BEÝIK KAGAN BILEN HOŞLAŞYK
“…Kakamyzyň, agamyzyň ýetişdiren halkynyň ady-sory ýok bolmasyn diýip, türkmen halky üçin tün (gije) uklamadym, gündiz oturmadym. Inim Kültegin bilen, iki şad (häkim) bilen, ölüp-ýitip gazandym. Şunça gazanyp (azap çekilip), birleşdirilen halky ot-suw ýaly biri-birine garşy etmedim…Ýalaňaç halky donly, ýoksul halky baý kyldym, az halky köp kyldym. Güýçli il-ýurdy, güýçli kagany bolanlardan hem ýokary etdim…”
“Kültegin hormatyna ýadygärlik”
… - Begim, matam çaparlary ähli uluslara gönderildi! Tagt begleri tagapyl edip, daş işikde size garaşýarlar!-diýip, Beýik Kaganyň şahsy janpenasy Barserkli, beglerbegi Ulug Gürgeniň hasratly ýalňyzlygyny bozmaga het etdi. Beglerbegi sesini çykarman baş atdy. Bu onuň “eşitdim, ötägit!” diýdigidi. Barserkli başyndaky silkme telpeginiň gözüne düşüp duran tüýlerini kellesini assaja silkip, seçeledi-de, gylyjyny gysymlap, Beýik Kaganyň ak öýünden çykdy.
Dokuz ganat ak öýüň töründe, nepis dokalan halylaryň üstünde, Keramatly Ötüken dagynyň halkynyň agzyny birikdirip, Beýik agasy Kültegin bilen bilelikde, bütin ömrüni Gök Deňriniň dinine uýýan, Göktürkmenleriň Mukaddes döwletini berkarar etmäge, ony içki we daşky howplardan aman saklap, mäkämligiň hem abadanlygyň mekanyna öwürmäge bagyşlan, Beýik Kagan Bilge han, edil dirilikdäki ýaly, daş bölegi deýin sarsman ýatyrdy. Göwnüňe bolmasa ol sähel salymdan gözlerini açyp, hemişekisi ýaly: “Alplar-alpy, ne beýle muňalyp otyrsyň, ondan-a gowusy, git-de, garawulbaşa Baş Gorganyň diwarlaryna aýlanyp, sakçylary barlamaga ygtybarly çemeleşmegi tabşyr!” diýäýjek ýaly bolup durdy.
Ulug Gürgen emaý bilen, aýalaryny degräýmän, Beýik Kaganyň ýüzüniň üstünden elini ýöretdi. Şol wagtam onuň eli biygtyýar titredi-de, aýasy Beýik Kaganyň giň maňlaýyna çalaja galtaşdy. Gowgaly ömrüniň bütin dowamynda hiç bir zatdan üýşenmän, heder etmän, wehim diýilýän ynsanyň ebedilik ýanýoldasynyň bogazyndan tutmaga endik eden beglerbegi, tutuş süňňi bilen gagşap, sandyrap gitdi. Köz degen dek, elini dessine çekip aldy-da, Beýik Kaganyň ukusyny bimaza edendigine ökünýändigini görkezmek üçin döşüne eltdi. Birdenem öňünde haýbatly sarsmazlygy bilen sop-sowuk bolup ýatan Beýik Kaganyň indi galtaşmany-beýlekini duýmaýandygy, onuň gaýdyp gözüni açmajakdygy hakyndaky ajy pikir onuň kalbyny daglap gitdi. Beglerbeginiň bogazy “lyk” doldy.
--Wah, Älemi sandyradan hökümdarym, indi şeýdip ýatmaly bolduňmy?! Sensiz Deňriniň döreden jahanynyň ähli apatlarynyň öňünde ýalňyz galyp biz näderis ahyry?!-diýip pyşyrdanda onuň gözünden togalanyp gaýdan bir damja gözýaş, ýaňagyndaky gylyç ýarasynyň yzynyň gapdaly bilen syrygyp, murtuna siňdi. Şondan soň hälden bäri, Beýik Kaganyň demi sogrulanyndan soňra ähli derwaýyş işleri ugrukdyryp, ejizligiň öňunde ýan bermedik beglerbegi, birhili gowşap gitdi. Ol hökümdarynyň aýaklaryny gujaklap, sessiz-sessiz, hamsygyp başlady. Öz hasratyna berlen wepadar beglerbeginiň gursagyna sygdyryp bilmän pyşyrdaýan sözleri bolsa, onuň gözlerinden yzy üzülmän syrygýan damjalara gatylyp-garylyp, han öýüniň alagaraňkylygynda eräp, ýitip gidýärdiler.
--Wah, hökümdarym, Kaganlyga göterilip, Kültegin adyny alan Bars beg, hökümdarymyzy Keramatly Deňri huzuryna çagyranynda ikimiziň hasratymyza döz gelmän asman ýere inip, ýagty jahany ýer hoparmyka öýdüpdik. Hökümdarym, seniň hasratyň gursagyňa sygmasa-da, Kültegin hormatyna bina kylan mukaddes daşlaryň ýazgylaryna sygdy. “Görer gözüm görmez boldy” diýip, hökümdarym, kalbyňy ýaryp çykan ýalynly sözleri tabgaç nakgaşlaryny getirip, daşa gyýdyrdyň. Seniň daşa nagyş eden ahy-nalaňy okap, külli Ötüken halky zarynlady. Beýik Kagan Bilge han, inisi Bars begiň agysyny aglanda, onuň ahy-nalasynyň daşyň ýüzüne nagyş bolandygy hakyndaky rowaýat Altyn dagyndan aşyp, Yrtyş derýasyna baryp ýetdi, ilerde Ýaşyl ügüz derýasyna, gaýrada Demirgapa baryp ýetdi. “Işini-güýjüni berip, munça kanun döredip, inim Kültegin şeýdip Taňra gerek boldy! Inim Kültegin Taňra gerek boldy! Özüm gynandym! Görer gözüm görmez dek, biler biligim (kesgir aňym) bilmez dek boldy. Özüm gynandym! Tükeniksiz döwürleri Taňry ýasapdyr, kişi ogullarynyň (adamzadyň) baryny bolsa başy ölümli döredipdir. Şunça gynandym! Gözden ýaş gelse sylyp, köňülden gaýgy gelse, ýanyp gynandym. Gaty gynandym! Iki şadyň başda durmagynda inilerimiň, oglanlarymyň, beglerimiň, halkymyň aglamakdan ýaňa gözi-gaşy ýaman bolar diýip gynandym.” Beýik hökümdarym, indi seniň öz agyňy aglap, şol sözleriňi gaýtalamaly boldy…
Beglerbegi şeýdip, merhum hökümdaryň dyzlaryna bagryny berip kän oturdy. Şol oturşyna-da özüniň Beýik Kagan hem-de onuň şöhratly inisi Bars beg bilen ilkinji gezek duşuşyşy, edil şu pursatda bolup geçýän ýaly gözleriniň öňünde janlandy.
…Onuň kakasy Ýüwe Ilteriş beg pahyr Enesaýyň kenaryndaky belent depäniň üstünde orun tutan, çaklaňja gorganyň kethudasydy. Görgüli zanny ýuwaş adam bolandygy sebäpli daş-töweregindäki gowgaly dünýäniň hiç bir zadyna gatyşmaýardy. Onuň durmuşy özüniň gorganynyň gündelik hysyrdylary, owunjak aladalary bilen doludy. Enesaýyň suwlarynyň ýüzi tomus aýlary rahatlyk hem endiganlyk bilen gaýmaklap durýardy. Ýüwe Ilteriş begiň bolsa özüniň-de, gorganynyň-da durmuşy ýylyň dört paslynyň dowamynda hem Enesaýyň suwlarynyň tomus aýlaryndaky bolşuna meňzeşdi. Ol wagtlar kiçijik Ulug hem ýagty jahanda öz gorganlarynyň parahat hem adaty durmuşyndan özge durmuşyň bardygyny bilmezdi. Ol ejesi-kakasynyň, alty agasy bilen bäş siňlisiniň arasynda, körpe perzent hökmünde, ýeke öýliniň horazy deýin eljiredilip saklanýardy. Ulug biçak bagtlydy. Emma günlerde bir gün…
Şol pajygaly günler hakydasyna gelende Ulug Gürgeniň ini tikenekläp gitdi. Onuň çaga döwründe başyndan geçiren eýmenç wakalary ýadyna salasy gelmedi. Emma welin, çöp sokulyp gorjalan ary köwegine dönen hakydasy oňa baş bermän, ony mähribanlaryndan aýra salan şol aýylganç günleri, ähli jikme-jikliginde dikeltmegini kesir özdiýenlilik bilen dowam etdirdi.
Enesaý ülkesine mahsus bolan sowuk güýz günleriniň birinde, ençeme menzil daşlykda ýerleşýän, serhetýaka gorganlaryň birinden Ýüwe Ilteriş begiň gorganyna: “Kytaňlar çozdy!” diýen gorkunç habar gelip ýetdi. Emma beýle-beýle howsalaly habarlara öwrendikli begem, gorganyň ýaşaýjylary hem üýtgeşik bir howsala düşmediler. “Gymyzdyr-aýrandan mes bolan, garakçy kytaňlaryň däli alamanydyr-da, sähralardan birdir ýarymdyr gylýal sürüsini oljalap, öz ýurtlaryna garşy garalaryny saýlarlar-la!” diýip arkaýynlyga saldylar. Sebäbi soňky otuz ýylyň dowamynda bu jelegaýlara äwüp-säwüp hem gollary ýaragly bigäneleriň atlarynyň toýnagy düşmändi. Şonuň üçin hem Ýüwe Ilteriş beg gorgandan menzil ýarym daşlykdaky garawuldepedäki günde çalşyp durýan saklawlaryna arkaýyn bolup, goňşy gorganlara habar ibermeg-ä beýle-de dursun, hatda öz gorganynyň diwarlarynda garawullary köpeltmegiň hem aladasyny etmedi. Şu arkaýynlyk hem Ýüwe Ilteriş begiň gorganynyň başyna ýetdi.
Birnäçe aty çalşyp münüp, düşlemezden-gonmazdan, at üstünde nahar edinip hem uklap, ummasyz aralyklary sanlyja günde geçip, özlerine garaşylmaýan ýerlerde duýdansyz peýda bolmagyň ussady bolan, maýmyn ýaly çalasyn kytaň atlylary daňa ýakyn garawuldepedäki bigam sakçylary assyrynlyk bilen ýoklap, Ýüwe Ilteriş begiň gorganynyň alkymynda at başyny çekdiler. Gele-gelmäne-de olaryň uzyn-uzyn peýkamlary öz gözleriniň görýän zatlaryna düýşüdir öýdüp, alasarmyk ukudan oýanyp bilmän, sermisal bolan, gorganyň garawullarynyň bir-iki sanysynyň gursagyndan sümdi. Gorganyň agaç diwarlarynyň haçjasynyň aňyrsynda gizlenmäge ýetişen garawullaryň biri gürzisi bilen galkanyna “gümpüldedip”, gorganyň ilatyny örüzýänçä bolsa, çalasyn kytaňlar, kementlerini oklap, gorganyň diwarlaryna dyrmaşyp başladylar. Gorganyň ilaty ýaraga ýapyşýança kytaňlardan bir-iki sanysy garawullar bilen çapyşyp, gorganyň derwezesini açmaga ýetişdi. Kirden ýaňa keşpleri jähennemden dahyl bolan iblislere çalym edýän kytaň atlylary, gapyl basylan gorganyň içine kürsäp gireninden soň bolsa aýylganç gyrgynçylyk başlandy.
Gorganyň goly ýarag tutýan erkek göbeklisi şol gyrgynçylygyň ilkinji pursatynda san taýdan juda agdyk, rehim-şepagatsyz ýagynyň pidasy boldy. Ilkinjileriň hatarynda kiçijik Ulugyň kakasydyr-agalary hem öz ojaklaryny, ezizlerini gorap baş goýdular. Siňlileri bilen bilelikde elleri uzyn-uzyn naýzaly, erkek kişiler bilen deň hatarda allajy ýaga ejesi hem gaýtawul berýärdi. Ejesiniň arkasynda gizlenýän, Ulugyň gözüniň alnynda kakasynyň kükreginden kytaň peýkamy “şuwwuldap” sümdi. Onuň gözüniň öňünde mähnet kytaň serdary, özüniň, sapyndan möjek guýrugy sallanyp duran, äpet gylyjy bilen uly agasyny çapdy. Galan doganlaryna-ha näme bolandygyny hem görmedi. Ejesine, dört uýasyna hem näme bolandygyny görmedi. Diňe olaryň gana bulaşyp, demsiz-düýtsüz ýatandyklaryny gördi. Şol pursatda-da, eger Keramatly Deňri oňa tükeniksiz ömür berse, ýene-de müň ýyldan hem unutmajak wakasy boldy. Uly agasyny çapan, gap-gara döw ýaly, tüýlek kytaň serdary, körpe siňlisi Altynaýa ýapyşyp, ony bir çete tarap süýräp ugranda, gülüň baldajygy deýin näzik Altynaý, towlanjyrap onuň elinden agzyny saldy. Mähnet kytaň serdary agyra çydaman ony goýberip, ýüzüne uranynda-da, Altynaý bir gapdala towusdy. Soňra hem birjikde ýaýdanman, wepat bolan urşujylaryň biriniň ýerde ýatan gylyjyny alyp, kükreginden sokdy…
…Şol pursaty täzeden başdan geçirýän Ulug Gürgen beglerbegi, merhum Kaganyň öňünde baş egip oturyşyna, “haşlap” dem aldy.Oňa pajygaly gijäni ýadyna salmak juda kyn düşýärdi. Her gezek ar-namys üçin şirin janyndan geçen mähriban siňlisi Altynaýyň soňky pursady hakydasyna gelende ol ölüp-direlýärdi. Emma ýatlaman hem bilmeýärdi…
…Mähnet kytaň serdary bolsa al ganyny çar ýana seçip, bir gapdallygyna agyp giden Altynaýa tarap seretmedi hem. Göýä hiç zat bolmadyk ýaly, seňrigini ýygryp, talaňçylygyň şady-horramlygyna goşulmak üçin, deňesinden geçip ötägitdi. Körpe siňlisiniň ýanyna topulyp baran Ulugjyk, bägül baldajygy deýin näzenin gyzyň, açyklygyna doňup galan maral gözlerine seredende dünýäsi gapyşdy. Dili tutulyp, gözleri gapyldy. Şol ýerde-de huşundan gitdi.
…Ertesi gün bolsa özüni gul hökmünde oljalap barýan kytaň atlysynyň horjunynda huşuna geldi. Gözlerini açan badyna hem özüniň öňki çaga agaýanalygynyň deregine gözlerinde aglap-aglap soňuna çykyp bolmajak, tükeniksiz hasratyň orun tutandygyny syzdy. Haçan-da özüniň Deňriniň döreden dünýäsinde mundan beýläk enesiz-atasyz, dogansyz-uýasyz, öýsüz-öwzarsyz, hatda erkinliksiz hem, ýalňyz gul bolup galandygy hakyndaky pikir çaga ýüregini dilim-dilim edende bolsa, Ulugjygyň özi hem duýman, horjunyň içinde üç eplem bolup, kytaň atynyň ýorgalaýşyna görä “şalkyldap” barşyna, içigip-içigip, sessiz-sessiz aglap başlady. Durman, diňmän aglady. Durup bilmän, diňip bilmän aglady. Iýmän-içmän, ukunyň nämedigini bilmän, sojaman, horkuldaman, bagryna ganlar öýdürip aglady. Haçan-da onuň aglaýandygyny duýan hyrsyz kytaň atlysy, ony horjundan çykaryp, agysyny goýdurmak ücin, gamçy bilen ýagyrnysyna saýgylanda hem, agysyny goýman aglady. Aglap-aglap, ölmek üçin aglady.
Gorganlarynyň ýer bilen ýegsan edilenine dördülenji gün diýlende bolsa kytaňlaryň iki ýüzden gowrak atlysynyň ýoluna, kyrka golaý türkmen atlysy böwet boldy. Olar özleriniň serkerdesi, egnine barsyň derisini ýapynja edinen ýaş ýigdiň baştutanlygynda, depäniň aňyrsyndan zompa çykdylar-da, bada-badam gaýduwsyzlyk bilen kytaň atlylarynyň üstüne, gyrgy kimin eňdiler. Olaryň bolşy göýä, kytaňlaryň özlerinden bäs esse köpdügini görmeýän ýalydy ýa-da olar ajallaryna howlugýana meňzeýärdi. Emma olaryň bars ýapynjaly begi söweşe ussat serkerde ekeni. Türkmen atlylary ýyldyrym deýin süýnüp gelişlerine, oslagsyz hüjümden ýaňa aňk-taňk bolup, heniz nämäniň nämedigine düşünmän duran kytaňlaryň saplaryna kürsäp giräýmäge az galanda, ählisi bir adam ýaly, gözeilmez çaltlykda, birisi hem sowa geçmeýän peýkam ýagşyny ýagdyryp başladylar. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde kytaňlaryň saplaryny paýhyn eden “ölüm ýagşyny” ýagdyryp hem, türkmen atlylary kytaňlaryň özlerini dürsäp, ok-ýaýlaryna ýapyşyp ugrandyklaryny gören batlaryna jylawlaryny yza burup, giň sähra tarap ümdüzine tutdurdylar.
Özlerine hüjüm eden duşmanyň “züwwetdinligine” köhi gelen kytaňlar bolsa ätiýaçlygy unudyp, köplenç özleriniň ulanýan duzagyna düşdüler. Olar duran-duran ýerlerinde atlarynyň jylawyny ýazdyrdylar-da, az sanly türkmenleriň yzlaryndan eňdiler. Sähel salym geçmänkä-de, kytaňlaryň saplary bulaşdy. Ýyndamrak atlylary öňe saýlandy, asgynraklary yza galdy. Şol pille-de edil ýeňselerinde gözleri bar ýaly türkmenler, bu garma-gürmelikden peýdalanyp, birden yzlaryna döndüler-de, yzlaryndan kowup gelýän kytaňlaryň üstüne at goýdular. Olara ýakyn gelip, ýene-de “ölüm ýagşyny” ýagdyryp başladylar. Emma bu gezek kytaňlar hem aljyramadylar. Ilkinji ýitgileri sapak bolandygy sebäpli, olar bada-bat at başyny çekdiler-de, ok-ýaýlaryna ýapyşdylar. Olar şeýdip türkmen atlylarynyň ýene-de ýeňse berip gaçmagyna garaşdylar. Emma türkmenler bu sapar hem garaşylmadyk hereketi etdiler. Ok-ýaýlaryny ýygnadylar-da, egri gylyçlaryny syryp, at başyny çekmän, kytaňlaryň bulam-bujar bolan hatarlaryna kürsäp urdylar. Kyrk sany türkmen atlysy bir nyşana çenelen polatdan naýza ýaly bolup, kytaňlaryň toparyny ortarasyndan, paýhynlap, ikä bölüp, geçip gitdiler-de, batlaryna-da yzlaryna dönmän, sähra sary, laçyn guş dek ýyndam atlaryny ýüzin salyp, ötägitdiler. Türkmenleriň beýle mekir söweş tilsimleri bilen ilkinji gezek iş salşyp görýän, mähnet kytaň serdary bu gezek seresaplygy elden bermedi. Ol öz atlylaryna türkmenleriň yzyndan kowmagy gadagan etdi, assa ýöräp, olaryň giden tarapyna hereket etmegi buýruk berdi. Ol şeýtmek bilen eýýäm hiç bir ýitgisiz, ýekeje atlysyny hem ýitirmän, kytaňlaryň ýüze golaý atlysyny ýok eden hilegär kyrk atlynyň indiki gurjak duzagyndan hatyrjem bolmak isleýärdi. Emma bu gezek hem türkmenler onuň garaşmadyk hokgasyny gopardylar. Sähel salym geçip-geçmänkä onuň atlylarynyň sagyndan türkmenleriň “Çoz türkmen! Ur-ha-ur!” diýen söweş çakylyklary ýaňlandy. Söweş çakylygynyň yzysüre hem kytaň atlylarynyň üstüne “ölüm ýagşy” ýagyp başlady. Kytaňlar atlarynyň başyny şol tarapa öwürdiler-de, söweşe okduryldylar. Emma olary geň galdyran zat, türkmenleriň sany azalan ýalydy. Asla azalan ýaly hem däl-de, olara garşy hälki kyrk atlynyň deregine, bir oýnam türkmen atlysy hüjüm edýärdi. Kytaň serdary oýurgandy: “Bular näme akmakmyka? Ýüz atla garşy on bäş sany atly bolup çozuş edýärler, bularyň galany niredekä?”
Onuň bu soragyna ýeňsesinden ýaňlanan türkmenleriň söweş çakylygy jogap berdi. Kytaň serdary atlylarynyň ýarysyny ýeňsesinden hüjüm edýän türkmenlere tarap öwürmäge ýetişmänkä kytaň atlylarynyň çep böwründen hem türkmenleriň söweş çakylygy ýaňlandy. Onýança dördünji tarapdan hem olaryň üstüne ölüm oklary ýagyp başlady. Kytaň serdary aljyrady. Türkmenlere kömek gelendir hasaplap, özüniň ähli hudaýlaryna birden ýalbaryp, atynyň başyny maňlaýyndaky türkmen atlylaryna tarap öwürdi-de, öňe okduryldy. Serdarlarynyň söweşe okdurylandygyny gören kytaň atlylary hem özlerini çar tarapdan oka tutup paýhynlaýan, beýleki türkmen atlylaryna üns bermän, serdarlarynyň yzyndan at goýdular.
Howsaladan hem gazapdan ýaňa heýýaty göçen mähnet kytaň serdary bolsa pikirlenmek ukybyny ýitirip, öňe okdurylyp barýardy. Onuň çat maňlaýynda egni bars derisinden ýapynjaly ýaş ýigit, elinde ok-ýaýyny saklap, mizemän durdy. Onuň özüniň hem atynyň doňup duruşlary, misli üstlerine bir giden duşman atlylary däl-de, sugun sürüsi topulyp gelýän ýalydy. Ýaş serkerdäniň ýaýynda bir peýkamy bardy, bir peýkamy hem elinde saklap durdy. Kytaňlar ýakynraga gelende ýaş serkerde dem salymda yzly-yzyna iki okuny hem keýmir ýaýa salyp, sypdyryp goýberdi. Peýkamlar kytaň serdarynyň iki gapdalyndaky atlylary urdy. Şondan soň serkerde ýigit gylyjyny sogrup alyp, kytaň serdaryna tarap gaýtdy. Aňyrdan gelşine hem kytaň serdarynyň gylyjynyň zarbasynyň öňünden çalasynlyk bilen sowuldy-da, egri gylyjyny onuň egninden inderdi. Onuň atdan agandygyny görübem, säginmän nobatdaky garşydaşyna tarap topuldy. Onýança kytaňlary oka tutup duran beýleki türkmen atlylary hem çar ýandan ýagynyň üstüne at goýdular. Türkmeniň Oguz han Türkmenden bäri “Gurt oýny” diýlip atlandyrylýan söweş tilsimi zerarly serdarsyz galyp, aljyran ýagy, az salym sanjyşan, gylyç urşan bolup güýmendi-de, birdenem “assa gaçan namart” diýip, giň sähra tarap güpürdini berdi. Emma türkmenleriň dembermez oklaryndan sypmak olaryň diňe az sanlysyna başartdy.
Şondan soňra türkmen atlylary kytaňlaryň alyp barýan ýesirlerini azat etdiler. Söweşiň soňky pursatlarynda özüni alyp barýan kytaň atlysy, gursagyndan peýkam girip atdan aganyndan soň, horjundan çykan Ulugjyk, çete çekilip, kytaňlaryň gaçyşyny synlap durdy. Gan duşmany-mähnet kytaň serdarynyň ylla bir emelsiz ülhit deýin, ýeke zarbada atdan agdarylandygyny gören Ulugjygyň ýüregi jigläp gidipdi. Ol söweş gutaran dessine läş bolup ýatan kytaň serdarynyň ýanyna ylgap bardy-da, birnäçe gün bäri horjunda eplem-büklem bolup, gurşup giden ysgynsyz aýaklary bilen onuň läşini depgiläp ugrady. Şonda-da onuň gözüniň ýaşy kepedi. Her gezek ýigrenji maslygy depgiläninde-de, onuň çaga gözlerindäki uç-gyraksyz hasrat azalyp, onuň ýerini duşmanyny parçalan ýekemen möjegiň garaýşy eýeläp ugrady. Şol wagtam jesedi depgileýän geň çagajyk egni bars derisinden ýapynjaly türkmen serkerdesiniň gözüne ildi. Ol Ulugjygyň ýanyna golaýlady-da, atdan düşüp, ony saklady:
--Köşeş, oglan! Jeset depgilemek oguz-türkmene gelişmez, gan duşmanyň bolanda-da, ýanyny ýere berenden soňra ony depgilemek bizlere hebesdir!—diýip, ýaş serkerde Ulugjygy ýanyna çekdi:--Sen kim bolarsyň, bu kytaň saňa näme etdi?
Geçen dört günüň içinde geplemegi unudan Ulug serkerdä jogap bermedi. Oňa derek azat edilen ýesirleriň biri jogap gaýtardy:
--Begim, bu Ýüwe Ilteriş begiň körpe ogly. Üç gün mundan ozal biziň gorganymyz şu kytaň atlylary tarapyndan çapylanda, onuň kakasy, ejesi, doganlary, uýalary kytaňlaryň elinden gurban boldular. Körpe siňlisi Altynaý gyz bolsa ine şu kytaň serdary namysyna degmekçi bolanda kükreginden gylyç urup wepat boldy. Şondan soň bu üç gün bäri yzyny üzmän kytaň atlysynyň horjunynda iýmän-içmän, uklaman, ýeke pursadam diňmän, aglap gelýär. Munuň ady Ulug. Muňa agysyny goýdurjak bolup, kytaň atlysy gamçy bilen öldir ýaly saýgylady hem, emma şonda-da diňmedi. Biz-ä aglap-aglap öler öýtdük, hernä dadyna siz ýetişäýdiňiz.
Ýaş serkerde bu sözleri eşidende, gözleri otlukly lowurdap gitdi. Ol ýanynda duran, özüne ekiztaýy ýaly meňzeş, ýöne ýaşy özünden biraz ulurak, serkerdesypat ýigide garady-da:
--Agam, oglanlara aýdaly, şu kytaň serdarynyň başyny alsynlar-da, türkmen naýzasynyň ujuna dürtüp, ýesir alnan kytaňlaryň biriniň eline tutdursynlar. Ony şeýdip öz ýurtlaryna ugradaly. Goý bilsinler! Türkmenleriň ýurduna zulum bilen gelen zalymlaryň nä güne salynjakdygyny! Maslahatmy, agam?! Biz şeýtsek, agamyz hem hökümdarymyz Kapagan Kagan hem bize: “Şü işi-hä telek edipsiňiz!” diýmese gerek.
--Maslahat, inim!-diýip ýaş ýigit jogap gaýtardy. Onsoň ýaş serkerde Ulugy ýerden göterip, ony öz atynyň eýerinde oturdypdy. Şonda-da ilkinji gezek olaryň nazarlary kaklyşypdy.
--Agam, munuň bir gözlerine garasana, edil ýaradar möjegiň gözi ýaly-la!-diýip, Ulugyň bakyşyna haýran galan ýaş serkerde agasyna habar gatdy. Soňam:
--Oglum, seniň adyň mundan beýläk oguz-türkmen ilinde Ulug Gürgen (Uly Möjek) diýlip tutular, Keramatly Deňriniň adyndan kasam edýärin, şu günden şeýle sen meniň, Bars begiň ogly hökmünde bolarsyň, seniň agyň meniň agym bolar, seniň şatlygyň meniň şatlygym bolar…-diýip pyşyrdapdy. Şol wagt:
--Sen, oglum, diňe Bars begiň däl, Bilge hanyň hem ogly hasaplanarsyň!-diýip Bars begiň sözüne onuň agasy Bilge han hem goşulypdy.
Şondan bäri hem Ulug Gürgen iki doganlar, Beýik Kaganlaryň gapdalynda önüp-ösüp, olar bilen deň ýatyp-turupdy, iýip-içipdi, doganlar tarapyndan olaryň öz çagalaryndan zyýada söýlüp-sylanyp gezipdi. Kaganlaryň çagalary üçin hem Ulug Gürgen edil iň uly agalary ýalydy. Ulug Gürgeniň beglerbegi derejesine çenli göterilmegi bolsa onuň Beýik Kaganlaryň ogullygy bolany üçin däldi-de, özüniň gözsüz batyrlygy, ile-güne berlenligi, pähim-parasady üçindi.
Ýöne neneňsi belent derejelere göterilse-de, häzirki wagtda özüniň çagalary bolsa-da Ulug Gürgen beglerbegi özi üçin ýeke-täk daýanara direg, söýenere söýeg diýip, iň mähriban adamlar hökmünde doganlar—Beýik Kaganlary hasaplaýardy. Doganlar-Kaganlaryň ähli beýik işleriniň bir gyrasynda hem Ulug Gürgen bardy.
Doganlardan ilki Bars beg Kültegin adyny alyp, Beýik Kagan bolanyndan soňra ol ilkinji nobatda çar tarapdan yzyny üzmän hüjüm edýän uruşparaz goňşularyny amana getirmegiň gamyny iýip başlapdy. Kültegin tagta geçende Beýik Kaganlyk ylla bir boz meýdanda serlip ýatan, gaplaňyň jansyz jesedine çalym edýärdi. Agzala halkyň tenini ýaltanmadyk ýagy çem gelen ýerinden çekeläp, özüne gerek lukmany goparyp alyp gidýärdi. Aýylganç zamana göýä birmahal Bimun han döwründe döredilip, şondan bäri äleme ýaň salyp gelýän beýik döwletden köýüp ýatan aryny almaklygyň kül-külüne düşen dek, Göktürkmen döwletiniň ykbalynyň üstüne garry göhert deýin çöküp, ony ýere sokmaga çytraşýana meňzeýärdi. Bilge hanyň sözleri bilen aýdanyňda ol mahallar türkmen halkynyň “gany suwça ýüwürýärdi (suw ýaly akýardy), süňki dag ýaly bolup ýatýardy, beg bolmaly ogly gul bolýardy, hanym bolmaly gyzy güň (gyrnak) bolýardy.” Şol mahallar göktürkmenlere gyrgyz, kurugan, otuz tatar, kytaň, tataby, tabgaç, umuman ähli goňşy halklar ýagydy. Emma Keramatly Deňri halkyň alnyndan Ak Gün dogdurmak islese oňa Kültegin ýaly, Bilge kagan ýaly ogullary bagyş edýär ahyry.
Az wagtyň içinde oguz-türkmen halkynyň agzyny birikdirmegiň hötdesinden gelen iki dogan, agzalalyk-pytraňňylyk zerarly dagap, çagşap barýan döwleti düwülen polat ýumruga dönderdiler. Polat ýumrugyň düwülendigini öňünden duýup ýetişmedik badyhowa ýagy ýene-de öňküsi ýaly, garawsyz lukma üçin tumşugyny türkmen topragyna garşy uzatdy. Tabgaçlaryň Oň häkimi, özüniň elli müňlük goşuny bilen türkmen ýurduna geldi. Kaganlygyň günorta ülkelerini ot bilen ýalyn gabsady. Dul galyp, gyrnak edilen hatynlaryň, ýetim galyp gul edilen bala-çagalaryň ahy-nalasy dik asmana göterildi. Onsoň Kültegin bilen Bilge kagan derhal, goşunyň şaýyny üpjün edip, on iki müň atly bilen Oň häkimiň elli müň sany atlysynyň garşysyna çykdy. Öňden ugradylan aňtawçylardan, tabgaç goşunynyň içindäki jansyzlardan Oň häkimiň goşuny babatda ähli zerur maglumatlary alan Kültegin, birbada atlaryň jylawyny guşaga ildirip pyýadalap, gaça söweşip, türkmeniň “it urşuny” etmegi, duşman atlary mazaly ýadanyndan soň bolsa dynç duran atlara atlanyp, köplügine buýsanyp, gözi gapylan ýagynyň başyna “gurt oýnuny” salmagy müwessa bildi. Hiç haçan Hakdan içen serkerde inisi bilen pikiri çapraz gelmeýän Bilge han hem onuňkyny unady. Şeýle hem etdiler. Bars beg merkezde öz oglanlary bilen paýu-pyýada, Bilge han çep ganatda, sag ganatda-da Kapagan kaganyň şöhratly egindeşi, goja Kadyrgan beg, üç bolup ýagynyň üstüne hüjüm etdiler. Şonda ýaş başyna Ulug Gürgen hem, söweşe girende däli-mežnun bolup, arkasyny unudýan Bars begiň ýeňsesini gorap söweşipdi. Bars beg pyýada halyna serdesse bilen urup, bir zarbada Oň häkimiň atly-ýaragly, gaýyn inisini atdan agdaryp, ony ýesir alanda-da Ulug Gürgen onuň ýanyndady. Söweşiň ikilenji güni, dynç duran atlaryna atlanyp, bürgüde dönen türkmenlerden elli müňlük tabgaç goşuny ýeňse berip gaçanda hem ol ilkinjileriň hatarynda söweşýän Bars begiň ýeňsesinde hatyrjem durdy.
Soňra türkmen topragyna ýene-de howp abandy. Olar ýene-de gyssagarada sürnüp gelen ýagynyň öňünden çykmaly boldular. Şonda Çaça Seňüniň serkerdelik edýän duşman goşunyna garşy söweşilende, Bars begiň astynda iki at ölüpdi. Üçünji at bolsa Ulug Gürgeniň atydy. Şol söweşden soň sananlarynda, Külteginiň sowudyna, egin-eşigine ýüzden artyk ok çümen ekeni. Ony gorap, sansyz gezek özüni peýkamlardyr-gylyçlaryň, jyzalaryň öňüne tutan Ulug Gürgeniň tenine bolsa ýüze golaý ownuk ýara düşen ekeni. Şol ýaralar zerarly ol söweşden soňra iki aýlap tebipleriň idisinde ýatdy. Şonda hem goşun begleri doganlar-kaganlardan towakga edip, Ulug Gürgeni ýönekeý oglanlykdan beglige götertdiler.
Ondan soňra Ulug Gürgen doganlar-kaganlar bilen bilelikde Ýir Baýyrkularyň Ulug Irkini bilen Türgi Ýargun kölüniň ýanynda bolan gandöküşikli söweşe gatnaşdy. Ol söweşde-de Bars begiň serkerde ussatlygy, gaýduwsyzlygy, Bilge hanyň türkmen halkyna berlenligi, türkmen ýigitleriniň merdanalygy allajy ýagynyň watan topragyny at toýnagynyň astynda tozdurmagyna ýol bermedi. Soňra ençeme ýyl bäri gyrgyzlaryň kaganlygyň özleri bilen serhetdeş ülkelerine gan çaýkaýandyklary sebäpli, Kögmen dagyndan aşyp, olaryň üsti gapyl basylanda hem Ulug Gürgen beg Bars begiň gapdalyndady. Soňra sogdaklara, ondan soň türgişlere garşy hem ýöriş edildi. Ulug Gürgen ol ýörişlere hem gatnaşyp, müňbegi derejesine çenli göterildi. Şondan soňra iki-üç ýylyň dowamynda Kaganlygyň ähli goňşulary amana geldiler. Bars begiň döreden polat ýumrugynyň zarbasyny dadanlaryndan soňra çar tarapdan Göktürkmen döwletiniň dostlugyny isläp, ilçiler gelip ugrady. Maksadyna ýeten Bars beg rahatlandy-da, unwany “Kagan” bolsa-da çete çekilip, diňe goşun bilen meşgullanmaga başlady. Döwletiň jylawyny bolsa başbitin agasy Bilge hanyň eline berdi.
Ine şonda-da, Bars begiň gapdalynda gylyç gemirmäge endik eden Ulug Gürgen bege, hilegärlikde gyzan bazarda söwda edýän mekir dellallara gaýra dur diýýän, özge ýurtly ilçileriň öz hökümdarlarynyň bähbidini arap gurýan çylşyrymly oýunlaryna tomaşaçy bolmak miýesser etdi. Ine Beýik Kaganyň ak öýüniň töründe çyzykgöz tabgaç ilçisi dilinden bal akdyryp, sözünden dür saçyp, özüniň hökümdarynyň Göktürkmen döwleti bilen baky dostlugyna ynandyrýandyr. Şol bir wagtda-da kagan tagtynda tabgaç ilçisiniň her bir sözüne mähirli ýylgyryp, baş atyp oturan Bilge hany kytaňlaryň garşysyna bilelikde ýöriş etmäge yrjak bolup çytraşýandyr. Özem urşy ilki Göktürkmen döwletiniň başlap, kytaňlary gyran-jyran etmeginiň, kytaňlar doly paýhyn edileninden soňra tabgaçlaryň hem urşa goşulmagynyň, kytaňlaryň ülkesi olja hökmünde paýlaşylanda bolsa tabgaçlara türkmenler bilen deň paýyň bölünmeginiň diňe Kaganlygyň bähbidinedigini çyna berimsiz edip ynandyryp oturandyr. Bilge han bolsa gözlerini güldürip, şol baş atyp oturandyr. Olaryň boluşlaryny görüp, Bilge hanyň tagtynyň sol ýüzünde aýbogdaşyny gurup oturan Ulug Gürgen beg hiç zada düşünmän agzyny öweldip, aňalyp galýardy. Tabgaç ilçisi şol geplär durar, geplär durar. Kagan tagtynda aýbogdaşyny gurup oturan Bilge han bolsa ýaltanmazam, ýadamazam, şol baş atar oturar. Kagan tagtynda özüniň her bir gürrüňine baş atyp oturan adamy oýnatgy hasaplaýan hilegär ilçi bolsa sözüniň tassyklanyp durlanyna kellesi göçer-de aýtmasyz zatlary hem aýdyp başlar. Kytaňlaryň öz ülkelerine çozup özlerine gün bermeýändikleri barada, olaryň garşysyna ýeke özi çykmaga tabgaç hökümdarynyň ýeterlik güýjüniň ýokdugy barada, tabgaç hökümdarynyň hazynasynyň hem gowzandygy barada dilinden sypdyrar. Bilge han bolsa syr bermän, şol baş atar oturar. Iň soňunda-da, tagtda ymyzganyp uklap galar. Şonda-da onuň uklap galandygyna tabgaç ilçisi-hä beýlede dursun, hökümdarlyklarynyň ilkinji jygba-jyg pursatlarynda, Bars beg bilen Bilge hanyň ýedi gije-gündizläp kirpiklerini çalman, ukusyz geçirendiklerini gözi bilen gören Ulug Gürgen hem ynanar-da, ilçilere: “çykyň!” diýip yşarat eder. Ilçi çykyp giderem welin, Bilge han assyrynlyk bilen gözüni açar-da, öýden çykmak üçin işige ýönelen Ulug Gürgeni ýanyna çagyrar. Soňra bolsa tabgaç ilçisiniň türkmen döwletine gurýan aýylganç duzaklaryny çigit çigitlän ýaly edip, birme-bir düşündirip başlar. Şonda-da Ulug Gürgen beg ýekeje ähtiýalan gurrumsagyň pirimine aldanaýsaň, onuň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda azap edip gurlan döwlete, ýüz müňlük goşunyň, ýetmiş ýedi ýyllap üznüksiz çozup, ýetirip bilmejek zelelini ýetirjekdigine haýran galar. Haýran galardy we howpurgardy. Bilge hanyň gerşinde göterýän, beýik ynsan paýhasyndan özge hiç bir zadyň göterip, çekip-çydap bilmejek ýüki hakda oýlananda, aldym-berdimli söweşlerde onlarça duşmana garşy ölümini boýun alyp, sagynman okdurylýan Ulug Gürgen begi der basýardy. Şeýle pursatlar ol ejizläp, Bilge hanyň aýagyna ýykylýardy-da: “Hökümdarym-babam, men Bars beg-babamyň hem aýagyna ýykylaýyn welin, maňa Bars begiň ýanynda, goşunyň arasynda bolmaga idin beriň! Keramatly Deňriniň adyndan ant içýän, men bu albassy-ilçileriň gurýan duzaklaryndan şeýlebir elheder alýaryn welin, zadyň çeni däl! Bularyň ýeke biriniň alyna düşäýseň giden halky gyrgyna berdirjek ahyry!” diýip ýalbarardy.
Bilge han-a onuň aýdanlaryna ýylgyryp oňaýardy. Kültegin bolsa dergazap bolup, käýinerdi-de, oňa Bilge hanyň ýanyndan turup, goşunyň arasyna barmagy gadagan ederdi. Şeýde-şeýde Ulug Gürgen beg Bilge hanyň ýanynda oturyp, döwleti edara etmegiň, ony syýasat bilen, içki we daşky howplardan goramagyň inçe tärlerini hem özleşdirdi.
Doganlar-kaganlaryň dolandyran ýyllarynda Göktürkmen döwleti ösüşiň iň belent derejesine galdy. Sebitde ägirt uly güýje öwrüldi. Bars beg tutuş döwletiň serhediniň ýakasyny täze gurlan serhet gorganlarynyň zynjyry bilen berkitse, Bilge han, Oguz han Türkmeniň köne elipbiýini dikeldip, hat-ýazuwy döretdi. Bars begiň ýolbaşçylygynda goşunda tertip-düzgüni ykjamlap, ägirt uly meýdany tutup ýatan döwletiň esasy ýollarynda garawul diňlerini gurdy. Ol diňleriň gapdalynda hem ýörite çaparlar goýlup, döwletiň iň çet künjeklerinden ugradylan habaryň iki-üç günüň dowamynda Baş gorgana gelip ýetmegi üpjün edildi. Bilge han bolsa kerwenleriň gatnaýan ýollarynda rabatlar saldyrdy. Söwda ýollarynda kerwen talan her bir adamyň kimligine garamazdan başynyň ölümli, malynyň talaňlydygyny yglan etdi. Bars beg bolsa Bilge hanyň döwletiň çäginde söwdanyň pajarlap ösmegini göz öňünde tutýan bu permanynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin, gatnawly ýollarda ýaragly saklawlaryň gözegçilik etmegini gurnady. Şeýdip hem doganlar-kaganlaryň ýadawsyz tagallasy bilen Göktürkmen döwleti sarsmajak-synmajak kuwwata, depseň yranmaz baýlyga eýe boldy.
Beýik doganlar özleriniň amala aşyrýan her bir işinde Ulug Gürgen begiň eliniň bardygyny halkyň hem görmegini gazanmaga çalyşdylar. Ulug Gürgen bege iň kyn harby ýumuşlar tabşyryldy. Iň çylşyrymly gepleşikleri geçirmek üçin ol ilçi hökmünde özge ýurtlara ugradyldy. Serhetde gorganlaryň ulgamy döredilip, bir wagtyň özünde onlarça serhet gorganlary gurlanda hem beýik gurluşygyň üstünde Kültegin kagan bilen Ulug Gürgen beg dik durupdylar. Kerwen ýollarynda rabatlar salynýarka hem, Bilge hanyň ýolbaşçylygynda külli göktürkmen iliniň gurluştoýlary geçirilip, ähli halkyň bähbidini araýan töreler gazanylýarka hem Ulug Gürgen beg Beýik doganlaryň ukusyz gijeleriniň ýeke-täk ýoldaşy bolýardy.
...Geçen günleriň ýatlamalaryna berlip, agyr oýa batan beglerbegi Barserkliniň nädip içeri girendigini hem aňşyrmady. Merhum hökümdaryň başujunda agyr hasrata gark bolan beglerbeginiň özüne tarap baş galdyrmandygyny gören Barserkli birbada kelam agyz geplemän yzyna çykjagyny hem bilmedi, beglerbegä gep gatjagyny hem. Ol sesini çykarman iç işikde, giren ýerinde doňňara-daşa öwrüldi.
Azsalymdan Ulug Gürgen beglerbegi ýeňsesinde Barserkliniň durandygyny syzdy. Assajadan başyny göterip, ýaralardan ýaňa besse-besse ýüzüni oňa tarap öwürdi. Barserkli dil ýardy:
--Begim, bimaza edendigim üçin günämi ötüň, ýöne, daň atdy. Beýik Kagany Keramatly Deňriniň öz huzuryna çagyrandygyny Baş Gorganyň halky daş gulakdan eşidipdir we şu mahal tutuş ilat Içgorganyň derwezeleriniň öňüne ýygnandy. Halk tolgunýar. Hemmeleriň ýüzünde aljyraňňylyk höküm sürýär. Merhemet edip, özüňiz diwara galmasaňyz, howsala düşen halk goýun sürüsi kimin hiç kime gulak asmaýar!
Barserkliniň sözleri Ulug Gürgen beglerbeginiň aňynda mundan beýläk gerdeninde götermeli boljak ýüki hakyndaky pikiri ýyldyrym çaltlygynda ýalpyldap gitmäge mejbur etdi. Köpi gören beglerbegi biygtyýar ýegşerildi-de: “Eý-ho, Mukaddes, Keramatly Hudaýym, men ýeke-ýalňyz galan, ejiz-günäkär bendäňe, beýiklerden galan bu ýüki masgara bolman, mynasyp götermäge gaýrat ber! Kuwwat ber! Ýol görkez, Taňrym!” diýip pyşyrdady. Soňam Bars begiň serdarlygynda, ölümini ikuçsyz boýnuna alyp, özlerinden ençeme esse güýçli duşmana garşy okdurylanda edişi ýaly, uludan bir “öwhüldäp” demini aldy-da, birden ýüregini dolduran rahatlyk bilen, Içgorganyň derwezesine garşy ýöneldi.
Içgorganyň derwezesiniň üstüne çykanda ol yrňyldap duran, sähel ýalňyş söze görlüp-eşidilmedik harasady gopdurjak adam deňzine gözi düşüp, biraz sussy basyljak boldy. Emma ol dessine nepesini durlady-da, söze başlady:
--Doganlar!!!
Beglerbeginiň serkerde owazyny eşiden mähelle birden dymdy-da, dym-dyrslyga beslendi.
--Doganlar! Agyr günler başymyza düşdi! Daşymyzyň goragy, gözümiziň göreji, Beýik Hökümdarymyzy Keramatly Deňri öz dergähine çagyrdy! Eý Beýik iller! Synmajak, epilmejek, agzy alarmajak, Mähriban Türkmenim, Gahryman Türkmenim! Başymyza düşen şu ajy günlerde mert duralyň! Bars begiň tagallasy bilen bir ýere jemlenip, düwlen polat ýumrugyň kuwwadyny egismäliň! Çaýkanmalyň, mähribanlarym! Bilerleriň Biligi, Bilge Kaganyň ömrüni siňdirip, azap edip guran, ajap döwletini tolgunyp, aljyrap, weýran kylmalyň! Beýik Kaganlaryň gazanan Törelerine boýun sunalyň! Hanmy, begmi, aksakgal ýa-da çopan, atbakar, oglan… tapawudy ýok, Kanunyň öňünde hemmeler deňdir! Kanuny unudyp, sähel salymlaýyn duýga berlip, çaýkansak, galynyp bilmeris! Ýurt dagar! Adamlar, häzir öýli-öýüňize dargaň, gün öýle bolanda Merhumy, Bars begiň Mazar depesiniň sol ýüzünde öten agşamdan bäri taýýarlanyp ýörülen belent Mazar depesine eltip, jaýlarys! Beýik hökümdarymyzyň Taňra gerek bolanyna üçülenji gün diýlende bolsa, ähli uluslardan ulus beglerini jemläp, Uly geňeş kylarys! Şonda-da Düýp babamyz, Il Beýgi han nesli Oguz han atamyzyň sargyt eýlän dessuryna-ýoluna laýykatlykda, Merhum Kaganyň uly ogluny, ak keçede Beýik Kaganlyga götereris! Oňa çenli welin, Mähribanlarym, tünlükden dörän iblisleriň alyna gitmäliň! Asudalygy saklalyň, tertip-düzgün berjaý kylynsyn! Bu mahal Baş Gorgana ähli uluslar garaçygyny dikip, gözläp durandyrlar! Baş gorgan elendigi, tutuş uluslar tolkun atyp, däli umman deýin güwwüldäp başlar! Beýle tupan tursa-da, atalarymyzyň şirin janlaryny pida edip döreden, Beýik Göktürkmen döwletini ýer hopar! Kanun! Kanuna baş egiň we gulak asyň! Men!!!
Şu ýerde Ulug Gürgen demini dürsemek üçin sözüne dyngy berdi-de, başyndaky telpegini eline aldy:
--Men, henize bu güne çenli ynsan balasyndan yza tesmedik, il içinde “alplar-alpy” adyny alan, duşmanlaryň “Uly Böri” diýip lakam goýan, beglerbegi Ulug Gürgen, asmany hem zemini, ody hem suwy, topragy hem kişi ogullaryny Ýaradanyň Mukaddes adyndan ant içýän! Ant içýän, Beýik Kagan tagtynda Beýik Kagan oturyp perman berip başlaýança tutuş ýurduň çäginde jinnek ýaly tolgunyşyk döretmekçi bolan bendäniň başyny alyp, läşini tokaý börilerine şam ederin! Dargaň, Mähribanlarym! Öýleden soňra, Beýik Kagan bilen hoşlaşmaga hemmelere mümkinçilik berler!
Ulug Gürgen hakynda ýarym çyn ýarym toslama rowaýatlary agyzdan-agza geçirip ýören halk, ony juda sylaýardy. Il içinde onuň abraýy doganlar-kaganlaryňky bilen deňeçer bolmasa-da şolardan özge her kesiňkiden uludy. Onuň her bir sözüni bihuda ýere aýtmaýandygyna-da hemmeler beletdi. Şonuň üçinem, Ulug Gürgen beglerbegi sözüni tamamlandan soňra Içgorganyň öňüniň adamsy azalyp başlady. Azsalymdan soň bolsa dabara meýdanynda, diňe iki ýaňa aýlanjyrap ýören iki-ýeke eli naýzaly ýasawullardan özge jemende galmady.
Soňra Ulug Gürgen beglerbegi, tagt begleri bilen hem Beýik Merhumy jaýlamaklyk bilen baglanyşykly wajyp meseleleri maslahatlaşdy. Maslahatdan soň Ulug Gürgen beglerbegi ýene-de Beýik Kaganyň ýanyna dolandy. Ýöne bu gezek onuň ýeke özi barmady. Kaganyň ähli ilen-çalanlary, ýakyn adamlary, onuň başujuna üýşdüler. Gün öýleden aganyndan soň bolsa tämiz edilip, ýuwlup, söweş geýimi geýdirilen Beýik Kagany gadymy oguz däbine görä naýzalaryň üstünde goýlan galkanlarda ýatyryp, ýas aýdymy bilen Içgorganyň öňündäki dabara meýdanyna alyp çykdylar. Şondan soň hem Beýik Kaganyň tabydy aýallaryň yzan-da-çuwan bolup aglaşmaklarynyň astynda, dabara meýdanyna ýygnanan agyr mähelläniň üstünde, elden-ele geçip, ýüzüp ugrady. Her kim soňky sapar iliň-günüň arkadagynyň didaryna garap, onuň mundan beýläk mukaddes saýyljak tabydyna elini degrip görmegiň höwesinde bolandygy sebäpli hem Beýik Kaganyň tabydy gün ýaşýança halkyň elinde gezdi. Entegem halk söýgüli howandaryny soňky ýoluna goýbererli däldi, hernä mubatlar ýerli-ýerden Merhum ýolundan saklanylsa Gök Deňriniň gazaba münjekdigini aýdyp, adamlary gyssap başladylar. Soňra Ulug Gürgen beglerbeginiň baştutanlygynda, tagt begleri Beýik Kaganyň tabydyny göterdiler-de, Oguz han döwründen bäri üýtgemän gelýän ýas aýdymyny aýdyp, Baş gorgandan bir menzil daşlykda lummurdap akyp ýatan derýanyň kenaryndaky, Külteginiň baky rahatlyk tapan Mazar depesine tarap ýola rowana boldular. Olar tozanly ýoldan gezekli-gezegine tabydy göterip, gidip barýardylar. Hasratdan doly owaza ýugrulan ýas aýdymy bolsa gölegçileriň mähellesiniň üstünde, ýüreklerden gaýnap çykýan ahy-nala çydamaýan ýaly, pyrlanyp-towlanyp, jowranyp, aýlanyp jöwlan urýardy.
Ulus-iliň halasgäri,
asly ary , nesli ary,
Külli türkmeniň howandary,
alp-ärleriň serdary,
Dost aglady, duşman güldi,
uçup gitdi asman sary!
Ýürekleriň öçmez ody,
ebedilik galdy ady,
Awazasyn dünýä eşder,
dünýä ýaň salar şöhrady.
Ajal aldy, ýer gizledi,
arş aglady, kürs bozlady,
Jiger-bagrymyzy daglap,
kör boldy, gözlermiz aglap!
Agyr hasrat başa düşdi,
Kuýaş öçüp, Mahym ýaşdy.
Ulus-iliň halasgäri,
asly ary, nesli ary,
Külli türkmeniň howandary,
alp-ärleriň serdary,
Dost aglady, duşman güldi,
uçup gitdi asman sary!
uçdy gitdi asman sary!
Beýik Kaganyň müň atlydan agdyk şahsy goragynyň ýigitleri uzakly gije gezekli-gezegine çalşyp işläp, Külteginiň Mazar depesiniň demirgazyk tarapynda, şol depä ekiztaýy ýaly meňzeş ýene-de bir Mazar depäni taýýarlapdylar. Gölegçiler şol depäniň öňüne bardylar-da togtadylar. Depaniň demirgazyk tarapynda Külteginiň Mazar depesiniň ýakynynda, tegelek görnüşde äpet çukur gazylgydy. Şol çukuryň diwarlary hem iň berk agaçlar bilen berkidilendi. Çukur öý görnüşinde taýýarlanylandy. Töründe bolsa gyralary bedew atlaryň şekilleri görnüşinde göller bilen dörtburç edilen, nepis haly ýazylgy durdy. Bu çukur merhumyň iň soňky jaýydy, haly bolsa mundan buýana onuň hemişelik düşegidi.
Begler ýas aýdymyny kesdiler-de Beýik Kaganyň uly ogly bilen bilelikde gabryň içine girip, merhumyň ýatan tabydyny halynyň üstünde goýdular. Soňra mubatlar Keramatly Taňrydan Beýik Kagan Bilge han üçin ýagşy dilegler etdiler. Soň bolsa merhumyň ýakynlary “baky jaýdan” daşyna çykdylar-da öňden taýýarlanyp goýlan galkanlar bilen susup alyp, çukuryň içine üç mertebe gum serpdiler. Soňra gum atmak nobatyny beýleki gölegçilere berdiler. Olar hem merhumyň ýakynlarynyň hereketini gaýtaladylar. Şondan soň sähel salymyň içinde Beýik Kaganyň “soňky jaýynyň” üstünde belent Mazar depesi döredi. Soň ulus-il Mazar depäniň ýanynda säginip, begleriň diýjek sözüne garaşdy. Begler Kaganyň uly oglunyň ýüzüne garadylar. Ol delminip Ulug Gürgeniň ýüzüne seretdi.
Ulug Gürgen bu pursatda halkyň ejizläp, hossarsyz çaga deýin nalajedeýin halda, bir parasatly söze, mundan beýläk ugur-ýol görkezjek ynamly nesihada garaşýandygyny tutuş durky bilen duýdy. Ol göwnüne geňeşdi. Emma derýanyň kenarynda ýaýylyp ýatan halkyň teşne sözüni köňlünden tapmady. Ulug Gürgen aljyrady. “Taňrym, senden medet!” diýip, içinden pyşyrdady-da, ol töweregini gallap duran egindeşlerinden haraý isleýän dek, olara birlaý göz gezdirdi. Şol pille-de birdenkä Külteginiň Mazar depesiniň erňeginde dikilgi duran ýazgyly daşa gözi düşdi. Ol uludan bir demini aldy-da: “Parasatly hökümdarym, sen gaýypda bolsaň hem men guluňa ýol salgy berýärsiň!” diýip oýlandy. Soňam:
--Doganlar! Beýik Hökümdarymyzy ýere duwladyk! Keramatly Gök Deňri oňa özüniň tükeniksiz asman şalygyndan ymgyr kaganlygy bagyş etsin! Indi bize bolsa diňe Parasatlylaryň Parasatlysy bolan Beýik Kaganyň iň möhüm sargydyna eýerip, şonuň görkezen ýoly bilen ýöremek galýar! Serediň, doganlar!
Ulug Gürgen beglerbegi elini uzadyp, Kültegin hormatyna dikilen ýadygärlik daşyny görkezdi:
--Ine, bize Beýik Kagan, bakyýetden nämäni nesihat berýär! “Türkmen-oguz begleri, halk eşidiň! Üstüňden asman basmasa, astyňda ýer dilinmese, türkmen halky, iliňi-ýurduňy, töräňi (kanunyňy) kim bozup biler?!” Kanunymyzy hiç kim bozup bilmez, Türkmenler! Şuny bilip goýuň, öz içimizden ýagymyz döremese, agzymyz alarmasa, düýp babamyz Oguz handan galan kanunymyzy hiç bir nägehan bozup bilmez! Ýaraglylar gelse-de, Naýzalylar gelse-de, Keramatly Ötüken dagynyň halky, agzymyz bir bolsa, döwletimiz yrylmaz! Doganlar, ine şu ýerde, ömrüni bize bagyşlap, soňky pursatynda “watanym, halkym” diýip demi sogrulan iki dogan-merdiň baky jaýlarynyň öňünde, kasam edeliň, atalarymyzyň kanunyna wepaly boljakdygymyza, ata watany, ene topragy ähli zatdan eý görjekdigimize, kasam edeliň! Goý, ümmülmez dünýäniň ähli halklary hem eşitsinler! Türkmen-oguz halkynyň kanunyny hiç kes bozup bilmez!...
Ulug Gürgen beglerbegi, ähli hyjuwyny siňdirip, ýüreginden syzdyryp, joşup gepleýärdi. Tutuş türkmen-oguz halky bolsa gulaga öwrülip ony diňleýärdi. Çünki ony diňläp duran her bir adam üçin göwnüne bolmasa bu gepleýän Ulug Gürgen beglerbegi däl-de onuň öz kalby ýalydy. Goşa Mazar depäniň gapdalynda duran her bir adam hem Bilge Kaganyň daşa nagyş etdiren sözlerini içinden öwran-öwran gaýtalaýardy: “Türkmen-oguz begleri, halk eşidiň! Üstüňden asman basmasa, astyňda ýer dilinmese, türkmen halky, iliňi-ýurduňy, töräňi (kanunyňy) kim bozup biler?!”
Serdar ATAÝEW.
Taryhy proza