12:54 «...Bizden owwal goýupdyr ýedi aşyk bu ýoly» | |
«... BIZDEN OWWAL GOÝUPDYR ÝEDI AŞYK BU ÝOLY»
Edebi makalalar
Dünýeden öten ýedi aşyk-magşuklaryň biri Warka bilen Gülşanyň ölmez-ýitmez söýgüsinden söz açýan türkmen dessany hakynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we ony öwrenmegiň zerurlygy barada şeýle diýilýär: «Türkmen Oguznamalary – bu beýik eserler ajaýyp türkmen dessanlary, gaýtalanmaz şygryýet, türkmen sopuçylyk pelsepesi, çuňňur türkmen sazy – bu ruhy gymmatlyklaryň baryny türkmen müňýyllyklaryň dowamynda döredipdir. Şeýle ruhy gymmatlyklaryň taryhy durmuş bilen baglanyşyklylykda manysyny açmak, olary türkmeniň taryhy ýaşaýyş ukybynyň ýüze çykmasy hökmünde düşündirmek zerur işdir» (Mukaddes Ruhnama, 68 sah.). Şu zerurlykdan ugur alyp, öň kem-käs öwrenilen ýa-da düýbünden öwrenilmedik, halka ýetirilmedik geçmiş edebi eserlerimizi okyjylara ýetirmek, olaryň üstünde ylmy-barlaglary alyp barmak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Çünki halkymyzyň asyrlar boýy döreden edebi eserlerinde ynsanyň ruhy kämilligi üçin zerur bolan ýokary ahlak sypatlar, belent adamkärçilik, halallyk ýörelgeleri, haýyr we ýagşylyklar jemlenendir. Ynsan bezegi bolan bu häsiýetler we sypatlar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kämillik eýýamy bolan Altyn asyrda ýaşaýan her bir adam üçin nusgalyk görelde bolmalydyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan binýat edilen täze kämil ruhly türkmen jemgyýetiniň şu güni we geljegi ata-babalarymyzyň ynsanperwerligini, tämiz ahlagyny, dünýewi pelsepesini, ynsan we durmuş hakdaky iň ajaýyp pikir-garaýyşlaryny özüne siňdiren medeni mirasymyzdan, edebi eserlerimizden gözbaş almalydyr. Hut şonuňüçinem Beýik Serdarymyz edebi mirasy öwrenmek işiniň wajyplygy barada: «Bu diňe bir ata-babalarymyzyň taryhy belentligini we şöhratyny dikeltmek üçin däl, eýsem, beýik geljegimiziň esasy hökmünde aňlamak üçin hem zerurdyr» (Mukaddes Ruhnama, 68 sah.) diýýär. Edebi mirasymyzda aýratyn orun tutýan türkmen dessanlary ruhy gymmatlyklarymyzyň bir bölegi bolup durýar. Olaryň köp bölegi ylmy taýdan öwrenilip, neşir edilip, halka ýetirilenem bolsa, entek halk köpçüligine mälim bolmadyk dessanlar hem bardyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy netijesinde we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň edebi mirasy öwrenmek baradaky taglymaty esasynda öň dürli sebäplere görä ýüze çykarylmadyk dessanlary öwrenmeklige we halka ýetirmeklige ugur alyndy. Şeýle dessanlaryň biri hem «Warka – Gülşa» dessanydyr. «Warka – Gülşa» dessany has irki döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň arasynda ýazuwly çeşmeleriň üsti bilen we dilden aýdylýan halk döredijilik eseri görnüşinde giňden meşhur bolupdyr. Warka bilen Gülşanyň atlary dünýeden öten ýedi aşyk-magşugyň biri hökmünde halkyň kalbynda mynasyp orun alypdyr. Bu dessanyň mazmuny, Warka we Gülşa baradaky gussaly hem gyzykly hekaýatlar gadymdan bäri türkmen halkynyň arasyna hem giňden ýaýrapdyr. Türkmen akyldarlary «Warka – Gülşa» dessanyny gadymy ýazuw çeşmelerinden okap, onuň mazmunyny öz eserlerine siňdiripdirler, aýdyjylar, rowaýatçylar, bagşylar ony halk arasynda aýdyp, dilden-dile, nesilden-nesle geçiripdirler. Munuň şeýledigine nusgawy edebiýatymyzyň şahyrlarynyň döreden goşgularyna, dessanlaryna, halk döredijilik eserlerinie ser salanymyzda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Magtymguly, Şabende, Mollanepes, Kemine we beýleki şahyrlarymyzyň eserlerinde Warka bilen Gülşanyň atlary, olar hakyndaky dessanyň mazmuny belli bir derejede orun alypdyr. Akyldar Magtymguly birnäçe goşgusynda Warka bilen Gülşany biri-birine wepaly aşyk-magşuklaryň, ölmez-ýitmez ynsan söýgüsiniň nusgasy hökmünde ýatlaýar. Söýgüniň güýjüniň belentligini beýan edýän pursatynda şu aşyk-magşugyň söýgüsini hem mysal alýar. Şahyr «Söýmüşem seni» atly goşgusynda Ýusup bilen Züleýhanyň, Mejnun bilen Leýliniň, Perhat bilen Şiriniň, Seýpelmelek bilen Methaljemalyň, Nowruz bilen Gülüň, Wamyk bilen Uzranyň, Ganbar bilen Arzynyň, Tahyr bilen Zöhräniň, Garyp bilen Şasenemiň atlary bilen birlikde Warka bilen Gülşanyň atlaryny hem tutýar. Bütin Gündogarda atlary meşhur bolan bu aşyk-magşuklaryň söýgüsi şahyryň ruhy dünýäsinde mukaddeslik we nusgalyk bolup orun alypdyr. Goşguda: Basdy muhabbet nyşany, Keşt eýledim çar köşäni, Ýemende Warka Gülşany Söýen dek söýmüşem seni diýmek bilen, şahyr Warka bilen Gülşanyň söýgüsinden söz açýar. Öz şahyrana gahrymanynyň söýgüsini Warkanyň Gülşa bolan mukaddes hem nusgalyk söýgüsiniň derejesinde goýýar. Magtymguly juda giň mazmuny öz içine alýan «Bilmezmiň» diýen bäşlemesinde hem Warka bilen Gülşany ýatlaýar: Mejnun kibi sährada ýyglaý-ýyglaý gezdigim, Gözüm ýaşyn merjen deý düzüm-düzüm düzdügim, Warka kimin Gülşadan ölüp umyt üzdügim, Joşgun berip yşk ody,gaýnap-gaýnap gyzdygym, Şibli kimin bir dagy ýandyrdygym bilmezmiň? Goşgudaky Warka bilen Gülşa degişli setiriň mazmuny bu aşyk-magşugyň söýgüleriniň, ykballarynyň keç tamamlanandygyndan habar berýär. Magtymgulynyň bu mazmuny öz goşgusynda beýan etmegi onuň «Warka – Gülşa» dessany bilen doly tanyş bolandygyna, dessanyň çeper eserlik gymmatyna, mazmun-pikir baýlygyna uly ähmiýet berendigine güwä geçýär. XVIII asyr türkmen şahyry Şabendäniň döredijiliginde hem «Warka – Gülşa» dessanynyň yzlaryny görmek bolýar. Şahyr «Gözelim» atly ajaýyp şygrynda: Seýle çyksaň nigärim, bezenip ýaşyl-aly, Her sözüň müň tümendir, bakyşyň hun bahaly, Şirin bilen ol Perhat çekdi ençe webaly, «Leýli» diýip, ol Mejnun boldy diwana-däli, Warka aşyk «Gülşa» diýip, ötdi jöwri-jepaly, Zöhre, Tahyr çyrmaşyp, çykdy serwi nahaly, Arzy bilen ol Ganbar bir-birine wepaly, Ýusup bilen Züleýha geçdi zowky-sapaly, Seýpelmelek alypdyr söýüp Methaljemaly, Bizden owwal goýupdyr ýedi aşyk bu ýoly, Ýatsam − gijeler düýşüm, gündiz − köňlüm hyýaly, Älem görki-guwanjym, serwi – rowan, Gözelim diýmek bilen, ýedi aşyk-magşugyň, şolaryň arasynda Warka bilen Gülşanyň söýgi başdangeçirmelerini özüniň şygyr bagyşlan Gözeline, okyjylara birme-bir habar berýär. Muşakgatly hem lezzetli, jepaly hem sapaly bu söýgi ýolunyň aňyrdan gelýändigini, söýginiň ýedi aşyk-magşukdan galan mirasdygyny «Bizden owwal goýupdyr ýedi aşyk bu ýoly» diýen setirinde beýan edýär we Warka bilen Gülşany hem şol ýedi aşyk-magşugyň hataryna goşýar. Şahyr «Gül − Bilbil» dessanynda hem Bilbiliň adyndan beýan edýän goşgusynda Warka bilen Gülşany ýatlaýar: Leýli −Mejnun geçdiler, ança çekip jöwri-jepa, Ol Şirin − Perhady gör, bir-birege eýläp wepa, Warka − Gülşa, Wamyk − Uzra isteýip zowky-sapa, Ýaryň waslyn isterem men, bolsa diýp, derde şypa, Bilmenem men, Gül ýüzün-görmek jemalyn barmydur? XIX asyr şahyrlary Mollanepesiň, Keminäniň, Misgingylyjyň döredijiliklerinde hem bu aşyk-magşugyň atlary päk söýginiň, wepalylygyň nusgasy hökmünde ýaşap gelipdir. Mollanepes «Serbeser» bäşlemesinde Warka bilen Gülşa ýaly birnäçe aşyk-magşuklaryň biri-birine gowşup bilmändiklerini ýatlaýar: Diýr Nepes, dünýä guwandy, genji-karun geşdiler, Wamyk ol Uzraga aşyk boldy, mahzun geçdiler, Zöhre diýip Tahyr ýanyp, gözýaşy jeýhun geçdiler, Warka − Gülşa, Şirin − Perhat, Leýli − Mejnun geçdiler, Köýmedi hiç birisi men natuwana serbeser. Şahyr bu mazmuny özüniň «Zöhre − Tahyr» dessanynda hem: ...Warka, Gülşa tapmady yşkyň derdine derman, Myrat hasyl bolmady, ötdi arman içinde diýip, Tahyryň dilinden beýan edýär. Kemine «Arzym aýdaýyn» diýen bäşlemesinde «Warka − Gülşadan beter hunabalar içdim bu gün» diýip, Warka bilen Gülşanyň biri-birine ýetmek üçin çeken muşakgatlaryny beýan etse, Misgingylyç «Gerek» bäşlemesinde «Warka − Gülşa yşk içinde sanamyş aý-günleri» diýip, Warkanyň Gülşanyň galyňy üçin onuň atasyndan möhlet alyp, daýysynyň ýanyna gidende sanalan aý-günlerden habar berýär. Bulardan başga-da türkmen şahyrlarynyň arasynda Warka − Gülşany ýatlanlary, olaryň söýgülerini öz goşgularynda beýan edenleri köpdür. «Warka – Gülşa» dessanynyň yzlaryny yzlap, türkmen edebiýatynyň taryhyna syýahat boýunça giňräk söhbet etmegimiz ýöne ýere däl. Şu anyk mysallar yňüsti bilen «Warka – Gülşa» dessanynyň türkmen halkyna ýat däldigini, onuň mazmunynyň türkmen akyldarlarynyň kitaplarynda ýaşap gelendigini ýene bir gezek delillendirmek isledik. Bu dessan diňe bir akyldar şahyrlaryň arasynda belli bolup, onuň mazmuny ýazuwly edebiýatymyzyň sahypalarynda ýaşap gelipdir diýsek, bärden gaýtdygymyz bolar. Ol dessan ýönekeý halk köpçüliginiň arasynda hem meşhur bolupdyr. Türkmen topragynda bagşylar, aýdyjylar tarapyndan hemişe ýerine ýetirilip, nesilden-nesle geçirilip gelnendigini okyjylara hödürlenýän bu dessanyň il arasyndan ýazylyp alnan halky nusgalary hem aýdyň subut edýär. «Warka – Gülşa» dessanynyň türkmen topraklarynda, türkmen halkynyň kalbynda hem dilinde uzak döwrüň dowamynda ýaşap gelendigini aýdyň görkezýän ýene bir degerli maglumata duş geldik. 1981-nji ýylda Moskwada neşir edilen «Sistan ertekileri we legendalary» atly kitapda Türkmenistanyň Sarahs etrabynyň ilatyndan ýazylyp alnan ertekilerdir rowaýatlar rus diline terjime edilip berlipdir. Şolaryň arasynda «Warka − Gülşa» dessanynyň bir nusgasy legenda hökmünde ýerleşdirlipdir. Kitabyň sözbaşysynda ýazylyşyna görä, bu nusgany ýygyndyny taýýarlaýjylar A. L. Grýunberg bilen I. N. Stelbin – Kamenskiý 1978-nji ýylda Sarhsda ylmy saparda bolanlarynda şol ýerli Ysmaýyl Ýarmämmedowdan ýazyp alypdyrlar. 1915-nji ýylda Y. Ýarmämmedow halkyň döreden eserlerini çuňňur bilýän, ýokary medeniýetli adam bolup aýdýan halk eserlerini öz atasyndan öwrenipdir. Şeýle-de bolsa, Y. Ýarmämmedowdan ýazylyp alnan «Warka − Gülşa» dessanynyň bu nusgasy anyk türkmen halkyna degişli edilmän, umumy sistan folklory hökmünde kitapda ýereleşdirilipdir. Şeýlelikde, ady edebi mirasymyza siňen, halk arasynda meşhur bolan «Warka − Gülşa» sowet ýyllarynda neşir edilip, okyjylara ýetirilmeg-ä beýlede dursun, eýsem, onuň türkmen halkyna degişlilik meselesi dogrusynda gürrüň hem edilmedi. Türkmen dessanlaryna bagyşlanan işlerde «Warka − Gülşa» dessanynyň ady hem tutulmady. Munuň hem sebäbi sowet ýyllarynda türkmen halkynyň döreden edebi-medeni gymmatlyklaryna kembaha garalmagydy. Sowet döwrüniň aňyýeti türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan gymmatlyklaryny görmezlige salýardy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda türkmen halkynyň gazanan taryhy gymmatlyklarynyň köpüsiniň sowet döwründe başga halklara degişli edilişi dogrusynda şeýle diýýär : «... käbir taryhçylar öz gelip çykyşlary, dil toparlary arap-eýran toparlaryndan bolansoň, taryhyň islendik gazanan beýikliklerini eýran, arap, soň tapylan umumylaşdyrylan türk ady bilen baglanyşdyranyny kem görmeýärdiler... Biziň sowet mekdebinden çykan taryhçylarymyz meýilparaz taryhçylaryň buky pikirini bilmezden, şol mekdebiň ýöreden pikirini esasy pikir hökmünde tekrarlaýardylar» (Mukaddes Ruhnama, 210 sah.). Beýik Serdarymyzyň aýdan bu sözleri gös-göni edebi mirasymyza hem degişlidir. Sowet ýyllarynda türkmen halkynyň geçmiş edebiýaty garyp diýlip görkezildi, halkymyzyň döreden birnäçe edebi gymmatlyklary başga halka degişli edildi. «Warka − Gülşa» dessany hem şol syýasatyň pidasy bolup, türkmen halkyndan, türkmen edebiýatyndan çetleşdirildi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň medeni mirasy öwrenmek we halka ýetirmek baradaky taglymaty esasynda Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi «Warka − Gülşa» dessanyny neşir etdi. Kitap dessanyň Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýan ýazuwly we bagşylardyr aýdyjylardan ýazylyp alnan dileki nusgalaryny − jemi üç nusgany öz içine alýar. Köp nusgaly dessanlar şeýle usul bilen çapa taýýarlanyp, neşir edilende şol dessanyň nusgalarynyň umumylyklaryny, aýratynlyklaryny doly görüp bolýar we olaryň üstünde ylmy barlag alyp barmakda amatly şert döreýär. Dessanyň döreýiş, kämilleşiş, dürli çäklere ýaýraýyş, köp nusgalylyga eýe boluş meselelerini, çeperçilik, mazmun, millilik babatdaky aýratynlyklaryny ýüze çykarmakda belli bir netijeler almak bolýar. Dessanyň arap hatyndaky, köne türkmen dilindäki birinji ýazuwly nusgasy kyssa görnüşinde bolup, onda diňe bir gazal gabat gelýär. Onuň dili geçmiş edebiýatymyza mahsus bolan köne türkmen diline, kitaby dile kybap bolup, Andalyp, Azady ýaly birnäçe şahyrlarymyzyň, köp sanly dessanlarymyzyň dilinden tapawutlanmaýar. Ol ýazuwly edebiýatyň däplerini, aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Dessanyň bir ýerinde Gülşanyň adyndan aýdylýan bir gazal duş gelýär. Wakalar beýleki nusgalardaka garanda has ýaýbaňlandyrylyp görkezilýär. Bu nusgada gabat gelýän Beni Amrly wakalar beýleki iki nusgada gabat gelmeýär. Dessanyň esasy mowzugy söýgi-gahrymançylykdyr. Aşyk ýigit Warka birnäçe uruşlary başdan geçirýär, gahrymançylyk görkezip ýeňişlere ýetýär. Harby-gahrymançylyk meselesiniň özi dessanda turuwbaşdan ýaýbaňlanyp başlanýar. Helal bilen Hemam taryp edilende goşunbaşylykda, at münmekde, ok atmakda hemmelerden ökdeligi beýan edilýär. Warka bilen Gülşa hem ýaşlykda harby hünärleri öwrenip, uruş tilsimlerine ökde bolýarlar. Dessanyň dowamyndaky Beni Amr, Mälik Antar, kyrk ogry bilen bolan söweşlerde Warka ökde urşujy, edermen, pälwan ýigit bolup orta çykýar. Dessandaky harby-söweş sahnalary bir tarapdan Warkanyňedermenligini ýüze çykarsa, beýleki tarapdan, wakalaryň garşylygynyň güýçlenmegine täsir edýär, Warkanyň maksada okgunlygynyň, işjeňliginiň görkezijisi bolup durýar. Dessanyň bagşy nusgasy diýlip atlandyrylan ikinji nusgasy kyssa bilen şygyryň (aýdymyň ) gatyşdyrlyp beýan edilen görnüşinde bolup, saz bilen, aýdym bilen ýörite dessançy bagşylaryň aýdyş tärlerine, däplerine laýyk gelip dur. Umuman, bu nusganyň durky, mazmuny tebigaty bagşylar tarapyndan aýdylan «Göroglynyň» aýry-aýry dessanlaryny, «Saýatly − Hemra», «Hüýrlukga − Hemra», «Şasenem − Garyp», «Nejep oglan» tüýs halky dessanlary ýatladýar. Ondaky wakalaryň beýan edilşi, şygyrlarynyň görnüşiniň mililligi türkmen bagşyçylyk-dessançylyk däpleriniň önümidigini görkezýär. Okyjylara hödürlenen dessanyň halk agzeki nusgasy diýlen üçünji nusga hem sap kyssadan durup, ol bagşy tarapyndan däl-de, aýdyjy, kyssaçy tarapyndan aýdylypdyr diýip hasaplamak mümkin. Bu özüniň çaklaňlygy, ertekiçilik äheňlerini özünde saklaýanlygy bilen beýleki nusgalardan tapawutlanýar. Dessanyň dilden aýdylan iki nusgasynda milli aýratynlyklar mese-mälim ýüze çykýar. Meselem, sawçylyk, däbe görä öleniň aş-suwuny bermek, Hydyr we Ylýasyň wakalara gatnaşmagy ýaly ýagdaýlar bu nusgalaryň has halkylaşandygyny görkezýär. «Warka − Gülşa» dessanynyň gürrüňi edilen nusgalaryndaky umumy we aýratyn taraplary görkezip geçmek maksada laýykdyr. Dessandaky wakalaryň bolup geçen ýerleriniň Arabystan ýurtlarydygy üç nusgada hem beýan edilýär. Şu ýerde bir meseläniň üstünde aýratyn durmak gerek. Türkmen dessanlarynyň köp bölegi arap dünýäsi bilen baglanyşykly bolup, wakalar köplenç arap ýurtlarynyň çäklerinde ýa-da şolar bilen baglanyşykda ýaýbaňlanýar. Şuňa esaslanyp, şeýle dessanlaryň ol ýa-da beýleki halka degişliligi dogrusynda bir zat aýdylsa, meselä ýüzleý çemeleşildigi bolar. «Warka − Gülşa» dessany hem şeýle dessanlaryň toparyndan bolup durýar. Dessanyň mazmuny arap dünýäsi, yslam dini bilen baglanyşykly. Bu ýagdaýyň ýüze çykmasynyň sebäpleri, birinjiden, gürrüň edilýän dessanlar öz ýordum gözbaşlaryny, esasy mazmunynyň çeşmelerini köplenç arap edebiýatyndan, halk döredijiliginden alýar. Umumy Gündogar üçin ortalyk bolan şol edebi çeşmeler dürli ýurtlara, dürli dillere, şol sanda türkmen edebiýatyna hem geçýär. Şol ýordum esasynda eser döreden dürli halkdan bolan şahyr-ýazyjylar milli dillerinde, öz halkynyň ruhuna, durmuşyna laýyklap aýratyn eser döredýär. Şeýlelikde, ol eserlerde – dessanlarda arap ýer-ýurt atlary, adam atlary galsa-da, umumy mazmun pikir we many gymmatlyklar şol halkyň ruhuny hem durmuşyny beýan etmäge, ýüze çykarmaga hyzmat etdirilýär. Ikinjidenem, yslam dini özüniň ýaýran ýurtlary bilen arap ýurtlaryny syýasy, ykdysady, medeni babatlarda mäkäm baglanyşykda saklaýar. Gündogar ýurtlarynda arap medeniýeti, hat-ýazuwy, ylym-bilimi güýçli ornaşýar. Yslamyň ylmy merkezlerindäki medreseleri bitiren türkmen alymlary öz işlerini köplenç arap diline ýazypdyrlar, olaryň arap edebiýaty, yslam taryhy bilen tanyşlygy döreden edebi eserlerinde arap durmuşynyň, yslam dininiň yzlaryny goýupdyr. Olaryň yslama, yslamy esaslandyran Muhammet pygambere hormaty ýazan eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Eserleriň başynda Allatagala we Muhammet pygambere mynajat etmek we öwgüler aýtmak edebi däp bolupdyr. Wakalary mümkin bolan ýerinde Muhammet pygamber, çaryýarlar, sahabalar we yslamyň beýleki keramatly şahslary bilen baglanyşdyrypdyrlar. Hatda yslamyň ilki başlangyç döwürlerinde ýa-da ondan hem öň dörän hasap edilýän «Gorkut ata» şadessanyny göçürijiler, aýdyjylar başynda «Resul aleýhyssalam zamanyna ýakyn baýat boýundan Gorkut ata diýrler bir är gopdy» – diýen jümläni goşup, Muhammet pygamberi ýatlaýarlar. Edil şonuň ýaly «Warka − Gülşa» dessanynyň ýazuwly nusgasynyň başynda hem wakanyň Muhammet pygamber zamansynda bolandygy şeýle beýan edilýär: «Sagadat kitabynyň eýesiniň, älemiňjenabynyň on sekiz müňälemden saýlanynyň, «Pelekleri seniň üçin ýaratdym» diýleniň ähli zatlaryň jenabynyň zamanynda beni şeýban atly bir kabyla bardy». Bu ýerde gürrüňiň Muhammet pygamber hakyndadygy öz-özünden bellidir. Dessanyň ahyryndaky wakalara Muhammet pygamber bilen Alynyň gatnaşmagy bu eseri ýazanyň yslam dinine çuňňur hormatyny äşgär edýär. Türkmen dessanlarynyň arap dünýäsi bilen baglylyk meselesinde ýene bir üns bermeli zat bar. Taryhyň belli bir döwürlerinde türkmenler dünýäniň köp ýerlerinde, şol sanda arap topraklarynda hem öz döwletlerini gurup, türkmen medeniýetini dünýä ýaýdylar, halklaryň medeniýetleriniň gatyşmagyna, bir-birlerini baýlaşdyrmaga şert döretdiler. Şonuň bilen birlikde, türkmenler yslamyň goragçylary we yslam taglymatyny ýaýradyjylar boldular. Şu şertler netijesinde ýordum gözbaşlaryny arap halk döredijiliginden alyp gaýdan «Leýli − Mejnun», «Ýusup − Züleýha» ýaly türkmen dessanlarynyň hatarynda yslam dini bilen berk baglanyşykly bolan «Warka − Gülşa» dessanynyň türkmen akyldarlary tarapyndan türkmen topragynda tüýs milli häsiýetli nusgada döredilmegi doly kanunalaýykdyr. Dessanyň nusgalaryndaky ýer-ýurt, adam we tire-taýpa atlary, wakalara gatnaşýan edebi gahrymanlar ulgamy, olardaky tapawutlar barada gürrüň etmek zerurdyr. Ýazuwly nusgada wakalaryň anyk bolýan ýeri görkezilmän, onuň beni şeýban kabylasynyň arasynda bolandygy beýan edilýär. Ýöne dessanyň umumy mazmunyndan, dowamyndaky beýan etmelerden wakalaryň Mekge töwereklerinde bolup geçýändigini görmek bolýar. Wakalaryň bolýan ýeri bagşy nusgada Arabystan ýurdunda, şeýban kabylasynda diýilýän bolsa, agzeki nusgada ýöneÝemen şäherinde diýlip berilýär. Magtymgulynyň: Ýemende Warka − Gülşany Söýen dek söýmüşem seni diýen setirleri şahyryň dessanyň biziň gürrüňini edýän şu agzeki nusgamyzyň gözbaşynda ýatan haýsydyr bir ýazuwly nusga bilen tanyş bolandygyny görkezýär. Ýazuwly nusgada beni sap diýen kapyr kabylanyň serdary Beni Amyr beni şeýbanlylaryň üstüne çozup, Gülşany ýesir alyp gidýär. Bu wakalary beýan edýän sahna beýleki iki nusgada ýok. Warkanyň atasy Hemam Beni Amyra garşy söweşde wepat bolýan bolsa, soňky iki nusgada ol öz ajalyna ölýär. Warkanyň daýysynyň ýurdy ýazuwly we bagşy nusgalarda Ýemen, ady bolsa Selim şa diýilýär. Agzeki nusgada bolsa bu Kyýan şäheriniň şasy Kasym şa bolup gelýär. Warka daýysynyň ýurduna baranynda ol ýurduňüstüne uruş etmäge gelen şa ýazuwly nusgada Mälik Antar, agzeki nusgada Mahmyt şa, bagşy nusgada bolsa ady berilmän ýöne duşman patyşa diýip gelýär. Gülşa aşyk bolup, ony öz ýurduna alyp giden şa ýazuwly we bagşy nusgada Şam patyşasy Muhsyn şa diýip berilse, agzeki nusgada ol Keýwan şäheriniň patyşasy şahy Sengan diýlip berilýär. Ýazuwly we agzeki nusgalarda Gülşanyň Warkadan aýra düşmeginde aýýar kempir esasy hereket edýän bolsa, bagşy nusgada bu meselede Hemamyň ýerine bolan ilagasy çykyş edýär. Gülşanyň keniziniň ady agzeki nusgada Döwlet keniz diýilip berilýär, beýleki iki nusgada onuň ady getirilmeýär. Dessanyň ahyrynda Warka bilen Gülşanyň direlmegine sebäp bolýanlar ýazuwly nusgada Muhammet pygamber bilen Aly, bagşy nusgada Hydyr sypat diwana, agzeki nusgada bolsa, Hydyr-Ylýas diýlip görkezilýär. Dessanyň ýazuwly nusgasynyň başlanyşynda patyşa bilen weziriň perzentsizlik dagyny çekişleri dogrusynda hiç zat aýdylman, Warka bilen Gülşa bir gijede doglanlygy üçin, şol kabylanyň adatyna görä, olary adagly edýärler. Bagşy we agzeki nusgalarda bolsa patyşa bilen wezir perzentsizlik dagyny çekip, entek çagalary bolmanka, olary adaglamak hakynda ähti-peýman edýärler. Bu ýagdaý birnäçe türkmen dessanlarynyň başlanyşyna mahsusdyr. Dessanyň üç nusgasynda hem pajygaly ýagdaýda wepat bolan Warka bilen Gülşa keramatly şahslaryň ýardamy bilen direlýär. Bu hem türkmen dessanlaryna mahsus bolan göwnüçökgünligiň garşysyna ruhubelentligi, ýaşaýşa ynamy, söýgüni ündemek bilen bagly dünýewi pelsepäniň ýüze çykmasydyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamanyň ikinji kitabynda: «Adamzat döredijilige meýil edip, dileki hem ýazmaça eserler döredip başlany bäri, onuň döredýän ähli eserleriniň ondan dokuzsy söýgi eserleridir» (Mukaddes Ruhnama, ikinji kitap, 205 sah.) diýip, söýginiň dünýä edebiýatynda hemişe baş hem baky mowzuk bolup gelýändigini beýan edýär. Beýik Serdarymyz ýene söýgi eserleri hakynda: «Adamzat gowakdan çykaly bäri söýgini keramat derejesine göterip, söýgi barada aýdym döredýär, saz döredýär, dessan döredýär. Ol söýgi eserleri bolsa, umumyadamzat ruhy hazynalaryna öwrülýär» (Mukaddes Ruhnama, ikinji kitap, 206 sah.) diýýär. «Warka—Gülşa» dessany hem türkmen halkynyň söýgi hakynda döreden we umumyadamzat gymmatlygyna eýe bolan ajaýyp eserleriň biridir. Dessanyň mazmunynda ýatan ynsan söýgüsiniň beýany ata-babalarymyzyň ykrar eden söýgi edebiniň şertlerini, mukaddesligini açyp görkezýär. Geljekde edebiýaty, medeni mirasy öwrenijileriň öňünde bu dessanyň türkmen halkynyň taryhy ykballary, musulman dünýäsi bilen baglanşygyny aýdyňlaşdyrmak, onuň türkmen nusgalaryny beýleki Gündogar halklarynyň arasyna ýaýran nusgalary bilen deňeşdirip, olaryň umumy we aýratyn taraplaryny ýüze çykarmak, milli aýratynlyklaryny, beýleki türkmen dessanlary bilen dürli jähetden arabaglanyşygyny we tebigy birligini kesgitlemek, edebi keşplerini, çeperçiligini we beýleki meselelerini ylmy taýdan seljermek wezipeleri durýar. Olary netijeli çözmäge Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze ruhy milli ylmy mekdebi we Mukaddes Ruhnamada jemlenen medeni-edebi mirasy öwrenmek baradaky taglymaty aýdyň ýol görkezýär. Nury SEÝIDOW. «Türkmenistan» gazeti, 2005-nji ýyl, 6-njy aprel. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |