Üçünji bölüm
BEÝIKLIK BASGANÇAKLARY
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çagalygy, mekdep we talyplyk ýyllary. Zähmet ýoly. Ýolbaşçylyk tejribesi
■ Çagalyk ýyllary
Türkmenistanyň ilkinji hem ömürlik Prezidenti, dünýä möçberinde ykrar edilen meşhur syýasatçy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1940-njy ýylyň fewral aýynyň 19-yna Aşgabat şäherinde dünýä indi. Iki ýaşy hem dolmanka kakasy Atamyrat Nyýazow Beýik Watançylyk urşuna gidipdi. Geljekki Serdaryň ejesi Gurbansoltan Atamyradowa bolsa «Türkmenhalybirleşigiň» döwlet haly gaznasynyň ýanyndaky Aşgabadyň çeperçilik-synag ussahanasynda ýokary hünärli halyçy bolup zähmet çekýärdi. Nyýazowlaryň maşgalasy Aşgabat şäheriniň Daşkent köçesiniň 24-nji jaýynda ýaşaýardy.
Her bir ömrüň, onda-da beýik adamyň manyly ömrüniň aýry-aýry döwürleri bolýar. Şahsyýetiň kemala gelmegi, ýagny kämillige ýetişiş nukdaýnazaryndan, ol döwürleri dogry anyklamak hem-de olaryň biri-birine geçişini dogry yzarlamak möhümdir. Şunuň hötdesinden gelsek, biz beýik şahsyýetiň häzirki derejesine hem-de häzirki gabarasynyň «giňişligine» mümkingadar oňat we doly göz ýetirip bileris. Meseläni, akyl ýetirmäniň umumy kanunalaýyklygyna geçirip aýtsak, islendik zadyň taglymaty onuň taryhyny ýüze çykarmaga esaslanýandyr. «Giňişlige» çykmak, «giňişligiň» gözýetimlerini kesgitlemek üçin, ilki bilen, çuňlugyň menzillerine aň etmek gerek.
Beýik Türkmenbaşynyň manyly hem şöhratly ömrüniň iň ilkinji menzili bu beýik ynsanyň doglan pursatyndan 1948-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýyna çenli döwri öz içine alýar. Bu döwri mähriban ene gujagyndaky hem-de mähirli ene elleriniň saýasyndaky döwür diýip atlandyrmak mümkin. Öňki ata-babalary babatda bolşy ýaly, geljekki Serdar kakasynyň şahsyýetini hakyda arkaly tanapdyr. Bu hakyda bolsa ýene ejesi Gurbansoltanyň gürrüňleri hem ýatlamalary esasynda kemala gelipdir. Diýmek, bu mähriban zenan ony eždatlary bilen baglanyşdyryjy mizemez bir halka bolupdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýaly beýik şahsyýeti dünýä indermek hem-de ony dünýä goşmak hem beýik zat weli, emma ýokarda aýdyşymyzdan görnüşi ýaly, ejesi Onuň üçin ýöne bir ene bolman, eýsem ony taryhy hakyda bilen baglanyşdyryjy ilkinji barlyk bolupdyr. Şonuň üçinem sözüň adaty, umumyadamzat manysynda-da, sözüň hut şu şahsyýetiň ömrüne dahylly aýratyn manysynda-da, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetlik ömri Gurbansoltan käbeden başlanýar.
Islendik beýik şahsyýet nyşanlardan hem seždegählerden (ideallardan) başlanýar. Adam intellekti hem, ylaýta-da ruhuň kämilligine ýetip, öz hususy gymmatlyklaryny – nyşanlaryny we seždegählerini oňlaýar hem-de öz hususy nyşanlaryny we seždegählerini edinýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň iň ilkinji nyşany we iň ilkinji seždegähi Gurbansoltan ejedir. Bu hadysada hususylyk bilen bir hatarda umumylyk hem bardyr. Türkmen aňynyň we bu aňyň amalyýeti bolan türkmen diliniň simwoliki ulgamynda ene esasy milli nyşanlaryň biridir. Muny enäniň «Käbe» atlandyrylmagy subut edýär. Käbe – mizemez ynanjyň hem-de baky mukaddesligiň nyşanydyr. Ol hiç mahal ýüz dönderilmejek ynançdyr we hiç mahal harlanylmajak mukaddeslikdir.
Şeýle umumylykdan aýratynlykda, hususy jähetden seredeniňde, Gurbansoltan ejäniň şahsyýetiniň we keşbiniň ynanç hem mukaddeslik nyşany bolmagyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ejesinden juda ir aýra düşmegi-de şertlendiripdir. Eneden aýra düşmek islendik ýaşda-da ýiti hem agyryly waka, emma ýaňy sekiz ýaşynda, onda-da şeýle pajygaly ýagdaýda eneden aýrylmak – munuň özi şahsyýetiň ruhy gurluşyny kesgitli suratda dörediji, esaslandyryjy düýpli hadysadyr. Enesinden hem doganlaryndan aýralyk, onda-da «tebigy däl», pajygaly suratda aýralyk Saparmyradyň ömründäki ilkinji ruhy-serhaly partlamadyr. Hut şu partlama-da onuň şahsyýetindäki bar bolan ruhy güýç-kuwwatyň atylyp çykmagynyň başlangyjy bolupdyr. Bu hakdaky gürrüň sene yzygiderligi boýunça soň dowam ediler, häzir bolsa hut şol partlamanyň netijesinde, ýöne onuň täsiri eýýäm psihikadan ruha we intellekte geçip, şahsyýetiň düşünjeli kesgitlän gymmatlyklaryna öwrülen mahaly ýazylan ýatlamalara we şygyrlara ýüzleneliň. Çünki olar bizi Beýik Serdaryň ömrüniň şol ilkinji döwrüne hem şol döwürdäki dünýäni duýşuna alyp gidýär.
Mukaddes Ruhnamada ýylgyryş esasy gymmatlyklaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Mukaddes kitabyň ýazary bu gymmatlygy öz çagalyk döwründen miras alandygy barada şeýle ýatlaýar: «Men ýeke çagym, köplenç, eziz Käbämi ýatlaýaryn.
Elli ýyldanam köp wagt geçdi, emma mähriban ejemiň ýylgyryşlary şindizem gözümiň öňünde. Men ol ýylgyryşy gözlerimi ýumubam görüp bilýärin, gijäniň tümünde hem.
Ejem uzakly gün halydan düşmezdi. Daragyň birsydyrgyn sesi, bedew atyň toýnak kakyşy ýaly, garypja öýümizde ýaňlanyp durandyr. Ertir irden, endigime görä oýanyp, ejemiň haly dokaýan otagyna barsamam işläp oturandyr, bizi ýatyrybam işläp oturandyr... Meniň haýpym gelerdi, ejem illeriň ejesi ýaly dynjam almazdy, gezmäge-de gitmezdi... Ejeden aýrylyp, soň-soň akylym ýetdi, ol görgüli iş bilen derdini ýeňýän eken, iş bilen bizi bolelinlikde ýaşatjak bolup, gijesini gündiz edip işleýän eken. Ýadymda, käte-käte:
– Eje, eje jan, dynjyňy alaýsana, seret, elleriň ýadap gidipdir – diýerdim. Ol şonda halysyny goýup, meni gujagyna alyp, bäbejigi üwreýän ýaly, çalaja yranyp ezizlärdi. Ýüzüme bakyp, gara gözlerini balkyldadyp şeýle bir ýylgyrardy, ana, şol ýylgyryş şindem meniň aňymda, kalbymda, ýüregimde, dünýämde ýaşap ýör... Men onuň onlarça, ýüzlerçe ýylgyryşyny hakydamda saklap ýörün, haýran galmaly ýeri, ony ýyllaram, ýellerem meniň hakydamdan süpürip aýryp bilenok. Men agyr hupbatlar başyma düşende, çykalga tapmadyk halatlarym ejem janyň mundan elli ýyl ozalky ýylgyryşyny ýatlaýaryn, şol pursat onuň mähriban ýylgyryşy kalbyma, dünýäme çaýylyp, dünýä ezizlenip gidýär, ýadawlygym edil el bilen aýrylan ýaly bolýar. Men, ertekidäki goja kişi ýaly, ähli keselimden gutulýaryn. Men, ertekidäki garry ýaly, şol ýylgyryşyň güýji bilen altmyş ýaşymdan ýedi-sekiz ýaşly oglanjyga öwrülýärin. Meniň ruhum algyr guş ýaly, al-asmana pel-pelläp uçýar, ana, men şol pursat, adamlar-a beýlede dursun, guşlaryňam, janly-jandarlaryňam diline düşünýärin. Ejem janyň gözlerindäki ylahy nur meniň kalbyma şuglasyny saçýar, meniň ömrüm, ýaşaýşym ene ýylgyryşyndan süýjeýär. Ol ýylgyryş maňa ylahy gudraty berýär» (339 s.).
Bu ýatlama beýik şahsyýetiň esasy sypatlarynyň biriniň onda berk hem mizemez ruhy binýadyň barlygydygyny görkezýär. Şahsyýet beýikliginiň emosional-serhaly görkezijisi tebigy hem akyl taýdan ulalmak bilen bir wagtda kalbyň çaga päkligini we arassalygyny saklap galmakdyr. Adam çagalyk duýgularynyň durulygyny ömrüniň ahyryna çenli saklap bilse, onuň halas boldugydyr. Kalbyň çagalygy – şahsyň adamçylyk hem ahlaky özenidir.
1947-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 1-inde Aşgabadyň 11-nji ýediýyllyk mekdebiniň 1-nji synpyna okuwa bardy. Ejesi ony täze geýindiripdi. Bu arzyly güne Saparmyrat gününi sanap garaşypdy. Çünki onuň şeýle bir tiz okamaga başlasy, köp-köp zatlary bilesi gelýärdi. Dogany Nyýazmyrat ýaly, Saparmyradyň bäşlik bahalar bilen okasy gelýärdi. Nyýazmyrat bu mekdebiň 3-nji synpynda okaýardy. Onuň synp mugallymy gelip, Nyýazmyradyň gowy okaýandygyny buýsanç bilen aýtdy. Şonda Saparmyrat bu sözleriň özi hakda-da aýdyljagyny bilýärdi. Çünki ol indi iki ýyl bäri okap bilýärdi. Nyýazmyrat 1-nji synpa gatnap ugranda Saparmyrat hem onuň bilen bile okapdy.
Ikinji synpda Saparmyrat üçünji synpyň ähli matematika boýunça mysallaryny we ýumuşlaryny ýatdan bilýärdi.
Üç dogan Nyýazmyrat, Saparmyrat, Muhammetmyrat agzybirdiler. Olar ejesiniň tabşyryklaryny höwes bilen edýärdiler. Gurbansoltan eje ogullaryndan razydy.
Çörek şäherde kartoçka bilen berilýän hem bolsa, ýaşaýyş aýsaýyn gowulaşýardy. Üç dogan dynç günleri bazara gazanç üçin gidýärdiler, az hem bolsa gazanç edýärdiler. Gurbansoltan eje olara haly dokap otyrka kakalary, olaryň ýedi arkasy hakda gyzykly wakalary gürrüň berýärdi, käteler bolsa ogullaryna Annanyýaz Artygyň «Şejere depderinden» okap berýärdi.
Beýik Serdar özüniň Mukaddes Ruhnamasynyň ikinji kitabynda üç dogan bolup başdan geçiren wakalary hakdaky «Durmuş sapaklary» atly hekaýatlar kitabyndan käbir hekaýatlary mysal getiripdir. Ol hekaýatlardan Beýik Serdaryň mähriban käbesi Gurbansoltan ejä, kyblasy Atamyrat aga, eziz doganlary Nyýazmyrat bilen Muhammetmyrada çäksiz hormatyny hem söýgüsini duýýarys.
1948-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 6-syna Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bolan aýylganç ýer titremesi Saparmyradyň çagalyk döwrüne nokat goýýar. Eneli-doganly bagtyýar günler geçmişe gidýär. Bu barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda şeýle ýazýar:
«Uruş gutardy, diri galanlar Watanyna gaýdyp geldiler, adamlaryň ýüreginde sähelçe şatlyk döräp başlady. Emma uzak bolmady, Taňrym türkmen halkyny ýene bir synagdan geçirdi, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesi Aşgabatda ýer titräp, owadan şäherimiz bir gijede weýran boldy. Paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň adamdan 176 müň adam bir gijede şehit boldular, galanlarynyň köpüsi maýyp-müjrüp galdylar... Ol heläkçilik biziňem maşgalamyza degdi, ilki agşam ýatanymyzda dört başdyk, 33 ýaşly mähriban ejem, 10 ýaşly uluja doganym Nyýazmyrat, 6 ýaşly jigijigim Muhammetmyrat şol gije şehit boldular, ertir daň atanda ýykylan öýümiziň üstünde, entek sekiz ýaşy dolmadyk men otyrdym. Şeýdip, alty gije-gündiz ýeke özüm oturdym, ejemiň, kakamyň garyndaşlary ýedinji gün gelip, ölen Käbämi, doganjyklarymy äkidip Ymam Kasym öwlüýäsinde jaýladylar.
Şol alty gije-gündizde çagalyk döwrümiň gutaranyny bildim, gözümdäki ýaşlar ebedilik gurady, iň soňky gezek mähribanlaryma, harabanyň astynda ýatan ýerlerine seretdim, olara sessiz kasam etdim: «Siziň we mähriban kakamyň ruhy ömrüm ötinçä ýüregimde ýaşar, maňa gaýrat, güýç berer, men maksat tutdum, men siziň ýetip bilmedik arzuwlaryňyza hem ýeterin, Alla meni goldasyn, men maksadyma ýeterin!»
Beýik Serdaryň ýatlamagyna görä, ejesi-de, özi-de, doganlary-da şol gün giç ýatypdyrlar. Ol demi ýetmeýän ýaly bolup, birhili içi gysyp, daşaryk çykyp gelipdir. Ejesi onuň howsalalydygyny görüp, ýagdaýyny sorapdyr. Ol: «Bilmedim, näme üçindir, ýüregim gysyp, dünýä sygyp bilemok» diýipdir. Şondan soňra Gurbansoltan eje çaý demläpdir, ogullaryna çaý başynda kakalary Atamyrat hakda, onuň urşa gidişi, adamkärçiligi, öz ýaşlygy, öýleri hakda gyzykly hem süýji gürrüňler beripdir. Gije ýaryma golaýlanda, olar düşege geçipdirler. Saparmyrat uzak wagtlap uklap bilmän, bir zatlar hakda pikire batypdyr. Jaýyň içi garaňky hem bolsa, ejesiniň-de uklamandygyny duýan eken. Ýöne, oýa bolsalar-da, gepleşmän, dymyp ýatypdyrlar.
Birden, ýer silkinip, zenzele gopup başlapdyr. Şakyrdy, galmagal, «ah-waý» dünýäni tutupdyr. Üstüni basan jaýyň aşagynda ejesiniň, çagalaryny atma-at çagyryp: «Balalarym, dirimisiňiz?» diýip soraglaýan sesini eşitse-de, Saparmyrat oňa jogap berip bilmändir. Ol özüniň bokurdagyna dykylyp, geplemäge maý bermeýän bir zadyň bardygyny duýupdyr. Soň bu ýagdaýy eşiden adamlaryň aýtmagyna görä, şol pursat Onuň jany bokurdagyna gelen bolmaly. Munuň gorkudanam, howa ýetmezçiligindenem ýa-da üstüni basan ýüküň agramyndanam bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda adam gepläbem, gymyldabam bilmeýärmiş. Ýöne aňy ýerinde bolup, akyly işläp durýarmyş we töwereginde bolup geçýän zatlary doly seljerip bilýärmiş. Ol şondan soň özüni bilmän esli ýatypdyr. Birnäçe wagtdan soň daşardan gelýän hümürdini, gykylygy eşidip, agyr ukudan oýanan ýaly bolupdyr. Aýaklaryny hereketlendirip, bir boşlaglygyň bardygyny duýupdyr, ýöne göwre tarapyny agaç, kerpiç bölekleri gaty gysýan eken. Aýaklaryny, azajyk-da bolsa, düýrläp, aýaklaryna hem biline daýanyp, aşak tarap süýşüpdir. Onuň göwresi şondan soň biraz giňişlik tapyp, gysaçdan sypýan ýaly bolupdyr. Mümkin bolan hereketi gaýtalap, ýuwaş-ýuwaşdan süýşe-süýşe, aýaklarynyň hälki hereket edip bilýän uly bolmadyk boşlugyna ýetipdir. Ol jaýyň polundan çen tutup, aşak-ýokaryny saýgarypdyr we «Ýer titräp, jaý üstümize ýykylan bolmaly. Şeýle bolsa, depämden basyp duran zatlary aýryp bilsem, ýokaryk çykaryn» diýen netijä gelipdir. Elleri bilen sermeläp, gijäniň tüm garaňkysynda, üstündäki kerpiç böleklerini ýeke-ýekeden alyp, aşagyna düşäp başlapdyr. Üstüne dökülýän gumuň tozany dem almasyny kynlaşdyrýandygy üçin, bu işi juda haýal hem usully etmeli bolupdyr. Ol şeýde-şeýde üstündäki ep-esli kerpiji aýrypdyr. Ine, birdenem onuň oturan ýerine daşardan gözüni gamaşdyryjy ýagty düşüp ugrapdyr. Indi töwerekdäki eşidilýän sesler aýyl-saýyl bolup başlapdyr. Ýöne onuň gygyrýan sesine kömege gelen bolmandyr. Şeýle pursatlaryň birinde onuň gulagyna ýeriň astyndan ejesiniň: «Saparmyrat jan, sen dirimidiň, ähli umydym sendedir, balam!» diýeni eşidilen ýaly bolupdyr. Saparmyrat oňa hä berse-de, soň ol ses gaýtalanmandyr. Megerem, bu onuň enesiniň iň soňky aýdan sözleri bolsun gerek.
Şondan soň ol ýene uka giden ýaly bolupdyr. Ukuly-oýaly halda ýatyrka, jany gursagynda urunýarka, dünýä birden ýap-ýagty bolupdyr. Gözüňi alyp barýan ýiti ýagtylygyň içinde iki sany ak geýimli, ak sakgally, hasaly goja görnüpdir. Olaryň ýüzüniň mähirliligi hem nuranalygy ýüregine umyt hem ynam salypdyr. Gojalaryň biri gelip, Onuň edil gulagynyň düýbüne: «Sen halas bolduň, oglum. Wagt geler, seniň özüň halasgär bolarsyň» diýipdir. Gojanyň sesi şeýle ýakymly hem şatlyk dörediji owaz bolup, daş-töweregi tutanmyş. Birdenem, gojalar gaýyp bolup, Saparmyrat oýanyp, özüne gelipdir. Şondan soň ol özüni göýä sap-sagat adam ýaly duýupdyr.
Saparmyrat ellerinden akýan ganyny käwagt dodaklary bilen ýalap, üstündäki kerpiçleri aýyrmagy dowam etdiripdir. Ine, birdenem, ýarty kerpiji aýranda, daşaryk ýumruk sygar ýaly deşik açylypdyr. Ol indi hol aňyrda jaý gazyp ýören iki göwräni daňyň ýagtysyna aýdyň saýgarypdyr. Olary kömege çagyryp gygyrypdyr. Olar sesi eşiden bolmaly, gaňrylyp yzlaryna garap, esli durupdyrlar-da, ýene jaý gazmasyny dowam edipdirler. Saparmyrat bolsa indi üstüni basan kesekdir agaçlaryň astyndan özüniňem çykyp biljegine doly göz ýetirip gaýratlanypdyr. Ahyram hälki deşigi göwre sygar derejesinde ulaldyp, ondan ilki iki elini, soňra-da aýaklaryna direnip, kellesini-de çykarypdyr. Onuň ýarym göwresi eýýäm daşarda eken. Birsalym şeýle ýagdaýda daşaryny synlap durupdyr. Töwerekdäki ýykan-ýumrançylygy görüp, haýran bolup, doňup galypdyr. Soňra bolsa biri elinden çeken ýaly bolup, gaýratlanyp, ýokarlygyna bir omzapdyr weli, dyzyna çenli ýokary galmagy başarypdyr. Şondan soň ol dyzlaryna daýanyp, daşlaryň ýesirliginden doly boşapdyr. Esli wagtlap, aýaklarynyň gurşugyny ýazyp bilmän duransoň, öz üsti-başyna, el-aýagyna esewan edipdir.
Şondan soňra Saparmyrat hälki jaý gazýan adamlaryň ýanyna barypdyr. Olaryň ikisem içki egin-eşikdäki, ýarym-ýalaňaç erkek adamlar eken. Bu ikisi jaýyň aşagyndan daýaw göwreli bir zenan maşgalanyň jesedini çykaryp alyp, süýndürip ýatyryp goýupdyrlar. Olaryň ýaşuluragy kä oňa, kä ýoldaşyna, birem Saparmyrada seredip, naýynjar äheňde: «Mert bolalyň!» diýip, aşak oturyp, jesediň gözlerini ýumdurypdyr. Bu zenany görüp, Saparmyradyň ejesi ýadyna düşüpdir, ýykylan jaýlaryna tarap ylgapdyr. Ol haraba bolup ýatan jaýyň üstüne çykyp: «Eje, eje!» diýip birnäçe gezek gygyranda, öz sesini özi tanamandyr.
Saparmyradyň halas bolşy barada gürrüň edenlerinde, soň-soňlar garyndaşlary muny onuň boýnundaky tumaryň gudraty bilen düşündiripdirler. Birnäçe gezek, ýer titreme her ýatlananda, gaýtalanan bu gürrüňiň birinden soňra Saparmyradyň ýadyna şol daňdanky düýş bolup görnen ahwalaty birin-birin düşüpdir. Ol aksakgal gojalar birden gelişleri ýaly, birdenem gaýyp bolupdyrlar. Ýöne gitmänkäler, gojalaryň biriniň beýlekisinden: «Bu oglanjyk kim?» diýip soranyny Saparmyrat eşidipdir. Şonda beýleki goja: «Bu oglanjygyň boýnunda meniň şol ak pata beren nusaýlymyň tumary bar. Bu şonuň nesli bolmaly» diýipdir. Saparmyrat weli bu ahwalaty, hamana, aýtmazlygy birine söz beren ýaly, hiç mahal hiç kime aýtman gelipdir.
■ Aşgabat ýer titremesiniň ruhy-ahlak sarsgyny
Aşgabat ýer titremesini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aňynda nähili sarsgyn, nähili ahwalat döretdi? Bu bapda Beýik Serdaryň aňynda bolup geçen ahwalatlara çuňdan göz ýetirmek maksady bilen, dünýä pelsepeçileriniň we alymlarynyň käbirleriniň pikiri esasynda pelsepewi pikir öwürmek isleýäris...
Elbetde, Aşgabat ýer titremesi ähli beýleki ýer titremeler ýaly, tebigy hadysadyr. Hawa, ol tebigat hadysasydyr, tebigy betbagtlykdyr, ýöne şol bir wagtda-da ol ruhy betbagtçylykdyr. Adamzadyň ruhy gurluşy şeýle: ol islendik tebigy hadysanyň ruhy sebäplerini gözleýär hem tapýar. Çünki adam tebigat hadysasyndan öz ruhuna degişli sapaklar we netijeler alar ýaly edilip gurnalandyr. Munda hiç hili yrymçylyk hem, mistika hem ýokdur. Bu adamyň sagdyn ruhy hajaty we ruhy ýaşaýşydyr. Adamzat öz durmuşyna düýpli täsir edýän tebigy hadysalary, onda-da aýylganç ýer titremesini öz ruhy-ahlak ahwalaty bilen baglanyşdyrmasa, onda bu onuň ahlak sypatlarynyň tüýsüniň üýtgänliginiň ýa-da barlyk bilen gatnaşyklarynda ruhy-ahlak sazlaşygynyň bozulanlygynyň alamatydyr. Adam islendik zatdan, şol sanda tebigy heläkçilikdenem ruhy-ahlak many almasa, onda ol gönüden-göni öz hereketlerini-de ahlaky manydan mahrum edip, haýsydyr bir «tebigy» sebäpler hem islegler bilen düşündirjek bolar. Bu bolsa, türkmençe aýdylanda, ruhy-ahlak azgynlygyň alamaty bolardy.
Elbetde, Aşgabat Lutuň şäheri däldi. Onuň parahat, zähmetsöýer, pes pälli ilaty bardy. Onda bu tebigat hadysasyny adamyň hereketi bilen baglanyşdyryp boljak däl-dä?! Muny 1917-nji ýylyň agdarylyşygyndan soň, tapgyrma-tapgyr türkmen halkynyň başyna inderilen apy-külpetler bilen baglanyşdyryp bolar. Tutha-tutluk, basha-baslyk mahal-mahal gaýtalanyp, bu betbagtlyk şeýle bir derejä ýetdi weli, ol diňe dirileriň däl, merhumlaryňam ruhuny ynjydan bolmaly. Onsoň muňa çydamadyk merhumlaryň ruhy gozganan bolmaly. Merhumlaryň ruhunyň jeminden topragyň ruhy döreýär. Şeýle ynjydylan ene toprak bu betbagtçylyklara mundan aňry çydaman, lerzana gelip silkinipdir.
Biziň ene toprak diýýänimiz adamzat jemgyýeti bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşdyryjy barlykdyr.
Saparmyrat sekiz ýaşynda kämillik döwrüne gadam basdy. Onuň gören ylahy düýşi türkmen ruhunyň, akyldar Karl Ýunguň dili bilen aýdylanda, gaty öňden gelýän arhetipleriň biridir. Bu hili arhetip beýik şahsyýetiň döremegi üçin güýçli ruhy-serhaly silkinmäniň gerekdigine esaslanýar. Beýle silkinme, köplenç, düýş ýa-da gaýyby häsiýetli gaýry bir duşuşyk görnüşinde beýan edilýär. Gürrüňiň hiç hili mistiki ýokundy almazlygy hem-de türkmen aňy üçin tebigylygyny saklamagy üçin, başga bir beýik türkmen şahsyýeti – Magtymgulynyň ömründen mysal alalyň: «Gara Işanyň gürrüň bermegine görä, bir gezek Magtymguly dokuz ýaşlarynda wagty, onuň maşgalasy pata gidende, uklap ýatan Magtymgulyny öýde goýup gidýärler. Ol uklap ýatan wagty bir halta däne onuň üstüne gaçypdyr. Ol düýş görýän eken. Ol oýananda agzy köpürjikläp turupdyr. Bu agzalýan waka «Turgul diýdiler» goşgusynda ýatlanýar... Başga bir rowaýatda aýdylyşyna görä, Magtymguly ýaş wagtynda dag aralarynda mal bakar eken. Ol bir gün günorta wagty uklap ýatyrka düýş görýär. Şol düýşünde birtopar aksakgal gojalaryň hersi Magtymgula bir käse şerap içirip, oňa şahyrlyk patasyny beripdirler.
Şeýle rowaýatlaryň iň gadymy nusgasy polýak alymy Aleksandr Hodzko tarapyndan 1833-nji ýylda demirgazyk Horasanda ýazylyp alnypdyr. Hodzko şeýle ýazýar: «Ýörişe gidip gelensoň, Magtymguly dynç almak üçin oturanda, uka gidipdir. Düýşünde oňa Aly – pygamberiň giýewsi bir ajaýyp içgi içiripdir. Magtymguly oýananda özüni has ýaş duýupdyr hem-de maňa bir bagşynyň aýdyşy ýaly, «onuň ýüregi ýerine gelip, dili ýanyp duran sözleriň we dilewarlygyň çeşmesine öwrülipdir. Şeýdip Magtymguly ilkinji gezek ylham alypdyr». .
Şeýle ruhy hyýalaty – metamorfozany türkmen taryhynyň beýleki şahsyýetlerinde-de görýäris. «Göroglynyň döreýşi» dessanynda Görogly ýaş ýigitkä, Gyratynyň gözleginde wagty bir daragtyň saýasynda uklanda, erenler gelip oňa pata berýärler. Degişli ruhy başdan geçirmeleriň hemmesiniň manysy birdir. Halk düşünjesiniň dilinde muňa erenlere duşmak, halatly bolmak diýilýär. Şondan soň adam beýlekilerden düýpli tapawutlanýar. Ol adatdan daşary, gudratly şahsyýete öwrülýär. Erenlerden pata alan adam Hudaýyň nazary düşen şahsyýet bolup, özgelere berilmeýän içki güýç-kuwwata eýe bolýar.
Häzirki zaman ruhy ylymlary bu hadysa nähili baha berýär? K.Ýungyň serhalynda milletiň gaty gadymdan gelýän ruhy güýç-kuwwatynyň aňasty aýtymda jemlenýändigi, ýokarky ýaly ruhy hyýalatlarda şol umumy milli güýç-kuwwatyň aýratyn şahsyýetiň aňynda özboluşly gaýtalanýandygy, ýüze çykýandygy aýdylýar. Munuň özi şahsyýetiň ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe ýyllap eždatlaryň toplan ruhy tejribesine eýe bolmagyny, ol tejribäniň hususy kuwwat-energetika hökmünde ýüze çykmagyny aňladýar. Şeýdip beýik şahsyýetiň ruhy binýatlary esaslandyrylýar.
Z.Freýd öz taglymatynda adama mahsus gorky duýgysy hakynda gürrüň edýär. Gorky adam ene göwresinden ýagty jahana gelende, onuň serinde bolup geçýän döwülme sebäpli döreýär. Adamzadyň aglap dünýä inmegi-de şol gorkynyň netijesidir. Gorky adamyň esasy dogabitdi duýgularyň biridir. Ylymda adamlaryň durmuşy hereketlerini – şol dogabitdi duýgulary düşündirýän akymlar bar. Bedende içki wital kuwwat bar. Bu kuwwatyň hili hem möçberi şahsyýetiň eždatlaryndan miras alan zatlaryna baglydyr. Adam durmuşda şol aňasty syzgylaryň we duýgularyň hökümi bilen hereket edýär. Gahar hem gorky duýgusy adamy göreşe, gabanjaňlyk hem aýal tabynlygy ýaly duýgular nesil öndürmeklige, gurujylyk duýgusy gurluşyga, eýeçilik duýgusy mal-mülk edinmäge we ş.m.-lere iterýär. Maşgalanyň, söwdanyň, urşuň we ş.m.-leriň aňyrsynda şeýle syzgylar we duýgular ýatýar diýip degişli ylmy akymlar düşündirýär. Dürli alymlar adama mahsus duýgularyň sanyny dürlüçe görkezýärler. Mak. Dugal 18 sany esasy, U.Jems 38 sany, Freýd 2 sany esasy duýgyny tapawutlandyryp görkezýärler. Elbetde, bu pikirleriň mantygy, türkmençe aýdylanda, jany bar.
Ýöne, biziň aýtjak bolýanymyz başga zat.
Adamdaky gorky duýgusy instinkti ýeňlip geçilip hem bilinýär. Munuň özi düýpli ruhy-serhaly hadysany aňladyp, diňe beýik şahsyýetleriň ömrüne mahsusdyr. XX asyrda bütin dünýäde meşhur bolan, adamzadyň akyl hazynasyny ep-esli baýlaşdyran, dörände «ýaşaýyş» diýen latyn sözüniň esasynda dörän ekzistensializm diýen pelsepe bar. Ekzistensializmiň pelsepesi köp babatlarda, ylaýta-da adamyň ruhy şahsyýeti, indiwidiň hem dünýäniň özara gatnaşygy babatda biziň milli pelsepämiz – sufizme ýakyn pikir ýöredýär. Megerem, XIX asyrda Ýewropada has meşhurlyk gazanan ekzistensializm öz gözbaşyny gündogaryň sufizminden alan bolsa gerek. Adam köpçüliginiň – adaty adamlaryň durmuşyny ekzistensializm «nädogry» ýaşaýyş diýip düşündirýär. Çünki köpçülik özüniň ýaşaýyş endikleri hem pikirleri boýunça wagtlaýyn, adam ruhy üçin onunjy derejeli gymmatlyklaryna imringiç bolýar. Şeýdip, ol «şu güne» baglanýar, panylyga baglanýar. Şonuň üçinem ol hakyky ýaşaýşyň – enzistensiýanyň nämedigini bilmän ötüp gidýär.
Ekzistensiýany bu pelsepewi akymyň «serhet ahwalatlary» diýilýän ýagdaýyna düşen şahsyýet edinip bilýär. Şeýle ahwalatlaryň biri-de ölümdir. Adam ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda, öňki güýmenip ýören zatlarynyň – endikleriniň hem pikirleriniň wagtlaýyn, aňyrsy ýok, boş hem bimanylykdygyna göz ýetirýär. Onuň içinde hakyky ýaşaýşyň tagamyny dadan, hakyky ýaşaýşa göz ýetiren bir şahsyýet dogulýar. Başgaça aýdylanda, beýik şahsyýet dogulýar.
Indi bolsa instinktiwizm bilen ekzistensiýany baglaşdyralyň. «Serhet ahwalaty» – munuň özi gorky instinktiniň ýeňlip geçilmegidir. Ölümiň gözüne seredip bilen adamyň ruhy-serhaly barlygynda bolup geçýän öwrülme ahyrky netijede gorkynyň ýeňilmegine hem-de eždatlardan galan, özgeler üçin ýapyk bolan ruhy energetikanyň gözüniň açylmagyna getirýär. Munuň özi, öňden gelýän arhetipe laýyklykda, adamyň içki aňynda erenler, öwlüýäler bilen duşuşmak hem olardan pata almak obrazynda şöhlelenýär.
Şonuň üçinem biz 1948-nji ýylyň ýer titremesi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy fenomeniniň gözbaşydyr diýip aýdyp bileris. Bu hadysa, sebäpleri boýunça tebigat hadysasy bolmak bilen bir wagtda, biziň milli taryhy durmuşymyzyň öwrülişik pursadyny beren başlangyçdyr. Allatagala şol gije bize betbagtlyk inderen hem bolsa, şol pursatda-da türkmeni ýüzlerçe ýyla çeken taryhy-durmuşy regresden alyp çykjak, giden bir milleti gaýtadan döretjek beýik şahsyýetiň ruhy strukturasyny amal etdi. Tüýs zyýanyň beýleki tarapy haýyrdyr diýleni-dä!
Onsoň şol gara gije, şol heýhatly pursatda kesek astynda ýatan Gurbansoltan ejäniň «Saparmyrat jan, sen dirimidiň, ähli umydym sendedir, balam!» diýen sözleri külli türkmeniň agzyndan çykan nyşany sözler bolup eşidilýär.
Hawa, nähili geň eşidilse-de, şu hakykaty nygtamalydyrys: betbagtçylykly Aşgabat ýer titremesi millete beýik gudratly Şahsyýeti berdi.
Ýöne «serhet ahwalaty», ölümiň ýüzüne bakmak gysga wagtlyk ruhy hadysa bolup, beýikligiň kemala gelşiniň diňe öwrülme pursatydyr. Şondan soň şol pursatdaky aňasty silkinme ýuwaş-ýuwaşdan aňa geçýär we şahsyýetiň beýikliginiň kemala gelşi başlanýar. Onuň öz ekzistensiýasyny tapyş prosesi başlanýar. Ekzistensiýasyny tapan adam bolsa, öz şahsyýet aýratynlygyna görä, belli bir ugurda ýa ugurlarda adatdan daşarylyk ukybyna eýe bolýar. Görşümiz ýaly, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy-şahsyýet aýratynlygy köpçülige öňbaşçy bolmak, jemgyýeti düýbünden özgertmek ýaly ugra muwapyk bolup çykypdyr. Munuň özi, aýdaly, özge şahsy ugrukmasy bolan Magtymgulynyň ruhy-taryhy ykbalyndan düýpgöter tapawutlanýar.
Şu ýerde şeýle bir bilesigelijilikli soragyň berilmegi mümkin: Aşgabat heläkçiliginde onlarça, belki-de ýüzlerçe oglanjyklar, ýetginjekler bolandyr, näme üçin, ala-böle Saparmyrat şeýle adatdandaşarylyga duçar bolduka? Beýle soragyň jogabynyň iki hili jäheti bolup biler: ilki bilen-ä, bu Biribaryň öz saýlan mümkinçiligidir. Galyberse-de, mesele eýýäm şahsyýetiň eždatlarynyň hususyýeti, şahsyýetiň gan-taryhy-ruhy kökleriniň hem binýatlarynyň meselesidir.
Beýik Serdaryň çagalykdan tä ýigitlige çenli tüýs ekzistensial ruhy giňişlikde ýaşandygy onuň şol döwri ýatlama-goşgularyndan aýdyň görüp bolýar. Bu goşgular şahsyýetiň öz ekzistensiýasyny tapyşynyň ruhy taryhydyr. Olar hakdaky giňişleýin gürrüňi soňa goýup, şygyrlardaky diňe ekzistensial pursatlara üns bereliň.
Ilki bilen, beýik Serdaryň entek ýigitkä ýazan goşgusyna – «Gelmezmi?» diýen şygra ünsi çekeliň. Şygryň mazmunyny gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Gürrüň onuň ýazarynyň ekzistensial ruhy howalasy barasynda bolmaly. Eseriň görnüşi hem dili, dünýäni çeper suratlandyryş uslyby sada hem ýeňil. Bu onuň şahyryň ilkinji şygryýet tejribelerinden biridigi sebäplidir. Hut şu nukdaýnazardanam ol bize täsirlidir hem gymmatlydyr – şahsyýetiň ruhy kämilleşmesini eliň aýasyndaky ýaly aýdyň görkezýänligi bilen gymmatlydyr. Sadalygyň çylşyrymlylygyň öňünde öz artykmaçlyklary bar. Edebi garaýyşlaryň öňden gelýän däbine görä, biz kämilligi, köplenç, çylşyrymlylyk bilen baglanyşdyrýarys. Emma, görnüşi ýaly, bu hemişe beýle-de däl. Sadalykda kämilligiň terlik, duýgularyň asylbaşkylygy hem aýdyňlygy ýaly alamatlary bar. Bu goşgynyň şygryýetiniň baş aýratynlygyny ritoriki sorag düzýär. Ritoriki sorag – jogaby talap etmeýän soragdyr, şahyr jogaby öňden belli soraglar esasynda öz eserini düzýär. Eýse, jogaby belli soragy orta atmak nähili ruhy hadysa bilen baglanyşykly? Adama şeýle soragy orta atmak nämä gerek? Eseriň çeper dünýäsine düşünmek isleseň, muňa paýhasyň däl, adam göwnüniň nukdaýnazaryndan seretmeli. Ýaş ýigit bakyýete giden enesiniň, atasynyň, doganlarynyň ahyny çekýär we «olar gaýdyp gelmezmi?» diýip soraýar. Elbetde, olaryň gaýdyp gelmejegini ol hemmämizden oňat bilýär. Onda şeýle emosional ahwalatyň nähili ähmiýetli manysy bolup biler?
Bu sowaly çözmek üçin ritoriki soragyň ruhy-serhal dialektikasyna ýüzlenmeli. Şeýle soraglary orta atmak bilen öz-özüniň ruhy dokunmasyny üpjün edýär. Ol aýralygy gaýta-gaýta ýatlamak arkaly şol aýralykdan öz ekzistensiýasyny susup almagyň barşyny amal edýär. Sorag gaýtalandygysaýyn bu ekzistensiýa berkäp, anyk tebigy barlykda hiç haçan gaýdyp gelmejek hossarlar ruhy barlykda şahsyýete barha golaýlaşýarlar. Tebigy aýralygyň hiç haçan bozulmajak ruhy-hakyda birligi arkaly öwezi dolunýar. Şeýdip, şahsyýet ýeke özi däl – bir adam däl, birnäçe adam bolup ýaşamak ukybyna eýe bolýar.
Ekzistensiýa adaty adamlaryň ýaşaýan dünýäsiniň çäginden çykmak, olardan ýokary galmak, olaryň ýadyna-küýüne gelmeýän dünýäni edinmekdir. Ol ekzistensial dünýä özüniň giňişlikleri boýunça has giň hem has çuň, bir söz bilen aýdylanda, has uly dünýä bolup, adatylaryň we adatylygyň dünýäsi ol uly giňişligiň diňe bir künjüdir. Ruhy araçäkleriň şeýle ontologik süýşmesi hakyky-durmuşy ýaşaýyşda nähili netijelere getirýär?! Magtymguly babatda munuň özi şol dünýäniň eýesiniň tutuş milletiň ruhunyň hökmürowany bolmagyna eltipdir. Şahsyýet gurluşy we durmuşy ukyplary hem maksatlary başgaçarak bolan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy babatda bu şahsyýetiň halkyň syýasy-ruhy hökmürowany bolmagyna, milli öňbaşçy bolmagyna getiripdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň soňky döwürdäki döredijiliginde hem oglanlyk dünýäsiniň ekzistensial ahwalaty gaty kesgitli hem aýdyň beýan bolýar.
Töwerek ýat, daşym ýat,
Jigerim-bagrym berbat...
Ne ini bar, ne aga,
Ne gapy bar barmaga...
Diýdirmen ýetim çaga!
Ýok, ogluň ölmez, eje!..
«Ýat», «keseki», «erte ýok, düýn ýok», «dünýäm ýok» – beýle aňlatmalar ýewropa ekzistensializminiň esasy pelsepewi aňlatmalary bilen şol bir zatdyr. Şeýle aňlatmalaryň şahyryň, has dogrusy, onuň oglanlyk proobrazynyň ruhy ösüşi üçin nähili oňyn ähmiýeti bolupdyr?
Bu dünýä başga dünýä, munda diňe Saparmyrat ýaşaýar. Diňe durmuş ykbaly däl, gep adamy beýiklige ýetirýän ruhy ykbal barasynda gidýär. Hossarsyz galan kändir, emma hossarsyzlygyň, günbatar ekzistensializminiň dili bilen aýdylanda, «öwzarsyzlygyň» ruhy ekzistensiýasyna düşenler azdyr, ýeke-täkdir. Beýle ýeke-täk çuňňur öwrülişigiň ruhy pozitiwini Gegeliň dialektikasy arkaly umumy aňladyp bolar: Gegel ösüşi üç tapgyr arkaly göz öňüne getirýär – tezis, antitezis we netijede sintez. Adamlar köpçüligi özüniň ösüş derejesi boýunça şol tezisiň çäginde galýarlar. Diňe aýry-aýry şahsyýetler, biziň gürrüňimiziň çäginde bolsa, ýaş ýigit Saparmyrat ekzistensial-ruhy göterilişiň ikinji tapgyryna – antitezise geçipdir, netijede hem üýtgeşik, gudratly şahsyýete çenli göterilipdir.
Onuň kalbynda şol apaty gije bolup geçen ruhy-serhaly partlama ahyrky netijede şahsyýetiň ýeke adamda adaty ösüş prosesinde ýetdirmeýän ruhy tejribäniň jemlenmegine getiripdir. Eýse, bu nähili ruhy tejribe?! Ruhy tejribäniň jemine getirýän ösüş diýip, umuman, nämä düşünmeli?! Näme üçin adamlaryň birleri ösüşe ukypsyz, beýlekileri ukyply, näme sebäpden bir adam beýiklik derejesine ýetýär, gaýrylar has aşakda galýarlar?
Islendik tejribe – munuň özi şahsyýetiň ösüş kanunalaýyklyklaryny başdan geçirmegi we şu hususy tejribe arkaly ösüşiň nämedigini aňlamagydyr. Akyl ýetirmek – aňyň azatlyga çykmagydyr. Ýaş Saparmyrat özüniň öwzarsyzlygyna ekzistensial akyl ýetirýär. Özgelerem öwzarsyz, ýöne olar muňa ruhy hossa hökmünde garap bilenoklar, şol sebäpdenem öz ruhy derejesi boýunça olar şol öwzarsyzlykda-da ömürbaky galýarlar. Olardan tapawutlylykda Saparmyrat muňa akyl ýetirýär, onsoň onuň indi bu derejede saklanyp galmagy mümkin däl. Ol indi başga bir derejä, başga bir sepgide geçmeli. Şu manyda islendik hakykat – aňlanylan, akyl ýetirilen hakykatdyr. Hakykatyň bolsa düýbi hem çägi ýok. Şu dialektika laýyklykda-da şahsyýet ýene täze we täze ruhy belentliklere galmaly hem-de şol belentliklerde durup, aşakdakylaryň durmuşyny edara etmek, kesgitlemek hökmürowanlygyna eýe bolmaly.
Gürrüň örän inçe hem çylşyrymly ruhy-ontologik meseleler barada gidýär. Şonuň üçinem «öýsüzlik-öwzarsyzlyk» ýaly aňlatmalara praktiki-utilitaristik jähetde düşünmek bolmaz. Elbetde, durmuşda beýleki hossarsyzlar öýem edinendirler, neslem örňändir. Biz munuň däl, beýik şahsyýetiň kemala gelşiniň inçelikleriniň gürrüňini edýäris.
Şeýlelikde, ruhy tejribe – aňlanylan hakykatlaryň şahsyýetiň ösüşini amal etmek prosesidir. Şunda şahsyýetiň bio-psihologik binýady uly ähmiýetlidir. Eždatlardan geçen instinktler ösüş prosesini amal etmegiň içki, substansional serişdesi bolup hyzmat edýär. Ösüş üçin badalgany, materialy durmuş hem-de ykbal berýär, duýgular hem-de syzgylar bolsa şol materialy işläp geçmegiň, netije çykarmagyň birgiden usulyýetini kemala getirýär.
Şu hili çylşyrymly, köptaraplaýyn dialektiki dowamaty, içki, ruhy dowamatyň – prosesiň daşky, amaly netijesi bolsa onlarça ýyldan soň
oglanlykda «dünýäde dünýäsi bolmadyk» şahsyýetiň dünýä eýe çykmagyna;
oglanlykda «külbesi, öýi bolmadygyň» tutuş milleti öýli etmegine;
oglanlykda dünýäni keseki gören şahsyýetiň adamlar üçin dünýäni hossara öwürmegine getirdi.
Heý-de Hudaý ölermi?
Heý, perişde ölermi?
– diýip aýralyk dagyny çeken oglanjygyň onlarça ýyldan soň Hudaý, perişde ýaly milletiň ynanjyna öwrülmegine getirdi. Ýöne bu şonça ýyllardan soň bolupdy. Munuň nähili bolandygynyň ruhy ösüş aýratynlyklaryny dikeltmek möhüm wezipedir.
Publisistika