14:52 Berim | |
BERIM
Goşgular
Berim gökden ýol ýasar, Berim çölden köl ýasar, Berim görse baş eger - Manaman, Kelet, Hasar. Güýji bar okeanyň, Güýji nä beg, şa, hanyň? Demir gala açylar, “Dünýä nurlar saçylar”. Ýöne weli birje zat — At-abraýyň gaçyrar. Onuň entek zory bar, Egsilmeýän gory bar. Gurşun guýar gulaga, Awy gatar bulaga. Gözüň ker, diliň laldyr, Çyn sözüň jyndyr, aldyr. Barsaň, gözi eliňde, Tupan weli seriňde. Müň gatnarsyň edara, Ýetebilmeň myrada. Ujun görse berimiň, Elter seni Hyrada. Bu ynsanyň pirimi, Däldir Hakdan erada. Soňy munuň zürýada, Sebäp bolar perýada. Berime tekge berene, Diýerin: “Haramzada”. 14.03.2023. | |
|
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Eý, Habybyňdan gelip, hamdyňda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |