16:15 Annatagan Nurgeldiýew | |
ANNATATAN NURGELDIÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Annatagan Nurgeldiýew, belli türkmen ýazyjysy, şahyr, mirasgär, pedagog, jemgyýetçilik işgäri. Annatagan Nurgeldiýew 1946-njy ýylyñ 23-nji noýabrynda Balkan welaýatynyñ Esenguly etrabynyñ Madaw obasynda dünýä indi. Ol 11 ýyllyk oba mekdebi tamamlandan soñ ýokary bilim aldy we oba mekdebinde türkmen dili we edebiýaty dersinden okatdy, soñra şol mekdepde direktor boldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soñky ýyllarda birnäçe ýyllap oba arçyny bolan Annatagan Nurgeldiýew soñra Balkan welaýatynyñ oba ilatyny agyz suwy bilen üpjün edýän edaranyñ başlygy bolup işledi. Döredijilik dünýäsine baryp mekdep okuwçysyka başlan Annatagan Nurgeldiýewiñ "Wesýetli nazar" atly ilkinji goşgusy heniz 7-nji klasda okap ýörkä "Mydam taýýar" gazetinde çap boldy. Dürli ýyllarda ululy-kiçili "Bäş käkilik", "Gaplañ çagasy", "Bedew takdyry", "Azat bilen atasy", "Gara biý", "Baýram han" ýaly kitaplary neşir edildi we ol kitaplaryñ hemmesi hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy, gowy baha berildi. Annatagan Nurgeldiýew detektiw žanrynda-da eserleri döretdi. "Günäsiz günäkär", "Sygan", "Töwekgelçilik"... ýaly detektiw powestler onuñ galamyndan çykan şowly eserlerdir. Ömrüniñ soñky ýyllaryna çenli öndümli işlän ýazyjynyñ "Balkan", "Watan", "Edebiýat we sungat", "Garagum" ýaly gazet-žurnallarda powestdir hekaýalary we taryhy şahsyýetlere bagyşlanan oçerkleri, halk döredijiliginden dürli žanrlaryndan toplan nusgalary yzygiderli çap edildi. Döredijilik işini türkmen taryhy bilen baglanyşdyran watanperwer ýazyjy "Baýram han", "Aba serdar", "Çarhypelek" ýaly taryhy romanlary türkmen edebiýatyna miras goýup gitdi. Annatagan Nurgeldiýew 2006-njy ýylyñ 23-nji dekabrynda aradan çykdy. ■ Kitaplary: 1). Baýram Han (roman), "Ruh" neşirýaty, Aşgabat-1995 ý; 2). Bedew takdyry (powestler we hekaýalar), "Magaryf" neşirýaty, Aşgabat-1988 ý; 3). Gara-Biý (hekaýalar we powestler), "Gözýetim" neşirýaty, Aşgabat-1993 ý; 4). Gaplañ çagasy (powestler), "Magaryf" neşirýaty, Aşgabat-1984 ý; 5). Bäş käkilik (çagalar üçin hekaýalar), "Magaryf" neşirýaty, Aşgabat-1982 ý; 6). Azat bilen atasy (mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin hekaýalar), "Magaryf" neşirýaty, Aşgabat-1991 ý. ■ Gazet-žurnallarda çykan käbir eserlerinden: 1). Diýar (hekaýa), "Edebiýat we Sungat"gazetiniñ 19.02.1999-njy ýyldaky sany; 2). Türkmen häsiýeti (makala), "Edebiýat we Sungat"gazetiniñ 01.10.1999-njy ýyldaky sany; 3). Araçäk (hekaýa), "Edebiýat we Sungat"gazetiniñ 22.10.1999-njy ýyldaky sany; 4). Esger (hekaýa) "Edebiýat we Sungat"gazetiniñ 05.05.2000-nji ýyldaky sany; 5). Peder (hekaýa), "Edebiýat we Sungat"gazetiniñ 1999-njy ýyldaky sany; 6). Yşk serbedi (hekaýa), "Edebiýat we Sungat", 2005; 7). Sygan (detektiw powest), "Balkan" gazeti, 1994-nji ýyldaky sanlary; 8). Töwekgelçilik (detektiw powest), "Balkan" gazeti, 1994-nji ýyldaky sanlary we başgalar... ■ Hakynda ýazylanlar: 1). A.Maýew "...Ýanyp-ýanybam ýazmak bolar" (söhbetdeşlik), "Balkan" gazeti", 15.10.1992-nji ýyldaky sany. ■ www.kitapcy.ga saýtynda berilen eserleri: 1). Baýram han / romandan bölek; 2). Işine jür kişi / hekaýa; 3). Dorgunan / hekaýa; 4). Peder / hekaýa; 5). Söýgi şerbeti / rubagylar; 6). Öwgi / satiriki hekaýa; 7). Hojamyrat pälwan / taryhy oçerk; 8). Madaw degişmeleri; 9). Maşatguly batyr / taryhy oçerk; 10). Yşk şerbeti / taryhy hekaýa; 11). Musa han / taryhy hekaýa; 12). Gyzyl balyk / hekaýa; 13). Aw / hekaýa; 14). Ar / hekaýa; 15). Bürgüt / hekaýa; 16). Muña ykbal diýerler / hekaýa; 17). Goja / hekaýa; 18). Ak derek / hekaýa; 19). Lukmanym meniñ/ hekaýa; 20). Gülýaka / taryhy hekaýa; 21). Gaýdyp gelmek / hekaýa; 22). Gelin / taryhy hekaýa; 23). Sülçi / detektiw hekaýa; 24). Ýol / hekaýa; 25). Dehistanly oglan / taryhy powest; 26). Şaguly ussa / taryhy oçerk. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||