BIZ GYRNAK
Biz gyrnak
Bilýäris
Gyrnaklygmyzy,
Şoñ üçin dört ýere bölýäs ýüregmiz,
Ine ýüregmiziñ bir böleginde
Gussaly ýaşlygmyz hem ajal ýeter.
Gün gerekmi?!-
Tümlük
Isläniñ saýla
Çözmesi kyn. Elhenç...
Şu jüdel ýatyr.
Ýüregmiziñ beýleki bir bölegi
Eýlenipdir sowuk garaýyşlara
Zynjyrsyz baglanan
El aýaklarmyz-
Ýan bermelimişin
Gara gyşlara
Üçünji bölegi ýüreklermiziñ
Tutuşlygna eýlenipdir hyjywa
Bu ýerde ýigrenç bar gyrnaklygmyza
Baky berilipmi gyrnaklyk bize!?
Ine ýüregmiziñ soñky bölegi
Bu ýerde näm bolýar?!
ㅡ Semiz jenaplar...
Dar kabinetlarda möhür basýarlar,
Basgylap
Iñ oñat aýdymlarmyza
Gyrnaklygmyz bilen, baha kesýärler.
Olar baha kesýär enelerine,
Olar baha kesýär ene ýerine,
Olar baha kesýär öz özlerine,
Olar möhür basýar öz ýüzlerine.
Biziñ ýüreklerimiz bütewilikde
Ýene aýdym aýdýar gyrnaklyk hakda,
Müñläp kemsidilen ykballarymyz
Asyrlardan sowgatmy ýere
Gyrnak ýüreklermiz ýaşamalymy
Meñzäp asmandaky ýedigenlere
Gan algysy barmy, asyrlañ bizden
Biz şuny soraýas ogullarmyzdan.
Annasoltan KEKILOWA.
Goşgular