20:25 Biziñ obamyzyñ Aýaz babasy / ýumoristik hekaýa | |
BIZIÑ OBAMYZYÑ AÝAZ BABASY
Satiriki hekaýalar
Şu waka ýadymyza düşende obamyzyň ady belli waşisi Atda şortanyň: - Aýaz baba hoş geldiň, Öten ýylam boş geldiň. Buzda taýyp ýykylyp, Bütin oba iş bolduň - - diýen dörtlemesi gulagyma geliberýär. Bütin oba uludan kiçä şu aýdymjygy gaýtalap-gaýtalap sakgyç etdiler şonda. Şol ýyl obamyz boýunça Täze ýyl baýramyna Aýaz baba bolan Kerim köse buzda tyýpyp ýykylmasa-da ýykylmazdy welin, arman soňky käsäni oňa içme diýip duýduryş beräýmändirler, ýa-da duýduryş berseler-de, onuň özi etmändir. Kerim kösäniň özüni gepletseň-ä, “Baýramçylyk agşamy maňa ýoldaş bolanlaryň özleri düzüw doňuzlar däldi, ýöne ahyr netijede özüm günäkär boldum - diýip, gaty ahmyr bilen başyny ýaýkaýar. - Aý howwa-a, gurduň agzy iýse-de gan, iýmese-de”. Ýigidi dostundan tana diýipdirler. Kerim köse şol agşam bolan hadysalarda özüne ýoldaş bolanlary esasy günäkär hasaplasa-da, tokmak ýene onuň özüniň depesinden inýär. Elbetde, Täze ýyl agşamy Aýaz babanyň keşbinde gelip, bütin obanyň çagalaryny daşyna üýşürip, olary begendirmek, baryndan bazar eýläp sowgatjyk paýlamak, iň esasy hem sagat 12:00 bolanda bezemen baýramçylyk arçasynyň töwereginde täze ýylyň ilkinji gününi, ýa gijesinimi, aý umuman täze senäni garşylamak wezipesi boýnuna ýüklenen obadaşymyzyň şatlyk-şowhunly çärede özüni örän erbet alyp barandygy biziň entek-entek ýadymyzdan çykmaz. Jähеnneme barýanam özüne ýoldaş gözlär diýen ýaly Kerim «Muň ýaly ýagdaý hem bolup durmaly arasynda, adamçylyk - diýip ýylgyraýýar. - Han-ha, daşary ýurt kinolarynda Santa-Klaus küntihanalara dagam baryp ýör-ä, prosta giňräk bolmaly, ýigrim birinji asyrda ýaşaýas. Hemme zat üýtgedi indi». Kerim kösäniň aýdýanynyň jany ýok däl. Onuň özüne gulak assaň, şol pikiri janly däl, asyl jap-janly, dip-diri. Ýöne özümiz biraz yzagalak. Bolýa, onda bizem edil dünýäniň bir ýerde durmaýşy ýaly, öňe tarap bolýamy, geljege garapmy, garaz bir ýere ýöräli. Yza galmajak bolaly şu ýyl, ýöne Täze ýyly täzeçe geçirjek bolalyň. Biziň maslahatymyza gatnaşýan Ýazly mugallym: - Kerim jan, ilki bilen aýtjagym, Aýaz baba bolmak wezipesi örän jogapkärli wezipedir. – diýip, turuwbaşdan resmi äheňde gepläp başlady. – Täze ýyl baýramy diýlende ilki bilen bezelen arça soňam Aýaz baba göz öňüne gelýär. Oturanlaryň biri: - Garpamygam – diýip, onuň sözüniň üstüne goşdy. – Garpamygam ýatdan çykaryp bolmaz. Ýazly mugallym ýene sözüni bölünen ýerinden başladyp goýberdi: - Onsaňam dünýä edebiýatynda Aýaz baba örän uly ähmiýetli obraz bolmagynda galýar. Keramatly Nikolosyň, ýagny Santa-Klausyň taryhy keşbi müňýyllyklara direýän medeni ähmiýetli gymmatlykdyr. Egnindäki gyp-gyrmyzy possuny, dym gyzyl başgaby bilen edil şu wagt bir ýerden gelen ýaly bolup oturan Kerim köse Ýazly mugallyma çiňerilip: - Halypa, sen şumat edil Watan programmasyndaky diktor ýaly gürleýäň-aý – diýip, onuň hähini ýetirdi. – Tüweleme-de, ýöne göz degmesin. Oturanlar ýylgyryşyp, ony makullaýjy baş atyşdylar. Pursatdan peýdalanyp Ýazly mugallym: - Şonuň bilen baglylykda, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak terbiýesinde Aýaz babanyň roly hele-müçek däl. Bilermenleriň tassyklamagyna görä, Ýewropada we Amerikda Santa Klaus ady bilen ýörgünli bolan Aýaz baba Orta Aziýa halklarynyň içinde Kar ata, Kar baba ýaly atlar bilen tanalýar. Oňa diňe türkmen halky Aýaz baba diýip at beripdir. Aýaz baba taryhda belli bolan türkmen Aýazhanyň proobrazydyr. Aýazhan bolsa, adalatsyzlyga garşy göreşen, şol bir wagtda halkyň içinden çykan dana, tapbiler gahryman. Ýazly mugallymyň uzun gürrüňinden soň köp taryhy maglumatlary bilen adamlar, Täze ýylyň öňýanynda özlerini örän bagtly duýup başladylar. - Meniň pikirimçe Aýaz baba bolmaly adam öňünden taýýarlanan birnäçe tertip -düzgünlere görä hereket etmeli – diýip, Ýzly mugallym sözüniň ahyrynda oturanlara teklip berdi. - Kerim dostumyzyň Aýaz baba bolmak wеzipesini tаlabalaýyk ýerine ýetirmegi, biziň hemmämiziň abraýymyzdyr. Ýazly mugallymyň “hemmämiziň abraýymyzdyr” diýen ýeri Kerimiň gulagyndan gitmedi. Bu söz ýene onuň köne ýyldan galan derdini gozgajak boldy. ...Şоl gün оl irden Aýаz bаba kеşbinde çоpan gоşuna gitmеli bоldy. Еdil tеbigatam şоl günlеr Täzе ýуla аk gаrdan sоwgat taýýаrlan еken. Çорan gоşuna barаnsoňlar şоl töwеrekden çаrwalar ýуgnanyşdy. Olаryň çаgalaryna sоwgat-sеrpaý рaýlan Aýаz bаba gyssаnmaç gаýdarman bоlsa-da, оny goýbеrmediler. Duz dаdyp git diýdilеr. Sоňra Täzе ýуlyň hоrmatyna bаlyk ýüzmеdik suwdаn gеtirdiler, аzajyk tоst аýdyldy. Ahyry olar ýola düşdüler. Ýagdaýlaram gowy. Gar syran gum depeleriniň üstünden müňzäp barýan jip ulgynyň ýylyjak salonynda oturan Aýaz baba “Jüp basan aýajyklaryňdan...” diýip, zorruk sesi bilen aýdyma zowladýardy. Aýaz baba doňan kölüň kenaryna gelibem bolmajyysy boldy garaz. Çopan goşuna bile giden şepelerine yrsarap, olaryň ulagyndan düşüp galyp, doňan kölüň içi bilen oba gaýdarman boldy. Ony töwella-tagsyr bilen saklap bolmajagy-da belli. Ýogsa: “Köse, sen häzir Aýaz baba, saňa bütin obanyň çagalary gözleri ýolda garaşyp durlar, bizden galma bu wagt” diýslerem Kerim köse öz aýdanyny etdi. Göm-gök buz bolup doňup ýatan kölüň içi bilen uzakdan görünýän obanyň yşyklaryna tarap barýarka birden aýagy tyýpdy-da, agyp düşdi görgüli. Gözüni açanda eli-aýagy gips. Bu hadysalar towşan ýylynda bolupdy. Indi 2024 bosagada. Obamyzyň jemgyýetçilik durmuşyna wekilçilik edýän adamlar öňümizdäki Täze ýyl baýramyny has guramaçylykly geçirmek barada maslahaty messä gabadylar. Oturanlaryň müçesi kiçisi emma ýaş babatda ulusy: - Täze ýyl arçasyny obanyň içinde bir ýerde oturtsagam bolar - diýip, gutarnykly teklip etdi. – Häzir hemme ýerde şeýdilip dur. Il näme etse bizem şoňa görä bolubereli. - Şu baýramçylykda çykyş etjek bagşylaryň sanynam azaldaýsak – diýip, ýene biri madyrdady.- Bizä-hä tapawudy ýok welin, honha goňşy obada baýramçylyk çäresini diskoteka usulynda gül ýaly sowup ýörler. Uly çykdajy hem gerek däl. - Howwa-laý - diýip, ony ýene biri goldady. – Dijeý diýen zadam bar. Bizem bir indi progressiw pikir edip başlalyň. Şol aralykda Kerim köse ýerinden turup: - Jemagat meniňem bir teklibim bar – diýip, söz berilmänkä söze başlady. – Täze ýyl baýramyna kän täzelikler boljakdygyna gaty begendim. Ýöne şu ýyl men däl-de Ýazly mugallymy Aýaz baba edäýsek, gaty gowy bolardy. Garşylmadyk teklibe Ýazly mugallym birenaýy ýylgyrdy. Aslynda onuň kalbynda bir inçe umyt bar ýaly eken. Ah, tamakinçilik gursun. Kerim köse sözüni gutarman eken: - Ýazly mugallym Aýaz baba bolmaga maňa görä has mynasyp. Täze ýyl hakynda bilmeýän zady ýok. Goşgy-poşagam düzüberýä, ýatdanam aýdyberýä, eline saz gural berseň aýdymam aýdyp biler. Aý garaz talant bar, klient ýok. Oturanlaryň biri oslagsyz sowal berdi: - Kerim han, näme bu ýylam baýramçylykda ýykylyp aýagym döwüläýmesin diýip gorkýaňmy? - Ýok, men ýykylyp, döwlüp öwrendim, indi size gezek beräýsem – diýip, Keim köse kelte ýylgyrdy. - Sebäbi Täze ýyl hemmäniň baýramy. Hemmäňizem öz gezegiňizde Aýaz baba bolup görüň. Aýaz babalygyň agyr ýüküni egniňizde çekip görüň sizem. Oturan ýoldaşlar Kerim kösäniň öz kandidaturasyny Aýazbabalykdan aýyrýandygy bilen sessiz ylalaşmadylar. Olaryň biri dodagyny berk gysyp, başyny ýaýkap: - Kerim han biz saňa öwrenişipdik – diýdi. Eýýäm özüni eks Aýaz baba ýaly duýýan Kerim köse: - Aý-ý, obadaşlar, birden Täze ýyl baýramynda maňa gerekçilik bolsa, zapasnoý wariant hökmünde gapdalda duraryn – diýdi. Sylapberdi MUHAMOW. 31.12.2023 ý. Daşoguz, Garagaç oba. | |
|