16:30 Mert işi / hekaýa | |
MERT IŞI
Hekaýalar
Men o mahallar oglantakdym. Aradan tas kyrk sekiz ýyl geçse-de, hemme gören eşidenlerim şu günki dek ýadymda. Hawa. Aman aga inisiniň toýuny uludan tutdy. At çapyşygy bar. Muňa diňe Balkan ýakalaryndan däl, Ahal ilindenem gelenler boldy. Myhmanlary ýerleşdirmek, atlary bede, arpa bilen üpjun etmek öý eýesiniň boýnuna Agajet, saryýagyz Aman aga märekeden basylanok. Kime degýär, kime ýumuş buyuryar. Obadaşlary onuñ bir diýenini iki gaýtaladanoklar. Aman aganyň öýüniñ içi, daş-töweregi märekeden doly. Onuñ söhbede başlamagyna näme sebäp bolanlygyny bilemok. Men gelenimde gök çaý içip derlän mañlayyny tüýleri seçelenip duran mähnet telpegi bilen syldy-da, ýekedyz oturyp, şeyle diydi: - Halaýyk, gulak asyñ! Men bi gürrüño atamdan eşitdim. Atama-da dädesi aýdypdyr. Onuñ kimden eşidenligi ýadymda galmandyr. Ýöne özleri uzak ýaşan adamlar. - Mähelle bir gulaga, bir göwrä öwrüldi. Menem dar künçde çugudyp, gysylyp oturdym. gürlände juda janygardy. Hazirem şeýle. Säginen Aman aganyň gyryljyk sesi yene eşidilip ugrady: - Haw-wa-a, mal-garasy ýere-göge sygmaýan tüçjar baýyň sähetli gün ýeke perzendini öýermek üçin biziñkiñ çeni-çaky bolmadyk, dabarasy dag aşan uly toý edýär. Toý Çandybilde geçýär. Onuñ soltany-da Görogly. Iki menzillik göni gaýdyşlygyň baş baýragy bir süri goýun, un, bir bedew. Bo-uw, mähelle, atlar Çandybil düzlügine sygmajak bolýar. Joşan derýa suwunyň hanasyna sygmaýşyna çalymdaş. Diñe golay-goltumdan dal, yrak-yrak ýerlerdenem bedewler gelipdir. Hatda türkmeniñ ganym duşmany Hüñkar patyşa-da, ýylanyň damagyndan çykan ýaly zyba, gaýçygulak, ýüwrük bedewini iberipdir. Türkmenleriñ umyt ýyldyzy-Göroglynyň Gyratynda. Ine, atlary ula goýbermeli günem gelyär. Ýöne garaşylmayan ahwal ýüze çykýar duruberýär. Gyrat sulh, Alla janlarym, muña name bolyarka? Gije-gündiz idi-yssywat edýän Göroglyny- da, keýpsizlik basmarlayar, «Hut agşamyň özünde jylaw küýseýärdiň. Janym Gyrat, malym Gyrat, saña ne döw çaldy?» diýip, oýlanan Görogly atynyň başyny sypalady. - Saba çagy yyglama, Barym hem känim, Gyrat. Könle gubar baglama, Damarda ganym, Gyrat. Gaymak bilen bakanym, Täze körpe dökenim, Çeşme suwna ýakanym, Tendäki janym Gyrat. Bir demde menzil geçen, Ganatly guş dek uçan, Täsibe serden geçen, Gylyçda gynym Gyrat. Owal-ahyr myradym, Jahana doldy adyn, Şeşmir hem yanar odum, On iki synam Gyrat. Ýanbermez, başy belent, Özüñ bir jenneti at, Görogly aýtmaz galat, Dinim, imanym, Gyrat. Janawer şonda-da galkynman, birki gezek kellesini silkdi. Soñra owadan alma gözlerinde almaz ýitiligindaki gözýaş çygjagazlary görundi. Muña eýesi bozuldy. Tas aglapdy. Palta kesmejek irimçik murtlary sallandy. Iner kuwwatly dyzlarynyň-da ysgyny gaçdy: «Wah, ýüregimiñ ýagy, on sekiz ýerinden yara düşende beýtmändiñ. Ýa ýaryşda galaryn öýdüp şeýdýäňmi? Onda ýaryşa goşmaryn. Yza galyp, namys astyna düşenden, goýbermänim müň kerem ýagşy». Añyrsyna göz yetmeýän, tayak oklasaň ýere gaçmajak mähelledāki gaba telpeklileriñ nazary bularyň owunjak hereketlerine çenli sypdyrmayardy. Görogly muny duýdy, serini dik tutdy: «Goý, ilim gam layyna batmasyn». Jarçynyň sesi belent ýaňlandy: - Haý, ýaryşa gitjek atlar orta çyksyn, ho-oww! Ilki «Hüñkar patyşanyň aty» diyilýän alabeder, sarç bedew segräp görundi. Sonra türkmenlerden Teke ogly Zamanyň bedewi orta çykdy. Esli mahal geçdi. Başga at göze ilmedi. Bu Göroglyny genirgendirdi. Jarçyny sesi yene eşidildi: - Hayal-jagallyga ýol bermäň, ho-ow! Orta çykyn, ho-ow! Howlugyñ-ow. Häliden bäri Gyraty synlaýan bir goja Göroglynyň ýanyna gelip, şeýle diydi: - Oglum, birki gün bari ilat arasyna dowul ýaýrady. Hamala, kimde-kim Hüňkar patyşanyň atynyň ýanyna atyny goşsa ýa-da ýaryşda ozsa, başy ölümli, maly talañly boljakmyş. Görogly: "Pä-heý, eşşegataly zaňňar. Zemzen haýbatyny atyar- ow. Görübereris, bakaly" diydi. Tamakinlik bilen Gyrata äňetdi. Päh, janawere sered-ä. Gulaklaryny keýerdip, öňe omzaýar. Çarpada-da galdy. - Görogly, oglum, alyp galma Gyraty ýaryşdan. Görýäňmi, boluberşini. Üýtgedi. Gözüñe söweýin, namys astynda goýmaz türkmeni. Ýöne ýeňilräk çapyksuwar mündür-äý. A-how, hany, gel bäri! - Goja seýis beýleräkde duran işşekçer agtygyny çagyrdy. Oglan ýüwrüp geldi. Goja buýruk berdi: - Mün, Gyrata! Agtygy gözlerini okara ýaly tegeläp, Görogla seretdi. - Atam, eýgerdermikä bujagaza Gyrat? - Bo-uw, çeýejedir bi. Özem möjek çagasy ýaly dogumlydyr. Atynyň gylawlananyna süňňi ýeňlän Görogly ýylgyryp, ikirjiňlenmän, işşekçeri göterdi-de, Gyrata gondurdy. Onsoñ onuň boynuna çalaja kakyp goýberdi: Baryň, Alla ýaryňyz bolsun! Hudaý bizlikdir, enşalla! Gyrat agyzdyrygyna ernini ýirere getirdip, meydança çykdy. Märeke şowhunly gygyryşdy. Ýokarda telpekler gaýdy. Sähel salymdan orta atdan doldy. Görogly soltan Gyratyny goşansoň, töwerekden gelenler oňa arkalandy öýdýän. Böwedi böwsülen sile dönäýdi. Atlar ýoly ýarpylaberende, geçip barýan agyr kerwen göründi. Ondaky ak ineriň üstündäki çal sakgal, hortaň ýaşuly gyradaky Gyrata gaňrylyp-gañrylyp seretdi- de: - Ä-heý, bäri gel! - diýip, çapyksuwara haýkyrdy. Ol sowlup geldi-de, ötegçä soragly nazaryny dikdi: - Atyňa synym düşdi. Megerem, bu janawer behiştden çykyp gelendir. Edil şu yerde bulamak gaýnadyp goýaryn. Dolanaňda bereris. O atlar pellehana barýança haýallar. Tas ýetip bilmezler. - Soñra kerwendäkilere garap aýtdy: - Siz gidiberiň. Yzynyzdan gijräk ýeterin. Ýaşuly äwmän, inerini çökerip, yere düşdi. Ojak gazyp, gazanyny ataryp, suw, un guýdy. Tönne çöpläbem, aşagynda ot ýakdy. Gaýdyşyn gan ýylysy bilen bulamakly kerseni Gyrata tutuberdi. Garasy ýiteňkirläp, tüweleýleýän atlylara garap, oglanyň kejebesi darykdy-da, aglamjyrady. Ýaşuly: - Gyssanma, oglum! Olaryň atlarynyň ýüregi syrylyp, kuwwaty peseler. Ónsoñ aljak galalary bolmaz. Gyrat bulamagy işdämen sordy. Çapyksuwaram haýdan-haý, atlandy-da: «Çüw!» diýip gop berdi. Janawer ýyldyrym kimin süýndi. Hawa, ol baş baýragy aldy. Şowhun al-asmana göterildi. Zemin sarsdy. - Görogly, gözüň aýdyň, ho-ow! - Türkmen ili gözün aýdyň, ho- ow! - Berekella, Gyrat saňa! - Halalyň bolsun! Märeke dargamandy. Hemmeler Gün kibi ýalpyldaýan Gyrata söýünçli bakýardy. Teşne, umman gözler gananok. Çopan süri goýny getirdi. Uçganaklap duran bedewem geldi. Bäh, bedew diýseň bedew! Görmäge göz gerek. Görogly dowarlary garyp- gasarlara paýlamagy ýüregine düwdi. Bedewi bolsa çapyksuwara peýledi. Demini dürsän oglan alkymjygyna geldi-de: - Görogly aga! - diyip sakyndy. - Näme, inim? Aýdyber! - Gyratyň ozmagyna perişde täwire bir ýaşuly sebäp boldy. - Aý, goya? O niçik beýle? Oglan bolan ýagdaýy aýdyp berdi: - Yaşuly niredekä şumat? - Geçip barýandyr. - Taparsyňmy? - Gözümi daňsalaram! Me, mün! Görogly oňa baş baýraga berlen atyň jylawuny tutduryp, özem Gyratynyň eyerine towsup gondy-da, debsiledi: - Düş, öňe! Atlylar ýüzin saldylar. Kerweni bir menzillikde gördüler. Görogly golaýlanda, oglana habar gatdy: - Haysysy? - Ak inerlisi. Olar has ýakynladylar. Kerwendäkiler bulara bilesigelijilikli seredişdiler. Ak inerdäkem şeýtdi. Ýöne onuň ýüzüniň perzi üýtgedi. Galagoply gozganjyrady. Birden Göroglynyň ala gözleri awuny atjak ýolbarsyň gözi ýaly, gan guýma gyzardy. Düýrme gylyjynyň baljagyny şatyrdadyp ýazdyrdy. Onuñ sesini äşgär eşiden oglan Göroglynyň bir gat hamy ýanarlan aýylganç ýüzüne gorka bakyp, gyssanjyna gepledi: - Görogly aga! Görogly aga! Saña näm boldy? Emma ol hiç zat eşitmän, doňňara daşa dönüpdi. Şu pursat ýaşuly inerden syrylyp düşdi-de, kyblasyna bakyp, duruberdi. Adamlar geňirgenişdiler. Onýança gündogardan goh-galmagal turdy. Ýaraglanan otuz-kyrk galtamanyň atlarynyň toýnak astyndan çykyan tozy dik asmana galýar. Olar gözleri ýok ýaly süsdürilişip, kim öň barmaşak edýän şekilli. Garaw görkeziler öýdüp, kellelerine-de gelenok. Görogly mundan aňry çydamady. Täk özi «Alla!» diýip, olara garşy at goýdy. Urdy. Ýykdy. Sançdy. Ýene urdy. Päh, Gyraty diýsene! Depýär. Gapýar. Görogludan birjigem kem galanok. Az mahalda gurt daran goýna dönderdi. Görogly ýeňilräk ýaralanyp, aty süýrekleýäni tutdy: - Muña «Gurt oýny» diýerler. Öň gördüňmi? - Gör-göremok, aga! - Haýsy ýurduň möjekleri? - Üýşüp-tapyşanlar. - Çandybil topragynda talançylyga niçik het edip bildiñiz? - Ýaýly gotur bizi iterdi muňa. - Hany o? - Atdan aganyny gördüm. - Diri galmady diýsene. - Ömürboyy gapyňda guluň bolaýyn. - Görogly gul saklanok. Galtamanyň agzy öwelip, hut gündiziñ güni ýyldyz görene döndi. Sähel salymdan huşuna aýlanyp, aýagyna ýykyldy: - G-geç g-günämi, agam! - Indi galtamançylyga ýüz urarmyň? - Dagy-duwara beýtmerin. - Onda... gidiber. Galtaman ýüzin ýatyşyna yza çekildi. Birki sany agyr ýaralynyň iññildisi, atlaryň hokranyşy saýpallaşanda, Görogly ölümini boýun alyp, renki duw ak bolan ýaşulynyň ýanyna bardy: - Näme, gaçmadyň? Ol jogap gaytarmady. Görogly sowalyny ikinji gezek azmly gaytalady. - Gaçyp, nirä gideýin? - Öňküde sypdyň-a, şeýdip. Ýaşuly dymdy. Ol özüni mert alyp barýardy. Aman dilemek ýadynda-oýunda ýok. Görogly muny öz ýanyndan belledi. Az-kem pikire çümenden soň, ýene sowal bilen ýüzlendi: - Gyratyň ozmagyna hemayat beripdiň. Tanamadyňmy? - Juk, tanamok. Şonça atyň içinden türkmen bedewidigini añdym. Damarym dartdy. O halda Gyratyň baş baýragy almajagy seýis bolamsoñ, äşgär maňa. Dogry, onuň at-owazy gulagyma ilýärdi, Görogly beg! Sen meni mundan artyk gynama. Kes, çal kelläni. Megerem, iñ aýylganç jeza ölümiňe garaşmak bolsa gerek. Ýene bir zat aytmak borjum. Kerweni galtamanlardan goradyň. Şeýdip, ýolumyza göz dikýän birtopar gallajyñ rysgalyny abat sakladyň. Taňryýalkasyn! Görogly başyny aşak salyp, oylandy. Oýlandy-da, endigi boýunça çöp döwlen ýaly gepledi: - Sen külli türkmenin namysyny goradyň. Ömrylla unudylmaz bu ýagşylygyň. Oň üçinem, ganyňy geçýän. Erkana gez. Öl gyşarylyp çapyksuwary göterip aldy-da, ardyna mündürdi. Onsoñ baş baýraga berlen bedewiň jylawyny ýaşulynyň eline tutdurdy: - Me, ene süýdünden halal bolsun! Bir süri goýny hem baryp ibärin. Görogly atyny öňe debsiledi-de, Hydyr ata ýaly gözden yitip gitdi. Ýaşuly düýşe menzeş bu ahwaldan birhaýukdan soň huşuna aylanyp, kellesine patladyp-patladyp urup, ahmyrly seslendi: "Ah, alasamsyk diýsänim". Ol geçmişde bolan wakany serinde aýlady. Seýsiñ gandary bardy. Ýekeräk yigit. Duşmanynyň dogan-garyndaşy kop. Onsoň gandaryny çolalykda almagy yüregine düwüp, aňtap gezdi. Bir gün onuñ dag gädiginden aşmalydygyny bildi. Ýoluny buky ýerde saklap, uzagrakdan sary peýkamy atdy. Dag başlaryna iñrik çöküpdi. Kä ýerlerine bulutlaryň göwsi degerläp-degerläp durdy. Seýis ikindiniñ şapagyna okuñ gursakdan çümenligini syzdy-da, yzyna öwrüldi. Gandary tilki sapalakly mekir eken. Ol ilki yoldaşyny gädikden goýberipdir. Olam Göroglynyñ gandüşer garyndaşy bolup çykýar. Bir gezek dag jülgesinde ýaş soltanyň penjesinden sypmak zordan başartdy. Näme üçin, Görogla atdanlykda bolan bu ganly işi aytmak kellesine gelmedikä? Megerem, Görogly ynanmaz öýdendir. Şeýledir. Wah, duşuşygyň yzragynda ýazgynçylygam döred-ä. Kelle diýip göterip ýöreni kädiden parhy az bor-a çemeli. Wah, arman... Jany ýanan seýis Göroglynyň giden tarapyna garap durşuna näme üçindiginem aňşyrman, bogazyna sygdygyndan zowladyp, gygyryp goýberdi: - Gorogly! Görogly soltan, ho-ow!.. Annatagan NURGELDIÝEW. "Edebiýat we sungat gazeti, 24.02.2006 ý. | |
|
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |