04:20 Kömek batyr | |
KÖMEK BATYR
Taryhy şahslar
Geçmişde ençeme batyr, pälwan we beýleki il içinde at-abraý alan adamlar ýaşap geçipdirler. Gyzyletrek etrabynyñ Madaw obasynda ýaşap geçen belli mirasgär ýazyjy Annatagan Nurgeldiýew şeýle adamlaryñ birnäçesiniñ durmuş ýollaryny öwrenip, materiallar toplap, köp sanly gymmatly edebi ýazgylary bize miras goýup gidipdir. www.kitapcy.ru saýty hem öz gezeginde şol hekaýatlaryñ birini okyjylaryñ dykgatyna ýetirýär. Kömek batyr hakynda, esasan, onuñ agtygy şu mahal 75 ýaşyndaky (1994 ý. -t.b.) Meret Atanepes oglundan we onuñ deñi-duş ýaşulylaryndan, beýleki agtyklaryndan, çowluklaryndan eşitdim. Kömek Hojamberdi ogly bir eneden ýalñyz. Üç aýalyndan sekiz ogul bolupdyr. Garaýagyz, burunlak, ortadan ýokary boýly, bir gözi beýlekisinden kiçeñräk eken. Onsoñ oña "Kömek kör" hem diýipdirler. Mekgä gidip, hajy bolupdyr. "Kömek hajy" lakamy-da bar. Ýöne Kömek batyr diýlişi has meşhurdyr. Ol 1850-nji ýylda eneden dogulýar. Günbatar ýomutlaryñ gysga agynyñ şirmämmetli tiresindendir. Has öñräk, Şirim şirmämmetli iki aýal alýar. Onuñ biriniñ yzyna çaga düşüp gelýär. Şirim: "Bu-da, maña kömejik bolar" diýip, adyna "Kömek" dakýar. Kömekden Mämmet, Mämmetden Hojamberdi, ondan hem Kömek batyr eneden dogulýar. Kömek batyryñ başdaş aýalynyñ ady Gurbantäçdir. Şeýle-de, ol günbatarda batyrlykda ýakasyny tanadan Diwana körüñ körekenidir. Ol dymma, hereketleri ýalta, ynanjañ, çaga häsiýetli, kiçi göwünli eken. Aşakda onuñ durmuşyndan käbir parçalary beýan edýäris. • BEDEWE MÜNMEK Gökleñ Nurgeldi täjiriñ kerweni Diwandere diýen ýerde oturan Hojamberdiniñ öýünde goş ýazdyrýar. Öý eýesi ýeke sygryny soýup, myhmanlary hezzetleýär. Ýañy murty taban ýetginjek Kömek sarç bedewiñ daşyndan aýlanýar. Dik boýun, almagöz, gamyşgulak at ony bendi edýär. Goly ýuka Hojaberdide at ýokdy. Onsoñ Kömegem at münüp görmändi. Bedew yşgy ýetginjegi jadylaýar. Kömek biygtyýar: - Atyña mündüräý - diýip, täjire ýalbarýar. Ol: - Mesdir, bi. Ýykar - diýýär. Özelenip duransoñ, dädesi Hojamberdem rugsat berýär. Kömek towsup, ata münüp, başyna goýberýär. Gözden ýitip, öwrülip gelende Nurgeldi täjir: - Irde-giçde senden adybelli adam çyksa gerek. Bu at baş bilenokdy. Tüweleme, sülmüredi geläýdi. Gökleñ iline aýak bassañ, meni sorap baraý - diýipdir. • AT-ÝARAG EDINIŞI Kömek batyr başda ýeñiýoluk bolupdyr. Maldan diñe ogşukly maýasy bar eken. Ol şonuñ bilen Kümüşdepeden, Jebelden duz getirip, dänä, mata çalşyp, gün-güzeranyny dolandyrypdyr. Bir gezek onuñ syrgyny göçmeli bolýar. Kömegiñ hemme goş-golamy maýa ýerleşýär. Ynha, Etrek derýasy, esrik ner kimin kükräp, hanasyna sygmajak bolýan şekilli. Goç Çetli köprüsinden geçmeli. Näme üçindir bugurçylar kürtdürýärler. Maýa öñe omzaýar. Muny gören Aýlan baýyñ baýry aýaly: - Öñbaşçy bolmak eneden dogma ýeke köre galypdyrmy? Derrew saklañ ony, yza geçsin - diýýär. Buýruk şol bada ýerine ýetirilýär. Jahyl Kömek dişini gysyp, sesini çykarmaýar. Göç Gurtluja diýen ýerde gonýar. Galtamanlar gije bugurçylary ogurlaýarlar. Ertir turup tükelleseler, on sekiz bugurçy kem, aglabasam Aýlan baýyñky eken. Nätanyş ýurtda galtamanlaryñ yzyndan kowmaga mal eýeleriniñ gaýraty çatmaýar. Aýlan baý Kömege barýar. Kömek dädesi rugsat berse, gitjekdigini aýdýar. Emma garyp gününe kaýyl Hojamberdi aga ýalñyz oglunyñ janyndan howatyrlanýar we ony öýe salyp, gapynyñ daş ýüzünde gyrkylykly saklaýar. Kömegiñ weli, at-ýarag edinesi gelip, içini it ýyrtýar. Ol muña pursat geldi hasap edýär hem-de tärimi galdyryp, ters tarapdan çykýar. Ol gije Nurgeldi täjiriñ öýüni sorap-idäp tapýar. Täjir şol mahallar Gürgeniñ Hajygowşan diýen ýerinde oturan eken. Kömek ýagdaýy beýan edýär. Nurgeldi: - Gazaply hanymyz bar. Çaý gaýnatmak üçin gijäniñ bu mahaly ot ýaksak, göwnüne güman gidip, ertir çagyrar. Antawçylary gije-gündiz timisgenişip ýörler - diýýär. Kömek çörekdir çal bilen garbanýar. Onsoñ täjir: - Han atlylary bugurçy getirdiler. Şolar ideýän mallaryñdyr. Sakçylydyr. Oýansa öldür, häzir degme. Men bugurçylary haýatdan çykaraýyn - diýip düşündirýär. Şeýdip, Kömek Nurgeldi täjiriñ ýardam bermeginde mallary yzyna getirýär. Aýlan baý sözünde tapylýar: at-ýarag, iki bugurçy berýär. Hojamberdi aga oglunyñ är ýumşuny bitirip, sag-aman gelenligi üçin gaharyny unudýar. Kömek soñra täjirlere ýene barýar. Bu gezek keýpine. Nurgeldi ony gökleñ hany Agaly hanyñ kabulhanasyna eltýär hem-de: - Han aga, bu ýigit ýomut, özem dostum - diýip aýdýar. Han Kömegi birhowa synlap: - Ýomut garyndaşyñ gözi-hä gowy däl. Ýurdy belet çaparyny edäýmesin? Onda-ha hökman gola düşer - diýip, betgüman bolýar. Nurgeldi berk aýdýar: - Şu adamdan zyýan çekseñ, girewine meni al, jezalandyr. Şeýdip, Kömwk gökleñleriñ arasynda ýaşamaga-da ynam gazanýar. • MISGINGYLYÇ ŞAHYRYÑ BATYRA BAGYŞLAN ŞYGRY Elbetde, o mahallar ganly çaknyşmalar ýygy-ýygydan bolupdyr. Kömek gökleñleriñ tarapynda durup, olar bilen duşmana garşy jeñde janyny gaýgyrmandyr. Şeýle çaknyşmalaryñ birinde Misgingylyjyñ inisi Nepesiñ atyna ok degip ölýär. Bular alty atly eken. Şolaryñ dördüsi Nepesiñ obadaşlary. Duşman güýji bu gezek rüstem gelýär. Olar golaýlaşýar. Nepesiñ obadaşlary gyssanyp, gaçýarlar. Nepes: "Taşlamañ" diýip gygyrýar, emma gulak asmaýarlar. Kömek atynyñ ýüzüni yza öwürýär. Nepes orta boýly, pişik kimin, çakgan eken. Towsanda atuñ beýlesine düşýär. Gaýtadan böküp, Kömegiñ atyna münýär. Şeýdip, bular oba sag-aman dolanýarlar. Öñem Kömegiñ merdana ýigitdigini bilýän şahyr Misgingylyç, inisini duşman penjesinden halas edenligini eşidip, ýüregi joşup, "Kömek batyr" diýen on ýedi bentden ybarat şygryny oña bagyşlaýar: Aslyñ ýomut, taýpañ akda mert ogly, Söýünhan ilinde şir, Kömek batyr. Daglarda aç arslan, çölde gurt ogly, Özgeler sençe ýok, ner, Kömek batyr. Münüpsiñ saýlama arap atlary, Amana getirýäñ duşman-itleri. Özüñe dost edip, ýakyn-ýatlary, Iñlis arzuw kylar, zor, Kömek batyr. Hindistan pili sen, dagyñ şamary, Il hormatlar, agyr goşun serdary, Gutarmarsyñ dogry gelen gandary, Çillemes esirik ner, Kömek batyr. Kömek batyr mätäc işin bitiren, Mätel galan pyýadany ataran. Her gerşine iner ýükün göteren, Gurbantäç dogana ýar, Kömek batyr. Gazan etse, döwi ýola getiren, Batyrlygyñ Görogludan ötüren, Dogan ýaly, biziñ ilde oturan, Durmuşyñ hözirin gör, Kömek batyr. Misgingylyç aýdar, Nepesim geldi, Ol dostuñ Nurgeldi, gadyryñ bildi. Öwlüýäler saña medetkär boldy, Hudaýa sygynyp, tur, Kömek batyr. - Galanlary ýadymyza düşenok. Ýaşulymyz (Atanepes Kömek ogly -A.N.) hemmesini ýatdan aýdardy. Ýazybam alaýmandyrys - diýşip, Kömek batyryñ agtyklary Meret aga we Gulmyrat Atanepes ogly başlaryny ökünçli ýaýkaýarlar. • SÖWEŞ MERDI SAÝLAÝAR Gyzylbaşlar uly güýç bilen gökleñlere ýöriş edýär. Gökleñ hany Agaly gyssanýar. Töweregindäki hanlara kömek sorap, çapar ýollaýar. Duşmany ýeñse, olara oljadan, ýer suwundan iki paý berjekliginem aýdýar. Gyssagara esli nöker ýygnanýar. Agaly han olary söweşe ruhlandyryp, söz sözleýär. Onsoñ uly gädigi saklamaga 100 urşujyny ýollaýar. Dag içinde duşman diñe şol tarapdan gelmeli. Galan nökerleri demirgazykdaky çeşmäniñ boýunda bukuda goýýar. Duşman golaýlanda garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykýar. Garşydaşlarynyñ kernaý-surnaýyndan, köplügunden howalasy basylan gädikdäkiler gaçýarlar. Bulary görüp, bukudakylar hem şeýdýärler. Gözsüz batyr Agaly han gädige ýeke özi gitmek isleýär. Şu pursat Kömek orta çykýar. Agaly han: "Ýomut, nirä gelýäñ, süsdürilip. Zenanlaryñ süýrelenok ahyry señ. Gal, bir özüm giderin" diýýär. Kömek: "Ýok, han aga, seniñ ýurduñ - meniñem ýurdum. Söweşde bile öleris" diýip, kesgin jogap berýär. Iki-üç ata ok ýükläp, tüpeñleri hem alýarlar. Gädigiñ sag tarapynda Agaly han, solunda hem Kömek bukuda ýatýar. Han: "Ilki men ataryn" diýip duýdurýar. Garaw görmän, saz-söhbetli gelýän duşmanyñ ýarpy çeni gädikden geçýär. Kömegem söweşe girişýär. Tüpeñler gyzanda çalşyrýarlar. Nireden atylýandygyny bilmedik duşman başdan aljyraýar. Söweşjeñ nyzam pytraýar, goh-galmagala öwrülýär. Her kim janyny halas etmegiñ ebeteýini gözleýär. Maslyklar münderlenip, gan dag daşlaryny boýaýar. Gyzma han ýerinden çykýar. Kömek gygyrýar: "Han aga, beýtme, gizlen!". Onýança duşman güllesi bu gaýduwsyz adamyñ çynar dek boýuny ýykýar. Kömek oña garşy ylgaýar. Sanalgy demi galan Agaly han: - Ýomut gardaşym, diri galsam, seni näme etjegimi bilýän - diýmäge ýetişýär. Ol Kömegiñ elinde jan berýär. Gaçan nökerler bary-ýogy iki batyryñ duşmany paýhynlaýandygyny görüp, öwrülipdirler. Olar häzir ýeñse berýän, duşmanyñ söbügini sydygrylaýarlar. Kömek Agaly hanyñ jesedinem jeñ meýdanyndan alyp çykýar. Şu pursat bir ýerden Kömegiñ ýanyna Nurgeldi täjir gelýär. Ol: "Duşmanyñ içine gideli" diýip, dostuna teklip edýär. Bular esli mahaldan çozanlaryñ obalaryna aralaşýarlar. Adam ganyny dökmän 36 düýe, 1000 goýun olja alyp, yzlaryna dolanypdyrlar. Gelenlerinde oljanyñ öz paýlaryna düşýänlerinden beýlesini jeñde gurban bolanlaryñ maşgalalaryna, garyp-gasarlara beripdirler. Nurgeldi Kömege: "Indi öz ýurduña git. Han öldi, oba batyry köpeler. Göribiñ biri atyp goýbär. Kiçijik gülläniñ merdanlaryñ hem ömür tanapyny kesýänligini özüñ gowy bilýäñ" diýýär. Dostunuñ maslahaty ýüregine jüñk bolan Kömek batyr 150 dowar, 18 düýe alyp, Etrek ýakasyna gaýdýar. "Ol oljanyñ köpüsini özi alypdyr" diýip yzyndan on-on bäş atly kowýar. Kömek ýolda birine myhman bolýar. Ýañy çaý içende daş çykan aýal ärine "Bölek atly gelýär" diýip habar berýär. Kömek olary daş çykaryp, ýeke özi öýde galýar. Atlylar: "Batyr, daş çyk, oljany ber" diýşip, golaý gelenlerinde ýerli-ýerden haýkyryşýarlar. Kömek: "Söweş mahaly niredediñiz? Bu günem... päheý, eşegatalylar... gozganmañ" diýip, jogap berýär. Atlylar sesiñ öýüñ haýsy tarapyndan çykýanlygyny añşyrmandyrlar. Onsoñ Kömegiñ tükgerdäýmeginden heder edip, yzlaryna öwrülipdirler. Batyr öz ýurduna gelýär. • OGLANJYK Kömek öz ýurdunda - Etrek ýakalarynda hemişelik ornaşýar. Olja paýynam dilegçilere, garyp-gasarlara berişdirýär. Umuman, ol "bu günlügini tapsa; ertirligini gaýgy etmeýän" goç ýigitleriñ hilinden eken. Ejize arka durmak, esasy ýörelgesi. Bir gezek on-onki ýaşly oglanjygyñ dädesi nähak öldürilýär. Bu wakany aýdyp beren Meret aga we beýleki belet gojalar oglanjygyñ adyny, kimiñ ogludygyny ýada salyp bilmediler. Ýöne ol düwünçi tiresinden eken. Ejesi dädesiniñ ganly eşigini çuwala salyp goýýar. Bir gün oglan ony görýär, birahatlanyp, "Bu näme?" diýip, 83 ýaşly atasyndan soraýar. Goja çydaman, gandaryny salgy berýär. Oglan attorbany boýnundan asyp, içine ýarag salýar we duşman syrgynyna tarap ugraýar. Atasy köp ýalbarýar: "Gitme, oglum, ýekesiñ. Olar güýçli. Hudaý alar arymyzy" diýýär. Ol gulak asmaýar. Çatmanyñ ýeñsesinden duşmanyny atýar. Basym yzan-çuwanlyk başlanýar. Atasy gaçyp öýe gelen agtygyna: "Oglum, Kömek batyra baraly. Başga hiç kim seni gorap bilmez" diýipdir. Şeýdip, olar Kömegi penalaýarlar. Esli mahaldan oglanjygy idäp, çozup gelýärler. Batyr: - Oglanda günä ýok. Onuñ üçin iñ soñky damja ganyma çenli söweşerin. Yzyñyza dolanyñ! - diýip, aýgytly aýdýar. Gelenler batyra depirinip bilmeýärler. • ARABA Akgalaly Täjir Hajy Kümmethowuzdan haryt getirip, söwda edipdir. Soñabaka kerwen gatnadypdyr. Bu 1917-1918-nji ýyllaryñ sepgidinde eken. Şol mahallar Gyzyletregiñ Akýaýla obasyndan Gazak batragyñ ogly Atgetir diýen ýigit ata çykypdyr. Ol özi ýaly ýeñiýolukdan az-owlak atly toplapdyr. Bir sapar gatnaw ýoly saklap, Täjir Hajynyñ kerwenini talapdyr. Ýükli arabany boşadypdyrlar. Kerwende täjiriñ ýaş ogly bar eken. Kömek batyr şol wagtlar Inçeburnyñ günortasynda Alçakgyzyldepe öri meýdanynda ýaýlapdyr. Onuñ ogly Atanepes, ýoldaşy Orazgurban Esen goýun bakyp ýörkäler bu talañçylygy görýärler we arabany öýe getirýärler. Kerweniñ talanandygyny täjire habar berenlerinde ol: "Munda Kömegiñ eli bardyr. Atgetiriñ ýeke özi başarmaz" diýýär hem-de Kömegiñ üstüne çozmak üçin taýýarlyk görüp ugraýar. Kömek ondan bihabar arabany Täjir Haja gowşurýar. Mekir täjir ilki diwana eşikli birini batyryñ obasyna içaly edip iberýär. Ol Kömegiñ ýagdaýyny bilip, dolanýar. Ýöne batyryñ-da Täjir Hajynyñ obasynda bir dosty bolupdyr. Şol örän gizlin halda gelip: "Täjir bir topar atly ýygnady. Şu gije obaña çozjak" diýip, edil wagtynda habar berýär. Kömek juda howlukmaç taýýarlanýar, öýleri çözdürip, buky ýerlere eltdirýär. Mallary hem şeýtdirýär. Ýardam bermeklerini sorap, Akýaýla çapar ýollaýar. Duşmanyñ güýji agdyk. Batyr şu gezek gyssanypdyr. Ol baýry aýaly Gurbantäje: - Ýeñläýsek aýallaryñ ýekejesem duşman penjesine diri düşmesin - diýip, berk tabşyrýar. Ynha, jeñ meýdany. Duşman bularyñ daşyny gabaýar. Atyşyk başlanýar. Kömek batyr gelmişekleriñ tüpeñleriniñ azdygyny, aglaba gyrkylyk, taýak bilen ýaraglanandyklaryny saýgarýar, ýüregi düşüşýär. Ýöne duşman tarap arany has ýygjamlaýar we Kömegiñ Weli şagal atly nökerine gülle degip ýaralaýar. Berk goranylýar, emma basym ok gutarýar. Kömek ogly gögele Injiri ok getirmäge öýe iberýär. ...Daljygan atyny zordan saklan Injir başda gepläp bilmeýär. Ejesi Gurbantäç elewreýär: - Bala, dädeñe... dädeñe... bir zat boldumy? Injir bu gezegem sesini çykarmaýar. Adybelli Diwana körüñ aýal doganynyñ gany depesine urýar, gözleri ot dek lowlaýar. - Geple, gurtdan diñe gurt çagasy dogýandyr... Ejesiniñ aýylganç sesine oglan özüni dürseýär: - Ok... ok... gutardy, eje. Gurbantäç tizden-tizden ok berýär. Injir gelende Kömek goranyşdan hüjüme geçmegi ýüregine düwýär hem-de: "Ýigitler, öñe!' diýip gygyrýar. Kömegiñ hüjümi garşydaşlaryny birbada aljyradýar. Güýçleriniñ rüstemdiklerine buýsanansoñlar olar beýle öwrüme garaşmandyrlar. Şol pursat Atgetiriñ ýolbaşçylygynda akýaýlalylar duşmanyñ daşyndan çozýarlar. Halkalaýyn gabalanlar gabawy böwsüp başly-barat gaçyp ugraýarlar. Dañ atyp, jahan ýagtylanýar. Yhlasyna ynamsyzlyk eden täjir bilen ýekme-ýek söweşmegi ýüregine düwen batyr ony saýgarýar. Atynyñ başyny şol tarapa öwürýär. Ala garga kimin hüşgär täjir muny añyp gaçýar. Kömek atyp, ony ýaralaýar. Soñra duşmanyñ söbügini sydyrgylap barýan ýigitlerini gygyryp saklaýar we "Kowmañ, olaryñ köpüsi bigünädir, täjiriñ yzyna düşüp gaýdandyr. Nähak gan dökmäñ, dolanalyñ" diýip, buýruk berýär. Şeýdip, bolaýmaly uly gandöküşligiñ öñi alynýar. • AK KEJEBE Esengulyly biri Kömek batyryñ obasynda guda bolýar. Sähetlu gün ak kejebe gelýär. Ýaşulylaryñ aýtmagyna görä, şeýtan ara düşüp, gudaçylyk bozulýar. Kejebe gelinsiz öwrülmeli. Bu habar Kömege ýetýär. Ol: - Kömegiñ obasyna gelip, ak kejebe yzyna boş gitmesin, ýaman ada galmalyñ - diýip, gyzy Hanymy öwezine berip goýberýär. Häzir Türkmensährada Hanymdan bolan nebereler ýaşaýarlar. Madawda hem biri - Geñkik eje golaýda (1994 ý. -t.b.) 84 ýaşda arada çykdy. Kömek gyz agtygy Geñligi ogul agtygy Annahana çatýar. Bularyñ gyzy Nurjan şu wagt Madaw obasynda ýaşaýar. Ol Kömegiñ beýleki bir agtygy Igdir Injirowyñ aýaly. • ŞERT Kömek göçüp-gonup ýören çarwa. Görkli diýen ýerde otyrka, galtamanlar onuñ obasynyñ ýigrimi düýesini kowup äkidýärler. Muny Kömege aýdýarlar. Ol gyssagara alty atly bolup kowýar. Düýe yzlary Sumbar derýasynyñ Igdirolum diýen ýerinden geçýär. Ýetebilmeýärler. Dañ agarýar. Hol-ha, küren oba görünýär. Bulary görüp çozýarlar. Güýji az Kömek dagy yzyna gaýdýarlar. Kömegiñ aýal dogany Enekäniñ adamsy Esen Çeñkäniñ aty ýaramaýar. Batyr körekenine: "Atyma mün!" diýip gygyrýar. Emma Esen etmän, dagyñ bekine dyrmaşýar. Kömek ony tizden gözden ýitirýär. Bir gara atly Eseniñ yzyndan ilki kowup ýetýär. Esen öwrülip duşmany pyçaklaýar. Ol ölmeýär. Onýança beýlekiler ýetişip, ony güpbasdy edýärler. Esen ýesir düşýär. Ony oba getirip, aýagyna zynjyr urýarlar, degirmen üwedýärler. Ýesir hemme sütemlere çydaýar. ...Dört atly Görklä barýar. Kömek oba barmakdan çekinýär, sebäbi Eseniñ ýesir düşenligine namys edýär. Baranlar Kömegiñ öwredişi ýaly, Eseniñ ejesi Ýüpege: "Esendir Kömek duşman penjesine düşdi" diýýärler. Ol Kömegiñ duşman penjesindeligine ynanmaýanlygyny açyk aýdýar. Ýeke ogluny zarlap: Alaý bolduñ, ogul boý, Bulaý bolduñ, ogul boý, Bile giden nökerleñ, Heleý boldy, ogul boý. - diýip bozlaýar. Erjel Kömek Eseni halas etmegiñ dürli ýollaryby agtarýar. Elbetde, ol oba gelip, ýigit toplap, çozubam biljek. Ýöne batyryñ gan döküşlige ýol beresi gelenok. Ahyry Gökjäniñ dagynyñ günortasynda Ak bent atly ýerde abraýly araçy, ahun hojanyñ barlygyny eşidýär. Şona barýar, gürleşýär: - Git-de, gör. Yzyna satjak bolsalar, bahasyny bil. Hoja gidýär. Iki-üç günden öwrülip gelýär. Ol: - Esen diri - diýip, mälim edýär we duşman şertinem aýdýar. - Aman şahlynyñ atyny we kyrk tylla soraýarlar. Şert ýowuz we agyrdy. Şol wagtlar Aman şahlynyñ aty toýnaklyny öñüne geçirmeýän eken. Munuñ eýesi razylaşaýsa... Kömek obasyna gelip, kyrk tyllany ýygnaýar. Soñra Aman şahlydan atyny soraýar. Ol: - Batyr, aty baýtal dogurýar. O hili derde ýarasa äkit - diýip, mertlerçe jogap berýär. Basym aty, kyrk tyllany eltip, Eseni oba getirýär. Esli mahal geçýär. Galtamanlar ýene Kömegiñ obasynyñ düýesini sürýärler. Bu gezek ýetip, mallary dolaýarlar, galtamanyñ birini ýesirem alýarlar. Beýlekisi gaçyp gidýär. Köp wagt geçmänkä, ýesiri boşatmaklaryny sorap, Kömege töwella gelýärler. Olar Eseni tutup, at hem-de kyrk tylla alan obadan eken. Kömek: - Birinji şert: ogurlygyñyzy bea ediñ. Ikinjisi: iñ ýüwrük atyñyzy hem-de kyrk tylla getiriñ - diýýär. Şert berjaý edilýär. Kömek aty Aman şahla gowşurýar. Karzdarlaryna hem kyrk tyllany berip, üzlüşýär. • JEMLEME DEREGINE Kömek batyryñ dürli künjeklerde dostlary bolupdyr. Şolaryñ biri hywaly Mollaorazdyr. Ol rewolýusion pikirli adam eken. Hywada yzarlananda Etrek ýakasyna gaçyp, Kömek batyry penalaýar. "Bolşewik-menşewik" döwründe Kömek "garyp-gasarlaryñ hökümeti" diýensoñlar, Sowetleriñ tarapynda bolupdyr. Ol Madaw obasynyñ Işanguly diýen ýerinde, 1937-nji ýylyñ başynda 87 ýaşyñ içinde aradan çykýar. Onuñ häzir 150-ä golaý ogul neberesi bar. Dürli kärde zähmet çekýärler. Çowluklary Gurbanýaz, Amanýaz, Rejepýaz, Öre Maşalowlar öz serişdelerine Madaw obasynda metjit saldyrdylar. Şol metjide hem Kömek hajynyñ adyny dakdylar. Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |