16:21 Şaguly ussa | |
ŞAGULY USSA
Taryhy şahslar
Günbatar Türkmenistanda we Türkmensährada giñden tanalýan meşhur ussa Şaguly ýomutlaryñ uzynagynyñ sakawy tiresinden bolan Berdiniñ ikinji ogludyr. Onuñ iki aýalyndan on üç perzendi bolupdyr. Goşahyr diýen ýerde önüp-ösüpdir. Şaguly pyçak, çakgy, tüñçe, tüpeñ, tagan, aw tutulýan gapan, gyrkylyk hem-de aýal-gyzlar üçin nepis şaý-sepleri ýazapdyr. Ýöne onuñ adyny arşa çykaran suw we ýel degirmenini gurmagydyr. 1923-nji ýylyñ ahyrlarynda Ahaldan biri onuñ öýüne myhman gelýär. Ol ýel degirmeniniñ şekilini aýdyp berýär. Bu ussanyñ kalbyny gozgalaña salýar. Myhmanyny ugradansoñ daga gidýär. Daşlary synlaýar. Ilki dädesinden miras galan käriziñ boýunda suw degirmenini gurýar. Alty müñ düýp erik, 150 düýp igde ýetişdirýär, gawun-garpyz ekýär. Miweleriñ datly tagamy agzyndan gitmedik gojalaryñ şindi-şindem ony ýatlaýany tapylýar. Şol mahallar günbatarda un üwetmek uly hyllallady. Harazlar ýokdy. Ilat kerwen gurap, dänelerini uzak ýerlere äkidýärdi. Şaguly ussa halky bu derdeserden dyndarýar. Ol Däneatanyñ birki kilometr demirgazygynda ýel degirmeni üçin ýer bejerýär. Ýel degirmeni üçin ýer bejerýär. Ýel degirmeniniñ görnüşi silindr şekilinde bolupdyr. Agramy iki tonnadan geçýän bir metr galyñlykdaky daşy dagdan getiripdirler. ■ Ony dagdan nädip getirdilerkä? Bu sowala ussanyñ ogly, sekiz onlugy külterlän Täçguly aga: - Şon-a, bizem bilemzok. Öz-ä gaty geñ - diýip, jogap berýär. Binýadynyñ diametri 6 metre, diwarynyñ giñligi 60 santimetre ýetipdir. Beýikligi bolsa 22 metre barabardyr. Oña 4 ganatly, aýlanyp durýan, uzynlygy 2 metre golaý çarh ýasapdyr. Şol çarh ýel haýsy tarapdan össe, degirmeni işledipdir. Ýel güýçli össe, çarh çalt aýlanjak. Onsoñ tilsim bilen, belli bir tizlikde aýlanar ýaly edipdir. Aýdaly, bir adam bugdaýyny üwetdi, oña ýarma gerek. Nätmeli? Ussa oñam tärini tapypdyr. Çeýe ýüpüñ düwünjikleri bolup, ony birinden beýlekisine ryçagyñ kömegi bilen geçirseñ, degirmen daşlarynyñ arasy çalaja açylýar. Ynha, onsoñ ýarmañy alyber. Jöwendir tüwini döwmegem oñarypdyr. Ussa basym juwaz bilen künji ýagyny almagam ýola goýupdyr. Märekäniñ ugry Däneata gönügipdir. Ussanyñ öýüniñ gelim-gidimi köpelipdir. Daşdan gelenleriñ myhman ýeri bolmasa, göni ussanyñ öýüne düşüpdirler. Ussanyñ aýaly Ogulbibi zordan hyzmat edip ýetişipdir, ýöne gaşyny çytmandyr. Bir gün Şaguly ussa: - Rugsat berseñ, Türkmensähra gitjek. Üç aýdan köp eglenmerin. Hünärimi görkezsem hem-de saña kömekçi gözlesem - diýýär. Ogulbibi razylaşýar. ■ Kümmethowuzda Ol Kümmethowza barýar. Bir uly kepbäniñ deñinden geçip barýarka, jarkyldy, tañk-tuñk sesleri eşidýär. Sowlup, içeri girýär. Bu ussahana eken. Ençeme ussa garader bolşup, işleşip otyrlar eken. Olar keseki biriniñ geleninem añşyrmandyrlar. Ahyry orta boýly, ak ýüzli, garynlagrak kişä ussabaşy parsyñ gözi düşýär. Madyrdap, Şaguly ussanyñ ýanyna gelip, habar gatýar. Munuñ ussadygyny derrew bilýärler. Ussalara at nallaryny ýasamak, bejermek buýrulan eken. Ussalarbaşy öz ussalarynyñ oñarmadyk 4-5 nalyny Şagulynyñ eline tutdurýar. Birhaýukdan nallar taýyn bolýar. Aperin! At nallarynam beýle owadan hem nepis bejerse boljak eken! Ussabaşy Şagulynyñ daşyndan aýlanyberýär. Beýlekiler bolsa, myhman ussa gözügidijilik bilen seredýärler. Ol şol günüñ özünde demirçu ussalyga işe alynýar. Basym şäher häkimi ussahana gelýär. Ol Şaguly ussa at göwüsbendini ýasamagy tabşyrýar. Taýyn bolanda eltip berýärler. Şol wagt häkimiñ öýünde Owganystandan gelen baý täjir bar eken. Bular at göwüsbendiniñ owadan hem pugta ýasalyşyna kellerini ýaýkap, esli mahal oturypdyrlar. Myhmanam gitmänkä, aty üçin birini ýasamagy tabşyrypdyr. Şaguly ussa onuñam islegini berjaý edipdir. Şundan soñ däneataly ussanyñ abraýy has-da galýar. Indi atly-abraýly emeldarlar, baýlar, täjirler Şaguly ussa dürli zatlary ýasatmak üçin nobata durýarlar. Bir gün Şaguly ussa hasap edip görse, sanalgyja wagty galypdyr. Ol häkimin kabulhanasyna baryp, ýurduna gitmäge rugsat soraýar. Häkim hiç zada zar etmejekligine söz berip, oña ussahanasynda galmagy teklip edýär. Ussa gitmehi berk ýüregine düwenligini aýdýar. Häkim hyzmatlary üçin usssa gaýta-gaýra minnetdarlyk bildirýär hem-de gerek zadyny aýtmagy soraýar. Ussa ýekeje haýyşyny mälim edýär. Häkim ony Gurbanberdi atly hoja gyzyna öýlendirip goýberýär. Şaguly ussa menzil-menzil aşyp, Däneta geleninden iki gün geçensoñ, Gurbanbibi agyr syrkawlaýar, endam-jany çişýär. Dogan-garyndaşy alysda galan ýalñyz naçaryñ ýagdaýy ussany-da, Ogulbibi ejäni-de uly alada goýýar. Ýöne edil şol pursat ady belli tebip, Garagul keri däne üwetmäge gelýär. Syrkawy oña görkezýärler. Ol ýaýykda ýaýylyp, üstünden bir ýyl geçen sary ýagy tapdyrýar. Syrkawyñ kellesini kölegede goýup, göwresini günde ýatyrýar. Ýagy kellesinden başga ýerine çalýar, syrkawyñ endamyndan sary suw çykyp, gara der bolýar. Gurbanbini iki-üç günden sagalyp, aýak üstüne galýar. Ol on dört ýaşynda eken. Ogullary Hojaberdi, Hojadurdy häzir Türkmensähranyñ Bibişirwan obasynda ýaşaýar. Hojaberdi tüpeñi dagy elektrik togy arkaly ýasaýar. Ýeri gelende, Şaguly ussanyñ ýasan kyrk dilli çakgysy barada kelam agyz söz. Muny öñräk eşidipdim, emma anyklamak başartman ýördi. Rowaýata ýakyn gürrüñlerem bar. ■ Gören barmy, şol täsin çakgyny?.. Golaýda ussanyñ Gumdagda ýaşaýan agtygy Rahym Şükür ogly bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Men kyrk dilli çakgy hakynda soradym. Ol: - Hä, ony göremok. Ýöne gumdagly Allaguly Dürli Mergen bilen dostlukly gatnaşykda eken. Bir gün dostuna myhman bolýar. Ady belli ussanyñ gelenligini eşidip, märeke üýşýär. Köpçülikde her hilisi bolýar. Olaryñ içinde göwnüýetmezçilik edýänleri-de tapylýar. Olar: - Oturan ýeriñde ussatlygyñy niçik delillendirjek? - diýen sowaly orta atýarlar. Öý eýesi muny ýokuş görýär. Ussa weli, äwmän goltuk jübüsinden kyrk dilli çakgysyny orta oklap: - Kin şu çakgynyñ ýekeje dilini açyp bilse, özüne bagyşlajak - diýýär. Çakgyby ilki bimazalar açmaga synanýarlar, soñra oturanlaryñ hemmesi. Gün ikindi ýerine barýar. Oñarmandylar. Olar ussadan çakgyny açyp bermegi haýyş edipdirler. Şaguly ussa çakgybyñ görer göze çala bildirip duran iññedenem inçe demirjigini çykarýar. Diller öz nobatyna açylyp başlaýar. Eger dördünji dili goýup, üstaşyr bäşinji dili açjak bolsañam başartmandyr. Hemmesi öz nobatyna açylypdyr. Ýapylanda hem şeýdipdir. Göwni ýetmeýänleriñ sesine suw guýlana dönüpdir. Ussa şol çakgyby dosty Dürli Mergene peşgeş beripdir. ■ Ussanyñ ömrüniñ soñky pursatlary Gazanjykda Sowet hökümeti berkarar edilýär. 1932-nji ýylyñ maý aýynda ussany raýkomuñ sekretarybyñ çagyrýandygyny aýdýarlar. Degirmenleriniñ fotosuratlaryny alýarlar. Tutha-tutlukdan gözüniñ ody alnan ussa: "Menem gapgarjaklar-ow" diýip pikirlenýär hem-de şol gijäniñ özünde Türkmensähra gönügýär. Ony alyp çykýarlar. Şaguly ussa onuñ özüne garyn ýagyny çigligine iýdirýär, pamyga peşewini siñdirip, içini arassalaýar. Soñra çille ýüpek bilen garnyby tikýär. Kelläni hem bejerýär: - Ýöne sag gözi kör boldy - diýip, bu wakanyñ şaýatlarynyñ biri, togsan ýaşa ser urup, ýogalan madawly Mämmet Musa ogly aýdardy. Şaguly ussa ýurduny zarlap, altmyş ýaşlarynyñ töwereginde, Türkmensähranyń Gyzyletrege örän golaý Teñli diýen ýerinde aradan çykypdyr. Men uly döwletiñ eýesi - 7 ogul, 5 gyzyñ dädesi gojalşan Täçguly Şaguly oglundan: - Ussanyñ halypasy kim bolupdyr? - diýip soradym. Ol endigine görä: - Allatagalanyñ özi onuñ gursagyna guýupdyr - diýip, gysgaça jogap berýär. Ýaşulynyñ ogullary dürli kärlerde işleýärler. Olaryñ jaý salýan ussa bolup ýetişenleri-de bar. Ýasan iklerini-de biri-biriniñkiden tapawutlandyrmak çetin. Şaguly ussanyñ Nury atly madawly inisiniñ palta bilen penjire, gapy, nagyşly telär, çakgy bilenem ik ýasaýşyny öz gözüm bilen görüpdim. Meşhur ussanyñ Dänetanyñ demirgazygynda guran harazynyñ iki-üç adam boýy diñleri häzirem bar. 1994 ý. Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |