BIRAHATLYK
Okaýyn kitaby, ýazaýyn goşgy...
Açyldy telewizor, açyldy aýdym.
Kinomy, habarmy... ýa başga zatmy,
Maňa päsgel berip başlady aýdyň.
Pikrimi bölýärdi, edýärdi pytrak,
Bar ýazjak zadymam ýitirim boldy.
Hemmeler habarsyz ýitirlen zatdan
Meniň bolsa giden pikirlem öldi.
Jaýymyň içinde näçe gün bäri,
Aglap otyr okalmaly kitaplar.
Olaryň kinosy—meniň setirlem,
Sorajagy ýokmy: “neneňsi taplar?”
Ahyry ýatdylar bir çene baryp,
(Belki ýatmadyk hem galandyr ýek-tük.
Duryn menem, biri bolup şolaryň,)
Öýe aralaşdy ajap ümsümlik.
Ýaňy okanymda bir sahypany,
Säher dek tämizläp, barja pikrimi.
Aglaýan çaganyň sesine ýene—
Aldyrdym şol demde barja erkimi.
Mawy ekranymyz öçürse bordy,
Öçürseň bolardy aýdymyň sesin.
Çagada goýardy, idelen wagty,
Ýöne beýle gije “ylham” gelmesin.
Ne-hä ýazyp bolýar, ne-de bir okap,
Sorajagy ýok nätapda halyň.
Gapymy kakmaýan gadyrly myhman
Asuda gijeler görkez jemalyň.
Hakym barmydyr meň diýmäge muny,
Islämok setirleň beýle ölmüni.
✏Ahally
Goşgular