13:02 Bir otag balladasy | |
BIR OTAG BALLADASY
Goşgular
Dört otagly kaşaň jaýda ýaşaýan Dostlaň biri höwes etdi ýatagma. On ýedi kwadrat onuň giňligi, Diňe men däl, dünýä sygýan otagma. Bir otagda ýekelikde ýaşaýan, “Hudaýdyr – diýdiler – ýalňyzyň ýary!” Ýöne men ýeke däl, söhbetdeşlerim— Pyragy, Zelili, Kemine... bary. Begenýän, gam-gussa batýan kämahal, Ýöne bir zat – ganat açýar goşgulam. Goý, çap edilmese, goý, edilmesin. Bular ýazyp bilmejegi başgalaň. Öňümde kagyzym, elimde galam, Tekjelerde ýüzläp kitap - baýlygym. Baýlyga göz gyzdyrmadym hiç haçan, Aç bolmadym, - Besdir – diýdim – aýlygym. Birmahal geçipdir ýetmişden salym, Gördüm, şükür, ezizleriň didaryn. Bu goşgyny zeýrenç diýip ýazmadym, Bu maňa gaýypdan berlen mydarym... 16.03.2023. | |
|
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Gýoteden goşgular / Goşgular - 05.10.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |