram han serkerdeleriň harby maslahatynda duşmanyň öňünden Hindalyň çykmagyny makul bildi. Isgender esasy güýjüni çat maňlaýyndan barana berer. Onsoň Baýram han wagt geçirmän, gapdalyndan zarba urar. Akbar-da gizlin ýerdegaraşyp, Jamalyňgoltgy bermegibilen haýallantoparakömege barar. ...Jeň başlandy. Gylyçlaryň şarkyldysy,ýaralylaryň iňňildisi gulagyňy gapara getirdi. Pitige mündürilen Mogol döwleti ýene halas edildi. Duşman ýeňildi. Isgender ele düşmedi. Baýram han ony tutmaklygy aýratyn topara tabşyrmanlygyna ökündi. Isgender diri galanlygynda-da, indi aýňalmajagy görnüp durdy. Her hal Mogol goşunynyňam güýjüni mazaly alypdy. Baýram han ýesir alnanlary elekden un elän ýaly saýlamaga göwnüni böldi: Delide Akbaryňaýdanlarynyň-da jany bar. Indiki gozgalaňa baş göterjekleresapak bolar ýaly etmeli. Ol onbaşylary, ýüzbaşylary, müňbaşylary, ady belli garakçylary, Isgendere wepaly, aman dilemeýänleri anyklatdyryp, Akbaryň erk-ygtyýaryna berdi. Bu toparyň içindeki näzik gyz ýüzli, juda owadan ýaş ýigidiň deňinde saklandy. Tekepbir jahyl başyny dik tutdy. Baýram han oňa gysgaça sowal bilen ýüzlendi: –Öýlendiňmi, ýaş ýigit? –Juk. – Özüň-ä, bir gören ýüzüme meňzeýäň. Ýigit bu adamyň synçylygyna geň galanlygyny gizlemegem islemän, agzyny öweltdi, soň pert-pert jogap berdi: – Maçhiwaradaky söweşde kakamy jezalandyryp öldüripsiň. Men kakama juda meňzeş bolmaly. Aňşyranlygyňy bildim. Baýram hanyňýüregi ersip, inidyglady. Onuňşolbada Mogollaryň zannyýaman duşmany, owgan Lohany ýadyna düşdi. Ol ölüm jezasyna höküm edilende: «Baýram han! Musulmanlar ganlysyny nesilme-nesil yzarlap gezýändir. Meňem oglum bar. Öldürseňem ganymy alar» diýipdi. Baýram han seýrek duş gelýän şeýle owadan adamyň ýaragyň gurbany boljakdygyna halys gynanypdy. Emma ony duşman serkerdesidigi üçin bagyşlap bilmejekdi. Ol Lohanynyň ogluna: –Owadanlygyňa dözmedim. Sen azat. Ýogsam, «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz»diýýä biziň türkmenler– diýdi. Ýigidiň birbada gulaklarynyň eşidenine ynanmanlygy bellidi. Ol gymyldaman durdy. –Gidiberiň, ýöne Penjap welaýatynda garaň görünmesin. Baýram hanyň käte güýjüne baýrynmak häsýeti, duşmanyny äsgermezlige saldyrýardy. Şonuň üçin, bu ýigidiňsoňra kakasynyň ganyny almak maksady bilen özüne hanjar gezejekdigine sähelçe-de pikir öwürmedi. Elbetde, geljegi öňünden bilmegem çetin. Ol pelek işi. Baýram han ýesirleriň içinden senetçileri, aldawa düşüp gelenleri saýladyp, azatlyga goýberdi. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |