10:14 Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy -1: Syýasat - sungat | |
BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY
Publisistika
(Syýasy terjimehal) I bap SYÝASAT – SUNGAT ▪︎ Giriş Adatça, sungat çeperçilik ussatlary tarapyndan döredilýär diýip pikir edýäris. Ýöne iň inçe, iň kämil sungatyň syýasatda döredilip bilinýändigini Merkezi Aziýada Haktagalanyň agyr synaglaryndan – üç ýaşda kakadan, sekiz ýaşda ejeden, doganlaryndan jyda düşüp, öýsüz-öwzarsyz sopbaş ýetim galyp, durmuşyň ýowuz şatylaryny – açlygy, kemmagallygy çekip, kaknus guş deýin ýaşaýyş odunda birkemsiz taplanyp, kämilleşip, öz halkynyň Arkadagyna öwrülen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini döredenliginde we öz guran bu döwletinde altyn ruhly altyn ýaşaýyş sungatyny döredenliginde görýäris. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwleti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylhamyndan bina tutan döwlet. Beýik Serdar ýurtdaky ähli barlyklary öz ýolbaşçylygynda, öz pähim-parasadynyň esasynda döretdi. Ýurtdaky her bir zatda, her bir şäherde we obada, her bir köçede Beýik Serdaryň yhlasy hem ylhamy bar. Bu gün bu ýurtda Watan diýmek – Beýik Türkmenbaşy diýmek. Bu gün bu ýurtda Agzybirlik, Asudalyk, Jebislik diýmek – Beýik Türkmenbaşy diýmek. Bu gün Ruhubelentlik diýmek – Beýik Türkmenbaşy diýmek. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy döwleti dolandyrmak, edara etmek babatda Günbatar ýa Gündogar nusgasyna eýerjek bolmady. Ol turuwbaşdan: «Biz öz ýolumyz bilen gideris!» diýip yglan etmek bilen, ülňüsi dünýäniň hiç bir ýurdunda bolmadyk bütinleýin täze usulyýeti – öz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy usulyýetini döretdi. Beýik Serdar täze döwlet döretmek, täze döwleti edara etmek işini sungat derejesine ýetirdi we ähli ulgamlaryň sazlaşykly, jebislikde işlemegini gurnady. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwletiň üç daýanç sütüniniň – syýasatyň, ykdysadyýetiň we ruhyýetiň ösüşini utgaşyklylykda alyp barmagy başarmagy netijesinde ýurt asyrlara barabar depginler bilen ösüp ugrady. Döwlet bassyr bäş ýyllap ösüp barýan döwletleriň arasynda dünýäde birinji orny eýeledi. Geçen ýylky ykdysady görkezijilerine esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ösüp barýan döwletleriň derejesinden saýlanyp, ösen döwletleriň hataryna goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu ýokary netije Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adatdan daşary başarnyklylygynyň, pähim-parasatynyň ajaýyp miwesidir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nähili beýikdiginiň, il-güni üçin bitiren hyzmatlarynyň çäksiz uludygynyň, belent adamkärçiliginiň mizan terezisi türkmen halky üçin bitiren hyzmatlarydyr. On üç ýyl içinde Beýik Serdaryň bitiren işleri bolsa deňsiz-taýsyzdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet gurluşyny, syýasaty sungat derejesine göterendigi, şeýle hem sungatyň we syýasatyň aýratynlyklary hakda biz nämeleri aýdyp bileris?! Eýsem syýasat näme? Sungat näme? Syýasat – adamzat medeniýetiniň hadysasy. Medeni ýaşaýşyň sungat, pelsepe, ylym ýaly ugurlaryna bolşy ýaly, syýasata-da däbiň geçijiligi, taryhy wagtyň dowamaty hem üznüksizligi mahsus. Şonuň üçin hem syýasata kiçijik döwür bilen çäklendirilen wagtlaýyn barlyk hökmünde garamak ýüzleýlik bolardy. Emma häzire çenli hut şu hili garaýyş ýoň bolup geldi. Munuň özi syýasaty medeniýet hasaplamazlykdan, syýasy durmuşy we jemgyýetiň syýasy aýtymyny bikanun, tötänleýin, diňe häkimiýete dyzaýan bir topar hasaplamakdan, syýasaty adamzadyň nogsanly tebigatynyň ýüze çykýan ýeri hasaplamak ýaly nädogry garaýyşlardan gelip çykýar. Şol sebäpden hem syýasata bakylygyň däl-de, panylygyň aýtymy hökmünde garapdyrlar. Bu bolsa syýasatçy babatda nakgaşyň ýa-da senetkäriň, akyldaryň ýa-da alymyň şahsyýeti babatynda ulanylýan ölçegleriň nälaýyk öýdülmeginiň sebäbi boldy. Emma aslynda syýasat jemgyýetçilik-ruhy ösüşiň durmuşy derejesidir. Eger biz syýasaty jemgyýeti edara etmegiň sungaty hökmünde kesgitlesek, onda adamzat ýaşaýşynyň möhüm kanunalaýyklygy bolan bu ugra dogry hem anyk baha bermäge puryja edineris. Syýasat eden-etdiligiň meýdany däldir, ýagny haýsydyr bir içki, özakymlaýyn anyklyk hem däldir. Şol bir wagtda-da syýasat adamzada mahsus nogsanlyklaryň ýüze çykýan daşky barlyk hem däldir. Ol jemagat bolup ýaşamaly edilen adamzadyň öz-özüni dolandyrmasynyň durmuşy hakykatydyr. Ol hatda pelsepe, ylym ýa-da sungatdan has durmuşy hakykatdyr, çünki ol bulardan tapawutlylykda diňe bir pikir däl, eýsem anyk durmuşdyr hem. Syýasat sungatdyr diýen jümlä gaýdyp gelmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Sungat özüniň düýp manysy boýunça oýun bilen çynyň nikasyndandyr. Oýun – döredijiniň içki erkiniň aňladylmasy bolan toslama, çeper-ruhy hyýalyýet, çyn bolsa şeýle döredijilige mätäç bolan, şeýle döredijilik arkaly öz işläp düzülmesini, bitewüligini tapýan hakyky durmuşdyr. Syýasatda hem biz şu iki tarapyň utgaşygyny görýäris. Eger nakgaş öz azat ylhamy bilen adamzat ýaşaýşynyň barlyklaryny suratlandyrýan bolsa, onda syýasatçy jemgyýetçilik durmuşynyň meseleleriniň öz garaýşyna mahsus çözgütlerini berýär. Şonda nakgaşa ylham hem hyýalyýet, durmuşa «özünden goşmak» näderejede zerur bolsa, syýasatça-da öz garaýşyny durmuşa ornaşdyrmak, özüni ykrar etmek şonça zerurdyr. Şol sebäpden hem döredijä öz eserinde öz dünýäsini, hyýalyýetini ulanandygy üçin igenmeýşimiz ýaly, syýasatça-da öz hökmürowanlygyny amal edýändigi üçin närazylyk bildirmek akyllylyk bolmaz. Hawa, nygtap aýtsam, döredijä eserinde öz dünýäsini, hyýalyýetini ulanandygy üçin igenmeýşimiz ýaly, syýasatça-da öz hökmürowanlygyny amal edýändigi üçin närazylyk bildirmek akyllylyk bolmaz. Eger eser durmuşyň ýazaryň hyýalyýetine eýlenmedik guraksy beýany bolsa, biz ýazary dörediji hökmünde ykrar etmeris. Edil şonuň ýaly, syýasatçy biziň göwnümize ýaraýanlygyna ýa ýaramaýanlygyna garamazdan, öz erkini amal etmese, biz ony şahsyýet hökmünde ykrar etmezdik. Orta asyryň beýik türkmen akyldary hem şahyry Jelaleddin Rumyda «Bolşuň ýaly görün ýa-da görnüşiň ýaly bol» diýen meşhur pähim bar. Tebigaty boýunça sungata ýakyn bolan syýasatyň esasy kanunlarynyň biri şol pikiriň tersinedir. Syýasat – bolşuň ýaly görünmezlik hem görnüşiň ýaly bolmazlykdyr. Muny gödek hem ýöntem kabul etmek bolmaz. Munuň özi syýasatyň biziň isleýşimizden has çylşyrymly tebigata eýedigini we syýasatçynyň biziň göwünlerimiziň talap edişinden has aýlawly, köpsypatly şahsyýetdigini görkezýändir. Dagy näme, Tolstoý aýtmyşlaýyn, ikinji barlykdaky dünýäni döredýän nakgaş ruhyýet hem kalbyýet taýdan çylşyrymly, akyly işletmäge we akyl ýetirmäge mynasyp çylşyrymly şahsyýet bolar-da, heý, onsoň Allanyň döreden birinji anyklygyny öz erki bilen amal edýän syýasatçy ondan ýönekeý hem aňyrsy görnüp duran düşnükli şahsyýet bolaýarmy?! Sungat – durmuşyň çynyny bermekden ötri nakgaşyň hyýalyýetiniň oýunlarynyň çeperçilik taýdan ulgamlaşdyrylmagydyr. Syýasat – durmuşyň barlyklaryny, mümkinçiliklerini peýdalanyp, çynyny amal etmekden ötri, edilýän göçümleriň («oýunlaryň») usulyýetidir hem ulgamydyr. Şeýle... Häzir başda agzalyp geçilen «şahsyýetiň çuňňur syýasy kökleri» hem-de «syýasy şahsyýetiň ýüzleý döwürleýin düşekleri» diýen jümlelere gaýdyp gelmegiň laýyk pursatydyr. Pikir uşlybyny şu tertipde gurnamakdan biziň anyk ýüze çykarjak bolýan meselämiz bar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýet gabarasyny görüp bilmeýänler, ony peseltmek isleýänler ol, hamana, kommunistik syýasy medeniýetiň terbiýelän adamy diýjek bolýarlar. Emma bu ýöňkemede ne durmuşyň umumy mantygyna, ne-de maglumatlaryň mantygyna daýanýan hiç hili esas ýokdur. Birinjiden, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýaly düýpli hem arkaly syýasatçynyň syýasy hem aňyýet binýadydyr daýanjy bolup hyzmat eder ýaly, kommunizm türkmen milli hakykatyna beýle çuňňur aralaşmandy. Hatda 74 ýyllap höküm sürenligine garamazdan, ol hadysa halky hem milli durmuşyň süňňüne-hä däl, hatda etine-de ornaşmady. Eger şu frazeologiýanyň çäginde pikir ýöretsek, onda kommunizm diýilýän jemgyýetçilik-syýasy hadysasy türkmeniň bary-ýogy «eşiginiň» reňkini üýtgedip bildi. Hawa, onuň ornaşyşy şeýle derejede daşky, ýüzleý bolup geçdi. Hut şonuň üçinem, kommunistik ulgam pagyş-para bolandan, türkmen öz tebigy ösüş hem ýaşaýyş ýoluna aňsatlyk bilen gaýdyp bardy. Eger-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dörän topragy, zandy boýunça şol ulgama degişli bolanlygynda, ol şol pagyş-paralyk içinde-de eräp gitmelidi hem syýasy sahnadan düşüp galmalydy. Eýse, öňki Sowet respublikalarynyň birnäçesinde hut şeýle öňbaşylaryň sahnadan düşme aktlary bolup geçipdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy ömrüniň şondan soňam dowam alandygyny, ýöne bir dowam hem däl, eýsem gülläp ösendigini göz öňünde tutanyňda, kommunizmiň syýasy hem aňyýet ulgamynyň onuň üçin wagtlaýyn nikap bolandygyna, hökmany hem gutulgysyz mejburylyk bolandygyna, soň ol nikabyň aýrylandygyna şaýatlyk edýär. Bu – durmuşyň mantygynyň manysy. Ikinjiden, syýasat diňe bir mantyk, özem oýun bilen çynyň gatyşygyndan emele gelýän özboluşly mantyk bolman, eýsem jemgyýetçilik aňynyň islendik başga görnüşi ýaly serhaldyr (psihologiýadyr) hem. Jemgyýetçilik öwrülişiginiň mantygy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hususy serhaly ýasawyna gabat geldi. Ol öz erki bilen kommunistik partiýany ýatyrdy. Jemgyýetçilik durmuşy hem jemgyýetçilik aňy kommunistik hökmürowanlykdan saplanyldy. Munuň özi milletiň öňbaşçysynyň edil milletiň özi ýaly ýasama, keseden getirilip ornaşdyrylan jemgyýetçilik ýaşaýşyndan tebigy ösüşe geçmegidi. Türkmeniň «eşigindäki» kommunizm reňki örän çalt ýuwlup aýryldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy sowet aňyýetiniň galplygyny türkmen halkyna düşündirdi we halka täze öz aňyýetini hödürledi. Beýik Serdar öz döreden aňyýetine il-günüň sygynmagynyň zerurlygyny iş ýüzünde durmuşy subut etdi. Ol öz ruhubelentlik aňyýetiniň il-güne altyn ruhly altyn ýaşaýyş berjekdigini – bolçulygy, bagtyýarlygy amaly esaslandyrdy. Türkmen halky Beýik Serdarynyň döreden ruhubelentlik ýoluny ýürekden kabul etdi we bu ýoluň altyn miwelerini dadyp ýaşaýar. Eýsem taryhy nukdaýnazardan örän gysga döwür içinde öz ilini altyn ruhly altyn ýaşaýşa ýetiren Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şu günki bagtyýarlyga çenli geçen ömür menzili, şahsyýet kämilleşmesi nähili kötelliklere gabat geldi we ol kynçylyklar nähili ýeňlip geçildi? Ýol bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |