23:22 Baýram han -3/ romanyñ dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Taryhy proza
MASLAHAT Humaýunyň işi bişow däldi: Tahmasp şadan goşun kömegini alyp, sag-salamat yzyna öwrüldi. Özi bilen jetigen doganlary Askar mürze bilen Kamran mürzäni Baýram ugruny tapyp, Şer şa garşy söweşmäge yrdy. Ýaradan ýaňy sabaşan Hindalyň özi söweş meýdanyna geldi. Öňem kän geplemeýän dogany indi hasam dymmady. Onuň aýtmagyna göre, Selime-de tapylypdyr. Baýram ikisi Hindal bilen gelen Ýarmuhammetdenem eşitdi. Emma Humaýunyň kalbyny inçejik bir gussa lerzana getirýärdi. Ol Eýran topragyndaka hem aýrylmady, ýöne hiç kime syr bildirmändi. Häzir ol saklanyp bilmedi. Muny garşysynda oturan Baýrama mälim etmegi ýüregine düwdi. Siliň böwedini ýyksaň, yňdarylyp akýar, derdiňi-de paýlaşsaň egsilýär. Ol birden syçrap turdy-da, Baýrama: –Hany diňle–diýdi, ol jogaba garaşman şygyrokady: Garyplyk gamydan mähnetu-melalym bar, Bu gamdan ölmekge ýetdim, garyp halym bar. Wysaly döwletden aýrylyp meni-mahzun, Tirik men-u bu tiriklikden infygolym bar. Ene topragyň hasratyny çekýän Humaýunyň bu setirleri Baýramy-da birbada endiretdi. Ýöne ol basym özüni ele aldy: –Söweşiň öňüsyrasynda beýle ejizlemek ýagşy däl–diýip, dostuna gysgaça öwüt berdi. Humaýun şunda özüniň birmahal kakasy Babur şa şeýle maslahat berenligini ýadyna saldy. Hawa, dosty mamlady. Çadyra basym serdarlar gelip, boljak söweşiň plany işlenip düzülmelidi. Ol Baýramy öňinçä çagyrdy, sebäbi ýekelikde aýtmaly zady bardy: Humaýun: –Goşun başy bolarsyň–diýip keltejik mälim etdi. Baýram esli mahal başyny aşak salyp, lowurdaýan türkmen halysynyň gölüni dyrmalady, soňra: –Meňki öňem şowsuz gutardy. Onsoň-da goşun başy bellenmegim serdarlaryň arasynda oňşuksyzlyk döretmegi mümkin. Muny doganlaryňam halamaz. Olar maňa gelmişek hökmünde garaýarlar – diýdi. Humaýun eýle-beýle gezmeläp, saklandy: – Şanyň hökümi gutarnykly bolmalydyr.– Şunda onuň süllerişen ter ýaňagy biraz gyzardy. Megerem, «ene toprakdan gaçyp, ygyp ýörenden şa bolarmy» diýip özüne gyjyt berendir. Içeri iki bükülip. hyzmatkär girip, serdarlaryň gelenligini habarberdi. Humaýun «Gelibersinler»diýen manyda çalaja baş atdy. Tagzym edip, serdarlar jaýlaşdylar. Humaýun: – «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz»diýýä türkmenler. Söweş planyny soň aýdaryn. Ilki goşun başlyga Baýram hany belleýänligimi mälim edýän. Oturanlaryň wagyrdysyndan çadyr gymyldan ýaly boldy. Gulaklary gapylara gelip, reňki öçen Humaýun elini çarpyp, aýylganç gygyrdy: – Bes ediň! Serdarlar köşeşdiler, emma Kamran mürze tarsa ýokary galdy: –Bu öň bolan maslahatyň netijesini gysgaça habar bermek– diýip, ýaýdandy. Humaýun ony gepletmek isledi: – Ýeri, onsoň... –Onsoňmy? Baýram han öň synagdan geçdi. Başarmady. –Dogry!–Kamran mürzäni ilki goldan mogol serdarynyň biri Tardy begdi. Humaýunoňa içinden geçipbarýan gözleribilen seredip: –Onda kimi goýmaly?–diýdi. Tardy beg sakynmady. –Hindaly...–Hemmeler oňa seretdiler. Hindal weli, başyny aşak salyp, birhaýukdaň soň gepledi: –Beýik hökümdarymyz, parasatly Babur şa: –«Agzybirlik– duşmany ýeňmegi tizleşdirer»–diýip öwrederdi. Siziň häzirki ahwalyňyzy goý, duşmanlar etsinler. Bize weli, gelşenok, sebäbi biz, hökman ýeňmeli. Onsoň-da, patyşanyň buýrugy ýekedir. Hiç kimden ses-seda çykmady, Baýram ýokary galdy. Hemmeler oňa goşunbaşlygy ret eder diýip pikirlendiler. Ol başga hörpden gopdy. –Mende şeýle teklip bar: Şer şa juda akmak bolmasa, biziň güýjümiziň känligini eýýäm bilendir. Nökeriň gany-da, ynsan gany, ony bihuda dökmeliň. Şonuň üçinem, Şer şa ilçi ýollamaly. Goý, ol uruşsyz tabyn bolup, şäherden çyksyn. Humaýun ýaňsyly ýylgyryşlardan: «Ine, baş serkerdäň, çaga gürrüňini edýär»diýýänlerini aňdy. Diňe Hindal nä pikirdedigini bildirmän, ýüzüni keseräk sowdy. Dostunyňbu teklibini Humaýunyň özem oňlamady. Ol Baýrama igençli bakyp gepledi. –Gurda ýalbarýan goýnuň akyly nirede?... Şeýle hem Şer şa bizden çekinýän bolsa, ilki özi ilçi ibererdi. Jansyzlaryň habar berşine göre, gaýtam, söweşe güýçli taýýarlyk görýär. Onuň kellesini getiriň, meni nä güne saldy. Beýik hökümdarymyz Babur şa: «Hiç mahal duşmana ýuka ýüreklilik etmegin» diýibem aýdardy. Panypat ýesirlerini gyrdyrşyny ýadyňa sal. Şol mahal, meňem olara rehimim inipdi. Paltasy daşa degen Baýram başyny aşak saldy. Serdarlar makullaýjylyk bilen baş atdylar. Söweş plany Babur şanyň gurnaýşy ýaly düzüldi: Sag we çep ganaty bölüp ortadan hüjüm etmeli. Bukuda durmagy Humaýunyň özi sorady. Şeýle-de duşmana ilki hüjüm etmelidi. Humaýun maslahat gutarandan soň, serdarlaryň öňünde desterhan ýazdy. SÖWEŞMEK BAGTY Ine, Baýramyň bendilikde eden arzuwy amala aşdy. Gör, ykbaly, söweşmek bagty ýene miýesser etdi. Onuň söweş meýdanynda geň galan zady, asmanda ýyrtyjy guşlaryň köpelenligidi. Bular maslygyň üýşjegini önden bilen şekillidi. Eýýäm adam, at maslygy meýdanda serlip ýatyrdy. Ýaralylaryňiňňildisi hiç kimiňgulagyna ilenokdy. Çaň-tozan asmany gaplapdy. Söweş ýassyna çenli dowam etdi, emma duşman boýun egmedi. Iki tarapam öz lagerine çekildi. Mazaly dem-dynç alansoň, Baýram serdarlary ýygnap, şu mahal duşmana duýdansyz çozmagy teklip etdi. Tardy beg: –Ýaralylary ýygnamak gerek. Nökerlerem ýadaw–diýdi. –Ýaralylary ýygnamagy ertire goýup bolmaz, sebäbi ýyrtyjy haýwanlaram tüýtmelejek–diýip, Baýram ýokary galdy. Tardy beg ýüzüni çytyp, dodagyny dişledi. Baýram bölek-bölek etdirip, juda köp ot ýakdyrdy. Muny uzakdan görýän duşman dynç alýandyr öýtmelidi. Basym onuň mekirliginiň ýerinedüşendigibildirdi. Çozulanda, hatdaduşmansakçylary-da üstüni basdyrdy. Şeýle-de bolsa, Şer şaçylar gaýduwsyz söweşdiler. Olar diňe günorta mahaly pytradyldy, köp ýesirem alyndy. Uly dabara bilen Baýramyň ýanyna gelen Humaýun: –O... Haramzada nirede?–diýip, bada-bat sorady. Gürrüňiň Şer şa barada gidýänligi bellidi. Baýram lapykeç jogap berdi: –Ol bölek atly bilen goşundan aýra ýatyp, bildirmän, ir gaçypdyr. Tiz Tardy begiň ýolbaşçylygynda nökerler gözlege ýollandy, emma bary biderek, Şer şa ýere giren ýaly gürüm-jürüm ýitdi. Içi ýanan Humaýun Baýrama: – Ýesirleriň baryny gylyçdan geçiriň–diýip, höküm etdi. –Çopana bakna süriniň günäsi nirede? Onsoň-da, Panypat söweşinde ýesir alnanda, gyrma diýip kakaňa... –Goý, şeýle bolsun, gyrma...–Ol dosty bilen tiz ylalaşdy. Megerem, söweşde ýeňen Baýramyň keýpine sogan dogramak islemedi. Ýaş serkerdäniň ýüzi açyldy. Onuň üçin, ýesirleri aman alyp galmak–bu-da bir ýeňişdi. Emma Baýramyň begenji uzaga çekmedi. Parçalanan, ýüzi-gözünden derek galmadyk Ýarmuhammediňjesedini getirip öňünde goýdular. Sebäbi bu ýigide serkerdeniň aýratyn mähir bilen garaýandygyny oňa ýakyn adamlar bilýärdiler. Ýüzi şobada gara ýanyk bolan Baýram birki gezek ýuwdundy. Ol gepläp bilmän durana çalym edýärdi. Hawa, bu pälwanyň öňünde-de ýazyklydy: onuň ýekeje uýasynyň diriligini aýtmaga wagt tapmandy. Daňa çenli Baýramyň çadyrynyň yşygy öçmedi. Hiç kesem onuň ýanyna barmaga milt etmedi. Iki-üç sany ýumuş bilen gelen nökeri gapyda duran Jamal yzyna gaýtardy. Daňyň alagaraňkysynda howsala düşen Humaýunyň özi çadyryna geldi. Dostunyň janynyň saglygyny görüp ynjaldy. Baýram oňa: –Hoş kadd-u, hoş endam ýigit Ýarmuhammet, Dildar-u dil aram ýigit Ýarmuhammet– –diýip, başlanýan şygyr ýazylan kagyzyny eline tutdurdy. Humaýun: Sergeşte7 bolup, älem era tapmadyň aram, Täbarsaňa Baýram ýigit Ýarmuhammet– – diýip, soňlanda, damagy doldy, sessiz-üýnsüz çadyrdan çykyp gitdi. Ol sergezdanlygyny Ýarmuhammediň takdyry bilen çalymdaş görendir. Şeýledir. ...Şäher ilaty Humaýuny duz-çörek bilen garşylady. Köpi gören gojalar, baş kazy bükülişip tagzym etdiler. Humaýun Şer şanyň eýelän köşgündeýerleşdi. Köşgeýakynadamlar ýeňiş toýuny geçirmegiň aladasyndadylar. Baýram köşge ýetiberende mähelläni görüp, atynyň başyny çekdi. Märeke oňa ýol berdi. Ortada ýüzi persala edilen, ýakasy ýyrtyk ene eňräp, öňe dyzaýardy. Mogol nökerleri ony saklap, gamçy bilen saýgylaýardylar: –Goýberiň meni, şanyň ýanyna... – Ene, patyşa näme şikaýat etjek? Ol üstüne abanyp duran atla ilki ýigrenç bilen seretdi, soňra ýüzündeki mähir-muhabbeti görüp derdindi: –Oglum, bu ýezitler göze görnen gyzymy süýräp gitdiler. Öň Şer şanyň atlylary birini şeýtdiler. Enäniň ganjaran ýaňagyndan gözýaş damjalary syrygdy. Ol hut kemput ýetmedik çaga kimin kemşerdi. Baýram atynyň başyny dartanda, janawar erini ýirdirmezlik üçin çarpaýa galdy. Demi tutulara gelen baş serdar: – Kimiň nökerleri? –diýip, hemleli ýüzlendi. Nökerler saňňyldaşdylar: –Tardy begiň. –Enäni goýberiň! Gyzy nirä äkitdiňiz? –Tardy beg keýp çekjek diýdi. –Höküm edýän, gyzy tapyp ene gowşurmaly. –Baýram atynyň başyny gowşatdy:– Goý, hemme mogol nökerleri bilsin! Günäsiz şäher ilatynyň ýekeje towugyna-da el degirmäň! Ol köşge tarap ýöneldi. Humaýundan idinsiz buýruk berenine puşman etjek ýalam boldy. Tiz şäher ilaty onuň adyny söýünçli halda dilden-dile geçirdi. Ýöne öňem yrsarýan Tardy begde mydamalyk kine galdyrdy. DILDÜWŞÜK Humaýun Tahmaspa gyssagly çaparýollady. Şonuň üçinem, Eýranyň şasy kämillik ýaşyna ýetmedik ogly şazada Myrady Gandagara ugratdy. Humaýun ony bir menzil öňünden garşylady hem-de getirip uly dabara bilen şähere häkim belledi. Gögele oglanyň ýanynda hiç kime geňeşmän, bölek eýran serbazlaryndan we Tardy begiň nökerlerinden ybarat harby bölümi galdyrdy. Özi Baýramy, doganlaryny alyp, goşunyň ýüzüni hindi topragyna öwürdi. Oňa kakasy Babur şa ýaly ýurduň dürdene şäherleri–Agrany, Delini eýelemek agyr düşmedi. Ýöne Babur şanyňtersine, Delini paýtagt edindi. Onsoň ynjyk hindi knýazlary bilen meşgullanyp, Gandagary bütinleý gözdensaldy. Tardy beg Gandagarda galdyrylmanyny özüni mogol imperiýasyndan gyrakladylan hökmünde kabul etdi. Içi-bagry tütedi. Kemsindi. Munda gelmişek, hanlaryň hany (geň zat, ol bu derejä göz açyp-ýumasy salym çemesinde ýetdi! Elbetde, şa goldaýar) Baýramyň eli bardyr öýdüp çaklady. Tersine, Baýram weli, Tardy begiň Gandagarda galdyrylmagyna içinden närazydy. Ol häli-şindi dostunyň buýrugyna garşy çykmagy özüne uslyp bilmedi. Ýogsam, bu bimaza begi gözüň alnyndan aýyrmaly däldi. Tardy beg gün geçdigiçe köşeşip, hatda başdaky ahmyrdan, kemsinmeden sabaşdy. Myrat şazadanyň döwlet işinden oýna, şagalaňly meýlise bolan höwesi köpdi. Beg ony ynamdar ýüzbaşylarynyň biri–Edhem hany ýanyna goşup, ýygy-ýygydan şikäre ibererdi. Şeýtmek bilen şazadanyň her ädimini yzarlaýardy. Ýaş häkimiň nazaryndan sypyp,elpe-şelpelige ýüz urýardy. Şazadanyň adyndan salgyt üstünesalgytsalyp, ummasyz genji-hazyna toplady. Onuňky ýaly baýlyk heniz özüni doly tutmadyk şa Humaýunda-da ýokdur. Zulumyna çydaman, baş galdyrjak bolanlary zyndana dykdy. Şäherilaty kime arz etmeli? Ýaş häkimiň gaşyna barmak ýekejesine-de miýesser edenok. Tardy begiňadamlary gala ýaly bolup, arada dur. Hany ýeňiýoluga arka çykan hanlaryň hany Baýram? Ol daşda. Birmahalky görlen süýji düýş ýaly, ilatyň ýadynda galdy. Hawa, Tardy beg keýpem çekýärdi: serhoşlykdan açylmangezýän mahaly bolýar, gandagarly näzeninlere nazaryny aýlaýar. Ol şagalaňly meýlisde aýdymçy gyzlara zaryn aýdym aýtdyryp, şirin lezzet alýar: Bahar paslynyň Möwriti geçdi. Durnalar eýýäm Bu ýerden uçdy. Bir güljagaz hem Galyp derede Zaryn heň çalýa Kalby ýarada. Gije ýapraga Bir damja gaçdy. Wah, aýra düşdi, Ah, aýra düşdi... Bu aýralyk mukamy bolup eşidilýän setirleri çep ýaňagy hally owadan gyza gaýtaladyp-gaýtaladyp aýtdyrýar. Yzyragyndan: «Wah, aýra düşdi, Ah, aýra düşdi»– – diýip, özem hiňlenjireýär. Şeýle pursatlaram geçip gidýär, şonda çala ölen, ýylanyň käte guýrugyny gymyldadyşy ýaly, gemre baglap ýatan köne kinesi gozganýar, kalbyny ataşsyz daglaýar. Şeýle günleriň birinde Edhem hany ýanyna çagyryp, taryna kakyp gördi: – Ol... gelmişek bilen araň sazmy? Içilen şerapdan başy humarlanan Edhem han ilki düşünmedi: –Kim-aý, o gelmişek? Beg ajymtyk ýylgyrdy: –Baýram han. –A... a...–Edhem han söhbetiňkim hakynda barýanlygynybilensoň, uçjak guş kimin galkyjaklady. Bolmanda-da, begoňa ýöne ýere hezzet-hormat edýän däldir, kişmiş iýseň çöpjagazy bardyr. – Ony gözümde okum bolsa urjak. Tardy beg gözlerini mekirleç oýnaklatdy: –Bereniňi iýmedimi? Edhem han gursagyna urup gepledi.– Wah, ýüregime hanjar urmasana, Tardy beg! Ol... bagtymy ogurlady. – Ne-me? Selime saňa göwün beripdimi? –Hut beýle-hädäl. –Edhem han başyny aşak salyp, biraz gyzardy. Selimäni razy etjekdim, şol gelmişek gözüni-başyny aýlap, elimden aldy. Tardy beg baryna düşündi. Ýigit paşmadyk söýgüsiniň ahmyryny çekýär. Beýle haldakylar adam öldürmekdenem gaýtmaz. Indi muňa iň pynhan syryňam ynanyber. Beg loh-loh güldi-de, garşysyndakynyň ýüzüne köpmanyly bakdy. – Meniň Baýramlyk işim ýok, ony gepiň gerdişine göre agzadym. –E...e...e... Edhem hanyň agzy giňden açyldy, eli saňňyldap pyýalasyndaky şerap saçalandy. Garşysyndakynyňjylawynyeline ýagşy alandygyna göz ýetiren Tardy beg: –Gorkma. Tardy beg dostuny duşmana satmaz–diýdi. Ynjalan Edhem han şeraby jyňkydyp, agzyny-burnuny süpürişdirdi. Beg esasy matlabyny indi aýtdy.–Humaýundyr Tahmaspyň arasyna çöp oklaly. Şony-da Baýramdan görerýalyetmeli, üçsiniňagzyalarsa, güýçden gaçar. Onsoň täjiň maňa, goşun başylygyň-da saňa nesip etmegi mümkin, ýöne muňa tama az. Birbada demi tutulan Edhem: –Nädip?– diýip, zordan gysgaça sowal berip bildi. Bu, şiriň güýjüni görmän, samahullaýan tilkä meňzeýän däldir hernä? Tardy beg oňa has golaý süýşüp, ikiçäk bolsalar-da, başga birine eşitdirmejek bolýan şekilli pyşyrdap gepledi: –Şazada Myrady... gümlemeli. Edhem hanyň gözleri giňden açyldy. Beg oňa şazada Myrady öldürmegiň planyny düşündirdi. Iki dost daňa golaý aýrylyşdy. Bular şu maslahatdan üç gün geçensoň, şazadanyň çagyrmagy boýunça gije meýlis geçirýän jaýyna bardylar. Ortada ýarym-ýalaňaç gyzlar pyrlanyşyp tans edýärdiler. Masgarabaz dürli hereketleri, dilewarlygy bilen ýaş şazadany güldürýärdi. Dürli-dümen nahar iýip, şerap süzýänem bardy. Masgarabaz bökjekläp, gyra çekilensoň, Tardy beg şazadanyň golaýyna süýşüp, gulagyna pyşyrdady: – Şazada hezretleri, howzuň başyna bar. Gyssagly ikiçäk maslahat etmeli. Göze ilmezlik üçin, yzyňdan çykaryn. Howluk. Durmuşyň şatysyny görmedik oglan, ikirjiňlenmedi. Bilesigelijilik gysyp-gowrup baransoň ýagdan gyl sogrulan ýaly bolup, daş çykdy, howzuňbaşynda eglenmän, bagyňgaraňky böwrüne aýlandy. Tardy beg görünmedi, oňa derek ýüzi perdeli iki pyýada gabyrdadyp basdy. Boglan şazada hyklamaga-da ýetişmedi, takga jany çykdy. Ýaşajyk aý bigünä oglanyň ölşüni görmek islemeýän şekilli topbajyk buludyň aňyrsyna duwlandy. Baglar dymdy, diňe saryja bilbil şahadan-şaha towusdy, olam bu ýowuz jenaýatyň üstüni açyp biljek däldi. Birhaýukdan soň öli şazadany tapdylar. Golaýragynda ýene bir zat garalyp ýatyrdy, ony Tardy beg galdyrdy: –Bi, türkmen telpegi... belki, şolaryň işidir, gyssagarada gaçyrandyrlar. Emma duranlaryň içinden, daşardaky şahsy saklawlaryň arasynda ýekeje türkmen ýokdy. Bu jenaýaty Tardy begiň iki sany kellekeseri berjaý edipdi. Muny begbilen Edhem han bilýärdi. Tardy beg bu ýowuz wakany habar bermek üçin daňyň alagaraňkysynda Humaýuna çapar gönderdi. OBADA Delide musulmanlar köpdi. Aslynda, «Deli soltanlygy» diýlip atlandyrylan bu şäher birmahallar musulman mülkdarlarynyň höwürtgesidi. Ol mülkdarlar barha kuwwatlanyp, soltana boýun egmän, garaşsyz knýazlyklara öwrülipdirler. Babur şa şol knýazlyklaryň goşunyny derbi-dagyn edip, Delini eýeläpdi. Ynha, bu şäher indi Humaýunyň paýtagty. Şäheriň gyralarynda daýhanlaryň üsti palma ýapraklary bilen basyrylyp, laýdan suwalan külbeleri arynyň öýjügi ýalydy. Külbeleriň içi ýylan ýalan şekillidi, diňe ýatyp-turara bolgusyzja düşekler onda ynsan ýaşaýanlygyny habar berýärdi. Ekindir öri meýdanlary golaýjagyndan başlanýardy. Külbejikleriň ýaşaýjylary bolsa, ekin ekýän daýhanlar, çopanlar, dokmaçylar, tikinçiler, küýzegärler, ädikçiler, demirçi hem-de agaç ussalarydy. Emma bularyň-da az mahallyk gaýgy-hasraty unudýan pursatlarybolýardy. Şeýlepursatlarbaýramçylyk günleridi. Şu gün Id8baýramçylygydy. Bir ujy şähere sepleşýän musulman obajygynda şady-horramlykdy. Dogry, baýramçylyk şowhuny şäheri-de gaplapdy. Baýram ýakyndaky obajygyň baýramçylygyna az mahallyk baryp görmegi ýüregine düwdi. Köşk emeldarlary baý, şowhun turzarlar-ow. Goý, turuzsynlar. Ol bu pikirini Humaýuna-da duýdurmady. Her ätjek ädimini patyşa aýdyp durmak hökmanmy? Ýöne ol Mogol döwletinde derejesi kiçi-girim adam däl, baş serkerde. Herhal isleg üstün çykdy. Şäherde-de, sadaka dileýän gedaýlar ätdirenok. Oba baýramçylygy. durmuşy niçikkä? Ol muny ine-ganalykda görmek üçin ýanyna Jamaly, beýleki şahsy saklawlaryny alyp, ýola düşdi. Iňrik garalypdy. Asmandan ýagşyň ysy gelýärdi. Adam üýşmeleňi şonda-da pytranokdy. Şadyýan gülki, şowhun, aýdym-sazyň göçgünli sesi her ýerden eşidilýärdi. Obanyň ortasyndaky münberjigiň töweregine halkalaýyn aýlanan adamlar atlylaryň baranlygyny-da bilmediler. Olar ýüpek sarysy göwşüllän gyzyň hasratly aýdymyny bir gulaga öwrülip diňleýärdiler. Baýram atyň üstünde doňana meňzeýärdi. Bu huşumyka ýa düýşi? Ol... agyn Läläniň sesidi. Aňyrsyny bakyp duran gyzyň göwresi oduň ýagtysyna çala-mydar görünýärdi. Aý, ýok, ol däldir, dünýäde bir damjany iki bölen ýaly meňzeş gyz gytmy neme? Läle zäher içip ölüpdi. Muny Edhem han aýdypdy. Onuň ýatkeşligi entek kütelenok. Şowhunly el çarpyşmalar Baýramy özüne getirdi. Gyzyň gapjagazyna paýsadyr rupiýa okladylar. Ol bärsine öwrüldi. Baýram ýyldyrym uran ýaly tas gaýralygynaserrelipdi, ýöneçakganJamal tutaýdy. Zemini lerzana getirip ýyldyrym çakdy. Iri damjalar ýüzüne degip, soňra çabga öwrüldi. Märeke iki-ýekeden dargap başlady. Baýram gyza bir gysym rupiýa bermek üçinelini öňe uzadypdy. Ol görmedi öýdýän, henizem şeýleligine durdy. Gyz sazandalaryň ýanyna baryp, aňrylygyna ýöneldi. – Lä-le!! Baýramyň çirkin gygyrmasyna diňe at däl, Jamalam tisgindi. Ol dostuna galagoply seretdi. Gyz-da bärisine öwrüldi: –Baýram... Baýram han...–diýlen sesi Baýram ýagşyň şaggyldysynyň arasynda magat eşitdi. Ol atyny debsiläp, gyzyň alkymjygyna golaý saklandy. –Läle hanym... –Baýram han... Gyzyň öçeňkirlän köze meňzeş gözleri lowlap ýandy. Nemli dodajygy şol bada gurady. Güýzän alma ýaly ýaňaklardan syrygýan damjalar oňa özboluşly gözellik berýärdi. Şol damjalary aýyrsaň, gyz owadanlygy ýitjege meňzeýärdi. Olar palma agajynyň aşagyna çekildiler. Bedreden guýulýan ýaly ýagyşdan ýapraklar gorap bilmedi. Gyz garşysyndaky kepbäýöneldi. Baýram kepbeniň içine girende öý eýesi, orta ýaşan başy selleli musulman ellerini owkalaşdyryp, ör turup durdy. Çülpe çagalar enesiniň arkasynda bukuldy. Baýram öý eýesiniň goşawujyna bir gysym rupiýa guýdy. Gözlerine ynanmadyk öý eýesi bir gezek rupiýa, birem Baýrama seredip, zowzanaklaberdi. Baýram ellerini egnine goýup ony köşeşdirdi, aýal derrew ýerden ojakda çaý gaýnatmak bilen meşgullandy. Baýram öl-myžžyk bolan saçlaryny sykýan gyzyň Läledigine häzirem ynam etmeýän ýaly, geňirgenip synlaýardy. Gyz ýylgyrdy. –Näme, beýle köp seredýäň? –Läledigiňe ynanamok. –Ýüz-gözüm üýtgäpdirmi? – Ýok, saňa zäher içip öldi diýdiler. Gyz tisginip, hereketlerini goýdy: –Kim aýtdy? –Edhem han. Läläniň reňki öçüp, şalkyldap ýykylarly göründi, ýöne basym özüni dürsedi: –Şol agşam sen gideninden soň, bihuş bolup ýatypdyryn, belki, ol, şonda gelip gidendir. Dogry, men özümi heläklemäge köp synandym... – Gyz ajymtyk ýylgyrdy: – Görşüň ýaly diri. – Bi ýerlere nädip düşüp ýörsüň? Agrada negözel jaýyň bardy. – Ojaý meni zyndana dönüp, gysyp-gowurdy, onsoň, gapysyny petikläp, sada adamlaryň arasyna çykdym. Bularyň arasynda derdim egsilýär. –Gün-güzaranyň niçik? –Aýdym üçin düşýän puly diňe özüme harçlasam, han ýaly ýaşamak boljak. Men ony garyp-gasarlara paýlaýan. Baýramçylykdan ýygnalan ýaňky pullary şu ýerli bir ýetim ýigit bar, şoňa eltmekçi. Öýlenip bilmän ýör, halaýan gyzam bar. Men bütin ömrümi, aýdymymy... –Ol öý eýelerine baş atyp goýberdi.–...şu hili adamlara sarp etmegi ýüregime düwdüm. Aýdym–meniň ýaşaýşym, durmuşym. – Delä gideli, myhmanym bol, gelnim Selime Soltan begim bilen tanyş edeýin. Sähel salymyň içinde Läleniň gül ýüzüni sörtük çawlana döndi. Onuň gursagynda Selimäbolan zenanlara mahsus gabanjaňlyk odunyň tutaşanlygy görnüp durdy. Ol geplemän, başyny ýaýkady. Içeri Jamal girip: –Alyhezretleri Humaýunyň atlysy gyssagly sizi gözläp ýör. Köşgebarmaly–diýip habarberdi. –Şu mahalmy? –Hawa. Baýram gapa ýönelendeöý eýesi elini gursagyna goýup tagzymetdi: – Çaý içiň! – Taňryýalkasyn! Ýene bir gezekde içeris. Çykyp barýarka, egniniň üstaşyr gaňrylanda özüne Läläniň ýangynly seredýänligini gördi. HABAR Gandagardan gelen şum habar Humaýuna otly köýnek geýdiripdi. Şazadanyň ýanyndan türkmen telpeginiň tapylmagy ony has-da gysyp-gowurdy. Saklawlaryňarasynda türkmeniň ýoklugynybilip, biraz ynjaldy. Oglan gürrüňsiz, dildüwşügiň pidasydy. Telpek bolsa, şol ganhorlugyňüstüni basyrmak üçin oýlanylyp tapylan perdedi.Onuň bu pikirini häzir Baýram-da tassyklap durdy: –Telpek, elbetde, şo jenaýatda türkmeniň eliniň barlygyny bildirmek üçin getirilýän ýasama, sada delil. Şeýdibem, jenaýatçylar türkmenler bilen Mogol döwletiniň arasyny bozmak isläpdirler. –Has takygy Humaýun bilen Baýram hanyň...–diýip, şa onuň sözüniböldi. –Hawa–diýip, Baýram dowam etdi.–Tahmasp şany-dabize garşy aýaga galdyrmak maksatlary bolmaly. Elini arkasyna tutup, gezmeleýän Humaýunyň başy barha aşak egilýärdi. Onuňaladasy bu ýerde-de ýetikdi: Heniz doly boýun egmedik rajput knýazlaryny köşeşdirmelidi. Soň öňräkden bäri arzuw edip gelýän Bengal ýörişine taýynlyk görmelidi. Emma oňa içinden zarba urýarlar. Eýsem bular kimlerkä? Doganlary Kamrandyr Askar mürzemikä? Tardy begmikä? Goý, kim bolsa, şol bolsun, ol öz dosty Baýram handan el çekmez. Gaýtam, Baýrama has ynanýanlygyny bildirmek üçin, ony Gandagara häkim edip goýar, hawa, şeýder. Ol Baýramyň alkymyna bardy: – Gandagara häkim edip belleýän. Gyssagly ýola düşersiň. Baýram birbada sesini çykarmady, soňra: –Tahmasp patyşa bolan işi habar bermäge çapar gönder– diýip, maslahat berdi. – Çoh, ýagşy. Baýram howlusyna gelende alagaraňkydy. Ýagyş diňipdi. Bölek-bölek bulutlar süýji ukuda ýatan şä her ilatyny oýarmaga dözmeýän ýaly, gelin edimi bilen ýuwaşja süýşüp barýardy. Daşary göwün göterijidi. Gapyny hyzmatkär. goja hindi açdy. Baýram pişik basyşyny edip, jaýa girdi, emma beýtmegiň zerurlygy ýokdy. Selimeoýady. – Nahar getirsinlermi? Basym daňatar, şonda iýeris.–Baýram içki eşikdeak guw ýaly oturan gelnine mähirli nazar saldy: –Uklamadyňmy? –Hawa. Nämeüçindir, uklap bilmedim. Selime Baýramyňnireden gelenligini soramazlyga endikedipdi. Bu gezegem şeýle. Soramady. – Ýüregiň gysdymy? – Elbetde. – Iş şeýle-dä, ýalňyz goýmaly bolýar. – Düşünýän. Baýram gelniniň maňlaýyndan öpüp, müşk ysly saçlaryny ysgady. Selimeoňa gysmyljyrady, –Çaga küýseýän. Ýigit tisginjiredi. Be, dogrudanam, durmuş guranlaryndan beri köp wagt geçdi. Önelge weli ýok. Bu barada pikirlenmäge wagt tapmadyk şekillidi. Selime aýdanda hakydasyna gelip, heserlendi. Çaga–ata-eneniň mydarlygyndan başga-da ynsanyň geljegi ahyry. Baýram Selimäniň owadan gözleriniň içine seretdi, soň «aýtsammykam-aýtmasammykam»diýýän ýaly pikirlenip, ýokary galdy.– Seni gynandyrmaly boljak. Selime-de galdy: –Indi nire gitmeli? – Gandagara. – Topalaň turdumy? – Şazada Myrady öldüripdirler. – Selime «hiýh» edip elini ýakasyna ýetirdi Baýram bu habaryň ony gynandyrjagyny bilip durdy, sebäbi Myrat bigünä çagady. Barybir, ol bu gün eşitmese ertir biljekdi. – Şähere meni häkim bellediler. – Selime maňlaýyny äriniň gursagyna goýdy: –Senden galmasam bolýa. Ýeriňaýak ujuna gitmege-de taýyn. Baýram ýigitlik hyjuwy bilen gelnini gujaklady. Bir gijäniň ukusyzlygyny, ýadawlygyny şol bada unutdy. Şäheriň ümsümlik mukamy bozulypdy. Köçelerden adam sesleri, arabalaryň şakyrdysy eşidilýärdi. Daňyňsaz berenligi bildirip, penjireden ýagtylyk göründi. Iki göwre birleşip, henizem aýrylyşanokdy. KABULHANADA Baýramyň Gandagara häkim bellenenligi şäherilatyna, obalara şol bada ýaýrady. Ilat gerdeninden agyr ýük düşürene dönüp ýeňillik bilen dem aldy. Baýram kabulhana baran birinji güni, märeke hümerlenişikdi. Onuň ilkinji kabul edeni ýyrtyk eşiklerinden süňkleri somalyşyp çykyp duran, çokga sakgal owgan gojasydy. Bu biygtyýarSalyh Nyýazyny ýadynasaldy. Işisabaşsa, ony agtarmagy ýüreginedüwdi. Goja gapydan girenden iki bükülip baş egdi, häkimiň donunyň syýnlaryny ogşady. Baýram oňa ýüregi awap, dikeltdi: – Beýtmek hökman däl atam, aýdyber. Baýramyň mylaýym sözlerine derisi giňen goja dikeldi bir zatdan gorkýan şekilinde töweregine ýaltyldady: – Hiç kimden çekinme, atam. Düýe haýt diýmek, medet» diýlişi ýaly, garry ekezlendi, emma şonda-da geplände saňňyldady: – Biziň gözümiziň ody alnypdyr, oglum.–Ol ilerräk süýşdi. – Öň Şer şa salgyt üstüne salgyt saldy. Indi-de Tardy begiňýuwdarhalary «patyşa gerek» diýip, şeýdip ýörler. Myrat şazada geleli bäri bir ýylyň içinde üç gezek salgyt ýygnadylar. Düýnüň özünde meniň iň soňkuja sygrymy äkitdiler. Olar patyşa atlylary däl-de, talaňçylar. Şu gapydakylaryň köpüsi Tardy begden şikaýat etmäge gelendirler. Baýram gojany goýbermedi, oturtdy. Dogrudanam, arz edenleriň köpüsi Tardy begiň talaňçylygyndan zeýrendiler. Bu bir bada Baýramyň badyny aldy, sebäbi Tardy beg Mogol döwletinde kiçi-girim adam däldi, nökeri köp, azy ýaran serdaryň biridi. Onuň belenip gidibermeginiňözem, patyşalyk üçin, uly zyýankeşlikdi. Mundan buýana öz erkine goýberilmegem şeýledi. Baýram onuň hereketlerini patyşa ýetirmegi makul bildi. Emma Delä gidilip-gelinýänçä-deesli wagt gerekdi. Tardy beg baradaky gutarnykly karara şu mahal gelmelidi. Halkyň patyşa, Baýrama bolan ynamy entek synmandy. Ol ýüregini bire baglap, elini çarpdy: Işikdesakçy göründi: – Tardy begi tapyp, getiriň. Nökeraňry öwrüldi. Goja gozgalaňtapdy: – Oglum, gidibereýin, bir çenem boldy. – Entek saklan ýaşuly. Temegi gymyldaýan Baýram ikiýana gezmeleýärdi, Gojaonuň gan öýdürere getirip, dişleri bilen gysan dodagyna, awuna garaşýan babyryňky ýaly ýanýan gözlerine nazaraýlady. Ini düýrügip, nämedir bir zatlar diýmek isläp, agzyny açdy, emma ýüregi etmän, saklandy. Birhaýukdan Tardy beg içeri girdi. Ol Baýram bilen görüşmän çala baş atdy. – Hoş gördük, Tardybeg. Beg geplemedi. Ol Baýramyň ýüz-gözüniň hyýrsyzdygyny gapydan ätlände görüpdi. Şonuň üçin, etini has gataldyp, onuň howalasyny basmak isledi. – Tardy beg, ilat senden nägile. – Şer şa bilen söweşmeli bolanda, Gandagar ilaty görnenokdy.Gylyjyny ýalpyldadyp, Tardy beg bardy. Baýram öňem dyňzap duran gahar-gazabyny ýuwutmaga synanyp,pessaýrak äheňde gepledi: – Gep çagalatmaňy goý. – Matlabyň näme? – Patyşanyň adyndan salgyt ýygnamagyňy bes et. –Eger bes etmesem? Baýram ýuwaş, emma azymly jogap berdi. – Patyşa boýun egmeli. Düşnüklimi? Tardy beg ajymtyk ýylgyrdy: – Sen kim?–Onuň gözleri eýýäm öz sowalyna jogap berip, ýüregindäkisini mälim edipdi: – Gelmişek. Baýram üstünden gülýän nazardan ýüzüni sowman, göni gözleriniň içine tiňkesini dikip gepledi: – Şäher häkimi, hanlaryň hany Muhammet Baýram. Düşnüklimi, beg?–Ol goja öwrüldi: – Atam, sygryňy tanarsyňmy? – Gözümi daňsalaram tanaryn oglum. – Gojanyň sygryny öwrüp bermäge gün ýaşara puryja berýän.Dyrnagyna tiken dürtülmesin. Gidiber. Tardy beg ýüzüne kül urlan ýaly, başyny sallap çykyp gitdi.Goja sazanaklady. Baýram oňa ýüzlendi: – Ýene näme ýumşuňbar, atam? – Ýaňky bir deýýusdyr, birdenem... –Eşitdiň-ä, dyrnagyňa tiken çümmez. – Taňry ýalkasyn, oglum. Meni sylany, hudaý alkyşlasyn! Gojanyň orak şekilli bili ýazylana döndi. Olbaşyny buýsançly tutup, çykyp gitdi. Iňyzyndan çekine-çekine bir ýaş ýigit geldi. Ol sakynyp, söze başlady: –E... e... e... ne-me... men... –Darykma-da, gepläber. Ýigitşundan soň biraz merdemsilendi: – Men baý gyzyny alyp gaçdym. Söýüşýärdik. – Ýeri, onsoň. – Özümemdüzde şo baýyň goýnuny bakýardym. Indem baý bizi gözläp ýör, ikimizem öldürmekçi. – Baýyň ady kim? –Aly. – Şäheriň niresinde ýaşaýar? –Bazaryň ileri ýanjagazynda, bag-bakjaly, köşk ýaly jaýdyr...Kimi ibereýin? Men ýer urup, ýerde galan ýetim. Barybir, ibersemem, bermez. –Kimde bolsa birini sawçylyga iberip görmeli eken. Beýtmekligiň musulmançylykda iň ýokuş görülýän zat. Gyz nirede'? – Daş işikde. Indi gidere ýerimiz ýok. Baý bizi tapyp, hökman parçalar. Baýram baýyň üstüne barmaga küýlendi. Muny özüne kiçilik bilmedi. Soňra ýigidi göz astyndan içgin synlady: Garagözelek, ak ýüzlüdi. Daş keşbi çopana meňzemän, medresede sapak bermäge gelşiklidi. Ýigit owadandy. Çekinjeňligi oňa ýaraşmanam duranokdy, sebäbi gyz gylyklydy. Şu ýerde Läleniň: «Men bütin ömrümi, aýdymymy... şu hili adamlara sarp etmegi ýüregime düwdüm» diýeni ýadyna düşdi. Eger baý bilen ýigidi ylalaşdyryp bilse, Läläniň ýüregine beslän asylly maksadyna goşant goşdugy. Ol hökman baýy razy etmegi ýüregine düwdi. Töwella gulak asmasa, pul hödürlär. «Gyzyl görse, Hydyr azar» diýip, pähimlendi. ...Baý dik durup Baýram bilen hoşamaý görüşdi, ýigide weli, sowuk nazar salyp, ýüzüni kese sowdy. –Oturyň, Aly baý. Baýram argyn halda göwresini aşak goýberdi. Baý maňlaýyny düşege degrerläp, başyny aşak saldy. Bu onuň ýigit bilen ýüzbe-ýüz durmagy juda kyn görýänligini aňladýardy. Dartgynlylygy gowşatmak ýeňil düşmejekdi. Şeýle-debolsa, Baýram gös-göni özüne degişli meseleden gep başyny gozgady: –Aly baý, bir haýyşym bar. –Aly baý siziň sadyk guluňyz. –Şu ýigidiň, gyzyň hatasyny geç. Yzarlap ýörmegiňi bes et. Baýdan birbada ses-seda çykmady. Baýram: – Belki. muzdy gerekdir. Ikirjiňlenmän sözläber–diýdi. Baý birhaýukdan soň başyny galdyrdy: – Baýram han, mal-mülküm özüme ýetik. Şo gyzdan başga mirasdarymam ýok. Barybir, indi sulhum alanok. Gözüme görünmän, şäherden çyksynlar. Baýram çigişginiň beýle aňsat çözülerinegaraşmandy. Ol baýa minnetdarlyk bildirip, ýigide: –Ýaşulynyň talabyny berjaý et–diýip, bir goşawuç owgan puluny berip, elini gysdy. Ýigit uçup barýan guşa dönüp, daş çykdy. Gün ikindi ýerine baranda, täze häkim öýüne gitmäge küýlendi. IKI ÜLPET Tardy beggojanyňsygryny şol bada gapdyryp, berip goýberdi. Ýygnan mal-garasyny gyssagarada satyp, pulaöwürdi. Edhem hana-da şuny maslahat berdi. Onda Baýram ummasyz baýlygynyň üstüni açyp, patyşa haýryna geçirer diýen howsala döräpdi. Bu türkmeniň atylan ok kimin daşdan gaýtmaýanlygyny ýagşy bilýärdi, hutşonuň üçin, batyrgaý jogap berse-de, mazasy gaçypdy. Häzir iki dost jaýyň içinde söhbete gyzypdy. – Bürgüt serçeden gorkmalymy indi?–diýip, Edhem han güpjegi patladyp, gyzyp gepledi. –Bürgüt asmandan ýerdäki peşäni görüp, pili görenok.– Gyşaryp ýatan Tardy beg pähimlenip aýtdy.–Gelmişegiň arkasynda dag dur. Humaýunyňoňa niçik sarpa goýýanlygyny bilýäň. Halk içindede abraýy uly. – Güpbasdy edeli. –Ol seniň üçin gögele Myrat däl. Ýaňy düşnükli edip, tymsal aldym. –Hym-m. – Ýüregiňi ele alma. Biz bu ýerden gideli. –Nirä? – Delä. – Goýbärmi, Baýram han? –Olam menden dynanyny kemje-kerdem görmez. –Patyşa näme diýer? – Gelmişek bilen ylalaşaryn.–Birhowa ikisem dymdy. Tardy beg indi dikelip, söhbetini dowam etdirdi:–Şo ýerde mazaly mülk edineris. Patyşa-da basym Bengal ýörişine başlajakmyş. Oňa gatnaşarys. Belki, derejämiz galar. – Aý, bilmedim-dä. – Geljege umytly gara. –Dana gojalar ýaly öwüt berýäň. –Akylly maslahata gulak asýanam pähimlidir. Söhbettamamlandy. Tardy beg daňbilen Baýramyň ýanyna bardy hem-de gelmeginiň maksadyny mälim etdi. Häkim oňa sowal berdi: –Gitjek bolmagyňa nähili delil bar? –Bi taýda bir garryça-da görlemok. Agramym juda ýeňil. –Çyn bürgütler ejiz guşy awlamaz. Şeýle-de, ýarganatlar algyr laçyna hüjüm edip bilmez. Tardy beg ýuwdundy. –Rugsat. Gidiberiň. Tardy beg nökerlerini alyp, basym Delä tarap ýola düşdi. Gandagaryň harby bölümi ujypsyzja türkmenlerden ybarat bolup galdy. Şonuň üçinem, Baýram meýli bolany nökerlige alyp başlady. Gandagaryň harby bölüminiňesasy daýanjy türkmenlerdi. Muňa Baýramyň üns berenligi elbetde, ikuçsuzdy. Ilkibada täze düzülen nökerlere harby tälim bermäge gös-göni onuň özi ýolbaşçylyk etdi, onbaşy, ýüzbaşy, müňbaşy belleşdirdi. Gysga möhletiň içinde Gandagar welaýatynda düzgün-nyzamly goşun emele geldi. ZYÝAPAT Baýram ýalňyşman şäheriň çetindeki külbäni tapdy. Ol salam berip içeri girende, on bäş ýaşlaryndaky ýigdekçe Salyh Nyýaza haýsydyr bir diwandan şygyr okap berýärdi. Goja bar ünsüni şygra beren bolsa-da, Baýramy sesinden tanap, laňňa ýokary galdy: –Baýram, oglum! Baýram gojany gujaklady. Ol hamsykdy. Oturdylar. Salyh Nyýazy özüni rastlap, uzak mahallap saglyk-amanlyk soraşdy. Çaýlaşdylar. Goja: –Gaçanynda ýanynda bir ýigit bardy. Amanmy ol?– diýip sorady. Baýramyň boýny burlup, geplemedi. Goja düşündi. Birhowa dymdylar. Ahyry Baýram: –Sen, jahankeşdeligiň daşyndan okymyş adam. Isleseň baş kitaphanaçy edeýin. Oglan-da kömekçiň bolsun–diýdi. Goja: –Görýeň-ä, oglum, mende güýç-kuwwat ýok, ýöne Seýit jany gözden salma–diýip, ýigdekçä ümledi.–Munuňtohum-tijini Şer şa gyrdyrdy, sebäbi uly aýal doganyny şa nökeri süýredi. Seýidiňkiler ony mazaly ýençdiler. –Goja ilkinji gezek görýän ýaly, ýygrylyp, ýeresiňip barýan oglany synlady: – Seýit jany ýerzeminde gizläp, alyp galdym. Goňşymdy bular. Hat-sowat öwretdim, tüweleme, düşbi, özem. – Göçseň nädýä? Şäheriň ortasyndan jaý satyn alyp bereýin–diýip, Baýram teklip etdi. Goja: –Sylanyňa taňryýalkasyn, oglum. Bu taýy ümsüm, gojalara-da rahatlyk gerek–diýdi. Baýram turjak bolanda, onuň eline bir gysym tylla guýdy. Salyh Nyýazy: –Oh, oglum!–diýip, çöküne düşdi: «Şäherde şahyrlar bar, olaryň aglabasyny Seýit jan tanaýandyr. Wah, köpüsi Şer şanyň döwründe pytrady, ýogsam, köpdi.– Goja başyny gynançly ýaýkady. – Belki, şahyrlary ýygnap, zyýapat gurarsyň– diýip, maslahat berdi. Baýram onuň teklibini ýürekden makullady. ...Seýitden şäher häkiminiň çakylygyny alan şahyrlar juma güni onuňöýüne ýygnandylar. Baýram gelenler bilen gadyrly görşüp çykypdy. Häzirherkim göwünsöýenini içip, söhbete gyzypdy. Salyh Nyýazy ýanyndaky ter gara sakally türkmen şahyry Molla Jaha janygyp, bir hekaýaty gürrüň berýärdi. Baýram gojany ýörite adam iberip getirdipdi. Golaýynda oturan oňa gulak asyp, diňleýärdi. Iýlip-içildi, onsoň Baýramyň teklibi boýunça şahyrlar şygyr okadylar. Gezek Molla Jaha ýetdi. Ol gabak oýnuna bagyşlap düzen şygryny okady. Iňsoňundan Baýram: Eger dertlilere dosty-ýar bolsaň, Agyran-ynjana medetkär bolsaň, – diýip, başlanýan täze düzen «Ýar bolsaň» gazalyny labyzly okap berdi. Ol şahyrlara indiki zyýapatdasöýgi barada ýazylan şygyrlar boýunça muşagyra9geçiriljekdigini mälim etdi. Saz-söhbet başlandy. Zyýapat şeýdip, ýassyna golaý tamamlandy. Baýram Molla Jahyny alyp galdy, oňa mylaýym ýüzlendi: – Şäherlimi? –Gaçybatalga gözläp, täze geldim. Jogap Baýramy kürtdürdi. Bu onuň «Sizi penalanmaga geldim» diýdigidi. Baýram geňirgenýän ýaş şahyra ýene ýüzlendi: –Öýlendiňizmi? Molla Jahy gyzaryp jogap berdi: – Ýok. –Ym.– Baýram biraz gezmeledi:–Siz gelenleriň iň ýaşy, belki, iň zehinlisi. Talantyň güllemegi üçin Delä gitseň nädýä? Humaýunyňözem şahyr, ol şahyrlary gowy görýär. Molla Jahy ýylgyrdy: –Siz näme, şahyrlary erbet görýäňizmi? – Şahyrlary niçik görýänligimi bilip dursuň, ýöne men nöker. Bu gün şu taýda, ertir başga ýerde. Onsoň-da, Gandagar topalaňyň öýjügi: O taýy rahatdyr. Ýanyňa nöker goşup, ýol harajatyňy, ulagyňy bereýin, başga gerek zadyňy-da aýdyp dur. Ertir Molla Jahy ýany ýolbeletli, Baýramyň-da özi barada Humaýunyňalada etmegini sargap ýazan hatyny alyp, Delä ugrady. GÜLNÄZ Baýram han döwlet işlerini biraz ýola goýansoň, öňräkden bäri ynjalykdan gaçyrýan pikirini amala aşyrmagy göwnünde besledi. Ol Gülnäzdi. Ony getirtmelidi. Elbetde, gyz Soltan Mahmydyň penasynda hor-homsy ýaşaýan däldir. Baýram muňa berk ynanýardy. Ýöne Gülnäziň ýeke-täk hossary indi Baýramdy. Ýedi-sekiz günlükde Ýarmuhammet düýşüne girdi. Ol kelam agyz söz diýmedi, emma henizem Gülnäze eýelik etmänligi üçin, gyjyt berýän şekillidi. Ýüzem birhili ejirli. Şundan soň, Baýram han has howlukdy. Jamaly on-onbäş atla baş edip, Gujarada iberdi. Soltan Mahmydyň ynanarlygy üçin sygryň dili ýalyjak kagyza salamnama ýazdy. Döwlet işleri böwşeňleşse, ýörite gezmege barjaklygyny ýaňzytdy. Jamal bu gün, ertir gara bermelidi. Şol sebäpli, Baýram diňe öýde-hädäl. kabulhanasynda hem onuň gelerine garaşýardy. Giç öýlän kabulhana on-onki sany adam birden geldi. Olaryň ýüz-gözlerine çaňsiňip, ganjaryşyp durdy. Çaky, horluk görüpdirler. Baýram agraslyk bilen: –Habaryňyzy beriň– diýdi. Gelenler biri-birinden öňürti geplemek isläp, ala-goh turuzdylar. Bularyň bolşy agzy ýapyk bally küýzäniň töwereginde zenzele gopdurýan siňege meňzeýärdi. Häkim ýylgyryp, olary köşeşdirdi. Ýüzi nurana ýaşula: – Atam. siz aýdyberiň–diýip, mylaýym ýüzlendi. Ýaşuly: – Biz peýwagtyna gezip ýören täjirler. Uruş-sögüşiňarasynda ýok. Pakistandan kerwen getirýärdik. Gandagar ýolunda bölek atly çozup, ählije zadymyzy aldylar–diýdi-de, goltugyndan mynçgylanan kagyzy alyp, Baýrama uzatdy. Hatda diňe: «Kerwen ýollarynyň hökümdary Gara Bürgüt» diýlip ýazylypdyr. Häkim goja sowal bilen ýüzlendi: – Muny kim berdi? –Galtaman başy bolara çemeli, şar gara atly ýigit. –Gidiberiň. Täjirleriň gulagynyň düýbünde ýyldyrym çakana döndi. Ýaýdanyşdylar. Sebäbi häkim galtamanlar barada kesgitli netije aýtmady. Muny aňan Baýram: –Ýakyn wagtda olaryň ýoguna köýeris–diýdi. Täjirler itenekleşip çykdylar. Hatjagaz weli, häkimi çuň oýa batyrdy. Gara Bürgütuly güýçdür. Ýogsam, bilgeşleýin hat ýollamazdy. Ol Baýramy söweşe çagyrýar. Häkim öýüne baranda has-da özüni ýitirdi. Ýap-ýaňyja gelen Gülnäz ony görenden zar-zar aglaberdi. Baýram Ýarmuhammediň ýogalanlygyny Gülnäze Güjaratdaka aýtmagy Jamala tabşyrypdy. Özüne kyn düşjekdi. Indem naçar agysynyň öňünde durmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Asyl ejizläp ýören bolaýmasyn? Gara Bürgütdenem sussy basylyp ýör. Baýram näderini bilmän, ellerini owkalaşdyryberdi. Äriniň perişan halyny gören Selime onuň gulagyna pyşyrdady: –Är egni zenan agysyndanam güýçli zada döz gelmelidir. Ýöne Selimäniň-de damagy dolup, sesi agy gatyşykly çykdy. Muny Baýram duýmady. Ol gelniniňdiňe kuwwat beriji sözlerini eşitdi. Taňryýalkasyn, ezizim! –Uýam, goý sesiňi, pelek işidir. –Ol Gülnäze golaýrak bardy, hyzmatkärlere ümledi. Olar Baýramyň hoşamaý sözlerine öjügen Gülnäzi göterip, ýörite taýýar edilen tämiz jaýa eltdiler. Baýram daşarda gezmeledi, sebäbi sesinden it uwlajak naçaryň ýanyna barmaga bogny ysmady. Birhaýukdan agy sesi galyşdy. Baýram çala ýapyk gapydan jyklady. Hyzmatäorler ýüzüni ýelpäp, iki çignini owkalaýardylar. Selimäniň hut özi ellerini sypap, delmurýardy. Biraz ynjalan Baýram beýleräk çekildi. Ertirbütin gijesini Gülnäziň ýanynda geçiren Selimeden: – Köşeşdimi?–diýip sorady. –Ýagşy. –Garbandymy? –Azajyk. Baýram biygtyýar gelniniň başyny söýünçli halda sypady. ...Gülnäz Ýarmuhammsdiň aşyny-suwuny berdi, degsin etdi. Bular üçin elbetde, Baýramdyr Selimägije-gündiz alkyş aýdýar. Garyp gyzyň doganyna beýlehormat etmägegüýji ýetmezdi. Çagalykdan zähmete werdiş daýhan gyzynyň dek oturasy gelmedi. Her günki baga gezelenç, nahar, onuň ýüregini gysdyrdy. Bir gezek içine sary gawun dograp, erikatyp, etsiztürkmen çorbasyny bişirdi. Tagam datlydy, asal gatylan ýalydy. Muny Baýram öwdi. Hindi aşpezleri weli, kemsindiler, Gülnäzden kine saklana meňzediler. Agşam Baýram-da Selimä biraz käýedi: –Tagamyň şirinligine gep ýok, ýöne Gülnäz meniň uýamdyr, hyzmatkär däldir. Çalaja gyzaran Selime soňra Gülnäze duýdurdy: – Gülnäz jan, aşpezler kyn görer, mundan beýläk nahar bişirme, olar şony edip, gün-güzeranyny dolandyrýarlar. Biraz oýlanan Gülnäz Selimäni mamla hasap etdi. Barybir, ol dek oturmady. Ýüň saýdy, soň hyzmatkäriň birine bazardan darakgetirdip darady. Muny gören Selime: – Näme etjek muny, Gülnäz jan?–diýip sorady. –Gyş ýetip gelýä. Baýram agama dolak dokajak. –Şäher häkimine dolak gyt däldir, Gülnäz jan. –Bilýän, ýöne öz elim bilen dokamak isleýän. Selime muny Baýrama aýtdy. Ep-esli wagt pikirlenen Baýram: –Degme. Görýän weli, Gülnäz işlemese, oňjak däl öýdýän– diýdi. Selime ýassy çemesi Gülnäziň otagyna bardy. Ol pyrlandyryp ik egirýärdi. Köşkde önüp-ösen Selime gelin-gyzlaryň bu hünärini oňarmaýanlygyny ýadyna salyp, çalaja gyzardy. Ol harby hünäre ökde, şygyr düzmegi başarýar, ik egirmegi, dokma dokamagy bilenok. Juda kemsinen Selime Gülnäze sowal berdi: –Baburyň kimdigini bilýäňmi? Gülnäz pyrlandyrýan igini sägindirmän jogap gaýtardy: – Patyşa bolupdyr diýýärler. –Onsoň? –Onsoňmy? Bilmedim. –Şahyr.– Selime ýene sowal bilen ýüzlendi: –Baýramyň şygyr düzýänligini bilýäňmi? Gülnäz bu gezek ik pyrlamasyny togtatdy, geň galýan şekilinde Selime bakdy: –Bilemok. Daýhan gyzynyň ýüzünde kemsinme alamaty görünmedi, yhlas bilen igini pyrlandyrdy. Selime, eýsem Gülnäziň sowatsyzdygyny bilmeýärmi? Bilýär. Onda näme beýle sowallary berýär? Kemsindirmek üçinmi? Ýok. Belki, özünde bar ukybyň Gülnäzde ýoklugyny bildirmek üçindir? Şeýledir. Selime gyzyň ünsüni ýene-deözüne çekdi: – Gülnäz jan... –Näme gelneje? –Sen-ä, maňa el hünärini öwret, menem saňa okap–ýazmagy öwredeýin. – Bu başa bararmyka? – Nämeüçin, başa barman? –Şazada gelne ýüň çaňyna bulaşmak gelişmez, daýhan gyzynyň eline-de ak kagyz. –Mundan gep bolmaz, Gülnäzjan... GARA BÜRGÜT Tämiz gar sallanjyrap ýöreýän Selimäniň ädimlerini ýadyňa salyp, näziklik bilen asmandan ýere düşýärdi. Daglaryň başy, ýol-ýodalar Baýramyň şygyr ýazýan ak kagyzyna meňzeýärdi. Howa maýyldy. Baýramyňbölek atly bilen Gandagardan çykanyna indi üçünji gündi. Pesejik baýryň eteginde gurlan çadyrlar, günorta tarap akyp ýatan derýajyk ep-esli daşlykda galdy. At toýnaklary häzir myžžarmadyk gum gatyşykly gar syçradýardy, çala bildirýän dag ýodajygy egrem-bugramlanyp, uzalyp ýatyrdy. Öňden barýan Baýram: «Gar–tämizligiň nyşany, ol özüniňaklygy bilen gara tegmillerem ýuwýar» diýip oýlandy, emma basym kalbyna ýene ynjalyksyzlyk ornaşdy. «Eýsem Gara Bürgüt nirede gizlenýärkä? Şu dagdadyr. Merdanlaryň mesgenidir bu daglar. Gara Bürgüdiň kerwen talap ýörmesine nähili düşünmeli? Galtamanmy? Onda nä çopan-çolugyň malyna degenok. Obalara ot berenok? Gaýtmazynyňöňki güni-de bir goja özüni zordan kabulhana atdy. Ol: «Gara Bürgüt kerwenimizi talady. Adamlary tutup, alyp galdy» diýdi. Diýmek, garryny bilgeşleýin sypdyrandyr. Gören-eşideniňi habar ber diýip». Ýodajyk dag etegine öwrüm berdi. Edil şol mahalam allaowarradan atylan peýkam Baýramyň öňjagazyna çümdi. Jamal atdan syçrap düşüp, ujundaky kagyzy Baýrama uzatdy. Häkim içinden okady: «Baýram han, ýekme-ýek söweşmäge orta çyk. Gara Bürgüt». Seňrikmengaýanyň aňyrsyndan bir atly çykdy. Baýram Jamala: «Siz saklanyň» diýip, onuňöňünden ýöneldi. Garşydaşlarorta ýolda sataşdylar. Baýram oňa gözaýlady, şol bada-da sussy basyljak ýaly boldy. Atyň üstündeki ynamly oturan pil kimindi, göwresiniň läheňligi Ýarmuhammedi ýadyňa salýardy. Egninde hytaýlylaryň demir sowudy, telpegi bardy. Gözleri awuna hüjüm etjek möjegiňki ýaly gazaply ýaldyraýardy. Ol gylyjyny gynyndan çykardy. Baýram ilki hüjüm etdi. Gylyçlar howada şarkyldady. Atlar çarpaýa galdy, öňe-yza çekildi, ýöne bu çaknyşyk uzaga çekmedi. Garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy: duşmanyň gylyjy döwüldi. Ol göz açyp-ýumasy salym içinde elinde galan ýarpy gylyja ahmyrly seretdi-de, dişlerini gyjap, birýana oklap goýberdi, soňra telpegini çykaryp başyny aşak egdi, hindiçe gepledi: – Kes. Baýram han, seňki şowuna. Ony owgandyr öýdüp ýören Baýram han hindiçe gepleýşine biraz geňirgendi, gylyjynyzyňdy, atdan syçrap düşdi. – Göwnüňde arman galmasyn, gel, hanjarly söweşeli – Öz gezeginde garşydaşy-da oňa mölerilip äňetdi. Elbetde, ol Baýramyň hindi dilinde arassa jogap berşine geňirgenendir. – Ýok, barybir, meniňki şowuna bolmaz. Gorky ýadyma düşenok weli onda-da injigim saňňyldaýanyny duýýan.–Duşman hanjaryny beýleräk oklady. Baýram-da şeýtdi. Muny gören duşman sadap ýaly jowur ak dişlerini görkezip, ýyrşardy. –Taňry salamyny alsaň, salam berdik saňa Baýram han. –Taňry salamyna uly sarpa goýýar biziňtürkmenler. Olar ganlysynyňam salamyny alýarlar. Ýap-ýaňyja-da duşman bolupduran iki pyýada könetanyşlarýaly gadyrly görüşdiler. Baram han: –Oýunçy utulanyny bilse ýagşy-da diýýä köneler– diýip, beýle uly howpuň aňsat sowulanyna begenjini gizlemän şadyýanlyk bilen aýtdy Gara Bürgüt. – Gel, indi bu gürrüňi goýaly, myhmanym bol– diýdi-de, mähnet elini Baýramyň egninde goýdy. –Nökerlerimi näderis? –Olary-da çagyr! Baýram atlylaryna elini salgady. Olar bäri ýöneldiler. Seňrikmen gaýanyň aňyrsynda gizlenen ýüze golaý nöker Gara Bürgüdiň duşmany bilen söwer dosty kimin gujaklaşybrak gelýänini görüp aňk-taňk boldular. Olara golaý gelende Gara Bürgut: – Bürgütlerim! Gara Bürgüdiň dünýäde çekinýäni bir Baýram handy. Şu günden beýläk ol meniň dostum. Myhmany hezzetlemäge taýýarlanyň!– diýip, gygyryp gepledi. Atlylar şobada yzyna öwrüldiler. Asyl Gara Bürgüdiň höwürtgesi daşda däl eken. Baýram dagy bu ýere çalt geldiler. Hatar gurlan çadyrlaryň arasy toý şagalaňyny ýadyňa salýardy. Goýry tüsseasmana galyp, kim dowar öldürýärdi, kim gazan atarýardy, saza goşup, tekçäniň üstünde gamak ýaly pyrlanyp bir ýaş ýigit tans edýärdi. Baýram han bilen Gara Bürgütçadyryň içinde ikiçäk galdylar. Basym orta gowrulan et, şerap getirildi. Iýip oturyşlaryna Baýram Gara Bürgüdesowal berdi: – Çyn adyň kim? –Kalýanmal Şankar. Gara Bürgüttahallusym. Özümem Deliden. – Bu ýerde kerwan talap ýörmegiňe nähili düşünmeli? Kalýanmal Şankar şerap içmekden derlän şar gara ýüzüni süpürdi, ýanýan oda ep-esli sersdip, böwrüni diňledi, soňuludan dem alyp jogap gaýtardy: – Men baý sethiň10ogludym. Şer şa Delini basyp alanda şäherde ýokdum. Kakamyň altyn-kümşüniň känligini belet sethiniň biri ol haramzada şugullapdyr. Onsoň Şer şa kakamy çagyrypdyr, emma altyn-kümüşi gizlen ýerini aýtmandyr. Ony şo bada öldürdipdir, tohum-tijimizem gyrdyrypdyr. Şer şadan närazylary toplap, ganymy aljak bolup, köp kowalaşdym. Başarmadym. Eşidişiň ýaly, sethiler dönük bolýar, şol sebäpli, olaryň kerwenlerini talaýaryn. Ara ýowuz dymyşlyk düşüp, diňe odunyň şatyrdap ýanyşy eşidildi. Bugarypduran palaw getirildi, hatdaonuňiçinde käşiri-de bardy. «Gyşyň güni käşirem tapypdyr, han ýaşaýşyndan kem däl» diýip, oýlanan Baýram, söhbetdeşine ýene sowal bilen ýüzlendi: –Şer şadan güýjüň pesdigini bilip, bize näme goşulmadyň? –Öň bir gezek aldandym, onsoň ýene duzaga düşerin öýtdüm. Bu şeýle boldy: Ol mahal on-onki atlym bardy. Şu daglar mesgenimdi. Meni gözläp, bir owgan çopany geldi. Ol köp ýyllap magarajyň11goýnuny bakypdyr. Ahyrda hakyny soranda dürli bahana tapyp bermän, horlap goýberipdir. Çopan «hakymy alyp ber» diýip ýalbardy. Men magarajy tapdym hem-de çopanyň hakyny bermegini talap etdim. Magaraj meni güler ýüz bilen diňledi, çopanyň hakyny ertiriňözündeberjekligini aýtdy. Maňa dostbolmagy teklip etdi. Men razylaşdym. Ol munuň şanyna toý dabarasyny gurady. Gijäniň ýarysy geçende çopanyň ýetginjek ogly ylgap geldi-de: «Munuň adamlary kakamy öldürdi, seňem başyňy keserler, gaç» diýip gygyrdy. Elbetde, men magarajy şol bada gylyçdan geçirdim, çopanyňogluny-da alyp gaçdym. Ol häzirem atlylarymyňarasynda bar. Kalýanmal Şankar palawa elini ýetirdi. Baýram: –«Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer»diýýä biziň türkmenler–diýdi. –Hak aýdýarlar.–Gara Bürgüt şerapdan bogazyny ölläp, Baýrama ümledi. Ol başyny ýaýkady, gozganjyrap, Kalýanmal Şankaryň goçak gözlerine tiňkesini dikdi: – Mundan buýana näme etmekçi? –Söweşde injigi saňňyldandan galtaman başy çykmaz. Nökerlerime häzir rugsat berjek. Islän ýerine gidibersinder. Ýöne dünýäden armanly öterin, haramzada Şer şanyň başyny kesipbilmedim. –Ony bizem köp gözledik, edil ýere giren ýaly, tapmadyk. –Belki, şeýle bolsun! –Delä gitmekçimi? –Ýok. Indi o tarapa aýagym ädilenok. Çolarak obany agtarsamgerek. – Mende gulluk et, müňbaşy belleýin. –Sagbol, aýtdym-a, indi menden serdar bolmaz. –Belki, pul-mal kömegi gerekdir. –Ýok, sagbol! – Kalýanmal Şankar ýylgyrdy: –Sethilerden mazaly ýondum: bir halta golaý altyn-kümşüm bar. Onsoň-da, sethileri talanyma ýüregiňi çişirip ýörme. Olaryň näkesligi barada öňem gürrüň berdim. Ýene-de bir tymsal: Soňky talan kerwenimiň ýüki tirýek eken. Gös-göni Gandagar ilatyny zäherlemäge barýarlar. Ýogsam, gyşyň günem kerwen bormy?.. Adamlaryndan diňe bir gojany sypdyrdym. Ol garyp, çülpe çagalaram kän eken. –Garyp-gasara degeňokmy? –Aýdyp otyryn-a. –Hym. –Sada halkyň söýgüsiniň saňa uludygyna-da göz ýetirdim... Bir gezek uklap ýatyrkam, şygyrda ýalpa gözlerimi açdym. Gijäniň ýarynda başujumda eli paltaly nökerimiň biri dur. Gylyjymy garbap aldym, ýöne sägindim. –Gönüňden gel, öldürmekçidiňmi? –Hawa. –Serdaryňa el galdyrmaga näme mejbur etdi? –Baýram hany söweşmäge çagyrýaň. Oňa degme. Ol garyplaryň arkadagy. Tardy begiň penjesinden kakamy şo halas etdi. Barybir, ol ýaş ýigidi irden nökerlikden kowdum... Ynamym gaçdy. Bir howa dymdylar. Onsoň Baýram: – Ýogsa-da, meni näme üçin, tiz-tizden söweşmäge çagyrdyň?– diýipsorady. –Ýaňky söweşde seni ýeňsemem öldürmek maksadym ýokdy. Güýjümi synamak isledim. –Baraýmaly ekeniň-dä. –«Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer»diýýä siziň türkmenler. Täze dostlaryň ikisem hahaýlaşyp gülüşdiler. ...Kalýanmal Şankar daň bilen nökerlerine islän ýerlerine gitmäge rugsat berdi, emma olar pytraman, Baýramyň atlylarynyň arasynda galmaga göwnediler. Dostlar ýol aýrytda gujaklaşyp aýrylyşdylar. Baýram han Gandagara keýpi çaggeldi. Onuň säbäbi düşnüklidi. Ol ýolunda uly howp bolup keseren Gara Bürgütden aňsat dyndy, hatda arasyny sazlady. Öýde-de keýpi göterildi. Sebäbi Gülnäz düňküldäp, daşary-içeri girip-çykyp ýördi. Ol: «Dokan dolagym ýylyjakmy, aýagyň üşemedi gerek?» diýibem ýuwaşja sorady. Mazaly dem-dynjyny alansoň, Salyh Nyýazy geldi. Hal-ahwal soraşdy, soňra: – Giçlänimi, aýyplaşma, oglum–diýip, ýöwselledi. –Ýok, atam, gür bersene, esli mahal görşemizogam. Gyşaryp ýatan Baýram dikelip, gojanyňdillenmegine ýol arçady. Goja müýnlüräk görnüşde söze başlady: – Muny öňräk aýtmakçydym, döwlet işine gatyşmaga çekindim. –Aýdyber, atam. –Onda şeýle: Tardy begiň zyndana salanlarynyň aglabasy bigünä. Şolary boşat. –Döwletli maslahatyňa taňryýalkasyn, atam. Hökman boşadaryn. Goja: «Baýram han sözüni gaýdyp alaýmasyn» diýýän şekilli «Entejik otur, gümür-ýamyr edeli» diýenine-de gulak asman, aýagy ýeňläp, daş çykyp gitdi. Baýram weli, bu pikiriň öňräk, Tardy begi şäherden çykmaga mejbur eden mahaly kellesine gelmänligine utandy, hatda maňlaýy çygjardy. «Gojalardan hemişe öwrenip ýörmel-ow. Bularyň barlygyna-da şükür» diýip, süňňiýeňillik bilen oýlandy. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |