14:02 Baýramyñ hakyky ady | |
BAÝRAMYÑ HAKYKY ADY
Publisistika
Şu gün Baýram güni... Eýse: Remezan baýramymy ýa Şeker baýramy? Aýdylyşyndan, "Remezan baýramy diýenler-ä, şu pikirdäkiler! Aýdylyşyndan, "Şeker baýramy" diýenlerem başga pikirdäkiler! Biri "öñdebaryjymyş, beýlekisi "yzagalakmyş", şeýlemi? Nähili samsyklaç syýasy çekişme temasy ekenaý bu? Şonsuzam biziñ iñ esasy kemçiligimiz medeni kodlaryñ üstünden hemişe özüñkini "dogry etjek" bolma gereksizligi dälmi? Ýogsam bolmasa, diller biri-birine dogan ahwetin! Hemmesiniñ düýbünde "bir atadan gaýdýan" söz bar: Ramadan... “Ar ramadân” - yslamyýetden öñ ulanylan söz. Araplaryñ iýul-awgust aýlaryna gabat gelýän aýa beren ady. Arap dilinde ramad "gury yssy" sözüniñ infinitiwidir. Şol bir etimologiýadan ibrany (köne jöhit dili) dilinde "remets" köz, yssy kül manysyny berýär… “Ramadan “rmd” köki Kuranda bir ýerde geçýär - “keramadin” - küle meñzeş manysynda. ("Ybraýym" süresi, 18-nji aýat). Has takygy, "ramadan" sözi ýok... Eýse, "şeker" sözünin etimologiki köki nähili? Sanskrit dilinde "arkar" (akkhar). B.e.öñ 500-nji ýyllardan başlap Hindistandan dünýä ýaýrady. Günbatar dillerine IX asyrda girdi. Ispaniýa-Andalus döwründe arap dilinde aralaşdy. Şonuñ üçinem bu söz biri-birine meñzeş: arap dilinde - sukker, iñlis dilinde - sugar, fransuz dilinde - sukre, nemes dilinde - zucker ýaly... Türk diline-de pars dilinden geçdi - şakar... Hawa, bu şatlykly güni - baýramy nähili atlandyrmaly? * * * Hezreti Muhammet (s.a.w) baýram namazyna gitmezinden öñem hurma iýýän eken. Ogullygy Hezreti Enes (r.a) şeýle gürrüñ berýär: "Resulalla baýramda birküç sany hurma iýmän namaza gitmezdi". Hurma wagtyñ geçmegi bilen "şeker" boldy. Orazanyñ gutarandygy mynasybetli bellenýän baýramda süýji nygmatlary iýmek sünnet boldy. Mysal üçin, osmanly köşgüniñ Remezan aýynda Ýanyçarlar gwardiýasyna süýji nygmatlary ugratmagy däbe öwrüldi. Ýagny, "Şeker baýramy" adyny birinji bolup ulananlar osmanlylardyr! Muny bilmeýän nadanlar, Atatürkdir respublikada ary "köýüp ýatanlar" şeýle diýdi: - Şeker baýramynyñ ady soñ toslanyp tapyldy. Muña-da şükür, "baýramlarymyzy gadagan etdiler" hem diýip bilerdiler! Bular ýaly taryhy temalaryñ gürrüñi "gulakdan eşitme" gepler bilen edilmeýär. “Remezan” we “şeker” sözüniñ etimologik gelip çykyşyny ýazdym. Baýramyñ adyna bolsa arap dilinde “idül-fıtr” ("Pitre baýramy") diýilýär. "Pitre baýramy" wagtyñ geçmegi bilen "sadakaýy-fitr" ("Agyz açma sadakasy") we ahyrsoñunda "Şükür baýramy" boldy. Şeýdibem "şükür" wagtyñ geçmegi bilen "şeker" sözi bilen ýerini çalyşdy! Baýramyñ birinji güni "Şewwal" aýyna gabat gelýändigi üçinem şewwal şekere öwrüldi! Arap ýarymadasynda bolsa, "Fitr baýramy" ("iýip-içme baýramy") diýilýär. Indoneziýa musulmanlary, “Hari Lebaran", malaýziýa musulmanlary “Hari Raýa Puasa, singapur musulmanlary “Hari Lebaran”, bangladeş musulmanlary “Rojar Eid", senegal musulmanlary “Korite” diýýär. Päkistany, Owganystany, Hindistany agzabam durjak däl, olaryñ hersi aýry at bilen tutýar. Iñ gowusy albanlar ýöne “Bajram” diýýärler. Dünýäde biziñ bilen birlikde diñe öñki Ýugoslawiýa ýurtlary häzirem “Ramazanski Bajram” diýýär… * * * “Baýram” sözi türkçemi? Türki diliñ ilkinji sözlügini ýazan Mahmyt Kaşgarly "Diwany lugat-et-türk" kitabynda “badram-beýnem” sözi hakda "bu sözüñ gelip çykyşyny bilemok, çünki bu sözi parslardan eşitdim" diýýär. Pars dilinde “bezram” sözi “bezmi-râm” sözünden gelip çykýar, manysy - “begenç güni” diýmek. Kimsiniñ pikiriçe bolsa, "baýram" türk sözi... Şular ýaly peýdasyz çekişmeleri dowam etdirmegiñ nämä geregi bar? - Kuranda "Remezan baýramy" diýip ýazlan ýeri barmy, ýok! - Hadysda barmy, ýok! Onda näme gep köpeldýärsiñiz? Hurafaçylar yslamy esasy mazmunyndan çykaryp şekilçilige düşürjek bolýar. Ha "Remezan baýramy" bolsun, ha "Şeker baýramy"... Ady näme bolanda näme... Bu mübärek baýram - hemmämiziñ baýramy... Adyny problema edip oturmagyñ hiç bir jähetden manysy ýok. Hemmeleriñ baýramy gutly bolsun... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |