Hiç wagt aýdan sözüni yzyna almaýan Nedir şa Agöýli Serdary jezalandyrmak baradaky gürrüňiň üstünden şol günüň ertesem, soňam barmandyr».
Şejerede Mämmet Agöýliniň 87 ýaşap dünýäden ötendigi aýdylýar. Munuň özi miladynyň 1809-njy ýylyna düşýär. Bu ajaýyp adamyň häzirki Gypjakda bir medrese bilen metjit saldyrandygy barada maglumatlar bar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň «Agöýli serdar» atly goşgusynda şeýle ýazýar:
Giçki orta asyr ýaýylyp ýatyr,
jahan ot içinde,
dünýä darkaşda.
Ekin ekip,
ýow-ýagyny gaýtaryp,
Ýylky bakyp,
gyr atyny gaňtaryp,
Halk güzeran görýär Kesearkaçda.
Gujur-gaýratlymyň?
Algyr ata çyk,
Ýogsa dünýä kündä goşdyr bedewiň!
Mergen bolup,
dere yzlap,
daga çyk!
Sen merdiň oglusyň,
mertdir pederiň,
Tur, Agöýli, ýaş başyňdan aga çyk!
Halkyň üçin goýup gara kelläňi
Söweş güni segräp serdar ada çyk!
Beýik hanly,
beýik soltanly türkmen,
kalby Hakly,
başy gowgaly türkmen,
Utan! Pikriň tire-taýpa syrygýar,
Utan! Geňeşlerde agzyň alaryp,
Näme diňe jeň gününde birigýär?!
Maslahatda iliň akyldary kän,
Emma Togrul ýaly akyldar derkar!
Çagry deý ölümiň pikirin etmän,
Bedew ata çykýar Agöýli serdar!
«Birleşiň!
Birleşiň!
Birleşiň, begler!»
Beýik Allaň haky üçin birleşiň!
Aga-ýana ýaşap sährada-düzde,
Bir Serdaryň saýasyna ýerleşiň!
Kaşaň köşk-saraýly,
galaly türkmen,
Tylla tagtly, jygalydyr şalaryň!
Pygamber saýaly,
Allaly türkmen,
Galkynyň-da, Togrul beg deý at alyň!
Silkiniň-de Alp-Arslan deň at alyň!
Ilçiler çakylyk-habar getirýä...
Tirsegne galdyryp ata-babasyn,
Horasanda tug göterýär Nedir şa!
... Nedir şanyň serkerdesi Agöýli!
Dargan halklar: gylyç-gürzi gürleşýär.
Bir Paýhasyň,
bir Baýdagyň astynda
Halklar,
halaýyklar,
hanlar birleşýär!
Ulus-iller toý-toýlaýar Muganda,
Ýaňlanýar aýdym-saz,
Daşýar mukam-da.
Iller Üzre döwlet guşy aýlanýar,
Serdarlar jem bolup,
Gurul – toý1 kylyp
Türkmen däbi bilen soltan saýlanýar!
Agöýli serdaryň yzynda galan ýeke ogluna Annamyrat beg diýer ekenler. Agöýliniň nesli durman, ahyry bir ogly bolup, olam ers-mers bolup gidipdir. Şol Annamyrat beg bolmaly. Annamyrat beg 1755-nji ýylda dünýä inipdir.
Özüniň şahsyýet ýasawy boýunça Annamyrat kakasyndan biraz tapawutly bolupdyr. Serkerdelik tälim-terbiýesini alsa-da, ol köplenç aýdym-saza, märekä, edebiýata ýykgyn edipdir. Şeýle-de ol kakasyndan tapawutlylykda, daşky harby-syýasy işlere däl-de, esasan, welaýatyň içki durmuş hal-ýagdaýyna ürji bolupdyr. Munuň Annamyradyň şahsy ýasawyndan başga-da, döwrüň syýasy ýagdaýlary bilen hem baglanyşygy bar bolsa gerek. Onuň döwründe – XVIII asyryň ikinji ýarymynda Nusaý Owganystana garaşly, golasty bolmagyndan dynypdyr, gajarlardyr beýlekiler bilen hem öňki şa-patyşalar bilen bolan ysnyşyk o diýen güýçli bolmandyr. Galyberse-de, demirgazyk Horasanda indi tekeleriň güýji hem orny has artyp, Annamyrat beg ýaly ýigitler kimdir biriniň garamagynda däl-de, özlerini has özbaşdak duýupdyrlar. Şonuň üçinem onuň serkerdeligi başgaçarak häsiýete eýe bolupdyr.
Biz ak patyşanyň hökmürowanlygyny Gökdepe pajygasy bilen baglanyşdyrýarys. Ýöne Annamyrat begiň pikirine salgylanyp aýtsak, «Türkmençaý şertnamasynyň baglaşylmagy bilen türkmeniň bagty ýatdy». Annamyrat begiň diýýän Türkmençaý şertnamasy 1828-nji ýylda Eýran bilen Orsyýetiň arasynda baglaşylýar. Şol şertnama esasynda Türkmensährada ýaşaýan türkmenler bilen häzirki Türkmenistanda ýaşaýan
1 Häzir ulanyp ýören «Gurultaý» sözümiziň aňyrsy gurulmak, döwlet gurup toý bermek sözünden gelip çykýar.
türkmenleriň arasyna serhet düşýär. Bu türkmenlere diýseň ýokuş degýär.
Annamyrat beg ömrüniň soňky sekiz ýylyny türkmenleriň ýaşaýan ýerleriniň arasyna çäk-serhet düşmezligine sarp edýär. Ol şu maksat bilen gaty kän gezek darkaşa girýär. Ýöne güýçler deň gelmän, ömrüni armanda geçirýär.
Şejere gürrüňlerinde Agöýliniň ogluna: – Oglum, sen serdarsyň, begsiň, sen halka serkerdelik etseň, daýhançylyk hem ederler, saz çalyp, aýdym aýdýanlar hem köp bolar – diýendigi aýdylýar. Bu gürrüň Annamyradyň bagşy-sazandalyga imrinmesi, şeýle-de Gypjakda sowmagaçy gurup, obany suw bilen üpjün edendigi bilen baglanyşyklydyr. Şonda-da bir zat maglumatlygyna galýar: Agöýli serdar ýetmiş ýaşyna baranda, il-ulsy ýygnap, toý berip, ornuna Annamyrat begi saýlapdyrlar. Emma ýow güni bolaýmasa, ömrüniň ahyryna çenli Agöýli Nusaýa – indi has rowaç bolan ady bilen atlandyrylsa, Ahala serdar bolmagynda galypdyr.
Adamyň imrinmeleri, gyzyklanmalary onuň dostlarynyň hem kim boljakdygyny kesgitleýär. Saza, söze söýgi bildiren Annamyradyň ýegre dosty bäherdenli Gurbanaly Magrupy bolupdyr. Annamyrat begden 15-20 ýaş töweregi uly bolmagyna garamazdan, bularyň arasynda ýakyn hem ysnyşykly dostluk bolupdyr. Şejeräniň şu maglumaty Magrupynyň döredijiligini, ylaýta-da dessanlaryny Annamyrat beg bilen baglanyşyklylykda täzeden bir öwrenmek zerurlygyny orta atýar.
Annamyrat beg barada şeýle rowaýat edýärler: Gurbanaly Magrupynyň yzyndan Hywa barýarkalar, Annamyradyň atlylary Aşyk Aýdyň piriň kümmediniň başynda saklanyp, şol ýerde dowar soýup, pire sadaka berýärler. Gijäniň bir mahaly Annamyrat düýş görüpdir. Düýşünde giden çölüstan lälezarlyk bolup ýatanmyş. Annamyrat seretse, maýsalykda goýan dutarynyň sapy ýaprak çykaryp, ýere kök urup barýarmyş. Görse, şol baldakdan, bir ömür görülmedik gül çykyp, gyzaryp dur diýýär. Annamyrat saklanyp bilmän, güli ysgapdyr. Şol pursatam ak selleli, ýaşyl donly bir aksakgal gelip, oňa ak pata beripdir. Annamyrat gojanyň buýrugy bilen güli ikinji, soňra üçünji gezek ysgapdyr. Şondan soň ol başy aýlanyp, özüniň al-asmanda uçup ýörendigini görüpdir. Daňdanlar oýansa, hakyt serhoş bolup ýatanmyş. Diňe üç gün geçenden soň, ol ýola düşmäge ýarapdyr. Şondan soň, Annamyrat begiň bitmän galan işi bolmandyr.
Annamyrat begiň ömrüniň galaba bölegi parahatçylykda, aýdym-sazda, toý-baýramda geçen hem bolsa, ýaşy ýetmişden geçensoň ata atlanmaly pursatlary az bolmandyr, ömrüni at üstündäki söweşde hem soňlapdyr.
1828-nji ýyldaky Türkmençaýda baglaşylan eýran-ors şertnamasy Annamyrat begiň ömür tanapyny üzýär. Çünki Annamyrat beg Türkmençaý şertnamasynyň baglaşylmagynyň garşysyna gilýanly, mazenderanly türkmenler ýaly ol hem öz ýigitleri bilen baş göterýär. Bu şertnamanyň baglaşylmagyna garşy bolan türkmen serkerdeleri, han-begleri Töwrizde jemlenişýärler we özara maslahat geçirýärler.
Annamyrat beg türkmen halkynyň azatlygy, özbaşdak döwletliligi ugrundaky Töwriziň etegindäki Türkmençaý obasynyň gündogar tarapynda bolan söweşde agyr ýaralanýar. On dokuz ýaşly ogly Taňryguly batyr kakasyny söweşden alyp çykýar, ýöne Annamyrat beg şol söweşde duşmanyň salan ýarasyndan wepat bolýar.
Taňryguly batyr kakasyny Türkmençaýdan alyp gaýdyp, Ymam Kasym gonamçylygynda jaýlaýar.
Annamyrat beg ertirini gaýgy eden adam bolmandyr. Ol şu güni bilen ýaşapdyr, mydama elaçyklygyny saklapdyr, ol ýanyna mätäç bolup gelen kişiniň müşgilini bitirip goýberipdir. Beýle elaçyklygy, tarhandökerligi bilen, göräýmäge, ol jüt golaýmaly ýalydy. Ýöne Annamyrat beg her näçe tarhandökerlik, elaçyklyk etse-de, onuň baýlygy egsilmändir. Eçildigisaýyn, gaýtam, onuň biri iki bolup törüne dolupdyr. «Indi-hä Annamyrat begiň öýünde towuga ýükläre ýük galan däldir» diýlende, onuň rysgal-bereketi goşadan gelipdir. Obadaşlary: «Annamyrat beg Allatagalanyň ýalkawyndaky adam. Allatagala, megerem, tarhandökerlik ediber, men seni hor etmerin diýen bolmaly» diýip gürrüň edipdirler.
Türkmende Oguz handan bäri dowam edip gelýän bir dessuryýet bar. Ol dessuryýete görä haýsy obada günemasyny oňaryp bilmeýän garyp-gedaý bar bolsa, muňa şol obanyň kethudasy günäkär hasap edilýär. Kethudanyň borjy obada gedaýyň, günemasyny dolap bilmeýän garybyň bolmazlygy. Rast obada gününi görüp bilmeýän garyp barmy. Oguz han dessuryýeti boýunça, şol obanyň kethudasynyň öýi, maly-mülki, ähli baýlygy şol garyba alnyp berilýär. Kethuda bolsa garybyň külbesine göçürilýär. Bu örän ýowuz dessuryýet. Annamyrat beg şu ýowuz dessuryýetden ugur alypdyr. Ol obasynda garyp-gasaryň bolmazlygy üçin çalşypdyr. Özüniň häkimlik edýän Nusaý etrabyndaky obalarda hem adamlaryň ýaşaýyşlaryny gözden salmandyr. Nusaýyň obalaryna aýlanypdyr. Oba adamlarynyň arasynda bolup, olar bilen hemsöhbet bolupdyr. Adamlaryň arza-şikaýatlaryny ünsli diňläp, olary kanagatlandyrmaga çalşypdyr. Ol: «Gije-gündiz men siziň hyzmatyňyzdadyryn. Haçan ýumşuňyz düşse, wagty-biwagty diýip durman, göni ýanyma geliberiň. Meniň gapym öz raýatlarym üçin mydama açykdyr» diýer eken.
Annamyrat beg ömrüniň soňunda – Töwrize ugramazyndan birki gün öň howanyň sörtükligine seretmezden, Nusaý galasynyň üstünde il-güne sadaka beripdir. Sadakada ata-babalarymyzyň jahana ýaň salan döwürlerini, par türkmenleriniň Ärsak şanyň başda durmagynda guran äpet uly döwletini ýatlap, Beýik Biribaryň ýene şeýle beýik döwlet gurmaga pursat bermegini diläpdirler, aýat-doga okapdyrlar, türkmeniň özbaşdak döwletli bolmagyny, Töwrizde türkmenleri Beýik Allatagalanyň şu bagta gowşurmagyny gaýta-gaýta dileg edipdirler. Sadakadan soň Annamyrat beg ogly Taňrygulyny ýanyna alyp, Nusaý galasyndan uzakda bolmadyk Çozgundag gerşine ugrapdyr. Annamyrat beg gijäni ogly bilen şol gerşiň üstünde geçirip, daňdan Güne salam beripdirler. Annamyrat beg Güne salam berip, Güne tagzym edeninden soň, ogly Taňrygula peder tumaryny gowşurypdyr. Taňryguly ör-gökden gelýär: «Kaka, Töwrize ýeke men däl, siz hem gidýärsiňiz ahyryn. Siz gitmän öýde galsaňyz, onda men peder tumaryny alyp gitmäge razy bolardym, ýöne men häzir sizden tumary kabul edip biljek däl».
«Ýaşym ýetmişden geçenem bolsa, sizi ugradyp, oglum, men yzyňyzda rahat oturyp biljek däl. Siziň ýanyňyzda ýaşuly gerek ahyryn. Men darkaşa girmän, bir çeträkde durubererin. Dogry, mende indi öňki güýç-gaýrat ýok. Men öz ýagdaýymy bilýärin» diýip, Annamyrat beg ogluny ynandyryp tumary beripdir.
Söweş gidip duran bolsa, söweşýänleriň içinde öz jigerbendi hem bar bolsa, heý, türkmen bir çetde söweşe girmän durup bilermi? Bilmez, Annamyrat beg ogluna söweşe girmezligi söz berenem bolsa, peder tumarynyň ogluny ajaldan gorajakdygyny bilse-de, söweşe seredip uzak durup bilmedi. Girdi men diýen är döwrüni ýatlap.
Şol söweşde Taňryguly batyryň egnindäki donunyň kä ýerine ok, kä ýerine gylyç degip, ony eleme-deşik edipdir diýýärler. Söweşden soň Taňryguly batyr donuny egninden sypyryp zyňmaly bolupdyr. Ol söweşde Taňryguly batyryň dört-bäş ýerinden gyltyz ýara düşüpdir.
Annamyrat beg ömrüni türkmeniň özbaşdak döwletli bolmagyna bagyş eden ajaýyp şahsyýet. Ol türkmenleriň ak patyşa döwleti tarapyndan ykrar edilmegi we iki halkyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy üçin ähli görnükli türkmen kethudalary bilen birlikde özünde bar bolan ähli baýlygyny: ýedi süri dowaryny, bir süri gylýalyny, bir süri düýesini gyzyla öwrüp, jemi bir ýüz on bäş müň altyn puly (dinar) sowgat üçin ugradýar. Ýöne durmuş garaşylmadyk öwrüm edýär.
Beýik Serdaryň ýedi arkasynyň terjimehaly bilen tanyşsaň, olaryň ählisinde ýalňyz bir maksat bar: olar türkmenleriň özbaşdak döwletli bolmagyny isläpdirler, bu islegleriniň amal bolmagy üçin hem janlaryny orta goýupdyrlar. Eždatlaryň bu telwasy ýedinji arkada – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyda wysal tapdy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «Annamyrat beg» atly şygrynda onuň öz halky barada bitiren hyzmatlaryny wasp edip, şeýle ýazýar:
I.
Annamyrat beg!
Öz öýüniň derdin çeken –
Öz öýüniň eziz ogly bolýandyr!
Öz obasnyň derdin çeken –
Obasynyň beýik ogly bolýandyr!
Watanna,
ýurduna arkadag çykan
Watan ogly,
ýurduň ogly bolýandyr!
Olaryň ýürekde orny bolýandyr!
Sen halkyň ogludyň, Annamyrat beg!
Kesearkaç iliniň arkadagydyň.
Men beg diýip dyzamadyň töre sen,
Döwüş güni dönüp arslan-şire sen,
Tükel ulus-iliň sarpalanydyň!
Söýdüň gül diýaryň garly gyşlaryn,
Söýdüň joşup ýagýan gar-ýagyşlaryn,
Kürtüşiň çölünde ýazlap ýazlagyn,
Daglaryň goýnunda gyşyn gyşladyň.
Asuda zamanda,
abadan günler
Guýy gazyp, çekdiň çille kärizi.
Ekin ekip,
çilin çekip,
der döküp
Aýladyň il bilen rozygäriňi.
Sen daýhan boljakdyň,
Bagşy boljakdyň,
Emma döwür gylyç berdi eliňe,
Emma döwür naýza berdi eliňe,
Serdar bolup,
galkyp,
söweşe galkyp
Ýurduň garamatyn aldyň egniňe!
Ekin ekdir,
tikin tikdir,
bag ekdir,
Ýaşaýyşyň ýaşyl tuguny dikdir.
Bu abadan durmuş –
müň jeňde ölen
Beýik han-beglerden ýadygärlikdir!
Seniň ýaly serdar, han-begimiz kän,
Buýsanýarys biz olaryň barçasna.
Olar Watan üçin janyny berip
Öwrüldiler şu Watanyň parçasna!
Watanyň ruhuna öwrüldiňiz siz,
Sizden keramat bar bu gara ýerde.
Şoň üçin Watanmyz mukaddeslikdir,
Şoň üçin Diýara edýäris sežde!
II.
Kürtüşden1 gelýärdi Annamyrat beg,
Bedew atyn ýorgasyna goýberip.
Ýüz ýaşyn dolduran gumly daýysnyň
Hormatyna ýedi günläp toý berip.
Kerwen gurup gelýär ilen-çalany,
Garagumly gojaň toýuny sowup.
Ygşyldaýar gumuň siňren-selini,
Akrap ýetip gelýär,
Howa-da sowuk!
Aglap ýola çykdy bir garyp ýoksul,
Taňrysna gargaýar ýakasyn ýyrtyp.
1 Guýynyň hem gum obasynyň ady.
«Eý Allam, men ýaly bedibagt ýokdur!»
Elewreýär pakyr her ýana ýortup,
– Sözle, atam, näme perýat dartýarsyň?
– Wah, wah, Annamyrat beg diýp haramy,
Özümi öýümiň öresne daňyp,
Urdy bar baýlygmy – maly-engamy.
– Atam, maňa Annamyrat beg diýrler! –
Garyp bende dahanyndan ot saçýar:
– Il malyna degmez sen ýaly ärler!
Wah, başga bir saňa atdaş ograş bar!
Kerwenini Bamy sary ugradyp,
Ol pakyra baryn aýtdyryp başdan,
Çüw gidýär ol bedew atyn segredip,
Yzyn yzlap talaňçylaň, ograşlaň!
Garagum giň!
Ummandan-da giňdir ol,
Sansyz Garagumuň sährasam, gyram.
Yzyňa Gylyçly Hakykat düşse,
Tapmarsyň giň çölde girmäge süren!
Garagum giň!
Alaň üstüne alaň,
Gol üstüne gollar,
aklaň, takyrlar.
Emma Annamyrat beg yzyň yzlasa
Giň çölde girere deşik tapylmaz!
... Daşguýuda,
şol ýoksulyň öýünde
Malyny taladan biçäre pakyr,
«Beg bolsa bi işi bitirmän gelmez!»
Diýip kör umyda baglanyp ýatyr.
Onunjy gün gije ümüş-tamyşda
Guýa inip gelýär bir süri goýun,
On-ýigrimi düýe,
bäş-on gylýal bar,
Atylyşyp çykýar,
Aglaşyp çykýar,
Hyz-harama malyn taladan maldar!
Begenjinden aglap ýatany haýsy,
– Beg ýigit, müň ýaşşa! – diýýär haýsysy.
Gollary syrtyna daňlan ogrular
Bar-bar bagyrýarlar:
Ajal gaýgysy!
– Günäňizi ötýän birinji sapar,
Alla diýip Allaňyzy çagyryň!
Gumuň bir ýerinde bolaýsa talaň,
Gylyç syryp alnyňyzda bardyryn!
Hydyr gezen çölden güm boluň indem,
Ogurlyk etseňiz tapjagym hakdyr!
Sümpüldeşip barýar bäş sany ogry,
Dördi ýeke gulak,
Biri gulaksyz!
Hydyr gezen çölüm,
Garagum çölüm.
Sürü-süri düýä, dowara baýdyr!
Il malyna gözün dikenler bilsin:
Adalatly Annamyrat beg bardyr!
Begler begi beýik Annamyrat beg,
Ýagşa ýaran,
Ýamanlardan yrak beg!
Gullugynda durup ulus-illeriň,
Ruhuň bilen il-günüňe myrat ber!!!
Taňryguly batyr uzyn boýly bolupdyr. Ol eýýäm 13-14 ýaşlarynda illeriň zordan towsup alýan ýaglygyny duran ýerinden daraklygyna galyp, aýagyny ýerden üzmän çekip alaýýan eken. Annamyrat beg ogluna:
– Oglum, bu boý alşyň bilen atdan aýra düşäýmeseň – diýer eken. Ol ýigrimi ýaşanynda, ata münüp, üzeňňiden aýagyny goýberse, ýere ýetiberýän eken. Taňryguly täsin ýigit bolupdyr. Ol sowukda üşemek, yssyda ejir çekmek diýilýän zady bilmändir. Bary-ýogy üç sagat ýatsa, oňat ukusyny alyp bilýän eken.
Taňryguly batyr her ýyl ýazlaga çykyp, Oýukly diýen guýuda öý diker eken. Şol töwerekde 5 sany uly guýy gazdyrypdyr. Şolardan üçüsi häzir hem bar.
Nurberdi Ahala han saýlanandan soň, ýörişlerde, döwletli maslahatlarda Taňryguly batyry ýanyndan goýmandyr. Oňa kethudasy, nedimi hökmünde sala salypdyr.
Taňryguly batyryň öz batyr adyna mynasyplygy onuň gatnaşan hem edermenlik görkezen söweşlerinden bellidir. XIX asyryň ortalarynda günorta Türkmenistanda bolup geçen iki uly söweşde – 1858-nji ýylyň Garrygala söweşinde hem-de 1860-njy ýylyň Mary söweşinde Taňryguly uly batyrlyk görkezipdir. Olaryň ikisine-de Taňryguly batyr Nurberdi hanyň egindeşi we uly serkerde hökmünde gatnaşypdyr. Ondan soňra bolsa ol Gyzylarbat söweşinde edermenlik görkezýär. Ol eýýäm batyryň gojalan, emma şonda-da gylyjyny taşlamadyk döwrüdi.
Orslaryň hüjümini yzyna gaýtarmak üçin Gökdepede Diňlidepe galasynyň gurulmagyny Taňryguly batyr oňlamandyr. Tejribeli hem akylly, türkmeniň söweş taryhyny hem tilsimatlaryny oňat bilen batyr saýlanyp alnan bu goranyş ýoluny nädogry hasaplapdyr:
– Haçan türkmen gala girip gorandy?! Ilerde gara daglar, gaýrada Garagum biziň galamyz bolmaly. Şonda duşman bu galalardan bizi kowup çykaryp bilmez. Onuň ähli pirimi, pikiri puç bolar – diýipdir. Emma Taňryguly batyryň bu pikiri köpçülik hem serkerdeler tarapyndan oňlanylmandyr.
Taňryguly batyryň şeýle pikirde bolmagy, indi görüp otursak, gaty köp zady aňladýan eken. Munuň aňyrsynda döwrüň-zamananyň üýtgänligini duýmak ýatyr. Orslar bilen birnäçe gezek bolan gaça-kowa söweşlerden, birinji Gökdepe söweşinden Taňryguly batyr örän dogry netije çykarypdyr. Özleriniň öňden gelýän harby garşydaşlary bilen bolan söweşlerde türkmeniň galada goranmak tilsimaty XIX asyrda ulanylypdy. Mysal üçin, Sarahs söweşinde. Emma Taňryguly batyr bu gelen duşmanyň bütinleý başga bir nägehandygyna oňat göz ýetiren bolmaly. Şonuň netijesinde-de ol söweşmegiň täze, has dogrusy, iňňän köne usulyna gaýdyp gelmelidigine düşünipdir.
Emma sözi geçmänsoň, ol öz garyndaşlaryny, öz akylyna sygnanlary Garagumuň jümmüşine alyp gidipdir.
Gökdepe urşunda halkynyň başyna inen apaty gözi bilen gören goja serkerde şondan soň has lagşapdyr. Ozalam dymmarak kişi, nädogry ýol saýlanyp alnanyna, ilatyň gyrgyna berlenine jany ýanan batyr şondan soň geplemesini hem goýupdyr diýýärler. Saglygy her näçe agyr bolsa-da, ol gazaply darkaşlaryň birinden hem galmandyr. Gökdepe ugrundaky gazaply söweşleriň birinde Taňryguly batyr gahrymanlarça wepat bolupdyr.
1879-njy ýylda ak patyşanyň goşunynyň Gökdepe galasyna ýakynlaşmagy bilen Taňryguly batyryň aladasy artýar. Ol günde-günaşa duýdansyz çozuşlara baş bolupdyr. Ol Gökdepe ugrundaky aldym-berdimli söweşleriň birinde duşman okundan wepat bolýar. Deň bolmadyk söweşde ençeme ýerinden ok degen Taňryguly batyry söweş meýdanyndan alyp çykýarlar. Haýsy ýerine elini ursa, gan börňüldäp akýar. Taňryguly batyr ýatan ýerinden öz ýigitlerine ýüzlenipdir.
– Mähribanlarym, meniň ömrüm darkaşlarda geçdi. Bu gün Gökdepe üçin janymy berýärin. Öljegime gynanamok, ýöne Gökdepe synsa welin, o dünýäde-de rahatlygym bolmaz. Men Ezraýyla janymy ýatan halda bermek islämok. Men ony dik durup garşylamak isleýärin. Meni ýerimden turzuň! Goý, Ezraýyl Taňryguly batyryň özünden gorkmaýandygyny görsün! Goý, ol türkmenleriň ölümden gorkmaýandyklaryny görsün!
Taňryguly batyryň goltugyndan tekge beripdirler. Ol Ezraýyly mertlik bilen garşylapdyr. Onuň batyrlygy, mertligi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Taňryguly batyr» atly şygrynda has-da aýdyň şöhlelenýär:
I.
Taňryguly!
Ony Taňry beripdir,
Ol atasy Agöýli deý beýikdi.
Durmasa-da gullugynda şalaryň
Taňryguly söweş donun geýipdi.
Bir ýandan galtaman,
bir ýandan ýagy.
Bir ýandan alaman!
Duşman-a ýetik!
Adalatly Taňrygulyň baýdagy,
Döwşerdi batyrlaň başyny çekip.
Arkadagdy – küren-küren illere,
Tutupdy ol atasynyň ornuny.
Ýarandy ol ady belli hanlara,
Taňryguly –
tüýs halkynyň ogludy!
Söweşende bedew atyn segredip
Daglarda arslandy,
Düzde babyrdy,
Gylyjyna,
gürzüsine erk edip,
Tüýs batyrdy!
Gylyçgemren batyrdy!
Toýda orny mähelläniň töründe,
Artykmaçdy onuň sylag-sarpasy.
Taňryguly – daşdan ýüregi obaň,
Taňryguly – halkyň dagdan arkasy!
... Ýowuz duşman geldi: san-sajagy ýok,
ýer titreýär gümmürdisne toplaryň,
Zemin ahy-perýat,
Asman tüsse-ot,
Ýakyp ýandyrýarlar türkmen topragyn!
Garadan gaýtmazdy...
ölern öýtmezdi,
Gyljyn syryp gürzüsini salýardy.
Serdar bolup özi ýaly beglere
Sansyz duşmanlary paýhyn kylýardy...
Segsen bir...
segsen bir...
pajygaly ýyl...
başyn goýdy sende, gör, nije batyr?!
Gökdepe!
Gökdepe,
seniň goýnuňda
Batyr Taňrygulyň jesedi bardyr!
II.
Ýene ata çykýar Taňryguly beg!
Ata çykýar külli türkmen begleri!
Tüweleý deý syrap,
Ajal deý syrap,
Gürzüler urulýar,
gylyç syrylýar,
Gan syçradýar türkmen dembermezleri!
Ýene ata çykýar Taňryguly beg,
Şirlerden şir,
uluglardan uly beg,
Serdarlar serdary,
hanlaryň hany,
Gojalaň gojasy,
Halkyň guly beg!
– Atlan, külli türkmen,
bedewe atlan!
Ýapyş!
Külli türkmen,
ýapyş ýaraga!
Çozuň duşman üste, türkmen begleri!
Adalata arkadagdyr Ýaradan!
Gysym toprak üçin,
Daban ýer üçin,
Togalansyn bu gün duşman kellesi!
Eý Alla!
Ýowuz duşman gelýär – mergi deý ylla,
Bosup gelýär ýygyn yzyna ýygyn,
Türkmen ogly, sygyn,
gyljyňa sygyn,
Pürrelenip,
gyrlyp,
görsün duşmanlar
Türkmen gerçeklerniň watandarlygyn!
Läş läşe kaklyşýar,
jeset jesede,
Goç ýigitler meýdan içre serilýär.
Duşman güýçli bolanda,
Duşman sansyz bolanda,
Watanyňdan ozal janlar berilýär,
Gara kelle,
din-imanlar berilýär!
Jan alyp jan berýär türkmen begleri!
Ajal deý çabraýar almaz gylyçlar,
Gyrmyzy gan naýzalaryň perresi,
Partladýarlar sansyz duşman topuny!
Şir bolup döwüşýär merdana begler,
Kyýamat gorduryp meýdana begler,
Watanyny bermez,
Ýurduny bermez!
Gyrlyp gutarmasa türkmen tohumy!
Bosup gelýär leşger yzyna leşger,
Çozup gelýär duşman – mergi deý ylla!
Top atylýar gümmürdedip jahany.
Gyzyl gandyr,
şirin jandyr,
kelledir –
Mähriban Watanyň ýalňyz bahasy!
Atdan agýar goja Taňryguly beg!
Şirlerden şir,
Uluglardan uly beg,
Döwüş güni ylla hezret Aly beg!
Gan syçraýar san-sajaksyz ýaradan!
Alawlaýar san-sajaksyz ýaralar!
– Watanymy halas eýle,
men saňa
Şirin janym berýändirin, Ýaradan!
Taňryguly batyrdan Artyk diýen bir ogul bolupdyr. Artygyň 1841-nji ýylda doglandygy aýdylýar. Ejesiniň ady Sülgün bolmaly. Taňryguly batyr öz gazaply häsiýetine görä, Artygy ýalňyz oglum diýip läliksiretmändir. Artyk eýýäm bäş-alty ýaşlarynda söweş bedewlerine erk edip bilýän eken.
Eýýäm ýaş ýigit mahallary Artyk han Ahaldan Hyrada, Buhara, Samarkanda, Hywa ugraýan kerwenleri ýaragly goraýan ýigitleriň nökerbaşysy bolupdyr.
Nurberdi han rus patyşasynyň basybalyjy goşuny Hazaryň eteginde düşläp, türkmen topragyna aralaşyp ugran döwri olaryň üstüne jan barlamak üçin wagtal-wagtal goşun bölümlerini sürüp, hüjüm edip durupdyr. Artyk han hem ýüz atla baş bolup, Nurberdi hanyň görkezmesi bilen onlarça gezek duşmana göz görkezipdir.
Artyk hana ökde serkerdeligi, söweşe ýolbaşçylyk etmek başarnygy hem-de adamlara diýenini etdirip bilýänligi üçin han adyny beren Nurberdi handyr.
Artyk han birinji Gökdepe urşunda elhenç ýaralanypdyr. Bedew aty ony söweş meýdanyndan sag-aman alyp çykypdyr. Düşen ýaranyň agyrlygy sebäpli, Artyk han ölüm bilen germesatan bolup, iki aýdan hem köp dert çekipdir. Ahyry ýaralar gutulyşýar, emma bütinleý aýrylyp gitmändir. Çep eliniň derdi ömürlik hemrasy bolup galypdyr. Gökdepe söweşinde Artyk hany peder tumarynyň gudratynyň alyp çykandygy baradaky gürrüň onuň nesilleriniň hakydasynda berk galypdyr.
1893-nji ýylda Ashabat uýezdligi ony Gypjagyň arçynlygyna goýmak isleýär. Emma içi öçli Artyk han basybalyjylaryň wezipesinden kes-kelläm boýun gaçyrypdyr. Soňra ors harbylary beýleki käbir kişileri arçynlyga saýlamaga hem synanyşypdyrlar, emma Gypjak halky Artyk han diýip ýer depip duransoň, han ahyry öz razylygyny bermeli bolupdyr.
Emma uruşdan galan dert oňa uzak ýaşamaga hem işlemäge mümkinçilik bermändir. Ýüregi hem dertli, teni hem dertli Artyk han altmyş sekiz ýaşynyň içinde aradan çykypdyr.
Annanyýaz Artyk ogly Atamyrada niýetläp ýazan «Şejere depderinde» kakasy Artyk han hakda şeýle gürrüň berýär:
– Kakamyň gaýga batyp oturan wagtyna gabat gelmedim, ol göwnaçykdy, ruhy belentdi. Özem ol ölemen awçy. Onuň aw etmek üçin ýörite tazylary, elguşlary bar. Olary eldekileşdirmek, awa öwretmek üçin öz döwründe bar işini taşlap, yhlas edýär. Elguşlaryň saklanýan otagy mydama tämiz, ähli gerekli zatlar bar. Kakamyň on sany üýtgeşik tüýdügi bar. Üýtgeşik diýýänimiň sebäbi her tüýdük bir ýabany haýwanyň ýa-da guşuň sesini çykarýar.
Taňryguly batyr ýalňyz ogluna beg terbiýesini beripdir. Oňa başda obanyň atly ahunynyň elinde başlangyç bilim berýär, soňam ogluny Bagdadyň Mustansir medresesine okuwa ýerleşdirip gaýdýar.
Artyk hanyň bütin ömri Taňryguly batyryňky ýaly at üstünde geçýär. Onuň ykbaly öz döwrüniň il-günüň azatlygy ugrunda göreşen türkmen merdanalarynyň ömri bilen kybapdaş.
Gyzylarbatda bolan uly urşa Taňryguly batyr Nurberdi hanyň geňeşdary hökmünde gatnaşan bolsa, Artyk han öz iki ýüz ýigidi bilen gönüden-göni gyzyl oduň içinde söweşipdir.
Artyk han Gökdepe urşuna çenli hem maýdaly-irili uruşlaryň ençemesine gatnaşypdyr.
Artyk han türkmeniň beýik şahsyýetidi. Ol türkmen halkynyň azatlygy, erkinligi ugrunda perwana deýin ýanyp-köýüp geçen şahsyýet.
Beýik Serdaryň asly teke taýpasynyň çozgun tiresindendir. Olaryň Süleýman çozgundan galan peder tumary bolupdyr. Ol edil doga deýin üçburçly, özem kümüşden sünnälenip ýasalypdyr. Onuň ýüzünde: «Bissimillah rahmanu rahym. Süleýman çozgun neberesini, Beýik Biribar, goý, mydama öz penasynda aman saklasyn, işlerini rowaç etsin!» diýip ýazylypdyr. Taňryguly batyryň aýaly Sülgün gelin mahaly tumaryň daşyna nepisläp gyzyl ýüpek matadan daşlyk edipdir. Boýnuňdan asar ýaly, tumaryň daşlygynyň iki gyrasyndan düýäniň ýüňünden alaja ýüp dakypdyr. Boýnuňdan asyp gezeniňde tumar görnüp duranok.
Artyk han ogly Annanyýaz Bagdatda ýedi ýyl okap gelenden soň Nusaý galasynyň ilerisinde öňe omzap duran Çozgundag gerşine gidýär we şol ýerde olar uzak gije bolýarlar. Günüň dogup gelýän çagy Artyk han ogly Annanyýaza peder tumaryny gowşurýar.
Peder tumaryny dakynyp söweşe giren Agöýli serdar-da, Annamyrat beg-de, Taňryguly batyr-da, Artyk han-da mydama ýeňiş gazanypdyrlar, gaty agyr ýagdaýda-da ähli zat gowulyk bilen gutarypdyr. Türkmençaýda bolan söweşde Taňryguly batyryň dony gyltyz degen oklardan ýaňa derde ýaramaz ýaly bolupdyr. Taňryguly batyr bu ahwalata haýran galypdy we donuny egninden sypyryp taşlapdy. Edil şeýle ahwalat Gökdepede Artyk han bilenem gaýtalanypdy. Peder tumarynyň gudratyna asyl ynanmaz ýaly däldi.
Ölmeziniň öň ýany ogly Annanyýazy ýanynda oturdyp, Artyk han şu sargydy edipdir:
– Oglum, ataňyz Taňryguly batyr ýagşyzada duşup, ýagşylyk patasyny alandyr. Berk dur, sen ýa seniň ogluň başyna täç geýen patyşa bolar.
Annanyýaz mollada başlangyç bilim alypdyr. Kakasy ony Aşgabatdaky klassyky rus gimnaziýasyna beripdir. Dört ýyl şol ýerde okan Annanyýaz rus dilini suwara bilipdir.
Annanyýaz Artyk arap we pars dillerini hem suwara öwrenýär. Ýedi ýyllap Bagdatda Mustansir medresesinde okaýar.
Annanyýaz hem Gypjagyň arçynlygyna saýlanypdyr. Her hepdäniň çarşenbe güni obanyň içini pyýada aýlanyp, öýlere baryp, adamlaryň hal-ahwaly, gün-güzerany bilen tanşar eken. Annanyýaz arçynyň üýtgeşik, adatdan daşary ýatkeşligini gypjaklylar häli-häzirem unudanoklar.
Annanyýaz Taňryguly batyr ýaly örän uzyn boýly, ak ýüzli, şähdaçyk, mähirli adam bolupdyr. Onda özüne dartyjy bir güýç bar eken. Ýanyna baranlar wagty bilen turup bilmän, Annanyýazyň mylakatyna, gürrüňlerine bendi bolýan ekenler.
Annanyýazyň jahyl wagtynda pälwanlyk edendigini hem gypjaklylar gürrüň berýärler.
1911-nji ýylda Annanyýaz Artygy Gypjak ilatynyň haýyşy boýunça arçyn saýlapdyrlar. Bu wezipede ol 1916-njy ýyla çenli işläpdir. Arçyn döwründe Annanyýaz patyşa baknalyk zulmuny ilat üçin gowşatjak bolup elinden gelenini edipdir. Ol häkimiýet bilen halkyň arasyndaky gapma-garşylygy gowşadyp bilipdir. Munuň üçin ol özboluşly çeýe syýasat alyp barypdyr. Bir tarapdan, häkimiýetleriň aň-düşünjesini, dilini, medeniýetini, gylyk-häsiýet aýratynlyklaryny gowy bilmegi we işde halk bähbidine ulanmagy başarmagy, beýleki tarapdan, halkyň isleglerini we milli özboluşlylygyny bilmegi muňa oňat mümkinçilik beripdir. Herhal, birinji jahan urşunyň başlanmagy kolonial zulmuň adaty hörpüni, «sypaýylygyny» hem üýtgedýär. Şol mahallaram Türkmenistanda özakymlaýyn halk gozgalaňlarynyň tapgyry başlanýar. Şeýle dartgynly syýasy ýagdaý Annanyýazyň ýüreginde saklanyp ýatan milletiň özbaşdaklyk, azatlyk gazanmagy hakdaky içki ynanjynyň gaýtadan hyruçlanmagyna sebäp bolupdyr. Ak patyşa agdarylyp, ýerli milli intelligensiýa hem ýokary gatlaga puryja gelende, bu ynam has hem artypdyr. Annanyýaz ýerli güýçleriň Aşgabatda bolup geçen Gurultaýlarynda işjeň çykyş edipdir. Emma şol wagt milletiň öňüne düşmek islän şahsyýetleriň milli maksatlarynyň dardygyny, aň-düşünjesiniň ýeterlik däldigini görüpdir.
Annanyýaz baý adyny alan adamdyr. Onuň diňe resminamalar boýunça ýüze ýakyn ýylkysy, 65 tanap mülk ýeri, suw degirmeni, juwazy, on iki süri goýny bolupdyr. Annanyýaz baý bolşewikler häkimiýeti eýelände, ähli baýlygyny meýletin hökümete tabşyrypdyr. Çünki ol juda öňden görüji, bolşewikler zulmunyň gutulgysyzlygyny hem uzak wagtlaýyndygyny aňan parasatly adam bolupdyr. Ol mal-mülk diýip ýurdundan ýa çagalarynyň geljeginden mahrum boljak adam däldi. Onda ýagdaý nähili agyr, çykgynsyz görünse-de, geljege bolan umyt hem ynam güýçli bolupdyr. Şol hem her edip-hesip edip geljege gowuşmak, şol geljekde-de häzirki amal bolmaýan meýilleri amala aşyrmak maksadyny hem umydyny döredipdir.
1917-nji ýylda Ashabat uýezdinde arçyn saýlawlary başlananda, halk ýene Annanyýaz Artygy öňe sürýär. Täze häkimiýetler gaty bir döwtalap bolmasa-da, saýlawyň üçünji gününde ony biragyzdan arçyn saýlapdyrlar.
Annanyýaz Artyk ýigrimi dördünji ýyla çenli arçyn bolupdyr. Basha-baslyk başlanmagy bilen 1932-nji ýylda ony öýünde dört sany hyzmatkär saklapdyr bahanasy bilen Özbegistana sürgün edipdirler. Sürgünden soň, Annanyýaz aga Gypjaga dolanyp gelip, kolhoza giripdir. 1936-njy ýylda ony kolhoz başlygy – arçyn saýlapdyrlar. Juda gujurly, işini bilýän arçyna uzak işlemek nesip etmeýär. 1937-nji ýylyň iýun aýynda oňa garşy iş gozgalýar. Ony üçlügiň sud etmeginde ýedi ýyl azatlykdan mahrum edýärler. Bu gezek oňa: «Sen il arasynda gürrüň edipsiň. Türkmeniň men diýen ýigitlerini ýok edýärler. Gaýgysyz Atabaýy, ýene-ýeneleri ýok etdiler. Özem saýlap-seçip, aňrybaş mert ýigitleri gyrýarlar. Beýdip, gyrlyp oturylsa, türkmeniň soňy bolmaz diýipsiň» diýýärler. Annanyýaz Artyk 1937-nji ýylyň sentýabr aýynyň 4-nde 7 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir.
Annanyýaz Artyk ogly elli ýedi ýaşynda tussaglykda ýogalypdyr.
Görnüşi ýaly, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mynasyp, şan-şöhratly şejeresi bar. Tebigatyňam, jemgyýetiňem ösüş kanunalaýyklygy beýik bir şahsyýetiň ýüze çykmagy üçin ýagdaýa görä seresaply hereket etmegiň gerekdigini görkezýär. Türkmençilikde bolsa şu hili kanunalaýyklyk iliň öňüne düşýän baştutan bolmak üçin asyl gerek diýen pikir görnüşinde aňladylypdyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňe çykmagy bütinleý kanunalaýyk ýagdaýdyr. Onuň şejeresini yzarlamak, ýedi arkasyny düzýän şahsyýetleriň ömrüni, edim-gylymyny öwrenmek arkaly ýokarky pikiri doly tassyklamak bolar. Asyl şejeresini düzýän şahsyýetleriň Beýik Türkmenbaşynyň şahsyýetine akaba ýaly bolup goşulandygyny, ony gan hem serhaly tarapdan esaslandyrandygyny görüp bolýar. Türkmençilikde her adamda ýedi arkasynyň aýratynlygy jemlenýär diýen pikire gulluk edilýär. Emma Beýik şahsyýetde diňe şu hili jemlenme ýöne bir mukdar hadysasy bolman, eýsem täze şahsyýet dürli-dürli empiriki hem metafiziki sebäpler netijesinde bütinleý başga bir hadysa bolup öňe çykýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň genetiki-taryhy gönezliginde beýik Parfiýanyň gatanjy hem ruhy bar. Biz ýokarda şeýle şahsyýetiň kemala geliş esaslaryny şejeräniň çuňlugynda suratlandyrmaga çalyşdyk. Emma meselä diňe çuňluk jähetinde däl, eýsem gönüden-göni giňlik jähetinde hem seretmek gerek. Adamyň aslyna gitdigiňçe, sebäpler hem-de esaslar barha gyýtaklaşýarlar. Beýik şahsyýetiň döremegi ýaly sözüň belli bir manysynda partlama häsiýetine eýe bolan hadysada şu giňlik esasy, köplenç, kesgitleýji ähmiýeti özünde saklaýar. Biz, hususanam, şahsyýetiň gönüden-göni genetik-biologik esasy bolan ene-atasyny göz öňünde tutýarys. Şu tarapdan alanyňda, ýokarky umumy kanunalaýyklyk Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň gönezliginiň yzygiderli dowamatynda nähili ýüze çykdyka?!
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kakasy Atamyrat Annanyýaz ogly 1912-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-sine dünýä inipdir. Bu neberede öňden kemala gelen däbe laýyklykda, Annanyýaz arçyn ogluny ilki Eset atly juda sowatly hem abraýly mollada okadypdyr. Munuň özi türkmeniň gadymdan gelýän atabeglik däbiniň XX asyrda saklanyp galan endikleriniň mantygyna laýyklykda bolupdy. Eset mollada Atamyrat köneden gelýän dini hem dünýewi türkmen ylmyny öwrenipdir. Şu ylym arkaly oňa beýik ata-babalarynyň dünýägaraýşy hem-de metafiziki ruhy geçipdir. Eždatlarynyň empiriki ruhy bolsa oňa gan hem kakasy Annanyýaz arçynyň şahsyýetiniň täsir ediş meýdany arkaly geçipdi. Annanyýaz Artygyň şahsyýetinde bolsa türkmeniň erkinlik zamanasynyň – baknalyk-tabynlykdan öňki döwürdäki ýaşaýşyň ruhy howalasy bardy. Şol ruh hem Atamyradyň kemala gelmeginde orun eýeläpdi. Erkin milli ruh daşky durmuşy gurşawda kem-kemden ýitişen hem bolsa, Annanyýaz arçynyň erkliliginde, gujurynda, ýanyp duran gözlerinde hem-de ýaşaýyş hem gepleýiş, hereket hem pikir äheňlerinde doly saklanyp galypdy. Bu zatlaryň bary Annanyýaz arçynyň özüniň hiç mahal görmejek agtygyna geçmek üçin Atamyradyň gan-asyl barlygynda çugdamlanmagydy.
Taryhy aslyň metafizikasy döwrüň empirikasy bilen sazlaşykly utgaşanda, şahsyýet eždatlaryndan galan ähli asyl-gan sypatlaryny ýitirmän, nesle geçirip bilýärdi. Şuňa laýyklykda, Atamyrat ilki baý, gurply türkmenleriň çagalarynyň okaýan hususy mekdebine girýär, ol ýerde rus dilini hem döwrüň ýerli ýokary gatlagyna ýetdirýän ýaşaýyş endiklerini öwrenýär.
Ylym-bilimiň tagamyny dadyp, eždatlaryna mahsus häsiýet – bilim, sowat arkaly ýokary göterilmek, ýaşaýşyň many boşlugyndan ýokary galyp, düýp mana ýetmek islegi Atamyrady döwrüň uzakdaky bilim merkezlerine gitmek pikirine iterýär. Ol Moskwanyň, Leningradyň, Daşkendiň ýokary okuw mekdeplerine gitmek isläp, degişli edaralara arza ýazýar. Emma onuň bilen gürrüňdeş bolup, «Okuwa ibereris» diýseler-de, munuň soňy gelmeýär. Ol gürrüňdeşlik ýaş ýigidiň bilimini, sowadyny däl-de, onuň aslyny anyklamak, gözden geçirmek bolup çykypdyr hem-de baý-beg çagasy diýip, Atamyrady ýokary okuw mekdeplerine almandyrlar.
Atamyrady 1929-njy ýylyň iýun aýynda Gyzyl goşuna gulluga çagyrypdyrlar. Ilkibaşda ol Köşüde gulluk edipdir, şol bir wagtda-da sowatsyz esgerlere sowat hem bilim beripdir. 1929-njy ýylyň ahyrlarynda Atamyradyň gulluk edýän birinji atly türkmen polkuny häzirki Atamyrat etrabynyň Astanababa obasyna göçüripdirler, 1932-nji ýylda bolsa ony Baýramala göçürýärler. Gullugynyň galan iki aýyny Baýramalyda geçirip, Atamyrat öz dogduk obasyna gaýdyp barypdyr. Atamyrat 1932-nji ýylda gullukdan gelende, kakasy Annanyýaz Artygy Özbegistanyň Almalyk raýonyna sürgün edýärler. Hiç bir esassyz kakasynyň sürgün edilmegi Atamyrada agyr urgy bolýar. Ol adalat isläp, degişli edaralaryň gapysyndan barýar. Şonda Atamyradyň ýakyn dostlary onuň adalat tapmajakdygyny, kakasyny sürgünden azat edip bilmejekdigini, eger gyssagly suratda obadan çykyp, başga bir uzakdaky oba ýa-da şähere göçmese, özüniň hem ikuçsuz sürgün ediljekdigini aýdýarlar.
Oslagsyz ýagdaýda sürgün edilende Annanyýaz Artyk janyny ynanýan birki adamyna aýdan sargydy hem şu hakda bolupdyr: «Oglum Atamyrat gelse, hökman aýdyň. Goý, ol wagtlaýynça obadan çykyp, uzagrak bir ýere göçüp gitsin. Ýurt mydama beýle ýagdaýda bolup durmaz. Nesip bolsa, düzeler, goý, Atamyrat şonda göçüp gelsin. Meni alada etmesin. Hökman aýdyň. Kakaň özüni gorasyn diýip sargyt etdi diýiň. Mydama ätiýaçly bolsun. Zamana çatak geldi, özüni gorasyn!»
Atamyrat nirä gaçmalydygy barada uzak oýlanmaly bolmaýar. Sebäbi her nähili agyr kysmat bolanda-da, Watanyny terk edip bilmejekdigi-hä hak. Şeýle ýagdaýda onuň gidip biljek ýeke-täk ýeri – iki ýyldan gowrak gulluk eden we ýerli ilatyň birnäçe adamy bilen ýakyndan tanşan, dostlaşan ýeri Astanababa obasy bolýar. Atamyrat dostlarynyň goldawy bilen Kerki şäherinden howly satyn alýar. Atamyrat Kerkide alan howlusynda ýaşap, şäher etegindäki Çekir obasynda mugallymçylyk edip başlapdyr. Ony Aşgabada mugallymçylyk kursuna iberipdirler, kursy tamamlap, ýene öňki iş ýerine gidipdir. Mugallymçylyk edýän döwründe Atamyrat dürli ýagdaýlary başdan geçiripdir. Bir tarapdan, bolşewikleriň milli däp-dessurlary ýok etmek baradaky resmi syýasaty, beýleki tarapdan, täze hökümetden öçli käbir baýlar Atamyradyň sagdyn, öňden gelýän türkmençiligiň kadalaryny ýöretmek pikirini gysypdyr, kynlaşdyrypdyr. Emma şonda-da ýaş ýigit döwrüň her hili hapalyklaryndan daşda durmagy başarypdyr. Onuň maksady, niýeti ýönekeý halka hyzmat etmek bolupdyr.
Boý babatda Taňryguly batyra çeken, uzyndan syrdam, aşa akylly hem zehinli Atamyrat saz çalyp, aýdym aýdar eken. Ol boýy uzyn bolansoň, gapydan eglip girýär eken. Öz janyny ynanýan dostlary bilen söhbetde:
– Ýurt ogludyk, öweý ogul bolup galdyk. Bu toprak biziň topragymyzdy, emma biz bu toprakda ikinji derejeli adam bolup galdyk – diýer eken. Emma hiç mahal onuň geljege ynamy egsilmändir. Ol döwür nähili agyr bolsa-da, halkyň geljegine bolan ynamyny tumar kimin gursagynda aýap saklapdyr.
Atamyrat Nyýazow bir ýyl mugallym bolup işläninden soň şeýle waka bolýar. Baý-gulak diýip bas-ha-baslyk başlan döwri ýurduny, öý-öwzaryny, mülküni taşlap giden uly baýlaryň iki-üç sanysy Kerkä dolanyp gelýär. Öýsüz, mülksüz, ýurtsuz galan baýlaryň bolşewikler döwleti bilen öz hasap-hesibi bar.
Täze döwletiň mekdep, edara jaýyny gurmaga serişdesi ýok. Şeýle bolansoň mekdep üçin, edara jaýlary üçin baýlaryň galdyryp giden boş öýlerini peýdalanypdyrlar. Çekir obasynda-da şol mahal kolhozyň mekdebi bir baýyň, kolhozyň edarasy başga bir baýyň şarňyldap duran öýünde ýerleşýän eken. Bir baý kolhozyň edarasy ýerleşen jaýyny «Maňa nesip etmedik jaý hudaýsyzlara hem nesip etmesin» diýip, daşyndan gulplap ýigitlerine otladýar. «Hasaplaşyk» üçin gelen şol baýlaryň Gylyç Mergen atly birisi hem öz ýigitleri bilen galdyryp giden öýüne – mekdebe gelýär. Gelip görse, öýi çülpe çagadan doly. Bir nazarkerde nätanyş ýigdekçe bolsa, olara nämedir bir zatlary gürrüň berýär. Aslynda bu otag Gylyç baýyň myhman jaýy bolmaly.
Gapyny batly açyp içeri giren Gylyç Mergeni gören çagalar «Gylyç baý-da, Gylyç baý» diýşip titreşipdirler. Atamyrat nämäniň nämedigine bada-bat düşünip, baý bilen baş atyp salamlaşýar. Gylyç Mergen mugallymyň salamyny alyp, «Sapagyňy dowam ediber» diýip yza geçip, ýalaňaç sapançasyny goluna alyp, sapak gutarýança ümsüm diňläp oturýar.
Ol döwürde malyndan-mülkünden, baýlygyndan jyda düşen baýlar, öňi bilen, döwlet işgärlerini, kolhoz başlyklaryny, mugallymlary ýoklaýardylar. Mekdep okuwçylary bürgüdiň penjesine düşen jüýje ýaly reňkini agardyp, garasuw bolup ajy kysmatyň gazaply oýnuna garaşýarlar. Mugallym bolsa, göýä hiç zat bolmadyk ýaly, yhlas bilen sapagyny dowam edýär.
Atamyrat mugallym okuwçylara türkmen däp-dessurlary hakda, ýaşkiçiniň, ýaşulynyň durmuşdaky orny hakda, ululary sylamalydygy, ululardan öwrenmelidigi, Watan mukaddesligi, köp okamalydygy, bilim, ylym zamanasynyň gelendigi, ylymly bolup köp-köp haýyrly işleri bitirip boljakdygy hakda täsirli gürrüň berýär. Matematikadan bir meseläni çözüp görkezip, bu çözgüdiň nirelerde peýda berýändigi hakda gürrüň berýär. Atamyrat mugallym jaň bolaryna garaşýar, emma kim jaň kakjak? Ol sagadyna seredip, çagalara:
– Öýli-öýüňize gaýdyberiň – diýip, jogap berýär.
Niýetini erbede düwüp gelen gazaply baý nätanyş mugallymyň sarsman sapak geçişine haýran galýar. Soňra:
– Balşewige, hudaýsyzlara gulluk edýärmiň? – diýip, sorag berýär.
Atamyrat:
– Bu çagalar, baý aga, bolşewigem bilenok, menşewigem. Bulara sowat öwredýärin.
Garasaý, Gylyç Mergen mugallyma hiç zat diýmän gaýtmak üçin ýerinden turýar. Atamyrady birsyhly syrly synlaýar. Hoşlaşman gapa bakan ugraýar. Soňam säginip, böwrüni diňläp birsalym durýar:
– Ýaş ýigit, men seniň çagalara beren öwütleriňi mukyt bolup diňledim. Gowy zatlary, peýdaly zatlary aýtdyň. Seniň ýaňky aýdan sözleriň ähli türkmeniň diňlemeli öwütleri. Sen meni görüp, balşewigiň halamaýan türkmençiligi hakda gürlemäge gorkmadyňmy? Sen, näme, balşewigiň türkmençiligi ýigrenýändigini, ähli aýallary, ähli baýlygy ortak etjekdigini bileňokmy?
– Şuraýy döwletimiz milli däp-dessurymyzy saklamaga rugsat berýär.
– Wah, inim, dilde rugsat berýär. Rugsat berenden bolýar. Aslynda ol biziň türkmençiligimizi ýigrenýär. Balşewikler bir ýylan, ägä bol, inim! Birden çakaýmasyn!...
Gylyç Mergen Atamyrada garaşman duran soragyny berýär:
– Sen Gypjakdan-a dälsiň?
– Gypjakdan, baý aga.
– Sen Annanyýaz Artygyň oglumy?
Atamyrat nämä garaşsa-da, beýle sowala garaşmandy.
– Hawa, baý aga, men Annanyýaz Artygyň ogly.
– Şeýledir diýdim-le.
Şondan soň Gylyç Mergen Annanyýaz Artygyň Çekir obasyna gelendigi, öýünde birnäçe gün myhman bolandygy, aýdym aýdyp, saz çalandygy barada gürrüň beripdir.
Ine, durmuşyň öwrümleri! Atamyrat kakasynyň myhmançylykda ýazylyp-ýaýrap oturan otagynda bu gün çagalara sapak geçip oturan bolsa nätjek?!
Şondan soň bolşewikler bilen hasaplaşmak üçin Gylyç Mergen gaýdyp gelmedi. Ýöne onuň şol gezekki gelşi, Atamyradyň merdi-merdanalygy hakda oba adamlary buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Atamyrat Nyýazow barada Çekir, Daşlyk, Astanababa obalarynda, häzirki Atamyrat şäherinde köp sanly ýakymly ýatlamalar galypdyr.
(Dowamy bar)..
Publisistika