15:43 Dädesi!.. / satiriki hekaýa | |
DÄDESI!..
Satiriki hekaýalar
- Aýu!.. Ses-üýn ýok. Aýaly içki otaga bakyp, azmly haýkyrdy: - Saňa diýýän-u-u! - Häh!.. Baky aždarhanyň sesini eşiden şekilli ini düýrügip, oýandy. Ol işden gelip, ýaňy irkilipdi. Hasanaklap daşky jaýa çykdy: - Näme, ejesi? - Aýaklarymy owkala, gurşup alyp barýa. - Bolýa. Gara dere batyp, ol esli mahal ýumşy berjaý etdi... Indikä garaşdy: - Dädesi... - Gulluk... - Çaý gaýnat. - Häzir. Ony gutaryp-gutarmanka, ýene suňşurdy: - Işe gitmänkäň, basseýnden suwjagazam al-aý. Ýetişersiň. Baky bedreleri alyp, daş çykdy. Suw getirdi: - Iş mahalyň golaýladymy? - Hawa. - Arakesme ýoňsuz wagt beräýmel-ä hökümet. Ýene-de ýumuşjagazym... Aslynda polady ýumşak Baky aýalyny närazy etmek islemedi. Şu mahalky buýrup bilmedik ýumşy üçin, aýalynyň soň bir wagt bahana arap, iňirdemeginden howatyrlandy: - Aýdyber, ejesi. - Kartoşka arassaladaýjakdym. - Ynhajykga... Muny-da ýerine ýetirdi. Işe baranda başlygy hum ýaly çişip otyrdy: - Ýarym sagat gijä galdyň. Öňem wagtynda geleňok. Gijä galýaň. Baky ellerini owkalaşdyryp, ýere müýnli bakdy. - Beýdip ýörşüňe janym agyrýa. Ýöne... Aý, bolýa-da, indi gaýtalama. Gidiber. Ikindi mahallary gelip, baky baggoýunlara iým berdi. Gyssagara çaý içdi: - Dädesi... - Hä?.. - Tamdyrtowulyk üçin ýylgyn owratsana. - Bolýa. Ýassy çemesi üçünji klasda okaýan ogly geldi: - Näme, köşegim? - Mesele çözmäge kömek et. - Gel, bäri. Ertir öňküsinden ir turdy. Pol ýuwmalydy. Işe-de wagtynda barmaly. Indi okuwdan gijä galan okuwçy ýaly, başlyga käýetmejek bolmaly. Gelşiksiz-ä beýtmek. Poly ýuwup, garbandy: - Dädesi... - Hymm: - Içki otagdan çargadymy getir. Baky ses-üýnsüz äkeldi: - Ýüzugra Dörtguly janyň sallançagyny üwräp git. Iş ýerine baranda, gijä galan Baka başlyk ýene käýinç berdi. Bu ýagdaý keýpine sogan dogrady. Öýe baranda aýalyna azm urmagy ýüregine düwdi, emma ýüzüne gelip bilmedi. - Dädesi... - ?! - Dädesi!!! Ol tisginjiräp, başyny galdyrdy: - Näme, ejesi? - Göwnümemi, keýpiň ýok. - Aý, göwnüňedir. - Şeýlemi? Onda ýagşy. Gözüm ýolda "haçan gelerkäň" diýip. Dörtguly janyň arlygyny ýuw. Baky buýrulan ýumşy berjaý etmäge başlady. Esli mahaldan gutardy. Birdenem tämiz eşiklerini geýmäge durdy. - Nirä? - "Gowy kino bar" diýýärler klubda. Şoňa gitjek. - Hymm. Kino ne janyňa derkar? Ondan Dörtguly jany oýnat. Baky eşiklerini çykarmaga durdy. Bäh, hemme aýallaryň ýumşy şular ýaly tükeniksizmikän-aýt?! Muny ertesi dosty Geldiden soramagy ýüregine düwdi. Ýöne oňa wagt tapyp biläýse?! Sebäbi onuň ýoly: öý-iş, iş-öý... Ertesi Bakyny Aşgabada bir aýlyk kursa iberdiler. Indi hojalygyň hemme keşigi Maralyň egninde. Öýe örüden hor düşen goýun getirdiler. Iými artyk berip, aşa düşürip öldürdi. Ýylgyn owratmagyň kynlygyny diýsene! Ilki paltanyň sapy ellerini gabartdy. Özem ýagşyň astynda galan ýaly, süllümbaý boldy. Derden gözleri awuşady. Ýüregi agzyndan çykara geldi. Ýöne dura-bara öwrenişdi. Köp gezek käýinjiredem: - Obada çörek bişirilýän seh açaýmaly ahyryn... Çörek bişirende Dörtgulujygyň sallançagyny üwretmek üçin, üçünji klasda okaýan ogluny oturtdy. Olam çaga-da. Oýnamaga gidipdir. Dörtgulujyk ýykylyp, tas demigen eken. Basseýndäki agyz suwy gutardy. Baky suw çekýän maşyna guýdurardy. Maral kolhoz kontorasyna bardy: - Daýza, nobat ýene ýigrimi günden ýetýä. Şonda guýarys - diýip, ýaş ýigit jogap berdi. Nätjek? Maşyn az. Hojalyk köp. Ýetişenoklar. Maral ep-esli daşlykdaky guýudan bedreli suw çekip başlady. Baka iňirdäni ýadyna düşýär. Obada erkek kişiniň guýudan öýe suw çekmegi geňräk görülýär. Onsoň şol gün Baky gije suw çekipdi. Ah, Baky, Baky. Seniň gadyryň bilinmändir... Ynha, wagty dolup, ahyry Baky geldi. Öýüň içi gül pürkülen şekilli. Pol tämizliginden ýaňa ýüzüň görnüp dur. Bu Bakyny geňirgendirdi. Ol el ýuwmak üçin daş çykdy. Yzyndan Maral geldi: - Dädesi... Baky tisginjiredi. Bäh, gele-gelmäne eýýäm ýumşy häzir-aý. Ol ömründe ilkinji gezek çekine-çekine, aýalyna gyňraryldy. - Çaý-paýymy içeýin-how, onsoň buýruber ýumşuňy... Maral ýylgyrdy: - Getir, kündügi. Eliňe suw akydaýyn. Öz gezeginde Baky-da ýylgyrdy. Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |