1932-nji ýylyň ahyrlarynda Kerkä gelen Atamyrat asylly ahlak sypatlary, işeňňirligi, hoşgylawlygy, sowatlylygy bilen oba adamlarynyň arasynda uly hormata eýe bolýar. Atamyrat 1937-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ine Kerki şäher maliýe bölümine işe geçýär hem-de tiz wagtdan Aşgabatdaky hasapçylary taýýarlaýan üç aýlyk kursa okuwa iberilýär. Kursy tamamlap gelen Atamyrat bir ýyllap maliýe bölüminde işleýär. Soňra Kerki şäheriniň maliýe bölüminiň bölüm müdiri N.Lobanowyň buýrugy esasynda 1938-nji ýylyň maý aýynyň 1-nde onuň okruga işe ugradylýandygy hakdaky resminama Kerki şäheriniň arhiwinde saklanyp galypdyr. Atamyrat Nyýazow bilen baglanyşykly resminamalar bilen tanşanyňda, onuň öz işiniň hötdesinden abraý bilen gelendigi görünýär.
Ine, Kerki etrap arhiwindäki Atamyrat Nyýazow bilen baglanyşykly resminamalaryň diňe käbiriniň mazmuny.
Buýruk № 63
Kerki şäher halk magaryf bölümi
1934-nji ýylyň 10-njy apreli .
5.1934-nji ýylyň 1-nji martyndan Çekir obasynyň mekdebi boýunça şu aşakdaky stawkalary girizmeli: ...
6. Ata Nyýazowa – esasy oklady 110 manat, likbez üçin – 51 manat, müdirligi üçin – 10 manat bellemeli. Jemi – 171 manat.
Çekir obasynyň mekdebiniň mugallymlary:
1. Berdiýew Geldi,
2. Hojamuhammedow Baýrat,
3. Hangeldiýew Ata,
4. Seýitkulow.
Esas: şäher halk magaryf bölüminiň görkezmesi.
R-4, op-2, d.1, l.43 ob.
Buýruk № 123
Kerki şäher halk magaryf bölümi. 9.VII.1934 ý.
Çekir Oba sowetiniň mugallymlarynyň
zähmet dynç alşynyň
tertibi hakynda.
1. Berdiýew G. 1 aý, 1934-nji ýylyň 5-nji iýunyndan 5-nji iýulyna çenli.
2. Ata Hanow, 1 aý, 1934-nji ýylyň 5-nji iýunyndan 5-nji iýulyna çenli.
3. Ata Hojaýew, 1 aý, 1934-nji ýylyň 5-nji iýunyndan 5-nji iýulyna çenli.
4. Ata Öwezkulyýew, 1 aý, 1934-nji ýylyň 5-nji iýunyndan 5-nji iýulyna çenli.
5. Ahmedow (ady görkezilmändir), 1 aý, 1934-nji ýylyň 5-nji iýunyndan 5-nji iýulyna çenli.
6. Ata Nyýazow, 1 aý. 1934-nji ýylyň 5-nji iýunyndan 5-nji iýulyna çenli.
Esas: şäher halk magaryf bölüminiň görkezmesi.
R-47, op-2, d.1, l.55
Buýruk № 54
Kerki şäher halk magaryf bölümi.
1935-nji ýylyň 15-nji marty.
Ata Nyýazowy 1-nji klasy okatmaklykdan boşadyp, ozalky oklady we ýeňilligi bilen 2-nji klasda okatmaklykda galdyrmaly. Şol bir wagtyň özünde Ata Nyýazowy 60 manat oklad bilen kolhoz aktiwiniň arasyndaky çagyrylyş ýaşyna ýetmedik çalasowatlylaryň mekdebine mugallym edip bellemeli.
Esas: şäher Halk magaryf bölüminiň
müdiriniň orunbasarynyň görkezmesi.
R-47, op-2, d.2, l.27.
Buýruk № 66
Kerki şäher Halk magaryf bölümi.
1935-nji ýylyň 31-nji marty.
10. 1935-nji ýylyň 25-nji aprelinden, №100 Karar boýunça mugallym Ata Nyýazowa 60 prosent ýokarlandyrylan aýlyk hakyny bellemeli.
Esas: şäher halk magaryf bölüminiň müdiriniň orunbasarynyň görkezmesi.
R-47, op-2, d.2, l.37 ob
1937-nji ýylyň başynda Bolşewikleriň Bütinrussiýa Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň we SSSR Halk Komissarlar sowetiniň kararlaryna laýyklykda likbezleriň hem-de mekdepleriň mugallymlarynyň işlerine täzeden seredilýär. Şol karar esasynda Kerki şäher halk magaryf bölümi-de ýörite buýruk taýýarlaýar. Ine, şol buýrugyň mazmuny hem-de onuň Atamyrat Nyýazowa degişli ýeri.
Buýruk № 31
Kerki şäher Halk magaryf bölümi.
1937-nji ýylyň 22-nji fewraly.
6. BK(b)P MK-nyň we SSSR Halk Komissarlar Sowetiniň kararlaryna laýyklykda 1937-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndan çalasowatlylaryň mekdepleriniň hem-de likbezleriniň mugallymlarynyň Kerki raýony boýunça şu aşakdaky stawkalaryny we okuwçy sanlaryny tassyklaýaryn...
4. Ata Nyýazow... Mekdebiň adresi – Daşlyk Oba soweti, «Sosializm» kolhozy. Likbez – 1 gr. Okuwçylaryň sany – 35, Stawka – 99.00.
Esas: R-47, op-2, d.6, l.18 ob.
Buýruk № 13
Kerki şäher Maliýe bölümi.
1938-nji ýylyň 29-njy ýanwary.
TSSR Maliýe Narkomyndan iberilen hatyň esasynda salgyt buhgalteri Ata Nyýazowy eýeleýän wezipesinden boşadyp býuöýet boýunça buhgalterleriň kursuna ýollamaly.
Şäher maliýe bölüminiň müdiri:
N.Kabanowyň goly bar.
Esas: R-25, op-2, d-1, l-136.
Buýruk № 54
Kerki şäheriniň maliýe bölümi.
1938-nji ýylyň 1-nji apreli.
Ýol. Ata Nyýazowy 1938-nji ýylyň 1-nji maýyndan okrugyň garamagyna ugratmaly. Buhgalteriýa hasaplaşyk geçirmeli.
Şäher maliýe bölüminiň müdiri:
N.Kabanowyň goly bar.
Esas: R-5, op-2, d-1, l-145.
Atamyrat Nyýazow Kerkide işläp ýörkä birki gezek öz dogduk mekanyna – Gypjaga baryp gaýdýar. Bu ýerde öňki ýaly bas-ha-baslygyň, nähak yzarlamalaryň ýokdugyna göz ýetirýär, mundan peýdalanyp, Aşgabada göçüp gelmek barada aladalanyp ugraýar. Şu maksat bilen Aşgabada barýar. Türkmenistan SSR Maliýe Halk komissarlygynda işe durýar. Komissarlykda Atamyrat Nyýazowa iş bilýän, maliýe ugrundan gowy baş çykarýan hünärmen hökmünde Çärjew (Türkmenabat), Daşhowuz (Daşoguz), Bäherden (Baharly), Gökdepe raýonlarynyň maliýe bölümlerinde bolmak we şol bölümleriň işlerini doly derňew etmek we olara maliýe işlerini nähili ýerine ýetirmelidigi, maliýe kagyzlaryny, resminamalaryny nähili doldurmalydygy we Aşgabada nämeler boýunça hasabat bermelidigi boýunça mysaly kömek bermek, öwretmek tabşyrylýar. Atamyrat Narkomyň özüne tabşyran bu jogapkärli hem wajyp işine örän yhlasly çemeleşýär. Ol 1938-nji ýylyň maý aýynyň 1-inden başlap, degişli raýonlaryň maliýe bölümlerinde derňew etmek hem mysaly kömek bermek işi bilen meşgullanyp ugraýar. Atamyrat baran raýonlarynda işleriň döwrüň talabyna görä alnyp barylmagy, resminamalaryň sowatly doldurylmagy üçin gijesini gündiz edip işleýär, öz bilýänlerini ýerlerdäki hünärmenlere irginsizlik bilen öwredýär. Atamyrat dört raýonyň maliýe bölümlerindäki işleri başda bir aýda gutarmak bolar öýdýär. Ýöne ýerli maliýe hünärmenleriň tejribesizligi, sowatsyzlygy onuň tas bir ýarym ýyllap wagtyny alýar. Bir ýarym ýyla çeken derňew döwrüniň bäş aýy Gökdepede geçýär.
Atamyrat 1939-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherine göçüp barýar.
Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak gerek. Atamyrat Nyýazow derňewden soň Maliýe Narkomynda uzak işläp bilmändir. Onuň sebäbi derňew döwründe üstünden köp sanly golsuz arza ýazylanlygydyr. Golsuz arzalarda Atamyrat Nyýazowyň «halk duşmanynyň» ogludygy aýratyn tekrarlanýardy. Türkmenistan maliýe komissarlygy Atamyrat Nyýazowy «halk duşmanynyň» oglydygyny esas edinip işden çykarýar. Ýöne magaryf ulgamynyň ýolbaşçylary ony tejribeli mugallym, guramaçy hökmünde feldşerleri taýýarlaýan ýörite mekdebe direktor wezipesine işe kabul edýärler. Beýik Serdar özüniň Mukaddes Ruhnamasynda kakasyny ýesirlikde satan adamlar hakda gürrüň gozgaýar. Ana, şol satan adamlar Beýik Serdaryň kakasy bilen dost-dogan bolan bolup, ony öňden bäri satyp ýören adamlardy.
Atamyrat bilen Gurbansoltanyň arzuwlary kändi. Olar her ogluny ilhalar, döwrüň öňde baryjy adamy edip ýetişdirmek isleýärdiler. Atamyradyň bar maksady «Halk duşmanynyň ogullary» diýen ýowuzlygyň ogullarynyň bagtlaryna badak atmazlygyny gazanmakdy. Olar üçünji perzende garaşýardylar. Göwreli hem iki ýaş çagaly Gurbansoltany ýeke galdyryp gitmek akyla sagar ýaly däldi. Ýöne durmuş ýowuzlyklarynyň beterinden beteri bar. «Adam başy daşdan gaty» diýen türkmen pähimi adam başyna ýowuzlyk düşende merdi-merdanalyk bilen çekýändigi göz öňünde tutulyp döräpdir. Elbetde, şol döwürde möhüm wezipede işleýän adamlara bron berilýärdi. Şol bron Atamyrada-da berlipdi. Ýöne Watanyň howp astyndaka brona duwlanyp ýaşamak Atamyradyňam, Gurbansoltanyňam dünýäsine sygjak zat däldi. Kysmatyň agyrdygy hemmä düşnükli. Är-aýal sessiz gürleşdi, sessiz düşünişdi. «Men saňa düşünýärin, Atamyrat! Sen ogullarym hor-homsy bolar diýip birjik-de alada etme. Men çagalarymyzy hor-zar etmän ulaldyryn. Esasy zat, elimde hünärim bar. Her hili egin-eşik tikip, jähek edip bilýärin. Owadandan-owadan haly dokap bilýärin. Bu zatlara berilýän pul bize doly ýeter» diýip, Gurbansoltan adamsyna göwünlik berdi. Gurbansoltanyň şol sözünden soň Atamyrat harby raýon komissarlygyna baryp fronta meýletin gitmek baradaky arzasyny berdi. Bir hepdeden soň ýene baryp arza berdi. Çünki informbýuro radio üsti bilen faşistleriň eýelän ýerleri hakda her gün habar berýärdi. Bu habar Atamyradyň kejebesini daraldýardy.
Uruş başlananda Atamyrat Garagumuň jümmüşindedi. Ol Garagum kanalynyň gurluşygynyň geçjek ýerlerini öwrenýän ekspedisiýa bilen Başsaka gidipdi, mekdeplerde kanikul döwri bolansoň Atamyradyň bu ekspedisiýa goşulmasynyň düýpli esasy bardy...
1929-njy ýylda Kerki – Bosaga kanaly ulanylmaga berlen-de bolsa, bu suw ulgamynyň aladalary köpdi. Kanal Çekir, Astanababa, Çohpetde obalarynyň ýerleşiş derejelerinden bäş-alty metr ýokardan akyp geçýärdi. Entek durnuklaşmadyk raýyşlardan birden suwuň böwsülip uraýmak howpy bardy. Şeýle ahwalat üç gezek gaýtalanypdy. Şunuň ýaly ýagdaýda birinji atly türkmen polky kömege ýetişipdi. Suwuň böwsülmek hadysasynyň gaýtalanmazlygy üçin Atamyrat Nyýazowyň gulluk edýän polky kanalyň ähli ýerlerinde gözegçilik edipdi. Ýerli adamlar esgerleri özleriniň halasgärleri hasap edýärdiler. Çünki, suw belasy olaryň gözlerini gorkuzypdy.
Atamyrat Amyderýanyň kenarynda bolanda bu uly derýanyň suwunyň Ahal düzlüginde bolmagyny, ol ýerleriniň gök baglyga öwrülmegini kän gezekler arzuw edipdi. Şu arzuwynyň amala aşmagy bilen gyzyklanyp, Kerki şäherindäki suwçularyň ýanyna baryp, birnäçe gezek olaryň gürrüňlerini diňläpdi. Ol bu ýerde ilkinji gezek irki döwürden bäri Garagum kanalyny gurmak meselesiniň bardygyny eşidipdi. Şäherde 1925-nji ýyldan bäri Kerki – Bosaga suwaryş ulgamy uprawleniýesi (UBKORS) işleýärdi. Kerki – Bosaga kanaly (1926-1929 ý.) Garagum kanalynyň gurluşygynyň badalgasyna öwrülipdi. Uprawleniýäniň adamlary Atamyrady öz adamlary hasaplaýardylar. Atamyrat bu ýerde Moskwadan gelen gidrotehnikler bilen tanyşdy, olaryň gürrüňlerini, nämeler etmek isleýändikleri hakdaky pikirlerini uly gyzyklanma bilen diňledi. G.Rizenkampf atly hünärmeni bu ýere W.I.Leniniň ýörite iberendigi, Garagum kanalynyň çekilmegi bilen Leniniň içgin gyzyklanandygy, 1918-nji ýylda G.Rizenkampf otly bilen gelýärkä Samara şäherinde saklanandygy we tussag edilendigi we bu habary dessine Lenine ýetirip halas bolandygy, bu görnükli hünärmeniň ömrüni Garagum kanalynyň gurluşygyna bagyş etmek isleýändigi hakdaky gürrüňler Atamyratda çäksiz uly täsir galdyrdy.
1940-njy ýylyň 21-nji aprelinde SSSR Halk Komissarlar Soweti we WKP(b) MK «Türkmenistan SSR-inde oba hojalygyny mundan beýlägem ösdürmegiň, aýratyn hem pagtanyň inçe süýümli sowet sortlarynyň öndürilişini artdyrmagyň çäreleri hakynda» karar kabul etdi. Kararda Amyderýanyň suwuny Köpetdagyň eteklerindäki düzlüklere ýetirmek maksady bilen Garagum kanalynyň gurluşygyna başlamak we netijede ýarym million ekerançylyk ýerlerini özleşdirmek hakynda aýdylýardy. Şol ýyl hem Garagum kanalynyň gurluşygyny Amyderýadan Murgap derýasyna çenli çekmek işine girişmek göz öňünde tutulýardy. Kararyň yzysüre kanalyň çekiljek ýerlerini düýpli öwrenmek maksady bilen ýörite espedisiýa döredildi. Ol topara 120 adam girýärdi. Ol toparyň adamlarynyň galabasy Moskwadan gelen hünärmenlerdi. Toparyň ýolbaşçysy inžener-gidrotehnik Iwan Wasilýewiç Boltenkowdy.
I.Boltenkow Atamyrat Nyýazowyň topara goşulmagy üçin gaty yhlas etdi. Atamyrat bilen Boltenkow Kerkide tanşypdylar hem dostlaşypdylar. Respublikanyň suw hojalygy halk komissarlygynyň adyndan «Türkmenwodproiziň» ýolbaşçysy Karaş Nikolaýewiç Ýomudskiý bilen Iwan Boltenkow Atamyradyň öýünde myhman boldular. Şol döwür Atamyrat şäherdäki feldşerleri taýýarlaýan ýörite mekdebe direktorlyk edýärdi. Atamyrat bu iki kişiniň ýönelige gelmändigini aňypdy. Şonda-da olar bilen mesawy gürleşip, hiç zat aňmaýan bolup oturypdy, olara dutar çalyp beripdi. Boltenkow Atamyradyň özüne orunbasar bolmagyny haýyş etdi. Kanikul döwri bolansoň Atamyrat bu teklibi kabul etdi.
Ekspedisiýanyň bar hasap-hesibi hem Atamyradyň boýnunady. Şeýle hem Atamyrat ekspedisiýanyň hünärmenleriniň maslahatçysydy, ýolbeledidi.
Uruş başlananda olaryň ekspedisiýasy Repetegiň deňindedi. Urşuň başlanandygyny hiç kimden eşitmeselerem, olar aňlapdylar. Diňe bir Atamyrat däl, otuz-kyrk adam bir ýaramazlygyň gopandygyny biri-birine aýdypdy. Atamyrat «Öýümde çagalarymyň biri keselländir» öýtdi, özünde dörän oňaýsyzlygy her kim bir zada ýordy. Ýöne içki dowul teý rahatlyk berenokdy. Şol günüň ertesi olar ajy habary eşitdiler.
Garagum kanalyny çekmek uruşdan soňa galdyryldy.
Atamyrat Garagum kanalynyň gurluşygyna biçak imrindi. Döwrüň beýik gurluşygyna gatnaşmakdan ötri, Atamyradyň ýeke-täk maksady bardy, ol hem gahrymançylyk görkezip «Halk duşmanynyň» ogly diýen ýarlygy aýyrmakdy, şeýdibem, ogullarynyň ýokary derejelere ýetmegine ýol açmakdy. «Garagum – gahrymançylyk görkezip boljak ýer. Men yssy diýmän, sowuk diýmän işlärin. Halkyň duşmany däldigimi subut ederin. Hökman subut ederin» diýip, Atamyrat gaýtalaýardy.
Ýöne durmuş Atamyradyň garaşmadyk öwrümini etdi.
Duýdansyz başlanan uruş ýaňy agzy aşa ýetip ugran türkmen halkynyň durmuşyny weýrana salýar.
Çagalykdan baý-gulak çagasy diýlip kemsidilme kemi galmadyk, beýik maksatlaryna böwet bolan şol eýmenç tagma Atamyradyň janyna degýär. Ol uruşda özüni görkezip gahryman bolsa, kemsidilmelerden dynyp bilýär, ol hökman urşa gidip, hökman gahryman bolaýmaly, ol gahryman bolup bilmese, onuň dünýä inen ogullary hem kemsidilmä sezewar boljak! Şeýlelikde ol arza ýazyp, arza ýazyp, ahyry urşa alynmagyny gazanýar. Ol gelni Gurbansoltanyň, kiçijik ogullarynyň alnynda kasam edýär. «Men hökman gahryman bolaryn!»
Netijede, Atamyrat 1941-nji ýylyň awgust aýynda urşa ugraýar. Ol ikinji pyýada goşun diwiziýasynyň 875-nji gwardiýa polkunyň bölüm serkerdesi edilip bellenýär. Ol ençeme gazaply, aldym-berdimli söweşlere gatnaşýar.
Beýik Serdar şeýle ýatlaýar: «Diri galan polkdaşlarynyň beren ujypsyzja maglumatlaryna görä, kakamyň gulluk eden harby bölümi gabawa düşüpdir. Esgerler maýdajyk toparlara bölünişip, Kawkaz gijesiniň garaňkylygynda özleriniňkä birikmegi karar edipdirler. Şol toparlaryň birinde kakam hem bar ekeni. Şol gije onuň kalbyna Watan hakyndamy, dogduk mekan hakyndamy, maşgalasy hakyndamy, nähili oý-pikiriň gelendigini bilemok. Ýöne ol her bir ynsan üçin gadyr-gymmatly bu mukaddes düşünjeler üçin janyny gurban etmäge-de taýýar eken. Onuň gorara zady bardy. Şonuň üçin ajal diýen zatdan ol birjik-de eýmenmändir. Ata-babalarymyzyň asyrlardan-asyrlara miras galan mähriban topragyndan duşmanlary kowup, dogduk ülkäni gorap saklamak oňa ähli zatdan eý görnüpdir.
Duşmanyň eline düşenlerinden abraý bilen wepat bolanlaryny gowy gören esgerler agyr söweşler bilen öňe süýşüpdirler, edermen we merdana ýigitleriň gijeki ýörişi uzaga çekipdir. Göwünlerine bolmasa, olara arzyly azatlyk golaýjykda ýaly bolup görnüpdir. Hä diýmän, özleriniňkä gowşup, ýene-de ýigrenji duşman bilen aldym-berdimli söweşe girişibermeli ýaly bolup duýlupdyr. Onýança, söweş durmuşyndaky adaty bolan sesler – aýak sesleri eşidilip ugrapdyr. «Ahyrsoňy özümiziňkilere ýetdig-ow» diýen umydygär begençli pikir esgerleriň kellesine gelipdir.
Ýadap surnugan, aç esgerler nemes lageriniň üstünden gelendiklerini hem duýmandyrlar. Olar allaniçigsi bolup, özlerini dürsemäge, yza çekilip, atyşmaga synanyşypdyrlar. Emma eýýäm giç bolupdyr, duşmanlar san babatda-da, güýç, ok-ýarag babatda-da batyr ýigitlerimizden agdyk çykypdyrlar...»
Netijede Atamyrat Nyýazow dagy nemesler tarapyndan gabalyp, ýesir alynýar. Atamyrat Nyýazow 1943-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-ne faşistler tarapyndan zalymlyk bilen atylypdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öz mähriban pederine bolan perzentlik mähri siňen pikirleri bilen onuň Mukaddes Ruhnamasynyň birinji kitabyndaky ýatlamalaryndan tanşyp bilersiňiz. Bu ýerde biziň aýtjak bolýan zadymyz, mähriban kakasynyň ruhy keşbiniň bütin anyklygy hem-de dolulygy bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hakydasynda janlanýanlygydyr. Bu bolsa eýýäm ruhy mirasgeçijilikden habar berýär. Özem ata-ogul, umuman, eždat-perzent gatnaşygyndan atanyň, eždatyň özi görmän ýa-da juda kiçijikligi sebäpli ýadynda saklaman, ony gürrüň-ýatlama arkaly tanamagyň öz serhaly tebigaty bar. Şeýle ýagdaýda adam öz atasyny has çuňňur, has röwşen söýgi bilen mähirli söýýär. Çünki munda anyk gatnaşygyň ýoklugynyň öwezi mähriň has ýitiligi bilen dolunýar. Ol mähir ýitiligi bolsa aýralykdan uç alýar.
Atamyrat Nyýazowyň şahsyýeti, ýadygärlik keşbi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hemişelik ruhy hemrasy boldy. Ataly-ogul arasyndaky gaýybana söhbetdeşlik onuň durmuşynyň iň öwrümli pursatlaryny döredýärdi we bu hadysa beýik adamyň ýüreginiň hamraklygyna, külli adamzada bolan söýgüsiniň mähir gözbaşynyň egsilmezligine getiripdi.
Beýik Serdar kakasynyň urşa gidişi hakda ejesiniň beren gürrüňlerini ýadyndan çykarmaýar.
– Eý, Alla jan, özüňden medet bolsun. Ata sag-salamat ýeňiş bilen tiz dolanyp gelsin. Peder tumarymyz Atany bela-beterlerden gorasyn! – diýip, Allatagaladan dileg edipdi.
Atamyrat naçarlaryny tumarsyz galdyryp gidesi gelmedi.
– Men erkek kişi. Nirede bolsamam günümi görerin. Ýöne öýde men bolmasam, size kyn düşer. Men, iň gowusy, tumary size goýup gideýin. Goý, bu tumar – Agöýli serdary, Annamyrat begi, Taňryguly batyry, Artyk hany, Annanyýaz arçyny her hili aýylganç bela-beterlerden goramagy başaran tumar, men gelýänçäm sizi her hili bela-beterlerden, kynçylyklardan gorasyn, meniň ornumy tutsun – diýip, Ata tumary körpe ogly Saparmyradyň boýnuna dakmakçy bolýar.
Gurbansoltan muňa ör-gökden geldi:
– Ýok, ýok, Ata, beýtme. Bärde hiç hili uruş ýok, ölüm-ýitim ýok. Sen urşa barýaň ahyryn. Seniň ýedi arkaňy her hili agyr söweşlerden ýeňişli çykaran bu tumar seni hem uruşdan aman-esen ýeňişli getirsin, özem tiz getirsin. Biz saňa günümizi sanap garaşarys. Biziň gözümiziň ýoluňda boljakdygyny hergiz unutma – diýip, Gurbansoltan peder tumaryny adamsyna gaýtaryp berýär.
– Wah, Soltanym, men seniň pikiriňe düşünýän, göräýmäge, seniňki dogry. Ýöne meniň ýüregim sizi ýeke goýmaga dözenok. Men sizi gaýgy edýän.
– Sen bizi gaýgy etme. Men artelde-de haly dokaryn, öýde-de dokaryn, nesip bolsa, çagalara ýeterlik aýlyk-hak alaryn. Özüň bilýäň-ä, bize tölenýän aýlyk gowy...
Atamyrat aýalynyň raýyny ýykmady, peder tumaryny dakyndy.
Gurbansoltan uly ogly Nyýazmyrat, körpe ogly Saparmyrat bilen adamsyny ugratmaga Aşgabat wokzalyna geldi.
Wokzal adamdan doludy.
Atamyrat giňlige salýardy, aýaly Gurbansoltana göwünlik berýärdi. Ol urşa gitjek pursaty dolanyp gelip bilmejekdigini aňan ýaly, çagalaryny yhlasly gujaklap-ogşady. Bir ýarym ýaşly Saparmyrady, üç ýaşly Nyýazmyrady näçe gujaklap-ogşasa-da az görýän ýalydy.
– Siz meniň umydym ahyryn. Siz meniň ganym ahyryn. Size agyr düşer, ýöne, Soltan, meniň bu gerçeklerim derrew goç ýigit çykarlar, saňa kömekleşerler.
– Ejeme kömekleşerin – diýip, Nyýazmyrat jedirdedi.
– Wah, Nyýazmyrat jan, men seniň kömekleşerin diýen diliňe döneýin. Eýýäm maňa göwünlik bermegi bilýäňmi? – diýip, Atamyrat uly ogly Nyýazmyrady taýly gezek bagryna basdy. Soňam ejesiniň gujagyndan Saparmyrady alyp, üç-dört gezek ýokaryk bökdürip gapdy.
Gurbansoltan odandy:
– Birden eliňden gaçyraýma, oglan. Onuň ýaly ýokaryk bökdürme.
– Men Sapar janyma barmaly ýerini görkezdim.
– Haýsy barmaly ýerini? – diýip, Gurbansoltan geňirgendi.
– Sapar janam, Nyýaz janam ýokarda bolmaly. Özem gaty ýokarda bolmaly. Agöýliniň tohumyna aşakda bolmak, işlemek aýypdyr – diýip, Atamyrat adatça öýünde köp gaýtalaýan sözüni gaýtalady. – Hany, Nyýaz janym, sen maňa ýene bir gezek aýt, özem gygyryp aýt, eşidip gideýin, gulagymda ýaňlanyp dursun: Agöýliniň neberesi nirede bolmaly?
Nyýazmyrat kakasynyň öýde öwreden sözlerini hezil edip gaýtalady:
– Agöýli çozgunlar – Nyýazmyrat ýokaryk barmajygyny uzatdy: – Ho-o ýokarda bolmaly! Hemme zatda öňde bolmaly.
– Eşit, eşitsene, Soltanym! – diýip, Atamyrat hezil edip güldi.
– Öwretseň, gaýtalar-da.
– Maňa-da kakam öwredipdi, menem ogluma öwredýän.
– Enşalla, ogullarymyz ilhalar adamlar bolarlar. Çozgunlara ysnat getirmezler.
Atamyrat jübüsinden sagadyny çykaryp, Nyýazmyrada uzatdy:
– Bir zadymy goýup gitmesem-ä göwnüme makul boljak däl, rahatlyk tapyp biljek däl. Rast tumary, Soltanym, urşa alyp git diýip göwün edýän bolsaň, men saňa garşy çykyp ýer depip durmaýyn. Goý, seniň islegiň bolsun. Men gelýänçäm, bu sagat araňyzda bolsun, meni ýatladyp dursun. Nyýazym, bu sagady, nesip bolsa, Sapar jan bilen gezekleşip götergin, bolýamy?
Nyýazmyrat sagady eline alyp, näme edeýin diýýän ýaly, ejesiniň ýüzüne soragly bakdy, soňam sagady gulagyna tutup gördi, sagadyň jykgyldap işleýşine heziller edip diň saldy.
Bu waka öýde iň ezizlenip ýatlanylýan wakady. Urşuň gutaranyna ençe wagt geçse-de, öýde garaşylýardy. Öýdäkileriň göwünlerine bolmasa, Atamyrat Nyýazow döşüni orden-medallardan dolduryp geläýjek ýalydy.
Saparmyrat hem Nyýazmyratdan kakasynyň gowy gören sözlerini öwrenipdi, ýat tutupdy. Bu sözleri eşitse, kakasynyň begenjekdigini bilýärdi. Onuň üçin esasy zat kakasynyň begenmegidi. Ol kakasynyň didaryny görmek, onuň mähriban sesini eşitmek, kaka gujagyna dolmak üçin her näçe kynçylygam bolsa çekmäge kaýyldy. Ol öýdäkilerden hem ogryn her gün öýde ezizlenip gürrüňi edilýän mähriban kyblasynyň gelmegine garaşýardy.
Atamyrat Nyýazow urşa gidip, ilki Daşkentde serkerdeleri taýýarlaýan bölümde okapdy. Serkerdelik okuwyny tamamlandan soň, Aşgabadyň üsti bilen urşa gidipdi. Onuň Aşgabadyň üstünden otluly geçip gitjekdigi hakdaky habary Gurbansoltan eşidipdi we ogullaryny alyp ýola çykypdy. Şonda Atamyrat olara hatly düwünçegi taşlap ýetişipdi.
Gurbansoltan adamsynyň taşlap geçen düwünçegini eline alandan sandyrady. Kalbyny nähilidir bir gorky gaplap aldy. «Bizi alada edip, tumary goýup giden bolaýmasyn?» diýen pikir aňynda peýda boldy. Ol şu howatyr bilen düwünçegi howlukmaç açdy.
Edil pikir-howatyr edişi ýalydy: düwünçegiň içinde üç burçly hat bilen, şol tanyş, keramatly tumar bardy.
Tumary gören Gurbansoltan, edil şu pursat adamsy wepat bolan dek, sessiz aglady. Dünýäsi gapyşan, çepbe çöwrülen ýaly boldy. Ol indi gaýdyp adamsyny hiç wagt görmejekdigine, uruşda adamsynyň wepat boljakdygyna ynandy.
Gurbansoltan adamsynyň uruşda wepat bolandygy hakdaky matam haty almazyndan iki ýyl öň ýasyny tutup aglady. Onuň göwnüne bu peder tumary Atamyrada gowşurylsa, ol aman-esen dolanyp geläýjek ýalydy. Ýöne oňa peder tumaryny yzyna nädip berjek?
Gurbansoltanyň käteler kemligi tutup, sojap-sojap aglamasynyň sebäbine özünden başga hiç kim düşünenokdy:
– Sen nä aglaýaň, gyz? Adamyňdan hat gelip dur. Ol, ynha, ýeňiş bilen dolanyp geler – diýip, halyçy boýdaşlary oňa göwünlik berýärdiler.
Ýöne Gurbansoltan ýüregindäki ynanjyny nädip daşyna çykarsyn?! Onuň ýagdaýyna özünden başga düşünýän ýokdy.
Gurbansoltanyň ynanjy, ol her näçe islemese-de, dogry çykypdy.
Allanyň keramatyna nädip ynanmajak?!
1942-nji ýylyň dekabr aýynda Wladikawkaz ugrundaky söweşde Çikola diýen obanyň çep gapdalynda sowet goşunynyň bir bölegi, şolaryň içinde Türkmenistandan alty ýesir, şol sanda 33 ýaşly Atamyrat Annanyýaz ogly ýesir düşýär we şol ýerde 1942-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-ine faşistler tarapyndan atylýar. Oba adamlary atylan sowet esgerlerini, şol sanda Ata Nyýazowy jaýlaýarlar. Ýesirlikde atylanlary jaýlamaga Uruh derýasynyň boýundaky Çikola obasynyň ýerli ilaty, garry adamlar gatnaşypdyrlar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy altmyşynjy ýyllarda Leningradyň politehniki institutynda okan ýyllary Kawkaz sebitlerinden kakasynyň mazaryny yhlas bilen agtarypdy.
Atamyrat Nyýaz oglunyň ruhy 2000-nji ýylyň maý aýynda Beýik Ýeňşiň 55 ýyllygy bellenilýän güni gaýdyp geldi. Türkmenistanyň hormatly ýaşululary Demirgazyk Osetiýanyň Çikola we Naznidok obalarynyň sebitindäki doganlyk mazaryndan toprak getirip, Gypjak obasynyň Ymam Kasym öwlüýäsinde jaýladylar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň 2000-nji ýylyň maý aýynyň 4-nde çykaran Permany bilen 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan türkmenistanly esgerlere, şol sanda Beýik Türkmenbaşynyň kyblasy Atamyrat Nyýazowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi – Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakyldy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy oba zähmetkeşleriniň köp sanly haýyşlaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, 1999-njy ýylda Atamyrat Nyýazowyň otuzynjy ýyllarda işlän Kerki etrabyny Atamyrat etraby diýip atlandyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň uruş weteranlarynyň birleşigi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kyblasy Atamyrat Nyýazowyň adyny göterýär.
Ençeme wagtdan bäri Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazowyň ömri, söweş ýoly baradaky maglumatlar öwrenilýär. Onuň söweşdeş ýoldaşlarynyň diri ýaşap ýörenlerinden maglumatlar toplanylýar.
Türkmenistanyň Mejlisi 2004-nji ýyly «Atamyrat aga ýyly» diýip yglan etdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bolsa öz kakasy hakda «Atamyrat Nyýazow» atly şygryny döretdi. Ine, şol goşgy:
Dünýä!
Dünýä!
Bu nähili zamana?
Ýa adamzat aýryldymy aňyndan?
Ata-babaň etmişli deý hamana
Heder etmek bormy ataň adyndan?!
Ata-babasynyň keremli adyn,
Tug kimin göteren türkmen begleri
Hudaý diýip Marksa hem Lenine,
Staline sejde edibermeli...
Hawwa, baýdy, onuň atasy baýdy,
Obaň atly Annazyýaz baýydy.
Dowaram,
sygyram,
ýylkysam bardy!
Nätsin, bolşewige berip baryny.
Türmede, sürgünde öldi gitdi ol,
Ýat illerde çekip Watan dadyny.
Ölüp gitdi bende
eziz ogluna
Goýup «Baý-kulagyň ogly» adyny!
Täze kolhoz gurup garyplar kowmy,
Okaýarlar baý-beglere lagnady.
Baýlaň gyzy-ogly
kemsinişip ýör
Heýwere kesel deý
Nejis tagmaly!
Ata-babaň barmy? – Bagtyň ýatypdyr,
Ýa işan-mollamy? – Tutupdyr Hudaý.
«Hanha, baý gulagy!» –
gutulma ýokdur
Gara başyň al-da, däliräp gidäý!
Gadym gullaň tagma göterşi ýaly,
Atamyrat göterip ýör tagmany!
Il-ýurduň öňünde günäsi ýokka
Etmişli bolýanna jany ýanýady...
Uruş!
Uruş!
Arza ýazýar Atamyrat!
Ol urşa
meýletin,
höwesek
gitjek!
Üç sany ogluny,
Perizadyny
«Baý guýrugy» atdan ol halas etjek!
– Hoş gal, ulus-ilim,
Ogullam, hoş gal,
Görogly deý gyr bedewe mündügim,
Kyýamat oýnuny görersiň duşman
Hem bilersiň Atamyradyň kimdigin!
Hoş gal, eziz ülkäm,
hoş gal, diýarym
Ata Watan üçin aýamaryn jan.
Seniň ogluň bolup jeňe barýaryn,
Ýurda dolanmaryn Gahryman bolman!
Her daban ýeriňe başym gurbandyr,
Watan, saňa bagş ederin janymy!
Ogullarym buýsanç bilen göterer
Gerçek «Gahrymanyň ogly» adyny...
* * *
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çagalygynyň iň bagtly döwri onuň käbesi Gurbansoltan eje bilen baglanyşyklydyr.
Gurbansoltana türkmeniň adatyna, däp-dessuryna laýyk terbiýe beripdirler. Ol eýýäm çagalykdan tikin tikmek, gaýma gaýamak, haly, kilim dokamak ýaly inçe işlere ezber bolupdyr. Özüniň ähli şahsy, gaýtalanmaz gylyk-häsiýetleri bilen bir hatarda Gurbansoltan türkmen milli durmuşynda iň ajaýyp gyz hökmünde häsiýetlendirilýän, öňe tutulýan keşbe hem ruhy sypatlara eýe bolupdyr. Ol bütin obada meşhur tikinçi eken. Gurbansoltanyň bejeren kürtesini, çyrpysyny edinmek durmuşa çykýan gyzlar üçin abraý hem mertebe hasaplanypdyr. Onuň dokan halylary bolsa beýleki gyz-gelinleriňkiden aýyl-saýyl bolup tanalypdyr.
Obanyň görmegeý hem edepli ýigidi Atamyrat bilen Gurbansoltan biri-birini halapdyr. Emma halaşmak söýüşmek däl. Halaşmak, daşyndan biri-biriňi saýlanyňy duýdurmak türkmen durmuşynda adaty zat bolup, bu köpçülik tarapyndan ýekirilip durmandyr. Annanyýaz baý oglunyň saýlan maşgalasyny oňlaýar, Gurbangeldi aga bilen guda bolup, ogluny öýerýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Gurbansoltan ejäniň kakasyna Gurbangeldi Gurt diýer ekenler. Gurbangeldi aga Gökdepe galasy synanyndan soň, 1881-nji ýylda dünýä inýär. Ol Annanyýaz aga bilen deň-duş bolupdyr.
Gurbangeldi aganyň aýalynyň ady Söýlügözel. Gurbansoltan 1915-nji ýylyň aprel aýynyň 5-ine dünýä inýär.
Gurbansoltanyň bir gyz hem bir oglan jigisi bolýar. Gurbansoltanyň dogany Doýdugyň ýekeje gyzy bolýar, ol görgüli hem ýer titremesinde wepat bolýar. Dogany Muhammet aga pensiýada, Gypjakda ýaşaýar.
Gurbangeldi aga 1957-nji ýylda 77 ýaşynda dünýäden gaýdýar.
Gurbansoltan eje 1938-nji ýylda doglan uly ogly Nyýazmyrat, 1942-nji ýylda doglan ogly Muhammetmyrat bilen ýeriň astynda galýar. Ol şol mahal otuz üç ýaşynda eken.
Türkmen halkynyň, ýurdunyň bagtyna 1948-nji ýylyň elhenç ýer titremesinde Atamyrat bilen Gurbansoltanyň maşgalasyndan diňe Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy edil peder tumary deýin gum-kesegiň aşagyndan diri çykyp bilýär.
Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Beýik Serdaryň käbesi Gurbansoltan eje beýikden hatyralanýar. Gurbansoltan eje bu gün türkmenleriň milli Käbesine öwrüldi.
Türkmenistanyň Mejlisi 2003-nji ýyly «Gurbansoltan eje ýyly» diýip yglan etdi.
2002-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Gurbansoltan ejä Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi – Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakyldy.
1996-njy ýylyň iýun aýynyň 18-ine «Gurbansoltan eje» ordeni döredildi. Bu döwlet sylagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde özüniň asylly ahlak sypatlary, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşdaky hyzmatlary, zähmetdäki aýratyn bitiren işleri üçin türkmen aýal-gyzlaryna berilýär.
Türkmenistanyň aýal-gyzlar birleşigi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Gurbansoltan ejäniň adyny göterýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nesil daragty bilen içgin tanyşsaň, beýik türkmen gerçekleriniň, merdana şahsyýetleriniň röwşenligi, merdi-merdanalygy, jomartlygy, sowatlylygy seniň-de kalbyňy galkyndyrýar, buýsandyrýar.
Agöýli serdar-da, Annamyrat beg-de, Taňryguly batyr-da, Artyk han-da, Annanyýaz arçyn-da, Atamyrat Annanyýaz-da ýagty, röwşen geljegimize nusga boljak şahsyýetler. Olaryň türkmenleri uly-uly üstünliklere galkyndyrjak ajaýyp keşpleri bar. Garaşsyz, baky Bitarap diýarymyzyň halkynyň altyn gelejegine şamçyrag boljak şol beýik şahsyýetleriň nusgalyk çeper keşplerini döretmek bu günler möhüm zerurlyk bolup durýar.
Agöýlüden tä Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa çenli bu maşgalanyň ykbaly türkmen halkynyň, türkmen topragynyň ykbaly bilen ykbaldaş. Halkyň, Watanyň üstüne abanan howp bu maşgalanyň hem üstüne abanypdyr. Halk ýitgi çekeninde bu maşgala hem uly ýitgiler çekipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ykbaly bolsa lükgeligine şu ýurda, şu Watana, şu halka bagyşlanan ykbaldyr!
Aşgabada göçüp baranlaryndan soň, Gurbansoltan haly arteline işe durupdyr. Gurbansoltan haly artelinde adatdan daşary, taýsyz halyçy hökmünde, esasan, hökümet tabşyryklary boýunça işläpdir. Partiýanyň-hökümetiň ýolbaşçylaryna sowgatlyk halyçylary Gurbansoltana ynanypdyrlar. Onuň dokan halylary nusgalyk hökmünde haly arteliň girilýän däliziniň görnükli ýerinde asylyp goýlupdyr.
Gurbansoltan çagalaryny hor-zar etmejek bolup gündiz artelde, gije-de öýünde haly yzyna haly dokapdyr. Bu işiň nähili agyr hem hupbatlydygyny göz öňüne getireniňde, onuň enelik söýgüsi hakynda çuňňur oýlanýarsyň. Ol halydan dynç alýan wagtlary ogullaryna dürli gyzykly gürrüňleri beripdir.
Çagalaryna adatdan daşary mährem hem hamrak bolan Gurbansoltan Saparmyrat üçin hemme zat, dünýäniň özi, dünýäniň bar gadyr-gymmaty bolupdyr. Muny biz şahyr ogluň ýürek duýgularyndan görüp bilýäris:
Perişdediň, eje jan,
Sen gudratly humaýdyň.
Sen zeminde Hudaýdyň!
Heý-de, Hudaý ölermi?
Heý, perişde ölermi?
Sekiz ýaşly oglana
Beýle sütem bolarmy?
Humaý – gadymy oguzlaryň ene Hudaýy bolmaly. Ol oguzlaryň ynançlarynda Göktaňrynyň jübüti hasaplanypdyr. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak isleýärin: hiç mahal Gökden Ýere düşmeýän Taňry kime döwlet berjek bolsa, Humaýy guşa öwrüp, Ýere iberýärmiş. Ol guş gelip, şol adamyň başynda gonýarmyş.
Gaýtarmyş Ata bolsa gadymy dahlaryň panteonyndaky bir Hudaýdyr. Ol adamyň arzuw-isleglerini berjaý edýär hasaplanypdyr. Gerek bolsa, belany gaýtarýar, gerek bolsa, bakyýete giden adamlary gaýtaryp getirip berýär. Yslamyň gelmegi bilen ol ýagşyzada sypatyna geçip gidipdir.
Görnüşi ýaly, öz mähriban enesine bolan söýgüsi Saparmyradyň aňynda juda gadymy ynançlaryň oýanmagyna sebäp bolupdyr. Munuň özi syzgylarynyň adatdan daşary güýje eýedigini görkezýär.
Gurbansoltan ene şeýle mähre mynasyp zenan, diňe öz çagalary üçin ýaşan gahryman enedir. Her gün daň bile turup, çagalaryna nahar taýýarlapdyr. Olary naharlap, özi mekdebe eltip gaýdar eken.
Beýik Serdaryň şahsyýetiniň güýçli bolmagynda onuň ejesiniň kesgitleýji orny bar. Ol gudrat, hemaýat gözläp öwlüýälere gitmeli bolmandyr: onuň öwlüýäsi, perişdesi, ýagşyzadasy mydama öz ruhy hakydasynda ýaşapdyr.
Publisistika