12:48 Biderek adamlar... | |
BIDEREK ADAMLAR...
Publisistika
Erdal Öz "Gülüniñ solan agşamy" (“Gülünün Solduğu Akşam”) kitabynda Deniz Gezmişiñ sözüni ýazdy: "Biz edebiýatdan gelýäris, hojaýyn!". Onuñ "biz" diýýäni 68-nji ýylyñ neslidi... Ykdysatçy Toma Piketti "Kapital we ideologiýa" kitabynda edebiýatdan nähili peýdalanandygyny ýazdy: "Deñsizlik nusgalaryndaky öwrülişikleri gözleriñ alnyna sereşlemek babatda iñ täsirli gollanmalardan birini düzýän edebiýata-da ýüzlendim..." Döwrüniñ hususy eýeçilik ierarhiýasy hakda düýpli maglumaty Balzagyñ we Jeýn Ostiniñ eserlerinden tapandygyny ýazdy. Şeýle-de neoliberalizmiñ jemgyýetçilik urha-urlugyny Karlos Fuentesiñ "Erada we taryh" romanyndan öwrenipdi. Gollandiýanyñ Indoneziýany koloniýalaşdyryşyny beýan eden Ananta Toer we afrikaly göçegçileriñ ABŞ-da gören kösençliklerini ýazan Ngozi Adiçiýe ýaly ýazyjylar Pikettä bahasyna ýetip bolmajak nukdaýnazar beripdiler. Durmuşa, ýaşaýşa başgaça göz bilen seretmegi öwredýän çeper edebiýat syýasatçylar üçinem ýat närse däl... * * * Entek çagajykkam syýasat bilen gyzyklanyp başladym. Roman okamagymyzy, gysgaça mazmunyny aýdyp bermegimizi we kružok üýşmeleñlrrinde okan çeper eserimizi analiz edip bermegimizi islärdiler! Maksim Gorkiý bilen şeýdip tanyşdym. Birinji okan eserim "Ene" romanydy. Soñ gezegi bilen "Çöregimi gazananda", "Meniñ uniwersitetlerim", "Biderek adamyñ durmuşy" ýaly eserlerini okadym... Gorkiniñ Osmanlydan respublika döwrümize çenli türk ýazyjy-şahyrlaryna täsiri uly boldy. Ondan täsirlenen ýazyjylaryñ biri-de Orhan Kemal... Gorkiniñ "Biderek adamyñ durmuşy" («Жизнь ненужного человека») powestindäki Ýewseý Klimkow bilen Orhan Kemalyñ "Murtaza" romanyndaky Murtaza obrazynyñ arasynda meñzeşlik bardy: Berilen görkezmä jany-teni bilen ýapyşýan iki obraz! Ýewseý polisiýanyñ çawuşy (ýörite şugulçysy) bolup gün görýär... Murtaza bolsa garawul bolup işleýär. Ol kimiñ kemçiligini ýa artykmaçlygyny görse, barsyny başlygyna şugullap gezýär. Ikisi-de ýurtda dowam edýän düzgüniñ yñdarma tarapdary. Ýewseý aýdan-diýeninden çykmaýan Raisasynyñ pendine eýerýär: "Olar seniñ näme etmegiñi buýursa, şony et. Olar seni nirä ugratsa, şo ýerik git. Diñe şeýdeñde durmuşda ýol alarsyñ". Murtazanyñ dilinde hemişe şu söz gaýtalanýar: "- Kim meniñ başlygym bolsa, olam "Murtaza ependi, şul-a şeýleräk bolýar" diýse, birem ýok diýmerin! Başlygym "özüñi gaýadan okla ýa deñize bök" diýse, gözümi gyrpam etmän, şoñ aýdanyny ederin". Murtaza şular ýaly häsiýeti zerarly gyzy Firdöwsiñ ölümine, ogly Hasanyñ türmä girmegine sebäp bolýar. Şeýle-de bolsa, onuñ başlyklaryny begendirmekden başga maksady bolmaýar... Eseriñ soñunda Ýewseý hakykatlara göz ýetirip, düzelmäge başlaýar. Emma Murtaza öñküligine galýar, özüni ynamsyzlyk kompleksinden halas edip bilmeýär. * * * Esasynda ýagşyny ýamandan aýyrýan ahlak adam durmuşynyñ hemmetaraplaýyn aýratynlygy bolup syýasat meýdanynda-da özüni görkezýär. Syýasatyñ ahlak bilen baglanyşygynyñ üstünde iki hili derejede durup geçmek bolar: Birinjisi, syýasy hereketiñ ýöneljek maksatlary bilen amala aşyrjak gymmarlyklarynyñ näme bolmalydygyna üns berýän syýasat pelsepesi... Ikinjisi, syýasy çemeleşmäniñ baha berilmegi bilen baglanyşykly. Pozisiýada we hereketlerde ahlak gymmatlyklarynyñ durmuşa geçirilmegini makdat edinýän bu ugra syýasy etika diýilýär. Ine... ýokarda ady tutulan iki eseriñ ahlak taýdan özüñi alyp baryş nukdaýnazaryndan şu günki günüñ syýasatçylary bilen baglanyşygy kän: Käbir syýasatçylar Murtaza ýaly agalyk ediji güýç bilen dogry hereketiñ arasynda näme etjegini bilmän galýar... Käbiri jany-teni bilen ynanýan režimine gulluk etjek bolup has çykgynsyz ýagdaýlara sebäp bolýar. Käbiri-de partiýasynyñ dargamagyna ýa-da halkyñ kösenjine sebäp bolýar. Ýewseý Klimkow ýaly hakykatlara añ edip we ýurdy uçuryma alyp barýan ýeke-täk agalyk ediji güýç "patyşalara" garşy çykyp, giñ gatlaklaryñ gowulygy üçin hereket edýänler ýok diýerlik derejede az. Orhan Kemal "Murtazanyñ" ikinji kitabyny ýazmaga başlanam bolsa, soñlamak nesip etmän aradan çykypdyr... Biz gündelik durmuşda "Murtaza" romanynyñ dowamyny elmydama-da göre-göre gelýäris!.. Aramyzda gözi açylyp, özgerişleriñ bolmagyny isleýän Ýewseý ýalylaram bar, nadanlygyna galyp, tä ölýänçä gara güýje hyzmat edýän Murtaza ýaly garawullaram... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |